بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Ibn Apbas (goý, Beýik Taňry ondan razy bolsun!): «Dawut pygamber (goý, Päk Taňrynyň oňa ýalkawy bolsun!) üç sany zadyň, ýagny ylmyň, baýlygyň we hökümdarlygyň arasynda öz ygtyýaryna goýu?ldy. Ol ylmy saýlap aldy. Allatagala bu sebäpden oňa baýlyk bilen hökümdarlygy hem bile berdi» diýdi.

Başy » «Zaman» gazeti » GURBAN BAÝRAMY

Gurban baýramy (iýdü-l-edha/iýdü-n-nahr) yslam äle­miniň hijri-kamary ýyl hasa­byna görä 10-13-nji Zilhijje gün­le­rinde gutlaýan iň meşhur dini baýramydyr. Kuran-y Kerimde Saffat (37/83-113) we Haj surelerinde (22/26-28) geçişi ýaly Hezreti Ibrahimiň sünneti hökmünde bellenilip gelinýär. “Allahyň özlerine ryzyk hök­münde beren haýwanlaryny kesenlerinde Allahyň adyny ýatlasynlar diýip Biz her ymmata gurban ybadatyny goýduk ...” (Haj 22/34) aýaty-da munuň has soňra ähli ym­mat­lary öz içine alýan bir ybadatdygyny bildirýär.

Gurban baýramy Mekgede inen “Biz hakykatdan hem saňa köwseri berdik. Sen-de Rabbiň üçin namaz kyl we gurbanlyk kes!” (Kewser 108/2) ylahy emrine laýyklykda diňe özüne parz kylynan Guşluk namazyny (ýa-da şükür namazyny) kylmaga we gurbanlyk kesmäge başlan Resulallah (s.a.w.) ta­rapyndan ilkinji gezek hijretiň birinji ýylynda Medinede Alla­hyň emri dogrusynda ähli mü­min­lere baýram hökmünde yg­lan edilýär we bu günlerde baý­ram namazyny okamak we gur­banlyk kesmek wajyp kylynýar. Bir hadys-y şerifde: “(Maňa) Gurban gününi baýram hökmünde gutlamak emir edildi. Ony bu ymmaty üçin Allah baýram kylandyr” diýilýär.

Kuran-y Kerimiň iň köp üstünde durýan we hökümlerini kesgitlän baýramy bolan Gur­ban baýramy, degişli hadysla­ryň bildirişine görä, ýylyň iň gadyrly günüdir ýa-da haýyr taýdan arefe güni bilen deňdir. Arefe güni we Gurban baýramy günleri esasynda yslamyň parz­laryndan biri bolan haj yba­datynyň wagtlarydyr.

Gurbanlyk ynsany Allaha ýakynlaşdyrýar

Gurban, sözlük manysy taýdan “k-r-b” kökünden işlik hökmünde “ýakynlaşmak”, at hökmünde bolsa, “hyzmaty bilen soltana ýakynlaşan kişi” manysyny berýär. Diýmek, “gurbanlyk” Allaha ruhy taýdan ýakynlaşdyrýan zat diýmekdir, ýagny belli bir haýwany belli bir wagtda ybadat niýeti bilen kesmekdir.

Bereketli baýram günlerimiz­den biri bolan Gurban baýramy musulmanlaryň halys niýetleri bilen günälerden saplanmagyň ýollaryny gözleýän we bu mak­sada laýyklykda käbirileriniň ýüzüni Beýtullaha – Allahyň öýüne tarap öwrüp, Arafatda wakfä durýan we Muhammedi bir ruh bilen ýalbaryp-ýakarýan günü­dir. Gurban baýramy, Hezreti Ibrahimiň ogly Ismaýili (a.s.) gurban etmek islän, Jenab-y Hakyň-da bir uly goç iberip, ony halas eden gününde bellenýär. Bu baýramda Ibrahim pygambere goýlan hormat artyp, Allah ugrunda jany we maly pida etmekde, bu ýolda sabyr we mertlik görkez­mekde olary nusga almalydygy ýene bir gezek ýatlanýar.

Hadyslardan birinde: “Allah gatynda günleriň iň ulusy gurban baýramynyň birinji we ikinji günüdir” diýilýär. Juma we arefe gününiň-de Allah gatyn­da iň haýyrly gündügi  bara­daky hadyslardan alymlar iň haýyrly günüň gurban ýa-da arefe günüdigi ýa-da ikisiniň-de bir-birine deňdir diýen netije çykaryp­dyrlar; juma gününi-de hepdä­niň iň haýyrly güni diýip hasap­lap­dyrlar.

Arefe güni ertir namazy bilen baş­laýan we Gurban baý­ra­my­nyň dör­dünji güni ikindi namazyna çenli bäş günde her parz namazyň ahy­rynda teşrik tekbir­leri getirilýändigi üçin bu günlere “eýýam-y teşrik (teşrik günleri)” diýlipdir; emma hakykatda, gur­banyň 2-nji, 3-nji we 4-nji günlerine (Zilhijje aýynyň 11-12-13-i) teşrik günleri diýilýär. Hadysda-da: “Arefe güni nahr/gurban güni (gurbanyň birinji güni) we teşrik günleri (gurbanyň 2-3-4-nji günleri) biz musul­manlaryň baý­ra­­my­dyr” diýilýär.

Gurban baý­ramy ­yslamyň şeaýirin­dendir

Şeaýir:Gö­r­len­­de, Allahy ýat­lad­ýan zatlardyr. Dört uly şeaýir bo­lup, olar: Kur’ân-y ke­rim, Kä’be-i muazzama, Pygam­ber (a.s.) we namazdyr. Bulardan başga-da bir­näçe şeaýir bolup, Gurban baýramy, namazy we gurbanlyklar-da ysla­myň şeaýirinden­dir. (Haj 22/26-28, 32). Şonuň üçin bulara hormat goýmak, Allahyň emridir. Bu barada Kuran-y ke­rimde: “Kim Allahyň hor­mat goýul­magy­ny emir eden zat­la­ryna hormat goýsa, bu, Reb­biniň gatynda (ol kişiniň) özi üçin diňe ha­ýyrdyr...” (Haj 22/30), “Kim Alla­hyň şeaýirine hor­mat goýsa, şübhe ýokdur ki, bu kalpla­ryň takwa­syn­­dan­dyr.” (Haj 22/32)  diýilýär.

Baýram­lar jem­gy­ýetde bi­te­­wiligi güýç­len­dirýär

Hikmet taý­­dan, mu­sul­man­­laryň baýramlarda birleşip bite­wi bir göwrä öwrülenlerinde Allahy zikir etmekleri we dini şeaýire sarpalaryny artdyrmak­lary üçin baýram namazy we teş­rik tekbir­leri wajyp kyl­nan­dyr. Şonuň üçin uly-kiçi, aýal-erkek, garry- ýaş, her kimiň baý­ram ýerine gelmekleri müste­hap­dyr. (Müste­hap: edilmeginde sogap bolup, edilmände günä gazandyr­maýan amal).

Resulallah (s.a.w.) baýram ýerine gelenleri gutlap, baý­ram namazyndan soňra sadaka we sowgatlar berer eken, beril­megi­ni ündär we bu ber­len­leriň günä­leriň bagyşlanmagyna sebäp boljak­dy­gy­ny bildirer eken.

Baýram na­maz­larynda mü­min­leriň kalplary Älem­leriň Reb­biniň öňünde gulluk duý­gusy bilen birleşer. Gö­ýä baýram namaz­la­rynda Ys­lam äle­miniň zikir we tes­-bih-leri bilen dünýä­niň her kün­jünde “Allahu Ekber” owazy ýaňlanar, ýer-gök, dag-daş bu owazy gaýta­lar. Ýeke-täk “Al­lahu Ekber” jümlesiniň ýaňlan­magy bilen soňsuz “Allahu Ekberler” ýüze çykyp, zikir we tekbirler gök­lerde-de gaýtala­nar.

“Remezan we Gurban baý­ramlaryny Lailahe illallah, Al­lahu Ekber, Subhanallah we Elhamdülillahlar bilen bezäň” hadys-y şerifine laýyklykda baýramlarda köp mukdarda tekbir (Allahu Ekber), tesbih (Subhanallah) we tahmid (El­ham­dulillah) getirmek sünnet­dir.

Hadyslarda gurban kesmek we Gurban baýramy barada

Pygamberimiz (s.a.w.) “Gur­ban kesiň; çünki gurban ataňyz Ibrahimiň sünnetidir”, “Haly -ýagdaýy ýerinde bolup-da (dini ölçeglere görä baý saýy­lyp-da), gurban kesmeýän kişi biziň namazgähimize, mesjidi­mize golaýlaş­masyn”, “Ynsan ogly Allah gatynda, gurban günün­de gurban kes­mek­den has söýgüli iş eden däldir. Ol gur­ban, kyýamat gününde şah­lary, derisi we dyrnaklary bilen geler. Gurban ganynyň Allah gatyn­da uly gadyry bardyr, gan akyp ýere düş­mänkä, Allah gatynda beýik bir mertebä ulaşar. Gur­bany tämiz we halys bir kalp bilen Allaha hödür ediň”, “Gur­banlar, eýeleri üçin syrat köp­rüsinden geçilende bir ulag halyna geljekdirler”, “Gurban­laryňyz­dan bir bölegini iýiň, bir böle­gini sadaka beriň we bir böle­gini-de ýygnap goýuň” ýaly ha­dys­lary bilen baýramyň, gurbanyň we mätäçlere ýardam bermegiň ähmiýetini beýan edipdir.

Gurbanlyklaryň kesilýän baýramyň birinji, ikinji we üçünji günlerine eýýam-y nahr (gurban günleri) diýilýär. Gurbanlygy hadysda ýewm-i nahr diýlip atlandyrylan birinji günde kesmek has ýerliklidir. Mukym (ýolagçy bolmadyk), musulman we dini ölçege görä baý hasa­panýan kişä gurban kesmeklik wajypdyr. Gur­ban kesmek işi baýram nama­zyndan soň başlanyp, baýramyň üçün­ji gününe çenli dowam edýär. Resulal­lahyň sünnetine görä gurban kesmeklik wajyp hem bolsa, (...Rabbiň üçin) gurban kes!” (Kewser 108/2) aýatyna görä Allahyň ryzasyny gazan­mak niýeti bilen kesilmegi parzdyr. Çünki bu amalda hem esas bolan takwa bolup, aýatda “Ne ola­ryň etleri ulaşar Al­la­ha, ne-de gan­­lary. Oňa ulaş­jak ýeke zat, kalpla­ryňyz­daky tak­wa­dyr, Allah söý­güsidir. Ol, sizi dogry ýola çykarany üçin, Onuň beýikligini yglan etme­giňiz üçin bu haýwanlary size bagyş etdi... (Haj 22/37) buýrul­ýar.

Özüni tanamaga, özüniň ýa­ra­dylyş maksadyna göz ýetir­mäge calyşýan we ynsany Al­laha eltýän ýollaryň, amallaryň gözleginde bolan müminler üç aýlar, baýramlar we beýleki mübärek gün we gijeler ýaly Allahyň razylygyny gazandyr­jak belli wagtlary haýyrly amallary, ybadat-u tagatlary bilen bereketlendirip, ýürekden tobalary, yhlasly namazlary we ybadatlary bilen Hak gatynda beýgelendirler.... Arefe güni namazlyk arafatynda magfiret baýramlaryna ulaşyp, wyždan minalarynda nebs we şeýtan­lary daşlap, ähli kirli duýgula­ry­ny gözýaş zemzemi bilen päkländirler.

Arefe güni

Arefe güni Hijri-kamary ýyl hasabyna görä Zilhijje aýynyň dokuzynjy günüdir. Ýagny Gurban baýramyndan öňki gün. Bu günde hajylar Arafat dagyna çykýarlar. Hajylaryň ol ýerdäki duruşyna “wakfe” ady berilýär. Resulallahyň Arefe güni hakynda şu hadysy bar­dyr: “Arefe güni wakfe wag­tynda Hak tagalanyň Dow­zah­dan azat eden gulla­rynyň sany başga günlerde azat edilenler bilen deňeşdirip bolmajak derejede köpdür. Mundan başga-da, şu hadys-da ol gün ediljek amalyň gazandyrjak sogabyny bildir­ýär: “Jenab-y Allahyň Arefe güni agyz bek­länleriň ikinji we has soňraky ýyllarynyň günälerini örtjek­digini umyt edýärin.” (Müslim, Syýam, 1162). Ýöne, Arefe güni wakfe etjek hajylaryň agyz beklemez­likleri has dogry hasaplanýar. Emma, haja gitmedikler  ol gün oraza tutup biler.

Arefe güni Arafatda wakfe­de duran hajylar topary magşar gününiň kiçi bir mysalyny görkezýärler. Ähli hajylar - gara tenlisi, gyzyl tenlisi we akýa­gyzy deň şertlerde, birmeňzeş lybas geýip, ýolbaşçysy-işçisi, baýy-garyby ‑ ählisi bilelikde “Lebbeýk, Allahumme Leb­beýk, La şerike leke lebbeýk. Inne-l-hamdewe-n-ni`mete leke we-l-mülke lâ şerike leke” (Manysy: “Emriňe taýýar men... Allahym emriňe taýýar men... Emriňe taýýar men, seniň şärigiň ýokdur. Emriňe taýýar men... Şübhesiz, hamd-da, nygmat-da diňe saňa mahsusdyr. Seniň hiç bir şärigiň ýokdur”) dileg-dogalary bilen başlary açyk, aýakýalaň wakfä durup, Allaha ýalbaryp, günäleriniň bagyş­lan­magyny dileýärler.

Gurbanlyk

Gurban kesmek, mad­dy hal-ýagdaýy ýerin­de bolanlar üçin wajyp bolan bir dini jogap­kärçilikdir. Ykdysady mümkin­çiligi bolmadyklar üçin beýle jogap­kärçiligiň ýokdugy öz-özünden düşnüklidir. Okyjylaryň “Meniň ykdysady ýagdaýym ýerindemi, maňa gurban kesmek jogapkärçiliginiň düşýändigini ýa-da düşmeýändigini nähili bilip bilerin?” diýip sowal bermekleri mümkin.

Munuň ylmy jogaplary-da bar. Ýöne meniň pikirimçe, mowzugy juda ylmy sözlere bogmazdan, parhly bir garaýyş esasynda netije çykaryp bileris.

- Muny, ilki öz içki dünýäňden sora. Gurbanlyk mal almak bilen, maşgalaň zerur harajatlaryny almakda kynçylyk çekmejek bolsaň, mesele ýokdur. Gurbanlyk janly al, goňşy-golama et ibermegiň, töwerek-daşyňa hezzet etmegiň şatlygyny, lezzetini kalbyňda duý. Beren el bolmagy nesip edendigi üçin Rabbiňe şükür et.

Eger beýle etseň güzeranyň kynlaşjak bolsa, saňa wajyp bolmajakdygy üçin özüňi gynamagyň zerurlygy ýok. Gurban kesmek jogapkärçiligi hem bu ýagdaýda senden aýrylar. Gysgaça aýtsak:

Wyždanyňy diňläp, şoňa görä hereket et. Wyždanyňda gurban kesmek jogapkärçiligi barmy, ýokmy? Şoňa seret. Ýok bolsa, köňlüňi rahat tut. Bar bolsa, näme üçin bar?

Diýmek, seniň gurbanlyk almaga gurbuň ýetýär, şonuň üçin-de kalbyňdan saňa duýduryş gelýär.

***

Gurban kesmekden maksat goňşularyň mätäçliklerine-de ýardam bermekdir. Hususan-da ykdysady ýagdaýyň agyr bolan döwürlerinde.

Eger gurbanlyk diňe eýesine degişli et zyýapatyndan ybarat bolsa, Pygamberimiziň et paýlanyşygy baradaky şu taryhy duýduryşy taryhyň altyn sahypalaryna geçmezdi. Geliň, ol meşhur sözi bu ýerde ýene bir gezek ýatlalyň.

Bir Gurban baýramynda Äşe enemizden gurban etini nähili paýlandygyny soraýar. Hezreti Äşe (r.a.):

- Gurban etiniň ählisini paýladyk, bize bir butdan başga zat galmady!

Söýgüli Pygamberimiz muny eşidip, şeýle diýýär:

- Äşe, bir butdan başgasy tutuşlygyna bize galdy diýsene!

Hawa, şeýle diýýär söýgüli Pygamberimiz. Äşe enemiz bir butdan gaýry gurban etiniň ählisini paýlandyklaryny aýdýar. Pygamberimiz-de muny eşidip begenýär we begenmeginiň sebäbini-de, paýlananlaryň ählisiniň özlerine galandygyny, paýlanylmadyklarynyň bolsa bu ýerde tükediljekdigi üçin, ahyretde ýanlarynda bolmajakdygyny ýatlatmak bilen düşündirýär. Diýmek, mätäçlere berlen gurban etiniň sogap depderinde hasaba alynjakdygy üçin, magşarda bereniň ýanynda bolar; paýlanylmadyk bölegi bolsa, bu ýerde gutaryljakdygy üçin amal depderinde bellige alynmaz we dünýäde galar.

Diýmek, gurban etiniň näçeräk bölegi töwerege paýlansa, mätäçlere berilse, şonça-da haýyrly we makbuldyr. Çünki, ahyretde ynsanyň ýanynda berenleri häzir bolar, öz iýenleri däl! Bu nukdaýnazardan, gurbanlyk malyň puluny berip ýa-da özleri alyp berip gurbanlygyny garyp-gasarlara, mätäçlik çekýän okuwçylara bagyşlanlar gurbanlygy tutuşlygyna öz ýanlaryna aldy diýlip hasaplanyp bilner. Çünki bu ýagdaýda, gurbanlyk eýesi ony eti-derisi bilen tutuşlygyna berýär we hiç zadyny özüne almaýar.

Gurban eti üç günden artyk öýde garaşdyrylmaly dälmi?

Sowal:- Kabir kişiler “Gurban eti üç günden artyk saklanylmaly däldir. Üç günüň içinde hökman paýlanylyp gutarylmalydyr” diýýärler. Bu barada Pygamberimizden (s.a.w.) mysal hem getirýärler. Hakykatdan hem Pygamberimiziň şeýle emri barmy? Giňişleýin düşündiräýseňiz!

Hakykatdan-da Pygamberimiz bilen baglanyşykly bir waka bardyr. Düşündirişi-de şeýledir:

Hijretiň bäşinji ýylynda Medine-de guraklyk bolup, çölde ýaşaýanlaryň aglabasy guraklyk zerarly maddy kynçylyga düşýär. Ynha bu gahatçylyk döwründe Hezreti Muhammet (s.a.w.) gurban kesýänlere: “Hiç kim öýünde üç günden artyk gurban eti saklamasyn, çölden gelen ýoksullara bersin” diýip buýurýar.

Bu sebäpden her kim diýen ýaly gurban etiniň özlerine diňe üç gün ýeter ýalysyny alyp, galan bölegini guraklyk sebäpli kyn ýagdaýa düşenlere berip, olara goldan gelen hemaýaty edýärler.

Bir ýyl soň-da şol gadaganlyk dowam edýändir öýden sahabalar Söýgüli Pygamberimizden:

- Ýa Resulallah, gurban etlerini üç  günden artyk öýde saklap bilmerismi? – diýip soraýarlar. Allah Resuly:

- Näme üçin saklamaly dälmişsiňiz, munda hiç hili zyýan ýokdur – diýýär. Sahabalar:

- Geçen ýyl şeýle diýipdiňiz - diýenlerinde, Hezreti Pygamber olara:

- Geçen ýyl gurak geldi. Çölden gelen ýoksullaryň möhümini bitirmelidi. Bu ýyl beýle kynçylyk ýok. Öýüňizde üç günden artyk et saklap bilersiňiz – diýip jogap berýär.

Diýmek, esasy zat, töwerekde mätäç ynsanlaryň bolup-bolmazlygydyr. Şeýle ynsanlar bar bolsa, eti öýde saklamaly däl. Hadys kitaplarynda ýygy-ýygydan et almaga mümkinçiligi bolmadyklaryň gurban etinden peýdalanyp biljekdikleri ýazylýar.

Gurban kesmegiň hikmetleri

* Her ybadat Allanyň emri bolandygy üçin berjaý edilýär. Allanyň emridigi üçin amal edilýän her ybadatda bize mälim ýa-da nämälim birnäçe hikmet bardyr. Haj suresiniň 34-nji aýatynda gurban ybadatynyň hikmeti şeýle bildirilýär: “Allanyň özlerine ryzyk hökmünde beren haýwanlaryny soýanlarynda Allanyň adyny ýatlamaklary üçin Biz her ummata gurban ybadatyny berdik.”

* Gurban ybadatyny amal eden ynsan özüniň Allanyň emirlerine bolan baglylygyny pugtalandyrar, şükür borjuny berjaý etmäge çalşar; gurban onuň  “kurbyýetine” – Rebbine ýakynlaşmagyna sebäp bolar.

* Gurbanlyk kesmegiň jemgyýetçilik durmuşy bilen baglanyşykly hem birnäçe hikmeti bardyr. Gurbanlyk jemgyýetde doganlyk, arkalaşyk, pidagärlik we ýardamlaşmak duýgularyny kämilleşdirýär. Jemgyýet gatlaklary arasyndaky uçurymlaryň aşylmagyna we tapawutly derejelerdäki ynsanlaryň bir-biriniň hal-ýagdaýyna düşünip, has ýakynlaşmaklaryna ýol açýar.

* Ýoksullyk zerarly dişine et degmeýän ýa-da setanda-seýranda et alýan maşgalalar üçin gurbanlygyň bereketi bir başga bolýar. Gurbanlyk, baýa malyndan Allanyň hoşnutlygyny gazanmak üçin mätäçlere bermegi öwredýär; ýardamlaşmagyň ruhy lezzetini onuň wyždanynda duýurýar. Şunlukda, ony husytlyk hassalygyndan, harsydünýälikden halas edýär. Gurbanlyk, garyplaryň hem Allaha şükrüni artdyrýar. Garybyň gözüniň baýyň malynda bolmagynyň, baýlara duşmançylykly nazar bilen garamagynyň öňüni alýar; oňa, jemgyýetde özüne hem hormat goýulýandygyny, zerurlyklaryna we mätäçliklerine biperwaý garalmaýandygyny duýdurýar.

* Ýene-de bellemeli zat, Allanyň razylygyny gazanmak niýeti bilen gurbanlyk keseniň birgiden sogap gazanjakdygy buşlanýar.

Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem): “Allanyň dergähinde hiç bir gul gurbanlyk güni gan akytmakdan has oňat iş eden däldir. Çünki, gurban edilen haýwan kyýamat güni şahlary, gyllary, dyrnaklary bilen geler. Kesilen gurbanyň gany ýere düşmänkä, Allanyň gatynda ýokary derejä çykar. Şu halda, köňül hoşlugy bilen gurbanlaryňyzy kesiň.”

Gurban kesmegiň sogaby barada soran bir sahaba söýgüli Pygamberimiz: “Gurbanyň her bir gyly üçin bir sogap bardyr” diýip jogap berýär.

* Allanyň razylygy üçin kesilen gurbanlyk ahyretde geçilmesi kyn bolan syrat köprüsinde eýesi üçin münelge boljakdyr. Pygamberimiz bu barada şeýle diýýär: “Gurbanlyk üçin haýwanlaryň oňadyny saýlaň, çünki ol syrat köprüsinde size ulag boljakdyr.”

* Gurbanyň ýene-de örän kän hikmetleri bardyr. Emma, şuny asla unutmaly dädiris: ybadatlar Allanyň emridigi üçin; her dürli peýda we hikmetlerinden has möhümi, Allanyň razylygyny gazanmak niýeti bilen amal edilmelidir. Bu nukdaýnazardan, gurban hem her dürli şahsy, jemgyýetçilik peýdalary bilen bir hatarda, Allanyň hoşnutlygyny we diňe Onuň razylygyny gazanmak maksady bilen berjaý edilmeli ybadatdyr. Kurany-Kerimde bu barada şeýle diýilýär: “Şuny unutmaň, ne olaryň (gurbanlyklaryň) etleri, ne-de ganlary asla Allaha baryp ýetjek däldir. Emma Oňa ulaşjak ýeke-täk zat, kalbyňyzdaky takwadyr, Alla bolan hormatdyr.” (Haj suresi, 37.)

Ysmaýylyňy gurban et!

“Gözüň nuruny Allaha gurban et!..”

Bu emir merhemetli pygamber we mähirli ata bolan Hezreti Ybrahyma gelipdi. Gören düýşünde, birnäçe ýyl öň eger ogly bolsa ony Hak ýolunda gurban etjekdigine söz berendigi ýatladylyp, şol wadasyny ýerne ýetirmegi talap edilýärdi.

“Ybrahym” pygamberiň ady “Ebun-rahym” diýen goşma sözden gelip çykyp, “örän merhemetli, mähirli, ýuka ýürekli ata” diýmegi aňladypdyr. Hak tagala hem ony: “Ybrahym, hakykatdan hem örän duýguçyl, hoşamaý, ýumşak kalply we özüni Alla bagyşlan kişi” diýip öwýär. Hawa, ynha şeýle merhemeti çäksiz, söýgüsi we mähri soňsuz, gözi ýaşly Resula “Ysmaýylyňy gurban et!...” emri gelipdi.

Ýüz ýylyň dowamynda dürli kynçylyga döz gelip, kowmuny Hakyň ýeke-täkligini ykrar etmäge çagyryp, şirk sütünlerini birin-birin ýumran nebi Rebbinden-de, özünden soňra ynsanlara ýol görkezjek haýyrly bir perzent diläpdi; dileginiň hasyl bolaryna sabyr bilen garaşypdy; ahyry garrap, saç-sakaly agaranda, Haktagala ony myradyna ýetiripdi.

Ybrahym pygamber Rebbiniň yhsany bolan bu perzende ýüz ýyl garaşypdy; ol perzent bolsa, kakasynyň hiç garaşmadyk pursaty gelip, onuň jan-jigerine, “Älemleriň serwerini” miwe berjek umyt pyntygyna öwrülipdi.

“Ybrahym! Pyçagy ogluň boýnuna dire we ony öz elleriň bilen gurban et!”

Ynha, Allanyň halyly bu permanyň täsiri bilen belki-de, ömründe ilkinji gezek gorkupdy, tisginipdi.

Haýsyny saýlarsyň, eý Ybrahym?!

Atalyk mähriňimi ýa pygamberlik jogapkärçiligiňimi? Şahsy höwesiňi, duýgularyňymy ýa aklyň görkezýän ýolunymy? Ysmaýylymy ýa Rebbiňimi?..

Saýla, eý Ybrahym!

Jigerparaňy, köňül bossanyňyň ýeke-täk gülüni, durmuşyňyň zynatyny,.. ogluňy – Ysmaýylyňy gurbanlyk goýun ýaly tut, ýere ýatyr we kes jan damaryny...

Ýüregiňi gyýýan ýagdaý, jiger-bagryňy dilim-dilim edýän pursat, gözüňi ýaşardýan sahna. Atada düýşi gürrüň berere mejal galmaýar; “Maňa seni gurban etmek buýruldy” diýmegiň hyýaly hem ony titredýär. Ogluna ýagdaýy düşündirmegi birnäçe gezek ýüregine düwýär; her gezeginde “Ysmaýyl, oglum!” diýip, söze başlaýar, bir salym durup, aňynda diýjek sözlerini jemleýär; özüni dürsäp, perzendine ýaňadan ýüzlenýär; emma, ýene-de yzyny aýdyp bilmeýär. Ahyrsoňy, ýüregini bire baglap, kalbyny mynçgylap duran sözleri jigerbendine aýdýar:

“Oglum! Düýşümde seni gurban etmekçi bolýandygymy gördüm. Seniň pikiriňçe bu nämä yşarat edýär?..”

Düşbi ogul Ysmaýyl ýagdaýa düşünýär. Hz. Ybrahymyň tukat ýüzüne mähir bilen seredýär, onuň düşen bu kyn ýagdaýyna ýüregi gyýylýar. Kakasyna teselli berip:

- Kaka jan! Sen gan çekme. Hakyň buýrugyny berjaý etmek üçin asla ikirjiňlenme. Alla tarapyndan näme emir edilen bolsa, şony et. Enşalla, meniň hem sabyrly, çydamly oguldygymy görersiň!” diýýär.

Janyny Allanyň ýolunda bermek üçin boýnuny uzadyp bilýän ýigit...

Rebbinden gelen emre tabynlygyny şeýle bir merdem aýdýar welin, göýä 12 ýaşly oglan däl-de, “örän sabyrly gahryman!.. Ýaşajyk Ysmaýyl!”

Ynha, ata-da, ogul-da Ýaradanyň emrine tabyn. Ybrahym oglunuň ýaňagyny ýere diräp ýatyrýar; çalt we gynaman kessin diýip, ilki elindäki pyçagy ýiteldýär, ony daşa çalýar. Pyçak daşy ikä bölýär...

Emma, geň galaýmaly, daşy böwsen pyçak Ysmaýylyň eýjejik bogazyna ötmeýär...

Bu pyçak kesmeýär...

Bir goýun, bir-de seda:

“Eý Ybrahym! Sen emre tabyn bolup, ony ýerne ýetirdiň, wezipäňi berjaý etdiň. Alla hem Ysmaýylyň ýerine gurban etmegiň üçin bu goýny iberdi. Ynha, Biz ýagşylary we yhsan-ählini şeýle sylaglandyrýarys!”

Hawa, Allahutagala hiç wagt hem Ysmaýyl(lar)yň janyna, gurbanlaryň ganyna mätäç bolmandy. Rahmanu-Rahym bu synagyň üsti bilen, Hezreti Ybrahym we Ysmaýylyň nusgasynda, Özüniň emirlerine baglylygyň nähili bolmalydygyny görkezipdi. Ynsanyň Rebbiniň emirlerini berjaý etmegine, Onuň razylygyny gazanmagyna hiç bir pany islegiň, höwesdir arzuwyň päsgel bermeli däldigini ýatladypdy.

Gurban ybadaty bilen baglanyşykly sowallar we jogaplar

Gurbanlyk kesmän, gurbanlyk janlyny ýa-da onuň puluny haýsydyr bir garyba bersek gurban ybadatyny berjaý etdigimiz bolarmy?

Gurban ybadatynyň şerti gurban edilmegine rugsat berlen haýwanlardan birini gurbanlyk günlerinde kesmekdir. Bu sebäpden, gurban kesmek ýerine, gurbanlyk maly diriligine ýa-da onuň bahasyny bir garyba ýa-da haýyr-sahawat edarasyna bagyşlamak bilen gurban ybadatynyň berjaý edildigi bolmaz. Emma, gurbanlyk malyň bahasy başga birine berlip, öz adyňa gurban kesdirilip bilner.

Gurbanlygy hökman özüň kesmek ýa-da kesilýärkä başynda durmak hökmanmy? Bu iş kimdir birine ýa-da haýsydyr bir haýyr-sahawat edarasyna tabşyrylyp bilnermi?

Gurban ybadatyndan jogapkär bolan kişiniň gurbanlyk maly hut özüniň satyn almagy, özüniň kesmegi ýa-da kesilýärkä başynda durmagy gurban ybadatynyň berjaý edilmegi üçin hökmany şert däldir. Öz adyňdan gurbanlyk kesmegi başga birine hem tabşyrmak mümkin. Çünki, gurbanlyk mal-baýlyk bilen amal edilýän ybadatdyr. Mal-baýlyk bilen amal edilýän ybadatlarda başga birine wekillik bermek mümkindir. Ýagny gurban ybadatyny berjaý etmek isleýän kişi öz adyna gurbanlyk janlyny satyn almak we kesmek üçin ynamdar birine wekillik berip biler.

Goýuny hem şärik bolup gurban kesmek mümkinmi?

Sygyr we düýäni ýedi kişä çenli şärik bolup kesmek mümkindir. Emma goýun we geçini diňe bir adam gurban kesip biler, bular üçin şärik bolmak dogry hasaplanmaýar.  Sygyr ýa-da düýe malyna şärik bolýanlaryň ählisi hem gurbanlyk niýeti bilen şärik bolmaly, aralaryndan bir kişi hem et almak niýeti bilen şäriklige goşulmaly däldir.

Gurban haçan kesilýär?

Gurbanlyk mal Gurban baýramynyň birinji, ikinji we üçünji günlerinde kesilýär. Birinje günde kesilmegi has sogaplydyr. Gurban kesmegiň wagty baýram namazynyň kylynmagyndan soňra girýär. Gije gurbanlyk kesmek mekruh hasaplanýar.

Teşrik tekbiri näme diýmek? Gurbanlyk kesmeýänler hem Teşrik tekbiri aýtmalymy?

Mälim bolşy ýaly, gurban baýramy hijri-kamary ýyl hasaby boýunça Zilhijje aýynyň onunjy güni başlaýar we dört gün dowam edýär. Arefe güni (baýramdan bir öňki gün) we gurbanyň dört güni  bilelikde “Eýýamy teşrik” diýlip atlandyrylýar. Bu bäş günüň dowamynda parz namazlaryň yzyndan aýdylýan tekbirlere “Teşrik tekbirleri” diýilýär.

Teşrik tekbiri: “Allahu Ekber, Allahu Ekber, La ilahe İllallahu Wallahu Ekber. Allahu Ekber Welillahil-hamd.”

Arefe gününiň ertir namazyndan başlap, baýramyň dördünji gününiň ikindi namazyna çenli ýigrimi üç wagtlykparz namazyň yzyndan, salam berlenden soňra bu tekbiri bir gezek aýtmak wajypdyr. Jemagat bilen ýa-da ýeke özi namaz kylýan, gurban kesýän ýa-da kesmeýän, ýolagçy bolan ýa-da bolmadyk zenan-erkek ählisiniň ýokarda agzalan wagtlardaky her parz namazyň yzyndan Teşrik tekbirini aýtmagy hökmanydyr.

Gurban ediljek malyň aýratynlyklary nähili bolmaly?

Her maldan gurbanlyk bolmaýar. Gurbanlyga kesiljek malda aşakdaky aýratynlyklaryň bolmagy hökmandyr:

1. Gurban goýun, geçi, sygyr, gäwmiş, düýe ýa-da bu haýwanlaryň jynsyndan kesilmelidir. Bularyň erkegi-de, urkaçysy-da gurban kesilip bilner. Towuk, gaz, ördek, düýeguş, keýik ýaly haýwanlardan gurbanlyk bolmaz. Bulary gurban niýeti bilen kesmek mekruhdyr.

2. Goýun we geçi jynsyndan bolan haýwanlaryň gurban kesilmegi üçin, bir ýaşyny dolduran bolmaklary zerurdyr. Emma, yslam alymlary alty aýlyk goýun hem bir ýaşyndaky ýaly uly agramly bolsa, gurban kesilip bilner. Geçiniň bolsa, bir ýaşyny doldurmagy hökmanydyr.

Sygyr we gäwmiş jynsyndan bolan mallar iki ýaşyny, düýe bolsa bäş ýaşyny doldurandan soňra gurban kesilip bilner. Gurban we geçiniň her biri diňe bir kişiniň adyna gurban kesilýär. Sygyr jynsyndan bolan bir haýwany (sygyr, öküz, gäwmiş) diňe bir adam hem öz adyna gurban kesdirip biler, hut şonuň ýaly-da, ýedi kişä çenli şärik bolup hem kesip bilerler. Emma bu şärikleriň her biriniň musulman bolmagy we ybadat niýeti bilen şäriklige goşulmagy şertdir. Eger şäriklerden ýekejesi gurban niýeti bilen däl-de, diňe et almak maksady bilen goşulsa, şäriklerden hiç biriniň gurbany hakyky gurban bolmaz. Gurban kesilenden soňra çykan et ölçelip, deň paýlaşylmalydyr.

3. Allaha ýakynlyk we ybadat üçin kesilen gurbanlygyň semiz, sagdyn we ähli agzalarynyň abat bolmagy hem ybadatyň nogsansyz bolmagy hem-de saglyk nukdaýnazaryndan örän möhümdir.

4. Ybadatlaryň, kurbetleriň (Allaha ýakynlaşmak üçin edilýän işleriň) Allanyň isläň wagtynda we şertlerinde berjaý edilmegi gerekdir. Bu sebäpden, gurbanyň kabul bolmagy üçin bellenen wagtlarda kesilmegi zerurdyr. Bu bellenen wagt hem gurban baýramynyň üç güni, ýagny uly zilhijje aýynyň 10-njy,11-nji we 12-nji günleridir. Baýram namazynyň kylynmagyndan başlap, 3-nji gün gün batýança bolan wagt aralygydyr. Şafygy mezhebine görä bolsa, bu wagt aralygy 4-nji günüň agşamyna çenli diýip kesgitlenýär. Ýagtylyk ýetmezçiligi zerarly dürli ýalňyşlyklaryň ýa-da kynçylyklaryň ýüze çykmak howpy bar bolsa, gije gurban kesmek mekruh hasaplanýar. Eger beýle howp ýok bolsa, gurban kesmek üçin ýeterlik ýagtylyk we yşyk bar bolsa (Meselem, gurban kesiljek ýeri çyra we ş.m. bilen ýagtyltmak arkaly), gije hem gurban kesilip bilner.

5. Gurbanlygyň ybadat niýeti bilen kesilmegi hökmany şertdir. Allanyň ynsanyň özüniň ynsanlaryň hiç bir ybadatyn mätäçligi bolmaýşy ýaly, kesiljek gurbana hem mätäç däldir. Ähli ybadatlarda, şol bir sanda, gurban ybadatynda hem ynsan nesli üçin mälimu-nämälim ençeme peýda we hikmetler bardyr. Ýagny, ybadata mätäç, ybadatlaryň sogabyna mätäç, ybadatlar bilen Rebbine ýakynlaşmaga mätäç ynsanyň özüdir. Bu barada Hak kelamynda şeýle diýilýär: “Şuny unutmaň, ne olaryň (gurbanlyklaryň) etleri, ne-de ganlary asla Allaha baryp ýetjek däldir. Emma Oňa ulaşjak ýeke-täk zat, kalbyňyzdaky takwadyr, Alla bolan hormatdyr.” (Haj suresi, 37.)

Gurban kesmek niýeti bilen satyn alnan gurbanlyk mal gurban baýramynyň dowamynda kesilmedik bolsa, malyň özüni sadaka bermek gerekdir, indiki ýyla goýmak dogry däldir.

Gurban kesiljek malda şu kemçilikler bolmaly däldir :

* Iki ýa-da bir gözüniň kör bolmagy.

* Kesiljek ýerine çenli ýöräp bilmejek derejede agsak bolmagy.

* Iki ýa-da bir gulagynyň kesik bolmagy.

* Dişleriniň ählisiiniň ýa-da köpüsiniň dökülen bolmagy.

* Şahlarynyň ikisiniň ýa-da biriniň kökünden döwlen bolmagy.

* Uýat ýerleriniň we göwüs uçlarynyň gopan bolmagy.

* Guýrugynyň ýarysynyň ýa-da üçde birinden köpüsiniň kesilen bolmagy.

* Süňklerinde ýilik galmajak derejede hor bolmagy.

* Doguşdan gulak we guýrugynyň bolmazlygy.

* Erk edip bolmajak derejede, sürä iberip we iýmläp bolmajak derejede dälişge bolmagy.

* Äşgär halda hassalygynyň bolmagy.

Gurban kesmek niýeti bilen satyn alnan malda ýokardaky kemçiliklerden biri has soňra ýüze çyksa, ýerine maşga mal alnyp kesilmelidir. Emma, garyp kişiniň malynda şeýle kemçilik ýüze çyksa, ýerne başga mal almagy hökmany däldir, şony gurban kesip biler. Hatda, kemçiliksiz mala mümkinçiligi bolmadyk adamyň ýokarda sanalan kemçilikleri bolan bir maly satyn alyp gurban kesmegi hem ýeterli hasaplanýar. Çünki, ýagdaýy bolmadyk adamyň kesen bu gurbany nepil ybadat ýerine geçer. Nepil ybadatlarda bolsa, ýeňillik we giňlik bardyr.

Malyň gurban kesilmegine päsgel bermeýän kiçi kemçilikler:

* Gözleriniň çala görmegi.

* Bir aýagynyň agsak bolup, beýleki üç aýagy bilen ýöräp bilmegi.

* Dogluşdan şahsyz bolmagy.

* Gulaklarynyň deşilen, dilinen ýa-da uçlarynyň kesilen bolmagy.

* Dişleriniň diňe käbiriniň dökülen bolmagy.

* Otlamagyna päsgel bermejek derejede dälişge bolmagy.

* Guýrugynyň, haýa ýerleriniň ýa-da gulagynyň üçde birinden has az böleginiň kesilen bolmagy.

* Dogluşdan gulaklarynyň kiçi bolmagy.

* Gijilewükli (gotur), emma semiz bolmagy.

Bu sanalan kemçiliklerden birine eýe haýwanlaryň gurban edilmegi halanmasa-da (mekruh hasaplansa-da), gurban etmäge rugsat berlendir.

Gurbanlyk

Gurban kesmek, mad­dy hal-ýagdaýy ýerin­de bolanlar üçin wajyp bolan bir dini jogap­kärçilikdir. Ykdysady mümkin­çiligi bolmadyklar üçin beýle jogap­kärçiligiň ýokdugy öz-özünden düşnüklidir. Okyjylaryň “Meniň ykdysady ýagdaýym ýerindemi, maňa gurban kesmek jogapkärçiliginiň düşýändigini ýa-da düşmeýändigini nähili bilip bilerin?” diýip sowal bermekleri mümkin.

Munuň ylmy jogaplary-da bar. Ýöne meniň pikirimçe, mowzugy juda ylmy sözlere bogmazdan, parhly bir garaýyş esasynda netije çykaryp bileris.

- Muny, ilki öz içki dünýäňden sora. Gurbanlyk mal almak bilen, maşgalaň zerur harajatlaryny almakda kynçylyk çekmejek bolsaň, mesele ýokdur. Gurbanlyk janly al, goňşy-golama et ibermegiň, töwerek-daşyňa hezzet etmegiň şatlygyny, lezzetini kalbyňda duý. Beren el bolmagy nesip edendigi üçin Rabbiňe şükür et.

Eger beýle etseň güzeranyň kynlaşjak bolsa, saňa wajyp bolmajakdygy üçin özüňi gynamagyň zerurlygy ýok. Gurban kesmek jogapkärçiligi hem bu ýagdaýda senden aýrylar. Gysgaça aýtsak:

Wyždanyňy diňläp, şoňa görä hereket et. Wyždanyňda gurban kesmek jogapkärçiligi barmy, ýokmy? Şoňa seret. Ýok bolsa, köňlüňi rahat tut. Bar bolsa, näme üçin bar?

Diýmek, seniň gurbanlyk almaga gurbuň ýetýär, şonuň üçin-de kalbyňdan saňa duýduryş gelýär.

***

Gurban kesmegiň hikmetlerinden biri-de, goňşularyň mätäçliklerine ýardam bermekdir. Eger gurbanlyk diňe eýesine degişli et zyýapatyndan ybarat bolsa, Pygamberimiziň et paýlanyşygy baradaky şu sözi taryhyň altyn sahypalaryna geçmezdi. Geliň, ol meşhur sözi bu ýerde ýene bir gezek ýatlalyň.

Bir Gurban baýramynda Aýşe enemizden gurban etini nähili paýlandygyny soraýar. Hezreti Aýşe (r.a.):

- Gurban etiniň ählisini paýladyk, bize bir butdan başga zat galmady!

Söýgüli Pygamberimiz muny eşidip, şeýle diýýär:

- Aýşe, bir butdan başgasy tutuşlygyna bize galdy diýsene!

Hawa, şeýle diýýär söýgüli Pygamberimiz. Aýşe enemiz bir butdan gaýry gurban etiniň ählisini paýlandyklaryny aýdýar. Pygamberimiz-de muny eşidip begenýär we begenmeginiň sebäbini-de, paýlananlaryň ählisiniň özlerine galandygyny, paýlanylmadyklarynyň bolsa bu ýerde tükediljekdigi üçin, ahyretde ýanlarynda bolmajakdygyny ýatlatmak bilen düşündirýär. Diýmek, mätäçlere berlen gurban etininiň sogap depderinde hasaba alynjakdygy üçin, magşarda bereniň ýanynda bolar; paýlanylmadyk bölegi bolsa, bu ýerde gutaryljakdygy üçin amal depderinde bellige alynmaz we dünýäde galar.

Diýmek, gurban etiniň näçeräk bölegi töwerege paýlansa, mätäçlere berilse, şonça-da haýyrly we makbuldyr. Çünki, ahyretde ynsanyň ýanynda berenleri häzir bolar, öz iýenleri däl! Bu nukdaýnazardan, gurbanlyk malyň puluny berip ýa-da özleri alyp berip gurbanlygyny garyp-gasarlara, mätäçlik çekýän okuwçylara bagyşlanlar gurbanlygy tutuşlygyna öz ýanlaryna aldy diýlip hasaplanyp bilner. Çünki bu ýagdaýda, gurbanlyk eýesi ony eti-derisi bilen tutuşlygyna berýär we hiç zadyny özüne almaýar.