بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Alymlar bilen oturyşgyn. Sebäbi Allatagala, göýä ýeri asmanyň ýagmyry bilen direldişi kimin, kalplary ylym nury bilen direldýändir.

Başy » «Zaman» gazeti » JOMARTLYK HUSYTLYK

Mal we beden bilen berjaý edilýän ybadatlar

1. Mal bilen berjaý edilýän ybadatlar;

2. Beden bilen berjaý edilýän ybadatlar.

Bularyň ikisi hem biri-biri bilen içgin baglanyşy­klydyr. Mysal üçin, namaz beden bilen berjaý edilýän ybadatdyr, emma namazy maddylykdan aýra­tynlykda göz öňüne getirmek mümkin däl. Namazda wagt, ýer ýaly esaslary düşün­dirmek üçin maddy deliller ulanylýar. Nama­zyň içindäki hem-de daşyndaky şertlere göz gezdirseň muny aýdyň görse bolar. Ýene bir my­sal, zekat mal bilen berjaý edil­ýän ybadat­dyr.Ýöne kişiniň zekat berip biljek derejede maddy mümkin­çilige gowuş­ýança zähmet çekmegi zekadyň beden bilen hem baglanyşy­gynyň bardy­gyny görkezýär. Haj parzy-da bir tarapdan maly, beýleki tarapdan bolsa bedeni yba­datdyr. Haj parzyny berjaý etmek üçin gerekli çykdajyny ýygnamak mal bilen berjaý edilýän ybadatdyr. Haj ýolag­çylygynda tawaf, wakfe, şeý­tan daşlamak ýaly haj des­surlary bedeni ybadatlara girýär. Görşüňiz ýaly, yslamyň şertleriniň arasynda hem many, hem-de maddy taýdan aýrylmaz baglanyşyk bar. Bu sebäpli hem Allaha edilen ybadatlaryň maddyýetden üzňe bolmagy mümkin däldir.

Müminler arasynda şeýle düşünje bar. Käbir müminler “Meniň maddy ýagdaýym öwerlikli däl, üýşüp ýatan baýlygym ýok. Şonuň üçin mal bilen berjaý edilýän ybadatlar, ýagny, zekat, sadaka we ş.m. maňa düşmeýär” diýýär. Bu garaýyş düýbün­den nädog­ry. Her kim Allahyň özüne ba­gyş eden nygmatlary, mümkin­çilikleri bilen oňa bolan borjuny ýerne ýetirmeli. Diý­mek, on müňi bolan-da, ýüz milliony bolan-da elindäki mümkinçiligiň çäginde Allahyň ryzasyny gazanmaga çalyş­malydyr.

Bu sebäpden-de “Şu wagt elim gysga, ýagdaýym gurat­laşsa men hem haýyr-sahawat ederin-dä” diýmeli däldir.

Allah edi­len amallaryň azly­gyna ýa-da köplügine görä däl, ol işiň yhlasly edilip edilme­digine sereder. Şonuň üçin “Ýerine görä, bir dary dänesi ýaly yhlasly amal birnäçe batman yhlassyz amaldan agyr gelip biler.”

Bu ýerde ýene bir möhüm zada üns bermeli. Ynsanyň mala-baýlyga eýe bolmagy hem-de haýr-u yh­sany dowam edip, yhlasyny goramagy örän kyndyr. Kyndyr ýöne, maddy rahatlygyň ynsany ikiýüzlülige we dürli haramlyklara çagyrýan döw­ründe ynsanyň kalbyndan gelýän owaza — wyždanynyň sesine gulak asyp, yhlasyny we Rebbine bolan ýakynlygyny saklamagy, elbetde, onuň sogabynyň artmagyna-da sebäp bolar.

Jomartlyk

Jennetiň gapysyny ilki açjak-da jomartlardyr. Hawa, Jennete ilki Allahyň razylygy ugrunda malyny we janyny bagyşlan jomartlar girer. Olar Reblerine pany bolan mal-mülklerini berip, ebediligi gazanarlar.

Jomartlyk Allahyň (j.j.) “Jewad” ady bilen baglanyşyk­lydyr. Allahyň Resuly (s.a.w.) bir hadysynda şeýle buýurýar: “Allah “Jewaddyr; jomartlygy söýer we gözel ahlagy söýmek bilen, erbet gylyklary ýigrener.”

Bermek, Allah ahlagydyr. Diýmek, zekat baýy garyba ýakynlaşdyryşy ýaly, baýy-da Ganyý-ýy Mutlak bolan Allaha ýakynlaşdyrar.

Zekat berene melekler doga-dileg eder

Allahyň Resuly zekady berlen malyň artmagy üçin her gün melekleriň dileg edýän­diklerini bildirýär: “Her gün iki melek Ýere inip, olardan biri: “Alla­hym, infak edeniň (Alla­hyň ryzasyny gazanmak niýeti bilen, mätäçleriň zerurlyklaryny bitireniň) malyny bereket­len­dir” diýip dileg etse, beýlekisi: “Malyny gysganyp, husytlyk edeniň-de malyny dargat” diýip, gargyş eder”

Zekat maly bereketlendirer

Söýgüli Pygamberimiz (s.a.w.) Allah ryzasyny gazanmak niýeti bilen berlen sadaka we zekadyň maly ke­melt­meýändigini, tersine, artma­gyna sebäp bolýandy­gyna ünsi çekýär: “Sadaka (zekat) maldan hiç zady kemeltmez.”

Resulallahyň bu sözüne, Alla­hyň beren berekedi bilen malyň artmagy diýen many çykarmak mümkin bolşy ýaly, edilen az mukdardaky ýagşylyk üçin köp sogap gazanmak diýip hem düşünmek müm­kin.

Zekadyň malyň howpsuz­lygyny kepillendirýändigini-de Resulallahyň şu hadysyndan öwrenýäris: “Mallaryňyzy zekat bilen goraň, hassa­la­ryňyzy sadaka bilen oňatlaş­dyryň, belalara doga-dileg bilen garşy duruň.”

Ýagny, zekat bermek bilen möhümi bitirilen garybyň eli we dili baýyň malyna uzamaz. Şunlukda, jemgyýetde bölü­nişige ýol açjak baş göter­meleriň öňi alnar, erbet duý­gular kalbynda ýer tutmazdan, täsirsiz hala getiriler; malyňyzy berk galalaryň, beýik diwar­laryň goragyna aldygyňyz bolar.

Görnüşi ýaly, zekat berilýän mal Allahyň goragy astyn­dadyr we Resulynyň buşlugy bilen, egsilmez-de artar. Dur­muş­da köp kişiniň başyndan geçen wakalar-da munuň şeýledigini tassyklaýar.

Kyssalar

Bergili bilen ...

Ebu Hanife Hezretleri bir gün ýolda barýarka garşydan gelýän biri ony görüp, ýüzüni kesä sowýar we ýoluny üýtged­ýär. Ymam, bu ýagdaýa örän birahat bolýar. Näme üçin bir mümin ony görüp, ýoluny üýtgetdikä?! Ol adamy ýanyna çagyryp:

- Näme üçin meni göreniňde ýoluňy üýtgetdiň? – diýip soraýar. Ol bende eginlerini gysyp:

- Men sizden 10 müň akçe karz alypdym. Bermeli wagty bolup, üstünden wagt geçen­digine garamazdan, bergimi üzmäge ýagdaýym bolmady. Sizden utananym üçin, şeýle etmeli boldum – diýýär. Ymam Agzam Hezretleri:

- Subhanallah! Biz ol puly saňa sowgat edipdik. Seni ýoluňy üýtgetjek derejede oňaýsyz ýagdaýda goýanym üçin maňa hakyňy halal etgil – diýýär.

Hakyň ryzasyny gazanmak üçin edilen amalyň ululygyna-kiçiligine seredilmez

Şöhratly Osmanly döwle­tinde patyşalaryň we döwlet işgärleriniň ençemesi sadaka niýeti bilen mesjitler, medre­seler, şypahanalar gurduryp­dyr. Şo­nuň üçin ülkäniň çar künjünde mesjitsiz ýer bol­mandyr. Çünki mesjitsizlik jemagatsyzlyk; jemagatsyzlyk-da Allahdan daş düşmek diýmekdir.

Osmanly hökümdarlaryndan Kanuny-da bu düşünje bilen Süleýmaniýe mesji­dini gurdurýar. Ýöne ol, döre­diljek bu ajaýyp eseriň soga­bynyň diňe öz amal depderine ýazylmagyny arzuw edipdir we Rebbine bu sowgady öz adyndan bermek isläpdir. Şonuň üçin, gurluşyk meý­danyna ýygy-ýygydan gelip, gurluşykçylara “Hiç kimden kömek kabul etmäň” diýip tabşyrypdyr. Mesjidiň diwar­lary gün-günden beýgelýärkä, bu mesjidi gapdaldan synlaýan bir garry mama bardy. Güzeranyny sygyrlarynyň süýdi bilen aýlaýan bu zenan öz ýanyndan:

- Eý, Allahym, soltanymyza baýlyk berdiň, mal-mülk berdiň. Bular bilen ol bu gün seniň ugruňda bir mesjit gurdurýar. Bu pakyr guluňa bulary nesip etmediň; men nähili seniň ryzaňy gazanaýyn. Meniň golumdan beýle uly işler gelmez. Elimden geljek, ussa­lara bir tabak gatyk eltmekdir – diýýär we gatygyny eltip, ussalara hödürleýär. Olar patyşanyň özgelerden zat almagy gadagan edendigini aýtsalar-da, garry mama ýalbaryp duransoň, bialaç gatygy alyp içmeli bolýarlar.

Beýik hökümdar şol gije düýşünde gurduran ymaraty­nyň mizan terezisinde tartyl­ýandygyny görýär. Tereziniň bir taýyna Süleýmaniýe mesjidi, beýlekisine bolsa, bir tabak gatyk goýlanmyş we gatyk, mesjitden agyr gelenmiş. Daň atýar. Kanuny san­dyrap, ussalaryň ýanyna gel­ýär. “Kimden näme aldyňyz?” diýip, olary gyssap ugraýar. Ussalar “Bir garry mama geldi; ýalbaryp-ýakaryp duransoň, getiren bir tabak gatygyny aldyk” diýip, ýagdaýy bolşy-bolşy ýaly aýdýarlar. “Süleýmaniýeden agyr gelen, şol kempiriň bir tabak gatygy eken-dä” diýip pikir eden Kanuny gören düýşüni şol ýerdäkilere gürrüň berýär.

Hawa, Hakyň ryzasyny gazanmak üçin edilen amalyň ululygyna-kiçiligine seredil­mez. Belki, ol ugurda edilen dary dänesi ýaly haýyr, batmanlara barabar bolar. Käwagt ol ýolda ädilen ýeke ädim ynsana şeýle bir bereket we bagtyýarlyk getirer welin, ynsan onuň bilen ebedi durmuşyny abadan eder. Şonuň üçin ynsan her amalynda Allahyň razylygyny gazanmaga çalyşmalydyr.

Üstünlik getiren şäriklik

Geçen asyryň ahyrlarynda baltimorly bir ýaş ýigdekçe durmuş gurmak üçin Nýu-Ýorka gaýdýar. Maşgalasynyň köne dostlaryndan bolan bir kapitan ondan ol ýerde nähili işiň başyny tutjakdygyny soraýar.

Ýigdekçe: “Wah, men bir elinden dür dö­külip duranlardan däl-le. Sabyn we şem öndürmekden başga elimden zat gelmez” diýip derdinýär. Kapitan oňa şeýle nesihat berýär:

“Rebbiň bilen şärik ýaly işle we gazanjyň ondan birini onuň paýy hökmünde aýyr. Ynha, görersiň, işiň şowly bolar.”

Ýaş ýigit gysga wagtyň içinde işlerini ýola goýýar. Kapitanyň nesihatyny-da unutmaýar. Gazanjynyň ondan birini aýryp, mätäçlere, kömek gaznalaryna bagyşlaýar. Işiniň gerimi giňeldigiçe, gazanjynyň ondan bir paýyny ondan ikä çykarýar. Has soňra bolsa, wagtyň geçmegi bilen artdyra-artdyra girdejisiniň ýarysyny haýyr-sahawata bagyşlaýar.

Ýaş ýigidiň işindäki üstünligi, edýän ýagşylygyna görä artýar.

Sabyn öndüriji ýaş işewür sabyn pudagynyň şasy saýylyp biljek derejä ýeteninden soň, dünýäden ötýär. Emma onuň işde üstünlik gazanmagynyň “syry” häzirem ýatlanýar.

Goja dostunyň maslahatyna eýerip, işde Ýaradyjysy bilen şärik bolan bu adamyň ady William Colgatedir.

Colgateniň adyny häzir sabyn we diş pastasyny öndürýän dünýä meşhur firmadan başga-da, Amerikanyň belli üniwersitet­leriniň biri hem göterýär.

Has ýokary kesilen baha

Hezreti Ebu Bekiriň halyflyk eden döwründe Medinede gahatlyk bolýar. Halk çörek ýapmak üçin bir gysym bugdaý hem tapyp bilmejek derejede kyn ýagdaýa düşýär.

Bu ýagdaýy gören medineli täjirler ellerindäki ähli pula bugdaý almaga başlaýarlar.

Hezreti Osman hem şol günler Şama bir kerwen iberip, ýüz düýe ýüki bugdaý getirdýär. Munça bugdaý halkyň ep-esli bölegini üpjün etmäge ýetjekdi.

Käbir täjirler Hezreti Osmanyň Şamdan getirden bugdaýyny satyn almak isleýär. Bugdaýyň bir mennesine (5 kg. 12 gr. agyrlygyndaky ölçeg birligi) 4 dirhem teklip edýärler. Emma Hz. Osman täjirleriň kesen bahasyny az görýär we “Sizden has artyk berjek bar” diýýär. Täjirler teklip eden bahalaryny barha artdyryp, 7 dirheme çykarýarlar. Ýöne Hz. Osman “Sizden has artyk baha kesen bar” diýip, ýene öňki jogabyny gaýtalaýar.

Kimler onuň bu bolşuna harsy­dünýälik diýip düşünýär. Halk şeýle mätäçlik çekýärkä, onuň özüni beýle alyp barmagyna gaharlary gelýär.

Ahyry, halyf Hz. Ebu Bekire arz edýärler. Hz. Ebu Bekir olary diňläp: “Bu işde bir geňlik bar. Göwnüme bol­masa, siz Hz. Osmana dogry düşünmän­siňiz. Ol Resulallahyň giýewsi we Jennetlik dostudyr. Halkyň mätäçligini pursat bilip, jübüsini galňatjak adam däldir. Bu hereketiniň hökman bir hikmeti bardyr. Hany, ýörüň, bile gidip, onuň özüni diňläliň!” diýýär. Hz. Osmanyň ýanyna baranlarynda, Hz. Ebu Bekir Hz. Osmana täjirleriň närazylygyny aýdýar. Ondan näme üçin harydyny teklip edilen bahadan satmandygyny soraýar. Hz. Osmanyň jogaby hemmeleri geň galdyrýar:

“Eý Resulullahyň halyfy! Bular meniň bir menne bugdaýymy 7 dirheme satyn almak isleýärler. Ýagny, bire 7 berýärler. Emma men ony bire 700 berýän birine satmak isleýän. Beýik Allah her haýyr-hasenata derek 700-e çenli sogap berjekdigini wada bermeýärmi? Şeýle sogaply söwda barka, men näme üçin malymy bulara sataýyn?!”

Hz. Osmanyň bu jogabyny eşiden täjirler ol barada ýalňyş pikir eden­dik­lerine düşünip galýarlar.

Hz. Osman soňra 100 düýe ýüki bugdaýyň ählisini-de Medinäniň ilatyna sadaka hökmünde paýlaýar.

Husytlygy terk ediň

Hz. Omaryň halyflyk eden döwründe bir gün şäherde ýangyn çykýar. Alawly ot janly-jansyz parh goýman öňünden çykan bar zady ýakyp-ýandyrýar. Ody söndürmek şäheriň ýaşaýjylaryna wagty bilen eýgertmeýär. Halk alajy guradyp, Halyf Omaryň huzuryna gelip, nalamaga başlaýarlar.

Bu apaty ylahy duýduryş hasaplan Hz. Omar gelenlere ýüzlenip: “Ol ýangyn Allahyň size duýduryşydyr. Şeýle hem, siziň husytlyk ataşyňyzdan bir uçgundyr. Husytlygy terk ediň, jomart boluň” diýýär. Gelenleriň arasyndan biri çykyp: “EýOmar! Biziň gapymyz her kime açyk. Biz jomart kişiler dälmi, eýsem?” diýip soraýar. Hz. Oma-da: “Siz hiç wagt Allahyň razylygyny gazanmak üçin jomart bolmadyňyz. Şeýle ettmek sizde öňden adat bolany üçin garyplara ýardam berdiňiz, öwünmek we özüňizi ile haýyrsöýer adam edip görkezmek üçin haýyr-sahawat etdiňiz” diýýär.

Husytlyk Allahyň berenini gulundan gaýgyrmakdyr. Beýle etmek mümine ýaraşmaz.

Bilýärsiňizmi ?..

Osmanly hökümdar­laryn­dan Fatyh Soltan Mehmet han zamanynda bir musul­manyň birnäçe günläp aýla­nyp, ýyllyk zekadyny berer ýaly garyp tapmandygyny ...

Ahyrsoňy, zekadyna ýeterlik puly bir haltajyga salyp, halkyň gelim-gidimli ýerinde bir agaçdan asyp, üstüne-de: “Musulman doga­nym, her näçe gözlän hem bolsam, bu jelagaýda zekat berere adam tapmadym. Eger mätäç bolsaň, çekinme-de, muny al” diýip ýazandygyny ...

... we bu haltajygyň üç aý töweregi wagtlap ol agaçda asylgy galandygyny...