بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

«Kyýamat güni üç hili adam beýleki adamlara beýik Taňrydan şepagat dilär, ilki pygamberler, soňra alymlar, soňra şehitler» diýdi.

Başy » «Zaman» gazeti » GULLUK (ubudiyet)

Ynsanyň ýaradylyş maksady

Her barlygyň ýaradylmagynda müňlerçe maksat bardyr

Barlyklaryň ýaradylyş aýratynlyklaryna syn edenimizde, hiç bir zadyň ýönelige, howaýy ýaradylmandygyny, her närsäniň ýaradylmagynda belli maksatlaryň bardygyny, belli maksatlara laýyklykda hereket edip, belli netijelere sebäp bolýandygyny görýäris.

Ynsanyň damarlarynda aýlanýan gandaky eritrositleriň we leýkositleriň ýaradylyşy hem ýöne ýere däldir. Eger bular bolmasa, ýagdaý nähili bolardy? Ynsan ýaşaýşynyň esasy şertlerinden bolup durýan howanyň ýaradylmagynda, şemalyň öwüsmeginde, belki, müňlerçe maksat bardyr. Bir pursatlyk şemalsyz dünýäni göz öňüne getireliň – beýle ýagdaýda ösümlikler tozanlanmazdy, howa tämizlenmezdi, daş-töweregimizi zäherli howa gurşap alardy. Bulutlar teşne topraklara tarap gaýmazdy, suwa mätäç ýerlere ýagyş ýagmazdy. Bu hem Ýer ýüzünde durmuşyň togtamagyna alyp barardy. Görnüşi ýaly, şemalyň öwüsmeginden ýagşyň ýagmagyna çenli; Günüň dogup, batyşyndan Aýyň Ýere hemra bolmagyna çenli; Ýeriň ýapgyt ýaradylyşyndan, planetamyzyň dörtden üç böleginiň suw bilen gurşalmagyna çenli ähli zadyň ýaradylyşynda ençeme maksatlar bar.

Ynsanyň ýaradylyş maksady

Iň ýönekeý hasaplanylýan barlykdan iň çylşyrymly gurluşa eýe barlyklara we hadysalara çenli ähli zadyň ýaradylyşynda munça maksatlar bolar-da, barlyklaryň soltany we iň kämili bolan ynsanyň ýaradylyşynyň maksady bolmazmy?! Elbetde, ynsanyň hem ýaradylmagynyň maksady bardyr.

Hawa, ynsanyň ýaradylyş maksady älemi we ynsany ýaradan Halygyny tanap; bagyş eden nygmatlary üçin Oňa şükür edip; bu älemde Onuz eziz myhmany hökmünde ýaşap, bu älemden başga bir äleme gitmekdir.

Bir aýatda ynsanyň näme üçin ýaradylandygy beýan edilýär:“Men jynlary we ynsanlary diňe Meni tanap, Maňa gulluk etsinler diýip ýaratdym” (Zariýat, 56). Ýöne ynsan, ilki Allahy tanap, bilip, gulluk duýgusyna eýe bolandan soňra gulluk edýär.

Ynsanyň ýaradylyşynyň birinji maksady: ylymdyr

Hawa, ynsan Allahy bilip-tanaýşyna görä Oňa gulluk edýär. Şonuň üçindir: yslamda Allahyň ilkinji emriniň magraçda namazyň emir edilmegi bolandygyna garamazdan, şol wagta deňiç Allahdan ybadat teklibi gelmändi. Kuran 11-12 ýyllap ynsanlara Allahyň barlygyny, güýç-kuwwatyny düşündiripdi. Onuň tutuş älemi biz – ynsan nesli üçin ýaradandygyny düşündiripdi. Sahabalar hem şoňa ynanypdy. Olarda şeýle bir Allah düşünjesi (marieftullah) emele gelipdi welin,“Şu ynanýan Allahymyz bizden näme talap edýär? Näme etsek bizden razy bolarka?” duýgusyna eýe bolanlarynda, Allah-da buýrupdy: “Namaz kylyň”. Emma, magraç hadysasyna çenli diňe marifetullah (Allah düşünjesi) dersi, iman dersi berlipdi.

Hakykatdan hem, ynsanyň ýaradylyş maksady gönüden-göni diňe gulluk bolsady, Allahyň Hz. Adamy ýaratmagynyň manysy galmazdy. Hz. Adamdan öň Ýer ýüzünde melekler – perişdeler bardy. Olar Allaha göz açyp-ýumasy salym hem baş götermezden, garşylyk görkezmezden gulluk edýärdiler. Allahyň Adamy we adam ogullaryny ýaratmagynyň, gullukdan hem aýry bir hikmeti bolmalydy. Melekler ybadat edýärdiler. Ýöne, marifetullahdan mahrumdylar, akyl we düşünjeleri ýokdugy üçin-de ylymlary ýokdy. Allaha bir-de ylmy bolan, ylmy bilen marifetullaha beýgelip, Allaha gulluk edýän; şol bir wagtyň özünde-de Allahyň Ýer ýüzünde halyfy bolup biljek barlyklaryň bolmagyny isländigi üçin, Adamy ýaratdy. Soňra Adama atlaryny, älemdäki ylymlary öwretdi. Adam ylmy bilen, marifeti bilen meleklerden hem üstün ýagdaýa geldi.

Eger ynsanyň ýaradylmagyndan maksat diňe gulluk bolsady, Kuranyň ilkinji emri“Ýaradan Rebbiň ady bilen oka!” (Alak, 1) bolmazdy. Kuran gulluk kitabydygyna garamazdan, ilkinji aýatynyň “Oka!” diýlip başlanmagy ynsanyň ýaradylyş maksadynyň ylym öwrenmek hem öwretmekdigini we şoňa bagly gullukdygyny görkezýär.

Janly-jansyz her barlyk kitapdyr. Şonuň üçin-de, “Gör, synla” görnüşinde däl-de, “Oka!” emri inendir. Çünki kitap okamak üçindir. Her biri bir kitap bolan barlyklar bilen doldurylan we zynatlandyrylan älem, elbetde, ylahy kitaphanadyr.

Şuňa laýyklykda, ynsan okamalydyr. Älem kitabyny we kitabyň terjimesi bolan Kurany okamaly; Allahyň beýikligine we gudratyna akyl ýetirip, özüniň hiçligini, ejizligini, mätäçligini duýup, Onuň garşysynda seždä baryp, gulluk etmelidir.

Kuran aýatlaryndan birnäçesinde ilki Allah tanadylýar, marifetullah dersi berilýär. Bu ylym täliminden soňra Allaha gulluk etmegimiz emir edilýär. Ynha tutuş Kuranyň mazmuny hasaplanylýan Fatiha süresinde-de ilki “Rahman we Rahym bolan Allahyň ady bilen. Ähli şükürler, öwgüler älemleriň Rebbi Allahadyr. Ol Rahmandyr, Rahymdyr. Din gününiň, hasap gününiň ýeke-täk Mäligidir - eýesidir” (Fatiha, 1-4) diýlip, Rabbul-Äleminiň rehmeti, Onuň dünýä we ahyretde barça zadyň mäligidigi beýan edilenden soňra, “(Şu halda diýiň): Diňe Saňa ybadat edip, ýalňyz Senden medet dileýäris” (Fatiha, 5) diýilýär.

Ýene-de Kuranda:

“Ol gökleriň, ýeriň we ol ikisiniň arasynda bar bolan ähli zadyň Rebbidir. Şu halda, diňe Oňa gulluk et...” (Merýem, 65.);

“Siziň Rebbiňiz gökleri we ýeri alty günde ýaradan, soňra-da Arşynyň üstünde hökmürowan bolan, her işi nyzama goýan Allahdyr. Ondan bidin, Onuň gatynda hiç bir şefagatçy iş bitirip bilmez. Ynha Rebbiňiz, şu sypatlara eýe Allahdyr. Şu halda, Ony bir bilip, diňe Oňa ybadat ediň. Entek hem hakykatlar barada oýlanmagyň wagty ýetmedimi?”(Ýunus, 3);

Gullukda esasy zat Allah gorkusydyr. Allahdan laýygy bilen gorkýanlar bolsa, Ony laýygy bilen bilýänler, tanaýanlardyr. “Gullary içinde diňe alymlar Allaha bolmalysy ýaly tagzym ederler. Allahyň Kitabyny okap, oňa uýanlar, namazy bolmalysy ýaly kylanlar we özlerine nesip edilen mümkinçiliklerden gizli we äşgär halda haýyr ýolunda harjanlar ýitgisiz, zepersiz bir söwda garaşarlar. Çünki Allah olara sylaglaryny doly berer, üstesine, lütfundan olara has artygyny-da yhsan eder. Çünki ol Gafurdyr, Şekurdyr; günäleri bagyşlar, gullaryň amallaryny we şükürlerini kabul edip, artygy bilen garşylygyny berer.” (Fatyr, 28-30 ).

Ynsanyň ýaradylyşynyň asyl we ikinji maksady: gulluk

Barlyklara siňe syn edilende, olaryň näme üçin ýaradylandygyny aňmak bolýar. Gawuna syn eden, onuň iýmek üçin ýaradylandygyna düşüner. Ýolbars ýaly wagşy haýwanlaryň dişlerini we penjelerini gören, olaryň-da parçalamak, böwüsmek üçin ýaradylandygyna göz ýetirer. Hawa, ynsanyň hem tebigatyna syn eden, onuň özüni Ýaradany tanap, Allaha gulluk etmek üçin ýaradylandygyna düşüner. Çünki, ynsan diňe iýmek-içmek; oýnamak-wagt geçirmek; zowky-sapa üçin ýaradylandyr diýsek, bulary beýleki barlyklaryň has oňat edýändigini görýäris. Diýmek, ynsan has tapawutly bir maksat üçin ýaradylan bolmaly. Ähli zat ynsana hyzmat edýär. Ynsan hem ähli zady ýaradyp, özüne hyzmatçy eden Rebbine Onuň emir edişi ýaly hyzmat edip ýaşamalydyr. Emirlerini berjaý edip, gadagan eden zatlaryndan daşda durmalydyr.

Ynsan ýaradylyş taýdan garypdyr

Hawa, ynsan garypdyr:“Allah baýdyr, siz garypsyzyz.”(Muhammed, 38).

Garyp kimdir? “Eger bir adam öz isleglerini we zerurlyklaryny öz güýç-kuwwaty, mümkinçiligi bilen elde edip bilmeýän bolsa, garypdyr.” Bu kesgitlemeden çen tutsaň, ähli adamzat garypdyr. Çünki biziň sansyz-sajaksyz mätäçliklerimiz bar, emma millionda birini öz güýjümiz bilen ýaradyp bilmeýäris. Bir nar dänesinden alma, süýde, bir damja suwa çenli; Aýa, Güne, ýyldyzlara çenli ... Jennete çenli... Sygyr süýt bermese biz milliardlarça pul döküp, emeli usulda süýt ýaratmaga ukybymyz we mümkinçiligimiz ýetmez. Ýöne, näme zerurlygymyz bar bolsa, ählisiniň ýaradylandygyny we ynsan nesliniň hyzmatyna berlendigini görýäris. Kuran Adam zürýatlarynyň garyplygyny beýan edýän bir ýerinde: “Diýgil: Aýdyň maňa, eger suwuňyz çekilse, ýeriň düýbüne gitse, ol süýji akar suwy size kim getirip biler?” (Mülk, 30) diýýär.

Ynsan ýaradylyş taýdan ejizdir

Ejiz kimdir? Kimdir biri öz güýç-kuwwaty bilen özüni duşmanlaryndan gorap bilmeýän bolsa, şoňa ejiz diýilýär. Ene rähmine düşen pursatymyzdan başlap, biziň birgiden duşmanymyz bar. Mikroblardan, hassalyklardan çybyndyr çirkeýlere, ýylandyr içýana, ýangyndyr ýertitremä, guýrukly ýyldyza çenli müňlerçe duşmanymyz bar. Bu duşmanlardan özümizi öz güýç-kuwwatymyz bilen gorap bilmeýäris. Biz gorap bilmeýändigimize görä, ýöne goralýandygymyza görä, diýmek bizi goraýan bar; ol goraýjy hem Allahdyr.

Kuran birnäçe aýatynda ynsanyň nähili ejizligini beýan edýär:

“Eý ynsanlar! Ynha size bir mysal berilýär, oňa ýagşy gulak goýuň: Siziň Allahdan başga öňünde ýalbarýan ähli ýalan taňrylaryňyz bir ýere ýygnansalar, bir siňegi hem ýaradyp bilmezler. Hatda siňek olardan bir zat alsa, ony-da yzyna gaýdyp alyp bilmezler. Isleýän-de, özünden islenilýän-de ejiz; gaçýan-da, kowýan-da nähili güýçsüz!

Allahy bolmalysy ýaly tanap bilmediler. Şübhesiz, Allah örän güýçlüdir, üstündir. (Haj, 73-74).

“Jan bokurdaga gelende, ol wagt jan çekýäniň ýanynda bolan sizler, sereder durarsyňyz. Biz bolsa, oňa sizden has ýakyndyrys, emma siz görüp bilmersiňiz. Hany göreli, eger ahyretde berjek hasabyňyz ýok bolsa. Eger sözüňizde durýan bolsaňyz, çykyp barýan ol ruhy yzyna gaýtaryň-da!”(Wakya, 83-87).

Hawa, adamyň ýaradylyşy, gulluk etmegini zerur kylýar. Allah ýaratdy. Allah ryzkymyzy ýetirýär. Ýene-de Allahyň huzuryna dolanmaly. Ynsan onuň huzuryna çykanda, oňa laýygy bilen gulluk eden wepaly, sadyk guly bolup barmaga çalyşmaly.

“Men näme üçin meni ýaradana gulluk etmäýin? Siziň hem barmaly ýeriňiz Onuň huzury ahyry!”(Ýasin, 22).

Kuran ähli adamzady gulluga çagyrýar

Kuran aýatlarynyň wahý görnüşinde iniş yzygiderliligine görä ilkinji emir “Ýaradan Rebbiň ady bilen oka!” (Alak, 1) bolsa, Kuranda süreleriň ýerleşdiriliş tertibi içinde Hak tagalanyň ilkinji emri “Gulluk ediň!” buýrugydyr.

“Eý ynsanlar! Sizi we sizden owalkylary ýaradan Rebbiňize ybadat (gulluk) ediň. Beýle etmek bilen her dürli zyýandan goralmagy umyt edip bilersiňiz.

Rebbiňiz Ýer ýüzüni siziň üçin düşek, gögi-de üçek eýledi. Gökden ýagmyr inderip, ol ýagmyr sebäpli dürli miwelerden we ekinlerden size ryzyk berdi. Şu halda, siz bu zatlary bilip durkaňyz hem, hergiz Rebbiňize şirk goşmaň” (Bakara, 21-22).

“Eý ynsanlar” - ýagny, ähliňiz; kapyr, mümin, mynapyk... haýsy synpa; dünýädäki kowumlardan haýsy kowuma degişli bolsaňyz boluň, ähliňiz şu emir bilen jogapkärsiňiz: “Sizi we sizden owalkylary, atalaryňyzy, eneleriňizi, ähli eždadyňyzy, başdan soňa barysyny ýaradan älemleriň Rebbine ybadat (gulluk) ediň”.

Gullugyň sebäpleri, delilleri

Allah “Gulluk ediň!” diýende, ynsanda şeýle sorag döreýär: “Näme üçin gulluk etmeli?” Allah: “Allah sizi ýaradandygy we sizi terbiýeländigi üçin gulluk ediň!” diýip jogap berýär. Allah bizi ýaratmak bilen bir sanda, ýaşaýşyň dowamy üçin haýsy nygmatlar zerur bolsa, olary-da ýaratdy we bize yhsan etdi. Bizde şeýle gymmatly nygmatlar bar welin; akyl, göz, gulak, dil, erk (we ş.m.) bularyň ýekejesini dünýä malyna çalyşmarys.

“Sizden owalkylary ýaradan Allahdygy üçin-de gulluk ediň”. “Sizden owalkylar” hakykatyna üns beriň. Hz. Adamdan bu güne çenli Ýer ýüzünde näçe ynsan ýaşady. Emma ählisi-de geldi-geçdi. Ol dünýä gitdiler. Sen hem panysyň. Daşdan-polatdan dälsiň. Etden-süňkden ybaratsyň. Sen hem bir gün gitmelisiň. Şu halda, bu dünýä seni aldamasyn. Gitjek ýeriňe taýýarlykly bol. Allaha gulluk et.

Rebbiňiz aýaklaryňyzyň astyndaky Zemini siziň üçin düşek kylyp, onuň üstünde sizi ýaradypdyr. Her dürli nygmaty ol ýerde taýýar edipdir. Ýeri düşek edendigi üçin Rebbiňize gulluk ediň.

Başyňyzyň üstündäki Gögi-de deňagramsyz ýagdaýa düşmekden goralan üçek eýledik. (Enbiýa, 32). Öýümiziň üçegi bizi daşarky howplardan goraýar. Sowukdan, yssydan, daş-toprakdan, tozandan goraýar. Ýer atly umumy öýümiziň goragly üçegi asmandyr, atmosfera howa gurşawydyr. Eger bu üçek bolmadyk bolsa, Günden gelýän zyýanly şöhleler sebäpli zäherlenerdik. Meteor daşlary entek asmandaka ýanyp, pytramasa, bu öýümiz birmahallar harap bolardy. Bulary biz öz güýjümiz bilen etmedik. Allahyň bize bagyş eden bu nygmatlary üçin gulluk etmeli.

Ýagyş damjalary ýüzugra däl, belli bir nyzama görä inýär. Çünki, şeýle uzak aralykdan gelýändiklerine garamazdan, şemaldyr öwüsginleriň täsirine garamazdan, damjalaryň arasynda garpyşma bolmaýar. Diýmek, ol damjalar Ýer ýüzüne ýüzugra inmän, jylawlary Allahyň melekleriniň elindedir.

Şu halda, asmandan Ýere suw inderýän Allaha gulluk ediň. Ýagyş ýagmasa, halyňyz niçik bolardy? Eliňizden näme gelerdi? Allah ýagyş bilen dürli miwelerden, hasyllardan ryzkyňyzy ýetirýär. Eger Allah ol ryzklary bermedik bolsa, siz özüňiz iň ýönekeýini, iň kiçisini hem ýaradyp bilmezdiňiz. Munça nygmatlary Allah berýär. Allaha gulluk ediň. Allahyň gullarynyň üstünde haky bar. Biziň oňa gulluk borjumyz bar.

Ynsan Allahyň beren nygmatlaryny bilşiçe, duýşuça Allaha gulluk eder. Şonuň üçin Kuran birnäçe ýerde Allahyň sansyz nygmatlaryny düşündirýär. “Sanamaga synanyşsaňyz hem sanap aňyrsyna çykyp bilmersiňiz” diýýär. Sansyz nygmatyň öwezine sansyz gulluk kylynmalydy. Emma, Allah bizden çäkli, sanalgy gullugy talap edýär.

Allahy iň ýagşy tanaýan, bilýän Söýgüli Pygamberimiz Hz. Muhammetdi (s.a.w.). Şonuň üçin-de, iň köp gulluk eden hem oldur. Mugire gürrüň berýär: Pygamber (s.a.w.) namaz kylanda iki aýagy ýa-da iki baldyry çişýänçä aýak üstünde durardy. Hz. Aýşe ondan: “Ýa Resulullah, Allah seniň geçen we geljek günäleriňi bagyşlady. Ybadat meselesinde näme üçin beýle özüňe azap berýärsiň?” diýip soranda, Resuly Ekrem: “Allahyň nygmatlaryna şükür edýän gul bolmaýynmy?” diýip jogap bererdi.

Hz. Muhammet (s.a.w.):“Allahym” Saňa gözel gulluk etmegim, şükür we zikir etmegim üçin maňa ýardam eýle!” diýip dileg edýär.

“Heý, depelerindäki göge seretmedilermi? Seredip, Biziň ony nähili pugta bina edendigimizi, onda ýönekeýje jaýryk, deňagramsyzlyk ýokdugy barada pikir etmezlermi?

Ýeri-de düşedik. Ol ýere deňagramlylygy saklajak agyr basyşlar, uly daglar ýerleşdirdik. Ol ýerde gözleri, köňülleri açýan her dürli ösümliklerden jübütler ýetişdirdik.

Bularyň ählisini Allaha ýöneljek her gula Ýaradanyň gudratyny ýatlatmagy, ders bermegi, nusga bolmagy üçin etdik.

Gökden bereketli suw inderdik. Onuň bilen baglar we ýygyljak ekinler, salkym-salkym miweleri bolan uly hurma agaçlaryny ýetişdirdik.

Bularyň ählisi gullarymyza ryzk bermek üçindir. Hem ol suw bilen öli topraga ýaşaýyş berdik. ynha, ölen ynsanlaryň mazarlaryndan çykyşy hem şeýle boljakdyr.” (Kaf, 6-11).

Ynsanyň tebigaty gullugy zerur kylýar

Ynsanyň tebigaty gullugy zerur kylýandygy üçin adamzat taryhynda dinsiz millet bolan däldir. Bir pygambere uýup, ýeke-täk Allaha ybadat etmegi öwrenmedik döwürlerinde, halklar pany, ejiz zatlara çokunypdyrlar. Butlara, Aýa, Güne, ýyldyzlara çokunyp, olara gulluk edipdirler. Her gelen pygamber bu ýalňyş gulluk düşünjesini dogry ýola gönükdirmek üçin göreşipdir. Kapyrlar butlara gulluk edýän döwürlerinde gurban kesenlerinde hem “Bular bizi Allaha ýakynlaşdyrýar” düşünjesi bilen hereket edipdirler we butlary Allaha şärik hasaplapdyrlar.

“Diýgil: Eý kapyrlar! Men siziň ybadat edýänleriňize ybadat etmerin. Siz hem meniň ybadat edýänime ybadat etmeýärsiňiz. Men siziň ybadat edýänleriňize asla ybadat etmerin. Siz hem meniň ybadat edýänime ybadat etmersiňiz. Şu halda, siziň diniňiz size, meniň dinim maňa.”(Kafirun, 1-6).

Diýmek, kapyrlar hem näme-de bolsa bir zada ybadat (gulluk) edýärler. Çünki, gulluk ynsan nesliniň tebigatynda, ýaradylyşynda bar. Allah: “Maňa ybadat ediň, dogry ýola ulaşyň” (Ýasin, 61) diýip, dogry ýola çagyrýar.

“Şübhesiz, Allah meniň hem Rebbim, siziň hem Rebbiňizdir. Oňa gulluk ediň. Ynha dogry ýol budur.” (Merýem,36; Al-i Imran, 51).

Pygamberleriň iň uly çagyryşy: gulluk

Allahyň iberen ähli pygamberleri Allaha örän oňat gulluk etdiler. Ynsanlary hem Allaha gulluk etmäge çagyrdylar. Ynsanlaryň ýaradylyş maksady gulluk bolmasa, ähli Pygamberler ymmatlarynyň ünsüni bu meselä çekerdilermi?!

Ynha, Nuh aleýhisselam:

“Ant bolsun, biz Nuhy kowumynyň ýanyna iberdik. Ol: “Eý kowumym! Allaha gulluk ediň. Ondan başga taňryňyz ýokdur. Hakykat bu. Siz entek hem şirkden goranmarsyňyzmy?”(Müminun, 23).

Ynha, Hud aleýhisselam:

“Ad kowumyna-da olaryň doganlary Hudy iberdik. Ol “Eý kowumym! Allaha gulluk ediň. Ondan başga taňryňyz ýokdur!” diýdi” (Hud, 50).

Ynha, Salyh aleýhisselam:

“Semud kowumyna-da olaryň doganlary Salyhy iberdik. Ol “Eý kowumym! Allaha gulluk ediň. Ondan başga taňryňyz ýokdur!” diýdi” (Hud, 61).

Ynha, Ybrahym aleýhisselam:

“Ýeri, siz Allahdan ýüz öwrüp, size hiç bir peýdasy we zyýany bolmadyk zatlara ybadat edýärsiňizmi?” (Enbiýa, 66).

Ynha, Şuaýb aleýhisselam:

“Medýene-de doganlary Şuaýby iberdik. Ol “Eý kowumym! Allaha gulluk ediň. Ondan başga taňryňyz ýokdur!” diýdi” (Hud, 84).

Ähli pygamberler adamlary Allaha gulluk etmäge çagyrypdyrlar. çünki, bu ynsanyň ýaradylyş maksady, bu pygamberiň ilkinji wezipesi.

“Olara diňe Allaha gulluk ediň diýip, öňlerinden we arkalaryndan pygamberler gelipdi.”(Fussylet, 14).

“Ant bolsun, biz her millete Allaha gulluk ediň, şeýtana gulluk etmekden gaça duruň diýip ilçi iberdik” (Nahl, 36).

Allaha gulluk – ýaradylyşymyzyň maksady. Dünýäde ýaşamak esasy zat däl, esasy mesele haýyrly amal işläp ýaşamakdyr. Iň haýyrly amal Allaha gulluk niýeti bilen, Haka gulluk düşünjesi bilen edilen ýagşy amaldyr. 

Men Ol gulumy bagyşlajak däl

Resuly Ekrem Hezretleri käbir sahabalarynyň jennetlikdigini habar berse-de olar ýene-de aladalanypdyrlar:

– Dowzaha diňe bir kişi girmeli bolsa, şol biz bolaýmaly? – diýen endişe bilen ýaşapdyrlar.

Bu näme diýmekdir:

- Hiç kim ybadatlarynyň ýa-da günäleriniň mukdaryna seredip, özüniň jennetlik ýa-da dowzahydygyny takyk kesgitläp bilmez. Mümin Allahyň merhemetinden umyt we gazabyndan gorky (hawf-u-reja) içinde bolmalydyr. Ol ne eden ybadat we ýagşylyklarynyň känligine seredip, özüni Jennetiň ak guşy hasaplamaly; ne-de günä we ýalňyşlyklaryna seredip, umytdan düşmelidir. Sahabalar hem şeýle pikir edipdirler: Resulullahy (s.a.w.) görmek, Onuň bilen bile bolmak bagty özlerine miýesser eden hem bolsa, birgiden ýagşylyk we sogaplarynyň bardygyna garamazdan, Allahyň lutuf we keremi bolmasa, bularyň ählisiniň özlerine jenneti gazandyryp bilmejekdigine düşünipdirler.

Käbir adamlar ybadat we ýagşylyklaryna aşa buýsanýarlar. Emma, bu ähli edilen sogap işleriň, ýagşylyklaryň ýanmagyna sebäp bolup biljek düşünjedir. Ählimiz hem Rebbimiziň merhemet we keremine mätäçdiris. Rebbimiziň keremi bolmazdan, hiç kimiň ybadaty we ýagşylyklary oňa jenneti gazandyrmak üçin ýeterlik däldir. Eger bir gul jennetlik bolsa, bu Rebbimiziň lutfy-keremi, ylahy adalatyň şöhlelenişidir.

Bulary şunuň üçin aýdýaryn: Edýän ybadatlarymyzda, ýagşylyklarymyzda diňe Rebbimiziň razylygyny gazanmagy maksat edinmelidiris. Şübhesiz, ol razy bolan, söýen guluny dowzahda ýandyrmaz.

Bir adam gije-gündiz ybadat edýär eken. Ybadat onuň ýaşaýşynyň özenine, asyl manysyna öwrülipdir. Bir gün hezreti Musa ol adamyňka görme-görşe barýar. Oňa:

- Men Rebbim bilen Tur dagynda gürleşýärin. Eger bir islegiň bolsa aýt, Oňa ýetireýin – diýýär.

Ol Adam:

- Rebbime aýt: Menden razy bolup, meni bagyşlasyn - diýýär.

Hezreti Musa Tur dagynda ol adamyň diýenlerini-de Rebbine ýetirýär. Emma Allahutagala:

- Ol guluma aýt, gijeleri daňa çenli ybadat etse-de, gündizleri agşama çenli oraza tutsa-da ýene-de dowzahydyr. Ony dowzahyma goýjak! – diýýär.

Hezreti Musa gelip, hälki adama ýagdaýy düşündirýär. Emma ol:

- Şeýle bolsa-da men ybadat we gullugymy dowam etjek. Çünki men diňe Rebbimiň razylygyny gazanmak üçin, onuň gulundan razy bolmagy üçin ybadat edýärin. Meni jennetlik edip, dowzahyň ataşyndan daşlaşdyrmagy üçin gulluk edemok. Rebbimiň wepaly, sadyk guly hökmünde meniň wezipäm ybadat edip gulluk borjumy ýerine ýetirmekdir. Galany meniň erkimiň çäginden daşarda, Rebbimiň eradasyna bagly. Islese, jennetine goýar, islese, dowzahyna taşlar.

Mundan soňra, Hezreti Musa gökden wahý geldi:

- Ol guluma aýt: Rebbi ony bagyşlady, ondan razy boldy we şu wagt hem jenneti oňa wajyp kyldy!  

Hezreti Musa ylgap baryp, bu şatlykly habary ýetirende ol adam:

– Allahu Ekber! – diýip, seždä barýar we şondan soň asla seždeden turmaýar. Oňa, amanadyny jennetlik bolup tabşyrmak miýesser edipdi.