بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Ähli şer işler akmak kalpda orun tutýandyr. Emma akylly ynsanyň kalby şere we pyssy-pujurlyga ýol bermez.

Başy » Yslam.info » SAHABALAR » Sahabalar we tabiinler barada

Sahabalar Hz.Muhammedi(SAW=Sallallahu Aleyhi we Sellem=Allahyň salamy Oňa bolsun!) gören, Oňa tabyn bolan we her-hili şertlerde Oňa goltgy beren ynsanlara berlen atdyr. Sahabalaryň, meselem, ilkinji halypa Hz.Ebu Bekir(r.a.)iň adynyň yzyna yazylýan "(r.a.)" bolsa, musulmanlaryň olara bolan hormaty sebäpli Arap dilinde "radiallahu anh", ýagny, Turkmen dilinde "Allah olardan razy bolsun!" diýmek bolýar.
Sahabalar barada şeýle hadys bar:"Meniň sahabalarym gökdäki ýyldyzlar ýalydyr, haýsysyna eýerseňiz, olar sizi Maňa getirer, Men hem sizi Biribara äkiderin!" Elbetde, bu hakykata giden iň gysga, inň ygtybarly(emin=ynamdar) we iň calt ýol. Manysy boýunca ýene bir hadysda:”Meniň sahabalrym giden ýerleriniň Magşarda önder(lider=serkerde)leri bolar!” diýilýär, bu bolsa, biziň Baýramaly şäherinde Soltan Sanjaryň ýadygärlik binasynyň golaýynda ýatan iki sahabamyzyň(Hz.Büreýde El-Eslem we Hz.Hakem bin el-Giffarynyň (r.anhum)) Magşarda Türkmen halkynyň öňderleri boljagynyň ikucsyzlygyny subut edýär!
Tabiin bolsa, Pygamberimizi gönüden-göni görüp bilmedik, ýöne sahabalary gören musulmanlara berilýän umumy at, tebe-i tabiinler bolsa, sahabalary hem görüp bilmän, tabiinleri görenlere berilen umumy at bolyar we şeyle dowam edyar.
Sahabalara hemme taraplaýyn gerekli derejede eýermek dilegi bilen!