بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

«Meniň ymmatymdan iki hili adam ýagşy ahlakly bolsa adamlary ýagşy ahlakly eder we bozuk ahlakly bolsa, adamlary bozuk ahlakly eder. Olar emirler we fakyhlardyr»;

Başy » «Zaman» gazeti » GAHAR

Göreş tutup ýykan däl-de, gahar-gazabyny basyp bilýän adam güýçlidir

Gahar, gorky, şöwket (jynsy isleg) ýaly duýgular her kimde az ýa-da köp derejede bardyr. Olaryň hersini ynsana berliş maksady dogrusynda ulanmak örän möhümdir. Haçan-da bu duýgularda öte geçilende ýa-da bu duýgular ýiteňkirlände, islenilmeýän netijeler bilen ýüzbe-ýüz bolunmaly bolýar.

Meselem, gahar duýgusy barada aýdylanda, bolar-bolmaz zatlar üçin gazaba münmek, “Bürä gahar edip ýorgan ýakmak” ýa-da “Buz üstünde tozan aramak” bu duýguda öte geçmekdir. Namys, ojak, Watan ýaly mukaddeslikleriň depelenmegi garşysynda ses çykarmazlyk hem ynsandaky gahar duýgusynyň ýiteňkirlemeginiň alamatydyr. Ynsan her iki ýagdaýda-da gaharyna erk etmeli; mukaddesliklerine hüjüm edilen pursaty gaharyny sowukganlylyga, mertlige,  gaýduwsyzlyga öwürmegi başarmaly; mundan daşgary özara düşünişmezliklerde, ýönekeý meselelerde sabyrlylygy we hoşniýetliligi elden bermän, meseläni ýumşaklyk we ugurtapyjylyk bilen çözüp bilmelidir.

Bu gorky duýgusy babatda hem şeýledir. Ugurly-ugursyz zatlardan gorkup ýörmek durmuşy zäher etse; gorkulmaly, çekinilmeli zatlardan gorkmazlyk hem ynsany çykalgasyz ýagdaýlara sezewar eder. Dogry ýol, örän ähmiýetli meseleler babatda hüşgärligi elden bermezlik, gerekli çäreleri görüp, ýüze çykmagy mümkin her dürli kyn ýagdaýa taýýarlykly bolmak; juda ähmiýetsiz meseleleri-de çakyndan artyk ulaldyp ýörmeli dädir.

Hut şonuň ýaly, şöwket duýgusy-da adama neslini dowam etdirmek üçin berlendir. Emma, haçan-da onuň berliş maksady unudylyp, çäkden çykylanda; bu ugurda hiç hili çäklendirilme goýulmadyk we goýlan çäklendirmeler-de äsgerilmedik ýagdaýynda, şol duýgy jemgyýetiň ahlak çöküşine sebäp bolar.

***

Kimdir biriniň bize erbetligi, hyýanaty, wepasyzlygy ýa-da ganyňy depäňe urdurýan hadysalaryň täsiri garşysynda sähelçe-de bolsa gaharlanmazlyk  ynsanyň tebigatyna tersdir. Emma, bu dünýä “Synag dünýäsi” diýilmeginiň manysy hem şonda: ýagny, ynsanyň ýaradylyşynda bar bolan erbet duýgularyna erk edip, oňat duýgy we häsiýetlerini  kämilleşdirip bilmeginde dälmi, eýsem?!

Eger bir adam hiç gaharlanmaýan bolsa; kemsidiji we göwne degiji sözler, adamkärçilige sygmaýan hereketler ony hiç hili birahat etmeýän bolsa, onuň nähilidir bir kem tarapy, ýetmezi bar diýmekdir. Kuranyň bu meselede bizden isleýäni gaharymyzy ýuwutmagy bilmek, sabyrly bolmagy başarmakdyr. Hiç hili gaharlanmazlyk bilen gaharyňy ýuwutmagyň arasynda uly tapawut bar. Asla gaharlanmaýan, gaharyň nämediginden habarsyz adam bu gaýry-tebigy özüni alyp barşy üçin sogap gazanyp bilmez. Çünki, beýle ýagdaýda synagyň manysy ýitýär. Emma, ýanar daglar ýaly partlamaga taýýar wagty gaharyny ýuwdup bilýän ynsan, ýeri gelende, bu hereketi bilen welilik derejesine hem çykyp biler.

Kyssa:

Bir patyşa danalardan birine bir gün: “Menden islän zadyňy dile” diýýär. Dana:

- Eý patyşa! Maňa beýle ýüzlenmekden utanaňokmy? Sen gowusy, häzirki derejäňden has ýokary beýgel, soň maňa bu teklibiňi et. Meniň iki gulum bar, olar meniň üçin örän ýönekeý kişilerdigine garamazdan, saňa her gün höküm edýärler, seni öz buýrugy astynda saklaýarlar – diýip jogap berýär.

Bu söze patyşanyň gaty gahary gelýär:

- Eý şeýh! Bu nähili galat söz? Kimmiş ol maňa emir edip biljek, aýtgyl! – diýýär.

Şeýh:

- Saňa hökmüni ýöredýän gullardan biri gahar, beýlekisi şöwketdir – diýip jogap berýär.

GAHAR-GAZABYŇ ÝARAMAZLYGY

GAHAR-GAZAP

Muhammet aleýhyssalam:

-   Gahar-gazap adam ogullarynyň ýüregindäki otly kesindi ýalydyr. Eýsem-de, siz adam gaharlanan çagy gözleriniň gyzarýandygyny, gabarylýandygyny göreňzokmy?

Gaharly adam dik duran bolsa otursyn, oturan bolsa, ýassygyna gyşarsyn ýa-da gahar-gazabyny köşeşdirmek üçin Taňra sygynsyn! — diýipdir.

***

Lukman Hekim:

-   Gahar-gazabyny basyp bilmeýän adam kämil adam däldir! — diýipdir.

***

Adam gaharlanan çagy Hudaýyň gazabyna has golaý barýandyr.

Pygamber:

-   Söweş wagtynda deň-duşundan üstün çykýan adam batyr däldir. Gaharlanan çagy gaharyndan rüstem gelip bilýän adam hakyky batyr adamdyr — diýipdir.

***

Men gaharlanan çagym dessine:

-   Gahar-gazaby kim oňarmaýar! Hany, zor bolsaň, şu mahal ýylgyrmany başar — diýip, özümi synaga salýaryn.

***

Derýalar gazaplansa, hanasyny weýran edýär. Adam gaharlansa, öňi bilen, özüni weýran edýändir.

Gahar-gazap howply beladyr, sebäbi gaharyň golunda ajaldan ýasalan hanjar, ýyldyrymdan ýasalan tüpen bardyr! Dünýäniň uly-uly uruşlary kimdir biriniň gahary zerarly turmaýarmy?

***

Adamyň kalbynda ýagşyzadalyk hem wagşyýanalyk bar. Adam gaharlananda wagşyýanalygyň goluna düşüp, adamçylykdan aýrylýar.

***

Aýdyşlaryna görä, Hoja Ahmet Ýasawy gaharlanan çagynda möňňürip aglarmyş, ondan aglamasynyň hikmetini soranlarynda ol:

-  Eý, Allam, gör, men senden naçe daşda ekenim diýip aglaýaryn — diýipdir.

***

Ýangyn tutaşsa, ony suw bilen öçürýärler. Emma adam gazabyny ýatyrar ýaly jadyly suw ýok. Ony diňe akyl-parasat bilen ýatyrmaly. Gaharlanan adam parasadyndan jyda düşýär, oňa gapdalyndaky adam delalat bermeli. Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol bermeli däl. Uruşjak bolup duran iki adamy aýryşdyryp, ýaraşdyryp goýbermek sogaplaryň iň ulusy.

***

Soltan Alp Arslan bir gezek gaharlananda, özüne bäs gelip bilmän, birine gamçy çalypdyr. Soňam ol puşeýman edip, wezir-wekillerine :

-  Siz näme diýip meni saklamadyňyz? Köşgüň wezir-wekilleri, nedimi soltanyň gazabynyň gyny bolmaly dälmidir? - diýip, olara käýäpdir.

***

Eziz ýaşlar!

Türkmen: «Gahar — kapyr!» diýýändir. Gahar adamy köp sanly ýaramazlyklaryň üstünden eltýär. Adam öz gaharyna, erkine jylaw salmagy, özüne erk etmegi başarmalydyr. Ata-babalarymyz gaharly wagtyň netijä gelmeli däldigi, hiç iş etmeli däldigi barada ýöne ýerden wesýet galdyrmandyrlar. Giňlik, geçirimlilik, her bir türkmene mahsus bolmalydyr. Gahar bilen aljak galaň, ýetjek menziliň bolmaz. Geçirimlilik, sowukganlylyk, paýhaslylyk adamyň durmuşynyň rowaçlygynyň kepilidir.

 

Gahar-gazap barada

Tyg ýarasy biter ...

Erbetlige, jenaýat etmäge endik eden adamlaryň töweregine ýetirýän ululy-kiçili zeper-zyýanynyň öňüni almak  üçin olary gözenegiň aňyrsyna dykýarlar. Hawa, ile zyýan ýetirmek, erbetlik etmek duýgusy halys gan-damaryna aralaşanlardan gutulmak isleseň, olary dört diwara gabap, gapysyny-da mäkäm temmelemeli.

Ynha, öz agzymyzda-da bizi şular ýaly uly ýalňyşlyklara iteribiljek bir günäkär bar. Ol biziň DILIMIZDIR...

Şol sebäpli Rebbimiz bu beden agzasyna ilki otuz iki dişi goragçy–gözegçi goýupdyr. Soňra ony dodaklar bilen örtüp, gapysyny-da gulplapdyr hem-de onuň “erk” atly açaryny ynsanyň eline beripdir.

Hawa, dil ýarasynyň yzasy bir ömür boýy-da dowam edip biler.

Pygamberimiz (s.a.w.) iki äňiniň we iki aýagynyň arasyna erk edip bileniň Jennete girmegine kepil boljakdygyny aýdýar. Hakykatdan-da, ynsanyň  başyna belalaryň, külpetleriň iň ululary şu ikisi zerarly gelmeýärmi?!

Dana kişiler: “Käbäni ýyksaň, ony gaýtadan dikeldip bolar, emma synan göwni seýikläp bolmaz” diýýärler.

Bir adam Pygamberimiziň ýanyna gelip, “Ýa Resulallah, maňa şeýle bir zady habar ber, men ony berjaý edip Jenneti gazanaýyn” diýýär. Pygamberimiz ol adamyň häsiýetini bilýändigi üçin diline yşarat edip: “Şuňa eýe çyk, (galan zat bilen işiň bolmasyn)” diýýär.

Aýratyn hem goňşy gatnaşyklarynda dil edebine üns berilmelidir. Öňler her kimiň öýi aýry, ýoly aýrydy. Her kim öz öýüne öz aýratyn ýodajygy bilen giderdi. Köçäň ugrunda  goňşulara duşulsa, içgin-içgin dertleşilerdi. Bu gün bolsa, öň bir  öýüň ýerleşen ýerinde  ýigrimi-otuz sany maşgala niýetlenen köpgatly binalar bar. Diýjek bolýanym, indi goňşularymyz bilen ýüz-ýüze, göz-göze ýaşaýarys. Agzymyzdan çykjak ýekeje ýerliksiz söz  kalby syndyryp, bize bolan hoşniýetli garaýşy ýok edip biler. Bu gün adamlar Yslamyýete musulmanlary, olaryň hal-hereketlerini synlamak arkaly baha berýärler.

Köp gatly jaýlaryň birinde ýaşaýan bir musulmany tanaýaryn. Ony goňşulary diýseň sylaýarlar. Bilesigelijiligim halys erkime goýmansoň, munuň sebäbini soraşdyrmagy makul bildim. Goňşularyndan biri bu musulman goňşusynyň tarypyny ýetirip, şeýle diýdi: “Tüweleme, ol adam şeýle bir salyhatly, şeýle bir edepli, mylaýym, ertir namazy üçin turanynda, öýünde artykmaç goh bolmasyn diýip, ýalňyşmaýan bolsam, daraklygyna basyp ýöreýän bolmaly. Öýünden çykanda, gapysyny örän seresaplylyk bilen ýapýar. Basgançakdan ýörände goňşularyny birahat etmezlik üçin aýaklarynyň ujuna basyp düşýär. Daşarky gapyny-da örän ýuwaşlyk bilen açyp-ýapýar. Mesjide namaza gatnaýan adamyň goňşularyny birahat etmegi bolup biläýjek, adaty zat ýalydyram welin, şu goňşymyz bizi sähelçe-de birahat etmeýär. Şeýle goňşymyzyň bardygy bizi örän buýsandyrýar

Ymam Agzam hezretleri ýolda barýarka, tanapyny üzen bir öküziň özüne tarap gazap bilen okdurylyp gelýändigini görýär. Derrew öküziň öňünden sowlup, ýoluň beýleki tarapyna geçýär. Ony gören bir kemakyl Ymam Agzamyň ýanyna baryp: “Ýa ymam, bir öküzden gorkduň, şeýlemi? Men seniň beýle gorkakdygyňy bilmeýärdim.” diýýär.

(Diliň ulanylyşyna üns beriň: ol kemakyl Ymam Agzamyň özüni goramak üçin çäre görmegini, gorkaklygyň alamaty hasaplaýar we bu pikirini-de hiç hili gypynçsyz aýdyp goýberýär.)

Ymam Agzam ýylgyryp: “Elbetde, gorkdum. Çünki, meniň kellämde akyl, onuň kellesinde şahy bar.”diýýär.

Pygamberimiz aleýhisselam sahabalarynyň köpüsine dili dogry ulanmagy maslahat beripdir. Hezreti Muhammet (s.a.w.): “Musulman ol kişidir ki, töweregindäkiler onuň hem elinden, hem-de dilinden emin-arkaýyn bolar” diýmek bilen,  diline we eline erk edip bilmegi öz ymmatynyň esasy aýratynlygy hökmünde agzapdyr.

Indi öz içki dünýämize dolanyp, pikir edeliň “Hakykatdan-da goňşularymyz, töweregimizdäkiler biziň elimizden hem dilimizden özlerine zeper ýetmejekdiginden arka­ýynmykalar?”