بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Mekir, näkes we azgyn bilen ýoldaş bolan we şolardan özüne dost tutunan kişi olardaky gylyk-häsiýeti alar we şol adamlaryň hatarynda görüler.

Başy » «Zaman» gazeti » HIJRET

Sözlük manysy taýdan “Hijret” bir ýerden başga bir ýere göçmeklikligi aňladýar. Bu işi amal edene, ýagny hijret edene-de “Muhajyr” diýilýär.

Hezreti Ybraýymyň hijreti

Düýnden bu güne dürli ynançlar, dürli pikir we garaýyşlar ugruna, dürli sebäplerden hijret edilipdir. Beýik şahsyýetleriň ählisi diýen ýaly hijret edipdirler, özleriniň pikir we garaýyşlary sebäpli dogduk mekanlaryny taşlap gitmeli bolupdyrlar. Hezreti Ybraýyma “Syýahatçy pygamber” diýilse, öte geçildigi bolmazmyka diýýän. Ulag we aragatnaşyk mümkinçilikleriniň juda çäkli bolan döwründe Wawilonda onuň sesini eşidýäris. Has soňra Kenan ýurdunda oňa sataşýarys. Soň görsek Ol Siriýada höküm sürýän zalym hökümdaryň garşysynda... Ýanýoldaşy Sara hem ýanynda. Diýmek ol ýanýoldaşy bilen ýurt-ýurt aýlanyp, adamzady gaflat ukusyndan oýarjak bolupdyr. Ine-de onuň birwagtlar ýumrulan Haremi Şerifiň (Käbäniň) öňünde goş ýazdyrandygyny görýäris... Hawa, Hezreti Ybraýym aleýhisselam syýahatynyň ahyrynda ähli janly-jandaryň owal-ahyr mähraby hem-de gojaman Zeminiň göbegi hasaplanýan, ýyllar soňra gujagynda Hezreti Muhammed Aleýhissalaty Wesselamy ösdürip-ulaltjak, kyýamata çenli-de ezizlenjek mährem mekan Mekgä barýar.

Hezreti Ybraýym Mekgä baranda, ol ýer maddy hem-de ruhy taýdan gözgyny ýagdaýdady. Göýä küpür hem-de gaflat silleri bilen daglardan joşup gelýän siller biri-biri bilen göreşýän ýalydy. Tümlügiň tümlük bilen göreşýän şol garaňky günlerinde-de, Beýik Biribar Käbäni ähli kir-kimirden aman saklapdy. Ybraýym aleýhisselam bu ýeriň halyny görensoň, ogly bilen Käbäniň täzeden gurluşygyna başlaýar. Gurluşyk tamamlanansoň ol adamlary Käbä çagyrýar. Wyždanyna gulak asan ynsanlaryň birnäçesi Hezreti Ybraýymyň çagyryşyna uýup, Käbä gelýärler. Bu barada Hakyň kelamy Kuranda hem şeýle diýilýär: “Çünki biz Ybraýyma Beýtullanyň (Allanyň öýüniň - Käbäniň) ýerini görkezen wagtymyz: “Asla Maňa hiç bir zady şärik goşma we Meniň Ybadathanamy togap edende, kyýamda, rukugda we seždede ybadat edýänler üçin arassa sakla!” Şeýle hem ähli adamlary haja çagyr, goý, gerek pyýada halda, gerek uzak ýollardan ýadaw düýeler üstünde (seniň çagyryşyňa) gelsinler. Gelsinler we munuň özleri üçin dürli peýdalaryny görsünler we Allanyň özlerine ryzyk hökmünde beren gurbanlyk haýwanlaryny belli günlerde Allanyň adyny ýatlap gurban etsinler. Siz-de olaryň etinden hem özüňiz iýiň, hem-de garyp-gasara iýdiriň.” (Haj suresi, 26-28.)

Hakyň beýti - Käbe

Käbe, ynsanlar bilen bir hatarda ruhy barlyklaryň, perişdeleriň hem togap edýän ýeridir. Hawa, haj parzyny berjaý etmek niýeti bilen Käbäniň daşyndan aýlanýan her bir adam şuny berk bellemeli: ol sagynda-solunda perişdeleriň, öňünde-arkasynda mümin jynlaryň, perişdeleriň hem aýlanyp ybadat edýän, Allatagalanyň “Beýtim – öýüm” diýip ýüzlenen mukaddes binasynyň daşyndan aýlanýandyr.

Pygamberimiz Muhammet aleýhisselam şeýle mukaddes ýerde eneden bolýar. Şu mukaddes ýer Hezreti Ybraýymyň hijretinde juda ähmiýetli bir menzil bolup durýar. Hawa, Hezreti Ybraýym uzak dowam eden syýahatynyň netijesinde ol ýere baryp ýetipdir.

Älemleriň serweri – hezreti Muhammet aleýhisselamyň hijreti

Hawa, eger anyk taryhy maglumatlara salgylansak, ähli pygamberleriň durmuşynda, hijretiň aýratyn ornunyň bardygyny görmek mümkin. Olaryň arasynda, Hz. Muhammet aleýhisselamyň hijreti aýratyn orna eýedir. Pygamberimiz (s.a.w) öz dogduk mekany - Mekgeden hijret edýänçä gaty köp kynçylyklara sezewar bolýar. Beýleki pygamberleriň hijrete nä derejede ähmiýet berendigi barada takyk maglumatlarymyz ýok. Muhammet aleýhisselam Pygamberliginiň Mekgedäki ilkinji ýyllarynda täze musulman bolanlar bilen “Hijret etmek şerti bilen” diýip elleşýär eken. Hat-da, hijret etmeýäne şol wagtlar munapyk hökmünde garalypdyr.

Hijret edip bilmedik ilkinji musulmanlar

Diňe Welid ibni Welid, Aýýaş Ibni Rebia, Selem Ibni Hişam özleriniň müşrik garyndaşlarynyň rugsat bermezligi we berk gözegçiligi zerarly hijret edip bilmändi. Pygamberimiz(s.a.w) olar üçin irginsiz ellerini açyp: “Allahym! Welid ibni Welidi, Seleme ibni Hişamy, Aýýaş ibni Rebiany (zalym garyndaşlarynyň elinden) halas et” diýip Alla ýalbarar eken. Sebäbi, olar ilkinji bolup musulman bolanlardandy.

Aýýaş Ibni Rebia ilkinji musulmanlara ezýet baryny beren Ebu Jehiliň ejesi bir doganydy. “Lä ilähe illallah, Muhammeden-rasulullah” diýen gününden başlap, zynjyra baglanypdy. Mekge musulmanlar tarapyndan eýelenýänçä aýagy gandally, boýny zynjyrly, agasy Ebu Jehiliň agyr sütemini çekmeli bolupdy. Käte ony agasy Ebu Jehil ýençse, käte-de, has soňra musulman bolan ýegeni Ikrime gelip depgileýärdi. 

Seleme Ibni Hişam Ebu Jehiliň kakasy bir doganydy we ol hem zynjyra baglanypdy. Welid ibni Welid bolsa, has soňra musulman bolup yslamyň meşhur serkerdesine öwrülen Halid ibni Welidiň uly doganydy. Geň galaýmaly. Olaryň ählisi ilkinji ýyllarda Hz. Muhammet aleýhisselama we onuň getiren ynanjyna ganym duşman bolanlaryň garyndaşlarydy. Mekgede tussaglykda saklanýan bu üç mümin hem her edip-hesip edip Pygamberimiziň  ýanyna gitmekçi bolýardylar. Hijret etmäge jan edýärdiler, emma, päsgelçilikleri aşmak olara başartmaýardy.

Hijret eden ýurtlaryny taşlap gaýtmaklyk sahabalara uly gaýgy we endişe beripdir

Sad ibni Ebi Wakkas ýeňişden soň, Mekgede kesellände, örän ynjalyksyzlanypdyr. Pygamberimiz onuň halyny soramaga baranda, ol ahmyr bilen: “Ýa Resulallah! Dost-ýarlarym hijret etdiler we Medinä gitdiler. Men bolsa ölüp, bu ýerde galaýmasam. Biziň üçin hijret öran wajyp. Mekgede galanyma gaty gynanýaryn” diýipdir. Mekge mukaddes ýer bolsa-da, hijret eden ýurtlaryny taşlap gaýtmaklyk, sahabalara uly gaýgy we endişe beripdir.

Hijret we pidagärlik

Hijret, hakykatdanam Allanyň halaýan amaly. Çünki hijret eden adam, Alla üçin pidägärlige boýun bolýar. Hawa, Dünýäde her bir adam maşgalasyny, çagalaryny, dogduk diýaryny çäksiz söýýär. Göbek ganyň daman ýeriniň hasraty,  şahyrlaryň goşgularynda özüniň giňden beýanyny tapypdyr. Bu duýgy hemme adamda diýen ýaly bar. Ynsanyň ýaradylyşynda bardygy üçin, bu duýgudan gaçyp gutulyp bolmaýar. Hezreti Bilal Medineden Mekgä baranda, gözýaş döküp aglar eken. Hezreti Ebu Bekirem şeýle. Olar beýik bir maksat üçin Medinä gelipdiler. Emma welin  ata mekanyň hasratyny-da unutmak ýeňil däldi. Mysal üçin: Hezreti Ebu Bekir ýaly, Pygamberimiziň ýanyndan aýrylmadyk sahabalaryň hem Mekgäni örän göresleri gelipdir. Iň ynamly hadyslarda Pygamberimiziň(s.a.w) şeýle diýendigi rowaýat edilýär “Mekge! Seni şeýle bir söýýärin. Eger meni çykarmadyk bolsalar, walla, men senden çykmazdym”.

Hawa, Sahaba Mekgede doglupdyr. Ol ýerde önüp-ösüpdir. Ylaýta-da ol ýerde atalary Hezreti Ybraýymyň guran bir binasy bar. Şol bina zyýarat etmek üçin her ýyl müňlerçe adam dünýäniň çar tarapyndan gelýär. Olar bolsa Käbäniň eýeleridi. Sebäbi olaryň hersi  şol mukaddes ýeriň bir wezipesini ýerini ýetirýärdi. Kimisi ol ýeriň arassaçylygyna seretse, kimisi-de agyz suwuna gözegçilik edýärdi. Hemmesiniň diýen ýaly öwrenşen şeýle wezipeleri bardy. Aslynda ählimize, öwrenşen zatlarymyzdan aýrylyşmak kyn düşse gerek. Ýöne hijret eden sahabalar öý-öwzarlaryny, ýakynlaryny taşlap gitmegi başarypdyrlar. Mysal üçin, Hezreti Omar hijret edende ýany bilen maşgalasyny alyp gitmändir. Hezreti Ebu Bekir Pygamberimiz bilen ýola çykanynda gyzy Hezreti Aýşäni Mekgede goýup gidipdir. Olar nädip beýle öz maşgalalaryny taşlap gidibildilerkä? Şeýle rehimdar adamlara doňbagyr diýip bolarmyka? Ýok, olaryň ählisem maşgalalaryny söýýärdi. Mekgede öý-ojaklary, çaga-çugalary, mal-garalary - hemme zatlary bardy. Barýan ýerlerinde – Medinede bolsa olara ýalňyzlyk, hasrat, kynçylyk garaşýardy. Medine halkynyň – ensaryň jaýlaryny olar bilen bölüşjegi, olara gujak açjagy heniz belli hem däldi. Muňa garamazdan olar ýene-de hijret edipdirler. Hawa, Medinä edilen hijretden soň, bir şahyrdan başga hiç kim, Mekgä dolanmak islemändir. Şol şahyryň bolsa imany heniz berkemändi. Hijret sahabalaryň imanyny çuňlaşdyrypdy. Hijret olaryň kemala gelmegine sebäp bolupdy.

Hijretden soňra Medinänıň ykdysady ýagdaýy

Medinäniň hijretden öňki ykdysady ýagdaýyna ser salanymyzda, baýlygyň esasy böleginiň ýewreýleriň elindedigini görýäris. Sebäbi Medinäniň söwda işleriniň ählisini diýen ýaly şolar ýöredýärdi. Ýewreýler Medinedäki arap Ews we Hazrej taýpalarynyň girdejileriniň aglaba bölegini göterim ýoly bilen ellerinden alýardylar.Ýarag senagaty hem ýewreýleriň elindedi. Bir-birleri bilen söweşýän araplara ýaraglary şolar satýardylar. Oba hojalygynda ekerançylyk ýerleriniň, baglaryň  köp bölegi  ýewreýlere degişlidi. Ensar halkynyň (medineli musulman halk) elinde bolsa diňe özleriniň gün-güzeranyny dolandyrjak derejede  mülkleri bardy.

 Ensar halkynyň muhajyrlaryň maşgalalaryna öýleriniň dulyny doly açandygyny we iýýän  çöreklerini olar bilen deň paýlaşandygyny göz öňünde tutanymyzda, hijretiň başlangyjynda muhajyr halky bilen ensar halkynyň nähili maddy kynçylyga uçrandyklaryny, olaryň ykdysady ýagdaýlarynyň pese gaçandygyny mese-mälim görmek bolýar. Emma bu ýagdaý uzak dowam etmedi, düýbünden üýtgedi. Çünki muhajyrlar Mekgeden gelipdiler. Mekgeliler bolsa söwdada has aýratyn ukyba, başarnyga eýediler. Üstesine-de medineli ýerli musulman doganlaryna ýük bolmak islemeýän muhajyrlar bu babatda örän tutanýerlidiler.

Abdurahman bin Awf Sad bin Rebi bilen dogan yglan edilýär. Sad mekgeli din dogany Abdurahmany öyüne getirip, oňa her dürli näzi-nygmatlardan hödür edýär, mal-mülküni onuň bilen deň paýlaşmak isleýär. Abdurahman: “Jomartlygyň üçin Alla senden razy bolsun, malyňy hem saňa nesip etsin. Sen ýöne maňa bazaryň ýoluny görkez...” diýýär. Abdurahman söwda işini ymykly ele alýar. Ol aradan uzak wagt geçmänkä söwda arkaly ummasyz baýlygyň eýesi bolýar. Muhajyrlaryň aglaba bölegi onuň tutan ýolundan gidýärler. Ebu Bekir egin-eşik we mata, Osman b. Affan däne ekinlerini we gök önümleri satypdyr. Hezreti Osman  ekerançylyk ýerlerini satyn alyp, şol ýerde ýetişdirýän ekinlerini satýar eken. Osmanyň söwdasynyň gerimi has hem giňäp, Siriýa çenli ýaýraýar. Zubeýr Baky bazarynda gassaplyk edipdir. Omar täjirleriň arasynda dellallyk işini ýöredipdir. Hezreti Pygamberimiz musulmanlaryň söwda bilen hem meşgullanmaklaryny ündäpdir. Musulmanlar Pygamberimiziň sargydyny ýerine ýetirip, halal gazanç edipdirler. Söwdada hiç hili hilegärlige ýüz urmandyrlar, göterimden(prosent) gaça durupdyrlar. Tereziden hiç kimiň hakyny iýmändirler. Öňki ýewreý täjirler halys ynamdan gaçan ekenler. Bu sebäpden hem müşderileriň köpüsi musulmanlardan söwda edipdir.

Medineli musulmanlaryň Pygamberimize hormaty

Pygamberimize (s.a.w.) mekgeli müşrikler “Ebu Talybyň ýetimi” diýer ekenler. Hawa, älemiň göz guwanjyna olar “Ebu Talybyň ýetimi” diýýärdiler. Aslynda müşrikleriň beýle diýmekleri Onuň getiren dinine duşmançylyklary zerarlydy. “Düýn köçede gözümiziň alnynda ylgap ýördi. Häzir bolsa özüni pygamber yglan edýär” diýýärdiler. Müşrikler Ol päkize ruhuň Allanyň goragy astyndadygyndan bihabardylar. Allatagala çagalykdan başlap ony pygamberlige taýýarlapdy, günäleriň laýyna batmakdan gorapdy. Ýöne barybir ol Mekgäniň kesir müşrikleri üçin ýene-de “Ebu Talybyň ýetimidi”. Pygamberimize “Ebu Talybyň ýetimi” diýip ýüzlenýän ildeşerinden haraý gelmedik ýyllarynda, medineli sahabalar Oňa gujak açypdylar. Ýetmişe golaý medineli musulman oňa: “Medinä gel, Ýa Resulalla. Malyňy malymyz ýaly, janyňy janymyz ýaly gorarys. Yslam üçin şirin janymyzdan geçmäge taýyndygymyza ant içýäris” diýipdi. Medine halky onuň pygamberligini ykrar edipdi we medineli musulmanlaryň pygamberimize hormaty çäksizdi.

1427-nji Hijri ýylyňyz mübärek bolsun!

Hijri ýyl hasaby boýunça 1427-nji ýylyň ilkinji aýy bolan Muharrem aýyna-da girdik.

Sözümiň başynda, bu aýyň ähli musulmanlara haýyrlar getirmegini arzuw edýärin.

Eziz okyjylar!

Hijri ýyl hasabynyň  ulanylmaga başlanmagynyň taryhy bilen heý gyzyklandyňyzmy? Eger muny bilesiňiz gelýän bolsa, taryhy hakykatlary hyýalymda janlandyrmak arkaly, gürrüň bermäge çalşaýyn.

Hijretden 16 ýyl soňra – Hezreti Omaryň halyflyk edýän döwrüdi. Ýagny, milady ýyl hasaby boýunça 638-nji ýyl.

Abdylla özüne berlen buýrugy ýerne ýetirmek üçin Medinäniň köçelerini gapy-gapy aýlanýardy...

Maslahata ýygnanjaklary birin-birin çagyran Abdylla tabşyrygy tamamlap, dolanyp gelip maslahat binasynyň gapysynda garaşmaga başlady. Köp wagt geçmänkä, maslahata gatnaşjaklar hem birlän-ikilän görnüp ugradylar... Ynha sahabalaryň iň bellilerinden Sad bin Ebi Wakgas... Anha-da Talha... Şu gelýän hem Ymam Aly bolsa gerek... Sähel salymdan uzakdan biriniň howlukmaç ädimler bilen ýetip gelýändigi göründi. Bu-da Halyf Hezreti Omaryň edil özüdi. Maslahat üçin mejlisi çagyrmaklygy buýran hem oldy.

Geljekler gelşensoň, Allaha hamd we Resulyna-da salatu-salam getirilenden soňra, derrew asyl meselä geçen Hezreti Omar gürlemäge başlady:

- Döwlet işlerini yzygiderli hasaba almakda kynçylyk çekýärin. Maňa iberilen bir resminama şaban aýy bilen senelenipdir. Bu şaban aýynyň haýsy ýylyň şaban aýydygy – bu ýylyňmy ýa-da geçen ýylyňmy – belli däl... Basranyň häkimi Ebu Musanyň hem bu mesele bilen baglanyşykly şikaýatlary bar. Bir-birinden tapawutly wakalara esaslanýan tapawutly senenamalaryň ulanylmagy bizi kyn ýagdaýda goýýar. Mundan soňra, özümize görä bir senenama başlatsak, has göwnejaý boljak. Ynha, sizi şu meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin çagyrdym.

Maslahata gatnaşyjylaryň ählisi-de şeýle senenamanyň başladylmagynyň zerurlygyny biragyzdan makullaýardy. Emma, senenamanyň başlangyjy hökmünde haýsy wakany kabul etjekdiklerini kesgitlemek ýeňil däldi. Çünki, Resulallanyň (s.a.w.) ömrüniň her pursaty güni senenama başlangyjy saýylmaga mynasyp hadysalardan doludy. Ahyry, Sad bin Ebi Wakgas:

- Men Resuly Ekremiň (s.a.w.) dünýäden öten gününi başlangyç hökmünde saýlamagy teklip edýärin – diýip öz pikirini aýtdy.

- Ýeri sen näme diýýäň, eý Talha?.. Sadyň teklibini eşitdiň?..

- Men beýle gynançly hadysany senenama başlangyçy hökmünde kabul etmegi dogry hasaplamaýaryn. Munuň tersine, Alla Resulynyň (s.a.w.) doglan gününi başlangyç hökmünde saýlamagy teklip edýärin.

- Ýeri, eý, Aly! Sen nähili pikir edýäň?.. Seni-de diňläli... Edilen teklipleri eşitdiň!

- Men bu iki möhüm wakadan hem möhüm başga bir hadysany teklip etmek isleýärin.

- Haýsy hadysany?

- Hijreti!.. Musulmanlaryň yslamy ýaşamak we ýaýmak üçin ähli zatlaryny terk edip, Mekgeden Medinä hijret edişleriniň yslamyň kökleriniň pugtalanmagynda aýratyn ornunyň bardygyna ynanýaryn. Şonuň üçin-de, ony täze senenama başlangyç hökmünde almaklygy teklip edýärin.

- Ýeri, bu teklibi nähili görýäňiz, eý Resulallanyň eziz sahabalary?..

- Men Alynyň bu teklibini örän makul hasaplaýaryn, eý Müminleriň emiri...

- Men hem...

- Men hem...

Şunlukda, Hezreti Alynyň (Alla ondan razy bolsun!) teklibi bilen Resulallanyň (s.a.w.) Mekgeden Medinä hijret eden ýyly Yslam senenamasynyň – hijri ýyl hasabynyň ilkinji ýyly; ilkinji hijret toparynyň ýola çykan aýy bolan we öňden bäri hem mukaddes hasaplanýan Muharrem aýy-da birinji aý hökmünde kabul edildi.

Resulallanyň (s.a.w.) hijreti bolsa, Muharremden soňra gelýän Safer aýynyň ýigrimi altysyndan başlap Sewr magarasynda dört gije gizlenişiniň yzysüre, 1-nji Rebiýul-ewwelde başlap, 8-nji Rebiýul-ewwelde Medinäniň golaýyndaky Kubada tamamlanýar. Kubada dört gün bolup ol ýerde mesjit guran Allanyň Resuly Rebiýul-ewwel aýynyň 12-sinde Medinä barýar.

Hijretden 16 ýyl soň Halyf Hezreti Omaryň baştutanlygynda maslahat üçin ýygnanan mejlisiň alan bu kararyny gapyda garaşyp duran Abdylla Medinäniň köçelerinde halka yglan etdi:

- Eý musulmanlar!.. Mundan soňra Resulallanyň hijreti birinji ýyl, ilkinji hijret toparynyň ýola çykan mübärek Muharrem aýy-da birinji aý kabul edildi. On altynjy hijri ýylyňyz ähliňiz üçin haýyrly ýyl bolsun!..

Biz hem Abdyllanyň şol günki ýagşy dilegine goşulmak bilen, ähli musulmanlaryň 1427-nji hijri ýylyny gutlaýarys, ähli adamzat üçin oňatlyklardan doly ýyl bolmagyny arzuw edýäris.

 

Muharrem aýy

Hijri ýyl hasabyna görä Muharrem aýy “Eşhurul-hurumdandyr”. Ýagny, söweşilmegi gadagan edilen (haram kylnan), hormatly aýlardandyr. Eşhurul hurumyň beýlekileri Zilkade, Zilhijje we Rejepdir. Muharrem aýy barada Pygamberimiziň (s.a.w.) birnäçe hadysy bu güne çenli gelip ýetipdir. Söýgüli Pygamberimiz (s.a.w.) şol hadyslardan birinde: “Remezan orazasyndan başga iň fazylatly oraza, Muharrem aýynda tutulan orazadyr. Parz namazlardan soňra iň fazylatly namaz bolsa, gijeleri kylnan namazdyr” diýýär.  (Müslim, Siýam, 202).

 

Aşure güni

“Aşure güni” diýip Muharrem aýynyň 10-njy gününe aýdylýar. Söz manysy taýdan-da “Onunjy gün” diýmekligi aňladýar.

Älemleriň serweri (s.a.w.) bir hadysynda: “Aşure güni tutulan oraza geçen ýylyň günäleriniň bagyşlanmagyna sebäp bolar” diýýär. (Riýazus-salihin, n.507). Başga  bir hadysda bolsa bu üç gün “Aşureden öňki gün, Aşure güni we aşureden soňky gün” hökmünde kesgitlenýär.

Bu aýda bolup geçen möhüm taryhy wakalar

Muharrem aýynda bolup geçendigi rowaýat edilýän möhüm taryhy wakalardan birnäçesi:

* Hezreti Nuhuň we oňa ynananlaryň tupan apatyndan sag-esen gutulmaklary.

* Hezreti Ybraýymyň Nemrudyň ataşyndan halas bolmagy.

* Hezreti Eýýubyň uçran agyr keselinden dynmagy.

* Hezreti Musanyň kowmy bilen bilelikde Gyzyl deňizi geçmegi bu aýda bolupdyr.

Bulardan daşgary, 61-nji hijri ýylyň Muharrem aýynyň 10-ynda (10 Garaşsyzlyk 680 milady) bolup geçen hasratly bir waka hem bardyr. Ýokarda görkezilen senede Kerbela diýen ýerde Söýgüli Pygamberimiziň eziz agtygy, Hezreti Aly we Hezreti Fatymanyň mähriban perzendi Hezreti Hüseýin Emewileriň (Omeýatlaryň) döwlet dolandyryjylary tarapyndan zalymlyk bilen şehit edilýär. Şonuň üçin, bir tarapdan Hezreti Nuhuň tupandan, Hezreti Ybraýymyň ataşdan, Hezreti Eýýubyň hassalykdan gutulyşyny, Hezreti Musanyň Gyzyl deňzi geçişini ýatlanymyzda kalbymyza şatlyk dolsa; beýleki tarapdan-da, Hezreti Hüseýin we onuň maşgalasyndan, ýakynlaryndan Kerbela hadysasynda şehit bolanlar üçin-de doga-dileg edip, Hakdan rehmet dileýäris.

Gadyrly myhman

Serwerimiz Resuly Ekrem Medine şäherine hijret eden güni Medinedäki musulmanlar juda tolgunýarlar. “Allanyň Resuly we iki Jahan Serweri kimiň öýüne myhman bolarka?” diýen sowalyň jogaby ähli medinelileri gyzyklandyrýardy.

Hemme kişi mertebä mynasyp bolmak üçin her hili ýollary gözden geçirýärler. Kabiri Resuly Ekremiň düýesine öz öýüni yşarat etse, käbiri-de gapylarynyň öňüne gök otlary döküp Resulallanyň düýesini öz işiklerine çekmek isleýär.

Bularyň hiç biriniň-de peýdasy bolmaýar. Sebäbi, Allanyň Resulyny Mekkeden Medinä çenli getirmek bagty miýesser eden mübärek düýäniň ýüpi Hezreti Jebraýylyň elindedi. Jebraýyl ony idip medineli sahabalardan Ebu Eýýubyň öýüniň öňüne getirdi.

Muňa haýran galan sahabalaryň arasynda şeýle gürrüňler bolup geçýär:

Ebu Eýýubyň beýle mertebeli adamdygyny bilmeýärdik. Ses-üýnsüz gezerdi, emma ruhy dünýäsi çak edişimizdenem baý eken; Resuly Ekreme hemmämizden artykmaç bagly eken...

Resulalla Aleýhissalatü Vesselam Ebu Eýýubyň öýüniň aşaky gatyna ýerleşýär... Ýokarky gatda bolsa Ebu Eýýubyň özüniň ýaşamagyny isleýär. Ýassy namazy okalandan soňra, älem-jahanyň Serwerini garşy alan bagtyýar şäher Medine süýji ümsümlige çümüpdi... Emma Ebu Eýýubyň tolgunjy ýetjek hetdine ýetipdi. Tolgunjyndan ýaňa nädip oturyp-turýanyny bilmeýärdi. Aşaky gatdaky Resulallany birahat eder diýen endişe bilen aýagynyň astyndaky tagtalara basmaga hem ejap edýärdi.

Hawa, iki jahanyň Hormatlysy on günlük ýol geçip, şu öýde, öýüň aşaky gatynda ýerleşipdi. Aşaky gata tozan düşürip, iki jahan Serwerini birahat edip bilmezdi. Şu duýgular içinde hiç kim bilen ýekeje agyz hem gürleşmedi. Sebäbi Birden Hakyň Resulyny oýaryp, birahat edäýmekden çekinýärdi.

Şeýlelikde, şol gije ne Ebu Eýýub, ne-de onuň mähriban ýanýoldaşy ukladylar. Uklamak-ha aňyrda dursun! Ikisi hem namazlyklarynyň üstünde dyz çöküp oturyşlaryna, ertire çykdylar.

Gün mähirli şöhlesi bilen Mukaddes Medine şäherini çoýmaga başlanda Ebu Eýýubyň ilkinji işi Resuly Ekremden öýüň ýokarky gatyna çykmagyny haýyş etmek boldy...

Ýa Resulalla, siz aşaky gatda wagtyňyz biziň ýokarky gatda ýaşamagymyz mümkin däl. Yokarky gata geçmegiňizi haýyş edýäris, aşaky gatda ýaşamak bize ýaraşar.

Ebu Eýýubyň tutanýerliligini gören Allanyň Resuly onuň teklibini kabul etdi we ýokarky gata çykdy... Älemleriň Hormatlany sekiz aýlap bu öýde myhman bolanynda, Ebu Eýýubyň öýi zyýrathana öwrüldi.

 

Ýolda seni

Habybulla, seni istän,

Tapar kaýsy ýolda seni.

Walla, görmäge muşdakdyr

Beg-de, han-da, gul-da seni!

 

Aşyklar gül ýüzi solar,

Müň gün aglan bir gün güler,

Bilbil senada arzuwlar

Täze gunça, gülde seni.

 

Ne göwher sen, ýok gymmatyň,

Jahany tutmuş hümmetiň,

Durmaz, ýat eder ummatyň

Dagda, düzde, çölde seni!

 

Erenler ýoluňny yzlar,

Derwüşler syryňny gizlär,

Maşryk, magryb - tamam gözlär

Barça - sagda, solda seni.

 

Döwlet, pelek bile döner,

Kimden uçar, kime gonar,

Görmese, aşyklar ýanar

Hepde, aýda, ýylda seni.

 

 

Biz hem ummatyň haslaryn

Ýat ederin, höweslärin,

Çagyryn, medet islärin

Ýagşy-ýaman halda seni

 

Magtymguly diýr, odum bar,

Arzym bar, Haka dadym bar,

Şepagatdan umydym bar -

Gyl köprüde dalda seni.    Magtymguly