بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Ynsanlara ylym öwrediň, sebäbi olar ylmyň ähli zatdan ýokarydygyny bilmeýärler.

Başy » «Zaman» gazeti » WYŽDAN. ERK (ERADA)

Wyždan bilen ýüzleşmek

Wyždan bilen ýüzleşmek her müminiň her gün, her sagat, ýagşy-ýaman, ýalňyş-dogry, günä-sogap - eden işlerini gözden geçirip, haýyrly we gözel amallary üçin şükür etmegi; ýalňyşlyk­laryny, günälerini-de birin-birin toba we istigfar bilen ýuwmaga, gidermäge çalyşmagy nukdaýna­zaryndan örän möhümdir.

Nebsini hasaba çekmek, wyždanynyň öňünde hasabat bermek arkaly ynsan özüniň içki dünýä­sini, ruhy aýratynlyklaryny açýar, tanaýar, özün­däki gizli hakyky ynsanyýet gymmatlyklaryny ýüze çykarýar, bu gymmatlyklaryň esasy özeni bolup durýan duýgularyny kämilleşdirýär. Wyždany bilen ýüzleşmek arkaly ynsan düýni, bu güni we ertiri bilen baglanyşykly haýry-şeri, gözeli-görk­süzi, peýdalyny-zyýanlyny bir-birinden tapawut­lan­dyryp, köňül dünýäsini abat saklap biler.

Hawa, onuň häzirki ýagdaýyny gözden geçi­rip, derňäp geljege taýýarlanyp bilmegi; geçmişde goýberen ýalňyşlyklarynyň, kemçilikleriniň öwe­zini dolup, Allahyň öňünde aklanyp bilmegi; düý­ni, bu güni we ertiri babatda öz-özüni soraga çe­kip, özüni bilmegi, has möhümi-de Allaha has ýakyn­laşyp bilmegi diňe we diňe nebsiňi pugta hasaba çekmek, ony wyždan bilen ýüzleşdirmek arkaly mümkindir.

Musulman bir tarapdan düýn haramlar we günäler bilen harap eden geçmişini, alyslardan gelip wyždanynyň jümmüşinde ýaňlanan “Toba edip, Allaha ýöneliň!..” (Nur, 24/32) we “Rebbiňizden bagyşlanmagyňyzy diläň!..” (Zümer, 39/54) ýaly umyt beriji, merhemet gapysyna çagyryjy, rehmet buşlaýjy ylahy permanlar bilen abat etmäge çalşar. Beýleki tarapdan-da, “Eý iman edenler, Allahdan gorkuň. Oňa hormatsyzlyk etmäň! Her kim ertirki gün üçin näme taýýarlandygyna seretsin!..” (Haşr, 59/18) ýaly ylahy duýduryşlar bilen öz hal-hereketlerini her pursatda gözden geçirer, wyždanynyň emri bilen hereket eder, elinden geldigiçe ähli erbetlik­lerden daş durmaga çalşar... Ömrüniň her pursa­tyna aýry bir many gazan­dyrar... Wagtal-wagtal-da şeýtanyň duzagyna, nebsiň toruna düşüp, durmuş ýolunda büdrese-de, “Ýürekleri her pursatda Allaha  hormat bilen urýan müttakiler şeýtandan bir taýf, was-wasa gelende derrew Allahy ýatlarlar we şol demde gözleri açylar” (Araf, 7/201) ylahy beýanyna görä her daýym hüşgärdir.

Wyždanyna hasabat bermek duýgusy müminiň içki dünýäsine nur saçýan ýagtyltgyç kibidir. Her bir şahs onuň  bilen haýry-şeri, oňady-erbedi, Allahyň söýýänini-söýmeýänini bir-birinden tapawutlandyrar we ýolundaky ähli päsgelçilikleri aşyp, ahyrky maksadyna ýeter.

Yzygiderli nebsiň hasaba çekilmegi iman kämilliginiň alamatydyr. Kämil imana eýe ynsan her işinde nebsini jylawlar; kalbyna giren her bir düşünjäni, aňyndan geçen her bir pikiri oňat derňär, olary bolşy ýaly, gelşi ýaly kabul etmez; köplenç iň bir haýyrly işde-de şol işi etmekdäki hakyky maksadyny gözden geçirer - hakykatdan hem ol işi Allahyň razylygyny gazanmak üçin etdimi ýa-da iliň hormatyny, söýgüsini gazanmak, özüniň abraýyny, wezipesini beýgeltmek ýaly şahsy bähbitleri ony şol işi etmäge iterdimi?!.. Kämil mümin her agşam nogsanlyklaryny, ýalňyşlyklaryny birin-birin gözden geçirer, her säher ähli günälerden, haramlardan daş durmak niýeti bilen, täzeçe bir durmuşa gadam basar.

 

Hasaba çekilmezden özüňi hasaba çekmek

Ahnef ibn Kaýsyň dostlaryndan biri gürrüň berýär:

- Onuň bilen bile bolan günlerimde, gijäniň agramly bölegini dileg-doga, Haka ýalbarmak bilen geçirýärdi. Soňra-da barmagyny oduň alawyna tutup, nebsine şeýle ýüzlenýärdi:

- Heý Ahnef, pylan gün, pylan günäni, pylan gün pylan haram işi näme üçin etdiň?

ERK (ERADA)

Bir adamyň özüne erk edip bilmegi – onuň öz-özüne düşünip bilmegi diýmekdir. Ahlak taýdan gowşaklyga sezawar bolan adam, öz hereketlerine erk edip bilmez we asla dogry netijä gelmegi başarmaz. Ol beýle ýagdaýdan gutulmak üçin, nebsini jylawlap, öz hereketlerine, duýgu­laryna erk etmegi öwrenmeli.

Bilşimiz ýaly, öz erki bilen hereket edip bilýän ýeke-täk barlyk ynsandyr. Beýik Biribaryň ynsana bagyş eden bu artykmaçlygy şeýle täsin bir çyrag bolup, bu çyrag nirede ýansa, bütin älemleri edara edýän Gudratyň nury we erki-de şol ýerde öwüşgin berýär. Özüniň çäkli erkini Beýik Ýaradanyň erkine baglan adam çäksizlige ulaşýar, ejiz halyna güýçli bolýar, damja halyna derýa öwrülýär ...

Hawa, ynsanyň erki şeýle çäkli bolsa-da, Ýer ýüzünde Beýik Ýaradanyň soňsuz erkinden ýeke-täk ylahy serpaý diňe oňa ýapylan. Bu serpaýyň gadyr-gymmatyny bilenler, iň kyn meseleleri aňsatlyk bilen çözüp, tümlükleri ýagtylyga öwrerler. Ynsanyň erki, ruhuň daýanjynyň, köňlüň rahatly­gy­nyň esasy çeşmelerinden biri bolşy ýaly, müm­kin­çilikleriniň serhedinde, gutarýan ýerinde adama baky ýollary açýan ýalňyz sebäpdir. Ine bu sebäbe eýe bolan adam, iň bir kyn meseleleri bir demde çözüp; dowzahyň gapylaryny ýapyp, jennete eltýän ýollary tapyp biler.

Beşeroglunyň öz köňül dünýäsini abat sakla­magy, daş-töweregindäki haramlardan, haramylar­dan gaça durmagy hem ýene-de onuň erkine bagly. Ynsan öz çäkli erki bilen Beýik Biribara sygynmak arkaly, Onuň güýjine, çäksiz erkine daýanyp, Onuň hemaýatyna girer we nebsiň was-waslaryndan halas bolar, haram laýyna batmakdan gutular. Hawa, her bir diriliş we beýgeliş erkiň ganatlarynyň pugtalygyna, ynamly we tutanýerli pel-pelleýşine bagly bolşy ýaly, ýykylyş we tükenişler hem şol ganatlaryň ejizlemegi, gurpdan düşmegi, synmagy bilen başlanýar.

Ýönekeý maksat

Möwlana Jamy hezretleriniň ýanyna bir adam gelip:

- Oňa beýle diýdim, muňa şu jogaby berdm, pylankese şeýle gaýtargy berdim – diýip öwnüpdir. Möwlana hezretleri onuň bu halyndan birahat bolupdyr we:

- Ol jogaplar bilen däl, ertir Allaha berjek jogaplaryň bilen meşgul bol! – diýipdir.

Ynsan bir tarapdan özi ýaly ejiz, erki-mümkinçiligi çäkli ynsanlaryň  nazarynda ulalmak, olary ýeňmek arkaly güýçli görünmek ýaly ýönekeý zady asyl maksat edinmek ýalňyşlygyna düşýär. Munuň üçin-de zol özüni öwmek, mahabatlandyrmak arkaly gadyryny gaçyrýar. Bu onuň ýönekeý maksatlaryň adamydygyny, özüniň nähili kiçidigini öz dili, hal-hereketi bilen yglan edýändigini aňladýar. Tutumlary uly, maksatlary beýik ynsanlaryň şahslaryny öňe çykarmak, özlerini güýçli, uly görkezmek aladalary ýokdur.

Ýedi ölçäp bir kes

Bir gün bir adam Hz. Pygamberiň (s.a.w.) ýanyna gelip, “Ýa Resulullah, maňa bir nesihat ber” diýýär. Pygamberimiz-de (s.a.w.) ondan “Sen hakykatdan hem nesihat isleýärmiň?” diýip soraýar. Adam “Elbetde” diýýär. Söýgüli Pygamberimiz (s.a.w.) şonda şeýle diýýär: “Bir iş etmek isläniňde, soňuny gowy oýlan, dogry bolsa et, eger egri bolsa, ol işi etmekden ýüz öwür.”

Eger dözebilseň ...

“Magtymguly, tur goluňy köze goý,

Eger dözebilseň, kylgyl bu işi.”

Muhammed bin Süleýman atly ýaş ýigit özüniň medresede talypka günleriň birinde, gijäniň bir wagty şemiň ýagtysyna derslerine taýýarlanyp otyrka, birdenkä gapy kakylýar. Gapyny açanda, garşysynda bir ýaş gyzyň durandygyny görýär. Gyz azaşandygyny we şol töwerekde başga bir yş-ýagtylyk görmänsoň, bu ýere gelendigini aýdýar. Ýigit ony içerik salýar. Soňra-da özüni ýene dersine berýär... Ýöne, daňdana çenli mahal-mahal elini ýanyp duran şemiň ýalnyna tutýar. Daň atyp, jahan ýagtylýança bu hereketini birnäçe gezek gaýtalaýar. Gün dogandan soň, ýaş gyz minnetdarlyk bildirip, ol ýerden gaýdýar. Öýüne dolanýar. Bu öý Osmanly döwletiniň wezirlerinden biriniň saraýy, bu ýaş gyz-da şol weziriň gyzydy. Köşkdäkiler ondan gijäni nirede, nähili geçirendigini soraýarlar. Çünki tutuş gije ony gözläp, tapman dolanypdylar. Ýaş gyz başyndan geçenleri we gören zatlaryny birin-birin gürrüň berýär. Wezir şol ýigidi köşgüne getirdýär we näme üçin daňdana çenli elini ýanyp duran şeme tutandygyny  soraýar. Ýigit: “Azaşyp, gapyma gelen gyzy gije daşarda goýup bilmezdim. Bu sebäpden ony otagyma saldym. Nebsimiň aldawyna gitmezlik üçin-de, elimi wagtal-wagtal şemiň maňa dowzahyň oduny ýatladýan alawyna tutdum.”