بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Ynsanlary iki zat heläk edýär: Aşa söýgi we aşa ýigrenç.

Başy » Yslam.info » SAHABALAR » Hz. Ömer(r.a.)

Hz. Ömer(radiallahu anh=Alla ondan razy bolsun!) Yslamiyetin 2-nji halypasy bolan, 10 yillap, yagny 634-644 yillary arasynda halypalygy layigy bilen yerine yetiren oran beyik şahsiyetdir! Ol musulman bolmaka duyeler bilen goreşer ekeni, ondan ynsanlar oran cekiner ekeni, boyi 2 metr toweregi we bedeni apet bolupdyr. Başda musulmanlara duşman ekeni, son Pygamberimizin dilegi boyunca, Biribar kabul edyar we ol 40-njy musulman bolup Yslamiyeti kabul edyar we kabul eden badyna-da on cekinip(dykgat edip) yoren musulmanlara hem-de Pygamberimize Kaba baryp arkayin ybadat etmegi teklip edyar, hatda, gidip ybadat hem edyaler gorkman. Şol sebapli ona Pygamberimiz "yalan bilen hakykaty ayiran" manysynda "Faruk" adyny beryar, şondan bari hem ona Halife-i Omer Faruk hem diylen eken. Ol 5 sany Hulefa-i Raşidun(Reşit=Kamil Halypa) laryn biridir, hem-de Jennet bilen buşdulanan sahabalryn biridir. Onun wagtynda Hz. Ömerin oran ondengoruji, bilgic, guycli, akylly, edermen, batyrgay, ozune yanmly(erkli), agras, merhemetli, tejribeli, adalatly we ş.m. oran onat ayratynlyklary sebapli we alyp baryan siyasaty boyunca, şol dowrun in guycli iki dowleti bolan Persler(Eyran) we Rumlar(Konstantinopol) hem musulmanlara tabyn bolyarlar. Onun halypa bolan wagty, mojek bilen goyun yan-yana yoreselerem,mojekler goyunlara hic-hili şikes yetirmeyarler. Onun dowrunde Pygamberimizin kop buşdulygy we beren habary bolup gecyar. Bir ayal arkayin yeke ozi hic bir kyncylyk cekman we ziyan gorman Yslam dinini kabul eden yerlerin bir başyndan beyleki başyna cenli siyahat edyar.


Sahabalardan biri oz yanyoldaşy(ayaly)ndan şikayatcy hokmunde Yslamiyetin 2-nji halypasy bolan Hz,Omerin (radiallahu anh=Alla ondan razy bolsun!) oyune gidyar. Ol onun oyune golaylaşanda Hz. Ömere ayalynyn gygyryp duranyny eşidyar. Azryak garaşyar, belki yalnyşlyk bardyr, derrew gutarar diyip, yone gysga wagtda dynmanson ol oz-ozune:
-Bah, uly halypa halyna Hz. Ömer hem ayalyndan gorkyan bolsa, onda menin ona oz yanyoldşymy şikayat edip oturmagyma geregem yok - diyip yzyna owrulyar we oyunin yoluny tutyar. Şol wagt hem Hz. Ömer daşaryk cykyar we ona:
-Ey, pylany, sen name ucin bu yere geldin!? - diyip sorayar. Şonda ol:
-Yanyoldaşym mana "Bir say sebap bilen" yrsarady, kop inirdedi, şony sana şikayat etmage gelyardim, yone goryan welin, sen hem yanyoldaşyndan gorkayn bolara cemeli, ondan soz eşidenini eşidip, men-a yza gaytmak bilen boldum - diyipdir. Şonda Hz. Ömer:
-Ey, pylany! Men yanyoldaşymdan soz eşitdim, ol dogrudyr. Yone onun sebabi senin bilşin yaly dal, onun sebabi yanyoldaşlarymyz gunuzyn:
-cagalara seredyarler;
-eşik yuwyarlar;
-mal-gara seredyarler;
-nahar bişiryarler;
-mellege seredyarler;
-oy-icerileri tamizleyarler we ş.m. zatlary yerine yetirip, halys yadayarlar, şol sebapden hem men yanyoldaşymyn mana aydyan zatlaryny, derdinişini oran adaty kabul edyarin we men hem onun yanyoldaşy hokmunde onun dertlerine şariklik we komek edyarin, in azyndan onun dertlerini dinlap, ona gowundeşlik edyarin we gowunlik beryarin - diyen manyda jogap beryar!


Hz. Ömer halypa wagty gundiz halypalygyn resmi işleri bilen gumra bolar, gijeleri hem oz halkynyn hal-yagdayiny has onat owrenmek ucin, halka-da bildirman gezerdi, kimde we nirede na derejede nama mataclik duyulsa, onun ozi hem bilerdi we şol yere wagtynda we gerekli mukdarda komek ederdi. Yene bir gun halypa bolanynyn ilkinji yillary ol oz wezirlerinden(in yakyn komekcilerinden bir sahaba) biri bilen gije gezip yorka, gijan yarysy bolsa-da bir oyun penjiresinde yş(yagtylyk=şohle) gorer we şol yere giderler. Baryp bildirman esewan etseler, oyun icinde 2-3 sany caga enelerine seredip acdyklaryny aydyp aglayan ekenler. Eneleri hem bir gazanda suw gaynadyp otyr diyyar we olara az salymdan naharyn bişjekligini aydyan eken. Cagalar yuwdunyşyp yatman oturan ekenler. Bu yagdaya oran gynanan halypa we weziri iceri girip ol dayza:
-Dayza jan, sen name ucin ac cagalaryna nahar berenok, haliden bari nahar bişiryanem bolsan!? -diyip sorapdyr. Şonda dayza:
-Ogullarym, gorenzokmy name, men olara gorkezman suwy susak bilen bulan bolup otyryn, icine-de daş atdym, et-zat bardyr oytsunler diyip, olar hacan uklarlarka diyibem garaşyadym, halys yatanoklar aclyklaryndan, olaryn ejesi we kakasy hem duşmanlaryn cozmagyklary netijesinde musulmanlaryn olara garşy goymaklary netijesinde, soweşde şehid boldular, indi men bulara yeterlik seredip bilemok - diyenmiş. Şonda halypa:
-Dayza jan, halypa bar-a, name ucin gidip yagdayi ona aydanzok!?
-Wah, oglum, name ucin halypa bolunyar, goy, onun ozi gelip bizin halymyzy gorsun! - diyip, halypadan gatyrgananyny bildiryar. Hz. Ömer şol bada ozune igenip derrew dowletin hazynasyndan 1 cuwal uny oz arkasyna yuklap usti-başyny undan yana ap-ak edip getiryar we sonup baryan ody usflap, tazeden yakyp, gazanda gaynayan suwa un zat goşup, derrew nahar bişirip, şol dayza we agtyjaklaryna beryar. Olar oran hoşal bolyar. Dayza sakgalyny ody uflande cirkizen şol gelmişege Tanryyalkasyn aydyar. Gelmişek=halypa şonda dayza seredip:
-Dayza jan, ertir sen halypanyn yanyna bar, yagdayiny ayt, ol sana hokman komek eder diyip cykyp gidyar. Ertesi gun şol dayza halypanyn huzuryna cykyar, bir seretse, dun gijeki sakgalyny cirkizen gelmişek halypanyn hakyt ozi bolsa natjek!? Garaz, yagdaya duşunen dayza ondan otunc sorayar, halypa bolsa onun ozunden otunc sorayar we ona agtyklaryna seretmek ucin yeterlik mukdarda aylyk baglayar.

Hz. Ömer halypa bolsa-da hemişe ozuni hasaba cekyan ekeni, Pygamberimizin "Hasaba cekilmakaniz, ozunizi hasaba cekin!" hadysy boyunca elmydama şony yerine yetiryan ekeni, ahtda, nace gezek az wagtlyk gabra girip, ozunin amallary barada, name hayir we guna işlani barada pikirlenyan ekeni. Yene bir gezek Medinede (halypalyk Medinededi) colun gyrasynda bir yerde şol bir yagdayda ozuni hasaba cekyan wagty, Rum=Rim Imperiyasynyn 3-4 sany atly ilcisi gelyan ekeni, olaryn geynuwleri diysen gymmat baha, lagl-jowherler bilen bezelen, atlary hem şol yagdayda ekeni. Olar colun gyrasynda onlerinden cykan bu garamayaga seredip:
-Ey, sen, biz halypa Omerin yanyna baryarys, bize yoly salgy berip bilermin!?- diyip soranlarynda ol usti başyny kakyp we duzedip:
-Omer men, aydyberin name derdiniz bar bolsa! - diyipdir. Ilciler oz padyşalaryny we uly Yslam ulkelerinin halypasynyn bu yagdayiny deneşdirip, akyllaryna sygdyryp bilman ank-tank bolan ekeni. Ynha, Hz. Ömer halypa bolsa-da şeyle sada bolupdyr!

Ol hemişe ozune hakykady yatladyan dost gozlar ekeni, hatda, birini her gun irden ozune gelip:
-Olum bar, ey, mominlerin emiri! - diydiryan ekeni we şol sebapli ona aylyk baglan ekeni! Hacanda onun sacyna ak gyl girende, şol adama işini goybolsun etdiripdir, sebabi, her gezek ayna seredende ona olumi yatlatjak ak gyl bar ekeni sacynda! Ol her gezek Parslaryn Yslamiyeti kabul eden belli alymy we sahaba bolan Hz.Selman-y Farisi(r.a) gorende ona sorayan ekeni:
-Alla haky ucin, mende kemcilik goryarmin!? - diyip, şonda Selman hezretleri aytmajagam bolsa nace gezek yalbaranson:
-Pygamberimiz gunde 1 gezek nahar iyerdi (ya-da 1 durli nahar), sen bolsa, gundiz we gije, yagny, iki gezek nahar iyyarsin, birem, sende gundiz we gije eşigi bar, bu yagday hem pygamberimizde yokdy - diyyar, şonda Hz. Ömer ozunin şol yagday barada yalnyşanyny kabul edyar, aslynda, eşiklerin biri ogly Abdylla b.Omerin beren sowgady ekeni, halypa halyna kop yamaly yekeje eşik bilen gezmezligi ucin berlen ekeni onda-da. Nahar babatda-da, myhmancylyga giden wagtlary, tagama seretmek babyndan gunde 2 gezek bolan ekeni (şeyle bilyarin).
Şu yagdaydyr onat hasiyetlerine garamazdan ol ozune munapykdyr oydup oran gorkyan sahabalardan biri ekeni.

Ol oran onat we tasirli gepleyar ekeni, her jumga hutbasynda oran onat mowzuklary şeyle ussatlyk bilen aydar ekeni, musulmanlar we bolmadyklaram ony dinlemage şeyle uzak yerlerden her juma gelerler ekenler. Yene bir juma hutbasynda ol başda "pygamberler" barada oran onat wagyz edeninden son, pygamberimizin mazaryna seredip:
-Salam sana, ey, Allanyn Ilcisi! - diyipdir. Son ol "syddyklar(sadyklar)" barada wagyz edip, sonam Pygamberimizin mazarynyn yanyndaky Hz.Ebu Bekirin(r.a.) mazaryna seredip
-Salam sana, ey, Syddyk bolan Ebu Bekir! - diyipdir. Son ol "şehidler" barada wagyz edyar, sonam ozune şeyle diyyar:
-Sen bir şehid bolup bilermikan, ah, sen nirede, şehidlik nirede!? - diyip aglan ekeni. Elbetde, ony kapyrlykdan musulmanlyga alan, Halypa eden Biribar, onun şehidlik baradaky dilegini hem kabul edyar, onda-da şehidlerin başy hokmunde!
Ony halypa wagty, namaz okap durka, gul bolan mejusinin biri gelip, arkasyndan pycaklayar. Onun icegeleri daşyna cykan ekeni şonda. Ol şol yaranyn tasiri bilen hem baky aleme şehid hokmunde gocup gidyar.

Onun barada Pygamberimiz:
-Menden son pygamber gelsedi, Omer bolardy;
-Mana ledunni(ic, hemme taraplayin) ylym suyt hokmunde berildi, icdim, yza galanyny Omere berdim;
(Uhud dagy oz ustune Pygamberimiz, Hz.Ebu Bekir, Hz. Ömer we Hz.Osman cykanda begenjinden ya tolgunyp lerzana gelende);
-Ey, Uhud, ustunde, elbetde, bir pygamber(Ozi), bir syddyk(Hz.Ebu Bekir) we 20 şehid(Hz. Ömer we Hz.Osman ) bar - diyyar;
-Menin gokde iki, yerde-de iki wezirim bar, gokdakiler Jebrayil we Mikail perişdeleri, yerdakiler bolsa Ebu Bekir we Omerdir - diyipdir.

Hz. Ömer bir gezek sahabalaryn arasynda şeyle diyyar:
-Men 1 zady yatlamda hemişe gulyan, yagny, yola cykamyzda ugur getirmegi ucin halwadan putlar yasap, olary yanymyza alardyk we yalbarardyk, yolda ajygan wagtymyzam olary alyp iyerdik, şona her yatlamda gulyarin. Yene bir zady yatlasam welin, hemişe aglayaryn. Olam oz gyzymy diri cukura gommegim - diyyar.

Hz. Omer barada sahabalardan biri şeyle diyyar:
-Onun wakalar barada aydan her bir zady ayatlar bilen tassyklanyardy!

Hdeybiye şertnamasy musulmanlar ucin oran agyr boluody başda, şonda Hz. Ömer pygamberimize garap:
-Ey, Allanyn ilcisi, Sen pygamber dalmi, hakly olan biz dalmi!? - diyip soranda "Hawa" jogabyny alyar, yagdaya oran gaharlanyp, icine sindirip bilmeyar başda, yone pygambere-de boyun egyar. Son Biribaryn şol şertnamanyn netijesi hokmunde hem Mekkanin tazeden gaydyp alynmagyny we oran guycli şahsiyetlerin(Halid b.Welid we Amr b.As we ş.m.) şol wagt uruşsyz-sowuşsiz gowunli Yslamiyeti secenini we ş.m. yagdaylary gorup oran utanyar we pygamberin nahili ondengoruji we dogrulygyny yene 1 gezek gorup tasdyk edyar!

Halypa wagty "Allanyn gylyjy" adyna eye bolan Hz.Halid b.Welidi(r.a) goşunyn serkerdeliginden ayiryar. Ona sahabalar Hz. Ömere garşy cykmazlygyny aydyarlar, şonda Hz.Halid:
-Omer diri durdygyca, ona hic kim ziyan berip bilmez, men hem - diyip jogap beryar. Ona Hz. Ömer yagdayi şeyle bildiripdi:
-Ey, Halid, halk alynan yenişleri senin şahsyna beryar, yagny, Biribara seni şarik edyaler, aslynda, yenişi bize beryan Allahdyr. Ozunem gorersin, ynha, senin yerine başga biri geler we yene Yslam goşuny yenişe eye bolar, sebabi Allah şeyle isleyar. Anha, şol sebapli, seni "gururdan" (men-menlik) we halky şirk goşmakdan(şariklik) halas etmek ucin, seni serkerdelikden azat edyarin, yerine bolsa başga birini goyyaryn!

Kudusda(Yerusalim) Metjid-i Aksa musulmanlaryn eline gecse-de, priestler=rahipler=Hristiyan din alymlary ol yerin acaryny musulman goşunyna bermek islemeyarler. Olar acaryn dine oz kitaplarynda sypatlandyrylan şahsyn alyp biljegini habar beryarler. Ol bolsa şol yere hyzmatcysy bilen bir duya gezekleşip munup baran Hz. Ömerden başgasy daldi.

Ol hemişe hayirda Hz.Ebu Bekir bilen basleşerdi, bir gezeginde cozup gelyan duşman sebapli, gerekli enjamlar ucin zekat (sadaka) toplanyp, Mute soweşine (100 000 esgerli Rim goşunyna garşy 3 000 musulman esger) tayyarlyk gorulende, Hz. Ömer ozunin bar bolan ahli baylygynyn yarysyny getiryar we oz icinden:
-Şu gezeg-a Ebu Bekiri gecerin - diyip pikirlenyar. Pygamberimiz Hz. Ömere ozi we maşgalasy ucin nacerak baylyk alyp galanyny soranda:
-Baylygymyn den yarysyny şu yere getirdim, ey, Resullallah! - diyyar. HzEbu Bekire şol bir sorag berlende:
-Allah we Resulynyn soygusini goyup gaytdym, ey, Resulallah! (yagny, hemme baylygymy getirdim, Allah we Resulyn soygusini alyp galdym) - diyyar. Şonda Hz. Ömer Hz.Ebu Bekiri durmuşdaka hic mahal hem gecip bilmejegine goz yetiryar.

Bir gezeginde Hz.Ebu Bekir Hz. Ömerin gownune degyar(takyk bilemok, yone şeyle okapdym). Şonda ol Hz. Ömerden otunc sorayar, ol bolsa hic zat diyman otagidyar. Hz.Ebu Bekir bu yagdaya gynanyp, pygamberimizin yanyna baryar we yagdayi bolşy yaly duşundiryar we Hz. Ömerin ozuni bagyşlamagy we hakyny halal etmegi ucin komek etmegini sorayar. Edil şol wagtam Hz. Ömer hem pygamberimizin yanyna gelip, yagdayi aydyar we otunc sorayar, şonda pygamberimiz:
-Ebu Bekirin gownune degmeseniz. Ol hemmaniz mana duşmankanyz dost boldy, hijretde mana yeke-tak yoldaş boldy, Meni hemişe tasdyk etdi we Biribar tarapyndan "syddyk" adyna eye boldy! - diyyar. Şol yerde olar halallaşyarlar.

Bir gezek Hz. Ömer pygamberimize:
-Ey, Allanyn ilcisi, men nebsimden(ozumden) son in kop Seni soyyarin! - diyyar, şonda pygamberimiz:
-Meni hemme zatdan kop soymesen, [size=20]kamil [/size] imana eye bolup bilmersin! - diyyar, Hz. Ömer bolsa:
-Şu wagtdan son Seni hemme zatdan ey gorup soyyarin, ey, Resulallah! - diyyar, pygamberimiz:
-Ine, indi kamil imana eye boldun! - diyip jogap beryar!
-

Ilkinji halypa Hz.Ebu Bekirin wagtynda Hz. Ömerin gylaw we maslahat bermegi bilen Gurhanyn hemme ayatlary şol ayatlary saklayan sahaba we yanynyn 2 şayady bilen bir yede jemlenip, ayatyn takyklygy subut edilenson, Gurhan kitap halynda emele gelyar! Hz.Osman halypa wagty bolsa Gurhanyn sany 6 nusga cykarylyar.

Koceden gecip baryarka, bir jayin depesinde duran tulymdan(=oluk!?) Hz. Ömerin ustune(eşigine) suw damyar, muna gaharlanan Hz. Ömer şol tulymy tamyn depesinden sokup ayiryar we juma hutbesinde bu barada aydyp, ynsanlara ezyet edilmezligini isleyar! Pygamberimizin dayisy Hz.Abbas(r.a.) bolsa şonda:
-Ey, mominlerin halypasy, ol tulumy(oluk), ahkyt, pygamberimiz Oz elleri bilen şol yere yerleşdiripdi - diyyar. Şonda Hz. Ömerin dyzlarynyn bagy cozulyar, rowgaty gidip dyzlaryna cokyar we:
-Ey, Abbas, şol tulumy men onki yerine elteyin, sen bolsa menin kellame basyp, şol tulumy onkuje yerine yerleşdir, gor, men name eden ekenim!? - diyip nayinjar seslenyar we diyşi yaly hem edilyar. Bu-da onun pygamberimize we Onun sunnetine hem-de galan mirasyna nahili wepaly we hormat goyyandygyny subut edyar.

Yene bir juma hutbasynda galyn barada wagyz beryar we galyn arkaly oylenjek bolyan yaş sahabalara kyncylyk cykarylmazlygyny isleyar, şonda uzakdan wagzy dinlap duran bir zenan maşgala:
-Gurhanyn ayatynda (Nisa!?) galyn(=mehir) alynmagy (yoldaşynyn aradan cykmagy ya ayrylyşmaklary halynda we ş.m. yagdaylarda zenan maşgalanyn ozune seredip bilmegi ucin islenyan yeterlik derejedaki mukdar) buyruk berilyar, sen onun tersini aydyarsyn, ey, mominlerini emiri! - diyyar. Şonda Hz. Ömer duran yerinde dyz cokyar we ozunin yalnyşyna goz yetirip, şol zenany goldayar, yagny, ayaty we hokmune boyun bolyar.

Bir gije Hz.Ebu Bekir ajygyp, oylerinde-de hic zat tapman, belki-de pygamberimizin yanynda azyrak 1 zat bardyr diyen pikir bilen Onun yanyna gelyar, edil yzyndanam şol bir niyet bilen Hz. Ömer gapyny kakyp, rugsat alyp giryar. Aslynda, pygamberimiz hem olaryn ikisi yaly ac we hic zat tapyp bilman ekeni, garynlaryna aclygyny az hem bolsa unutdyrjak daş asan ekenler. Pygamberimiz belki Ebul Heysemin hurma bagynda hurma bolup biljegini, şol sebapli, olara gitmeklerini teklip edyar we olara gidyarler. Gijanin ol wagty Heysem yatan ekeni. Hz. Ömer galyn sesi bilen başda ona "Ebel Heysem!" diyip seslense-de ol eşitmeyar, yone onun ogly eşidip, ylgap gelip kakasyna:
-Kaka, kaka, gapymyzy Pygamberimizin wezirlerinde biri we Faruk bolan Hz. Ömer kakyar, turup acsana! - diyyar, kakasy bolsa:
-Yat oglum, gijanin bu wagty Omer barde name işlesin!? -diyyar. Ogly hem yerine gecip yatyar. Az salymdan gapyny Hz.Ebu Bekir kakyar, we ince ses bilen "Ebel Heysem!" diyip seslense-de ol bu gezegem eşidenok, ogly eşidyar we yene ylgap gelip kakasyna:
-Kaka, kaka, gapymyzy Pygamberimizin wezirlerinde biri we Syddyk bolan Hz.Ebu Bekir kakyar, turup acsana! - diyyar, kakasy bolsa:
-Yat oglum, gijanin bu wagty Ebu Bekir barde name işlesin!? -diyyar. Ogly hem yene yerine gecip yatyar. Az salymdan gapyny Hz.Muhammed Mustapa (SAW) kakyar we oluleri hem direltyan sesi bilen "Ebel Heysem!" diyip seslenyar, bu gezegem Ebul Heysem eşidenok, ogly eşidyar we bu gezek kakasyna-da aytman, ylgap ozi gapyny acyar we:
-Oyumize hoş geldiniz, ey, Allanyn ilcisi! - diyyar. Kakasyna-da yagdayi bildiryar we ol hem turup, az-owlak bar bolan hurmadan in gadyrly 3 myhmana yzzat-ykram edyar.
Yene bir mysal:
Hezreti Omar halyf döwründe bir gije Medinäniň köçelerinde aýlanyp ýördi. Birden bir öýden gelýän aýdym-sazyň owazyny eşitdi. Howlunyň diwardan aşyp öýe girende, gören zatlary oňa ýaramady we içindäki adama gygyrdy:
- Eý Allahyň duşmany, edýän günäňi Allah örter diýip pikir etdiňmi?
Ol adam:
- Eý müminleriň emiri, dur gyssanmaçlyk etme. Eger men Allaha garşy bir günä iş eden bolsam, sen üç günä etdiň. Birinjisi, Allahy Tagala «Biri-biriňiziň gizlin hallaryny yzarlamaň» (Hujurat 49/12) buýurýarka sen aýbymy gözlediň. Ikinjisi, Allah «Öýlere gapylaryndan giriň!» (Bakara 2/189) buýurýarka, sen diwardan aşdyň. Üçünjisi, Allah «Eý, iman edenler! Öz öýüňizden başga öýe öý eýesinden rugsat soraman, salam bermän girmäň. Şeýle etmek size has gelişer. Oýlanarsyňyz, hikmetine düşünersiňiz» (Nur 24/27) buýurýarka sen öýüme birugsat girdiň we üstesine salamam bermediň – diýip, garşysyna gidende Hezreti Omar:
- Eger men seni bagyşlasam, senem meniň bagyşlarmysyň – diýdi. Ol adam:
- Hawa – diýende, Hezreti Omar: «Bagyşladym» diýip öýden çykyp gitdi. (Kenzul-Ummal, 3/808, 8827-nji hadys).
Mundan soň ol adam şol eden günäsini hiç haçan gaýtalamady.


Hz. Ömer halypa wagty dowletcilik sistemasyny doredyar ilkinji bolup. Dowlet işgarlerini doredip, olara aylyk baglayar. Garry ynsanlara wagtynda ceken zahmetleri ucin aylyk goltgy puly baglanyar. Yetim cagalara, dullara we garyp-gasarlara komek fony we guramalary gurulyar. Dowlet welayatlara, şaherlere we obalara bolunip, ol yerlere jogapkar ynsanlar (Hakim, başlyk we ş.m.) bellenilyar we ş.m. oran kop işler alynyp barylyar.


Allah senden razy bolsun, ey, Hz. Ömer! Allah bizi hem senin yzyndan gitmegi miyesser etsin, ruhyn şat bolsun, ey, Emirel-Mu'minun!

Hz.Muhammede(SAW) we Hz. Ömere(r.a.) hakyky manysynda uymak dilegi bilen!