بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Hasan (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!): «Alymyň azaby onuň kalbynyň ölümidir, kalbynyň ölümi bolsa ahyrete derek dünýäni talap etmekdir» diýdi.

Başy » «Zaman» gazeti » EDEP

Edep bir jygadyr nur-y Hudadan, geý ol täji, gutul her bir beladan

Edep, asly arapça söz bolup, “Hormat” diýmegi aňladýar. Emma, bu gün, bu söz türkmen dilinde “terbiýe” manysynda has giňden ulanylýar.

Edep dini esaslar arkaly ruhda gazanylan ikinji bir ahlak ýa-da sözüň has giň manysynda, ruhuň din bilen bitewileşip, durnuklylyk gazanmagydyr. Ýöne, her diniň ynsany edepli kylmaýandygy hem bellenip geçilmeli hakykatdyr.

Edep, şol bir wagtyň özünde, yhsan mertebesine ýetmegiň-de adydyr. (Yhsan:Ynsanyň Allahyň huzuryndadygyňy her daýym unutman, gulluk borçlaryny ony köňül nury bilen görýän ýaly ýerine ýetirmegi.)

Edep, durmuşyňy Pygamberimiziň (s.a.w.) parz we wajyplaryň daşyndaky hal-hereketlerine laýyklykda ýaşamak, durmuşyňy Onuň durmuşyna meňzetmekdir.

Könelerimiz, bu manylaryň ählisini öz içine alýan ençeme paýhas dürdänelerini bize miras galdyrypdyrlar:

Edepdir kişiniň daýym lybasy,

Edepsiz ynsan ki ürýana meňzär.

“Ýagny, edep ynsan üçin lybasdyr, eşikdir. Edepsiz kişi, ýalaňaç galan ýalydyr.“

Edep bir jygadyr nur-y Hudadan,

Geý ol täji, gutul her dürli beladan.

“Edep bir täçdir. Ol täji geýen her dürli beladan halas bolar. Sen hem belalardan gutulmak isleseň, hemişe edepli bolmaga çalyşmalysyň.”

Edep ylym ählinden haly galmaz.

Edepsiz ylym okandan alym bolmaz.

“Edep bar bolsa, ylym hem bardyr. Emma edepsiz ynsan kitaphanalary ýuwutsa-da, ýene hakyky alym hasaplanmaz. Çünki Ýunus Emräniň aýdyşy ýaly:

Ylym ylym bilmekdir,

Ylym özüň bilmekdir,

Seni özüňi bilmez sen,

Bu nije okamakdyr.

Özüňdäki syrlary açyp, özüňi tanamadyk bolsaň, okan ylymlaryňdan saňa ne peýda!”

Edebiň iň kämil nusgasyny görkezen Allah Resulydyr (s.a.w.)

Hz. Ebu Bekir (r.a.) Allah Resulyndan (s.a.w.):

- Eý Allahyň Resuly! Seni edeplendiren we gözel terbiýe eden kim? – diýip soraýar. Allah Resuly (s.a.s.) jogap berýär:

- Meni Rebbim edeplendirdi we gözel terbiýe etdi!..

Hezreti Ebu Bekiriň gyzy we Pygamberimiziň (s.a.w.) ýanýoldaşy, ählimiziň-de kyýamata we ol ýerden-de soňsuza çenli enesi Hz. Aýşeden (r.anha):

- Allah Resulynyň ahlagy nähilidi? – diýip soraýarlar.

- Siz hiç Kuran okamadyňyzmy?

- Okadyk.

- Onuň ahlagy-da Kurandy.

Ynha, Mürebbisi (terbiýe edijisi) Allah bolan Pygamberimiziň (s.a.w.) edebi iň kämil derejededir. Diýmek, edep öwrenmek isleýän Oňa seretmeli we Ondan nusga almalydyr.

Hak tagala ony ähli ynsanlara görelde boljak edep bilen ýaradypdyr we terbiýeli kylypdyr. Ýogsam, Pygamberlik ýüküni götermek mümkinmidi?.. Eger bu terbiýe bolmadyk bolsady we Ol hem biziň ýaly ýalňyşlyklara düşsedi, muňa diňe onuň şahsy bilen baglanyşykly ýalňyşlyklar hökmünde seredilmän, iň kiçi hatasy milliardlarça ynsana öz erbet täsirini ýetirerdi. Şonuň üçin, Rebbi ony bizler üçin nusgalyk edep bilen hut özi terbiýeläpdi.

Entek Pygamber bolmanka, Käbede oňaryş, serenjam beriş işleri geçirilýärdi we Allah Resuly-da (s.a.w) bu işde öz kömegini gaýgyrmaýardy. Ol bütin ömründe hemişe haýryň we haýyrly işleriň ýanynda bolupdy. Agasy Hz. Abbas (r.a.) etegini egnine atyp, daşyň egnini sypjyrmagynyň öňüni almaga çalşypdy. Allah Resulynyň (s.a.w.) bolsa egni ep-esli sypjyrylypdy. Hz. Abbas Allah Resulyna-da (s.a.w.) öz edişi ýaly etmegi maslahat berýär. Emma beýle etse, Pygamberimiziň edep ýerlerinden bir bölegi açyljakdy. Bu maslahaty diňlän Allah Resuly (s.a.w.) etegini galdyryp-galdyrmanka, birden gözüne bir melek görünýär. Gorkusyndan ýere ýykylýar. Ömrüniň dowamynda edep ýerlerini gaýdyp açmaýar. Ynha ol, entek Pygamber bolmanka hem, Rebbiniň goragy astyndady...

Allah Resuly “Ömrümde iki gezek toýa gitmäge hyýallandym. Ikisinde-de şeýle bir agyr uky basmarlady welin, uklap galdym. Her ikisinde-de, uýananymda toýuň bireýýäm gutarandygyny gördüm” diýýär.

Bular pygamberliginden öňki bolan hadysalardyr. Hak tagala Oňa ömrüniň hiç bir pursatynda günä iş etdirmeýär we bu diňe Allah Resulyna mahsus bolan adatdan daşgary ýagdaýdyr.

Çagalygynda (Oňa çaga diýmäge-de utanýan. Ol hemişe kämildi) melekler onuň kükregini açyp, Onuň kalbyndan lümme-ýi şeýtaniýeýi (şeýtany tegmili) çykaryp zyňýar. Her ynsanda bar bolan we şeýtanyň dürli oklarynyň nyşanasy bolan bu gara nokat Allah Resulyndan (s.a.w.), sogrulyp alnyp, zyňylýar. Bizi was-waslary bilen günäleriň girdabyna süýreýän, gan damarlarymyzda aýlanýan şeýtan Allah Resulynyň (s.a.w.) golaýyna-da gelip bilmeýär. Hawa, ol düýbünden başga ynsandy...

Hak tagala oňa pygamberliginden öň günä iş etdirmeýşi ýaly, soňra-da etdirmeýär. Ol, doglan günündäki ýaly dury we päk durmuş ýaşaýar. Ol edebiň jisimleşen şeklidi...

Onuň edebi tutuş durmuşyny gurşapdy

Ol nirede we nähili hereket etse, ynha ol hereketi, şol mowzuk bilen baglanyşykly edepdi. Meselem, käwagt Allah Resuly (s.a.w.) gaharlanardy, gazaba münerdi. Şeýle hereket etmegi edepdi. Çünki ol ýerde bir haksyzlyk bardyr. Allah resuly bolsa, haksyzlygyň iň aman bermez duşmanydyr. Ol, hak ýerini tapýança diňmek bilmeýän gazap bilen kükrärdi. Şol pursat göýä dagy-daşy lerzana getirýän şirlere meňzärdi. Emma, hiç wagt öz şahsyna garşy edilen iň uly haksyzlyk garşysynda-da gaşyny çytany görülmändi. Çünki onuň edebi, özüni şeýle alyp barmagyny gerekdirýärdi.

Sahabalaryň hataryna girendigine garamazdan, heniz bedewilikden, çöl wagşylygyndan saplanyp bilmedik bir adam gelip, Allah Resulynyň  (s.a.w.) ýakasyndan silterläp tutup, hakyny talap edipdi. Hatda, bu gazaply silterleme zerarly, ýakalygy Allah Resulynyň  (s.a.w.) mübärek boýnunda yz galdyrypdy. Sahabalary gazap atyna ataran bu herekete, Allah Resuly  (s.a.w.) diňe ajy ýylgyryş bilen garşylyk berýär we “Bu adama soraýan zadyny beriň” diýmek bilen ýetinýär. Onuň geçirimliligi şeýle giňdi...

Örän saýlantgy adamlaryň hem gaharlanjak we gaharlanmaklarynyň-da ýerlikli we dogry hasaplanjak ençeme ýerinde Allah Resuly  (s.a.w.) özüniň özgelerde bolmadyk edebini Kuýaş kibi görkezipdi. Ynha munuň iň täsirli mysallaryndan biri:

Uhud söweşi

Uhud söweşine gitmezden öňürti gören düýşünden soňra, Medinede galyp goranyş söweşi etmegiň has dogry boljakdygyna göz ýetiripdi. “Onuň düýşi ki, wahý diýmekdir.” Ol düýşlerinde bar zady aç-açan görerdi. Pygamberliginiň ilkinji alty aýynda diňe şeýle düýşler görüpdi. Görýän düýşleri durmuşy hadysalar bilen şeýle bir kybapdaşdy welin, gije görenleriniň ählisi gündiz hakykat bolup çykýardy. Uhut söweşinden öň hem bir düýş görüpdi, hatda iň ýakynlaryndan biriniň şol ýerde şehit düşjekdigini-de aňypdy.

Ilki sahabalaryna Medineden çykmazlygy ündedi. Emma ashab şeýle bir hyjuwlydy welin, sydk bilen yslama hyzmat etmek düşünjesi emre gulak asmaklaryna päsgel berdi... Hawa, olaryň bu hereketini başga hili düşündirip bolmaz. Bir ýola baş goýupdylar. Ol ýolda ölümiň üstüne kükrek gerip, şirler kibi ýöremek isleýärdiler. Enes b.Nadr ýaly Bedir söweşine gatnaşyp bilmezligiň ezýetini, ökünjini bir ýyllap kalplarynda göterenler, göýä gynyndan sogrulan gylyç ýalydylar. Jeňe çykmak üçin ýalbaryp-ýakarýardylar. Bu ýerde-de Allah Resulynyň  (s.a.w.) jemgyýetçilik edebini görýäris. Ol ashaby bilen oturyp, maslahat edýärdi. Maslahatda agyr gelen garaýşyň garşysyna gidip, öz sözüni gögertjek bolmaýardy. Bu-da hakyky lideriň edebidi. Onsoň hem, tutanýerlilik edip dursa, sahaba hökman ony diňlärdi. Emma, müňde bir hem bolsa, Pygambere  (s.a.w.) garşy gitmek ähtimallygy olaryň Allahyň gazabyna duçar bolmagyna sebäp bolup bilerdi. Allah resuly  (s.a.w.) söz diňlemezlik zerarly sahabalaryna sähelçe-de bolsa zeper ýetmegini, olaryň ylahy azaba uçramagyny elbetde, islemezdi. Bir salym soňra sahabalar hem razy bolupdy. Ýöne, Allah Resuly  (s.a.w.) eýýäm sowudyny geýipdi. Indi, ony çykarmagy dogry bolmazdy.

Uhuda gidildi. Allah Resuly  (s.a.w.) goşuna özi nyzam berdi. Ol jeňde hakyky serkerdedi. Goşuny söweş meýdanyna kämil görnüşde düzüp, ýerleşdiripdi. Şonuň üçin duşman ilkinji hüjümde çym-pytrak bolup, gaçmaga başlapdy. Emma, bu ýerde söweş strategiýasyna-da garşy hereket edilipdi. Ýagny, sahaba ýene emire tabyn bolmagy sözüň doly manysynda ýerne ýetirmedi. Meselem, okçulara her nähili ýagdaý ýüze çyksa-da, ýerleşdirilen ýerlerinden aýrylmazlyk tabşyrylypdy we şeýle diýlipdi: “Bürgütleriň jynazalarymyza gonuşlaryny görseňiz, ýene-de ýeriňizden aýrylmaň. Biziň olja paýlaşýandygymyzy görseňiz, ýene-de aýrylmaň...” Bu ýerde hem söz diňlemezlik edildi we özleriçe; “Bu güýçli duşman zarbasyna garşy göz öňünde tutulan çäre bolmaly. Häzir bolsa duşman gaçara ýer gözleýär. Biziň bu ýerde garaşmagymyzyň peýdasy ýok. Gidip, egindeşlerimize kömek edeliň..” diýip pikir etdiler.

Netije bolsa, hemmämize mälim: 69 adam byçgy bilen dogralan ýaly dograldy we şehit boldy. Şehit edilenleriň arasynda Hz. Hamza (r.a.) hem bardy. Ýaralanmadyk ýokdy. Bulardan bir bölegi alan ýaralarynyň ezýetini tutuş ömürleriniň dowamynda çekdiler. Has möhümi-de, Yslamyň buýsanjy syndyrylypdy. Bu musulmanlar üçin has agyr ýara bolupdy.

Bularyň ählisi, aslyýetinde, jemagatyň lideri bolan ynsany gazaplandyryp bilerdi. Adaty ýagdaýda, Allah Resulynyň (s.a.w.) bu bolanlara gaharlanmagy mümkindi. Emma, Allah (j.j.) Onda (s.a.w.) sähelçe-de gahar alamatynyň ýüze çykmagyna maý bermän, Ony goraýardy we şu aýaty inderipdi:

“Ol wagt Allahdan bir rehmet bolup, olaryň garşysynda özüňi ýumşak häsiýetli alyp bardyň. Eger sen gödek, daş ýürekli bolan bolsadyň, hiç şübhesiz, töweregiňden dagap giderdiler. Şu ýagdaýda, olary bagyşla; bagyşlanmaklary üçin dileg et; (umumy işlerde) olar bilen maslahatlaş. Netijä gelen wagtyň-da, Allaha bil baglap, Oňa ynan. Çünki Allah töwekkel edenleri söýer” (Äl-i Imran, 3/159).

Ol şeýle bir hormata mynasyp ynsandyr ki, Hak tagala-da Oňa şeýle sözler bilen ýüzlenýär. Meselem Oňa: “Sen gödek we gaharly bolma!” diýmeýär; “Eger gaharly we daş ýürekli bolan bolsadyň” ki, sen beýle dälsiň, diýýär.

Eger şeýle bolan bolsadyň, töweregiňdäkiler pytrap giderdiler. Şonuň üçin Sen olaryň garşysynda-da ýokary edebiňe görä özüňi alyp bar, diýýär.

Şunlukda, Hak tagala gazap ýoly bilen gelip biljek bir günäniň öňüni alýar we Resulyna günä işletmeýär. Muny kim üçin edýär? Bir ymmata soňsuza çenli wekilçilik etjek bir Şahsyýet  üçin edýär!..

Munuň bilen-de bar zat gutarmaýar. Hak tagala “Olary bagyşla we olar üçin istigfar et!” buýurýar. Çünki, olaryň-da öz beýikliklerine kölege saljak hereketlerden daş durmaklary gerekdi. Şonuň üçin olar adyna magfiret dile.

Bir-de, saňa garşy gidendikleri üçin, özlerini günäkär duýmaga başladylar. Olary çagyr we hiç zat bolmadyk ýaly olar bilen meseleleri täzeden ara alyp maslahatlaş, diýýär...

Hz. Enesiň ýatlamasy

Hezreti Enes gürrüň berýär: On ýyl Allah Resulyna (s.a.w.) hyzmat etdim. (Allah Resulynyň (s.a.w.) hyzmatyna gireninde-de on ýaşlaryndady.) Ýeke sapar hem eden bir işim üçin “Näme üçin etdiň?”, etmedik bir işim üçin-de “Näme üçin etmediň?” diýenini eşitmedim. Hatda bir gezek meni bir iş üçin ýollapdy. Köçede oýna gyzygyp galdym. Aradan näçeräk wagtyň geçenini bilemok. Birdenkä, ýeňsämden bir el gulagymdan tutdy... Öwrülip arkama seredenimde, Allah Resulyny (s.a.w.) gördüm. Ýüzünde ýene şol tebigy ýylgyryş. “Ynha gitdim, Ýa Resulallah” diýdim we ylgap maňa tabşyrylan ýumşy ýerne ýetirmek üçin ýola düşdüm.

Edep, Allah Resulynyň (s.a.w.) ahlagy bilen ahlaklanmakdyr

Ol Allah ahlagy bilen ahlaklanypdy we ymmatynyň-da şol ahlak bilen ahlaklanmagyny emir edipdi. Muny öwrenip biljek iki esasy çeşmämiz bardyr; olar-da Kuran we edeb-i Resulullah bolan Sünnetdir.

Edep eger-de Pygamberimiziň (s.a.w.) durmuş ýörelgeleri we bize miras galdyran ahlagy bolup, onuň parz bilenini parz, wajyp bilenini wajyp, müstehap bilenini müstehap saýmaklyk bolsa, onda, biziň onuň edebini özümiziň durmuşymyza çaýmagymyz zerurdyr. Elbetde, onuň parz buýurýan zatlaryny etmek parzdyr, onuň wajyb buýran zatlaryny etmek bolsa wajybdyr.  Çünki Allah Ony bize durmuş kadalaryny öwretmek üçin iberendir. Biz iýmegiň-içmegiň, ýatmagyň we ýene-de başga tebigy zerurlyklarymyzy ýerne ýetirmegiň edebini ondan öwrendik. Medisina taýdan onuň aýdanlarynyň hikmetini barlap, durmuş üçin näderejede zerur hakykatlardygyna göz ýetirse bolar. Biz ýöne mowzugy bölmezlik üçin, meseläniň ol tarapyny ele almagy soň bir mynasyp wagta goýýarys. Bu ýerde, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bize barça zadyň edebini öwredendiginiň üstünde durmakçy.

Biz, bu edebe doly uýup, şahsy, maşgala we jemgyýetçilik durmuşymyzy elmydama onuň edebi bilen bezesek, Kuranyň aýdanlaryny durmuşa geçirdigimiz bolar.

Sahaba edebi

Sahaba, Allahyň Resuluna(s.a.w) garşy diýseň edeplidi. Ony diňleýän mahallary edil başlaryna döwlet guşy gonup, şony uçurmazlyga çalyşýan ýaly, dykgat bilen diňlärdiler. Ony has içgin tanansoňlar, oňa bolan söygüleri bilen birlikde sylag-hormatlary hem artypdy. Aglabasy oňa sowal bermäge çekinerdi. Olar, daşardan nätanyş biriniň gelip, sorag soramagyny we soralan sowalyň jogabyny gana-gana diňlemegi arzuw edip, şol pursata sabyrsyzlyk bilen garaşardylar. Pygamberimiz (s.a.w.) bilen arkaýyn halda bir-iki agyz söz gürleşen sahaba juda azdy. Bu ýagdaý, olaryň Pygamberimizden (s.a.w.) gorkýandyklary ýa-da başga-da akla gelip biljek ýakymsyz sebäpler üçin däldi. Belki-de sahabalaryň Oňa bolan sylag-hormatlary, edebi sebäplidi ...

Hudeýbiýe ylalaşygynda döwlet ýolbaşçylarynyň biri sahabalaryň Pygamberimize (s.a.w.) bolan edebini görüp haýran galýar we Mekgä dolanyp baranynda şeýle diýýär:

- Men Kisra saraýlarynda bolup gördüm. Wizantiýanyň köşklerinde myhman bolup, nijeme hökümdarlar bilen duşuşdym. Bularyň içinde,  zalymy-da bardy rehimdary-da. Ýöne hiç biriniň, ymmatynyň Hz. Muhammedi (s.a.w.) päk ýürekden hormatlaýşy ýaly, hotmatlanýanyny görmedim.

Sahabalaryň arasynda aň-düşünjesi ýokary bolanlary we ýiti zehinlileri-de bardy. Ýöne olaryň hem Pygamberimize (s.a.w.) bolan hormaty çäksizdi.

Ol gelen mahaly sahabalar edep bilen ýerinden turarlar we Ol oturmasa hiç kim ýerinde oturmazdy. Ol bolsa dostlaryndan asla beýle hormaty talap etmezdi. Gaýtam "Ajemlileriň-eýranlylaryň (hökümdarlarynyň garşysynda hormat üçin) ýerlerinden turşy ýaly, turmaň" diýip buýrardy. Emma her gezek hem sahabalar, Ol gelende, Oňa bolan hormatlary sebäpli, ýerlerinden turardylar we muny özüne borç hasaplardylar. 

Yene-de Kurany Kerimde Jenaby Allah Oňa ýüzlenip: "Wela tekun ke sahibil hut (Sen hut eýesi Ýunus ýaly bolma) (Kalem 68/48) diýende, derrew sahabalaryň aklyna, Ýunus pygamber (a.s.) hakda ýalňyş pikir gelmezligi üçin, "Meni Ýunus bin Metta bilen deňemäň" diýýär.

Bu bolsa, Onuň pygamberlere bolan edebidi. Jöwheriň gadryny zergär biler. Biz Hz. Musany, Hz. Isany we beýleki ähli pygamberleri nähili tanap bileris? Munuň dogry jogabyny bolsa diňe Hz. Muhammetden (s.a.w.) alsa bolar. Hz. Muhammedi (s.a.w.) bolsa olardan soramaly...  Şonuň üçin Hz. Isa (a.s.) Onuň geljegini, Ondan 500 ýyl öň buşlapdyr. "Gelýär, gelýär, bütin älemleriň häkimi gelýär" diýip habar beripdir. Çünki olar Onuň beýikligini bilýärdiler.

Hawa, bütin arşy-kürsi heyejana getirip, ýazgyt galamlarynyň boljak-geljegi ýazyşyna şaýat bolmaklyk, Jennet we dowzahy aýlanyp görmeklik ýaly aýratynlyklary özünde jemleýän ýeke-täk pygamber, Aleýhissalatu Wesselem Pygamberimizdir. Ine, bize-de şeýle magraç bagyş edilipdir. Ol magraç syýahatyna çykanda Rebbimiziň sowgadyny bize getirdi. Bu sowgat namazdyr. Namaz müminiň magrajydyr.

Biz bu ýerde Pygamberimiziň (s.a.w.) edebinden söz açýarys. Sözümizi bu ýere getirmäge iteren sebäp bolsa "Onuň (s.a.w.) ahlagy, edebi nähili?" diýen sowal boldy. Aslynda onuň edebiniň, ahlagynyň nähilidigini pikir etmeklik zerur hem däldir. Jogap gysga hem-de aýdyňdyr: "Allah Resuly (s.a.w.) kimiň ýanynda özüni nähili alyp baran bolsa we nähili alyp barylmagyny isleýän bolsa, ine şeýle..." diýmek ýeterlikdir.

Bu ýagdaýda, ynsan ulularyna, halypasyna, mugallymyna, serkerdesine, ýolbaşçysyna hakykatdan daş düşmezlik şerti bilen we olar-da hemişe hak we hakykat ölçeglerine görä hereket eden ýagdaýynda, hormat goýmaly, sözlerini diňlemelidir; bu-da edebiň bir görnüşidir. Ýöne edebi bir taraplaýyn göz öňüne getirmek ýalňyşdyr. Ulularyň kiçilere we ýokardakylaryň-da aşakdakylara garşy saklamaly edebi bardyr. Hakyky edep-de, bu iki ganatyň her biriniň özlerine düşýän edep borjuny doly ýerne ýetirmekleri bilen mümkindir.

Ol (s.a.w.), ynsanlardan bir ynsan bolup ýaşapdy

Pygamberimiz (s.a.w.) dostlary bilen bir hatarda edilmeli işlere işjeň gatnaşardy. Öý işlerinde-de aýallaryna ýardam bererdi. Hiç kime hökmüzorluk bilen şahsy işlerini etdirjek bolmazdy. Belki dostlary Onuň işlerini etmek üçin göýä bir-birleri bilen ýaryşardy. Ýöne, her gezeginde, iş etmek üçin ilkinji Ol meýil ederdi.

Meselem, bir gezek ýolda düşlänlerinde nahar taýýarlamaly bolýar. Bir sahaba “Goýny men keserin” diýse, beýlekisi “Etleri-de men bölüşdirerin” diýip, her kim bir işi öz üstüne alýar. Pygamberimiz-de (s.a.w.) derrew ýerinden turup, “Odun ýygmak-da meň boýnuma” diýýär we odun ýygmaga gidýär. Hendek gazmak işine gatnaşandygy, mesjidiň gurluşygynda sahabalary bilen deň durup kerpiç daşandygy hemmämize mälimdir. Ol özüni şeýle alyp bardy we dostlaryny-da şeýle ahlakda ýetişdiripdi. Şonuň üçin-de, Ebu Bekirler, Omarlar, Osmanlar, Alylar (r.anhüm) aklyňy haýran etjek derejede hak we hukuga üns berip, adalata baglylykda ýaşadylar. Muny olara Allah Resuly öwredipdi.

Amr b.Asyň (r.a.) bu mowzukda talapkär hereket etmeýändigini eşiden halyf Hz. Omar (r.a.) oňa ýazan hatynda şeýle diýýärdi: “Ynsanlar enelerinden azat ýagdaýda doguldylar. Haçandan bäri olary gul hökmünde ulanmaga başladyňyz?!...”

Bu ölçegi saklap bilmek-de olaryň Pygamberimizden öwrenen edepleri saýasyna mümkin bolýardy.

Diýmek, bu günüň we ertirleriň ynsanynyň öňünde bir Edep ýol görkezijisi bardyr. Onuň edebine uýmak bilen şahslar we jemgyýet her dürli howpdan, gorkudan gutulyp; asuda, päkize, parahat durmuşa gowşar. Ýöne biz, bu gysga makalanyň dowamynda Onuň ýokary edebini we ahlagyny doly beýan edip bilmändigimize gynanýarys. Mowzuk bilen baglanyşykly has giňişleýin maglumatlara ulaşyp, iň kämil we ýokary ahlak bilen iberilen Ynsany has ýakyndan tanamagy okyjylarymyzyň özlerine goýýarys.

Ýalňyşy nähili düzeltdiler?

Söýgüli Pygamberimiziň (s.a.w.) mübärek agtyklary Hasan bilen Hüseýin mesjidiň howlusynda durup, şadyrwandan täret alýan garryja bir ýaşulyny synlaýardylar. Bu pursat Hasan bilen Hüseýin arasynda şu gürrüňdeşlik bolup geçýär:

- Seret, tirseklerini doly ýuwmady.

- Hawa, gördüm, käbir ýerleri gury galýar.

- Muny oňa aýtmagymyz gerek. Täret alynýarka ýuwulmagy parz bolan ýerlerde igne ujy ýaly gury ýer galsa, täretiň doly alyndygy bolmaz. Täret bolmasa, elbetde, namaz hem bolmaz.

- Emma nähili aýdarys? Anha, seret, aýaklaryny-da çala ýuwdy. Barmaklarynyň arasyny gowy owkalamady, topuklaryna-ha suwam degmedi. Ýör, baryp, ýaşula muny aýdalyň.

- Dur, bir salym garaş. Ol bizden ýaş taýdan uly. Biz gönüläp baryp aýtsak, utanmagy mümkin. Belki-de çaga bolanymyz üçin bizi diňlemez. Onuň göwnüne degmezden ýalňyşyny ýatlatmagyň bir ýoluny tapmaly.

Sähel salym soňra Hüseýin begençli ses bilen:

- Şü-ýä bolaýdy. Bildim näme etmelidigini – diýýär we ýaşulynysň ýanyna baryp, hormat bilen:

- Agam jan, sizden bir haýyşymyz bar – diýýär.

- Aýdyň bakaly, çagalar.

- Biz heniz çaga. Biz şu ýerden täret alýarkak, siz başymyzda durup, biziň ýalňyşlarymyzy, nogsanlarymyzy aýdaýsaňyz?!

Ýaşuly muňa monça bolup:

- Elbetde, oglum. Hany, başlaň bakaly – diýýär.

Iki dogan täret almaga başlaýar. Ýaşuly üns bilen synlap, bularyň ýalňyşyny tapmaga çalyşýar, emma çagalar täretlerini hiç hili nogsansyz alýarlar.

Ýaşuly öz täreti barada oýlanýar. Özüniň Hasan we Hüseýin ýaly ünsli täret almaýandygyna düşünýär.

Täretlerini alyp bolansoň, iki doganyň başlaryny sypaýar we şeýle diýýär:

- Ýalňyş sizde däl çagalar, mende. Meniň ýalňyşymy ýüzüme urman, sypaýyçylyk bilen düzeldendigiňiz üçin köp sag boluň. Indi mundan soňra men hem siz ýaly ünsli täret alaryn. Ynha häzirden başlaýaryn...

Ýaşuly oturyp, täzeden birkemsiz täret alýar.

Mähriban çagalar! Diýmek haýsydyr bir zadyň dogrusyny bilmek ýeterlik däl. Ol dogryny başgalarynyň göwnüne degmän, sypaýyçylyk bilen düşündirmek hem zerur. Edil Pygamberimiziň agtyklary Hasan we Hüseýin ýaly ...