بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

«Ymmatymdan kim kyrk hadysy adamlaryň aňyna ýetirse, Allatagala ony kyýamat güni fakyh alym ýaly garşylar»

Başy » «Zaman» gazeti » PITRE (FITRE)

Fytyr sadakasy – pitre

Fytyr sadakasy halky­­­myzyň arasynda pitre ýa-da baş pitre diýen at bilen meşhurdyr. Dogrusy «fitre» bolan «pitre» sözi arap dilindäki «fytr» sözünden gelip çykypdyr. «Fytr» sözüniň düýp manysy «orazany açmak» diýmekdir. Fytyr sadakasy bolsa, Allahyň ynsana remezan aýynyň bereketinden peýda­lanmak mümkinçiligini berenligi üçin, muňa şükranalyk hökmünde berlen sadaka diýmekdir. «Fiträniň» arapça asly bolan «fytra» ýaradylyş, fytrat manylaryny berýär. Bu jähetden fitre, fytyr sadakasy Allahyň bizi älemde iň beýik barlyk – ynsan hökmünde ýaradandygy üçin şüküriň we minnetdarlygyň bir görnüşidir. Bu gysga düşündirişimizden görnüşi ýaly, fitre bilen fytyr sadakasy manydaşdyr.

 Fitre remezan aýynyň soňunda nisap mukdary mala eýe bolan, ýagny, şerigat taýyndan baý bolan musulmanlaryň hökman bermeli wajyp bir sadakasydyr. Fitre Pygamberimiziň Medinä hijretinden iki ýyl soň, oraza bilen wajyp edilen ybadatdyr. Fitre barada Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem käbir hadyslarynda şeýle aýdýar:

Ibni Omar şeýle gürrüň berýär:

«Pygamberimiz azat, gul, erkek-aýal – her bir musulmana arpadan ýa-da hurmadan bir ölçeg (sa’) fytyr sadakasyny bermegi parz kyldy», (Buhary, Müslim).

 Ebu Said el-Hudri şeýle gürrüň berýär:

«Biz fitre zekatyny Resulullah aramyzdaka azyk önümlerinden (bugdaý) bir sa’, ýa-da hurmadan, ýa-da arpadan, ýa-da kişmişden bir sa’, ýa-da keşkden (ýagy alnan süýt bilen garylyp, guradylan un) bir sa’ bererdik. Men ömrüm ötünçä fiträmi berjekdirin», (Ahmet b. Hanbel).  Abdullah b. Salebe şeýle gürrüň berýär: «Resulu­llah (s.a.w.) remezan baýramyndan bir ýa-da iki gün öň eden wagzynda şeýle aýtdy: «Bugdaýdan, arpadan ýa-da hurmadan bir ölçeg (sa’) azat, gul, uly-kiçi – her kes sadaka bersin», (Ahmet b. Hanbel).

Ibni Abbas: «Resulullah: «Fytyr zekatyny (fiträni) orazalyny peýdasyz sözlerden we amallardan, erbet we biderek gepleriň hapasyndan tämizleýji, pakyrlara-da azyk hökmünde parz kyldy. Fiträni kim baýram namazyndan öň berse, bu makbul bir zekat, kim soň berse ýöne sadaka bolar» diýip gürrüň beripdir, (Ebu Dawud, Ibni Maje).

Jemläp aýtsak, fitre musulmana amal etmegi buýrulan maly ybadatdyr. Ony ýerine ýetirmedikden ahyretde hasap soraljagy ikuçsuzdyr.

FITRÄNIŇ BERILMELI ÝERLERI

Fitre – Tewbe suresiniň 60-njy aýatynda beýan edilýän zekat berilýän ähli gatlaklara berlip bilinýär. Fitre nisap mukdaryndaky mala eýe bolan kişilere berilmeýär. Eneňe, ataňa, ejeňe, kakaňa çagalaryňa, aýalyňa... garaz, eklemek borjuň bolan adamlara zekat we fitre bermek  jaýyz däldir.

 Mükellef fiträni ýaşaýan ýerindäki ýakyn we daş garyndaşlaryna we goňşularyndan başlap

mätäçlere paýlap bilýär. Eger ýaşaýan ýerinde mätäç kişi ýok bolsa, başga ýurtlardaky salyh mü’minlere iberip bilýär.

Fitre berlende girdejisi çykdajysyna ýetmeýän, ýöne ýagşy ahlakly, edep-ekramly kişiler ýa-da yslama bolan yşk we şöwkden doly okuwçydyr talyplar saýlanmalydyr.

Fitreler birnäçe adama paý edilse-de bolýar, ýöne hanefi mezhebiniň salgy berşi ýaly, kişi fitresini bermäge borçly adamlarynyň ählisiniň fitresini jemläp, bir kişä berse has göwnejaý bolar.  Şeýle edilse, berlen zat mätäjiň islegini gowy kanagatlandyrar.

Fitre berlen wagty hökman niýet etmelidir. Fitre mukdaryndaky mal ýa-da puly bölüp goýmak hem niýet hökmünde ýeterlikdir. Fitre berlen adama, fitredigini aýtmak hökman däldir.

 Piträniň hikmetleri

Pitre hakynda gürrüň berlen hadyslardan ugur alyp, fiträniň hikmetlerini şeýle düşündirmek bolýar:

 Pitre orazany kämillige ýetirýän ybadatdyr:

Oraza tutýan kişi beşer bolan­dygy üçin orazaly halyna ynsana mahsus säwlikleri edip biler. Bular oraza ybadatyna egsiklik getir­mekdir. Bu egsik­ligiň düzedil­megi ybadatyň kämil bolmagy üçin hökman­dyr. Bu nukdaý­nazardan fitre orazany kämil­lige ýetirýän ybadatdyr. Şol sebäpli, käbir alymlar fiträni namazdaky sehiw seždesine meňze­dipdir.

Mälim bolşy ýaly, oraza diňe belli bir wagtyň araly­gynda iýmek-içmekden, jynsy gat­naşykdan saklan­makdan ybarat däldir. Ynsan bulardan başga göz, gulak, el, aýak, hatda ähli duýgu­laryna oraza tutdurmalydyr. Ynsan güýji­niň ýeteninden ybadatyny pygamberlere, salyhlara, syd­dyklara myna­syp derejede amal edip, seý­rek ynsanlaryň ýeten belent­liklerine ýetmäge mümkinçilik gazanmalydyr.

Pitre jemgyýetçilik durmuşda özara arka­laşygyň bir görnüşidir:

Pitre baýram günlerinde garyp kişiniň hem saçagynyň dürli nygmatdan doly bolma­gyna hem-de has gowy egin-eşik almagyna mümkinçilik döred­ýär. Şeýle­lik bilen jemgyýetde baý-garyp biri-birine has ýakyn­laşýar. Ara­daky husyt­lyk, bahyllyk duý­gulary azalyp, ýürekler ýum­şaýar, baş­galara kömek etmek, mähri­banlyk duýgusy artýar. Belki-de şol sebäpden fiträniň berilmeli mukdary az goýlup ýeňil­leşdirilendir. Şeýlelikde, has köp kişiniň başgalara kömek etmek lezzetini datma­gyna müm­kinçilik döredýär.

Ilki göräýmäge sähelçe, ýeňil hem gymmatsyz ýaly görünýän fitre emri umumy ölçegde seredilende hem maddy, hem-de san taýyn­dan ägirt uly mukdara ýetýär. Meselem, yslam älemindäki bir milliard çemesi adamyň ýary­synyň fitre berýändigini göz öňüne getirseň, jemgy­ýetiň gatlaklarynyň ara­synda rehim-şepagat we mähir duýgu­larynyň nä­derejede mäkäm­leşýändigi köre hasadyr. Şeýle guramaçylyk talap edýän işiň bütin dünýä dereje­sinde ähli musulmanlaryň arasynda berjaý edilmegini gurnamak ynsanyň özüne gaty agyr düşerdi. Ýöne bu emriň uly diwandan – Allah tarapyn, bolmagy gaty kyn görünýän, şeýle çylşyrymly we ählumu­my işi gaty aňsatlaşdyrýar.

FITRE BERMEGI WAJYP KIŞILER

Fitre barada aýdylanlary göz öňünde tutup, hanefi­lerden beýleki üç mezhep ymamy kişiniň fitre bermegi üçin zekatda bolşy ýaly, nisap mukdary mala eýe bolmaly­dygyny şert goşman­dyrlar. Muňa görä, öý, öý goş­lary we asly zerurlykdan başga bir günlük azygyndan artyk zady bolan kişiler, hem özi, hem içerisi üçin fitre bermelidir.

Hanefi mezhebine görä, fitrede-de edil zekatda bolşy ýaly, nisap bardyr. Ýöne mun­daky nisap zekatdan tapawut­lydyr. Fitrede malyň girdeji getirýän söwda harydy bolmagy hökman bolmaýşy ýaly, üstün­den bir ýylyň geçmegi hem gerek däldir. Muňa görä, asly zerur­lykdan başga 200 dirhem (595-640 gr.) kümşe, ýa-da munuň hümmetin­däki pula ýa-da, başga bir baý­lyga eýe bolan her musulman fitre bermelidir.

Başgaça aýdanymyzda, hanefi mezhebine görä, şeýle ýagdaýdaky bir musulmanyň zekat almagynyň haram bolşy ýaly, fitre bermegi we gurban kesmegi wajypdyr. Şeýle hem, bu ýagdaýdaky kişiler, gyz we oglan çagalarynyň maly bar bolsa, olaryň mallaryndan, ýok bolsa, öz malyndan fitrelerini bermelidir. Hanefi mezhebine görä, aýallar öz fitrelerini özi töleýär. Beýleki üç mezhebe görä bolsa, fitre nafaka dahylly bolany üçin, ärleri aýallarynyň fitresini tölemelidir.

Däli çaganyň fitresini kakasy tölemeli. Eger çagalaryň kakasy ýogalan bolsa, olaryň fitresini bermek atasyna wajypdyr.

Elinde fitre bermägä ýeterlik maly bolan kişiniň bergisi bar bolsa we onuň möhleti ýakyn bolsa, fitresini bermän bergisini üzmelidir. Eger-de bergisiniň möhleti daş bolsa, onda fitresini bermelidir.

Bir uzur sebäpli oraza tutmadyklar hem fitre bermelidir.