بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Abdulla bin Mas'ud (r.a.) aýdypdyr: «Dört sany zat kalby garaldýar: 1) garynyňy nämeden (nähili) doldurýandygyňa biparhlyk; 2) zalymlar bilen dostlarça söhbetdeşlik; 3) geçen günäleriňi ýatdan çykarmaklyk; 4) uly arzuwlara umytlylyk. Dört sany zat bolsa kalby ýagtylandyrýar: 1) iýmit haramdyr gorkusy sebäpli garny açlyk; 2) takwalar bilen gatnaşmaklyk; 3) geçen günäleriňi ýatlamak; 4) arzuwlara umytlaryňy çäklendirmek».

Başy » «Zaman» gazeti » YBADAT-DILEG DOGA

Ybadat edebi

Haýber gazawatynda beýik bir ýere jemlenen käbir müminleriň seslerine bat berip, dileg edişlerini gören Resuly Ekrem Hezretleri şeýle buýurýar:

- Eý ashabym! Sizler eşitmeýäne we gaýyba doga-dileg etmeýärsiňiz. Ýalbarýanyňyz Wajibul-Wüjud, eşidiji we görüjidir, sesiňizi beýle gataltmaga zerurlyk ýokdur.

Bu duýduryşdan soň sahabalar dileg-dogalarynda we ybadatlarynda gizlinlige üns berýärler; müň adam namaz kylsa-da, göýä bir adam kylýan ýaly mesjitde imisalalyk höküm sürýär.

Bu gün käbir müminler bilen namaz kylýarkam, Resuly Ekremiň bu duýduryşyna has gowy düşünýän, “Ýokardaky hadysy bular hem bilsediler” diýip oýlanýan.

Çünki bu şahslar namaz kylýarkalar we namazyň ahyrynda doga-dileg edenlerinde özlerinden şeýle bir geçýärler welin, göýä ýanlarynda namaz kylyp, dileg edýän başga ynsan ýok ýaly.

Aslyýetinde, dilegiň makbuly gizlin edileni, okaýşyň gadyrlysy-da diňe öz nebsi eşider ýaly okalanydyr. Gündizki namazlary sessiz okamak onsuz hem wajypdyr. Wajyp bolansoň, uzakdaky biri eşitjek derejede sesli okamak sehiw seždesine zerurlyk döredýär. Emma sehiw seždesini etmek zerur bolsa-da, ýene-de sesli okaýarys, töweregimizdäkileri birahat edip, ýalňyşdyrýandyrys öýtmeýäris. Bu ýagdaý bize Maun süresinden bir aýaty ýatladýar:

- Haýp, namazlaryny ýalňyş kylanlara!

Dileg we ybadatyň kabul bolmagynyň şerti gaty ses bilen okap, dady-perýat edip ýalbarmak däldir. Ybadatyň makbulyýetiniň şertini Resuly Ekrem Hezretleri Saad bin Ebi Wakkasa şeýle duýdurýar:

- Eý Saad! Ybadat we dileg-dogalaryň kabul bolmagy üçin haramlardan daş dur. Çünki garnynda haram lukma, egninde haram eşik bolan kişiniň uzak wagt dilegi kabul bolmaz!

Hawa, dilegiň kabul bolmagynyň şerti halal iýmek we halal geýmekdir. Muny etmeýän kişi, ýagny geýýäniniň haram ýa-da halaldygy barada pikir etmeýän, iýýäniniň nähili ýol bilen gazanylandygyny anyklamaýan adam näçe dady-perýat etse-de, isleýşi ýaly dilegi kabul bolmaz.

Başga bir zada-da ünsüňizi çekeýin:

Islegleri derrew ýerine ýetmedik käbir kişiler dilegleri kabul edilen däldir öýdýärler. Bu-da ýalňyş düşünjedir. Çünki halal iýip, halal geýýän adamyň dilegi kabul bolar. Emma kabul boldy diýmek, isleginiň derrew ýerine ýetdigi diýmek däldir. Çünki dileg-doga bir ybadatdyr. Ybadatyň garşylygy bolsa, köplenç ahyretde berler. Bu dünýäde ýa hiç berilmez, ýa-da az berler. Eger dilegimiziň garşylygyny bu dünýäde derrew görmek islesek, eden dilegimiz ybadat bolmakdan çykar, nagt dünýewi bähbitçilik bolar; bu ýagdaýda-da dileg-doganyň esasyny düzýän yhlas uçar, ybadat aýratynlygy ýiter.

Bu sebäpden, ahyretde käbir kişiler amal depderine ýazylan birgiden sogaby görüp, geň galarlar:

- Ýa Rebbimiz, bu sogaplary kim işledi? - diýip sorarlar.

Jogap geler:

- Bular siziň dilegleriňiziň ahyrete goýlan garşylygydyr!

Bu pursat ol kişiler:

- Käşgä, beýleki dileglerimiziň-de garşylygy pany dünýäde berilmän, ahyrete goýulsady... - diýerler.

Sabyr we dileg

Sabyr müminiň sypaty hökmünde birnäçe aýat we hadysda geçýär. Sabyr bilen baglanyşykly, söze Hz. Pygamberiň (s.a.w.) başyndan geçen bir hadysany gürrüň bermek bilen başlaýyn:

Söýgüli Pygamberimiz (s.a.w.) gabrystanda perzendiniň mazarynyň başynda ýüzüni ýyrtyp, bozlap duran bir zenana nesihat etmek isleýär.

Zenan “Git başymdan” diýýär. Pygamberimiz (s.a.w.) ol zenanyň ýanyndan gaýdýar. Töweregindäkiler zenana ýanyndan kowan kişisiniň Allahyň Resulydygyny aýdanlarynda, zenan örän gynanýar we ylgap gelip, ötünç soraýar. Şol wagt Pygamberimiz (s.a.w.) ol zenana “Sabyr, bela-beteriň ilkinji zarbasyna duçar bolan wagtyňdaky görkezen sabryňdyr” diýýär.

“Bela-betere garşy sabyr, günälere garşy sabyr we ybadatlarda sabyr ...”

Hawa, her gün bäş wagt namaz, ýylda bir aý oraza, belli bir mukdarda zekat we beýleki emirleri ýerine ýetirmek üçin, guluň sabyrly bolmagy gerek. Bular, ynsan ömrüni nyzama goýar we ynsan durmuşyna many gazandyrar. Şonuň üçin ynsan dişini gysmaly, ybadatlarda, gulluk borçlarynda sabyr etmeli. Şeýle ynsan öz durmuşyny röwşenlendirýär diýmekdir.

Sabyr ybadatlary dowam etdirmek babatynda-da örän möhümdir. Täze namaza başlan adam üçin, ilkibada, ybadatlar agyr gelip biler; emma, sähel sabyr etse, ruhy namaz bilen bütewileşse, bir wagt namazy kylmazlyk hem ol ynsana dünýäniň iň uly yzasyny berer. Oraza, zekat, haj ýaly ybadatlar barada hem şol bir zatlary aýtmak mümkindir.

Ynsan harama garşy-da sabyr bilen garşylyk görkezmelidir. Günä bilen ilkinji ýüzbe-ýüz bolnanda görkezilen garşylyk, ondan soňraky geljek erbetlikleriň hem badyny peselder; günäleriň soňraky hüjümlerine garşy has rahatlyk bilen göreşip biler. Hz. Muhammet (s.a.w.) Hz. Ala (Allah ondan razy bolsun!) “Ilkinji bakyş peýdaňa, soňkulary zyýanyňa” diýýär. Ýagny, ynsanyň gözi günä, nämähreme ilip biler. Emma ol, derrew ýüzüni öwürse, onuň üçin günä ýazylmaz. Hatda harama seretmändigi üçin, sogap hem gazanyp biler. Emma ikinji we has soňraky bakyşlar zäherli ok kibi ynsanyň kalbyna we ruhuna sanjylar, ynsanyň hyýal we düşünje dünýäsini bulam-bujar eder... Erkiniň daýanç güýjüne agyr zarba urlar. Çünki, hr harama bakyş, bir nukdaýnazardan, harama girmegiň ýollaryny açýan çakylyk hökmündedir. Bu barada dana Epiktetos şeýle diýýär: “Erbet hyýallar, seniň aklyňy gurşap alsa, derrew olardan daşlaşmaga çalyş. Ýogsam, hyýallaryň seni äkiden ýerinden yzyňa dolanmazlygyň mümkin” diýýär.

Her bela-beteriň uly ýa-da kiçi derejede zarbasy bardyr. Şol hüjüm-zarba geçensoň, bela-beterler rehmete, gaýgylar lezzete, gussalar şatlyga, aladalar-da dynçlyga öwrüler... munuň üçin-de, ynsan bela-beterleriň ynsany aljyradýan, çäresiz ýagdaýda goýýan şol ilkinji zarbasyny sowukganlylyk we sabyrlylyk bilen sowmagy başarmaly.

Ýeri gelende, doga-dilegiň hem hiç bir duşmanyň garşysynda durup bilmejek, iň güýçli, iň täsirli ýaragdygny, apatlara garşy galadygyny, penadygyny ýatladalyň.

“Kim meni ýatlamagyny goýsa, oňa güzaply durmuş garaşýar”

Başymyza gelen kynçylyklaryň, aladalaryň, dürli bela-beteriň iň esasy sebäpkäri, ýene özümiz. Ýaradanyň islemeýän terzinde bir durmuşda yaşamagymz; ynsanlara gülüp bakmagy unudyşymyz, hoşniýetlilik we mähribanlyk görkezmegi hemişe başgalardan garaşyşymyz, hatda kylýan namazlarymyzy-da wagtly-wagtynda we yhlasly kylmaýyşymyz.... Bir jümlede aýtsak, Kuranyň emir eden, Pygamberimiziň (s.a.w.) öz durmuşynda kämil nusgasyny görkezen ýaşaýşyndan uzak bolşumyz.

Hak tagala ynsanlar üýtgemedikçe, öz gymmatlyklaryny unutmadykça, ynsany ynsan edýän sypatlaryndan daşlaşmadykça ol jemgyýeti üýtgetmejekdigini bildirýär.

Köp kişi güzeranyny dolamakda kynçylyk çekýändiginden nalaýar. Hak tagala Kuran-y Kerimde maddy kynçylygyň sebäplerinden birine, belki-de iň esasysyna, yşarat edip, şeýle diýýär: “Her kim Kurany-Kerimi we meni zikir etmekden – ýatlamakdan ýüz öwürse, oňa güzaply, kynçylykly, hözirsiz durmuş garaşýandyr. Beýle kişileri ahyret durmuşynda kör halda täzeden direlderis. Ol hasap ýerinde nebislerine we şeýtanlaryna gulluk eden ynsanlar: “Rebbim! Meni näme üçin kör halda haşr etdiň. Men dünýäde wagtym barça zady görenlerdendim” diýerler. Allah-da şeýle buýurar: “Hawa, şeýlediň. Emma, saňa aýatlarymyz geldi. Olara ähmiýet bermediň. Nebsiň islegdir arzuwlaryny Biziň emirlerimizden ýoakrda tutduň. Asyl görülmeli närsäni görmediň. Dinime görä ýaşamadyň. Ömrüňi ile ýaranmak, ile gowy görünmek aladasy bilen boş geçirdiň. Munuň jezasy hökmünde-de, pany dünýädäki durmuşyňy kynçylykda geçirdiň. Ynha bu ýerde-de jezaňy çekmäge başladyň.”

Allah dostlaryndan Abdulkadir Geýlany bu jelally-haýbatly duýduryşa şeýle düşündiriş berýär: “Eger güzeranyňy aýlamakda, rysgalyňy gazanmakda kynçylyk, güzap çekýän bolsaň, halyňda perişanlyk duýsaň, munuň, Allahyň emrini taşlap, nebsiň arzuwdyr isleglerine uýanyň sebäpli başyňa gelendigini bil!

Elleriň we dilleriň saňa şek we şikes ýetirýänini, janyňa, malyňa, maşgalaňa kast edilýänini görseň, bulara Hak tagalanyň “Etme!” diýen, haram kylan zatlaryny edip, Allahyň kesgitlän çäginden çykanyň we üstüňe düşýän borçlary ýerine ýetirmeýşiň sebäpli duçar bolandygyňy bil! Eger kalbyň gaýgy-gussadan, dert-aladadan doly bolsa, bularyň, Allahutagala garşy gidişiň, Hak tagalanyň seniň özüňi alyp barşyňdan, edýän işleriňden razy däldigi, Oňa iman we ynamyň nogsanlygy sebäpli başyňa gelendigini bil!”