بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Aýdylyşyna görä ylmyň başy dymmakdyr, soň diňlemekdir, soň ýatlamakdyr, soň amal etmekdir, soňra ony ýaýratmakdyr.

Başy » «Zaman» gazeti » KITAPLARA IMAN

Adamzada iberlen ylahy kitaplar

“Ylahy kitap” diýlende nämä düşünmeli?

Asly arapça bolan “Kitap” sözi “Ýazmak” ýa-da “ýazylan ýazgy” diýen manylary aňladýar. Bu sözüň köplük galyby “Kütübdir”. Dini terminologiýada bolsa “kitap” diýip, “Allanyň bendelerinden näme isleýändigini duýrup, bu barada olara ýol salgy bermek üçin pygamberlerine wahyý eden sözlerine we bu sözleriň ýazga geçirilen görnüşine” aýdylýar.

Pygamberlere iberlen kitaplara ylahy kitap diýilmeginiň sebäbi, bu kitaplaryň Alla tarapyn iberilmegidir. Şeýle kitaplara adam oglunyň ýeke söz hem goşandy bolmaly däldir.

Ylahy kitaplara iman

Musulman bolmak üçin parz bolan esaslardan ýene biri, ylahy kitaplara imandyr. Bu kitaplara iman etmek diýmek, Alla tarapyn käbir pygamberlere kitaplaryň iberlendigine we bu kitaplardaky (soňra ynsan tarapyndan üýtgedilmedik, asyl görnüşindäki) ähli aýdylanlaryň dogrudygyna ýürekden ynanmak diýmekdir. Kurany Kerimiň şu aýatynda Allanyň iberen kitaplaryna ynanmaklygyň imanyň bir esasydygyny we bulary inkär edýänleriň Hakdan bütinleý daşlaşan kişilerdigi nygtalýar:

“Eý iman edenler! Allaha, Resulyna, Resulyna iberen kitabyna we öňki iberen kitaplaryna eden imanyňyzdan aýrylmaň! Kim Allany, perişdelerini, kitaplaryny, pygamberlerini we ahyret gününi inkär etse, ol hakykatdan daşlaşan, düýp-teýkary bilen ýoldan çykandyr.”(Nisa 4/136.)

Pygamberimiz hem ylahy kitaplara iman etmegi her musulmanyň ynanmaly esaslarynyň arasynda agzapdyr. Iman esaslary agzalyp geçilýän “Jebril” atly hadysda we beýleki hadyslarda hem özüne iberlen kitaba (Kurana) hem-de özünden öň iberlen ylahy kitaplara iman etmegiň zerurdygyny aýdyň düşündiripdir.

Ylahy kitaplaryň zerurlygy

Oňa aň ýetirmekden ejiz barlyklar bolanymyz üçin Beýik Biribar bize özüni sypatlary hem-de bu sypatlaryny şöhlelendirýän eserleri bilen tanatmak isleýär. Bu eserleri iki topara bölmek bolar: ýagny, Beýik Biribaryň “Gudrat” sypatynyň hem-de “Kelam” sypatynyň eserleri.

Älem, başgaça aýdanyňda, Onuň gudrat döwedinden dörän “kitapdyr”. Bu barlyk ulgamy içinde ýerleşýän her bir närse bize Ony düşündirýän, Ondan habar berýän bir “Dil” hökmündedir. Bu eserlerden her biri ýazylan bir hatdyr, beýan edilen sessiz bir söz, bir kitapdyr. Olar özüniň “Ýazarynyň” gudratyny hem-de maksadyny bize aýan edýärler...

Özüni gullaryna aklyňy haýran edýän eserler bilen tanadýan Beýik Alla elbetde öz sözleri bilenem Özüniň bardygyndan hem-de barlyklary ýaradyş maksadyndan habardar eder. Başgaça aýdanyňda, bardygyny hem-de maksadyny diňe ýaradan sungat eserleriniň tassyklamagyna baglaman, gönüden-göni özi ýüzlenýär. Ine Alla pygamberleri arkaly kitaplary  bilen adamlara ýüzlenýär.

Alla üçin kitap ibermek we ýüzlenmek haýsydyr bir borç ýa-da mejburlyk däldir. Bu Onuň bendelerine bolan ylahy yhsanydyr.

Netijede, şeýle diýse bolar: adamyň Ýaradyjysyny dogry usulda tanap bilmegi, iň gysga we iň ygtybarly ýoldan bu dünýäde hem-de ol dünýäde bagtly bolup bilmegi ylahy kitaplaryň wagz edýän ýol-ýörelgeleri bilen amala aşyp biler.

Ylahy kitaplar we sahypalar

Ylahy kitaplar, umuman göwrümlerine we ýüzlenilýän halkyň ululygyna görä, “suhuf” (sahypalar) we “kitaplar” diýlip, iki topara bölünýär:

a. Sahypalar

Kiçiräk gurşawda, halky az bolan milletlere dogry ýoly salgy bermek üçin iberlen birnäçe sahypadan ybarat kiçi eserler hem-de beýannamalardyr. Kurany Kerimde pygamberlere iberlen ilkinji sahypalar barada gürrüň açylýar. Ýene-de Kuranda Hezreti Ybraýyma iberlen sahypalar we onuň neslinden bolan Yshak, Ýakub, Süleýman, Ýusup we Zekeriýa(a.s) ýaly pygamberlere iberlen kitaplardan söz açylýar. Bu bolsa sahypa görnüşindäki kiçi göwrümli eserleriň bolandygyna güwä geçýär. Kuranda mundan başga-da, haýsy pygambere näçeräk sahypa iberlendigi hem aýdylýar.

Pygamberimiz (s.a.w) Hezreti Adama on, hezreti Şite elli, Hezreti Idrise otuz, Hezreti Ybraýyma on sahypa iberlendigini belleýär.

Pygamberlere iberlen sahypalarda Allatagalanyň birligi hem-de gudratynyň güýçlüdigi, ol dünýäniň şu Dünýämizden has haýyrlydygy hem-de bakydygy, namaz bilen dogry ýola düşmeklik, sylag-hormat,wagyz-nesihat ýaly her diniň esasy hasaplanýan ugurlar agzalyp geçilipdir.

b. Kitaplar

Sahypalara görä has uly göwrümli we kitap görnüşinde bolan, bütin adamzat gymmatlyklaryny öz içinde saklaýan we aýratyn at bilen atlandyrylýan ylahy kitaplar Töwrat, Zebur, Injil hem-de Kurandyr.

Töwrat:Ybrany dilinde “Töwrat” diýmeklik “Kanun, şerigat we öwredýän” diýen manylary aňladypdyr. Bu kitap hezreti Musa iberilipdir. Bu kitabyň asyl, ynsanlar tarapyndan üýtgedilmedik nusgasynyň Allahyň kelamydygyna ynanmaklyk her bir musulmana parzdyr. Muny inkär etmeklik, mümini küpre elter. Sebäbi Kuranda Töwradyň Allanyň mukaddes saýan kitaplaryndan biri bolandygy aýdyň bellenipdir:

“Içinde (ynsanlar üçin) dogry ýol hem-de nur bolan Töwrady biz indirdik.” (Maide 5/44.)

Häzirki günde Töwradyň üç dürli nusgasy meşhurdyr. Bular ýewreýleriň - ýahudylaryň hem-de protestanlaryň kabul edýän ybrany dilindäki nusgasy, Rim hem-de Gündogar hristiýan kilisleriniň kabul edýän ýunan – grek dilindäki nusgasy  we Samirileriň kabul edýän gadymy samiri dilindäki nusgasydyr.

Zebur: Ybrany dilinde “Hat”, arap dilinde bolsa “Kitap” diýen manylary aňladýar. Zebur Hezreti Dawuda (a.s) iberlen ylahy kitabyň adydyr. Kuranda bu barada “Dawuda hem Zebury berdik.” (Isra 17/55.) diýilýär.

Zeburyň Alla tarapyn iberlen asyl nusgasynyň Allanyň kelamydygyna ynanmaklyk iman esaslaryndandyr.

Injil: Söz manysy taýdan “Buşluk, maslahatçy” diýen manylary aňladýan Injil Hezreti Isa (a.s) iberlen mukaddes kitabyň adydyr. Bu kitabyň hem asyl, üýtgedilmedik nusgasynyň Allanyň Hezreti Isa iberen kitabydygyna ynanmaklyk imanyň esaslarynyň biridir. Kurany Kerimde bu ylahy kitap barada ine şeýle diýilýar:

“(Öňki) pygamberleriň ýoluny tutan Merýem ogly Isany özünden öňki Töwrady tassyklaýjy hökmünde iberdi. Oňa, özünden öňki Töwrady tassyklaýjy, muttakilere dogry ýol (hidaýat) hem-de öwüt boljak, içinde hidaýat hem-de ýagtylyk bolan – Injili berdik. (Maide 5/46.)

Wahyý

“Wahyý”  sözi  “Çawuş çakmak, yşarat etmek, gizlin habar bermek” diýen manylary aňladýar. Dinimizde bolsa bu söz: “Beýik Allanyň aýan etmek islän buýruklaryny ilçi hökmünde saýlan bendelerine gönüden-göni ýa-da bir perişdäniň üsti bilen duýurmagydyr.”

Wahýynyň nähili gelýändigine pygamberlerden başga hiç bir adam aň ýetirip bilmejegi üçin, bu barada “akyl ýöretme” ýoly arkaly däl-de, diňe nebileriň habar berşine görä maglumat edinýäris.

Kuranda wahýynyň üç görnüşinden söz açylýar:

“Alla bir adama diňe wahyý ýoly bilen ýa-da bir perde arkasyndan ýüzlener. Ýa-da onuň ýanyna bir ilçi iberip, isleglerini şonuň üsti bilen wahýeder..” (Şura 42/51).

Pygamberlere wahyý, aýatda nygtalşy ýaly, şeýle ýollar arkaly gelipdir:

1. Allatagalanyň pygamberiň ýüregine gönüden-göni habar salmagy.

2. Pygamberleriň duýgy we gulak ýaly maddy hem-de ruhy organlaryna buýruklaryny duýurmagy.

3. Belli bir görnüş hem-de keşbe giren wahyý getirýän bir perişdäniň ilçi hökmünde iberilmegi.

Allatagala buýruklaryny hem-de habarlaryny pygamberlere şu üç ýoluň biri bilen duýrupdyr we köplenç ýagdaýda perişdeleriň üsti bilen adamzada dogry ýoly salgy beripdir.

Allanyň ynsan nesline iň soňky we iň uly göwrümli beýany: KURAN

Kuran sözüniň manysy

“Kuran” söz manysy taýdan “Okamak” diýmekdir. Kyýama süresiniň on ýedinji we on sekizinji aýatlarynda bu barada agzalýar. Yslam dininde bu söz Allanyň kitabynyň ady hökmünde ulanylyp başlapdyr.

Alla adamzada iberen bu soňky kitabyny, dürli atlar bilen hem  atlandyrypdyr. “Kuran” sözünden soň bu atlaryň iň meşhury “El-Kitab” sözüdir. Beýleki meşhur bolan atlaryň arasynda “El-Furkan” (Hakykaty, ýalňyş we batyldan aýryp bilýän) we “Et-Tenzil” (Bölek bölek iberlen wahyý) ýaly atlaryny agzasa bolar. Bulardan başga “Ez-Zikr”, “En-nur” “Eş-Şifa” ýaly sany käbir alymlaryň pikiriçe elli bäşe, hatda togsana ýetýän ady bardyr. Ýöne bularyň köpüsi at bolman, Kuranyň aýratynlyklaryny nygtaýan sypatlardyr.

Kuranyň Allanyň kelamydygynyň käbir delilleri:

Adam we Älem kimiň eseri bolsa, Kuran hem diňe şonuň eseri bolup biler. Sebäbi Kurany Kerim hem adamy adama tanadýar, hem-de adama “barlyk”  kitabyny düşündirýär. Kuran bir tarapdan adamyň kemter ýanyna hem-de ýetip biljek başarnyklaryna, beýleki tarapdanam Älemiň ähli syrlaryna düşündiriş berýär.

1. Her zatdan öň, Kuran ýerýüzüni dabaralandyran şol ilkinji ýyllarynda, hem ruhlarda hem akyllarda, hem-de köňüllerde, dil bilen beýan edip bolmajak şeýle bir täsir oýandyrypdyr welin, onuň şol nurly howasynda ýetişen nesilleriň kämilligi Kuranyň Allanyň kelamydygynyň aýdyň subutnamalaryndan biridir.  Hemmä belli bir hakykat bar: Kuran şol asyrda “Sahaba” atly şeýle bir nesil ýetirşdiripdir welin, ol nesliň derejesi perişdeleriňkä barabardyr diýilse, öte geçildigi bolmaz.

2. Häzire deňiç okumyşy, okamadygy, sowatlysy, ýokary okuwlysy, sowatsyzy, danasy, çopany, alymy bilen her gatlakdaky we her derejedäki adamyň düşünip biljegi kitap ýazyldymyka? Jogap: Ýok. Şahyryň, sazandanyň, ykdysatçy we hukukçynyň, mugallymyň okap, peýdalanyp biljegi we  öz durmuşynda ýol-ýörelge edinip biljegi, islendik meselesine çözgüt tapyp biljegi ýeke-täk kitap — Kurandyr.

3. Kurandan başga irginsiz köp okalýan kitap ýok bolsa gerek. Bu kitap dürli sebäpler bilen hergiz arman-irmän okalýar — hatym edilýär. Emma hiç wagt bu kitap ynsany irizmeýär. Nijema ajaýyp eserler, pelsepe ýazgylary we goşgular gaýtalanyp okaldygysaýyn öz gymmatyny, ynsan ruhuna berýän lezzetini ýitirmek bilen bolýar. Nijema aktual eserler özüniň täzeçilligini birnäçe ýyl, hatda birnäçe aý ýa saklaýar ýa-da saklanok. Şeýle eserler hem dogrulygy hem-de täsiri taýdan gymmatyny ýitirýär we ahyrda bir gyra oklanýar. Kurana barada aýdylanda, ol solmak, könelmek ýerne, her geçen gün zehine hem-de ýüreklere täze-täze pikirler we garaýyşlar eçilýär. Kerwen gurap geçýän onýyllyklara, ýüzýyllyklara garamazdan, ol özüniň terligini saklaýar.

4. Adam durmuşyny maddy-ruhy ähli taraplary bilen gurşaýan Kuranyň beşer kelam – ynsan sözi, ynsan eseri bolmajagy aýdyňdyr. Her asyrda her derejedäki adamyň müşgilini çözüp biljek ýol-ýörelgeleri kesgitlemek hiç haçan ynsan paýhasyna, ylaýta-da, ümmi -  okap-ýazyp bilmeýän Pygamberiň (s.a.w) başaryp biljek işi däldir. Başgaça aýdanyňda, ynsan zehininiň önümi bolan pikirler asyrlaryň dowamynda öz gymmatyny ýitirýär. Ylahy kitaba söýenmeýän, wahýa daýanmaýan adamyň öz pikirleri, garaýyşlary üýtgemän, könelmän elli ýyl ýa saklanýar, ýa saklananok.  Adamyň döreden eserleri, kada-kanunlary, pelsepeleri, düşünjeleri bir gün könelýär we täze döwrüň meselelerine çözgüt getirmekde kemter galýar. Emma Kuranyň hiçbir ugurda, hiç bir kada-kanunynda we hiçbir meselesinde şeýle ýaly näsazlyk ýa-da nogsanlyk göze ilmeýär. Baýlygyň diňe baýlaryň elinde aýlanyp duran bir döwlet däldigini, adam üçin öz halal zähmetinden gowusy ýokdugyny, amanata eýe çykylmalydygyny, diňe adalat bilen höküm edilmelidigini, bir jana kast etmegiň tutuş adamzady gyrgyna bermek bilen des-deňdigini üýtgewsiz kada-kanunlar hökmünde goýan bu Kitapdyr.

Adamyň, maşgalanyň we jemgyýetiň sagdyn ýaşaýşy üçin parany, humary, alkogolly içgileri we ahlaksyzlygyň ähli görnüşini, ýalany, töhmedi, isribi gadagan eden bu kitapdyr.

Ýene-de ynsan nesline ýokary adamkärçilige eýe bolmak üçin namazy, agyz beklemegi, hajy, zekaty we ýene-de başga ybadatlary emreden bu kitapdyr.

Akly hem-de ruhlary ynsany ynsan edýän gymmatlyklara we paýhasa urukdyryp, Alladan gorky düşünjesini her ýürekde sakçy eden bu kitapdyr.

Şeýle kitap diňe ylmy, hikmeti we rehmeti çäksiz bolan bir Ýaradyjynyň kelamy bolup biler.

5. Kuranyň Alla kelamydygynyň bir delili hem şudur: Islendik ýazar eserinde esasan, başyndan geçiren wakalary ýa-da gezip gören ýerleriniň tebigaty, ösümlikleri we tebigat görnüşleri barada gürrüň berýär. Emma Kuranda çöl we çöl tebigatynyň beýan edilşinden has köp, towlanyp akýan derýalardan, serçemenli meýdanlardan, topraga ýaşaýyş eçilýän ýagyş ýükli bulutlardan, bag-bakjalardan, daglardan we deňizlerden söz açylýandygyny görýäris. Ýeri gelende şunam belläp geçeliň: Nur süresinde, tereň deňziň tümlüklerinden, ulgam-ulgam daglardan, seri dumanly gerişlerden we tegibatyň şeýle ýagdaýynda symgylt garaňkynyň içinde eliňi hem görüp bolmaýşyndan söz açylýar. Şeýle çeper beýan ediş ne şol döwürdäki Arap tebigatyna, ne-de şol döwrüň deňizçilik edebiýatyna mahsusdyr. Soňam çölde doglup, çölde ulalan, ýöne bir ýaşlygynda iki gezek Şama baryp gören Pygamberimiz (s.a.w.) ne Kuranyň agzaýan şol tebigy görnüşlerini we ösümliklerini görüpdir, ne-de deňizde syýahat edipdir.

Ýene-de Enam süresinde kapyryň haly göge göterilende kalby gysylýan adamyň halyna meňzedilýär. Adamzat diňe ýakyn döwürde ylmy açyşlaryň esasynda, gerekli enjam ulanylman daglaryň depesine tarap çykyldygyça, kislorodyň azalmagy bilen adamyň deminiň ýetmeýändigine, göwsüniň gysylyp ugraýandygyna akyl ýetirdi.  Bu hakykata diňe äpet şar bilen asmana galmak ýa-da daglara dyrmaşmak arkaly göz ýetirse bolar. Pygamberimiziň ýaşan döwründe bolsa şar bile syýahat barada söz açyp bolmaýşy ýaly, Arabystan yklymynda şeýle beýik nokatly ýerler ýokdur. Şu halda, şeýle meňzetme we çeper beýan diňe her zady bilýän Allaha mahsusdyr.

6. Kuranyň adamzada iberlen döwründe arap dünýäsinde şygyr sungaty diýseň ösen eken. Adamlar söhbetlerinde we jedellerinde bir-birlerine şygyr bilen jogap berer ekenler. Her ýyl şygyr bäsleşikleri gurnalyp, ýeňiji şygyrlar altyn bilen ýazylyp Käbäniň diwarlaryna asylar eken. Milli gahryman hasaplanýan şahyrlaryň ýeke sözleri bilen taýpa-tireler söweşe girip ýa-da ýaraşyp biler eken. Ine Hezreti Muhammet (s.a.w) olaryň aralarynda önüp-ösenem bolsa, ne şygyr bilen, ne-de ýazuw-çyzuw bilen meşgullanypdyr. Onsoňam, Kuranyň syrly hem-de çuň manyly beýanlary ne Onuň ne-de başga biriniň beýanyna meňzeýär.

7. Kuranyň Pygamberimiziň (s.a.w) eseri bolup bilmejegine ýene bir delil: haýsydyr bir ýazar eserini esasanam duýgy hem-de zehin howalasynyň dyňzap duran pursatlarynda ýazýar we özüni gam-gussa ýa-da şatlyga yňdyrýan hadysalary hem agzap geçmän bilmeýär. Başgaça aýdanyňda, ýazaryň durmuşyndaky möhüm hadysalardan üzňelikde eser ýazmagy aňsat iş däldir.

Allanyň Resuly (s.a.w) görgüler, ejirler we söweşler bilen doly durmuşynyň dowamynda, bir tarapdan kämil “sahaba” jemgyýetini döredýärkä, beýleki tarapdanam duşmanlary bilen aldym-berdimli jeň edýär. Emma muňa garamazdan, Kuranda ne Onuň çekýän ejirleri bilen baglanyşykly bir aýat, ne-de ýanýoldaşynyň we çagalarynyň dünýeden ötmegi ýa-da şahsy durmuşy barada hiç hili aýata gabat gelinmeýär. Şu halda, bu kitap Onuň ýazan kitaby bolup bilmez. Ol Kurany Hakdan gelşi ýaly halka wagyz edipdir.

8. Kuranyň Alla kelamydygynyň bir delili hem şudur: Islendik ýazar eserinde esasan, başyndan geçiren wakalary ýa-da gezip gören ýerleriniň tebigaty, ösümlikleri we tebigat görnüşleri barada gürrüň berýär. Emma Kuranda çöl we çöl tebigatynyň beýan edilşinden has köp, towlanyp akýan derýalardan, serçemenli meýdanlardan, topraga ýaşaýyş eçilýän ýagyş ýükli bulutlardan, bag-bakjalardan, daglardan we deňizlerden söz açylýandygyny görýäris. Ýeri gelende şunam belläp geçeliň: Nur süresinde, tereň deňziň tümlüklerinden, ulgam-ulgam daglardan, seri dumanly gerişlerden we tegibatyň şeýle ýagdaýynda symgylt garaňkynyň içinde eliňi hem görüp bolmaýşyndan söz açylýar. Şeýle çeper beýan ediş ne şol döwürdäki Arap tebigatyna, ne-de şol döwrüň deňizçilik edebiýatyna mahsusdyr. Soňam çölde doglup, çölde ulalan, ýöne bir ýaşlygynda iki gezek Şama baryp gören Pygamberimiz (s.a.w.) ne Kuranyň agzaýan şol tebigy görnüşlerini we ösümliklerini görüpdir, ne-de deňizde syýahat edipdir.

Ýene-de Enam süresinde kapyryň haly göge göterilende kalby gysylýan adamyň halyna meňzedilýär. Adamzat diňe ýakyn döwürde ylmy açyşlaryň esasynda, gerekli enjam ulanylman daglaryň depesine tarap çykyldygyça, kislorodyň azalmagy bilen adamyň deminiň ýetmeýändigine, göwsüniň gysylyp ugraýandygyna akyl ýetirdi.  Bu hakykata diňe äpet şar bilen asmana galmak ýa-da daglara dyrmaşmak arkaly göz ýetirse bolar. Pygamberimiziň ýaşan döwründe bolsa şar bile syýahat barada söz açyp bolmaýşy ýaly, Arabystan yklymynda şeýle beýik nokatly ýerler ýokdur. Şu halda, şeýle meňzetme we çeper beýan diňe her zady bilýän Allaha mahsusdyr.

9. Kuranyň adamzada iberilen döwründe arap dünýäsinde şygyr sungaty diýseň ösen eken. Adamlar söhbetlerinde we jedellerinde bir-birlerine şygyr bilen jogap berer ekenler. Her ýyl şygyr bäsleşikleri gurnalyp, ýeňiji şygyrlar altyn bilen ýazylyp Käbäniň diwarlaryna asylar eken. Milli gahryman hasaplanýan şahyrlaryň ýeke sözleri bilen taýpa-tireler söweşe girip ýa-da ýaraşyp biler eken. Ine Hezreti Muhammet (s.a.w) olaryň aralarynda önüp-ösenem bolsa, ne şygyr bilen, ne-de ýazuw-çyzuw bilen meşgullanypdyr. Onsoňam, Kuranyň syrly hem-de çuň manyly beýanlary ne Onuň ne-de başga biriniň beýanyna meňzeýär.

10.Kuranyň Pygamberimiziň (s.a.w) eseri bolup bilmejegine ýene bir delil: haýsydyr bir ýazar eserini esasanam duýgy hem-de zehin howalasynyň dyňzap duran pursatlarynda ýazýar we özüni gam-gussa ýa-da şatlyga yňdyrýan hadysalary hem agzap geçmän bilmeýär. Başgaça aýdanyňda, ýazaryň durmuşyndaky möhüm hadysalardan üzňelikde eser ýazmagy aňsat iş däldir.

Allanyň Resuly (s.a.w) görgüler, ejirler we söweşler bilen doly durmuşynyň dowamynda, bir tarapdan kämil “sahaba” jemgyýetini döredýärkä, beýleki tarapdanam duşmanlary bilen aldym-berdimli jeň edýär. Emma muňa garamazdan, Kuranda ne Onuň çekýän ejirleri bilen baglanyşykly bir aýat, ne-de ýanýoldaşynyň we çagalarynyň dünýeden ötmegi ýa-da şahsy durmuşy barada hiç hili aýata gabat gelinmeýär. Şu halda, bu kitap Onuň ýazan kitaby bolup bilmez. Ol Kurany Hakdan gelşi ýaly halka wagyz edipdir.

Hakyň kelamyny okamagyň, öwrenmegiň ähmiýeti

Kuran-y Kerimi okamagy öwrenmek zerurmy?

“Siziň içiňizde iň haýyrlyňyz Kurany öwrenip ony beýlekilere öwredýäniňizdir.”(Buhary, Fezilül-Kuran, 21.)

“Kurany öwrenmek zerurmy?” - Bu sowala jogap bermezden öňürti, geliň özümize şu sowallar bilen ýüzleneliň:

Okuwçy wagtymyz halk arasynda hormatlanýan, döwlet derejesimde abraýy bolan birinden bize ýüzlenilip ýazylan bir hat gelse, “Aý, başga biri okaýsyn-la!” diýerismi ýa-da wagt ýitirmän hat bukjasyny açmak bilen bolarysmy? Ýa-da bize uly ýagşylyklar eden bir haýyrsöýer hat ýollasa, onuň hatyny okamak babatda-da ikirjiňlenerismi?..

Älemleriň Rebbi bolan Hak tagala uly yhsanlar, nygmatlar bagyş eden gullaryna ýüzlenip, olara kitap iberipdir. Munuň bilen-de çäklenmän şol kelamyny düşündirmekleri we ýaşaýyşlary bilen ymmatlaryna nusga bolmaklary üçin ýörite nusgalyk şahsyýetler, mugallymlar, ýolbeletler – pygamberler iberipdir. Adamlaryň bu synagy üstünlik bilen tabşyryp bilmekleri üçin käbir wadadyr-duýduryşlar beripdir.

Kuran, netijede ynsany jennete eltjek, dowzahdan halas etjek ýollary salgy berýän ylahy kitapdyr. Gullaryna rehmeti we merhemeti çäksiz Rebbimiziň şeýle “hat” ibermegi biz – ynsanlar üçin deňsiz-taýsyz bagt dälmi? Kuran okaýan mümin Hak tagala bilen gürleşýän ýaly bolar; kitapdaky emirler we gadaganlyklar gönüden göni özüne gelýän ýaly duýar.

Rebbimiz bizi, haýsydyr bir jansyz barlyk hökmünde, ýa-da haýsydyr bir başga jandar hökmünde däl, ýaradylanlaryň iň belent mertebelisi bolan ynsan hökmünde ýaradypdyr. Bihasap nygmatlary bilen bir hatarda, kalbymyzda hem bu dünýämizi, hem ahyret durmuşymyzy ýagtyldýan iman çyragyny ýakypdyr, mümin bolmak bagtyny miýesser edipdir. Şu halda, geliň bu sowaly wyždanymyza bereliň: bize şeýle kän ýagşylyklar, lutfy-yhsanlar eden Rebbimiziň iberen kelamyny – “hatyny” okamak zerurmy?!

Kitap okalan öý – iň bagtly öýdür

Kuran okalan ýere parahatlyk, bagt we bereket getirer. Okaýan adamlar şatlyk, begenç duýgusy bilen dolar. Gam-gussany aýrar. Umytsyzlygy, ynamsyzlygy ýok eder. Ynsany hemişe hereketde saklar. Her dürli was-waslardan, yns-jynsdan we şeýtanlardan gorar. Bu hakykaty Pygamberimiziň ýanynda bolup Oňa on ýyl hyzmat eden Hezreti Enes şeýle gürrüň berýär: “Kuran okalan öýüň haýry artar. Şeýle öýlere perişdeler geler, şeýtanlar uzaklaşar. Kuran okalmaýan öýüň  haýyr we bereketi azalar” (Daremi).

Kuran okanlara kyýamatda Nur berer

Kuranyň atlarynyň biri-de “Nurdur”. Nuruň aňladýan manyla­ryndan biri töweregi ýagtyldýan, görmäge ýardam berýän yşyk diýmekdir. Kuran ynsana ýol görkezýän çyragdyr. Kurany kerimde bu hakykat şeýle düşündürilýär: “Eý, ynsanlar, ynha size Rebbiňizden anyk delil geldi, size açyk bir nur indirdik” ( Nisa 174).

Hawa, Kuranyň ýagtyltmagy we ynsana ýol görkezmegi diňe şu älemde däl, ahyretde hem dowam eder. Pygamberimiz bir hadysynda şeýle diýýär: “Her kim Allanyň kitabyndan bir aýat öwrense, ol öwreneni kyýamat magşar güni özüne nur bolup dolanyp geler.” (Darimi).

Kynçylyklara garamazdan Kuran okana iki esse sogap bardyr

Kuran ylahy hazynadyr. Ol hemme taraplaýyn haýyr derýasydyr. Mertebesine laýyklykda okalan wagty, perişdeler bilen deň mertebä ýetiler. Kuranyň many-mazmunyna doly düşünilmedik ýagdaýynda, okalmagynda ýa-da öwrenilmeginde kynçylyk çekilen wagtynda iki esse sogap berler. Aýratynam, öwrenmäge täze başlanlar ýa-da belli ýaşdan soň okajak bolup kynçylyk çekenler üçin Allanyň Resulynyň buşlugy şeýledir:

“Kurany kerimi ussatlyk bilen okan ynsan, Kiramen Katibin melekleri bilen deň derejede bolarlar. Ony ussatlyk bilen okap bilmeýän, ýöne arassa niýet bilen okamaga dyrjaşýanlar, okanynda dili çolaşan we Kuran okamak agyr düşse-de, (gaýratyny kemeltmän) okamaga dowam edýän ynsana iki esse sogap bardyr.”(Buhary, Müslim).

Her harpyna on sogap

Rehmeti soňsuz Beýik Ýaradan ynsanlara beren san-sajaksyz nygmatlary bilen birlikde, olaryň eden haýyr işlerine gat-gat sogap we sylag berýär. Erbetliklere, ýaman işlere bir misli gaýtargy bermegine garamazdan, ýagşylyklara on, ýüz hatda has artyk gaýtargy berýär. “Kim Allanyň huzuryna ýagşy bir amal bilen gelse, oňa on esse sogap berler, kim-de ýaman iş bilen gelse, ol diňe ýamanlygynyň jezasyny görer, hiç kime haksyzlyk edilmez” ( Enam, 160) aýaty bu hakykaty beýan edýär. Şübhesiz amallaryň iň haýyrlysy Allanyň kelamy Kurany okap düşünmek we oňa görä özüňi alyp barmakdyr. Onuň her bir jümlesi, kelamy, hatda harpy Allatagalanyň ýanynda aýratyn gadyr-gymmata eýedir, gaýtargysy iň ýokary derejede berler. Bu hususy Allanyň Resuly şeýle düşündirýär: “Allanyň kitabyndan ýeke-täk harp okana hem sogap bardyr. Her ýagşylyga on esse gaýtargy berler. Men ˝Elif,  Lam, Mim˝ bir harp diýmeýärin. Gaýta tersine ˝Elif˝ bir harp, ˝Lam˝ bir harp, ˝Mim˝ hem bir harpdyr” (Tirmizi).

Şeýtanyň şerinden Haka sygynmaly

Okamaga başlamazdan “Euzu-besmele” aýtmak sogaplydyr. Sebäbi Şeýtanyň, ynsana täsiri inkär edilmez hakykatdyr. Ol özi azaşyp Alladan daşlaşmak bilen çäklenmän, özüniň şol ýagdaýa sezewar bolmagyna sebäp bolan ynsan nesliniň hem şol bir gorpa gapgarylmagy üçin her ýola ýüz urup görýär. Bu hakykaty Allatagala şeýle habar berýär: “Şeýtan Allatagala ýüzlenip: ˝Maňa ynsanlaryň täzeden direldiljek kyýamat-magşar gününe çenli ömür beräý?!˝ diýdi. Allatagala: ˝Bolar, sen kyýamat gününe çenli möhlet berlen­lerdensiň!˝ diýip buýurdy. Şeýtan: ˝Sen meni azgynlyga sezewar edişiň ýaly, menem Seniň dogry ýoluň üstüne oturyp, dürli mekirlikler bilen olaryň käte öňlerinden, käte arkalaryndan, käte sagyndan, käte çepinden ýakynlaşyp, was-was bererin. Senem olaryň aglabasyny Saňa şükür eden gul hökmünde tapmarsyň!” diýdi.” (Araf, 14-17).

Şonuň üçin namaz we Kuran okamak ýaly her bir haýyr işe başlamazdan öňürti Şeýtanyň şerinden Alla sygynmaly. Aýratynam, Şeýtan Kuran okaýan ynsanyň ýanyna dürli ýollar arkaly ýakynlaşyp, onuň kalbyna Kuran barada dürli şübheler oklar, okamagyna päsgel bermek üçin ençeme bahanalary ýadyna salar, müminiň bu ylahy beýan bilen amal etmezligi üçin golundan gelen ähli gaýratyny gaýgyrmaz. Şeýle ýagdaýda näme etmelidigi Kuranda şeýle beýan edilýär:

“Hemişe Kuran okajak wagtyň şol näletlenen şeýtandan Alla sygyn.”(Nahl, 98).

Her bir musulmanyň Kuranyň öňündäki iň esasy wezipesi – onuň Allatagalanyň inderen hak Kitaby – ezeli kelamydygyny tassyk etmekdir. Şeýle hem ony okamagy öwrenip, manysyna düşünmek emir we gadaganlyklaryna boýun bolmak, şahsy we jemgyýet durmuşymyzy onuň getiren adatlaryna görä ýaşamak borjumyzdyr. Şonuň üçin Pygamberimiz bu barada käbir hadyslarynda şeýle diýýär:

«Siziň iň haýyrlyňyz Kurany öwrenen we öwredendir»(Buhary).

«Kalbynda Kurandan hiç bir zat bolmadyk kişi harap bolan öý kimindir»(Tirmizi).

«Kuran okaň. Çünki bu Kuran özüni okanlara kyýamat güni şepagat eder» (Müslim).

Kuranyň özünde hem bu barada şeýle buýrulýar: «Biz bu kitaby saňa, Rebbiň rugsady bilen, ynsanlary zulmatdan nura çykarmagyň, güýç gudratyň eýesi we her işi öwgä mynasyp Allanyň ýoluna ugrukdyrmagyň üçin inderdik» (Ibrahim, 1).

«Kuran okalan wagty ony sesiňizi çykarman diňläň-de, merhemet edilenlerden boluň»(A’raf, 204).

Mümin Kuran-y Kerimi yzygiderli okar

“Kuran okaýan mümin misli pyrtykal ýalydyr: ysy hoşboý, tagamy datlydyr. Kuran okamaýan mümin hurma kibidir: tagamy oňat, emma ysy ýokdur. Kuran okaýan fajyr (uly günäleri eden kişi) reýhan oty mysalydyr: ysy oňatdyr, emma tagamy ajydyr. Kuran okamaýan fajyr Ebu Jehil garpyzy ýalydyr: tagamy ajydyr, ysy-da ýokdur.” (Buhary, Etime, 30; Fedailul-Kuran, 17, 36; Tewhid, 57; Müslim, Müsafirun, 243; Ebu Dawud, Edeb, 19; Tirmizi, Edeb, 79; Nesei, İman, 32; Ibn Maje, Mukaddime, 16.)

Kuran-y Kerim ähli adamzat üçin şamçyrag - Hak we hakykata eltýän ýolda ynamdar ýolgörkeziji. Elbetde, manysyna düşünip okaýanlar üçin onda öwrenere zat köp. Emma ynsan Kurany manysyna düşünmän okasa-da, ýene-de binesip galmaz.

Bu güne çenli gelip-geçen yslam alymlarynyň ençemesi her musulmanyň aýda bir gezek Kurany okap hatym etmelidigini belläpdirler. Munuň üçin-de Kurandan her gün bir jüz (ýagny, ýigrimi sahypa) okalmaly.

Kurany Kerim bilen baglanyşykly aýdara zat kän. Emma biz gürrüňini edýän hadysymyzyň çäginden çykman, müminiň her gün Kurandan belli bir bölek (meselem, bir süre) okamalydygyny nygtap, bu mesele bilen baglanyşykly hadyslardan ýene birnäçesini mysal getireliň:

“Eý Muaz! Hakyky mümin Hakyň ýesiridir. Ol (mümin) gulagynyň, gözüniň, diliniň, eliniň, aýagynyň, garnynyň we nesil organynyň edýän işlerinden Allanyň habardardygyny bilýändir. Şübhesiz, Kuran hakyky mümini nebsiniň we şöhwetleriniň islegine görä hereket etmekden saklar. Allanyň eradasy bilen şol okan Kurany onuň bilen nebsiniň islegleriniň arasyna girer, perde bolar.

Eý Muaz! Hakyky müminiň kalby Jennetden umydygär, dowzahdan gorky içindedir. Syrat köprüsini geçýänçä, endişesi diňmez. Ertir-agşam ölüme garaşar (bir iş edende, ölümden soňraky hasap gününi göz öňünde tutup, hasabyny berip biljek bolsa ol işi eder). Takwa (günä we haramlardan daşda durmak) müminiň garawulydyr. Kuran ýol görkezijisidir. Alladan gorky dos-dogry ýoludyr. Arzuwdyr-hyjuwlary müniti, günälerden daş durmak dostudyr... Namaz sygynagy – gaçybatalgasy, oraza galkanydyr. Sadaka halas bolmak üçin tölegi, dogrulyk emiri, haýa weziridir. Rebbi-de onuň gözegçisidir.

Eý Muaz! Şübhesiz, hakyky mümin kyýamat güni, gözüne çalan sürmesine çenli, ähli hereketlerinden sowal ediljekdir. 

Eý Muaz! Men özüm üçin halan we islän zadymy seniň üçin-de isleýärin we Jebraýylyň maňa gadagan eden zatlaryny saňa-da gadagan edýärin. Indi kyýamat güni, Allanyň saňa eden munça yhsany barka, seni ýanyňda senden has gazançly we oňat ýagdaýda gelen adam bilen bile görmäýin.”(Ali el-Müttaki, Kenzul-Ummal, 1/164.)

Ebu Umame (Alla ondan razy bolsun!) şeýle gürrüň berýär:

“Bir adam Pygamberimiziň (s.a.w.) ýanyna geldi we:

- Ýa Resulalla, pylan ogullarynyň (söwda) ülşüni alyp satdym. Şunça-da girdeji gazandym – diýdi. Allanyň Resuly:

- Saňa ondanam has köp girdeji getirjek bir zady aýdaýynmy? – diýip ýüzlendi.

- Beýle zat barmy?

- Kurandan on aýat öwrenen senden has gazançlydyr!

Muny eşiden ol adam gidip, (belli bir wagt soňra) on aýat öwrenip geldi we bu barada Resulullaha bildirdi.”(Heýsemi, Mejmauz-Zewaid, 7/165.)

Kuran ylahy kitapdygy üçin, oňa sygnyp, oňa ýönelenimizde, ony köp okap, okanlarymyz bilen amal edenimizde Allanyň bizi goraýandygyny, bizi dik başaşak gaýtmagymyz mümkin bolan uçutlaryň gyrasyna eltmeýändigini görüp, duýup, munuň üçin Oňa şükür ederis. Bu güne çenli millionlarça mümin muny gördi, duýdy we ençemesi-de, görüp-duýanlaryny eserleri arkaly soňraky nesillere ýetirdiler. Kuran okamak we onuň bilen amal etmek arkaly Allanyň siýanetine – goragyna girmek mümkinçiligi hemmämize açykdyr.

“Kim meni ýatlamagyny goýsa, oňa güzaply durmuş garaşýar”

Başymyza gelen kynçylyklaryň, aladalaryň, dürli bela-beteriň iň esasy sebäpkäri, ýene özümiz. Ýaradanyň islemeýän terzinde bir durmuşda yaşamagymz; ynsanlara gülüp bakmagy unudyşymyz, hoşniýetlilik we mähribanlyk görkezmegi hemişe başgalardan garaşyşymyz, hatda kylýan namazlarymyzy-da wagtly-wagtynda we yhlasly kylmaýşymyz.... Bir jümlede aýtsak, Kuranyň emir eden, Pygamberimiziň (s.a.w.) öz durmuşynda kämil nusgasyny görkezen ýaşaýşyndan uzak bolşumyz.

Hak tagala ynsanlar üýtgemedikçe, öz gymmatlyklaryny unutmadykça, ynsany ynsan edýän sypatlaryndan daşlaşmadykça ol jemgyýeti üýtgetmejekdigini bildirýär.

Köp kişi güzeranyny dolamakda kynçylyk çekýändiginden nalaýar. Hak tagala Kurany Kerimde maddy kynçylygyň sebäplerinden birine, belki-de iň esasysyna, yşarat edip, şeýle diýýär: “Her kim Kurany Kerimi we meni zikir etmekden – ýatlamakdan ýüz öwürse, oňa güzaply, kynçylykly, hözirsiz durmuş garaşýar. Beýle kişileri ahyret durmuşynda kör halda täzeden direlderis. Ol hasap ýerinde nebislerine we şeýtanlaryna gulluk eden ynsanlar: “Rebbim! Meni näme üçin kör halda direltdiň? Men dünýäde wagtym barça zady görenlerdendim” diýerler. Alla-da şeýle buýrar: “Hawa, şeýlediň. Emma, saňa aýatlarymyz geldi. Olara ähmiýet bermediň. Nebsiň islegdir arzuwlaryny Biziň emirlerimizden ýokarda tutduň. Asyl görülmeli närsäni görmediň. Dinime görä ýaşamadyň. Ömrüňi ile ýaranmak, ile gowy görünmek aladasy bilen boş geçirdiň. Munuň jezasy hökmünde-de, pany dünýädäki durmuşyňy kynçylykda geçirdiň. Ynha bu ýerde-de jezaňy çekmäge başladyň.”

Hak dostlaryndan Abdulkadyr Geýlany bu haýbatly duýduryşa şeýle düşündiriş berýär: “Eger güzeranyňy aýlamakda, rysgalyňy gazanmakda kynçylyk, güzap çekýän bolsaň, halyňda perişanlyk duýsaň, munuň Allanyň emirlerini taşlap, nebsiň arzuwdyr isleglerine uýanyň sebäpli başyňa gelendigini bil!

Özgeleriň elleriniň we dilleriniň saňa şek we şikes ýetirýänini, janyňa, malyňa, maşgalaňa kast edýänini görseň, bulara Hak tagalanyň “Etme!” diýen, haram kylan zatlaryny edip, Allanyň kesgitlän çäginden çykanyň we üstüňe düşýän borçlary ýerine ýetirmeýşiň sebäpli duçar bolandygyňy bil! Eger kalbyň gaýgy-gussadan, dert-aladadan doly bolsa, bularyň, Allahutagala garşy gidişiň, Hak tagalanyň seniň özüňi alyp barşyňdan, edýän işleriňden razy däldigi, Oňa iman we ynamyň nogsanlygy sebäpli başyňa gelendigini bil!”

Iki Omar we jogapkärlik duýgusy

Kuran-y Kerim ýer ýüzünde gezmegimizi we bizden öň ýaşanlaryň durmuşyndan many çykarmagymyzy, sapak almagymyzy buýurýar.

Bu hakykatdan hem ýer ýüzüni aýlanyp, bizden öň ötenleriň ýaşan harabalyklaryny gözlerimiz bilen görmek arkaly mümkin bolşy ýaly, hyýaly syýahata çykmak, öňküleriň ýaşan asyrlaryny, eden işlerini aňymyzda janlandyrmak arkaly hem mümkindir. Köpümiziň alys ýerlere syýahat etmek üçin serişdämiziň we mümkinçiligimiziň ýokdugyny nazarda tutup, geliň, bu gün siziň bilen hijretiň birinji asyrynyň ahyry bilen, ikinji asyrynyň başyna hyýaly syýahat edeliň:

Ynha, özüniň adalaty bilen meşhurlyk gazanan, jennet bilen buşlanan sahabalardan Omar bin Hattab işiniň başynda. Wagt gijäniň ýary. Ine-de ýanyna kimdir biri salam berip girýär. Ol bolsa özüne berlen salamy alman, edip oturan işini gutarýança sesini çykarmaýar. Ahyry işini gutaryp, ýagtysyna işläp oturan şemini söndürip, başga bir şem ýakýar. Şondan soňra hälki gelen adamyň salamyny alyp, “we aleýkümüsselam!” diýýär.

Gelen myhman Hezreti Omaryň bu hereketiniň sebäbini soranda, ol şu jogaby berýär:

- Sen salam beren wagtyň döwlet işi bilen meşgullanyp otyrdym. Döwletiň işini edýärkäm, döwletiň hasabyndan alnan şemi ýakyp, şonuň ýagtysynda işleýärdim. Döwletiň şeminiň ýagtysynda öz şahsy işlerimi etmegim, şahsyma ýüzlenilip berlen salamy almagym dogry bolmazdy. Ynha, indi döwlet işini gutardym, döwletiň şemini-de söndürdim. Özüme degişli şemi ýakdym, indi şahsyma degişli salamy-da alyp bilerin!

Has soňraky ýyllarda halyf bolan Omar bin Abdülaziz hem şol sahaba Omary nusga alýar. Ynha-da onuň durmuşyndan bir mysal:

Bir gün hyzmatkäri Muzahymy ýanyna çagyryp:

- Kuran okanymda ulanar ýaly maňa bazardan bir rahle satyn alyp gel! – diýip tabşyrýar.

Muzahym gidip, döwletiň ammarynda duran tagtalardan bir rahle ýasap, halyfa getirip berýär:

- Alyň, ynha size rahle getirdim – diýýär.

- Bu rahläni näçä aldyň?

- Pul-a bermedim. Ammardaky tagtalardan özüm ýasadym.

- Ýeri, ammar döwletiň hazynasyna degişli dälmi? Bu döwlete degişli zady aldygyň bolmazmy?

- Hawa, ol-a şeýle. Emma, siz döwletiň halyf-a, ýat adam däl-ä. Onsoňam, rahläni haýyrly iş üçin - üstünde Kuran okamak niýeti bilen getirtdiňiz-ä?!

Halyf hyzmatkäriň bu jogabyna gaty gynanýar we şeýle buýruk berýär:

- Derrew baryp, bazardan şeýle tagtalaryň bahasyny öwrenip gel. Munuň puluny derrew beýtul-mala (ýagny, döwlet hazynasyna) töläliň. Döwletiň malyny öz haýryna, şahsy bähbidine ulanýan adam bolmakdan Allaha sygynýan!

Muzahym ylgap gidip bazardan tagtalaryň bahasyny bilip gelýär:

- Tagtalaryň bahasy ýarym dinar eken...

Halyf derrew jübüsinden bir dinar (käbir çeşmelere görä bolsa, iki dinar) çykaryp, beýtul-mala iberýär. Egninden agyr ýük aýrylan ýaly rahatlan halyf şeýle diýýär:

- Meniň şejerämden bolan birinji Omar döwlete degişli şemi ulanýarka özüne berlen salamy alman, şahsy şemini ýakandan soňra alypdy. Men ondan aýry hereket etsem bolarmy? Beýtsem, bizden soňra geljeklere erbet görelde galdyrmarynmy?..

 

Gysga düşündirişler

Aýat näme?

Kuran-y Kerimdäki süreleri düzýän jümlelere aýat diýilýär.

Süre näme?

Kuranyň 114 bölüminiň her birine süre diýilýär. Hijretden öňki - Mekge döwründe inen sürelere Mekki, hijretden soňra - Medine döwründe inen sürelere bolsa Medeni süre diýilýär.

Jüz näme?

Kuranyň ýigrimi sahypalyk bölümleriniň her birine jüz diýilýär. Kuranda jemi otuz süre bardyr.

Wahyý kätipligi näme?

Allanyň Resulyna gelen wahyýlary ýazga geçiren, her wagt Älemleriň Serweriniň (s.a.w.) ýanynda bolan kişilere wahyý kätipleri diýilýär. Sanlary 42-ä baryp ýeten bu wahyý kätipleriniň käbirleri şulardyr: Hz. Ebu Bekir, Hz. Ömer, Hz. Osman, Hz. Aly, Hz. Zeýd bin Sabit, Hz. Abdurrahman bin Haris (Alla olardan razy bolsun!).

Kuran näçe ýylyň dowamynda indirildi?

Milady 610-njy ýylda inmäge başlan Kuran takmynan 23 ýyl soň 632-nji ýylda Maide süresiniň üçünji aýaty bolan “Bugün siziň diniňizi kemala getirdim we üstüňizdäki nygmatymy tamamladym” aýatynyň inmegi bilen jemlendi.

Hafyz näme?

Kuran Kerimi tutuşlygyna ýat tutan adamlara hafyz diýilýär. Şeýle adamlar üçin “Hafyzy Kuran” ýa-da “Hafyzy Kelam” hem diýip bolar.

Hatym näme?

Hatym sözi sözlük manysy taýdan “möhürlemek, soňuna çykmak we gutarmak” diýmekligi aňladýar. Dini terminologiýada bolsa, Kuran-y Kerimi başdan soňuna çenli okap çykmak diýmekdir. Bir adam Kurandaky 114 süräniň hemmesini okap çyksa, Kurany hatym etdigi bolar. Kuranyň ýüzüne seredip okap hatym edip bolşy ýaly, ony ýatdan okamak bilen hem hatym edip bolar.

Kuran haçan kitap şekiline getirilýär?

Wahyý inmegi Serwerimiziň (s.a.w.) ömrüniň soňky ýyllaryna çenli dowam edendigi sebäpli, bölek-bölek görnüşde ýazga geçirilen Kuran Allanyň Resulynyň (s.a.w.) sag wagty kitap görnüşine getirilip bilinmedi. Serwerimizden soňra halyf bolan Hezreti Ebu Bekir bu iş üçin wahyý kätiplerinden bolan hafyz Zeýd bin Sabiti wezipelendirdi. Allanyň Resulynyň wepat bolanyndan bir ýyla golaý wagt soň milady 633-nji ýylda Kuran kitap şekiline getirildi.