بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Ynsanlar üç topara bölünýärler. Olaryň bir topary alymdyr, ýene bir topary ylym öwrenijidir. Galanlary bolsa siňek kimindir, olardan hiç haçan haýyr bolmaz.

Başy » «Zaman» gazeti » GYBAT

Bir mümine gybat etmek hebesdir, Gybatkeşiň baran ýeri ot bolar

Gybat — kimdir biriniň yzyndan gürrüňini etmek, has takygy, biriniň ýüzüne aýdylanda halamajak zadyny yzyndan aýtmak diýmekdir. 

Kimdir biriniň bedeni, ahlagy, işi, dini, geýimi, öýi... ýene-de sanardan köp zatlar gybat etmäge ýeterlik sebäp­lerdir. Gözüniň çaşy bolmagy, saçynyň kel bolmagy, boýu­nyň kelte ýa-da şilliň uzyn bolmagy... Bu zatlar adamyň ýüzüne aýdylsa, göwnüne almagy mümkin. 

Biriniň yzyndan ýa-da onuň ýok ýerinde göz-gaş bilen yşarat etmek, ýüzüňi kür­şert­mek hem gybata girýär. Mysal üçin eliň bilen biriniň uzyn ýa-da gysgalygyny görkezmek, bir adamyň kemçilikleri barada hat ýazmak-da gybatdyr. Gybaty makullamak hem gybatdyr. Gybat edilýän ýerde ümsüm geplemän oturan adam hem gybata şärik bolýandyr.  Şonuň üçin ynsan mümkin bolsa dili bilen gybatyň öňüni almaga çalyşmaly — gybat etmezligi ündemeli, muny başarmasa, ýüregi bilen gybaty ýazgarmaly.

Kim bir mümin doganynyň ýok ýerinde onuň gybatynyň edilmeginiň öňüni alsa, kyýa­mat gününde Allahutagala hem ol kişiniň kemçiligini örtjekdigine kepil geçendir. (Ibn Ebi’d-Dünýa).

Gybatyň esasy sebäpleri şulardyr:

1.   Ar almak duýgusy.

2.   Özüňi uly saýmak, başga birini pese düşürmek, ýaňsylamak islegi.

3.   Göriplik, görübil­mezçi­lik.

4.   Ili güldürmek üçin, bir bendäniň aýbyny äşgär etmek.

Gybat “keselinden” gutul­ma­gyň ýoly, ilki bilen öz kemçi­lik­leriňi düzetmäge çalyşmak­dyr.

Gybatkeşiň günäden sap­lan­mak üçin puşman etmegi, toba gelmegi, gybatyny eden adamsy bilen razylaşmagy zerurdyr. 

“Ynsany bagyşlamaga ça­lyş, ýagşylygy ýaý, jahyllardan uzak dur, gybatdan gaçgyl. Sebäbi gybatda üç apat bardyr:

1. Gybat edeniň dilegi kabul bolmaz.

2. Eden ýagşylyklary kabul edilmez.

3. Gybat edeniň günäleri artar.”

Sakla tiliň gybatdan

Adam çig süýt emen. Biz adam bolanymyz üçin  kem taraplarymyz bolaýmaly. Ýekeje söz kalbymyz­da ýara galdyryp biler. Eger adam biriniň kalbyna ýara salyp, Allahyň huzuryna dolanan bolsa, bu onuň üçin uly betbagtçylykdyr. Pygam­be­rimiz (s.a.w.) bir hadysynda: “Maňa doganlarymyň gar­şysyna hiç bir zat aýtmaň. Sebäbi Rabbimiň huzuryna päkize kalp bilen gitmek isleýärin” diýýär.

Allahyň haram diýip buý­ran zatlaryndan mydam daşda durmaly. Gybat hem adamyň amalynyň sogabyny tükeder hem-de jemgyýeti öz içinden çüýreder. Şonuň üçin hem biziň mähek daşymyz Kuran we Sünnet bolmaly. Başarsaň, hiç kimi özgeleriň arasynda tankyt­lamaly däl. Adamy märekäniň ortasynda tanytlasaň, onuň göwnüne degersiň. Özi ýok ýerinde tankytlasaň, gybat etdigiň bolar. Käbirileri agzyna gelenini aýdýar. Görgüliler özlerini oda oklaýandykla­ryndan hem bihabar...

Gybatyň görnüşleri

Gybatyň dört görnüşi bardyr:

Birinji görnüşi küfürdir.Bir kişi musulman bendäniň yzyndan gürrüňini edip başlaýar we oňa “Gybat etme” diýleninde, ol  “Bu sözler  gybat däl, çünki hakykaty aýdýaryn” diýip, özüni aklajak bolýar. Ol beýle etmek bilen Allahyň haram eden zadyny halal hasaplaýar.  

Ikinji görnüşi munapyk­lykdyr. Gybatyň bu görnüşi şeýle: Kişi biriniň adyny aýtman onuň yzyndan gür­rüňini edýär. Ýöne ony diňläp oturanlar, gybaty edilýäniň kimdigini aňýarlar. Gybatkeş bolsa, özüçe, şeýle etmek bilen gybat günäsinden sypýan­dyryn öýdýär.

Üçünji görnüşi günädir. Gybatyň bu görnüşinde bir adam at tutman biriniň gürrü­ňini edýär we özüniň günä iş edýändigini hem bilýär. Şeýle ýagdaýda, ol adam günäkärdir we hökman toba etmelidir.

Dördünji görnüşi-de mübah hatda sogaby hem bardyr. Gybatyň bu görnüşi aç-açan günä edýän bir adamyň ýa-da bidatçynyň pyssy-pujurlyk­laryny paş etmegidir. Kişi beýle etmek bilen, sogap gazanar. Çünki onuň bu düşündirişin­den soň bozgaklyk edýän adam tanalyp, onuň zyýanyn­dan gaça durlar. Pygamberimiz (s.a.w.) hem: “Ýamanyň ýamanlygyny düşündiriň,  goý adamlar ondan gaça dursunlar” diýýär.

Köňülden gybat etmek

“Köňülden gybat etmek” şeýle diýmekdir: Gözüň bilen görmän ýa-da içgin tanaman başga biriniň erbetliginden söz açmakdyr.

Sen şuny berk belle: köňlüňe gelen her bir zada aýdyň göz ýetirmedik bolsaň we bu pikirleriň dogrulygyny adyl iki kiţi tassyklap bilmejek bolsa, bu şeýtanyň oýnudyr. Alla­hutagala ine şeýle buýurýar:

“Eý iman edenler! Eger ýoldan çykan biri size bir habar getirse, şol habaryň dogry ýa-da dogry däldigini barlaň. Ýogsam, bilmän bir bendä ýamanlyk edersiňiz. Soňra-da, edenize puşman bolarsyňyz.” (Hujurat/ 6.)

Gybatyň çäresi

Eý eziz kişi! şuny bilgil, gybat  kişiniň köňlünde dörän bir keseldir.  Oňa derman tapmak bolsa wajypdyr. Bu dermanyň iki görnüşi bardyr:

1 — Ylym ýoly bilen elde edilýän derman. Bu hem iki görnüşdedir:

A)Gybatyň erbetligi barada aýdylan sözleri (aýatlary, hadyslary, beýikleriň sözlerini) we gybatyň sebäp bolýan erbet netijelerini bilmek, olar hakda oýlanmak. Gybatyň nähili erbet zatdygyna şonda gowy düşünersiň we gybatdan ýüz öwrersiň. Resulallah (s.a.w.) şeýle buýurýar:

“Gybat, kabul edilen dilegleri, guluň sogaplaryny, edil ataşyň gury odunlary ýakyşy ýaly, ýakyp ýok eder”

B) Adam öz aýby hakda oýlanmaly. Eger özünde şol kemçiligi görse, özüniň gyba­tyny edýäni bagyşlamaly. Edil özüni bagyşlaýyşy ýaly, başgalary-da bagyşlamaly. Eger özünden hiç hili kemçilik tapyp bilmese,  ol öz aýybyny özünden gizlemek nadanly­gyna uçrandygyny bilip, gynanmaly.

2— Gybatdan gutulmagyň ikinji çäresi. Gybat keseline duçar bolan adam sebäpleri bahanalar. Bu sebäpler esasan şulardyr.

Birinji sebäp: Bir adama gahar eden bolup, onuň yzyndan gybatyny etmek.

Resulallah (s.a.w.) bu barada şeýle diýýär:

“Bir kimse gaharyna hötde gelse, Hak Tagala kyýamat gününde ony ýaradylanlaryň arasyndan çykaryp, oňa “Jennet perilerinden isläniňi saýla” diýer.”

Ikinji sebäp:Başgalaryň gözüne ilmek üçin gybat etmek. Adam diňe Allaha gowy görünjek bolmaly. Ýogsam Allahyň gazabyna duçar bolar.

Üçünji sebäp:Çykgynsyz ýagdaýda özüni aklajak bolup, öz günäsini başganyň üstüne atmak. Başganyň üstüne öz günäňi atanyň bilen günäden gutulyp bolmaz. Şonuň üçin, başga birine töhmet atmagyň ýerine, öz ýalňyşyňy düzetjek bolmaly.

Dördünji sebäp:Bir adam özüni öwesi gelip, munuň oňaýyny tapmasa, başga biriniň gybatyny edip, özüniň ondan has üstündigini görkez­jek bolar. Ol şeýle diýer: “Pylan adam hiç zada düşünenok. Pylany bolsa ikiýüzli.” Aslyýe­tinde bolsa ol  “Men hemme zada gowy düşünýän we men ikiýüzli däl” diýjek bolýandyr.

Bäşinji sebäp:Göriplik, görübilmezlikdir. Göriplik edýän adam, elmydama garşysyn­daky adamyň ýalňyşyny göz­lär. Ony halkyň gözünde erbet adam hökmünde görkezesi geler.

Altynjy sebäp:Üstünden gülmek. Biriniň üstünden gülýän adam Allahyň huzurynda öz-özüni masgara edýändir. Ol bolsa, özüçe üstünden gülýän adamsyny halkyň öňünde masgara etjek bolýar.

Ýedinji sebäp:Bir adam günä iş edilýänini görüp, gy­nanýar. Adam öz gynanjyny beýan eden mahaly ýalan söz­le­meýär. Ýöne, ol kişi şol pursat günä iş eden adamyň adyny hem aýdaýmagy ahmal. Eger  şeýle etse, onuň sözleri gybat bolar.

Sekizinji sebäp: Bir adam başga birine, günä iş edýändigi üçin gahar eden bolar. Şol gahar-gazap duýgusy içinde, başga ýerde ol adamyň adyny aýdyp biler. Bu sebäpli hem ol näme üçin gaharlanýan­dygyny aýtsa-da, günä iş edeniň adyny aýtmaly däldir.

Kyssalar ...

Gep gatnatmak

Hasan Basry (k.s.) Hezretleriniň ýanyna bir adam gelýär. Olaryň arasynda şeýle gürrüňdeşlik bolup geçýär:

- Pylany sen barada şeýle-şeýle ýakymsyz zatlar aýtdy.

- Haçan?

- Şu gün.

- Nirede?

- Öýünde.

- Onuň öýünde näme ed­ýärdiň?

- Şüweleň bardy, şonuň üçin barypdym.

- O ýerde näme iýdiň?

- Şuny-şuny... Aý, garaz, sekiz dürli naharyň hemme­sinden iýdim.

Mundan soňra Beýik ymam:

- Bäh-eý, sekiz dürli nahary garnyňa sygdyrdyň-da, bu sözi içiňde saklap bilmediňmi? Tur git ýanymdan – diýip, ol ara­bozary öz ýanyndan kowýar.

Ynsanlaryň arasynda düşünüşmezligiň, bölünişigiň, aýralygyň iň esasy sebäbi pitnedir. Pitne güýçli zäherdenem erbetdir. Pitnäniň iň howplusy-da gybatdyr. Agzalan häsiýet ol kişide bar bolsa gybat, ýok bolsa töhmetdir. Ikisem bir-birinden howply bolan bu zatlardan gaça durmalydyr.

Tankyt etmek

Şeýh Sadi-ýi Şirazi gürrüň berýär. Şirazy çaga wagty gije ybadatyna höweslenip, namaz okap, Allaha dileg-doga eder ekeni. Bir gün hemme kişiniň ukuda wagty kakasy bilen turup, Kuran okap otyrka, kakasyndan:

- Näme üçin adamlar tutuş gijäni gapyl halda, uky bilen geçirýär, juda bolmanda turup, iki rekat namaz okasalar bolmaýarmy?! - diýipdir. Kakasy:

- Oýa bolup, başgalaryň gybatyny etmegiň ýerine, senem geçip ýatsadyň, has gowy bolardy – diýip, ogluna gyjalat beripdir.

Iliň kiçi ýagşylyklaryny uly, öz uly ýagşylyklaryňy kiçi görmek ýokary ahlaklylygyň alamatlaryndandyr. Ynsan başgalaryň uly ýalňyşlaryny kiçi, öz kiçi ýalňyşyny uly görmelidir. Kalbynda nogsanlyk ýok kişi başgalaryň nogsanyny, aýbyny gözlemez.

Bäş zat

Pygamberlerden biri bir gije şeýle düýş görýär:

Düýşünde oňa şeýle diýilýär: “Irden öňüňden çykan birinji zady iý, ikinji zady gizle, üçünji zady kabul et, dördünji zady näumyt goýma, bäşinji zatdanam gaça dur.”

Ertesi irden öňünden çykan ilkinji zat dag bolýar. Pygamber ilki näme etjegini bilmän pikire batýar. Öz ýanyndan “Nähili bolarka? Rabbim muny iýmegi emir etdi” diýip oýlanýar. Ahyr soňy, “Allah maňa edip bilmejek işimi etmegi buýurmaz” diýip, daga tarap ýöremäge başlaýar. Ýöne daga ýakynlaşdygyça dag kiçelýär, edil alkymyna baranda bolsa, bir bölek lukma halyna gelýär. Pygamber ony iýip, Allaha şükür edýär.

Biraz wagt soňra, öňünden ullakan altyn bölegi çykýar. “Maňa muny gizlemek emir edildi” diýip, altyny bir çukur gazyp, şoňa gömýär. Ýoluny dowam ediberjek bolanda, altyn böleginiň ýene ýeriň ýüzüne çykandygyny görýär. Pygamber yzyna dolanyp, ony täzeden gömýär. Bu ýagdaý iki-üç gezek gaýtalanansoň, “Men Rabbimiň buýrugyny berjaý etdim “ diýip, yzyna seretmän ýoluny dowam edýär.

Az salym ýöräninden soň, öňünden bir guş çykýar. Guşy bir laçyn kowalaýarmyşyn we tutjak bolýarmyşyn. Guşjagaz oňa “Eý Allahyň Pygamberi, meni halas et” diýip ýalbarýar. Ol hem guşy ýeňinde gizleýär. Şol pursat hem laçyn ýetip gelip “Eý Allahyň Pygamberi, örän açdym, şoň üçinem ertirden bäri bu guşy kowalap ýördüm we ýaňy yzyndan ýetip, tutjak wagtym, ony menden aldyň. Meniň rysgalymy bergil” diýýär. Pygamber ilki näme ederini bilmeýär. “Öňümden çykan üçünji zady kabul etmegim emir edilipdi, etdim. Dördünji zady bolsa umytsyz goýmazlygym emir edildi. Öňümden çykan dördünji zat-da bu laçyn.. Eý Allahym, indi näme ederkäm?” diýip oýlanýar. Soňra-da, eline pyçagyny alyp, budundan bir bölek et kesip, laçyna tarap oklaýar. Laçynam özüne berlen eti alyp, uçup gidýär. Onuň yzysüre pygamber ýeňinde gizlän guşuny uçuryp goýberýär.

Ýene birnäçe wagtlap ýoluny dowam edenden soňra, öňünden bir läş çykýar. Pygamber bu läşden tizden-tiz daşlaşýar.

Şol gije pygamber “Ýa Rabbim, emirleriňi ýerine ýetirdim. Indi bolsa, maňa bu zatlaryň hikmetini düşündir” diýip, dileg-doga edip uka gidýär. Düýşinde oňa şeýle diýilýär:

- Ilki öňüňden çykyp, iýen zadyň zähmetdir. Ol ilki göräýmäge dag ýalydyr, emma sabyr edip üstüne ýöreseň baldan süýji — rehnet bolar.

Ikinji duşan zadyň ýagşy amaldyr. Ony ilden näçe gizleseň-gizle, ýene ýüze çykar.

Üçinji duşan zadyň manysy şudur: Saňa amanat edilen zada hyýanat etmegil.

Dördünji duşan zadyň hikmeti şudur: Bir bende senden bir zat islände onuň dilegini ýerine ýetirjek bolgun, gerek bolsa munuň üçin özüňe zerur bolan zatdan hem geçmegiň gerekdir.

Saňa bäşinji duşan zat bolsa, gybatdyr. Özgeleriň gybatyny edýänlerden uzak dur.”

Gyzjagazyň gohy

Aýalym agyr hassa bolansoň, ol gyzjagazyň gohy bizi diýseň birahat edýärdi. Gyzjagazyň agzyna jaň kakylan ýalydy. Onuň gohy diňe ol öýüne nahar iýmäge giren mahaly ýa-da uklan mahaly ýatýardy. Gepiň kelte ýeri, bize onuň gohundan ýaňa gün ýokdy.

Men näme üçin goňşymyň gyzy bular ýaly gygyryp gepleýärkä diýip, köp oýlandym. Ýa ol şeýle lälikmikä? Ene-atasy oňa: Ýuwaşrak gürle!” hem diýmeýärdi.

Gyzjagaz ala-goh edip, şu üç sözi gaýtalaýardy:

- Kaka, seret!

- Eje, seret!

- Daýy, seret!

Gyzjagaz bu sözleri gaýtalamakdan lezzet alýan bolmaly? Men asla onuň kakasy, ejesi hem-de daýysy üç bolup gapyň agzynda oturyp ony synlaýandyrlar diýip oýlamaýardym. Köçämizde gygyryşýan çagalaryň sesi az däldi. Ýöne ol gyzjagazyň gohunyň arasynda olaryň sesi öçüp galýardy.

“Kaka, seret! Eje, seret! Daýy, seret!”

Jaýymyzyň penjiresinden gyzja­gazyň oýnaýan köçesi görünmeýärdi. Biziň jaýymyzdan pesräk binalaryň üçegi  köçäni görmegimize böwet bolup durdy. Köçäni görüp bilmesek-de, gohy eşidýärdik.

Ahyry çydap bilmän, aýalymyň ýalbar-ýakaryna gulak asman, şol gyzjagazyň oýanaýan köçesine gitdim.

Öýüň basgançagynda orta ýaşly bir adam oturan eken. Gyzjagaz bolsa:

- Daýy, seret!- diýip gygyryp, bir aýagyny ýodajygyň üstüne beýleki aýagyny bolsa ýola basyp, ýöremäge çalyşýardy. Gyzjagaz:

- Indi öňküden gowy dälmi?- diýip, sorady.

Ol bolsa:

- Hawa, hawa. Gaty gowy! Bol sen ýene synanyş- diýip, oňa teselli berýärdi.

Gyzjagaz şol bir hereketleri täzeden gaýtalady. Daýysy ellerini çarpyp:

- Berekella- diýip gygyrdy.

Näme üçindir soňra gyzjagaz:

- Bu günlikçe bes, daýy- diýip, agsaklap ol ýerden daşlaşdy.

Men ol adamyň ýanyna baryp:

- Siz bu gyzjagazyň daýysymy?- diýip soradym.

- Size näme?-

- Gyzjagaz näme ysmazmydy?

Ol ahyry:

- Ol indi gowulaşýar. Ysmazlykdan hem gutular, nesip bolsa- diýdi.

Öýe gelip gören zatlarymy aýalyma gürrüň berdim. Ikimiz hem gaty gynandyk. Biz asla ýagdaý beýledir öýtmändik.

Haýran galaýmaly. Şol günden soň ol gyzjagazyň “Kaka, seret! Eje, seret! Daýy, seret!” diýip gygyrýan sesi biziň janymyza hoş ýakyp ugrady. Onuň sesi seýreklese, biynjalyk bolup, ony küýsäberdik. Aýalym aram-aram:

- Gyzjagaz gün-günden gowulaşýar öýdýän- diýýärdi.

Gyzjagazyň gykylygy gün-günden güýçlenýärdi. Aýalymyň hem ýagdaýy gün-günden gowu­laş­ýardy. Ýa bolmasa aýalymyň gowulaşmagy bilen gyzjagazyň sagalmagynyň  arasynda bag­lanyşygyň bardygyny ýa-da ýokdugyny bilemok. Ýöne aýalymyň agyrysy azalýandygy mese-mälimdi. Häzir onuň ýanynda enesi oturan bolmaga çemeli. Sebäbi gyzjagazyň:

- Eje, seret! Eje, seret! Eje, seret!- diýýän sesi eşidilýär.  

Gybat etmek, tankytlamak we erbet pikirde bolmak

Wyždanyny her daýym hasaba çekip, öz nogsanlyklaryny tankytlap durýan ynsan başgalary tankytlamaga wagt tapmaz. Hawa, birini ýykmak, başga biriniň aýagyna badak atmak bilen asla ýol alyp bilmeris. Bir adamy tankytlasyň gelse ýa-da şol adam  tankytlanmaga mynasyp bolaýanda-da, onuň ýalňyşlaryny bagyşlap, nogsanlaryny ile paş etmezlik är kişiniň işidir. Şonuň üçin, geliň, agzymyzy hapalamalyň! Agzyň kirlemegi, kalbyň kirlemeginiň alamatydyr. Päk ýürekden hapa söz çykmaz. Geliň, adamkärçiligi elden bermäliň! Peýdaly pikir orta atalyň, öz aramyzda maslahatlaşalyň. Ýöne tankyt etmäliň, gybat etmäliň, erbet pikir etmäliň. Sebäbi ýaman endikleriň bar ýerinde bereket bolmaýar.

Bu babatda kän bir ähmiýet berilmeýän ýene bir mesele bar: Kimdir biriniň öz dostlary barada “Onuň nähili etmişleriniň bardygyny sen entäk bileňok. Gybat bolar diýip gorkýanym üçin olary aýdyp biljek däl” diýip, gybatdan gaça durýan ýaly görünmegi,  şol aýtmadyk zatlaryny aýtmakdan hem has beterräkdir. Sebäbi  kimdir birine müňkürlik döretmeklik, şol adama müň gezek töhmet atmakdan has erbetdir.  Çünki bu ýagdaýda garşydaky adamyň aklyna “Ýa ol ogrumyka-jümrümikä? Ýa şuny edäýdimikä?...” ýaly her hili erbet pikir gelmegi mümkin. Ol şeýle diýmän, ol adamyň 100 sany günäsini aç-açan sanan bolsa gowy bolardy. Belki hem şonda garşydaky adamyň sansyz erbet pikirlere mübtela bolmagyna sebäp bolmazdy.

Bir adam hakda: “Ýüzüme aňalyp seretdi...” diýmek hem gybat bolup biler. Ýalan sözlemek, ogurlyk etmek nähili haram bolsa, gybat etmek hem şolar ýaly haramdyr.

Biri bize ýamanlyk etdi diýip, biziň hem oňa ýamanlyk etmegimiz dogry däldir. Ýamanlyk zandynda bar bolsa, biz oňa garşylyk görkezsek hem ol ýene-de ýamanlyk etmekden el çekmez. Ýaman adamlaryň hem ugryny tapjak bolmaly. Kepjebaşlar hem boýnadylýar ahyryn. Adamzat iň wagşy haýwanlary hem boýnadýan wagty ugurtapyjylyk bilen ýaman adamyň ýüzüni ýagşa öwrüp bolmazmy?! Bolar. Adam terbiýelemäge iň amatly barlyk dälmi eýsem?!. Her bir adam öz-özüni gözden geçirse, başga biriniň ýalňyşyny ýüzüne basmagyna ýa-da yzyndan gybatyny etmegine garaşman, özi düzetmäge çalyşsa, mesele derrew çözülip gider.

Adamlaryň hersi agzyna, gözüne, gulagyna ilen her bir zady paýhas eleginden geçirse, hiç hili mesele ýüze çykmasa gerek. Allah, elbetde, şonda bize sözüň doly manysynda asudalygy we agzybirligi nesip eder. Geliň barymyz “Jennete girjek bolsaň, ynjytma jany” sözüni tumar edinip dakynalyň!