بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Abubekrden (r.a.) rowaýat edilýär: «Dört sany zat dört zadyň üsti bilen kämil bolar: 1) sähw sejde bilen namaz kämil bolar; 2) roza - fitre-sadakasy bilen kämil bolar; 3) haj jihad bilen kämil bolar...».

Başy » Yslam.info » SAHABALAR » Hz. Nesibe bint-i Kab

Hz. Pygamberimiz(s.a.w) dowrunde yslam ugruna sowesler kop bolupdyr. hanym sahabalar hem beyleki sahablarymyz yaly esasan bu soweslerde ozlerini belli edipdirler. Hz. Nesibe bint-i Kab (r.anha) shol wagtky iki mohum soweslerin biri bolan uhud soweshine gatnashyp gahrymancylyk gorkezen hanym sahaba. onun asly medineli, nejjarogullaryndan. medinede nejjarogullary taypasynyn icinde birinji bolup yslamy kabul eden masgala Hz. Nesibenin masgalasy bolupdyr. olar: Hz. hesibe(r.anha), adamsy Hz.zeyd(r.a) we iki ogly abdullah bilen habib(r.anhu). Hz. Nesibe hatyn adamsy Hz. zeydin wepatyndan son Guzeyye İbni Amr bilen durmus guryar. bu adamsynda ogly tamim bilen gyzy hawle bolupdyr.
Hz. Nesibe hatyn adamsy Hz. Zeyd we ogullary Abdullah we Habib bilen uhud sowesine gatnasypdyrlar. Nesibe hatyn yaralylaryn yarasyny danyp esgerlere suw dashap beripdir. sowes gyzyp bashlanynda eline gylyjyny alyp ogullary we adamsy bilen pygamberimizin towereginde sowesipdir. hic bir dusmanyn golayyna barmagyna yol bermandirler. Pygamberimiz (s.a.w) Nesibe hatynyn ogly abdullahyn golunyn yaralananyny gorup "yarany sar" diyip yuzlendi. Nesibe hatyn oglunyn yarasyny saryp: "hany, tur, oglum, sowese dowam edeli" diyyar. muny esiden pygamberimiz: "ey umm-i Umare(Nesibe hatynyn Umare adyndaky ogly bolup, shon ucin dakylan lakam diyilip aydylyar) senin cekenlerini basgalar cekip cydap bilermidiler" diyyar. Hz. Nesibe hatyn (r.anha) sowesde hem yaralylaryn yarasyna seredip esgerlere suw dagytdy hem-de yeri gelende eline gylyc alyp dusmanlar bilen sowesdi. ibni kamia adyndaky bir dusmanyn pygamberimizi oldurmek niyeti bilen ona tarap baryandygyny goren Hz. Nesibe eli gylycly bu dusmanyn atynyn onune gecip ona hujum etmage baslayar, shonun ucin pygamber efendimiz "sowesde nirime seretsem umm-i umare, umm-i umareni gordum" diyyar.
Hz. Nesibe hatyn(r.anha) uhud sowesinde 12-13 yerinden yaralanypdyr. in agyr yarasy bolsa shol atly dushmanyn onune gecip hujim edende boynundan alan yarasy bolupdyr. pygamber efendimiz ogly abdullaha enesinin yarasyny sarmagyny tabshyrdy we sheyle dileg etdi: "masgala agzalarynyzy Alla-tagala mubarek eylesin, ejenin derejesi shu shu kishilerden has yokarydyr, Allah sizin hemmaniza rahmet eylesin!". sahabalar Allanyn soyguli guly we habibim diyip yuzlenen yeke-tak rasuli Hz. peygamberimizin (s.a.w) dileglerini almak ucin jan we bash bilen sowesipdirler. sowesin dowamlylygynda Hz. Nesibe hatyn pygamberimize yuzlenip ozleri ucin Alla`dan dileg etmegini sorapdyr, shol wagt pygamberimiz Hz. Nesibe hatyn we masgalasy ucin sheyle dileg edipdir:"Allah`ym bulary jennetde mana gonsy we dost eyle!". Pygamberimizin dilegini alan Hz.Nesibe hatyn "Indi mana bu dunyade nahili bela gelse tapawudy yok, piňime däl" diyyar.

Hz. Nesibe hatyn (r.anha) bilen baglanşykda Uhud söweşinde şeýle ýagdaý bolýar:

Uhud söweşinde ýaraly sahabalaryň ýaralaryny sarmak we olara suw bermegiň daşynda, gerek wagty eline gylyç alyp, pygamberimizi duşmanlaryndan goranlygy hem beýan edilipdir. Şol söweşde kapyrlardan biri musulmanlara dowul atýar:"Hz.Muhammed(SAW) öldi!" diýip. Şonda Nesibe hatyn her ýeri elek edip, gözläp başlaýar pygamberimizi. Oňa gözläp ýörkäler:
- Seniň äriň öldi!
- Maňa Resulallahdan habar beriň!
- Seniň ogullaryň öldi!
- Maňa Resulallahdan habar beriň!
- Seniň kakaň öldi!
- Maňa Resulallahdan habar beriň! - diýýär. Ony (SAW) diri tapan wagty bolsa, Allaha şükür edýär we many taýdan şeýle diýýär:"Enem-atam saňa pida bolsun, eý, Allahyň ilçisi! Seni diri tutan Allaha hamd/şükürler bolsun! Indi ölsem gaýgy etmerin!"

Bir gun pygamberimiz (s.a.w) Hz. Nesibenin oyune zyyarata baryar. Hz. Nesibe hatyn derrew sacak yazyp myhmana hezzet-hormat edyar. pygamberimiz Nesibe hatyna yuzlenip, "gel senem iy" diyyar. Nesibe hatyn "menin agzym bekli, ya rasullah" diyip jogap beripdir. shonda pygamberimiz (s.a.w) "agzy bekli birinin yanynda nahar iyilen wagty, ta sacak yygnalyanca melekler yanynda oturyp orazaly kishi ucin doga-dileg ederler" diyyar.

Hz. Nesibe hatynyn esasy ayratynlygy, onun guycli imanydyr, cagalary ugrundaky enelik mahrinin mowc urmagyna garshyn ol cagalarynyn hicisini hic wagt Allah yolundakly soweshlerden alyp goymandyr.

Hz. umm-i Umare Nesibe bint-i Kab hacan aradan cykanlygy takyk bilinmeyar, Medine ilinde aradan cykyp baky gabrysanlygyna jaylanandyr. Ýatan yeri yagty, jayy jennet bolsun! Jenab-y Hakdan şepagatyny nyýaz ederis (ämin!)