بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Ibn Apbas (goý, Beýik Taňry ondan razy bolsun!): «Dawut pygamber (goý, Päk Taňrynyň oňa ýalkawy bolsun!) üç sany zadyň, ýagny ylmyň, baýlygyň we hökümdarlygyň arasynda öz ygtyýaryna goýu?ldy. Ol ylmy saýlap aldy. Allatagala bu sebäpden oňa baýlyk bilen hökümdarlygy hem bile berdi» diýdi.

Başy » «Zaman» gazeti » ALLAHA IMAN

Allaha iman – Allahutagalanyň barlygyna, ýeke-täkligine ynanmak hem-de Ony sypatlary we gözel atlary bilen doly tanamakdyr. Allaha iman ähli dinleriň esasydyr. Allaha ynanmak, Oňa daýanmak we ybadat etmek zerurlygy ynsanyň ýaradylyşynda bardyr. Allahyň barlygynyň delillerinden biri hem şudur. Çünki, ýaradylyş (fytrat) ýalan sözlemeýär. Ynsanyň ýaradylyşynda beýik Ýaradyja ynanmak, Oňa daýanmak, ybadat, doga-dileg etmek mätäçligi bardyr. Allahyň barlygyna hiç bir delil bolmasa-da, fytrat we wyždan delili artykmajy bilen ýeterlikdir.  

Aslynda, Allahy inkär etmek ýoluna düşenler hem başlaryna bela inen wagty Allahy ýatlap, Ondan pena isleýärler. Ýöne beladan halas bolanlaryndan soň, ýene öňki boluşlaryna ýaşaberýärler. Munuň mysallary sanardan köpdür. Bu ýagdaýy Kurany Kerim şeýle beýan edýär: «Ynsana bir zyýan ýetende ol ýatan, oturan ýa-da dik duran halynda bize ýalbarýar. Ýöne ony şol zyýandan halas edenimizde, hamala, bize ýalbaran özi däl ýaly hereket edýär, öňki bolşuna galýar», (Ýunus, 12).

Allaha iman düşünjesi

Älemi ýaradan, edara edýän we özüne ybadat edilýän ýeke-täk hem-de iň Beýik barlyk bolan Allaha iman, iman esaslarynyň birinjisi hem-de esasydyr. Ähli ylahy dinlerde Allanyň barlygy we birligi, iň ähmiýetli ynanç esasydyr. Çünki ähli esaslar Allaha iman we Onuň birligi esasynyň üstünde binýat edilýär.

Allaha iman etmek, Onuň barlygyna we birligine, Beýik we kämil sypatlara (häsiýetlere) eýeligine, ähli zada güýji ýetýändigine ynanmakdyr.

 Adam özüni ýaradan Rebbini bilmek we Oňa iman hem-de ybadat etmek üçin ýaradylandyr. Aýatda bu babatda şeýle diýilýär: “Men jynlary we adamlary diňe Meni mabud (özüne ybadat edilýän) bilip, diňe Maňa ybadat we gulluk etsinler diýip ýaratdym.” (Zariýat 51/56)

Alla ynanjy we pygamberler

Taryhda ynançsyz halka duşmak gaty çetin bolsa gerek. Her bir jemgyýet beýik gudrata ynanypdyr. Onsaňam beýik Gudrata ynanmak adamyň tebigylygynda bardyr.

Bir aýatda şeýle diýilýär: “Ähli adamlar bir ýeke-täk ymmatdylar. Aralarynda agzalalyklar döräp başlansoň, Alla olaryň içinden (Hakyň rehmetini) buşlaýjy we (gazabyny) habar beriji hökmünde pygamberler iberdi” (Bakara 2/213)

Bu aýat hem bize Ýer ýüzünde ilkinji adam we ilkinji pygamber bolan Hezreti Adamdan bu güne deňeç her döwürde adamzada bir pygamberiň ýol görkeziji hökmünde iberilendigini habar berýär. Ilkinji adamlar, ilkinji pygamberler saýasynda bir ymmat boldular. Bir asyl hem-de bir kökden gelmekligiň olaryň wyždanlaryna ýetiren täsiri sebäpli, olar agzybirlikde ýaşaýardy. Dinsiz hem-de wagşy däldiler. Ýöne soňra wagtyň geçmegi bilen, birnäçe düşünişmezlikler ýüze çykyp, agzalalyklar döräp, agzybirlik sarsylypdyr.

Garynjany baştutansyz, arylary patyşasyz goýmadyk Beýik Gudarty Güýçli, adamzady hem hiç haçan pygambersiz goýan däldir. Pygamberler adamlara Allanyň razylygna laýyk bir durmuşda ýaşamalydygyny wagyz edipdirler. Olar ündeýän zatlaryny ilki özleri amal edipdirler. Pygamberler ynsanlara ak bilen garany saýgarmagy öwredipdirler.

Allaha iman etmek – bagtlylyk

Şahsyň ýa-da jemgyýetiň duçar bolan ähli kynçylyklarynyň, zulumlarynyň, düşünişmezlikleriniň, uruşlaryň asyl hem-de düýp sebäbi – Allaha bolmalysy ýaly ynanylmaýandygy. Zowalsyz lezzet imandadyr. Bu sebäpden adamzat Allany tanamaga, Oňa iman etmäge her wagtkysyndan has hem mätäçdir.

Ynsan özüniň ýaradylyş maksady we durmuşyň asyl manysy baradaky sowallaryna iň kanagatlanarly jogaby imanda tapyp biler.

Bu ynanç ähli zatdan öňürti adamyň, ýagşyzadalaşmagyna getirýär. Nädip? Allaha iman eden kişi diňe Allanyň buýran buýruklaryny berjaý etmek bilen üstünlige ulaşjagyny hem-de maksadyna ýetjegine ynanýar. Bu sebäpden imanly adam hergiz dogry ýoldan aýrylmazlyga çalyşýar. Inkär edýänler bolsa, özlerinden ýokarda hiç bir gudratyň bardygyna ynanmaýandygy üçin,  ýagşylyga hem-de erbetlige diňe özleriçe baha berýärler. Şeýlelikde, adalat-zulum, halal-haram diýip parhlandyrmazdan, islendik arzuw-hyýallaryny durmuşa geçirmegi ýalňyş hasaplamaýarlar. Çünki olaryň taňrysy, olara erk edýän - arzuw-islegleridir.

Iman adama ynam, ruhubelentlik we ruhanalyk bilen birlikde, pespällik hem-de paýhaslylyk duýgularyny hem bagyş edip, ony her dürli haramlardan aman saklaýar. Allaha çyn ýürekden iman eden kişi hiç haçan tekepbir bolup bilmez. Sebäbi ol adam şuny bilýär: özüniň bar başarnygy, üstünligi, eýelik edýän ähli zady Allaha degişli we Ol beren zadyny islän wagty alyp hem biler. Allany inkär edýänler bolsa, eýe bolan ähli zatlaryna, özleriniň başarnygy esasynda eýe bolandyklaryna  ynanýandyklary üçin,  kimdir birine “sag bolsun!” aýtmagy, minnetdarlyk bildirmegi kiçilik hasaplaýarlar.  Diňe özlerini görýärler. Özlerini arşa göterýärler we bu hem adamzadyň agzybirlikde ýaşap bilmegi üçin mätäç bolan söýgi, mähir-muhabbet duýgularyny ýok edýär.

Imanyň saýasynda adam, durmuşyň her zada garamazdan, şadyýanlyk hem-de ajaýyplyklardan doludygyny görýär we özüni bagtly hasap edýär. Ynanýan adam ölümler, heläkçilikler, keseller we ejirler ýaly, dünýäde üýşendiriji hadysalaryň astynda hem, bir hikmetiň hem-de merhemet eliniň bardygyny oýlap, asla hesret çekmeýär. Hadysalardan sapak almalydygyny ýatlap, ýola rowana bolýar. Sebäbi ol, Älemde hiç bir zadyň manysyz däldigini bilýär, başyna gelen pajygalara sabyr bilen döş gerýär. Imanly adam Allanyň hiç bir bendesiniň egnine onuň göterip bilmejek ýüküni ýüklemejegine ynanýar. Allany bilýän adam kynçylyk çeken ýagdaýynda, sabyr etse, ol dünýäde garşylygyny aljakdygyny bilýär. Durmuşy näçe kyn bolsa-da, imanly adam entek umyt gülleriniň solmandygyny, ýaşaýşyň soňlanmandygyny – dowam edýändigini, köňül dünýäsinden ruhubelentligiň göçmändigini serinde aýlap, gam-gussadan aňsatlyk bilen gutulyp bilýär. Muňa garamazdan, Allany inkär edýän adam kä wagt sähelçe kynçylyga-da çydam etmän, öz janyna kast etmäge synanyşyp bilýär.

Barlyga iman penjiresinden seredýän adam Älemi Beýik Ýaradanyň sungat eserlerini sergä goýýan ylahy sergi zalyna meňzedýär. Özüni bolsa şol ajap sungat eserlerini synlamaga borçly hasaplaýar. Bu sebäpden imanly adam, bu dünýäde görýän her bir zadyndan lezzet alyp bilýär. Başgaça aýdanyňda imanly adam Beýik Ýaradany söýýäni üçin onuň ýaradan barlyklaryna söýgi, dostluk-doganlyk nazary bilen garaýar. Degre-daşyndaky ähli jandarlar bilen bile ýaşaýany üçin durmuşdan lezzet alýar.

Allany inkär edýän adam, ähli barlyklar ölümden soňra ýok bolup gidýär diýip ynanýandygy üçin  özüniň hem şol bir gorpdan togalanmalydygyny ýatladygyça dünýäsi darygýar, sussy basylýar. Imanly adam bolsa ölümi panylykdan bakylyga çykarýan gapa – geçelgä meňzedýär. Onuň ynanjyna görä ölüm görgüden gutulyp, rehmete gowuşmakdyr. Gulluk borjuny berjaý edip, soňlanmajak ylahy serpaýlar, yhsanlar bilen sylaglandyrylmakdyr.

Sowal: Biz kime ýa-da nämä Allah diýýäris?

Allahyň barlygy ýa-da ýoklugy, birligi ýa-da köplügi gadymýetden häzirki günlerimize çenli dürli-dürli kabul edilipdir. Şol sebäpli-de ynsanlar toparlara bölünipdir. Elbetde, Allah bir we ýeke-täkdir. Ylym we älemdäki her bir zat, her bir waka, her bir barlyk Allahyň bir we ýeke-täkligine aýdyň delildir.

Bu sowala doly jogap bermek üçin älemdäki şu syrly hakykatlar barada oýlanmak gerek.

Ynsan döräli bäri şu üç zadyň hakykaty na akyl ýetirip bilmändir. Ol zatlar:

Barlyk we barlygyň döremegi,

Haýýat (dirilik),

Ruh.   

Älem bilen birlikde içindäki ähli barlyklar nädip döredi? Bir zady döretmek ýa-da ýaratmak üçin näme gerek?

Barlygyň özi, görnüp duran sebäpler bilen düşündirilmesi kyn, syrlardan doly, görnüp duran hakykat bolan haýýat – dirilik nähili başlapdyr?

Düýp özeni taýdan maddy älem bilen hiç hili baglanyşygy bolmadyk, diriligiň esasy, özi, çeşmesi bolan ruh neneňsi zatka?

Bir zady, barlygy döretmek ýa-da ýaratmak üçin esasy şu üç aýratynlygyň bir wagtyň özünde bolmagy hökmandyr. Olar: Ylym, erk-erada, gudrat.

Ýaradyjynyň ylmy, eradasy we gudraty hiç zat bilen çäklendirilip bilinmeli däl, hiç bir zat oňa täsir edip bilmeli däl.

Älem bilen birlikde gözümiziň alnyndaky her bir zat, her bir barlyk imkan (mümkinlik) çägindedir. Ýagny, barlygy bilen ýoklugy, bolup-bolmazlygy deň diýmekdir. Barlygy ýaly ýok hem bolup biler. Çünki, älem bilen içindäki ähli barlyklar hemişe üýtgäp durýandyr. Üýtgäp duran zatlaryň barysy soň ýaradylandyr. Soň ýaradylan her bir barlygyň ýoly gutulgysyz panyga tarapdyr. Beýle bolsa, älemde ýokdan bar edilen hiç bir barlyk baky däldir.

Barlyk maddadan ybaratdyr. Mad­danyň iň kiçi bölegi atom we ele­mentlerden düzülendir. Atom zerreleri diňe bir janly-jandarda däl, ähli barlyklarda bardyr. Atom zerreleri älemdäki ähli  barlyklarda örän tertip-düzgünli, ýalňyşsyz iş­le­ýär. Bir ýerde düzgün-nyzamly, ýalňyşsyz işle­mek üçin şol ýeriň işleýiş düzgünlerini bilmek hök­man zerurdyr. Şu nukdaý­nazardan atomlaryň, ele­ment­leriň, ähli zerreleriň iň kä­mil görnüşde ähli ylymlardan başy çykmalydyr. Çünki, bilinmän işlenilmez, işlenilse-de ýalnyşsyz bolmaz. Ýöne, üns beriň, älemdäki hemme iş hiç ýalnyşsyz, kämil gör­nüşde, wagtynda ýerine ýetirilýär.

Mysal üçin,  bir madda barada oý­lanalyň. Ol hem­mämiz üçin zerur bolan suw bolsun. Suwuň düzüminde  H2O bar. Indi şu sowallara  jogap ta­palyň.

Wodorod bilen kislorod özara nä­hi­li ylalaşýar? Ola­ryň ylmy, erk-era­dasy we gudraty barmyka?

Ylym, erk-erada we gudrat diňe akylly, aň-düşünjeli bar­lyklarda bo­lup biler. Maddada akylyň, aň-düşünjäniň ýoklugy her kime mälim. Onda bu düzgün-nyzamly işleri kim ed­ýär? Çünki, her barlygyň öz parçalary bilen bir äheňde, bir bitewilikde bolşy ýaly, tutuş älem bir äheň we nyzam içindedir. Hökman ähli barlygy, maddany, atomlary, ele­ment­leri… ilki ýokdan bar eden, olara dürli aýratynlyklary beren, olardan isleýän zadyny döreden, ylym, erk-erada we gudrat eýesi bolan biri ýaradandyr. Ol  bolsa, ALLAHDYR.

Diýmek biz, imkan çägindäki bu älemi ylmy, erk-eradasy, gudraty bilen ýaradan, Alim, Mürid, Kadir, Halyk, Fatyr, Bari, Musawwir, Mukaddir atlaryna eýe wajybul wujud bolan zada ALLAH diýýäris.

Diriligiň - haýatyň çeşmesi we ýaradyjysy bolan  Haýýu Kaýýuma ALLAH diýýäris.

Älemdäki nyzam beriji bolan Nazyma, hemme zady hikmet we bir maksat bilen ýaradan Hakime, ýaradylan barlyklaryň zerurlyklaryny we mä­­täç­liklerini üpjün edýän, olary ryzyk­landyrýan Rezzak, Şafy, Semi, Basar, Rahman we Rahym bolan Zaty züljelala ALLAH diýýäris.

Ynsandan Ýer ýüzüne, Ýer ýüzünden asmanyň çuňluklaryndaky arassaçylygy we tämizligi üpjün edýän Kuddus, Melik, Selam, Mümin, Müheýmin bolana ALLAH diýýäris.

 

“Eje, men düýbünden üýtgedim...”

Hormatly okyjylar! Ýakynda, redaksiýamyza bizi örän tolgundyran, duýgulandyran bir hat gowuşdy. Bu haty - şol sanda, ogluny "ýitirip, tapan" enäniň şatlygyny, begenjini siziň bilen hem paýlaşmagy makul bildik.

Salam "Zaman"!

Saňa çäksiz minnetdarly­gymy bildirip, hatyma başlaýaryn.

Meniň ömrümde şatlykly waka bolup geçdi. Bu waka meniň maşgala ojagyma uly bagt, döwlet getirdi.

Men ýaşy 70-e golaýlan ene. Ömrümi perzentlerimi adam etmek, il hataryna goşmaga sarp etdim. Şularyň yzynda ömrümi ötürdim. Ýoldaşym bu zatlara çydaman, ir dünýeden ötdi.

Meniň 3 oglum, 1 gyzym bar. Ogullarym haram, jenaýatçylykly işlere baş go­şup, telim gezek türmä düşdi. Ömürleriniň köp bölegini türmelerde geçirdi. Men olaryň yzyndan gatnamak üçin ýurt aşdym. Uly oglum SSSR döwründe Kazan, Ufa, Wladiwostok ýaly uzak ülke­lerdäki türmede-de oturyp geldi. Soňky jenaýatçylykly işi üçin uzak möhlete iş kesilip, köp ýyllardan bäri Lebapdaky türmede oturdy.

Bir gün şol oglumyň yzyndan görme-görşe gitmäge taýýarlanýardym. Howul­-hara goşlarymy ýygnap ýör­käm, çörekdir süýji-kökäniň daşyny dolamak üçin agtygy­myň krossword çözüp oturan "Zaman" gazetine gözüm düşdi. Agtygym närazy bolsa-da elindäki gazeti alyp, şol zatlaryň daşyna doladym. Ogluma elten zatlarymy gowşurdym. 3-4 günden soň obama dolandym. Bir gün oglumdan hat geldi:

"Salam eje, sag-gurgun otyrmyň? Oglum - Kerem jan, oňatmyň? Gowuja okap ýör­müň? Oba-goňşular gur­gunmy?

Eje, siziň getiren zatlaryňyzyň daşynda bir gazet bar eken. Şol gazeti sözme-söz okadym. “Garaýyşlar we pikirler” sahypasy bolsa, mende uly täsir galdyrdy. Makalalary okap şu zatlara göz ýetirdim: meniň eden etrnişlerim üçin diňe bu dünýäde däl, eýsem ol dün­ýäde-de Allanyň huzurynda jogapkärçilige çekiljegim meni has-da düýrükdirdi. Ol ýerde beriljek temminiň bu ýerdä­kilere görä has aýylganç bol­jagy göründi. Gazeti telim ge­zek okap çykdym. Ahmet aganyň makalasy hem göw­nümden turdy. Şol pursatda onuň keşbi atalyk öwüt-ünde­wini berýän, mährini çoýýan ýaşuly bolup göründi. Men uzakly gije uklap bilmedim. Sebäbi men beýle nesihatlary atarndan hem eşitmändim. Daňa golaý irkilipdirin. Düý­şüme bir aksakal goja girdi. Ol nurana goja başujuma gelip: "Oglum, tur, gaflatda ýatma. Göwnüňi hapalap, umytsyz bolma. Alladan umydygär bol. Eden etmişlerine ötünç sorap, ýürekden toba et, namaza başla. Şeýle etseň, işiň rowaç alar. Alla günäleriňi bagyşlar. ol her derde dermandyr" diýip, gözden gaýyp boldy. Gözümi açdym. Sowuk, garaňky dünýäm giňän ýaly boldy. Şol gün säher bilen turup, göwnüm namaz kylmak isledi. Bir ýoldaşymdan doga öwrenip, namaz kylmaga başladym. Eje, indi men düýbünden üýt­gedim. Şol makalalary ýanymdakylar hem okady. Eje, maňa bäri geleniňde gazetiň beýleki sanlaryny hem getirmegi ýadyňdan çykarma. Seniň geleriňe sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Salam bilen ogluň, Abdyrahman."

Haty okap, göz ýaşyma erk edip bilmedim. Begenjimden ses edip agladym. Sowatsyz oglumyň şeýle hat ýazmagy meni örän tolgundyrdy. Og­lumyň ýanyna gitmegime bir-iki gün galýança şol gazeti tapyp bilmedim. Abuna ýazylan goňşularym hem “Gazeti köp ýyldan bäri ýygnaýarys” diýip  bermediler. Poçtalarda-da tapylmansoň, umytsyz ýagdaýda öýden çykdym. Wokzala baranymda-­da gazeti gözledim, baran ýerimde "Satyp gutardyk" diýen jogaby aldym. Oglumyň islegini kanagatlandyryp bilmejegime gynandym. Otlynyň ugramagyna esli wagt bardy. Bir salym oturaýyn diýip zala girdim. Bir görmegeý ýigit ýylgyryp: "Geliň, daýza, şu ýerde otu­ryň" diýip, öz ornuny berdi. Bu hoş sözüň, gadyr-hormatyň täsirine, "Sag bol, oglum! Alla ýalkasyn, balam" diýdim. Ol ýigit: "Bile ýalkasyn. Ýol nirä, daýza?" diýip sorady. Meniň "Lebaba" diýen jogabyma ýylgyryp, "Sag-aman- baryň" diýip, elindäki gazeti okamaga dowam etdi. Syn etsem, elin­däki "Zaman" gazeti eken. Begenjimden, "Oglum, gazeti okap bolup, maňa beräý!' diýenimi duýman galypdyryn. "Baş üstüne, alyň" diýen jogap meni oňaýsyz ýagdaýa goýdy. Onuň "Daýza, men baryp okaryn. Özümem şu gazetde işleýärin" diýmegi derdime derman tapylan ýaly etdi. Menem bu pursatdan peýdalanyp, içimi dökdüm. "Daýza, dert etme. Men redaktorymdan haýyş edip, bir-iki günde gazetiň beýleki sanlaryny size ýetirerin" diýdi.

Barjak ýerimiň adresini ýazyp aldy. Aýdyşy ýaly, bolýan öýüme bir gün soňra Aşga­batdan pasylka geldi. Pasyl­kanyň daşynda "Zaman" gazetiniň baş redaktory Jemil Ýyldyzyň adyndan" diýen ýazgy bardy. Içinde bir top gazet bardy. Men begen­jimden agladym. "Zaman" gazetiniň işgärlerine Alladan uzak ömür, işlerinde rowaçlyk diledim. Menden beter oglumyň hem begenjegine hiç şübhäm ýokdy. Bu zatlaryň hemmesini ogluma gowşur­dym.

Aradan aýlar geçdi. Bir gün Beýik serdarymyzyň saha­waty bilen Gadyr gijesiniň hor­matyna tussaglaryň günäleri geçilip, meniň oglum hem öýe dolanyp geldi.

Alladan umyt kesilmeli däl eken. Indi oglum başga adam bolupdyr. Namazyny okaýar, oraza tutýar. Ussahana açyp, işläp başlansoň, öýde bereket artyp başlady. Hudaýa şükür! Aýrylyşyp giden gelinimi hem yzyna gaýtaryp getirdi.

Hudaýa şükür, oraza tutdy. Agşamlaryna tarawa agtyjagym bilen bileje gatnadylar.

Selälige turany­myzda çaý içip, "Zaman" gazetinden gyzykly makalalar okap berýär. Alla jan beýleki ogullarymyň kalbyna hem ylham salsyn.

Hormatly"Zaman"!

  Gör nähili sogaply işlere sebäpkär bolýarsyňyz. Belki, meniň maşgalamdan başga-da, gör näçe ojagy gaýtadan di­keldensiňiz. Şu bolup geçýän wakalarda bir zat maňa sapak boldy. Ynsana iki iýmit zerur eken. Ynsan bedeni iýmit­lenmegi bilen sagdyn, ruhunyň iýmitlenmegi bilen ahlak taýdan ýokary terbiýeli, edepli ynsan ýetişjek eken. Şu zady boýun alalyň. Biz eneler çagalarymyza halal zatlar iýdirsegem, terbiýe taýdan zehini edepden doýrup bilmeýäris.

Hormatly"Zaman"!

Menin 50 yyllyk enelik döwrümde ösdürip kemala getiren çagalaryma, bu ömrümiň dowamynda berip bilmedik terbiýämi, siziň bir makala bilen terbiýeleýşiňize sözüm ýok. Men haýran gal­ýan. Ynansaňyz, şundan uly bagt, uly wezipe ýokdur. Goý, Beýik Alla işleriňizi rowaç etsin!

Siziň günäden, erbet endik­lerden sap, edepli-terbiýeli, ru­hy taýdan sagdyn, ýokary ahlakly jemgyýet döretmäge sebäp bolýan işleriňiz üçin Allatagala dört çaryýarlaryň eden işlerine barabar sogap ýazsyn. Eneleriň alkyşyny alanlar bagt hem döwlet tapar. Saglykda görşeli. Sag boluň.

Ogulbagt ŞIRLIYEWA,

Köneürgenç şaheri.

Allah söýgüsi

Söýgi iň parlak nur, iň uly güýçdür we Ýer ýüzünde ony ýeňip biljek hiç hili garşy güýç ýokur.

Söýgi haýsy ruh bilen bitewileşse, şony elýetmez beýiklige göterer. Söýmeýän ruhlaryň kämillige ýetip, şeýle ýokarylara beýgelmekleri mümkin däldir. Hawa, olar ýüzlerçe ýyl ýaşasalar hem, ynsanyýet we kämillik adyna sähelçe-de ýol alyp bilmezler. Söýgüden mahrum ýürekler öz egolarynyň garaňky we çylşyrymly labirentlerinden gutulmagy başarmandyklary üçin, hiç kimi söýüp bilmezler, söýgüni syzmagy başarmazlar we ähli barlygyň ýaradylyşyndaky muhabbetden habarsyz ýagdaýda ýaşarlar we wagty-sagady gelende-de, bu dünýäden bakyýa göçüp giderler.

Çaga ilkinji “iňňä” bilen gözüni açanda söýgüni, mähiri görer, mähir-muhabbetden doly ruhlary görer we söýgüden doly gursagy ýassyk edinip ulalar. Has soňraky durmuşynda bolsa, şol derejede hakyky, gatançsyz söýgüni kämahal tapsa, kämahal-da tapyp bilmän kösener; ýöne, tutuş bir ömür boýy hemişe ol söýgüniň gözleginde, küýseginde bolar we ony tapmak üçin jan eder.

Görüp bilenler üçin, Kuýaşyň çogly ýüzünde söýgüniň yzlary bardyr. Suwlar damja-damja bugaryp, şol söýgä tarap göteriler; ýokarylarda birleşen bug damjajyklary şol söýgüniň ganatlary bilen ganatlanar we rehmet bulutlaryna öwrülip, nagra dartyp, kükräp, ýene topragyň bagryna inerler. Güller, gunçalar şol söýgi bilen gelen-geçene ýylgyryş paýlar. Ýapraklaryň bagrynda tagt gurnan säher çyglary söýgi bilen buldurar – töweregne göz gyrpar. Goýun-guzy söýgi bilen mäleşer; guşlar söýgi bilen nagma düzüp, owaz ederler we şol owazlaryň birleşmeginde, Zemin bilen Arşyň arasynda söýgi heňleri ýaňlanar durar, ýaňlanar durar.

Älemdäki her barlyk bu söýgüniň bir parçasyny özboluşly owaz bilen seslendirýär, bu çuňňur söýgi we muhabbeti görkezmäge çalyşýar.

Söýgi ynsan ruhunda şeýle bir çuň täsir galdyrar welin, ol ugurda öý-il terk ediler, gerek ýerinde ojaklar söner we her jülgede aýry bir mejnun “Leýla!” diýr, pygan eder. Ruhundaky söýgä düşünip bilmedik gury köňüller bolsa, bu işe dälilik diýrler..!

Jepakeşlik we başgalaryň aladasy bilen gurşalmak, başgalary ýaşatmak üçin ýaşamak ynsan oglunyň iň belent, iň nejep duýgularyndan biridir we onuň çeşmesi-de söýgüdir. Ynsanlar arasynda bu söýgüden iň uly paýy alanlar beýik gahrymanlardyr. Köňüllerindäki kinäni, ýigrenji çykaryp zyňmagy başaran iň beýik gahrymanlar... Hazan ýelleri bularyň güllerini solduryp bilmez. Aslyýetinde, her gün içki dünýälerinde söýgi şemlerini ýakyp, kalplaryny, köňüllerini söýgüniň mekany halyna getiren we duýgy dünýälerinde açan ýodadyr ýollary we geçelgedir ötelgeleri bilen ähli köňüllere girmegi başarýan bu ruhlar, iň beýik diwandan ebedi ýaşaýyş serpaýyny alandyrlar, şonuň üçin, diňe ölüm we panylyk däl, kyýamatlar hem olaryň güllerini solduryp bilmez.

Ynsanlaryň köňlüni hoşnut etmegiň iň gysga ýoly, söýgi ýoludyr. Bu ýol pygamberleriň ýoludyr. Bu ýolda ýöränleriň ýüzüne gapylar ýapylmaz! Birde-ýarymy ýapylaýsa-da, onuň ýerine ýüzlerçesi, müňlerçesi açylar.

Aslyýetinde, biz Allahdan daşlaşdyk. Ol hem bizi biri-birimizden daşlaşdyrdy. Ynanyp, söýülmeli derejesinde söýüp bilmedik Ony. Ol hem söküp aldy ruhlarymyzdan söýgi duýgusyny... Ählimiz söýmäge, söýülmäge mätäç. Ählimiz mähir-muhabbete, merhemete teşne. Ony söýmändigimiz üçin, Ol hem söýgüni, hormaty aldy köpümiziň elimizden. Heniz hem yza dolanyp, Ony söýüp bilsek, şeksiz-gümansyz Ol hem bizi bir-birimize söýdürer. Ýöne, biz entekler söýgüniň gözbaşyndan uzak; barýan ýollarymyz Oňa eltmeýär; belki, has-da daşlaşdyrýar. Niçeme ýyldyr, ruhlarymyza söýgi ýagmaýar. Köňüllerimiz gury, çöller kibi ... Içki älemimizde birgiden boşluk... Boşluklar hem göýä ýylan-içýanlaryň hini. Ähli bu dertleriň bir dermany bar; ol hem, Allah söýgüsi.

Allah söýgüsi ähli söýgüleriň iň päk, iň dury çeşmesidir. Köňüllerimizde bar bolan mähir-muhabbet gözbaşyny şol çeşmeden alyp gaýdýandyr. Allah söýgüsi biziň dinimiz imanymyz, oldur jesetde janymyz. Barlygyň özeni, esasy Onuň söýgüsidir. Ol ýaradan her bir zadyny söýgä bagly ýaradandyr.

Butlar, olara ybadat edilýändigi üçin butparazlar tarapyndan mabud (özüne ybadat edilýän, ylah) hasaplanyp gelnendir; Allah bolsa, Allahdygy üçin mabud we mahbubdyr. Şonuň üçin, ynsan her daýym gulluk duýgusy bilen Ony söýüp, Oňa bolan wepamyzy saklap, yhsan eden nygmatlarynyň şükrüni kylyp ýaşamaly.

Pany söýgülerde jemal, kemal, daşky şekil, gözellik, baýlyk, güýç, wezipe, abraý, maşgala we perzent aladasy we ş.m. ýaly zatlar söýlüp gelnipdir. Kämahal-da, bulara garşy duýulan çakdanaşa isleg, höwes, muhabbet bilen şirke girenler hem bolupdyr. (Aslyýetinde, butparazlygyň hem birnäçe görnüşiniň döremeginiň baş sebäbi, şol söýgüde öte geçmeler bolmagy mümkin.) Bularyň yşgyna düşenler köplenç jemala maýyl bolupdyr, kemaly öwüpdir, jisme-bedene haýran galypdyr, güýç we ululyk garşysynda dyza çöküp, baýlyk we häkimiýet ugrunda adamçylygyny we erkinligini pida edipdir, wezipe we abraý höwesi bilen kimleriň elini-aýagyny togap kylypdyr... Her pursatda dürli yhsan we lutuflary bilen, nygmatlary bilen, keremi bilen özüni bize tanadýan hakyky jemal we kemal eýesi, gudraty-güýji çäksiz, barça zada hökmi ýöreýän Allaha garşy görkezilmeli söýgüni birgiden ejiz barlyklara dargatmak bilen, muhabbet jöwherini bady-howa sowurmak bilen bir wagtyň özünde, köplenç ugrunda ýanyp-köýýän pany magşugynyň äwmezekligi, wepasyzlygy, şeýle çuňňur söýgä mynasyp däldigi, söýgüsini äsgermezligi, görmezden-bilmezden gelmegi; kämahal-da öz ugrunda ýanyp-köýýänleri eliniň aýasyna almagy, özüne baş egdirmegi, gula öwürmegi bilen sansyz-sajaksyz gezek ölüp-direlipdir.

Müminler owaly bilen Allahy söýerler we Ondan ötri başgalara garşy mähir duýarlar, ynsanlar bilen gatnaşygynda, olara bolan söýgi we ýigrenjinde, Allahyň ryzasyny özlerine esas alarlar; ähli barlyklara Onuň atlarynyň we sypatlarynyň dürlüçe şöhlelenişi hökmünde mähir-muhabbet duýarlar.

Haýsydyr bir mümin pany jahanda görýän ähli jemallarynyň, kemallarynyň, ululyklarynyň, beýiklikleriniň, gözellikleriniň Onuň eseridigini görüp, duýup bilen wagty, bu duýgunyň köňlünde hasyl eden muhabbeti bilen Oňa ýöneler we Ony, Oňa mynasyp söýgi bilen söýer.

Mümin barça zatdan owal, barça zadyň öňünde Allahy söýer, her haly bilen Onuň guludygyny beýan eder; soňra-da Ondan ötri, ilki bilen Älemleriň Serwerini (s.a.w.), soňra ähli nebileri (pygamberleri), welileri Onuň sypatlaryny iň aýdyň görnüşde şöhlelendirýän arassa, dury aýnalary, ylahy dergähiň sadyk bendeleri we Onuň maksatlaryny, isleglerini ýer ýüzündäki gullaryna ýetiriji ilçileri hökmünde söýer. Älemi we ondaky barlyklary, Onuň kämil ýaradyş sungatyndan dörän ajaýyp eserleri hasaplar. Ene-atany mähir-muhabbet, garşylyksyz söýgüniň belent nusgasy hökmünde söýer... Bularyň ählisi Allahdan ötri söýgüniň mysallary hasaplanyp bilner.

Müşrikler söýen zatlaryny Allah ýaly söýerler, hudaýlaşdyrarlar. Mümin bolsa, Allahdan ötri barlyklara garşy söýgi we mähir duýgusy bilen gurşalar. Barlyklary hudaýlaşdyrmak bilen barlyklary Hudanyň ryzasy üçin, Hudanyň ajaýyp ýaradyş sungatyna delillik edýändigi üçin, Hudanyň atdyr sypatlaryny şöhlelendirýändigi üçin söýmek düýbünden başga zatlardyr.

***

Bu günki iň esasy meselelerden biri, biz musulmanlar hökmünde, Allaha ynanýan gullar hökmünde, Ony ýeterlik derejede bilmeýäris, tanamaýarys, Ony bolmalysy ýaly söýmegi başarmaýarys.

Geliň herimiz özümize şeýle sowal bilen ýüzleneliň: 365 günden ybarat bir ýylyň dowamynda, şunça günüň näçesinde aşygyň magşugyna bolan päk söýgüsi, mährem duýgusy bilen gurşalyp başymyzy seždä goýduk? Bu 360 gün içinde, näçe sany şeýle bagtyýar gijämiz bar? Näçe gije gözlerimiziň ýaşy bilen Rebbimize gol açyp dileg etdik, derdimizi dökdük; näçe gije namazlygymyz öň eşidilmedik, ýürekden çykýan sözlerimize – doga-dileglerimize, gözýaşlarymyza şaýat boldy?

Allah tarapyndan nähili söýülýändigiňizi bilmek isleýän bolsaňyz, Allahy nähili söýýändigiňize serediň. Tabygynyň (tabygyn ýa-da taabin – Sahabalary görmek, olar bilen duşuşmak bagty miýesser eden adamlara diýilýär.) beýik zenany Rabiýa-tül Adewiýýe... Biri gizlinlikde onuň mynajatyny diňleýär. Wagt gijäniň ýary. Ol turup, gijäniň gözedürtme garaňkylygynda namazlygynyň üstüne geçip, Rebbine şeýle ýüzlenýär: “Allahym, aşyklar öz magşuklarynyň ýanyna gitdi. Meniň magşugym Sensiň. Men hem turup, seniň huzuryňa geldim.” Doga dilegleriniň arasynda-da, şeýle diýýär: “Islegim, dilegim köpdür. Emma bulary Saňa bolan söýgümiň hormatyna däl, Seniň maňa bolan rehmetiň, merhemetiň, mähriň  hormatyna isleýärin; Seniň maňa – guluňa bolan söýgüňi şefagatçy edinýärin.” Hawa, söýýän bolsaňyz, diýmek siz hem söýülýärsiňiz. Ýene, Rabiýa-tül Adewiýýe şeýle diýýär: “Allahyň emirlerine garşy gidýärsiň, baş göterýärsiň, Onuň guluna – saňa bolan rehmetine, mährine wepasyzlyk edýärsiň. Soňra-da “Ony söýýärin” diýýärsiň... wepasyzlyk we söýgi ikisini bir ýürekde götermek. Düşüner ýaly däl. Muhabbetiň ýürekden bolsady, sen söýeniňe wepaly bolardyň, Allaha wepaly bolardyň; emirlerine tabyn bolardyň. Çünki söýen, magşugynyň gaňryşyna gitmez, söýenine tabyn bolar.”

Hawa, biz Ony söýýän bolsak, Ol hem esse-esse artygy bilen bizi söýýändir. Köňüllerimizde Oňa aýran ornumyza seredeliň. Allahyň hem bize muhabbeti, bizi durmuş külpetleri garşysynda ýalňyz galdyrmazlygy, goldamagy, bize üstünlik bagyş etmegi hem Oňa bolan söýgümiziň çuňlugyna baglydyr.

Hz. Ýusuby söýenler ony görüp, ellerindäki pyçaklary bilen barmaklaryny kesdiler. Hz. Aýşe enemiz bu hadysany dessanlaşdyryp gürrüň berende: “Eger Müsürde Hz. Ýusup aleýhisselama ulaşmak üçin altynlaryny, zümerretlerini, ýakutlaryny orta dökmäge taýýardyklaryny aýdanlar Hz. Muhammet Mustapany görseler, Müsüri taşlap, Mekge-Medinä tarap ýola düşerdiler. Züleýhanyň joralary Ony (s.a.w.) görseler, hanjarlary ellerine, dodaklaryna däl, ýüreklerine sanjardylar” diýýär. Döwrümiziň beýik alymlaryndan biri-de Hz. Aýşäniň bu sözüni gürrüň berip, yzyndan: “Ýa Möwlam! Ýa Rebbim! Bir-de Seni görselerdi ...” diýende, biygtyýar gözünden ýaş paýrap, aýtjak sözleri damagynda düwümlenýär.

Kalplary Onuň söýgüsi bilen doly bolanlar her kimi söýerler. Ýunus Emräň sözi bilen aýtsak, “Ýaradylany söýerler Ýaradandan ötri”. Leýlanyň gözüne meňzeş diýip, keýikleriň gözlerini togap edýän Mejnun kibi, Rebbiniň hormatyna, Onuň ýaradyş gudratynyň nusgasy bolan barça zady söýerler. Ony söýenleriň köňül bossanynda hergiz kine, ýigrenç, gazap tikenleri ýetişmez.

“Sen Möwlany söýeňde,

Möwla seni söýmezmi?

Ryzasyny gözläňde,

Ryzasyny bermezmi?

 

Sen Hakyň gapysynda

Janlar pida eýleseň,

Emrinde hyzmat kylsaň,

Garşylygyn bermezmi?

 

Suwlar kibi çaglasaň,

Eýýup kibi aglasaň,

Jiger-bagryň daglasaň,

Ahwalyňy sormazmy?”

 

Allah diýmek

Bir garyp ýigit ülkäniň patyşasynyň gyzyna aşyk bolýar. Bu umytsyz yşgyny ülkede ýaşaýan meşhur dewişlerden biriniň ýanyna baryp, gürrüň berýär, ondan kömek soraýar. Derwiş: “Oglum, sen şäheriň giriş derwezesiniň agzynda otur, kim näme diýse diýsin, diňe “Allah” diýip jogap ber” diýýär.

Garyp ýigit diýleni edýär. Derwüş-de günlük iýjek-içjegini getirip durýar. Günler, aýlar geçýär. Agzyndan “Allah” sözünden gaýry söz çykmaýan ýigit halk arasynda meşhurlyk gazanyp, ol barada dürli gürrüňler ýaýraýar. Ahyry bir gün bu gürrüňler patyşanyň hem gulagyna ýetýär. Ol hem ýigit barada gyzyklanyp, derwüşi ýanyna çagyryp, ondan ýigit barada maglumat soraýar.

Derwüş ýigidiň döwrüň möhüm şahsyýetlerinden biridigini aýdýar. Patyşa ýigidi görmäge barýar. “Kimsiň? Näme derdiň bar? Näme islegiň bar?” diýip sorasa-da, ýigidiň agzyndan “Allah” diýmekden başga söz çykmandyr.

Derwüş agşam ýigidiň ýanyna baryp: “Patyşa saňa “Gyzyňy bereýin” diýýänçä hiç bir sowalyna jogap berme!” diýip berk tabşyrýar. Ahyry bir gün patyşa gelip: “Näme islegiň bar? Aýt. Isleseň, gyzymy seniň bilen nikalaýyn” diýende, ýigit: “Ýok” diýýär.

Ýigit sözüni şeýle dowam edýär: “Indi ony hem islämok. Men aslyýetinde, şunça wagtlap sizden şu sözi eşitmek üçin “Allah” diýdim. Allah döwrüň patyşasyny aýagyma getirip, meniň ýaly pukara ýigide öz gyzy bilen öýlenmegi teklip etdirdi. Hut Onuň öz hormatyna, Onuň ryzasyny gazanmak üçin “Allah” diýen bolsam, kim bilýär, nähili bolardy? Men mundan beýläk Ondan başgasyny islemeýärin.

Hak dostlary

Ybrahym Edhem bir gije düýşünde eli depderli Jebraýyl aleýhisselamy görýär. Ikisiniň arasynda şeýle gürrüň bolýar:

- Eliňdäki depder näme?

- Hak dostlarynyň ady ýazylan depder.

- Depderde meniň hem adym barmy?

- Ýok, seniň adyň Hak dostlarynyň arasynda ýok.

Bu jogaba gynanan Ybrahym Edhem bu gezek şeýle sowal bilen ýüzlenýär:

- Meniň adym Hak dostlary arasynda ýok bolsa, Hak dostlaryny söýenleriň arasynda-da ýokmy?

- Bar.

- Onda, Hak dostlarynyň sanawynda meniň hem adym bolmaly dälmi?

Şol wagt Rebbimizden emir gelýär:

- Eý Jebraýyl! Ynsan söýenleri bilen biledir. Ybrahym Hak dostlaryny söýýän bolsa, olaryň arasynda bolmaly dälmi? Ony-da Hak dostlarynyň sanawyna goş!