بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Hasan (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!): «Alymyň azaby onuň kalbynyň ölümidir, kalbynyň ölümi bolsa ahyrete derek dünýäni talap etmekdir» diýdi.

Başy » «Zaman» gazeti » DOGANLYKWE HOŞNIÝETLILIK, YNSAN SARPASY, GOŇŞY HAKY

Doganlyk we hoşniýetlilik

Älem ähli bölejikleri biri-biri bilen bagly,bir maksada gönükdirilen düzgün-nyzamly bir giňişlikdir.Älemde ähli zada aýratyn orun we wezipe berlendir.Gün,Aý,ýyldyzlar we ähli asman jisimleri täsin bir tilsimat arkaly biri-biri bilen baglanyşykly ýagdaýda,belli bir kada-kanunlar esasynda hereket edýärler we özlerine bellenilen düzgünlerden sähelçe-de çykmaýarlar.Hemişe aýlanyp duran elektronlardan,gojaman nebulozalara çenli ähli zat,özüne bellenilen kada-kanuna uýýar.Adamzat älemi üçin hem bu şeýle.Adam,biyologiki kanunlara laýyklykda doglup,ulalýar we şol bir kanunlara baglylykda hem ölýär.

Beýik Ýaradan Allah älemi ýaradandan soňra,”Mundan soňra öz başyny özi çarasyn”diýip,ony nazardan salman,öz gudratyny dowamly älem aýnasynyň ýüzünde şöhlelendirip durandyr.Allahyň asla tükenmeýän nurunyň saýasynda älem her pursatda täzelenýär.Elbetde,älem täzelenip durmasa,adam üçin ýaşamaga şert döremese gerek.Ine,biz barlaglar esasynda bardygyna göz ýetirýän,asyl hakykat däl-de ýöne bir sebäp bolýan,bu kanunlara “tebigat kanunlary” diýýäris.Bu kanunlaryň ählisi älemiň Ýaradyjysy we Rebbi tarapyndan goýlandygy üçin,älem bar durky bilen Allahyň kanunlaryna boýun bolýar.Bu sebäpli hem Yslam älemleriň Rebbi bolan Allaha boýun bolmagy ündeýändigi üçin,tutuş älemiň dinidir.Hut şu jähetden pikir etsek,Gün,Aý,Ýer ýüzi we beýleki janly-jandarlaryň hemmesi musulmandyr.Gysgaça aýdanyňda,äleme ähli zat Allanyň ermine boýundygy üçin musulmandyr.

Yslam dini älemiň damarlarynda akýan ylahy rehmetdir.Yslam dini ähli janly-jandarlaryň baglanýan ylahy düzgünler ulgamydygy üçin,älemde hiç bir bidüzgünçilige gabat gelnenok.Ähli ýaradylanlary bir umumy nyzam astynda jemleýändigi üçin,Yslam dini dostluk-doganlyk,hoşniýetlilik dinidir.

Hawa, Yslamyýet esenlik, amanlyk we parahatlyk dinidir. Bu esaslar musulmanyň durmuşynda şeýle bir giň gerime eýedir, ol namaza duranynda bu dünýä bilen baglanyşygyny kesýär, Rebbine kemerbeste-ýi teslimiýet — tabynlyk duýgusy bilen ýönelýär we Onuň huzurynda gol gowşuryp durýar. Namazyny, göýä bu dünýä täzeden dolanyp gelýän ýaly, sagyndakylara we solundakylara salam berip, ýagny "esenlikde, amanlykda, ynamda boluň" diýip soňlaýar we esenlik, amanlyk, parahatlyk, dynçlyk dilegi bilen ýaňadan ynsanlaryň arasyna dolanýar.

Salam bermek we başgalaryň amanlyk we dynçlykda bolmagyny dilemek, yslama görä iň bir haýyrly işlerdendir. Bir gün Allah Resulyndan (s.a.s): "Yslamda haýsy amal has haýyrlydyr?" diýlip soralanda, Ol:

"Başgalary naharlamagyň, tanyş-u-nätanyş her kime salam bermegiňdir" (Ebu Dawud, Edeb, 142) diýip jogap berýär.

Ýöne gynansak hem, bu garaýyş we düşünjä esaslanýan Yslam, käbir şahyslar ýa-da dürli toparlar tarapyndan terrorçylyk bilen bir zat hökmünde görke­zilmäge çalyşylýar. Bu örän uly taryhy ýalňyşlykdyr; çünki, ýokarda hem agzalyp geçilişi ýaly, kökleri babatda eminlik-esenlik we parahatçylyga daýanýan bir ulgamyň terror bilen baglanyşdyrylmagy Yslamyň ruhuny bilmezligiň we oňa doly düşünmezligiň alamatydyr. Musulmanlyga, ony ýalňyş tanadýan we oňa doly wekilçilik etmegi başarmaýan birnäçe biçäräniň hal we hereketlerini görmek arkaly däl; onuň öz çeşmelerine, taryhyna salgylanmak we bu diniň hakyky wekillerini synlamak arkaly baha berilmelidir.

Yslamyýet her taraplaýyn geçirimlilik, köňligiňlik, mähirlilik we hoşniýetlilik dinidir. Hezreti Möwlana, Ýunus Emre, Ahmet Ýasawy we ýene-ýeneler ýaly birnäçe mähirlilik we hoşniýetlilik soltany öwliýä we asfiýa yslamyň bu tarapyny öz eserlerinde we durmuşlarynda örän aýdyň görkezipdirler.

Yslamdaky "jihad - gazawat" düşünjesi bolsa, goranyş (Watanyňy, milletiňi, ynanjyňy, namysyňy, maşgalaňy we şm.) ýa-da Ila-ýy Kelimetullah (Allahyň Sözüni beýgeltmek) ýolundaky päsgelçilikleri aradan aýyrmaga gönükdirilen käbir özbaşdak şertlere esaslanýar. Mowzuk bilen baglanyşyklylykda taryhymyzdan näçe diýseň mysal getirmek mümkin. Meselem, biz millet hökmünde taryhda mongollara garşy Köneürgençde we Merwde; üstümize agyr sülsadyny süýräp gelen emirleriň, hanlaryň, şalaryň garşysyna Sarahsda, Garrygalada, Maryda; patyşa goşunlaryna garşy Gökdepede dessanlara sygmajak gahrymançylyk görkezdik. Eýsem, gahrymançylyk görkezmän, ülkämizi basyp almak üçin gelen duşman bilen jeň etmek ýerine, "Gaty gowy etdiňiz. Geliň, geçiň, gözümiziň üstünde ýeriňiz bar!" diýmelimidik?! Elbetde, adamzat durmuşynyň aýrylmaz bir hakykatydygyny inkär edip bolmajak söweşiň hem öz ýeri, öz orny bardyr. Gynansak hem, şular ýaly belli birnäçe şertler üçin inderilen jihad aýatlary käbir kişiler tarapyndan ýalňyşlyk bilen umumylaşdyrylyp, - ikinji derejede üstünde durulmaly halyna, - göýä asyl mesele ýaly görkezilip, öňe çykarylýar. Emma, hakyky möminiň kalby ahli ýaradylanlara söýgüden we mähirden doly bolmalydyr.

 

Geçirimlilik

Yslamyň hoşniyetlilik, geçirimlilik örüsi şeyle bir giňdir welin, hatda ynsanlary ynjydyp biljek bir sözi aýtmak-da Söygüli Pygamberimiz (s.a.w.) tarapyndan düybünden gadagan edilendir. Meselem, Ebu Jehil, Älemleriň serweriniň ençeme sapar Yslama çagyryşyndan yüz öwrüp, musulman bolman ölüp giden betbagtdyr. Onsuz hem, "Ebu Jehil" sözü-de sözlük manysy taýdan "Jahalatyň - nadanlygyň atasy" diýmegi anladýar. Ynha bu nadan adam tutuş ömrüne Pygamberimize (s.a.w.) duşman bolup geçýär. Emma, Mekgäniň eýelenmeginden bir müddet soňra musulman bolan Ebu Jehiliň ogly Ikrimäniň (r.a.) hem gatnaşan bir mejlisinde sahabalaryň (Allah olardan razy boIsun) arasynda Ebu Jehilin erbetliklerinden söz açylanda, çaksiz söýgi we geçirimlilik ynsany bolan Allah Resuly (s.a.w.):

"Atalaryny aýyplamak we olar barada ýerliksiz söz aýtmak arkaly perzentlerini ynjytmaň" diýýär. (Müstedrek, 3.41; Kenzul­Ummal, 13.540,541.)

Mowzuk bilen baglanyşyklylykda başga bir hadys-y şeriflerinde Ol (s.a. w.) "Bir kişiniň ene­atasyna sögmegi — paýyş sözleri aýtmagy uly günalerdendir" diýýär. Sahabalar: "Ya Resulallah! Heý-de ynsan ene-atasyna paýyş söz aýdarmy?" diýip soraýarlar. Nebiler Serweri (s.a.w.): "Hawa, bir adam başga biriniň atasyna söger, ol-da onuň atasyna sögende; ýa-da birisi birisiniň enesine söger, ol-da onuň enesine sögende, ol kişi öz ene-atasyna sögülmegine sebäp bolmak bilen, olara (özi) sögen ýaly bolar" diýip jogap berýär. (Müslim, lman, 145.)

Rehmet Pygamberi (s.a.w.) ynsana hormat meselesine şeýle uly ähmiýet berýärkä, bu gün entek hem dini perde edinip, düzeldilmegi kyn ýykgynçylyklara-bidüzgünçiliklere sebäp bolýanlar, ynsan janyna gyýýanlar, elbetde, bu diniň pygamberine düşünmandirler diýmekdir. Çünki, Yslamda we Allah Resulynyň hoşniýetlilik dünýäsinde kine we ýigrenje ýer ýokdur.

Kuran-y Kerimiň aýatlaryna üns berlende, onuň hemişe geçirimlilige we hoşniýetlilige esaslanýandygyny görýäris. Takwa kişileriň gözel ahlaklary sanalýan bir ayatda şeýle buýrulýar: "Ol takwa eýeleri, ... gaharlaryny ýuwdarlar we ynsanlaryň hatalaryny bagyşlarlar. Allah yagşylyk edenleri söýer." (Al-i Imran, 2.134.) Meseläni has giňişleýin ele alalyň: siziň sabyr käsäňizi daşdyran, size gazap donuny geýdiren bir hadysa bar diýeliň; size sögdüler we mertebäňizi peseltdiler. Eliňizden gelse, Ýunusyň aýdyşy ýaly, “elsiz, dilsiz, we köňülsiz” ýaly özüňizi alyp barmalysyňyz. Kuran-y Kerim, ynsanyň gahardan ýaňa garagynyň gapylan bu pursatynda gözel ahlak eýeleriniň nähili hereket etmelidigine yşarat hökmünde, aýatyň mowzugymyz bilen baglanyşykly böleginde

"Olar şeýle alyjenap ynsanlardyr, özlerini çäkden çykarjak ýagdaýlarda-da gaharlaryny tiken ýuwdan ýaly ýuwudýarlar; ýuwudýarlar we ynsanlaryň aýyplaryna göz ýumýarlar" diýip buýurýar.

Ýene başga bir aýatda Jenab-y Hak müminleriň sypatlary barada söz edilýärkä şeýle buýurýar: "(Rahmanyň gullary), ... gelşiksiz sözler bilen garşylaşanlarynda seresaplylyk we agraslyk bilen (ol ýerden) geçip giderler.” (Furkan, 25.72)

Allah Resulynyň ýaşaýşyna syn edenimizde, aýatlarda düşündirilýän esaslaryň ählisiniň Onuň (s.a. w.) durmuşynda omaşandygyny görýäris. Meselem: "Men zyna etdim, jezam näme bolsa iş ýüzüne geçir, meni päkle" diýip, günäsini boýun alan we päklenmek isleýän bir sahaba Nebiler Serweri (s.a.w.): "Dolan yzyňa, toba et, Allahyň bagyşlamajak günäsi ýokdur" (Müslim, Hudud, 22) diýýär. Başga bir saparynda bolsa, bir sahaba malyny ogurlandygy üçin Resulallaha bir adamyň üstünden arz edýär. Emma, ýaňy jezanyň amala aşyryljak pursaty "Men şikaýatymy gaýdyp alýaryn, bu şahsy bagyşlaýaryn" diýen dawagäre Pygamberimiz (s.a.w.): "Meseläni näme üçin kazyýete (suda) çenli uzatdyň, başdan bagyşlasaň bolmadymy?!" diýýär.

Ynha, dinimiziň asyl çeşmelerine ýüzlenilende, bu günki gün ynsanlara kineden we ýigrençden pürepür, özlerinden başga her kime - musulmana, ýahuda, hristiýana garşy gazap atyna atlanan we älemi "kapyr" diýip garalaýan ynsanlaryň tutan ýollarynyň musulmana ýaraşýan ýol däldigi ýüze çykýar. Çünki, ýokarda hem belleýşimiz ýaly, Yslam doganlyk we hoşniýetlilik dini, musulman-da her dürli terrorçylykly hadysadan uzak, kine we ýigrenjiň her dürlüsini kalbyndan çykaryp atan söýgi we muhabbet gahrymanydyr.

 

Barlygyň özeni

Alemlerin Serweri (s.a.w.) muhabbet ynsanydyr. Onun atlaryndan biri-de "Habibullahdyr." "Habyb" sözi, "söýen" diýen manyny bermek bilen bir hatarda, "mahbub (söýlen)" diýmegi-de aňladýar. Ýagny, Allahy söýýän we Onuň tarapyndan-da söýülýän diýmekdir. Ymam Rabbani, Möwlana ... ýaly tasawwuf beýikleri iň ýokary mertebäniň söýgi mertebesidigini aýdýarlar.

Bir gezek tanyşlarymdan biri maňa: "Siz parh goýmazdan her dürli garaýyş we düşünjedäki adamlar bilen gatnaşyk edýärsiňiz. Emma el-bugzu lillah (Allah üçin bugzetmek - söýmezlik, birine garşy duşmanlyk duýgusy götermek) yslamyň prinsipleriniň biridir. Bu sebäpden, käbir kişilere bugz etmek gerekdir" diýipdi. Aslyýetinde onuň bu düşünjesi "Allah üçin bugz etmek" prinsipine dogry düşünmändigini görkezýärdi. Çünki, Yslamda ähli barlyk "el-hubbu fillah (Allah üçin söýmek)" hökmüne görä, Allah üçin söýülmelidir. El-bugzu lillah (Allah üçin bugzetmek) bolsa ynsan üçin däl, duýgy, düşünje we sypat1ar üçindir. H ut şu sebäpden bugz edilmeli ynsan däl, ahlaksyzlyk, küpür we şirk düşünjesidir. Jenab-y Hak ynsany "kerim" hökmünde ýaradandyr (Isra, 17.10) we her kimiň belli bir ölçegde bu kerimlikden nesibi bardyr. Allah Resuly(s.a.w.) bir ýahudynyň jynazasyny äkidip barýarkalar, ynsandygy üçin ölini hormatlap, ýerinden turýar. Ýanyndakylar alnyp barylýan öliniň ýahudydygyny ýatladanlarynda, Ol (s.a.w.):"Emma, ynsan!" diýip jogap berýär we Yslamyň adama goýýan gadyryny görkezýär.

Hawa, Pygamberimiziň (s.a.w) ynsana  goýýan hormaty ynha şeýledi. Şu nukdaýnazardan, Yslama we onuň esaslaryna gowy düşünmedik käbir musulman kişileriň ýa-da guramalaryň dünýäniň dürli ýerlerinde bolup geçýän terrorçylykly wakalara goşulmak­larynyň sebäplerini Yslamdan däl, olaryň özlerinden, olaryň ýalňyş garaýyşlaryndan we ýene-de başga faktorlardan gözlemek gerekdir: Çünki Yslamyň esaslaryna gowy düşünen hiç bir musulmanyň terrorçy bolmagy mümkin däldir.

 

Musulman terrorist bolup bilmez

Ruhnama aýynyň 11-inde bolup geçen terrorçylykly wakadan soňra yslam we terror arasyndaky baglanyşyk meselesi dünýä metbugatynda iň köp gürrüňi edilen meselelerden biri boldy.

Ilki bilen bir zady ýatdan çykarmalyň: Allahyň iberen dininiň – munuň ady isle ýahudylyk bolsun, isle hristiýanlyk, isle yslam bolsun, tapawudy ýok – terrory emir etmegi beýlede dursun, oňa rugsat etmegi ýa-da oňyn garamagy hem mümkin däldir.

Çünki, Allahyň nazarynda ýaşaýyş örän möhümdir. Ýaşaýyş ýerýüzündäki sazlaşygyň, barlyklar arasyndaky gatnaşygyň möhüm esasydyr. Ylahy beýanda jan – ýaşaýyş, goralmaly bäş esasy gymmatlykdan biri saýylýar.

Yslam bir ynsany öldürmegi ähli ynsanlary öldürmek, bir ynsany ölümden halas etmegi-de ähli ynsanlaryň janyny halas etmek bilen deň hasaplaýar. Hak-hukuk meselesi bilen baglanyşykly-da, “Hakyň ulusy-kiçisi bolmaz” diýmek bilen, şahsyň hukugy bilen jemgyýetiň hukugyny deň tutýar, şahsyň bähbidini jemgyýetiň bähbidi üçin pida etmeýär.  Munuň bilen baglanyşykly: “Bir gämide dokuz ganhor we bir bigünä bar bolsa, dokuz ganhory jezalandyrmak üçin, ol gämini gark etmegiň mümkin däldigine” höküm berýär.

 

Terror yslamda maksada ýetmegiň serişdesi bolup bilmez

Yslam her bir musulmanyň her bir iş we hereketinde maksadynyň dogry, niýetiniň düzüw bolmagyny şert goýýar. Hut şonuň ýaly-da, dogry maksada eltýän ýoluň, serişdäniň hem dogry bolmagyny, ahlak we hukuk kanunlaryna deň gelmegini talap edýär. Dogry maksada ýetmek üçin nähak we haram ýollary saýlap alanlaryň maksatlaryna ýetmeginiň mümkin däldigini ýatladýar.

Bu nukdaýnazardan, terror haýsydyr bir yslamy maksady amala aşyrmak üçin asla serişde bolup bilmez. Galyberse-de, yslam adamzat taryhynyň we ýaşaýşynyň inkär etmesi kyn hakykaty bolan söweşlere-de oňyn seretmeýär we ony ilki bilen goranyş we howpsuzlyk maksadyna baglaýar. Kuranda geçýän “Pitne ganhordan beterdir” prinsipi çäginde, uruşlaryň diňe pitnäniň, bulagaýlyklaryň, bidüzgünçilikleriň, zulmuň, agzalalygyň öňüni almak üçin saýlanylmaly serişdedigine ünsi çekýär. Şol bir wagtyň özünde-de, muňa birnäçe çäklendirmeler getirýär.

“Allah gorkusyny asla kalbyňyzdan çykarmaň. Unutmaň, Allahyň rugsady bolmazdan, hiç zat edip bilmersiňiz. Yslamyň hoşniýetlilik we mähirlilik dinidigini hemişe ýatlaň.

Resulullahyň (s.a.w.) batyrlyk, mertlik we takwasy siziň üçin hemişe nusga bolmaly. Ekin meýdanlaryny we miweli baglary zaýalamaň. Ybadathanalarda ýaşaýan ruhanylara, keşişlere, özüni Allaha bagyşlanlara hormat goýuň we olary ynjytmaň. Bigünä halky öldürmäň, zenanlara sütem etmäň we ýeňlişe sezewar bolanlaryň duýgularyny ýaralamaň. Ýerli halkdan sowgat, sylag-serpaý kabul etmäň. Esgerleriňizi ýerli halkyň öýünde ýerleşdirjek bolmaň. Bäş wagt namazyňyzy wagtly-wagtynda kylyň. Allahdan gorkuň we unutmaň, ölüm söweş meýdanyndan müňlerçe mil uzakda, asuda-parahat bir ýerde-de gelip ýakaňyza ýapyşyp biler. Şu halda, hemişe ölüme taýýarlykly boluň...” ýaly emirler taryhda yslam döwlet ýolbaşçylarynyň serkerdelerine, ýerlere iberen dolandyryjylaryna yzygiderli hat we nesihat arkaly ýatladyp duran prinsipleri bolupdyr.

Mejbur bolnan ýagdaýynda diňe döwletiň belli kanun we hukuk esaslary çäginde yglan etmeli söweşini şahyslar ýa-da toparlar yglan edip bilmez. Hut şonuň ýaly-da, ynsanyň jan howpsuzlygy ýaly goralmaly hukuklaryna garşy gönükdirilen terror hadysasynyň-da yslamda ýeriniň ýokdugy öz-özünden düşnüklidir.

Bu nukdaýnazardan, terorist hakyky musulman bolup bilmez, musulman hem terrorist bolup bilmez. Çünki, yslam bu dünýäde iň agyr jezany ynsan janyna we ynsanlaryň howpsuzlygyna kast etmeklige; ahyretde iň agyr jezany-da Allahy inkär etmek we Oňa şirk goşmak bilen birlikde, ynsan öldürmeklige berýär. Bilkastlaýyn jana kast edenleriň dowzahda ebedilik galjakdyklaryny aýdýar. Garşylygynda şeýle jeza goýlan bir jenaýaty musulman adam, iman-yslam sypatlaryny göterýän ynsan asla etmez. Şonuň üçin-de, ne terroristiň hakyky musulman bolmagy, ne-de musulmanyň terrorist bolmagy mümkin däldir. Bu sebäpden, dünýä metbugatynda duş gelinýän “musulman terroristler”, “yslam terrorist toparlary” ýaly aňlatmalar ýalňyşdyr, asylsyzdyr we ýerliksizdir.

 

Mähir ýaragy

(hekaýa)

Günlerde bir gün birnäçe wagtdan bäri mesjidine müezzin (azançy) tapman ýören ymamyň ýanynda bir müezzin göründi. Wehbi aga muňa örän begendi. Baryp, ymamy gutlady: -Gözüňiz aýdyň, täze müezziniňiz hem bellenipdir!

Ymam ýylgyrdy:

  - Bu müezzin ýörite iberilen müezzinlerden däl. Mähir ýaragy bilen edinen müezzinimdir, ol. Ol bize sowuk ýarag çenedi, biz-de oňa ýyly mähir ýaragyny çenedik. Ilki ol bizi, soňra-da biz ony boýun etdik.

Wehbi aga hiç zada düşünmändi. Ymam bolan wakany gürrüň bermäge başlady:

- Bir gün ertir namazyndan soňra, aladaňdan mesjidiň gapysyny mäkäm ýapyp, öýüme gitmek üçin ýaňy howludan çykanymda, garaşylmadyk ýerden çykan zoňtar ses meni duran ýerime çüýledi:

- Ymam aga, hany, elleriňi ýokary göter. Ýogsam, mäşäni gysýan!

Töweregime garanjakladym. Garaňkyda ýüzüni saýgarmadym, ýöne bir gara pyýadanyň sapançasyny maňa çenäp durandygyny gördüm.

- Şu tarapa ýöre!

Ellerim ýeňsämde, yşarat eden tarapyna ýöredim. Ahyry mazarlyga ýetdik. Mazarlykda esli wagt aýlanyp, bir ýerde durup bilmämizsoň, yzyma seretmezden: "Näme üçin aýlap ýörsüň" diýdim. Jogap geňdi:

- Men jemagatyňdan pylanynyň ogly. Kakamyň mazaryny gözleýän.

Hem geň galdym, hem-de rahatlandym:

- Kakaň mazary ynha şu ýerde - diýip, gözleýän mazarynyň başyna bardym. Arkamdan täze bir buýruk geldi:

- Duran ýeriňde çök we Ýasin oka!

Bu gezek has hem geň galdym. Şeýle-de bolsa Ýasini okadym. Merhumyň ruhuna bagyşladym. Göz astyndan assyrynlyk bilen arkama seredenimde, ol adamyň sapançasyny jübüsine salyp, aglaýandygyny gördüm. Ýasini okap gutaranymdan soň, maňa ýoly görkezdi:

- Sen wezipäňi ýerine ýetirdiň, gidip bilersiň!

- Ýok - diýdim. - Seni ýalňyz goýup, ýeke ädim hem ätmerin. Bu işiň hikmeti näme? Aýt, men hökman bilmeli.

Arkamdakynyň sojamasy möňňürmä ýazdy.

- Men, içýän, gaty kän içýän. Bu gije ýene içipdim. Düýşümde kakamy gördüm. Ol maňa:

"Sen nähili ogul, beýle? Senden aýrylalym bäri şunça wagt boldy, ruhumy şat etjek hiç bir sowgadyňy almadym?!" diýip igendi. Men hem oýananymdan soň, kakam üçin bir Ýasin okatmak isledim. Sag bol, sen öz etmeli işiňi etdiň. Indi meni öz günüme goý. Men bir laýa batan, bagty ýatanyň biri!..

- Ýok - diýdim. - Sen laýa batan dälsiň. Eger şeýle bolaýanda hem altyn batga çümeni bilen gadyryny-gymmatyny ýitirmez. Diňe palçygyny süpüräýmek ýeterlikdir. Hany, ýör, seni öýe akideýin - diýdim. Sähel salym böwrüni diňläp durdy. Men ýeňinden çekip diýen ýaly, öýe getirdim. Özüni gadyr goýmaga degmeýän biri saýýardy. Men bolsa, beýle atadan erbet ogul dogulmaz, her zadyň öz wagty bar, ynha indi aslyňa ­a1tynlygyňa dolanmaly wagt geldi - diýdim. Şeýdip, onuň bilen dost bolduk. Bu dostluk şeýle bir berkedi welin, görşüňiz ýaly, mesjidimize müezzin boljak ýagdaýa geldi.

 

YNSANA HORMAT WE YNSANY SÖÝMEK

Allah ynsanlary bir-birine baglamak üçin söýgüden has pugta zynjyr ýaradan däldir. Aslynda, köne dünýä harabalygyny janly tutýan-da söýgüdir. Jynlaryň, ynsanlaryň soltanlary; arylaryň, garynjalaryň patyşalary, bu soltan we patyşalaryň-da tagtlary bardyr. Soltanlar, hökümdarlar belli ýol we usullar, saýlawdyr wesýetler esasynda tagta çykýarlar. Hiç kimiň sesine, oňlamagyna mätäçlik duýmazdan gelip köňüllerimizde tagt gurýan soltan – söýgüdir. Söýgüniň otagy saýylýan köňül köşgi söýgi bilen gadyrlydyr.

Dürli erbetlikler, haramlyklar bilen kirlenen dünýäde hemişe öz päkligini, saplygyny gorap bilen zat bar bolsa, ol söýgüdir. Ynsanlar arasynda hemişe öz rowajyny, hümmetini goraýan gymmatlyk bar bolsa, ol-da söýgüdir. Söýgi iň sap altyn bilen ölçelse hem ondan agyr geler. Altyn-da, kümüş-de wagtyň geçmegi bilen gymmatlygyny, hümmetini ýitirip biler; emma aý-gün geçdigiçe ynsanlaryň nazarynda söýgüniň, söýmekligiň gadyry has artar... Ynsanlar Dünýäniň parahatlygynyň sarsmaz sütüniniň söýgüdigine, birek-birege hormatdygyna has oňat düşüner.

Bu güne çenli şeýtanyň iň howply duzaklaryny, hilelerini netijesiz goýan jady bar bolsa, ol-da söýgüdir. Pygamberler faraonlaryň, nemrutlaryň gahar we gazap ataşlaryny söýgi köwseri bilen söndürendirler. Hak dostlary jildi bozulan kitabyň sahypalary ýaly saga-sola pytran nyzamsyz we kakabaş ruhlary söýgi arkaly bir ýere jemläp, olar arasynda ýokary ynsanyýet gatnaşyklaryny ýola goýandyrlar. Söýgüniň güýji erbet niýet bilen edilen ähli jadylary bozjak we dowzahyň ataşyny söndürip biljek derejede täsirli bolandyr. Bu sebäpden-de, söýgi ýaragyna eýe bolan ynsan üçin ikinji bir ýarag zerur bolar öýtmeýärin. Hawa, söýgi ýaragynyň nilinden çykan oklaryň täsiri top gülleleriniňkiden hem güýçlüdir.

Ynsanyň ynsanlary söýmegi, olara hormat goýmagy, hatda bütin barlygy mähir bilen bagryna basmagy onuň özüni tanamagyna, bilmegine; özüni açyp, Ýaradany bilen arasyndaky baglanyşygy duýmagyna baglydyr. Ol öz ruhy dünýäsiniň çuňluklaryna aralaşdygyça, özüne bagyş edilen gymmatlyklara akyl ýetirdigiçe şeýle gymmatlyklaryň başgalara-da yhsan edilendigi barada oýlanar. Hem özüne berlen şeýle gymmatlyklar üçin Rebbine minnetdarlyk duýgusy bilen, hem-de Ýaradanyň barlyklara bagyş eden bu gymmatlyklarynyň hatyrasyna ynsanlara we ähli barlyklara bolan garaýşy üýtgär. Ýaradandan ötri, ýaradylana söýgüsi, hormaty artar. Şonuň üçin-de biziň biri-birimiziň gadyryny bilip, birek-birege hormat goýmagymyz bize bagyş edilen ylahy lutufdyr yhsanlary bilmegimiz, tanamagymyz bilen ýakyndan baglanyşyklydyr. Pygamber beýany hökmünde kitaplara geçen “Mümin müminiň aýnasydyr” sözüniň many çäklerini has giňeldip, “Ynsan ynsanyň aýnasydyr” şekline getirip, ýokardaky pelsepäni bu paýhasly jümle bilen utgaşdyrmak mümkindir.

Muny başaryp bilen ruh Möwlana ýaly: “Gel, gel, aramyza goşul; bizler Haka köňül beren aşyk ynsanlar! Gel, gel, bize goşul, söýgi gapysyndan içeri gir. Gir we öýümizde biziň bilen otur... Gel, birek-birek bilen içden gürleşeli... Güller kibi dodaksyz we sessiz gülüşeli... Edil paýhas ýaly dilsiz görüşeli... Birek-birege dilsiz-dodaksyz, köňülden sesleneli... Gel, titreýän köňüllerimiz bilen gürleşeli...” diýer we ähli barlygyň şanyna söýgi nagmalary joşar.

Allah birligi, pygamber birligi, din we dil birligi, ýurt, millet birligi ... ýaly umumylyklaryň daşynda jemlenen ynsanlar bir bedeniň aýry-aýry organlary hökmündedir. Söýgi we birek-birege hormat bu bitewiligiň bozulmazlygynyň, pugtalygynyň esasy şertidir.

 

Gadyr

Uly zalda ýygnananlara durmuş sapaklaryny berýän psiholog 10 müň manatlyk puly görkezip, zalda oturanlardan:

- Bu puly kim almak isleýär? – diýip sorady.

Zalyň içinde oturanlardan birnäçesi “Men almak isleýän” diýen terzde elini galdyrdy.

Psiholog “Bu puly siziň araňyzdan birine berjek. Emma, ilki men munuň üstünde käbir barlaglary geçirmeli” diýdi. Ol ilki puly penjesinde gysymlap, ýygyrt-ýygyrt etdi. Diňleýjilerden: “Entek hem bu puly isleýän barmy?” diýip sorady. Ýene-de birnäçe adam ellerini göterdi. Psiholog bu gezek puly ýere taşlady, basgylady, ýençdi. Soňra ony ýedren göterip, başdaky soragyny gaýtalady. Barybir, puly almak isleýän adamlaryň sany bu gezek hem azalmandy – zaldakylaryň hemmesi diýen ýaly puly almak isleýärdi.

Psiholog şeýle diýdi:

“Dostlarym, bu ýerde örän möhüm bir durmuş sapagyny edindiňiz. Görşüňiz ýaly, pula nähili zyýan ýetirmäge çalyşsam-da, siz ony ýene-de almak islediňiz. Çünki, meniň hereketlerim onuň gymmatyny gaçyrmady, gadryny peseltmedi. Ýygyrtlarynyň sany artandygyna we çaňlanandygyna garamazdan, ol entek hem şol 10 müň manatlyk gymmatyny saklaýar. Durmuşda mahal-mahal agyr ýagdaýlar, agyr şertler zerarly ynjan, ruhdan düşen, umydymyzy ýitireňkirlän wagtlarymyz bolýar. Emma, şuny asla unutmaň: bularyň hiç biri biziň asyl gadyrymyzy, gymmatymyzy ýitirmeýär. Seni çyn ýürekden söýýänleriň, seni sylaýanlaryň gözünde hiç wagt gadyryňy ýitirmersiň. Büdrän, ýalňyşan ýeriňde olar seni taşlap gitmegiň ýerine saňa has ýakyn durarlar, arka çykarlar, kyn günüňde goltgy bererler.

 

Ynsana hormat medeniýeti

Osmanly medeniýeti – alty asyrlap üç materikde hökmürowan bolan medeniýetdir. Osmanly maşgala, oba-şäher durmuşy – ynsana ynsan bolmaklygyň lezzetini hem-de aýratynlygyny duýran ýagşylyklar hazynasydyr. Bu medeniýetde durmuş ýagşylyklar bilen bezelipdir.

Türkmenleriň Seljukly ýa-da Osmanly döwürlerinde guran şeýle kämil medeniýetleriniň syry nämedekä? Ine bu syryň üstüni açmak, taryh üçin nähili möhim bolsa, geljek üçin hem  şeýle möhimdir. Bu durmuş-medeniýet tejribeleri könelen, döwrüni tamamlan, gymmatyny ýitiren hakykatlar däldir. Tersine, bu günki we geljekki nesiller üçin hem nusgalyk durmuş mekdebidir.

Osmanly döwletiniň şeýle uzak wagtlap öz barlygyny saklap bilmegi jemgyýetde asudalygyň, agzybirligiň, hoşniýetliligiň pugta ornaşdyrylandygy bilen baglanyşyklydyr. Bu makalamyzyň dowamynda Osmanly medeniýetinde maşgala, jemgyýet we oba durmuşyndaky gözelliklerden bir çemeni size hödürleýäris.

Osmanlylarda maşgala uly bolupdyr. Çagalar yslam ahlagy, milli däp-dessurlar hem-de ruhy gymmatlyklar esasynda terbiýelenipdir. Maşgalada Kuran-y Kerim okaýan atalar, taryhy gahrymanlaryň gaýduwsyzlyklary, mertlikleri barada gürrüň berýän eneler, hat-ýazuw bilen meşgullanýan daýy-ýegenler, mähir-muhabbet eçilýän gyz-gelinler ýaş çagalara oňat görelde bolupdyrlar.

Nahar wagty gelende ilki bilen eller ýuwulypdyr, saçagyň başyna hemme kişi jemlenipdir. Nahara ilki öýüň iň ulusy başlapdyr. Ata nahara başlanda, beýlekilere hem ýatlatmak üçin saçagyň başyndakylaryň ählisine eşitdirip “Byssymyllahirrahmanirrahim” diýipdir. Saçakdan turlanda  töwür edilip turulypdyr.

Maşgalada birek-birege hormat, mähir-mylakatlylyk, sadalyk ýaly adamkärçilik aýratynlyklary höküm sürüpdir. Söhbetler edilip, Kuran-y Kerim we hadys kitaplary okalypdyr. Ylaýta-da Ramazan aýynda öýler jennet ojagy halyna gelipdir. Goňşy-golam, dost-ýarlar bilen agyz açylyp, agzaçara başga dine uýýan goňşular hem çagyrylypdyr.

Bu öýleriň içki zynaty, diwarlaryň bezegi hem maşgala agzalarynyň terbiýesine aýratyn goşant goşupdyr. Diwarlaryň birinde “Ýa Hafyz”, başga birinde “Ýa Malikel Mülk” diýen ýazgyny görmek mümkin eken. Başga bir otagyň diwarynda bolsa :

“Mal eýesi, mülk eýesi,

Hany onuň ilki eýesi?

Mal-da ýalan, mülk-de ýalan ...”

Ýa-da

“Mal-mülküm kän diýip ulumsy bolma

Diýmegil,“Jahanda barmy men ýaly?”

Gazap ýeli öser garaşman durkaň,

Sowurar bar-ýoguňy göklere harman ýaly”

ýaly setirler ýazylypdyr.

Her otag, her diwar dünýäniň panylygyny, bäş günlük dünýäde hiç kimiň göwnüni ýykyp, ynjydanyňa degmejekdigini ýatladypdyr.

“Bu dünýäge gelen kişi ähyr ýene gitse gerek

Myhmandyr, öz watanyna bir gün sapar etse gerek”

ýa-da

“Hasap etdim jümle dünýä malyny

Netijesi bir top kepen ekeni”

ýaly setirler ähli diwarlary bezapdir. Şeýle maşgalada ene-ata, perzent bilelikde bagtly durmuşda ýaşapdyr.

Ýaşaýyş mähellelerinde gözel ahlagyň hem-de edebiň gurluşyk sungatyna şöhlelenmegini görmek mümkin eken. Beýik jaýlar ýanýodaly köçeleriň ikiýan gyrasyny jähekläp otyrandyr. Jaýlaryň daşy beýik diwarly, içi bolsa gür bagly bolupdyr. Üçeklerinde leglekler höwürtge gurupdyr. Beýik diwarlary çyrmyşyk bilen örtülip, balkonlar bolsa reňbe-reň güller bilen bezelipdir. Iki gatly jaýlar, ýapjagazlar, mekdepler, metjidler mähellelere gelşik beripdir.

Eger öýüň daşky gapysynyň ýüzünde ýarymaý bilen ýyldyz bar bolsa, bu şol maşgaladan biriniň haja gidendigini aňladypdyr. Muny görenler “Allah gitmediklere-de nesip etsin” diýip dileg edipdir.

Osmanly köçelerinde iki gatly jaýlaryň balkonlarynda güller görünip, gülleriň balkonlarda ýetişdirilmeginiň hem aýratyn manysy bolupdyr. Mysal üçin penjiräň öňünde sary gül ösüp oturan bolsa: “Bu öýde hassa bar. Haýyş, goh etmän geçiň!” diýen manyny aňladypdyr. Eger gyzyl gül bar bolsa: “Bu öýde ýetişen gyzymyz bar. Geçip barýarkaňyz gelşiksiz söz aýdyp, onuň kalbyny hem-de ruhuny ynjydaýmaň” diýmegi aňladypdyr.

Jaýlaryň gapysyndaky tokmaklaryň şekilleriniň hem, gülleriňki ýaly özboluşly manysy bolupdyr. Gapy tokmaklary jübt halkadan ybarat bolupdyr. Halkalaryň birinde gaplaňyň suraty bolup, galyň bolany üçin kakylanda ýogyn ses çykarypdyr. Ikinjisinde gülüň suraty bolup, ony kakanyňda inçe ses çykarypdyr. Eger-de öýe erkek adam gelen bolsa, galyň ses çykarýan tokmagy kakypdyr. Öýüň erkek kişisi geleniň erkek adamdygyny aňyp, gapyny özi açypdyr. Öýde erkek ýok bolsa, edebe laýyk geljek şekilde gapyny aýal maşgala açmaly bolupdyr. Eger inçe sesli tokmak kakylsa, geleniň aýal maşgaladygyny  aňlap, gapyny öýdäki aýal maşgala açypdyr.

Mähellelelerde sadalyk höküm sürüpdir. Adamlar birek-birege hormat goýupdyr. Hemme kişi birek-birege goltgy beripdir. Baý garyba kömek edipdir, garyp hem baýyň malyna-mülküne göz dikmändir.

Mähellede düşünişmezlik ýüze çykaýsa, kazynyň ýanyna gitmezden öňürti, ilki bilen mähelle ymamynyň ýanyna barlypdyr. Ymam hem meseläni kanun-hukuk bilen çözmezden ozal, ýaraşygy maslahat beripdir. Adamlar ymamyň sözüni diňläpdir.

Eger oba täze maşgala göçüp geläýse, goňşylar “Hoş geldiň, sapa geldiň” diýmäge barypdyr. Çagalarynyň başy sypalanyp, ene-ata “Allah size gör nähili ajap güller beripdir” ýaly mähir-mylakata ýugrulan sözler bilen, täze gelen goňşynyň göwni alynypdyr.

Gelen myhmana uly hezzet-hormat edilipdir. Myhman ryzky bilen geler, myhmana hezzet-hormat etmek, ony hoşnut etmek öý öýesiniň günäleriniň geçilmegine sebäp bolýar diýlip ynanylypdyr. Myhman turjak bolanda: “Razy boluň, sizi hem azara goýduk” diýipdir. Öý eýesi bolsa “Ýene gelip duruň” diýip, myhmana öz minnetdarlygyny bildiripdir. Myhman öýden çykjak bolanda aýakgabynyň uç  tarapynyň öýe bakdyrlyp goýlandygyny görüpdir. Bu, bize ýene gelip duruň diýmegi aňladypdyr.

Obada biri dünýäden ötse, pata öýüne ilki bilen kybla  tarapyndaky goňşusyndan başlap, bir hepde on günläp nahar ýollanypdyr. Hiç kim ýas tutýan goňşularyna eşdiljek derejede gülüp, goh-galmagal etmändir.

Baýramlarda (Gurban, Oraza baý) obadaky adamlar mazarystanlara zyýaret edipdirler we merhumlaryň ruhlaryna aýat okalypdyr. Mazarystandan ýeke ot ýolmak hem halanmandyr. Osmanly mazar daş sungaty hem ynsana goýlan hormatyň aýdyň delilidir. Dirä goýulýan hormat, ölä-de goýulypdyr. Mazar daşlary milli düşünjäni görkezýän sungat eserleri bolupdyr. Ynsanlaryň ýoluna yşyk tutan ulamalaryň, alymlaryň mazar daşlary selle şekilinde ýasalypdyr. Şeýlelikde dirikä ulamlara hem-de dana-parasatly adamlara goýlan hormat, ölenlerinden soň olaryň mazar daşlaryna hem siňdirilipdir.

Osmanlylaryň köpüsi, özüni Beýik Gudratyň ýanynda hiç hasaplany üçin, ölenlerinde mazar daşlaryna üç harpdan ybarat bolan “Hiç” sözüniň ýazylmagyny wesýet edipdir.

Osmanlynyň maşgala hem-de oba durmuşynyň gözellikleri söwdagärleriň durmuşyna hem öz täsirini ýetiripdir. Jemgyýeti aýak üstünde saklaýan we sosial durmuşyň esaslaryndan biri hasaplanýan söwda, örän düzgün-nyzamly aýlanypdyr. Dükanlar irden “Bismillah” bilen açylypdyr. Kanagat iň wajyp esas hasaplanypdyr.

Käbir baý söwdagärler öz hasabyna metjit gurduryp, metjidiň ähli çykdaýjylaryny şol söwdagäriň özi çekipdir. Metjidiň ýanynda belendräk bir ýerde mermerden oýulyp ýasalan sadaka daşlary goýlupdyr. Sadaka beresi gelen şoňa sadakasyny oklapdyr, pula mätäçler bolsa ol ýerden geregini alypdyr. Metjidiň daşynda mazarlyk bolup, ol ynsanlara ölümi, hasap gününi ýatladyp durupdyr.

 

Şeýle milletim barka...

Günlerden bir gün Osmanly türkmenleriniň hökümdarlaryndan Fatyh Soltan Mämmet han eşigini üýtgedip, halkyň arasyna — bazara çykýar. Bahalary anyklamak üçin dükanlardan birine giren soltan bilen dükançynyň arasynda şeýle gürrüňdeşlik bolýar:

– Ýarym batman ýag ber! Bal hem barmy?

– Ýag bereýin, bal hem bar. Emma ony gapdaldaky dükançydan al!

– Näme üçin sen bereňok?

– Diňe men gazansam bolmaz-a! Men bu günki ryzkymy gazandym. Beýleki dükançylaryň hem çagasy-maşgalasy bar. Olar hem gazansyn diýýärin.

Ýag alan Fatyh Soltan Mämmet, bal üçin gapdaldaky dükana girmeli bolýar. Şol dükandan duz we sabyn hem almak islän hökümdar, birinji dükançydan eşidenlerini ikinji dükançydan hem eşitmeli bolýar:

– Men bu günki ryzkymy gazandym. Siz, bulary gapdaldaky dükandan alyň.

Bu hadysa, soňraky giren dükanlarynda hem gaýtalanýar.

Şeýlelikde bir öýe gerek zatlary almak üçin, on bäş dükana girip çykmaly bolan hökümdar, şol gün şu taryhy sözüni aýdýar:

–    Bir-birine ýürekden bagly, ýakynlarynyň, tutuş jemgyýetiň bähbidini öz şahsy bähbidinden ýokary tutýan şeýle milletim barka men diňe Konstantiniýäni (Stambuly) däl, tutuş dünýäni tabyn ederin.

 

Şahyslaryň ýerine  amallary tankytlamak

Ebu Derda Hezretleri bir ýere barýarka, birnäçe adamyň bir günäkäriň daşyna üýşüp, oňa agyr sözler aýdýandyklaryny gördi. Olaryň ýanyna baryp: “Eger bu adam bir guýa düşen bolsady ony ol ýerden halas etmezmidiňiz?” diýip sorady.

Olar-da, “Elbetde halas ederdik” diýip, jogap berdiler.

Ebu-Derda, “Beýle bolsa, gabahat iş eden doganyňyza agyr sözler bilen käýemegiň ýerine, sizi bu hallardan goran Alla şükür ediň” diýdi.

“Ýeri, sen bu günäkär adama ýigrenç beslemezmiň, eý, Ebu Derda?” diýip soranlarynda, bu Hak dosty örän jaýdar jogap berdi:

“Ýok! Men onuň diňe erbet amalyna ýigrenç beslärin. Amalyny terk eden pursatynda, ol ýene meniň doganymdyr.”

 

Goňşy haky

Metjit howlusyndaky şadyrwanda täret alýan adam güzeranyndan nalaýardy. Aýagyndaky aýakgap könelipdir, egnindäki penjegiň reňki solup, asyl reňkini ýitiripdir. Maddy kynçylyk çekýändigini, bäş çagasynyň bardygyny aýdýan bu ýüzi salyk adama näme iş bilen meşgullanýandygyny soradym. Ol:

- Şişli mähellesinde sekiz gatly (eyažly) bir jaýda gapy garawuly we tämizlikçi bolup işleýärin – diýdi. Geň galdym. Şeýle baý mähelläniň sekiz gatly jaýynda tämizlikçi bolup işleýän adamyň maddy kynçylyk çekmegi meniň üçin geň göründi.

Ady agzalan mähellede ýaşaýanlaryň ählisiniň diýen ýaly örän baý adamlardygyny bilýärin. Sekiz gatly jaýda on alty hojalyk ýaşaýan bolmaly. Bu hojalyklardan her biri hem hyzmatçylary hem-de ýakyn goňşulary bolan jaý garawulynyň goňşuçylyk haklaryny ýerine ýetirseler bäş çagasy bilen ýaşaýan bu adam kynçylyk çekmez, gül ýaly ýaşardy. Ýöne, gynansagam, köpümiz musulmanlygy diňe ahyret düşünjesi bilen baglanyşykly din hasaplap, dünýewi işlerinde musulmanlygyň esaslaryndan daşlaşypdyrys. Musulmanlykdan daşlaşmagyň erbet netijesi ahyretden öňürti bu dünýäde-de özüniň täsirini duýdurýar; iň baý maşgalalar maddy rahatlyk içinde, tämizlikçi goňşularynyň çekýän kynçylyklaryndan bihabar ýagdaýda ýaşaýarlar.

Okyjylarymdan käbiri:

- Bu jaýda ýaşaýan maşgalalar dinlerine bagly kişiler bolsadylar, tämizlikçiniň ýagdaýy üýtgärmidi? – diýmegi mümkin.

- Elbetde! Diňe bir bäş çagaly bu tämizlikçiniň, gapy garawulynyň ýagdaýy däl, her mähelledäki garyplaryň ýagdaýy üýtgär, hiç bir goňşy ýanyndaky goňşusynyň çekýän kynçylygyna göz ýummazdy.

- “Ol nähili beýle?” diýmegiňiz mümkin. Düşündireýin! Çünki, musulman yslamyň kesgitlän goňşy haklaryny berjaý edýän adamdyr.

Yslamyň kesgitlän bu goňşy haklaryny ähmiýetsiz hasaplamaň. Resulullah hezretleri goňşy hakynyň ähmiýetini gürrüň berýärkä, sahabalardan biri:

- Ýa Resulullah; pylan aýal gündizlerini oraza bilen, gijelerini-de namaz kylmak bilen geçirýär. Ýöne, goňşularyna asla dynçyk bermeýär. Goňşularynyň ählisi bilen diýen ýaly urşup çykdy. Olar bilen gatnaşmaýar. Bu zenan barada näme aýdarsyňyz?

Resulullah hezretleri näme diýendir öýdýärsiňiz?:

- Ol zenan dowzahydyr.

Gördüňizmi goňşy hakynyň ähmiýetini? Oraza, namaz ýaly möhüm ybadatlar hem goňşuçylyk hakyny bagyşlatmaýar.

Goňşy hakynyň nähili ähmiýetlidigini öwrendik. Indi bolsa, goňşa kömek etmegiň zerurlygyny beýan edýän bir hadysy gürrüň bereýin:

- Kyýamat güni hasaby görüljek garşydaşlardan ilkinjileri iki goňşudyr. Bulardan garyp goňşy baý goňşusynyň ýakasyna ýapyşar we:

- Ýa Rebbim! Bu goňşym seniň yhsan eden nygmatlaryňy meniň gözümiň öňünde isrip ede-ede harjady, boýnuna borç bolan maňa etmeli kömegini etmedi. Indi Sen mundan sora. Näme üçin Seniň parz kylan mukdaryňy bermedi? Gapysyny meniň ýüzüme ýapdy?

Geliň, indi pikir edip görüň: Rebbiniň huzurynda şeýle sowalyň özünden soraljakdygyna ynanýan musulman özüniň goňşusyny nähili unudyp biler? Özi Rebbiniň yhsan eden rahatlyk we bollugy içinde ýaşaýarka, maddy kynçylykdan ýaňa perişan ýagdaýa düşen din doganyny nähili görmezlikden geler we wyždan rahatlygy bilen ýatyp-turar? Bu, elbetde, mümkin däl.

Emma, musulman hökmünde köpümizde ne iman galdy, ne yhlas. Birnäçämiz, ynha, sekiz gatly bir jaýyň bäş çagaly tämizlikçisiniň gözgyny halda ýaşamagyndan birahatlyk duýmajak ýagdaýa geldik. Emma, bu jaýyň ýaşaýjylary zekatlaryny, pitrelerini, sadakalaryny beren bolsady, mesele bireýýäm çözlüp giderdi.

Sözi uzatmaga ne hajat! Size geçmişde musulmanlaryň goňşy hakyna garaýşy bilen baglanyşykly bir mysaly ýetirmek bilen sözümi soňlaýyn.

Bu waka Ymam Gazalynyň eserinde beýan edilýär:

Sahabalardan biriniň öýünde syçanlar peýda bolýar. Mundan dynmagyň çäresini gözläp ýörkä, oňa:

- Pişik edinseň, syçanlar bir günüň içinde öýüňden gaçyp gider - diýip maslahat berýärler.

Sahaba bu maslahaty berene şeýle jogap berýär:

- Bu meniň hem aklyma geldi. Ýöne, beýtsem, öýümden gaçan syçanlary goňşymyň öýüne sürmek bilen ony birahat etdigim bolmazmy?

Her kim diňe özüni bilse ...

Ynha, aňzakly gyş pasly-da ýetip gelýär. Ýagdaýy gurat bolanlar üçin gyş paslynyň özboluşly bir lezzeti bardyr. Çagajyklaryň, hatda ulularyň daşary çykyp, gar oýnaýyşlaryndaky şatlygy-şadyýanlygy görmäge göz gerek. Hawa, sepgitde pasyllaryň çalyşmagy bilen bir hatarda ynsanyň duýgularynda hem özgeriş-täzeleniş bolup geçýär. Emma bu pasyl çalşygy zerarly özüni  oňaýsyz duýýanlar, muňa gynanýanlar, pasyl çalşygy bilen bir hatarda alada-gaýgysy has artýanlar hem bardyr. Sowuk gyş günlerinde ykjam we ýyly eşigi bolmadyklar, ýangyçdyr odun ätiýaçlygyny edinip bilmedikler uly kynçylyk çekýärler. Şonuň üçin-de öz öýümiz  ýyly, egin-eşigimiz ýeterlik, ýakarlyk odundyr ýangyjymyz üpjün bolsa-da, dinimiziň bize mähirli bolmagy, diňe bir özümiziň däl, başgalaryň-da aladasyny etmegi ündeýänligi sebäpli, gyş güni kynçylyk çekýänler barada hem aladalanýarys. Olaryň gaýgylaryny öz ruhy dünýämizde duýýarys.

Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) bir hadysynda şeýle diýýär: “Musulmanlaryň derdi bilen dertlenmeýänler bizden däldir.” Diýmek,  özümiziň derdimiz, kynçylygymyz bolmasa-da, derdi bolanlaryň derdini öz derdimiz saýmalydyrys we olar barada aladalanmalyryrys.

Goňşularymyzyň biri öýüne tebigy gaz çekdiripdi, emma näme üçindir ony ýakaýanokdy. Bir gün ondan işigine çenli çekdiren gazyndan näme üçin peýdalanmaýandygyny soradym. Ol: “Barymy-ýogumy berip, gapyma gaz çekdirdim. Jübimde gazpeç alar ýaly pul galmady. Şonuň üçin-de bu gyş tebigy gazy ulanyp bilmäýmesem...” diýdi.

Şonda, başga-da şuňa meňzeş ýagdaýa düşen kişiler, maşgalalar bar bolsa, munuň şeýledigini-de töweregindäkiler bilýän bolsalar, onda bu ýagdaýdan habarly adamlaryň boýnuna şol mätäç kişilere kömek etmek webalynyň –jogapkärçiliginiň düşýändigi barada oýlandym.

Töweregindäki jemagatyň arasynda şular ýaly mätäç kişiler bolan bir mesjidi göz öňüne getiriň: adamlar günde bäş wagtyna ýygnanyp, bile namaz okaýarlar, emma olar öz biri-birilerniň şu ýagdaýyna hiç pitwa etmeýärler, her kim diňe özüni bilýär, öz durmuşyny ýaşaýar, töweregindäkiler barada alada edip, olaryň hal-ýagdaýy bilen gyzyklanmaýar diýeliň.

Onda şol adamlar bu mesjide näme üçin ýygnanýar, aslynda ýygnanmakdan maksat näme?

Günde bäş wagtyna ýygnanyşyp, günde bäş wagtyna birek-birek bilen didarlaşyp durandygyna garamazdan, mümkinçiligi, hal-ýagdaýy barlar mätäçlik çekýänlere ýardam elini uzatmasynmy?!

Eger ýagdaý hakykatdan hem şeýle bolsa, onda  meseläniň jümmüşine aralaşmagy başarylmandygy, ýygnanyşmagyň sebäbine doly düşünilmändigi ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýda mesjide gelýänleriň belli wagtlarda bir ýere üýşüp, bir salymdan-da dargaşýan, bir-birine keseki nazary bilen seredýän ynsanlardan näme tapawudy bolup biler? Yslamyýet bu hala gelse, Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) “Musulmanlaryň derdi bilen dertlenmeýän bizden däldir” diýen duýduryşy nirede galýar?

Biziň gün-güzeranymyz ýerinde wagty töweregimizdäkileriň hem aladalasyny etmäge borçludyrys. Eger biz öz erkimiz bilen bu barada çuňňur oýlanmasak, Allah bizi oýlanmaga mejbur edip biler. Kitaplarda munuň bilen baglanyşykly şu tymsaly gürrüň berýärler:

Petde-petde gar  ýagyp, agaçlaryň boýuny ýarpylanmyş. Bir garga-da agajyň çür başynda oturan ýerinden, “Ýag, ýag, agaçlaryň depesine çykýançaň ýag” diýip, gagyldaýarmyş. Ony eşiden serçeleriň biri garga närazylyk bildirip, şeýle diýipdir:

- Sende wyždan, merhemet ýokmy? Eşigiň gaty ykjam. Özüň sowuga çydamly. Emma, men serçe – men ejiz. Näme üçin men barada-da oýlanmaýarsyň? Diňe bir öz hezil ederiňi bilip,  “Agaçlary boýlaýançaň ýag, ýag” diýýärsiň...

Garga serçäň bu nalyşyna ähmiýet bermändir. Emma ol “Ýag, ýag, agaçlary boýlaýançaň ýag” diýip, şol bir heňine tutduryp durşuna, arkadan bir garagol oglanjygyň gelip, özüne tor oklanynam, özüniň tora düşeninem bilmän galypdyr. Garga oglanjygyň elinden sypjak bolup, iki ýana urunýarmyş, oglanjyk bolsa ony sypdyrmajak bolup, onuň ganat-perlerinden has mäkäm ýapyşýarmyş. Şol aralykda, garganyň üstündäki ähli perleri-ýelekleri ütüm-ütüm bolupdyr. Garga ahyry oglanjygyň elinden gutulmagy başarypdyr. Emma indi ol aldajy sowukda ýalaňaç galypdyr. Garga şondan soň, gar ýagmaga başladygy: “Ýagma, ýagma, üsti-başy çyplak bar, ýalaňaç bar” diýip gygyrýarmyş.

Onuň gözgyny halyna ýüregi awan serçe:“Näme, üsti-başy çyplagyň, ýalaňajyň bardygyna düşünmek üçin hökman özüň şol ýagdaýa düşmelimidiň?” diýipdir.

Biz hem bu ýagdaýa düşmezden öň, mätäç kişiler bar bolsa, olaryň aladasyny etmeli. Elimizden geleninden olara kömek etmeli.

Puluny bergilä berensoň...

Sada, päk ýürekli adamdy. Tapan güni iýer, tapmadyk güni bolsa sabyr ederdi. Gününden nadyl bolmak asla aklyna-da gelmezdi. Öýüň bar girdejisi aýalynyň egirýän ýüplügidi. Ol aýalyna taýýar ýüň getirip berýär, aýalynyň egren ýüňlerini-de äkidip, Basranyň köp jemendeli bazaryna äkidip satýardy.

Bir gün ýene-de Basra bazarynda aýlanyp, ýüplügini satypdy. Puluny berk gysymlap, öýüne gelýärkä ýolda algyly biriniň bir pukaranyň ýakasyndan ebşitläp tutup, silterläp duranyny görüpdi:

- Edýäniň näme, näme üçin görgülini silterläp dursuň? - diýip, aralaryna goşuldy. Alyjy ýüzüni garaldyp:

- Beýle nebsiň agyrýan bolsa, bergisini sen beräý. Tölemeli wagty bireýýäm geçip gitdi.

- Elindäki puly sanady, ylaýyk pukaranyň bergisine barabardy. Sähel salym hem iňirjeňlenmän puly algyla uzatdy:

- Al, ine, puluň. Näme bir bendä sütem edýärsiň? Şu mahal ýagdaýynyň ýokdugyny, mümkinçiligi bolsa berjekdigini aýdýar. Jemgyýetde bir-birimize düşünişip ýaşasak has gowy bolmazmy? - diýdi. Puluny alan adam garasyny saýlansoň, bergili pukara hem boýnuny büküp:

- Seni Allah iberdi, ýogsam, bu adam güzap baryny görkezerdi – diýip, alkyş baryny aýdypdyr.

Adamsynyň öýe eli boş gelenini görüp geňirgenen aýalyna ýagdaýy bolşy ýaly gürrüň berdi. Aýaly:

- Bu gije hem aç ýatanymyz bilen ölesimiz ýokla, bähbitlisi bolsun hernä - diýip ýanýoldaşyna göwünlik berdi.

Gün dogdy. Egrilen ýüňi alyp, bazara ylgady. Ýöne, agşama çenli aýlansa-da, ýüplügine hyrydar tapmady. Göwniçökgün halda öýe dolandy. Ýolda bir balykçy onuň yzyndan ýetdi. Onuň ýüzündäki keýpsizligi görüp, sebäbini sorady. Adam ýüplügini satyp bilmändigini aýtdy. Balykçy özüniň hem günüň dowamynda tutan ýekeje balygyny satyp bilmändigini aýdyp, şeýle teklip etdi:

- Men saňa balygy bereýin, sen hem maňa ýüplügiňi ber!

Ellerindäkileri çalyşdylar. Ýüplügi alan nätanyş adam derrew gözden ýitensoň, ol hem derrew öýe gelip balygy agşamlyk nahar taýýarlamagy üçin aýalyna berdi. Ýöne, balygyň garnyndan çykan daşa meňzeş ýaldyrawuk jisim ünslerini çekdi. Derrew golaýdaky zergäre gitdiler. Zergär daşy oňat synlap, şeýle teklip etdi:

- Bu örän gymmatly daş. Eger daşy sataryn diýseňiz, balygyňyzyň agramyna barabar altyn berip bilerin!

Razy boldular. Ep-eslije altyn pul aldylar. Şunlukda, garyplygy hem indi gapydan kowupdylar. Öýlerine ýetiberenlerinde yzlaryndan ýeten bir adam olara şeýle seslendi:

- Haýyş edýän, maňa balygymy gaýtaryp beriň. Men eden söwdamdan puşman boldum!

Bir salym aýaly bilen maslahatlaşyp, şeýle jogap berdi:

- Balyk ýok, emma garnyndan çykan zat bar, isleseň şony bereýin - diýdi.

Özüni balkyçy diýip tanadan adam derrew razy boldy.

Ýüplükçi elindäki bölegi uzadyp:

- Al! – diýende welin, balykçy şeýle diýdi:

- Balyk saňa halal bolsun, garnyndaky daş bilen bilelikde! Men bir perişde, seni synamak üçin geldim. Buşluk, synagyň şowly netijelendi. Pukara adamyň bergisini üzmegiň Allahyň saňa şeýle yhsanyna sebäp boldy!

Şondan soň, perişde gözden gaýyp boldy, seretseler töwerekde hiç kim ýok.

Bir hadysynda söýgüli Pygamberimiz (s.a.w.) şeýle diýýär:

- Allah kynçylyga düşen guluna ýardam eder, gul kynçylyga düşen gardaşyna ýardam etse!..

 

Allahdan umyt kesilmez

Size bir sowal: Öz ömrüňiziň ahyrky netijesini bilýärsiňizmi? Jennete gitjekdigiňiz ýa-da dowzahda ýanjakdygyňyz size mälimmi? Elbetde, bu bize mälim däl, şeýle dälmi? Ählimiz umyt we gorky arasynda bu ahyrky netijä garaşýarys.

Hut şonuň ýaly, başga ynsanlaryň hem hasap gününden soňraky hallary bize nämälim. Şu halda, mümin Allahyň hiç bir guluna ters göz bilen garamaly däl, ähli ynsanlar bilen hoşniýetli, mähirli gatnaşykda bolmalydyr.

Hormat görmek isleseňiz, garşyňyzdaka hormat goýmagy başarmaly, ynsalara mähirli ýüzlenmegi özümiz üçin ahlak aýratynlygy halyna getirmelidiris. Çünki, bu dünýäde kime nähili netijäniň garaşýandygyny bilmek mümkin däldir...

Häzir, bu mowzuk bilen baglanyşykly ynsany oýlanmaga mejbur edýän bir hadysy gürrüň bereýin.

Hz. Pygamber (s.a.w.) daşyna üýşüp, üns bilen gürrüňini diňläp oturan sahabalaryna şu wakany gürrüň berýär:

Ysraýyl ogullarynyň arasynda düşünjesi bir-biriniňkä ters iki adam bolupdyr. Biri günäkär halda, beýlekisi-de ybadatlaryny berjaý edip ýaşapdyr. Ybadatlaryny ýerine ýetirýän adam günäkär adama her pursatda diýen ýaly, “Beýle etme” diýýär, ýygy-ýygydan oňa duýduryş berýär eken. Kämahal-da, günäkär adamy ters ýolundan gaýtarmak üçin göwne degiji sözler ulanypdyr. Onuň bu duýduryşlary halys degnasyna degensoň, günäkär adam gaharlanyp:

- Meni Allahym bilen baş-başa goý. Sen meniň günälerimiň hasapçysy we soragçysymyň? – diýipdir. Onuň bu sözleri ybadatly kişiniň has hem gaharyny getiripdir. Ol hem:

- Allahyň adyndan ant içýän. Sen asla jenneti görüp bilmersiň. Muny bilip goý! – diýip, jogap beripdir.

Şunlukda, aralaryndaky gatnaşyk bozulan bu iki adam şeýle halda dünýäden ötýärler. Ikisi-de Allahyň huzuryna çykýarlar. Allahutagala ybadatlaryny berjaý eden guluna şeýle ýüzlenýär:

- Guluma “Allah seni bagyşlamaz, jennetine almaz” diýip höküm keser ýaly meniň merhemetim we erkim seniň eliňdemidi? Näme üçin meniň adymdan jenneti, dowzahy paýladyň?

Mundan soňra günäkär adama:

- Bar, seni jennetime alýaryn – diýýär. “Sen dowzahysyň” diýip, öz ýoldaşynyň umydyny kesen guluna-da:

- Bar, sen hem dowzaha .. – diýýär.

Hawa, düşünjeli adam hiç wagt hiç kimi kiçi görmez, göwnüýetmezçilik etmez, ynsanlaryň ýagşylyga bolan umydyny kesmez. Hiç birimiz kimiň nire gitjegini bilmeýäris. Netijäni biz däl, Allahutagalanyň özi kesgitleýär. Mümin hiç bir mümin doganynyň umydyny kesmez, “Sen jennetlik” ýa-da “Sen dowzahy” diýip, özüçe höküm çykaryp bilmez. Ähli müminler şol ahyrky netijä gorky we umyt gatyşykly halda garaşarlar.

Şu halda, her kim bilen oňat gatnaşykda bolmak, ynsanlara hoşniýetlilik bilen garamak müminiň esasy sypatlaryndan biridir. Musulman diýmek, hoşniýetli we ynsanlara hormat goýmagy başarýan adam diýmekdir. Siz aýdyň, ýalňyşýarynmy?

 

Agzybirlik we doganlyk

Üstünligiň açary – agzybirlik we doganlyk

Agzybirlik we doganlyk Allanyň ynsanlara üstünlik nesip etmeginiň iň möhüm sebäplerinden biridir. Jemgyýetde agzybirlik we doganlygyň bolmagy üçin birgiden esas bardyr: Allamyz bir, Pygamberimiz bir, kyblamyz bir, dinimiz bir, dilimiz bir, aslymyz bir.... bir, bir... onlarça, ýüzlerçe bir...

Dinimiziň ähli emirlerinde diýen ýaly jemgyýetiň içinde, ynsanlaryň arasynda agzybirligi pugtalandyrmak islegi duýulýar. Meselem: namaz müminleri günde bäş gezek bir gümmeziň astynda jemleýär. Ilki gelen öňde oturýar, soňraky gelen arkada. Kähalatda, ýüzüni hem görmek islemeýän kineli adamymyz bilen egin-egne namaz kylmaly bolýarys. Emma, ol mübärek mekanda, wagtlaýyn hem bolsa, ähli kineleri-öýkeleri unudýarys. Sap tutup duranymyzda tirseklerimiz biri-birimiziňkä degýär, eginlerimiz biri-birimiziňkä daýanýar. Alnymyz seždä baranda, gollarymyz hem doganlarymyz bilen sarmaş-dolaş bolýar... Bularyň ählisi ýanynda duran şahsymyz bilen aramyzda käbir ruhy ýakynlyklar, birleşmeler, baglanyşyklar döredýär. Ýagny, biz parhyna barmasak hem ruhy ýakynlyk, köňül birligi emele gelýär. Iň azyndan, ýanynda duran adamymyzyň gaçyljak, gorkuljak, daş duruljak biri däldigine ynanýarys. Onuň hem kalbynda Alla gorkusynyň bardygyna göz ýetirýäris.

Seläligi we agzaçary bilen,  maddy we ruhy gözellikeri bilen ähli ynananlaryň 11 aý garaşýan muşdagy Remezan orazasyndan, garyp we baý arasyndaky möhüm köpri, deňagramlylygy saklaýan esas bolan zekata; ondan hem öz mähellämizdäki metjidiň ulaldylan görnüşi bolan Käbede has uly jemagat halynda dünýäniň dürli künjünden gelen ynsanlar bilen ýakynlaşmak we birleşmek, aýry-aýry reňk we milletden bolan adamlar bilen bir metjidiň gümmeziniň astynda jemlenmek arkaly diňe bir jemgyýeti däl, halklary, milletleri jebisleşdirýän haj parzyna çenli ähli ybadatlarymyz bizi agzybirlikde ýaşamaga çagyrýar we muňa öwrenişdirýär.

 

Beýik Kelamyň we Beýik Ynsanyň (s.a.w.) agzybirlik we doganlyk bilen baglanyşykly ölçegleri

Kuran “Eý müminler, Alladan nähili gorkulmaly bolsa, şeýle gorkuň” ýagny, halala ýöneliň, haramdan daş duruň, her iş we amalyňyzda Onuň (j.j.) sizi synlaýandygyny unutmaň...” we “Ähliňiz birlikde Allanyň (sarsmaz we üzülmez, ýolunmaz ýüpi bolan) Kurana pugta ýapyşyň. Bölek-bölek, topar-topar bolup (birleşmesi kyn polýuslar halynda) parçalanmaň...” (A.Imran, 3/102-103) diýip buýurýar. Başga bir aýatda-da, “Allanyň we Resulynyň emirlerine gulak asyň, bir-biriňiz bilen dawalaşmaň, ýogsam (bitewiligiňiz) gowşap, gorka düşersiňiz we güýjüňizi ýitirersiňiz.” (Enfal, 8/46) we “Müminler dogandyr; doganlaryňyzyň arasyndaky kineleri gideriň” (Hujurat 49/10) diýilýär we dowamynda-da “Bir-biriňizi ýaňsylap, üstünden gülmäň, aýyplamaň, bir-biriňize lakam dakmaň” diýlip, agzybirligi sarsyp biljek howplara üns çekilýär. Ýene Kuran “(Habybym), Sen ýer ýüzünde bar bolan ähli zady sarp etseň, ýene-de olaryň köňüllerini birleşdirip bilmerdiň. Emma Alla olary birleşdirdi” (Enfal, 8/63) aýaty bilen-de, köňülleri birleşdirmegiň asyl Kimiň elindedigi bildirilýär.

Pygamberimiziň (s.a.w.) nurana ömrüniň dowamynda bu emirleri nähili durmuşa geçirendigini Onuň (s.a.w.) ömür beýany barada ýazylan kitaplarda görmek mümkin. Bu makalamyzyň çäginde, şol kitaplardaky mysallardan diňe birnäçesini getirýäris:

Resulallanyň (s.a.w.) Medinä hijretinden öň ýüze çykan Buas wakalarynda medineli Ews we Hazreç taýpalarynyň arasynda ençeme ganly çaknyşyk bolup, ilerki ýyllarda yslamyň iki kuwwatly hemaýatçysyna öwrüljek bu iki taýpa, bir-biriniň ýanbermez duşmany halyna gelipdi. Hijretden soňra ady agzalan iki taýpa Söýgüli Pygamberimiziň (s.a.w.) nurly eli bilen şeýle bir bileşip, şeýle bir doganlaşypdylar welin, mallarynyň ýarysyny, baglarynyň bir bölümini, öýleriniň bir otagyny ikirjiňlenmezden biri-birine berip bilýärdiler; müşrikleriň garşysynda egin-egne jeň edip, gerek ýerinde biri-biriniň ugrunda ölmäge razydylar; aç we mätäç mümin dogany doýsun diýip, çemçesini çorbaly tabaga boş äkidip-getirýärdiler; bir söz bilen doganymy ynjytdym diýip, başyny onuň dabanynyň astynda goýup, “Bas doganym we ýazygymy bagyşla” diýmegi başarjak derejede doganlaşypdylar; jeň meýdanynda ölümiň bäri ýanynda içleri teşnelikden ýanýarka, içmäge hyýallanan bir owurt suwuny doganynyň agzyna uzatjak derejede pidakär ynsanlara öwrülipdiler.

Kimdir biri aýyplanmaly bolsa, ol-da öz nebsimizdir

Başgalaryň kemçiligini gözlemek bilen meşgul bolan ynsan öz kemçiligini görmegi başarmaz we hem özüniň hem başgalaryň oňat taraplaryny görmekden mahrum galar.

Başgany çökermek, batyrmak, ýykyp-ýumurmak we onuň harabalygynyň üstünde öz bagt binaňy gurmaga çalyşmak Pygamberleriň däl, Faraonlaryň işidir. Älemleriň Serweri (s.a.w.) tutuş ömrüniň dowamynda synan köňülleri seýikläp, olary gözel duýgular bilen doldurmak üçin jan edýär, iň ýowuz duşmanlaryna garşy-da ýaňsylaýjy, olaryň mertebesini peseldiji söz aýtmaýar. Aýşe enemize töhmet atyp, müminleriň arasynda hoşnutsyzlyk çykaran munafyklaryň baştutanynyň ogly: “Rugsat ber, ýa Resulullah, kakamyň tepbedini okaýyn!” diýende, Ol (s.a.w.): “Muhammet dostlaryny öldürdýär diýdirmen” diýip jogap berýär. Ýyllar boýy müminlere iň ýowuz zulumlary eden Ebu Sufýany, Ebu Jehiliň ogly Ikrimäni, jan-jigeri daýysy Hz. Hamzanyň bedenini parçalan Wagşyny, Hindi we beýlekileri Mekgäniň musulmanlar tarapyndan eýelenen güni “Bu gün size ezýet ýok” diýip bagyşlan Allanyň Resulynyň şol uç-gyraksyz hoşniýetlilik göreldesi biziň üçin-de durmuş dessury bolmaly dälmi?

Hawa, mümine ýaraşýan köňülleri ýykmak däl, köňüllerde tagt gurmakdyr. Kimdir biri aýyplanmaly bolsa, ol-da öz nebsimizdir. Jemgyýetde bitewilik köprüleri başgalaryň aýyplaryny paş edip, ýüzlerine gara tagma basmak arkaly däl, olary bagyşlamak, öz ýazyklaryny aklamak üçin ikinji bir mümkinçilik döretmek arkaly gurulýandyr. Hormatly ýurt baştutanymyzyň her ýylyň gadyr gijesinde azatlykdan mahrum edilen müňlerçe ildeşlerimiziň ýazygyny bagyşlap, olary ýaňadan jemgyýete gazandyrmagy gürrüňi edilýän mesele bilen baglanyşykly iň oňat mysal we göreldeleriň biridir.

 

Kine ýürekdäki “kine duýgusyna” garşy bolmaly

Duşmanlyk, “duşmanlyk duýgusyna” garşy bolmaly, mümin doganymyza garşy däl. Kine ýürekdäki “kine duýgusyna” garşy bolmaly. Duşmanlyk etmek hem, başgalaryň duşmanlygyny gazanmak hem mümine ýaraşmaýar. Hawa, mähir we muhabbet ynsany bolmaly mümine duşmanlyk we kine asla ýaraşmaýar. Hökman nämedir bir zada, kimdir birine duşmanlyk edilmeli bolsa, ýokarda hem nygtaýşymyz ýaly, ruhlary gurşap alan duşmanlyk düşünjesine, ýigrenç duýgusyna, kine saklamaklyga, erksizlige, milli we ruhy esaslarymyzy sarsmaga, bitewiligimizi bozmaga çalyşýanlara garşy duşmanlyk götereliň.

Umumylyklarymyz

Mümin ýyldyrym ýalydyr. Ýagtylyk bolup doglar, sekuntlar bilen hasaplanylýan tizlikde öňe hereket eder; ýyldyrym bolup kükrär emma, yzysüre rehmet ýagmyryna öwrülip, teşneleri gandyrar, Alemlere rehmet diýlip iberilen Pygamberimiz (s.a.w.) ýaly, köňülleriň kir-kimirini ýuwar we gözlere nur saçar. Hawa, müminiň şygary duşmanlyk däl, söýgüdir, muhabbetdir: “Alla olary söýer, olar-da Allany söýer. Müminleriň ýanynda (pespällikden) ýüzleri ýerde, kapyrlaryň garşysynda-da ýowuz we ýanbermezdirler... (Maýide, 5/54).

Ähli müminler bilen örän uly meňzeşliklerimiz, umumylyklarymyz bar: Bizi bir-birimize baglaýan Rebbimiz, Pygamberimiz, Kitabymyz, Käbämiz, taryhymyz we ş.m. şeýle kän umumylyklarymyz barka, bularyň ählisini görmezlikden gelip, siňek ganady mysaly kiçi meselelerden ötri mümine garşy kine saklamak, duşmanlyk etmek nädogrydyr.

Teklip

Pygamberimiz (s.a.w.) bir hadysynda Allaha we ahyret gününe ynanýan adamyň goňşusyna hödür etmegini ündeýär. Söýgüli Pygamberimiziň bu sargydyna laýyklykda, köçäňizde ýa-da ýakyn töweregiňizde ýaşaýan maddy mätäçlik çekýän goňşularyňyzdan biri üçin “Hemaýat torbasy” taýýarlaň. Güýjüňiziň ýetdiginden şol goňşy maşgala üçin zerur hasaplaýan zatlaryňyzy – azyk, çagalar üçin egin-eşik we ş.m. salyşdyryň. Goňşyňyzyň özüni size borçly duýup gezmezligi, sizi görende utanmazlygy üçin, mümkin bolsa, torbany goňşyňyzyň tanamaýan birinden iberiň. Özüne ýardam edeni, kömek goluny uzadany goňşyňyz bilmese-de, Allanyň bilýändigini, esasy zadyň hem şoldygyny ýatdan çykarmaň.

Torbany diňe bir maşgala däl, birnäçe goňşy jemlenip hem taýýarlap bilerler.

Ýagşylyk etmek üçin maddy ýagdaýym gowy däl diýip gynanmaň. Islese, her kim özünden has mätäç birini tapyp biler.

Goňşularyňyza maddy kömek goluňyzdan gelmese, atalarymyzyň “Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmudy?” pähimine eýerip, siziň görme-görşe barmagyňyza garaşmaýan, entek tanyşmadyk goňşularyňyzdan biriniňkä kiçijik bir sowgat bilen baryp, tanyşlyk açyp bilersiňiz. Pygamberimiz (s.a.w.): “Kim goňşysynyň ynamyny gazanyp bilmedik bolsa, ol kişiniň imany doly däldir” diýip, goňşular bilen oňat gatnaşykda bolup, olaryň ynamyny gazanmagyň, ynsanyň imanynyň kämil bolmagynda aýratyn ornunyň bardygyny nygtaýar. Hiç kim tanamaýan, bilmeýän adamyny sylap, söýüp, hormat goýup, oňa ynanyp bilmeýär. Şu halda, ilkinji nobatda goňşular bilen tanşyp, olar bilen mähirli gatnaşykda bolmak müminiň esasy sypatlaryndan biridir. Goňşy gatnaşyklarynda birek-birege pugta ynamyň bolmagy birnäçe  jemgyýetçilik meselesiniň hem bire-bir çözgüdidir. Goňşuçylyk gatnaşyklarynyň kämil nusgasyny döreden ata-babalarymyzyň asyrlar boýy gapysyna gulp urman ýaşandygy, obalarda setenda-seýranda bolaýmasa, asla ogurlyk hadysasyna duş gelinmändigi munuň şeýledigini tassyklaýan mysallardan diňe käbiridir.