بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Kimdir birine zulum-sütem ederin diýip wada etme. Beýle etmek uly günäleriň biridir. Sebäbi sen eden wadaňda durmasaň kezzap bolarsyň. Eger wadaňy berjaý kylsaň günäkär bolup, Allanyň gazabyna duçar bolarsyň.

Başy » «Zaman» gazeti » HALAL-HARAM HAÝYR-ŞER

Habis (hapys) we taýýib gazanç

 

Hapys we taýýib Biz bu iki sözi sözlük manysy bilen kirli we tämiz şekilinde terjime edip bileris.

Hakykatdan-da kirli zatlara “Habis”, tämiz zatlara-da “Taýýib” diýilýär.

Bu iki söz bir aýatda geçýär: “Gullaryma aýt, Habis bilen tayyib bir (zat) däldir!”

Bu aýatyň gelmegine sebäp bolan hadysany ýatlasak, habis we taýýib diýlende nämäniň göz öňünde tutulandygyna has aýdyň düşünmek mümkindir.

Bir adam şerap ýasap we ony satyp, ep-esli pul gazanýar eken. Ynsanlary serhoş edýän şerabyň haram edilendigi baradaky habar-da ol adamyň gulagyna ýetipdir. Emma, muňa garamazdan, ol şerap ýasamagyny we satmagyny dowam edipdir. Munuň üçin-de özüçe bir bahana tapypdyr. Ol öz ýanyndan:

- Aslyýetinde, şerap satmak haram kylyndy. Emma men mundan köp pul gazanýan. Bu gazanjyň bir bölegini haýyr üçin harçlamak bilen, gazanan günälerimi-de bagyşladaryn... - diýip oýlanypdyr.

Bu düşünje ol kişä belli bir wagt teselli beripdir. Şeraby uzaklara äkidip satmagy dowam edipdir. Emma, içinden bir ses ony yzygiderli birahat edýän eken:

- Bu edýäniň dogry däl. Haram zat satyp, ynsanlary serhoş edýäň. Sen munuň dogry ýa-da däldigini Resulalladan bir sora.

Ol adam wyjdanynyň bu perýadyna gulak goýmaly bolupdyr. Bir gün Resulallanyň huzuryna baryp, Älemleriň serwerinden:

- Ýa Resulalla, men ynsanlary serhoş edýän şerap satýan adam. Bu işden uly girdeji gazanýaryn. Soňra-da, öz ýanymdan: “Bu pul, bu baýlyk bilen haýyrly işler edip, Allanyň öňünde özümi bagyşladaryn diýip pikir edýärin. Bu şekilde beren sadakalarym beýleki musulmanlaryňky ýaly maňa sogap getirermi?

Hezreti Resulalla sowala jogap bermek üçin howlukmandyr. Az salym soňra bolsa, wahyý gelipdir. Sowala jogap hökmünde gelen aýatyň mazmuny şeýle:

- Habis bilen taýýib bir zat däldir.

Diýmek, haram gazanç “habisdir”, ýagny haramdyr. Halal ýol bilen gazanylan girdeji bolsa “taýýibdir”, ýagny halaldyr. Haram pul bilen edilen haýyr halal pul bilen edilen haýyr ýaly sogap getirmez.

Mundan soňra Resulalla hezretleri ol adama şeýle diýipdir:

- Habis, ýagny haram pul we baýlyk bilen haja gitseň, sadaka berseň, haýyr işleseň hiç hili peýda getirmez, sogaby-da bolmaz!

Diýmek, mahal-mahal nebsimize gulak asyp, haram gazançlara meýil edip, soňra-da bu haramlaryň günäsini bagyşlatmak üçin bulardan sadaka berip, haýyrly iş edip gutularys öýtmek dogry däldir. Çünki haramdan gelen gazanç-da haramdyr, habisdir. Habisden bolsa asla peýda gelmez, sogap-da gazandyrmaz.

Haýyr we şer gapylary

Haýyr we şer hezreti Adam bilen başlanyp, kyýamata çenli dowam eder. Hiç bir döwürde bularyň diňe biri bolup, beýlekisiniň ýok bolan wagty ýokdur.

Älemleriň Serweriniň (s.a.w.) hadyslarynda-da munuň şeýledigi aýdylýar:

— Ynsanlaryň içinde haýyr gapylaryny açanlar-da bolar,  şer gapylaryny açanlar-da...

Hadys şeýle tamamlanýar:

— Şer gapylaryny açanlara däl-de, haýyr gapylaryny açmak bilen meşgul bolýanlara buşluk bolsun!..

Durmuşda bu iki ýagdaýyň ikisine-de gabat gelmek bolýar. Ömründe ýagşy işler bilen meşdullanyp, adamlaryň göwnüni awlap ýörenler-de bar, ters işlere mübtela bolup, şer gapylaryny kakyp ýörenler-de.

Şu ýerde möhüm bir sowal ýüze çykýar:

— Biz bu iki ýagdaýyň haýsy biriniň tarapynda, haýsy biriniň garşysyndakak?

Bu aýdyňlaşdyrylmagy möhüm meseledir.

Şu setirleriň okyjylary bolan siziň şer gapysyny açanlaryň arasynda-da, tarapynda-da bolma­jakdygyňyza berk ynanýaryn. Muňa şübhäm ýok.

Siz hökman haýyr gapysyny açanlaryň tarapynda, hatda arasyndasyňyz. Emma diňe tarapynda bolmak, arasynda gezmek ýeterlikmikä beri?

 Şu ýerde:

— Näderejede tarapynda, nähili ölçegde arasynda?

-diýen sowal gelip çykýar.

Esasy mesele şu ýerde. Ynsan käwagt haýsydyr bir işiň tarapynda bolsa-da, hatda arasynda gezse-   de, diňe synlamak bilen oňýar.

Eger şeýle bolsa, bu kanagatlanarly  ýagdaý däldir. Bu gün şer gapysyndan içeri ätleýänler bu ugurda edilýän işlere diňe seredip geçmek bilen oňaýanoklar. Ähli maddy mümkinçiliklerini, aň-pikirlerini orta goýup, ahlaksyzlyk, ynançsyzlyk silini depämizden eňtermek üçin gije-gündize parh goýman işleýärler.

Diýmek, şu ýerde biziň gerdenimize-de  uly jogapkärçilik düşýär. Hiç bolmanda, meselä Gündogaryň beýik welisi Beýazit Bistamy ýaly çemeleşmegimiz zerur.

Beýik weli iň soňky sapagynda  şägirtlerinden sorapdyr:

— Aýdyň bakaly, atanyň  haky ulumydyr, ussadyň haky?

— Ussadyň haky has uludyr?!

— Sebäbi näme?

— Sebäbi käbir atalar perzentleriniň diňe dünýewi durmuşlary barada aladalanýarlar, ahyreti barada welin pikir etmeýärler. Müderrislerimiz bolsa biziň hem dünýewi durmuşymyz, hem ahyretimiz barada alada edýärler. Bu sebäpden siziň hakyňyz örän uludyr. Sizi nädip razy etjegimizi bilmeýäris?!

Uly pir şonda şeýle diýýär:

— Meni razy etmegiň ýeke ýoly bar. Ol öz  wezipäňizi, boýnuňyza düşýän jogapkärçiligi berjaý etmegiňizdir!

— Biziň wezipämiz näme?

— Siziň wezipäňiz baran ýeriňizde dowzahylary jennetlik etmek üçin gaýratyňyzy gaýgyrmazlyk, bu ugurda edilýän işleri daşyndan synlap oňman, gurbuňyzyň ýetdiginden ýardam bermek, oňa öz goşandyňyzy goşmak!..

Hawa, Gündogaryň beýik welisiniň şägirtlerinden isleýän zady şudy. Eýsem, bu meselede biziň ornumyz niredekä?

Şer gapylaryny açanlara diňe gaharlanyp, haýyr gapylaryny açanlara-da daşyndan guwanyp oňýarysmy? Belki-de, “Bu zatlara kellämi agyrdyp   nä işim?” diýýändiris. Bu sowaly özüňiz-özüňize berip gördüňizmi?!.

Harydyň aýbyny aýtman satmak

Söwda işi özüniň şertlerine, kadadyr ölçeglerine laýyklykda edilende, örän haýyrly işdir. Her haýyrly işde bolşy ýaly söwdada-da işiň kadalaryna ähmiýet berilmedik ýagdaýynda, eýesine haýyr däl-de şer getirer.

Söwdanyň ilkinji şerti dogry sözli bolmak, satylan harydyň aýyplaryny gizlemezlik, gözboýagçylyk etmezlikdir.

Yslam taryhyna ser salanymyzda, Pygamberimiziň (s.a.w.) sünnetleri esasynda ýaşan ýolbaşçylaryň kemçiligi bolan harydyny gözboýagçylyk edip birkemsiz harydyň bahasyna satan söwdagäri işinden boşadandyklaryny, aldawa salnan alyja-da artykmaç tölän puluny gaýtaryp berendiklerini görýäris.

Çünki, kemli harydyny oňat harydyň bahasyna satan adam müşderisini aldaýar; alan artykmaç puly haram gazanç – kirli gazanç hasaplanýar.

Bu setirleri ýazmagyma sebäp bolan bir okyjymdan gelen hatda şeýle diýilýär:

- Nädeýin, haryt alýan ýerimde kemli bilen kemsiz harydy bile goşup satýarlar. Närazylygymy bildirsem, ýüzüme dikanlap seredip: “Islemeýän bolsaň, alma!” diýip, özümi oňaýsyz ýagdaýa salýarlar. Menem bahasy arzan bolany üçin şolaryň kemli-kemsiz garyşyk harydyndan satyn alyp, soňra aýlap satyp üstünden peýda görýärin. Meniň bu gazanjym harammy ýa halalmy?

Okyjymdan bir zat soraýyn. Şoňa üns berse, meselesi çözüler, şübhesi gider:

- Ondan haryt alýanlar harydy kemsiz-köstsüz diýip alýarlarmy ýa-da arasynda kemlileriniň hem bardygyny bilýärlermi?

Bu sowalyň jogaby meseläni çözgüdine gowuşdyrýar.

Eger harydyny aýlap satanynda “Arasynda abady-da bar, kemlisi-de” diýip alyjylaryna ýatladýan bolsa, onda gorkara zat ýok... Müşderiler harydyň hilini bilýändigi we şoňa görä baha töleýändikleri üçin satyjy jogapkär bolmaz. Emma müşderä harydyň kemi duýdurylmaýan bolsa, “Ählisi-de birkemsizdir” diýlip, alyjy aldawa salynýan bolsa, onda munuň üçin satyjynyň jogapkär boljagy – halk bilmese-de Hakyň öňünde jogap bermeli boljakdygy görnüp dur.

Hadyslardan birinde: “Musulman özüne laýyk görmeýän zadyny başgalara-da laýyk görmez” diýilýär.

Özümiz birkemsizdir öýdüp, birnäçe ýerinde nogsany bolan bir zat satyn alsak, bar keýpimiz bozulmazmy?.. “Harydyň kemini öňünden aýdaýmaly ekenler-dä!” diýip, aldawa salnanymyza ahmyr etmerismi?.. Şu halda, özümize laýyk görmeýänimizi, başgalar üçin-de laýyk görmäliň. Halal gazanjymyzy haram goşant bilen kirletmäliň.

Ýürek nähili garalýar?

Taksi dural­ga­synda iki sürüji biri-biri bilen gohlaş­maga başlady. Sebä­bi-de biriniň beýleki sürüjiniň müşderi­sini yryp, özi alma­gydy. Biz ulagda garaşyp otyrkak, olar bir-biri bilen esli salym sene-mene edişenlerinden soňra aýryldylar. Mydama bolşy ýaly, “uruşdan soň batyr köpelip” başlady. Beýleki sürüjiniň nämeler diýip galanyny bilemok, ýöne biziň gahrymanymyz ulagynyň destine geçdi-de:

- Diňe özi däl, nejisiň ýüregem gara, gap-gara! – diýip, özüne pitiwa berýän ýok hem bolsa, ýaňy sözi azaşan kärdeşine sögündi oturdy.

Pikir etdim, kalp ynsanyň ýaşaýyş üçin iň gerekli organy. Onsoň hem ony islän wagtyň el bilen barlap, göz bilen görüp ýörmegem-ä mümkin däl. Ýeri, onda bu sürüji kärdeş ýoldaşynyň gara ýüreklidigini nädip “bildikä”?!

Aslyýetinde, başga birini “gara ýüreklilikde” aýyplaýan diňe bir bu sürüji däldi. Birnäçelerine Hakyň öňündäki ybadat borçlaryny ýatladanyňda hem:

- Sen meniň bolşuma däl, ýüregimiň arassalygyna seret, aras­salygyna... - diýýär. Eýsem, kalp tämizligi nähili zat? Ga­ra ýürekli diýip kime aýdylýar? Päk ýürekli nähili bo­lunýar?

Şu sowallara jogap gözläp, kitaphanamdaky kitaplary dörüşdirip ýörkäm bir hadys-y şerif ünsümi çekdi. Bu hadys-y şerifiň manysy şeýledi:

“Ynsan günä iş edende, ýüreginde bir gara tegmil peýda bolar. Günäleri köpeldigiçe, tegmiller-de köpeler. Soňunda, ýürek yzygiderli edilen günäler zerarly gap-gara bolar.”

Diýmek, el bilen tutup, göz bilen görüp bilmeýän kalbymyzyň gap-gara ýa-da ap-akdygyny diňe eden amallarymyzy gözden geçirmek arkaly bilýäris. Her günä iş edenimizde ýüregimizde ýene bir gara tegmil peýda bolýar. Günäler köpeldigisaýyn ýüregimizdäki gara tegmillerem köpelip, soňunda kalbymyzy şar gara kömür bölegi ýaly garaldýarys. Şeýdibem ynsan “gara ýürekli” bolýar.

Mutaffifin Süresinde şeýle diýilýär:

“Ýok, belki, ýüreklerini edýän işleriniň tegmili gaplap aldy. Ýagny, günäleri sebäpli ýürekleri garaldy.”

“Meniň ýüregim päk”, “Meniň kalbym arassa” diýýänlere ýüreklerini çykaryp görkezmeklerini haýyş edýärin. Elbetde, görkezip bilmezler. Bu ýagdaýda, el bilen tutup, göz bilen görüp bolmaýan zadyň häsiýetini yşarat we alamatlaryndan aňlamaly bolýarys. Ýüregiň eýesi günä edýän bolsa, ýüregi garalandyr, garalmagy dowam edýändir. Sogap işleýän bolsa, her sogap ýürekdäki bir tegmili aýyrjakdygy üçin, ýüregi arassalanyp başlapdyr diýmekdir.

Ulagymyzyň sürüjisine, dogrusy, haýpym geldi.

Belki-de, hakykatdan hem onuň aýdyşy ýaly, kärdeşiniň “Diňe özi däl, ýüregem gara, gap-garadyr?!” Çünki, yzdan gelip, uly başarjaňlyk bilen nobaty bozup, öňe geçipdir we başga biriniň müşderisini almak bilen ýüregine ýene bir gara tegmil düşüripdi.

Geliň, biz hem özümüz barada pikirleneliň! Biziň ýüregimiz nähilikä?

Mydama özümizden ...

“Başyňyza gelen her bela, öz eliňiz bilen eden günäleriňiz sebäplidir. Hatda Allah günäleriňiziň köpüsini bagyşlar.”[Kuran-y Kerim, Şura, 30]

Portugaliýada ýaşaýan 27 ýaşly Sofiýa Lagoa atly zenan serhoş ýagdaýda maşyn sürenligi üçin ýol gözegçilik gullugy tarapyndan saklanylyp, işi suda geçirilýär.

Aýal, örän agyr bolan ýol düzgünini bozmagyň jerimesinden halas bolmak üçin örän ökde aklawçy bolan Eduardo Borže  bilen gürleşýär. Aklawçy ähli iş ussatlygyny ulanyp, Sofiýany şeýle agyr jerimäni tölemekden halas edýär.

 Başyna gelen beladan sapak alyp, akyllanmadyk Sofiýa Lagoa, aklanmyşyny gutlamak üçin bir bara girip, serhoş bolýança içýär. Soňra bolsa, ýene serhoş ýagdaýda ruluň başyna geçýär.

Serhoş zenan iň ýokary tizlikde gidip barýarka, ýoly kesip geçip barýan birini kakyp, ony ýigrimi metr töweregi aralyga süýräp alyp gidýär. Örän agyr halda hassahana äkidilen nätanyş näçe jan edilse-de, halas bolman ölýär.

Hanym Sofiýa Lagoa, türmäniň ýoluny tutandan birnäçe gün soňra, maşyny bilen kakyp ölümine sebäp bolan adamynyň özüni serhoş halda maşyn sürenligi üçin jeza çekmekden halas eden aklawçy Eduard Boržadygyny bilip galýar.

Süýt

Halyf Hezreti Omar bir gije halkyň hal-ýagdaýyny bilmek üçin aýlanyp ýörkä, bir öýüň deňesinde aýak çekýär we öýüň içinde bolup geçen şu gürrüňi eşidýär:

– Gyzym, ertir satjak süýdümize biraz suw hem goşduňmy?

– Ýok eje! Halyfyň süýde suw goşmagy gadagan edendigini sen hem bilýärsiň-ä.

– Gyzym, seniň diýýäniň näme? Gijäň bir wagty halyfyň nireden habary bolsun? Ol häzir öýünde süýji ukuda ýatandyr.

– Eje, halyf uklap ýatan bolsa, Alla-da ukudadyr öýdýäňmi? Hilämizi ynsanlardan gizläp bileris, emma ähli zady görüp, bilýän Alladan nähili gizläris?

...

Bu gürrüňi eşiden Hezreti Omar has soňra, bu asylly gyzy maşgalasyndan ogly Asym üçin gelinlige soraýar.

Dogruçyllygynyň hakyky garaşygyny Allanyň gatynda aljak bu gyza, bu dünýäde-de halyf Hezreti Omaryň öýüne gelin bolmak; has soňra-da, adalaty bilen “Ikinji Omar” diýlip atlandyrylan Emewi (omeýat) halyfy Omar b.Abdulaziziň enesi bolmak bagty miýesser edipdi.

Hiç kimiň görmejek ýeri

Bir mugallym okuwçylaryndan birini deň-duşlaryndan mese-mälim saýlanyp  duran güýçli zehini, düşbüligi we işeňňirligi sebäpli has gowy görýän eken. Mugallymyň okuwçysyna bolan bu söýgüsi we mähremligi beýleki okuwçylaryň gabanjaňlygyny oýarypdyr we soňabaka: “Mugallymymyz näme üçin ony bizden has ýokarda tutýarka, ony has ezizleýärkä? Aramyzda akylly we düşbi diňe olmy näme?” diýen ýaly hüňürdiler köpelip başlapdyr. Mugallym hem olaryň bu pikirlerinden habarly ekeni. Mugallym bir gün sapaga geleninde, öz ýany bilen synpdaky okuwçylaryň sanyna barabar guşjagazlary getiripdir. Ol her okuwça bir guş berip: “Hany, ogullarym, hiç kimiň görmejek ýerinde bu guşjagazlaryň damagyny çalyp getiriň, emma muny hiç kim görmeli däldir!” diýip, berk sargapdyr.

Okuwçylar dumly-duşa pytrapdyrlar. Az salym geçip-geçmänkä-de, damagy çalnan guşjagazlaryň ganyny sarkdyryp getiripdirler. Okuwçylaryň köpüsi: “Men pylan ýere äkidip çaldym, yns-jyns gören däldir” diýip, öwnüpdir. Az wagtdan okuwçylaryň hemmesi diýen ýaly özlerine berlen guşjagazlaryň damagyny çalyp getiripdirler. Ahyr soňy, mugallymyň sylaýan okuwçysy hem gelipdir. Ýöne ol näme üçindir elindäki guşy öldürmändir. Mugallymyň:

– Oglum, guşy näme üçin öldürmediň, seret, dostlaryň barysy meniň tabşyran ýumşumy ýerine ýetiripdir - diýen sowalyna ol oglan:

Hormatly mugallym, ynsanlaryň görmejek ýerini men hem tapyp bilerdim. Emma Allanyň görmejek ýerini tapmagy başarmadym. Şonuň üçin hem guşy öldürmän dolandym – diýip, jogap beripdir.

Bu jogap beýleki okuwçylary akylyna aýlapdyr. Eden ünssüzliklerine düşünip galypdyrlar. Allanyň görmejek ýeriniň ýokdugyny hemmesi hem bilýärdi. Emma esasy zat bu barada pikir etmeklikdi.

Halal-haram ýa-da sogap-günä düşünjesi

(Türkmeniň milli dini adatlary)

Halal berjaý edilmeginde hiç hili zeleli bolmadyk amallar, hal-hereketler diýmekdir. Haram bolsa, ynsanyň ýaradylyşyna ters bolan, sagdyn akylyň we Allanyň halamaýan amallary we hal-hereketleridir.

Bir zady halal ýa-da haram kylan diňe Allatagaladyr. Hiç kim Onuň halal kylan zadyny haram, haram kylanlaryny bolsa halal edip bilmez. Alla arassa, päk, tämiz, peýdaly, önümli... zatlary halal, zyýanly, hapa, ýaramaz, pis... zatlary bolsa haram edendir.

"...ýakymly, gözel zatlar halal, ýaramaz, hapa zatlar bolsa haram edilendir..." (Araf, 157). Aýat hem bu hakykaty aýdyň görkezýär.

Ýaradanyň halal we haram kylmak emri, adamlary kynçylyga salmak we jezalandyrmak üçin däldir. Tersine, Allatagala öz dinini mähir-muhabbet, rehim-şepagatlylyk, rähmet esasynda bina edendir. Yslamyň emir we gadaganlyklarynyň, parzlarynyň, halal we haramlarynyň asyl hikmet we maksady, şeýle hem sagdyn akyla daýanýan pelsepewi ulgamlaryň we ähli döwletleriň baş maksady şu bäş esasda jemlenyar. Olar: dini goramak, jany goramak, akyly goramak, nesli goramak, maly goramakdyr. Diniň goralmagy bilen ruhy durmuş, akylyň goralmagy bilen ylym we düşünje dünýäsi, janyň goralmagy bilen hak-hukuk we borçlar, nesliň goralmagy bilen maşgala ojagy, malyň goralmagy bilen mal baýlygy, ykdysady tygşytlylyk gorag astyna alnyp, has netijeli we peýdaly görnüşde ulanylmagy üpjün edýär. Yslamyň wagyz edýän ähli emir we gadaganlyklary hökman bu bäş esasyň biri bilen göni baglanyşyklydyr. Käbirleri bolsa hemmesi bilen baglanyşyklydyr. Mysal üçin, serhoşlyk berýän alkogolly içgileriň we neşe jisimleriň gadagan edilmegi - hem akyl, hem jan, hem mal, hem nesil, hem din bilen göni baglanyşygy bardyr.

Harama zerurlyk bolmajak derejede halal zat bardyr. Harama äkidýän her ýol hem haramdyr. Mysal üçin, Gurhanda: «Ynanan erkeklere aýt: Nazarlaryny haramdan sowsunlar. Ynanan zenanlara hem aýt: Nazarlaryny haramdan sowsunlar» (Nur, 30, 31).

Bu aýatlar ynsany zynadan sägindirýär. Ynsan bir bakyş, bir lukma, bir söz... bilen harama endik edinýär. Şol sebäpli Allalagala ynsany zyna eltýän bakyşlary hem haram edendir. Şeýle hem, bu ýerde asyl mesele, diňe ýalaňaç bedenlere garşy gözi haramdan goramak däldir. Şol bir wagtyň özünde, başgalaryň elindäki baýlygyna bahyl göz bilen bakmaly däldiris. Bu edep-haýadyr. Özümizi gysgançlykdan, öýke- i kineden, bahyllykdan, husytlykdan, şehwetiň çukurlaryna gaçmakdan goramalydyrys. Bütin bular üçin bolsa nazarlarymyzy haramlardan sowmak hökmandyr.

Ynsanyň metjit gurmak, garyp-gasarlary doýurmak ýaly ýagşy niýeti ogurlyk, süýthorlyk, para ýaly haram zatlary halal kylmaz. Nähak ýere sowgat niýeti bilen para almak ýa-da bermek ýaly haram işiň şekiliniň, görnüşiniň, adynyň üýtgemegi hem ony haramlygyna galdyrar. Dinimiz diňe parzlary amal edip, halal çäklerde ýaşap, haramlardan daş durmaklygy ýeterlik görmeýär. Takwa ýaşamak üçin haramdygy ya-da halaldygy şübheli bolan zatlardan daş durmaklygy ündeýär.

Ynha, şonuň üçin yusan, ilki niýetini, garaýşyny, nazaryny terbiýelemeli, halaly-haramy saýgarmaly. Ýogsa, ýalandan, amanada hyýanatçylyk etmekden, lebzinde durmazlykdan, ogurlykdan, talaňçylykdan, adam öldürmekden... daş durup bilmez. Şeýle kişiler başganyň ahy-nalasyny eşitmez, diňe gara nebsine gulluk eder.