بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Ähli şer işler akmak kalpda orun tutýandyr. Emma akylly ynsanyň kalby şere we pyssy-pujurlyga ýol bermez.

Başy » «Zaman» gazeti » ADALAT

Haky we halky hoşnut etmegiň ýoluy — adalat

Adalat – Haky we halky hoşnut etmegiň ýoly, zulum – bu ýoluň öňündäki tikenli germaw; adalat – hak we hakykatyň owazy, zulum – nebsiň hyrkyldysy; adalat – bu dünýä we ahyretde bagtly we asuda durmuşyň esasy, zulum – ejiz we mazlumlaryň göge göterlen nalasy; adalat – umumyadamzat parahatçylygynyň sarsmaz köprüsi, zulum – adamzat gymmatlyklaryna sarpasyzlygyň alamaty.

“Zulum bilen abat bolanyň ahyry berbat bolar” diýip ýöne ýere aýtmandyrlar. Käte zulumyň küpürden hem beter günä halyna gelen wagtlary-da bolýar. Şonuň üçin mümin küpürden daş durşy ýaly, zulumdan hem daşda durmalydyr. Çünki, Allanyň gatynda mazlumyň – zuluma duçar bolan bigünäniň ahy-nalasy dileg ýerine geçer. Bu dilegiň kabul boljakdygyna-da şübhe ýokdur.

Zulum hetdiňi aşmak we özgeleriň hakyny basgylamak; beýle günäni eden zalymyň duşmany-da Alladyr. Ol örän merhemetli bolmak bilen bir hatarda, hak we hukugyň goragçysy bolan “Adyl-y Mutlakdyr”. Rehmeti bilen, toba gelmegi üçin zalyma möhlet üstüne möhlet berer, emma, mazlumy, ejizi-de çensiz-çaksyz basgylatmaz. Bu gün bolmasa-da ertir hetdini bilmezlere hetdini tanadar we Özüniň barça zada güýjüniň ýetýändigini görkezer.

“Zalymyň zulmy bolsa, mazlumyň Allasy bar,

Munda jebir edenden erte Hak hasap sorar”.

Ynsanyň erkin bolmagy, onuň elkin hereket etmelidigini aňlatmaýar; has takygy, güýjüniň we mümkinçiliginiň bolmagy başgalara zulum etmelidigi manysyna gelmeýär. Erkinlik başgalaryň hak-hukugyna hormat goýlup hereket edilen wagty gadyrlydyr; güýç-de hak we hakykatyň emrinde bolan wagty.

Erkinlik we güýç babatda Hakyň kesgitlän çäklerinden çykmazlyk – adalat; bu çäkleri aşmak bolsa zulumdyr.

Hakyň Kelamynda adalat we zulum barada...

Zulmuň hem dürli görnüşi bardyr. Halyk-mahluk (Ýaradan-ýaradylan), abd-Mabud (gul-Gulluk edilýän) gatnaşygynda ynsanyň ýoluny urdurmagy diýmek bolan şirk iň uly zulum... Aç-açan hak-hukugy basgylamak, başgalara jebir-jepa etmek, olary aldamak, abraýdan düşürmek, gybat etmek we ş.m. ýaly zatlar ikinji derejedäki zulum... Allanyň emir we gadaganlyklaryna pitiwa etmezlik, haramlara garşy ünsli bolmazlyk, halallyk-çägindäki zowky-sapa bilen ýetinmezlik hem zulumyň başga bir görnüşidir. Kuran-y Kerim adalat meselesine üns çekişi ýaly, zulum we sütemiň hem üstünde durup, müminleri adalatsyzlygyň, jebri-jepanyň, diýdimzorlygyň her görnüşinden daşda durmaga çagyrýar.

Kuranyň dürli ýerlerinde zulumyň ähli görnüşinden el çekmeklik ündelýär we “Kapyrlar Bize däl, özlerine zulum edýärlerdi” (Bakara suresi, 2/57.)  diýlip, eden zulmunyň ahyr aýlanyp zalymyň öz başyna geljegi ýatladylýar. “Ol münkirler (Allanyň barlygyny we beýleki iman esaslaryny inkär edenler) zalymyň edil özüdir” (Bakara suresi,2/254.) permany bilen zulum bilen küpüriň bir-birinden aýrylmaz iki zatdygyna üns çekilýär. “Alla asla zalymlary söýmez” (Al-i Imran suresi, 3/57.) beýany bilen Hakyň zuluma bolan kesgitli garaýşy bildirilýär.  “Ol gün zalymlaryň ýar we ýardamçysy ýokdur” (Al-i Imran suresi, 3/192.) diýen haýbatly duýduryşy bilen zalymyň ahyrky ykbalynyň gözgyny boljakdygy habar berilýär. “Halky zalym bolan ülkeleri jezalandyranynda Rebbiň azap berşi ine şeýledir” (Hud suresi, 11/102.) ýowuz permany bilen adamzat taryhynyň dowamynda päli azyp, ýoldan çykanlaryň hökman jezalandyrylandygy düşündirilýär. “Zulum edenleri şol güňleç ses uranda, duran ýerlerinde dyza çökdüler” (Hud suresi, 11/67.) diýlip, zalymlaryň her döwürde-de ylahy adalat tarapyndan heläk edilendigi/ediljekdigi duýdurylýar.

Ýokardaky ýaly onlarça aýatda zalymyň bu dünýäde we ahyretde sezewar boljak güzaplary habar berlip, iň ýönekeý hasaplanyp bilinjek zulumyň hem ynsanyň ebedi durmuşyny harap edip biljekdigi ýatladylýar.

Kuran-y Kerimde zulumyň dürli görnüşiniň üstünde aýratynlykda durulýar. Ynha Hakyň Kelamynda zulum hökmünde agzalan zatlardan birnäçesi:

Allanyň gadagadan eden zatlaryna el uzatmak; emirlerine ähmiýet bermezlik; ynsanlaryň dini ybadatlaryny berjaý etmeklerine päsgel bermek; binika gatnaşyk ýaly hapa işleri etmek we paýyş sözlemek; nähak ýere özgäniň hakyny iýmek, hukugyny basgylamak; milletiň baýlygyny çürkemek; haram-halala üns bermezlik; pitne we başbozarlyga sebäp bolmak; gybat etmek; ýalan-ýaşryk sözlemek; Haka we halka hyzmat edýänleriň haýyrly işlerine päsgel bermek, görübilmezçilik we duşmanlyk duýgusy bilen olara garşy hile guramak; müminlere garşy bet niýetde bolmak; sözüňde durmazlyk we amanada hyýanat etmek; dini esaslary şahsy we syýasy bähbitleriň üçin ulanmak; mukaddeslikleri, milli we ruhy gymmatlyklary dünýewi käbir maksatlara ulaşmak ýolunda ulanmak we ş.m.

Hadyslarda zulum we adalat barada...

Zulum we adalat bilen baglanyşykly Älemleriň Serweriniň (s.a.w.) beýanlary hem aýratyn ähmiýete eýedir. Ol her säher we her agşam “Allahym! Zulum etmekden, zulma duçar bolmakdan, biriniň hak-hukugyny basgylamakdan, kimdir biriniň hukugymy basgylamagyndan Saňa sygynýan!” diýip dileg edipdir. Ynha onuň bu mesele bilen baglanyşykly hadyslaryndan käbiri:

“Alla zalyma möhlet üstüne möhlet berer. Bir gezegem azabyna sataşdyrdymy, gaýdyp ony halas etmez”.

“Kazy üçdür: Biri jennetlik, ikisi dowzahydyr. Jennetlik kazy, hakykata göz ýetirip, şoňa görä höküm berendir. Hakykaty bilip, (bilgeşleýin) adalatsyz höküm beren dowzahydyr. Hakykaty bilmeýän nadan kazy-da dowzahydyr”.

Kyssalar

Adalatyň amala aşyrylýan ýurdy

Fatyh Soltan Mämmet han Stambul basylyp alnanyndan soňra ähli ýesirleri öz erkine goýberipdi. Emma bu ýesirleriň içinden iki sany ruhany zyndandan çykmak islemeýändiklerini aýdyp, daşary çykmadylar. Ruhanylar Wizantiýa imperatorynyň halka zulum etmegi we ezýet bermegi garşylygynda oňa adalatly bolmagy maslahat berendikleri üçin tussag edilipdiler. Olar hem şondan soň, “Zalym imperatoryň zulmuna göz ýumup erkin ýaşandan, bigünä tussag edilenler bilen bile zyndanda bendi ýaşanymyz gowudyr” diýip zyndandan çykmazlyga äht edipdiler.

Bu ýagdaý Hezreti Fatyha ýetirilýär. Ol esger iberip ruhanylary huzuryna çagyrýar. Ruhanylar näme üçin türmeden çykmak islemeýändiklerini Hezreti Fatyha-da düşündirýärler. Fatyh olara şeýle ýüzlenýär:

“Size şeýle teklibim bar. Siz Yslam adalatynyň amal edilýän ýeri bolan ýurdumyzy gezip görüň. Musulman häkimleriň we musulman halkymyň arzlaryny diňläň. Bizde-de sizdäki ýaly adalatsyzlyk, zulum görseňiz, dessine maňa habar ediň...”

Hezreti Fatyhyň bu teklibi ruhanylary biparh goýmaýar. Patyşadan alan ejaza ýazgylary bilen ýola çykýarlar. Ilki bilen Bursa şäherine barýarlar. Bursada şeýle hadysa bolup geçýär:

Bir musulman bir ýewreýden at satyn alypdyr. Emma hiç hili kemi ýok diýip alan aty ýarawsyz bolup çykypdyr. Musulman seýishanasyna getiren atynyň ýarawsyzdygyna eýýäm ilkinji agşam göz ýetiripdir. Ol sabyrsyzlyk bilen ertirki daňyň atarna garaşypdyr. Ertesi gün ir bilen atyny alyp kaza tarap ýola çykypdyr. Emma boljak işe çäre ýok; kazy ol wagt heniz kabulhanasyna gelip ýetişmändir. Bir salym garaşandan soňra “Kazynyň bu gün gelmejegidir” diýip atyny alyp yzyna gaýdypdyr. Atyny äkitmesine äkidipdir welin, at hem şol gije ölüpdir.

Bu wakany gijräk eşiden kazy aty alan musulmany çagyryp bu meseläni şeýle çözüpdir:

“Siz ilkinji gezek geleniňizde men ýerimde bolan bolsadym, onda men sagdyn diýlip satylan aty yzyna berip, puluňyzy alyp bererdim. Emma wagtynda ýerimde bolup bilmändigim zerarly wakanyň şeýle netijelenmegine men sebäp boldum. Şonuň üçin ölen atyň öwezini-de meniň tölemegim gerek” diýip, öz kisesinden atyň puluny sanap, musulmana beripdir.

Ruhanylar musulman kazynyň adyllygyny görüp, haýran galypdyrlar. Kazyýetden çykan ruhanylaryň ýoly Iznik sary bolupdyr. Ruhanylar ol ýerdäki kazyýetde ýene bir hadysa bilen garşylaşypdyrlar:

Bir musulman beýleki bir musulmandan ekin meýdanyny satyn alyp, ekin döwri ýerini sürmäge başlaýar. Bir salym geçensoň künde bilen ýeri sürmäge synanyşýan daýhanyň kündesine agzyna çenli tylladan doly bir küýze ilýär duruberýär. Musulman hiç hili tolgunman bu altynlary küýzesi bilen ýeriň eýesi bolan beýleki musulmana eltip bermek isleýär:

“Dogan, men senden ýeriň üstüni satyn aldym, astyny däl. Eger sen ol ýerde munça altynyň bardygyny bilen bolsadyň ähtimal sen muny maňa bu baha satmazdyň. Al şu altynlary” diýýär. Ýeriň ilkinji eýesi bolsa düýbünden başgaça pikirdedi. Ol-da şeýle diýýär:

“Dogan, ýalňyş pikir edýärsiň. Men saňa ýeri durşy bilen, asty-üsti bilen, daşy-topragy bilen bile satdym. Şonuň üçin, indi dolulygyna seniň hasabyňa geçen ol ýerden çykan altynlary almaga hiç hili hak-hukugym ýokdur. Bu altynlar seniňkidir”. Ýeri alan bilen satan ylalaşyp bilmänsoňlar bu mesele kaza çenli baryp ýetýär. Iki tarap hem talaplaryny kazynyň öňünde-de gaýtalaýarlar. Kazy iki tarapa hem çagalarynyň barlygyny-ýoklugyny soraýar. Olaryň biriniň oglunyň, beýlekisiniň bolsa gyzynyň bardygyny öwrenýär we oglan bilen gyzy nikalap, altyny şolara bukja hökmünde berýär.

Ruhanylar uzak syýahatdan soňra Stambula Hezreti Fatyhyň huzuryna barýarlar we şaýat bolan wakalaryny edil bolşy ýaly gürrüň berip:

- Biz Yslam dininde şeýle ýokary derejede adalatyň we birek-birege sylag-hormatyň bardygyna göz ýetirdik. Şübhesiz, bu dine ynanýanlar beýleki dinlere ynanýanlara hem ýamanlyk etmezler. Şol sebäpden biz zyndana dolanmak pikirimiziden ýüz öwürdik, siziň hemaýatyňyzdaky hiç bir raýata zulum edilmejekdigine ynandyk – diýýärler.

Zulum içinde gizlenen adalat

“Alla olara zulum etmedi, olar öz-özlerine zulum edýärler”, (Tewbe suresi,9/70).

Bir gün Musa Pygamber daşyndan seredeniňde adalatsyzlyk we zulum ýaly görünýän syrly wakalaryň iç tarapyndaky adalaty görmek isleýär. Munuň üçin bolsa Allaha ýalbarýar. Alla onuň bu dilegini kabul edýär. Oňa dört ýoluň çatrygynda ýerleşýän bir çeşmäniň gabadynda gizlenip, bolup geçjek wakalara üns berip seretmegi buýurýar.

Hezreti Musa salgy berlen çeşmäniň gabadyndaky agaçlygyň içinde oturýar, gelip-geçýänleri üns bilen synlamaga başlaýar.

Birnäçe wagt soňra bir atly ala-tozan bolup, atyny çapdyryp gelýär. Çeşmäniň ýanynda bir salym dynç alýar. Soňra atyna atlanyp ýoluny dowam ediberýär. Ýöne atly dynç alýan wagtynda içi altyndan doly guşagyny çözüp, agajyň aşagyna goýupdy. Gideninde bolsa, guşagyny ýatdan çykarypdy. Altynlar çeşmäniň boýunda galýar. Atlydan soňra gelen ýetginjek bolsa, çeşmeden suw içip, gitjek bolup duran wagty içi altyndan doly şol guşagy görýär. Ol hem tolgunyp guşagy alan badyna başga bir ýola tarap gidýär.

Köp wagt geçmänkä iki gözi hem kör bir garry adam çeşmäniň başyna gelýär. Sowuk suwdan bir ýuwdum içip, dynç alyp otyrka, altyny ýadyndan çykaran atly howlukmaçlyk bilen dolanyp gelýär. Guşagyny çözen ýerini gözleşdireninden soňra, garry adama:

- Şu ýerde unudan pul guşagymy sen aldyň. Ýa pulumy berersiň, ýa-da men seniň boýnuňy sograryn – diýip hemle atýar.

Garry adam:

- Oglum! Meniň iki gözüm hem sokur kör. Seniň puluňy almadym – diýse-de atly ony diňlemeýär. Garryny gylyç bilen ilkinji zarbada ýere serýär. Soňra bolsa atlanyp, ol ýerden daşlaşýar.

Bu wakany synlan Musa Pygamber:

- Eý Rebbim! Bu wakalaryň içinde men-ä adalat görmedim. Atlynyň puluny ondan soň gelen bir oglan aldy. Emma ol iki gözi hem görmeýän bir biçäräni öldürdi?! - diýýär.

Hakyky hikmet we adalat eýesi bolan Alla bu sowala şeýle jogap berýär:

- Adamlaryň bolşy şeýledir, eý Musa! Wakalaryň daşyna üns bererler, zulum bardyr öýderler. Iç ýüzüni welin bilmezler.

- Bu wakalaryň iç ýüzi nämedir, eý Rebbim?

- Puluny çeşmäniň boýunda ýatdan çykaran adam bir wagtlar ýanynda işlän bir garyba zähmet hakyny bermändi. Puly tapan ýigit şol garybyň ogly. Çeşme boýundaky puly tapdy we alyp gitdi. Alan puly kakasynyň alyp bilmedik iş muzdudy. Ol oglan kakasyndan özüne miras bolup geçen hak algysyny aldy.

Ölen kör adam bolsa öňler eli ganly zalymdy. Öz eli, öz ýakasydy. Hat-da gözleri kör bolmanka, puluny ýadyndan çykaryp giden şol atlynyň kakasyny nähak ýere öldüripdi. Şu güne çenli eden zulumlary üçin hiç hili jeza çekmändi. Indi bolsa öň özüniň öldüren adamsynyň ogly gelip, puluny alandyr öýdüp kakasynyň ganhoryny öldürdi. Bu görnüşe görä (daşyndan adalatsyzlyk bar ýaly görünse-de) hakykatda adalat ornuny tapdy.

Bir gysym sakgal

Oba adamlaryndan biri salgyt gullukçylaryny hana arz etmäge gidipdir:

- Han agam, seniň salgytçylaryň bary-ýogy ýigrimi halta çykjak bugdaýymy ýüz halta diýip hasaba aldylar – diýip arzyny aýdan obala, han azgyrylypdyr:

- Bir batman sakgalyň bilen ýalan sözlemäge utanaňokmy! Salgytçylarym beýle zat etmezler.

Obaly ajy ýylgyryp, şeýle diýipdir:

- Ederler, han aga, ederler. Siz tutuş iliň hany bolup meniň bir gysym sakgalyma bir batman agram kesýän bolsaňyz, gullukçylaryňyz has beterini-de ederler.

Üç nesihat

Ynsan asla adalatdan daş düşmeli däldir. Zulumdan, zalymlykdan içýan gören ýaly gaçmalydyr.

Çünki adalat we adyllyk ynsany diňe bir bu dünýäde däl, eýsem, ahyretde hem halas eder.

Zulumdyr zalymlyk bolsa ynsany hem şu dünýäde, hem ahyretde perişan eder.

Käwagt  adam daş töweregindäkileriň  öjükdirmelerine, küşgürmelerine ynanýar. Ahyrynda bolsa, içinden çykyp bolmajak işlere bulaşyp, zulmuň girdabyna düşýär…

Ýagny, şu pany dünýäni nähak ýere başgalara zyndan etmek bilen çäklenmän, özüniň ahyret durmuşyna-da zäher gatýar.

Jogapkärçilikli wezipelerdäki adamlaryň şunuň ýaly ýagdaýlara sezewar bolmazlyklary üçin ýanlarynda parasatly maslahatçylary bolmalydyr.

Maslahatçylar ýagşy niýetli adamlar bolup, beren maslahatlarynda hiç hili şahsy bähbit aramaly däldirler.

Taryha ser salanymyzda, ýurdy edara eden adamlaryň ýanynda iki tüýsli adamlaryň bolandygyny görýäris. Olaryň biri ýaranjaňlar topary bolup, ýolbaşçylarynyň zalymlyk etmeklerine sebäp bolupdyrlar. Olara zyýan ýetiripdirler.

Beýlekisi bolsa dogrulygy ündäp, adyllyga çagyrypdyr. Bularyň maslahatyna gulak asanlar elmydama utupdyrlar.

Abbasy halyfy Harun Reşit ägirt uly döwletiň hökümdarydy. Agzyndan çykan her sözi permandy. Näme islese dessine ýerine ýetirilýärdi, bir diýeni iki gaýtalatdyrylmaýardy. Zalym bolmak üçin elinde ähli mümkinçilik bardy, zulum etmek üçin örän oňaýly ýerde oturdy.

Emma, halyfyň paýhasly maslahatçylary onuň göwnüne gelşi ýaly hereket etmegine ýol bermeýärdiler. Harun Reşidiň özi hem olary sylap, haýsydyr bir işiň başyny tutmakçy bolanda ilki ýakyn maslahatçylaryna sala salýardy.

Behlül dana halyfyň iň ýakyn maslahatçysydy. Ýygy-ýygydan halyfa nesihat berip durardy.

Günleriň birinde Behlül üsti-başy tot-tozan halda saraýyň işiginde peýda bolýar. Ony gören halyf:

- Ey Behlül beýle nirelerden gelyärsiň? – diýip soraýar.

- Dowzahdan gelyän, eý,  patyşahym, dowzahdan - diýip Behlül jogap berýär. Özüniň ýakyn geňeşçisiniň bu sözünde bir hikmetiň bardygyny aňan halyf, onuň özüçeräk äheňde sowal berýär:

- Soňy haýyr bolsun-da hernä, ol ýerde nämeler etdiň?

- Maňa ot gerek boldy, şonuň üçin gitdim.

- Hawa, onsoň nätdiň, getirip bildiňmi ?

- Ýok, soltanym, getirip bilmedim.

- Näme üçin?

- Ol ýerde ot-ataş yok ekeni. Dowzahyň goragçysy Hazyn: “Bu ýerde ot bolmaz, her kim öz oduny pany dünyäden ýany bilen alyp gelýandir” diýdi.

Pikire çümen halyf danadan:

- Ey, Behlül, bir gün men hem bu dünýäden aýrylamda, ýanym bilen ot äkitmezlik üçin näme etmeli, maňa näme nesihat berersiň? – diýip soraýar. Behlül:

- Eý, şahy älem, siziň köp zada erkiňiz-güýjüňiz ýetýär, zalymlyk elmydama alkymyňyzda  garaşyp dur. Eger ýalançydan aýrylanyňyzda  ýanyňyz bilen ot äkitmek islemeýän bolsaňyz, size berjek üç nesihatymy pugta belläň. Şony berjaý etseňiz, siz hem halas bolanlaryň – ýany bilen ot äkitmedikleriň hataryna goşularsyňyz.

- Aýt nesihatlaryňy, eşideli.

Behlül:

-    Adalat , Adalat , Adalat! – diýip halyfa “üç” nesihatyny aýdýar.

Howa, jogapkärçilikli wezipedäkiler, özgelere buýruk bermäge hukugy bolan her bir adam ýany bilen ot äkitmek islemeýän bolsa, adalatly bolmalydyr. Golastyndaky  şahyslaryň hak-hukugyna üns bermelidir.