بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Zeburda aýdylşyna görä, Beýik Allah Daud (a.s.) pygambere aýdypdyr: «Kim günde özüniň dört sagadyny aşakdakylara bagyşlasa, ol parasatly we dana hasaplanar: 1) Allaha hamdu-öwgüler aýtmak üçin, bagyşlanan sagat; 2) öz-özüňe baha bermeklige (analiz) bagyşlanan sagat; 3) kemçilikleriňi görkezjek dindar doganlaryň bilen gatnaşmak üçin sagat; 4) rugsat edilen nygmatlardan lezzetlenmek üçin sagat».

Başy » «Zaman» gazeti » MAGRAÇ GIJESI

Magrajda Allahutagalanyň Muhammet ymmatyna eçilenleri

Külli musulmanlary Magraj gijesi bilen mübärekleýäris!

“Men Magrajdan has gö­zel, täsin bir zat görmedim,” diýen Pygamberler Soltany Magraj belentliklerinden yzyna dolananda öz ýany bilen ymmaty üçin ba­ha­sy­na ýetip bolmajak peşgeş­leri geti­rendir.

Olaryň, birinjisi,   bäş wagt parz namaz.  Yhsan düşünjesi bilen okalan namazlar, ymmatyň magrajydyr, olary Arşyň belentliklerine göterer.

Ikinjisi,   Bakara suresiniň “Äme­ner-Resulü” diýip, başlaýan soňky iki aýaty.Pygamberimiz Bakara suresiniň soňky iki aýaty bolan “Ämener-Resulü” barada şeýle aýdýar:

 “Allahutagala Bakara suresini şeýle iki aýat bilen tamamlady. Bulary maňa Arşyň aşagyndaky bir hazynadan berdi. Bulary öwreniň, aýallaryňyza, çagalaryňyza hem öwrediň, çünki bular hem namazdyr, hem dogadyr, hem-de Kurandyr.“ Başga bir hadysda bol­sa: “Kim gijelerine “Bakara” su­resiniň soňky iki aýatyny okasa, bu oňa ýeterlikdir,”(Buhary, Müslim). Bu hadys sebäpli Ýassy namazyndan soň “Ämener-Resulyny” okamak däp bolupdyr.

Hezreti Omar bilen Hezreti Aly (Allah olardan razy bolsun) bolsa şeýle diýýärler:

“Akyly başynda bolan her bir adam Bakara suresiniň soňky iki aýatyny okamazdan ýatmaz.”

Üçünjisi,  Isra suresiniň 22-39-njy aýat­larynda aýdylan yslamyň 12 ýörel­ge­si.

Bu aýatlaryň mazmunyny gysgaça şeýle düşündirip bolar.

1. Allaha hiç bir zady şärik goşmaň, Ondan başgasyna gulluk etmäň.

2. Ene-ata hormat goýuň, olara hemişe ýagşylyk ediň, olara göwün awlaýjy sözler bilen ýüzleniň.

3. Kowum-garyndaşlara, garyp-gasarlara, alys ýurtdan gelen biçäre kişi­lere hemaýatkär boluň.

4. Gysyk bolmaň, isrip etmäň.

5. Garyplyk endişesi sebäpli çaga­lary­ňyzy öldürmäň.

6. Zyna etmäň, çünki ol haýa­syz­lykdyr.

7. Nähak ýere adam öldürmäň.

8. Ýetimiň malyna el urmaň.

9. Beren sözüňizde tapylyň.

10. Bir zady ölçäniňizde, çekeniňizde dürs hereket ediň.

11. Bilmeýän zadyňyz barada seresap bo­lup, köre-körlük bilen hereket etmäň.

12. Gedemlik, ulumsylyk, men-menlik etme.

Dördünjisi,  Allaha hiç bir zady şärik goş­­man ölen kişiniň günäleriniň ýalkanjakdygy we Jennete girjekdigi buşlanýar.

Bäşinjisi,   ýagşy zady niýet eden kişä, ony amal etmese bir sogap, eger amal etse on sogap ýazyl­jak­dygy, erbet zady niýet eden kişä, ony amal etmese bir sogap, eger edäýse, bir günä ýazyljakdygy buşlanýar.

Altynjysy,  Et-Tahyýýatu.

Allahutagala bilen Resuly ara­syn­da Magraj gijesi bolup geçen söhbet­deşlikden bir bölek bolan Tahyýýat (Teşehhüt) dogasy müminler üçin iň beýik peşgeşleriň biridir. Py­gamberimiz tarapyndan öwredilen bu mübärek doga-dilegiň, Magraj hadysasy ýaly, mümini belentliklere göterýändigi äşgärdir. Şeýlekin, “Et-Tahyýýatu lillahi” diýen bir musulman, älemdäki ähli barlyklaryň özboluşly ybadatlarynyň Ýaradana degişlidigini, Ýer ýüzüniň halypasy hökmünde olaryň adyndan Halyklaryna aýdar. “Wes-Salawatu” diýlen söz arkaly edilen ähli ybadatlar, doga-dilegler diňe Älemleriň Rabbine edilendigini, “Wet-taýýybatu” bilen arassa niýet esasynda amal edilen ähli maly ybadatlaryň, haýyr-sahawatlaryň hem Oňa degişlidigini ykrar eder.

Allahutagala, bu aýdylanlara jogap edip, “Allahyň salamy, rahmeti we bereketi Saňa bolsun eý Nebi!” diýýär. Bu dogany okan her mümin Resu­lullahyň huzuryna beýgeler, Oňa ýüzlenmek şerefine ýeter. Onuň bilen gatnaşygyny mäkämleşdirer we Oňa bolan wepalylygyny täzelemek  we berkitmek mümkinçiligini gazanar.

Magraja degişli sowallar

Sowal: Allahutagala, bize bizden ýakyndyr. Her weli kişi kalbynda  Allah bilen görşüp biler. Hezreti Muhammet aleýhisselamyň Magraj ýaly şeýle uzyn bir syýahatyň ne­tijesinde Allahutagala bilen gö­rüşmeginiň manysy näme?

Pygamberimiziň weliliginiň iň belent mertebesini we Onyň iň beýik gudraty bolan Magrajyň syryny bir tymsalyň üsti bilen şeýle düşündirip bolar.

Bir döwlet ýolbaşçysy iş ýöretmekde, wezipe tabşyrmakda iki usuly peýdalanýar.

Birinjisi,ýönekeý gullukça ýa-da işgäre adaty bir işi ýörite telefon arkaly maslahatlaşyp tabşyryk berip biler. Ikinjisi bolsa juda möhüm bir işiň ýa-da buýr­u­gyň amala aşyrylmagy üçin şol işi başaryp biljek ökde bir hünermäni ýörite çakylyk iberip huzuryna çagyrýar we aýratyn hukuklar bilen öz adyndan ýörite perman esasynda ony wekil belläp wezipe berýär. Şol işiň ähmiýeti we wekili bilen ähli kişini tanyşdyrýar.

Ynha, bu tymsaldaky birinji şahsyýet welini, ikinjisi bolsa pygamberi aňladýar. Magraj weliligiň hem ýokarsyndaky mertebe bolup, Älemleriň Rabby we tutuş barlygyň Halygy Allahutagala bilen duşuşykdyr.

Allahutagala Magrajyň hikmet we syryny “Gulumyz Muhammede käbir delillerimizi görkezmek maksady bilen...” diýen manydaky aýaty arkaly beýan edipdir. Allahutagala ulug­lygyna laýyklykda adamzadyň iň soňky pygamberi Älemleriň Serwerine ylahy hökmüröwanlygyny  hemme taraplaýyn görkezmek isläpdir. Şeýle hem onuň nähili beýik bir delildigini bildirmek üçin Hezreti Muhammediň hem söýlendigini we ajaýyp halyny aýan etmek maksady bilen huzuryna alypdyr, ýüzlenmek we permanyny tabşyrmak netijesinde abraýyny göteripdir. Bu hakykat adamzat jemgyýetinde hem şeýledir. Mysal üçin, döwlet edaralarynda iň ýokary derejede iş tabşyryljak barlagçylara dolandyryş ulgamy hemme taraplaýyn tanadylýar, dürli wezipelerde işländen soň döwlet barlagçysy diýip bellenilýär.

Ýa-da, tehniki serişdeleriň çalt ösüp özgeren häzirki günümizden bir mysal. Ýokary derejeli tehnologiýa bölüminiň başlygy özleriniň oýlap tapan kämil enjamlaryny ilkinji gezek öndürende, elbetde, şol enjamlar üçin ýörite kitapça taýýarladýar we ökde bir hünärmene, şol enjamy ulanjaklara tanadar ýaly hemme taraplaýyn öwrenmegi tabşyrýar. Ynha ynsan, şol kämil enjam, wahý üsti bilen gelen taglymatlar kitapça, Pygamber bolsa şol enjamy we kitapçany bilýän ökde hünärmendir. Ýogsa hikmet we nyzam esasynda ýaradylan bu älem we ynsan manysyz  galardy.

Sowal: Küdüse gitmegiň hikmeti nämedir?

Towhyd taryhynda, nebileriň iň soňkusy Hezreti Muhammet sallallahu aleýhi weselleme gelýänçe iň möhüm şahsyýet Hezreti Ybraýym aleý­hisselamdyr. Onyň ülkesiniň iň möhüm iki merkezi Mekge bilen Küdüsdir. Küdüse Hezreti Ishakyň nesli bolan ysraýyl ogullary, Mekgä bolsa Hezreti Ysmaýylyň nesli mirasdar bolandyr. Küdüs pygamberleriň köp bolan mekanydyr. Allahutagala hak diniň we adamzadyň aslyýetinde birdigi ma­ny­syndaky towhyd hakykatyny görelde alarlyk görkezen Hezreti Ybraýymdan soňra, bu hakykaty Hezreti Muhammet aleýhisselam bilen iň soňky gezek görkezmek isledi. Şeýlelik bilen Onuň iň soňky ilçidigini yglan etdi. Bütin pygamberleriň baştutany bolşy ýaly, kyýamata çenli tutuş adamzadyň hem pygamberidigini görkezdi.

Magraj hadysasy

Mekgeli müşrikler Hz. Ebubekiriň ýanyna gelip, ýaňsylaýjy äheňde: “Eşitdiňmi? Dostuň Muhammet bir gijede Kudüsdäki Mesjid-i Aksa barandygyny, ol ýerdenem göge göterilip, Allah bilen duşuşandygyny aýdýar. Belki sen, muňa-da ynanarsyň-hä?” diýýärler. Hz. Ebubekir Söýgüli Pygamberimiz bilen uzak wagt bäri dostdy. Ikisi-de jahalat – nadanlyk döwrüniň adatlaryna uýmaýardylar; akyl we mantygyň kabul etmeýän butlara çokunmak, gyz çagalary diriligine gömmek, garyplary we ejizleri ezmek ýaly hereketlere garşy çykýardylar.

Hz. Ebubekir müşrikleriň ýaňsyly soragyna jogap hökmünde, özüne “Dogruçyl, tassyk eden” diýen manylary berýän “Syddyk” lakamyny gazandyrjak şu sözleri aýdýar:

“Ol aýdýan bolsa, dogrudyr.”

Hawa, ömrüniň dowamynda iň ýönekeý meselelerde, hatda degişmelerinde hem ýalandan daş durýan, kämil ahlak eýesi dosty aýdan bolsa, hökman dogrudyr. Mundan şübhesi ýokdy.

Allah Resuly (s.a.w.) pygamberlik wezipesini agyr şertlere garamazdan dowam etdirýärdi. Mekgede musulmanlaryň öňüne çykarylan kynçylyklar, päsgelçilikler artypdy, müşrikler hak we hakykatyň beýan edilmegine çydam etmez hala gelipdiler. Resulullah (s.a.w.) ynanan ynsanlar çykar umydy bilen Taýif şäherine gidipdi, ýöne ol ýerde-de nadan halk ony çagalara daşladypdy. Mekgede musulmanlara garşy boýkot yglan edilipdi. Bularyň ählisiniň üstesine, ony (s.a.w.) her dürli howpa garşy goran, penalan agasy Ebu Talyp we ilkinji mümin bolan wepaly ýanýoldaşy Hz. Hatyja (Allah olardan razy bolsun!) dünýäden ötüpdi.

Musulmanlara edilýän zulum we haksyzlyklaryň şeýle artan döwründe, hijretden bir ýyl öň, Rejep aýynyň 27-nji gijesi Allah pygamberiniň kalbyny rahatlatmak, Özüniň azamatyny – beýikligini  görkezmek, oňa (s.a.w.) we ymmatyna käbir lutfy-yhsanlar etmek üçin Resulyny (s.a.w.) huzuryna çagyrýar. Pygamberimiziň (s.a.w.) kalby-da “Huzura” çykmaga taýýar hala getirilenden soňra, Jebraýyl aleýhisselam bilen Magraj syýahatyna çykýarlar. Allah Resuly (s.a.w.) ilki Mekgeden Kudüsdäki Mesjid-i Aksa barýar, ol ýerde pygamberleriň ruhlaryna ymamlyk edenden soňra, magraj syýahaty Hak tagalanyň huzuryna çenli dowam edýär.

Magraj mugjyzadyr. Mugjyzalar ynsan güýjüni aşýan hadysalardyr. Ýöne, ynsanlar wagtyň geçmegi bilen ylymda kämilleşip, mugjyzalaryň belli bir böleginiň syryny çözüp bilerler. Adamzat aňy heniz magraj hadysasyna doly akyl ýetirip biljek derejä ýetmedi. Allah resuly(s.a.w.) wagtyň geçmegi bilen has oňat düşüniljek magraj hadysasynyň käbir taraplaryny Buhary, Müslim we beýleki esasy hadys kitaplaryndaky hadyslarynda beýan edýär. Geliň, bu hadys kitaplaryna salgylanyp, magraj hadysasynyň nähili bolup geçendigine düşünmäge çalşalyň.

Allah Resuly (s.a.w.) Käbäniň howlusynda uky bilen oýalyk haly arasynda wagty biri gelýär we kükregini ýaryp, ýüregini çykarýar. Ýüregi zemzem suwyna ýuwýar. Ýuwlan ýüregiň içini iman we hikmet bilen doldurandan soňra, ýerine ýerleşdirýär. Mundan soňra, Pygamberimiz (s.a.w.), öň hiç görülmedik, eşekden uly, gatyrdan kiçi bir ulag haýwanyna mündirilýär. Allah Resulynyň (s.a.w.) Byrag atly bu münüti gözüň ýetýän iň uzak nokadyna ädimini atýar eken. Şu ýagdaýda älem gapysyna ýetýärler.

Jebraýyl gapyny kakýar. İçerden bir ses kimiň gelendigini soraýar. Jebraýyl özüni tanadandan soňra, ýanynda Hz. Muhammediň (s.a.w.) hem bardygyny aýdýar. İçerdäki ses “Oňa Magraj çakylygy iberildimi?” diýip soraýar. Jebraýyl “Hawa!” diýip jogap berensoň, gapy açylýar.

Pygamberimiz (s.a.w.) Hz. Adam aleýhisselamy görýär we oňa salam berýär. Hz. Adam Allah Resulyny (s.a.w.) “Salyh ogul, hoş geldiň!” diýip garşylaýar. Has soňra, Jebraýyl bilen bile ikinji gat göge çykýar. Bu ýerde-de, Hz. Ýahýa we Hz. Isa aleýhisselamlar bilen duşuşýar. Pygamberimiz (s.a.w.) olar bilen söhbet edenden soňra, beýgelmäge dowam edýär.

Üçünji gat gökde Hz. Ýusuf aleýhisselam bilen duşuşýar. Dördünji gatda Hz. Idris, bäşinji gatda Hz. Harun, altynjy gatda Hz. Ibrahim aleýhisselam bilen duşuşýar. Ähli pygamberler hem Hz. Muhammedi (s.a.w.) hormat bilen garşy alýar. Pygamberler bilen bolan duşuşyklardan soňra, Allah Resuly (s.a.w.) Sidretül-Münteha çykarylýar. Söýgüli Pygamberimiz başga hiç bir adam ogluna nesip etmedik ylahy huzura çykýar we ol ýerde özüne bagyş edilen magraj serpaýlary bilen ol ýerde gören gözellikleri barada ynsanlara gürrüň bermek üçin Ýer ýüzüne dolanýar. (Hadyslar: Buhary, Enbiýa 22, 43; Müslim, Iman 264.)