بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Meniň size bäş sany weset galdyrasym gelýär. Șolary ýerine ýetiren kişi ýagşyzadalaryň hataryna goşulyp biler. Birinjiden hiç biriňiz Alladan başgadan dileg etmäň, tamakin hem bolmaň! Ikinjiden Alladan çe¬kinmän günä iş etmekden gorkuň! Üçünjiden nämedir bir zat hakynda soralanda, bilmeseňiz, «bilemok» diýmäge utanmaň! Dördünjiden bilmeýän zadyňyzy başga birine öwretjek bolmaň! Bäşinjiden sabyr-takatly boluň! Başsyz göwräniň bolmaýşy ýaly, sabyrsyz-takatsyz hem iman bolmaz. Başsyz göwreden bolsa hiç hili haýyr ýokdur.

Başy » Yslam.info » SAHABALAR » Hz.Safiýýe Binti Abdülmuttalib

Hazret-i Safiýýe (r.anha) rasulallah (s.a.w) efendimizin söýgüli halasydyr (çärjewde hala-kakanyň aýal dogany). kakasy abdülmuttalib, ejesi hale bint-i wehb bolupdyr. hz. Hamzanyň (r.a) gyz jigisi, hz. Zubeyriň (r.a) ejesi...ilkinji musulmanlardan...batyr we gaýduwsyz* hanym sahaba. Elinde gylyjy bilen söweşe gatnaşan ilkinji musulman hanym.

Hz. Safiýýe ýegeni söýgüli pygamberimizi örän gowy görer eken. Oňa kiçiliginden bäri seredip ene mähri bilen bagryna basypdyr, ejesiniň ýoklygyny bildirmändir. Pygamberimiziň gelejekde adamlaryň arasynda möhüm hyzmat derejesine eýe boljagyny aňyp ulalmagyny sabyrsyzlyk bilen garaşypdyr.

Mekkede dost duşman diýmän hemme kişi pygamberimizi örän gowy görüpdir, oňa çäksiz ynam bildiripdirler. Kureýşliler tarapyndan oňa "Muhammedü'l-Emîn"* lakamy berilipdir.

Aradan ýyllar geçýär. Hz. Safiýeniň ýegenine pygamberlik derejesi berilýär. Pygamberimiz (s.a.w) adamlary yslama çagyrmaga başlaýar. Allah`dan “Ilki iň ýakyn garyndaşlaryňy duýdyr. Saňa uýan musulmanlara ýumuşak bol” (Şuâra Sûresi 214-215 aýaty) inýär. Mundan soň pygamberimiz ähli garyndaşlaryny toplap : “Eý Kureýş mähellesi! Özüňizi ataşdan halas ediň! Eň haşimogullary! Eý abdülmuttalib ogullary! Özüňizi ataşdan halas ediň! Eý muhammediň gyzy fatma! Eý abdülmuttalibiň gyzy safiýýe! Özüňi ataşdan halas et! Men size Allah`dan geljek bir belanyň öňini alyp bilmerin, ýöne mende bolan islän zadyňyzy soraberiň. ” diýýär.
Hz. Safiýýe ogly zübeýr bilen birlikde hiç ätiýaç edmän yslamy kabul edipdirler. Pygamberimize uly goldaw beripdirler. Hz. Safiýýe dogany ebu-lehebiň hem musulman bolmagy üçin ençe gaýratlar görkezipdir. Kaderiň geňligine seret, hz. Safiýýe yslam ugruna jan bermäge taýýar, dogany ebu-leheb bolsa yslam duşmanlarynyň öňini çeken adam bolupdyr.

Hz. Safiýýe berk kadaly ene bolupdyr. Çagalarynyň terbiýesine uly üns beripdir. Çagalaryna söýgisini we mährini kem etmändir, emma welin gerek ýerinde olara gaşyny çytyp gulaklaryny çekipdir. Çünki terbiýe berk düzgün, üns we jogapkärçiligi talap edýär. Hz. Safiýýe ogly hz. Zubeýri peygamberimiziň hawarisi (yardamçysy) bolup biljek derejede terbiýeläp ýetişdirip bilen enedir.

Hz. Safiýýe (r.anha) yslam ugrunda hiç bir zatdan gaýra durmandyr. Jany we maly bilen özüni yslama bagşeden Örän tutanýerli*, batyr we gaýduwsyz hanym sahaba bolupdyr.

Bir gün pygamberimiz uhud söweşine gitmezinden öň ähli aýal-gyzlary, çagalary medinede iň beýik we berk bolan Hassan İbni Sâbit'in köşgüne ýerleşdiripdir. Hassanyň özüni hem kemli, urşa gatnaşyp bilmeýän yaşuly bolany üçin olaryň arasynda galdyrypdyr. Urşyň gyzgalaňly wagty bir müşrik pursatyny peýläp köşge tarap dyrmyşyp başlapdyr. Muny gören hz. Safiýýe hassana olary gorap müşrigi öldürmegini soraýar, hassan bir müşrige garşy duryp biljek güýji bolsa şu wagt şu ýerde däl-de eýsem pygamberimiz bilen söweşde boljagyny aýdypdyr. Ýagdaýy boýnuna alan hz. Safiýýe eline äpet taýagy alyp gapa tarap ýönelýär. Gapyny çalaja açyp taýagy bilen içerik girmek isleýän müşrigiň depesine berýär. Darba çydaman çaşan müşrik özünden gidişi ýalam şol ýerde jan berýär. Hz. Safiýýe köşgiň depesinden musulmanlaryň ýeňilip barýanlaryny görüp bir eline naýzany bir eline-de gylyjy alyp ýanynda bir näçe başga-da musulman hanymlary bilen söweşe tarap gitýärler. Jeňe girip girmänkä Birinji bilen yegeni hz. Muhammet (s.a.w) ýagdaýyny soraýar. Onuň sagdygyny emma dogany hz. Hamzanyň şehit bolandygyny öwrenýär. Gahar-gazap bilen doganynyň aryny almak üçin söweşiň içine özüni urýar, şehit bolan doganynyň jesedini görmek isleýärdi. Halasyny gören pygamberimiz hz. Zubeýre ejesini yza döndirmegini tabşyrýar. Hz. Zubeýr pygamberimiziň aýdanlaryny ejesine ýetirýär, hz. Safiýýe doganynyň jesedini görkezmek islenmeýänligini aňyp nä derejededigini çaklaýar. Allah`a sygynyp uly sabyr bilen ogluna:”eger maňa doganymyň jesedini görkezmeýän bolsaňyz diýmek ol kesilip parçalanmyşdyr. Doganym Allah ugranda bu ýagdaýa sezewar boldy, mundan uly dereje bolup bilmez. Biz Allah ugranda mundan has beterlerine hem razydyrys. Enşallah sabyr bilen sogabyny Allah`dan garaşaryn ” diýýär. Mundan soňra oňa doganynyň jesedini görmäge rugsat edilýär. Agzalary kesilip parça-parça edilen dogany hz. Hamzanyň başynda sessiz sessiz gözýaşlaryny göwnüne akytýar. Uly sabyr bilen biribara sygynyp İnnâ lillâh ve innâ ileyhi râciûn-biz Allah`yň gullary we barymyz Oňa(Allaha) gaýdyp bararys mealindäki bakara süresi, 156 aýatyny okaýar.

Hz. Safiýýe berk kadaly ene bolupdyr. Çagalarynyň terbiýesine uly üns beripdir. Çagalaryna söýgisini we mährini kem etmändir, emma welin gerek ýerinde olara gaşyny çytyp gulaklaryny çekipdir. Çünki terbiýe berk düzgün, üns we jogapkärçiligi talap edýär

Hz. Safiýýe (r.anha) pygamberimiziň ölüminden 10 ýyl soň, hz. Ömer (r.a) halyfalygy wagtynda 73 ýaşlarynda bu dünýäden aýrylýar.