بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Muhammet at-Duri rahmetullah aýdypdyr: «Iblis bäş zat üçin bagtygara bolupdyr: 1) özüniň günäsini boýun almadygy üçin; 2) öz günäsi üçin ökünç-puşeýman etmedigi üçin; 3) eden günäsi üçin özüni ýazgarmadygy üçin; 4) toba etmeklik islemedigi üçin; 5) Allahyň rahmetine umydyny ýitirendigi üçin. Adam (a.s.) bäş zat üçin bagtly bolupdyr: 1) öz eden günäsini boýun aldy; 2) günä edeni üçin ökünip puşeýman etdi; 3) eden günäsi üçin özüni ýazgardy; 4) toba etmeklige howlukdy; 5) Allahyň rahmetinden umydyny ýitirmedi».

Başy » «Zaman» gazeti » MEN-MENLIK

Özüni öweniň tanapy çüýrük

Özüňi bolşuňdan uly görkezmäge çalyşmakda – ulumsylykda ne peýda bardyr, ne haýyr. Pespällikde, mylakatly bolmakda we ynsanlara hormat goýmakda bolsa, bize mälim ýa-da nämälim bolan ençeme haýyr bardyr.

Ynanjy kämil bolan musulmanyň asla özüni bolşundan artykmaç görkezmek, gedemlik etmek aladasy ýokdur. Başgalarynyň depesinden seretmek, äsgermezlik etmek ýaly häsiýetler onuň dünýägaraýşyna düýbünden tersdir.

Tymsal:

Özüniň pespälligi bilen Rebbimiziň söýgüsini gazanan bir müminiň depesinde hemişe bir bulut saýa salar eken. Rebbiniň guluna söýgüsiniň bir nyşany bolan bu bulut ol kişini hemişe Günüň jokrama yssysyndan gorar eken. Bir gün onuň bu halyny gören bir garyp bende öz ýanyndan: “Nähili beýik adam! Bolup bilse bu bir ýagşyzada bolmaly. Gör-ä, yssy meniň depämi deşip gelýär, ony bolsa hemişe bir bulut saýalap ýör. Gowusy, ýanyna baryp ol mübärek ýagşyzada bilen tanşaýyn, elini togap edeýin, saýasynda saýalaýyn” diýip oýlanýar.

Yzyndan biriniň haşlap ylgap gelýänini duýan depesi bulutly adam yzyna seretse, ynha eleşan eşikli bir garyp ýetip gelýär.

Gele-gelmäne garyp bende: “Eý Allanyň söýen guly! Näçe wagt bäri sizi synlap ýörün: bu bulut nirä gitseňiz sizdem galman, size kölegesini salýar. Diýmek, siz beýik ynsan bolmaly. Rugsat beriň, bir pursatlyk hem bolsa, men hem siziň bulutyňyzyň astynda siziň bilen bile ýöremek bagtyna gowşaýyn” diýýär.

Şol wagt ruhy ahwalaty gowşak bolan ol müminiň kalbynda ulumsylyk we gedemlik uçgunlary peýda bolýar. Özüne göwnüýetijilik bilen: “Gel, gel, has golaýrak süýş! Meniň saýamda seniň ýalylardan entek gör ýene näçesi saýalar!”

Şunlukda, ikisi bile ýöremäge başlaýarlar. Emma, şeýtan boş durýarmy?! Ol: “Sen Hak nazary düşen beýik adamsyň! Sen alym, dana, başynda bulut gezdirýän kişisiň! Ýeňiýoluklar, misginler, ejiz biçäreler bilen egin-egne ýöremegi özüňe nähili rowa görýäň?..” diýip wasa-wasa bermäge dowam edýär.

Şeýtanyň bu was-waslaryna ynanan adamyň kalbynaky gedemlik uçgunlary uly ataşa öwrülýär, ol hasam gabarylyp ýöräp ugraýar. Bir çeşmäniň başyna baranşarynda, şol ýerde aýak çekip, dem-dynçlaryny alýarlar. Ulumsylyk derdine duçar bolan adam ýene ýoluna dowam edýär. Emma, onuň ýöreýşinden, özüni alyp barşyndan, gürleýşinden pyglynyň bozulandygyny, häsiýetiniň üýtgändigini aňan garyp ondan aýrylyp galýar.

Ulumsylyk eden adam bir salym soňra başynyň gyzyp ugrandygyny duýýar. Ýokary seretse, özüni penalaýan bulut ýok. Görse, ol hanha hälki garybyň depesini saýalap dur. Asyl, bulut ulumsy, gedem adamy terk edip, pespäl garyby saýalamaga başlan bolsa nätjek...

Ahlak, fazylat barada ýazylan kitaplarymyzda bu tymsal getirilip, yzyndan şu nesihat berilýär:

Başyňyzda bulut gezdirjek derejede beýik mertebelere ýeten hem bolsaňyz, asla ulumsylyk etmäň, gedemlikden daş duruň, hiç kimi äsgermezlik etmäň. Eger bu nesihatlara gulak asmasaňyz, Alla siziň emriňize beren ol buludyny alar, siziň göwniýetmezçilik bilen garan adamlaryňyzdan birine berer.

Bir gün Allanyň Resuly (s.a.w.) mesjitde sahabalary bilen söhbet edip otyrka, sözüniň arasynda: “Sähel salym soňra bu ýere dowzahy bir adam geler” diýýär. Az wagtdan soňra ýaňy täretini alan, ýüzündäki we ellerindäki täret suwunyň damjalary entek hem guramadyk biri içeri girýär.

Sahabalar “Pygamberimiziň habar beren adamy şumyka?” diýip geň galmak bilen içeri giren adama seredişýärler. Olaryň gel galandygyny aňan Söýgüli Pygamberimiz, içeri giren adamdan bir sowal soramak bilen meseläni aýdyňlaşdyrýar:

- Gel hany, ýaňy içeri giren! Senden bir zat sorajak. Ýöne, gönüňden gel!

- Buýur, ýa Resulullah!

- Sen täretiňi alyp, mesjidiň gapysyna geleniňde öz ýanyňdan: “Şu içerde oturan jemagatyň arasynda menden beýigi ýokdur” diýip oýladyňmy?

Ol adam ilki dymýar. Soňra-da, boýnuny burup: “Hawa, ýa Resulullah, gapynyň öňündekäm, mesjidiň içindäkileri birin-birin göz öňüme getirdim we öz ýanymdan: “Bularyň hemmesi şeýle-beýle adamlar. Men bularyň içinde iň üstüni, iň beýigi!” diýip oýlandym” diýýär.

Pygamberimiz (s.a.w.) şol wagt ellerini galdyryp: “Ýa Rebbim, men beýle duýgy we düşünjelerden saňa sygynýan” diýýär.

Sahabalardan biri: “Ýa Resulullah! Senem beýle duýgy we düşünjelerden Alla sygynýaňmy?” diýip soranda, Ol (s.a.w.) şu jogaby berýär:

- Müminiň kalby Allanyň eradasyndadyr. Mümin pikirini (düşünjesini, garaýşyny) üýtgetse, Rebbimiz hem derrew onuň kalbyny üýtgeder, ulumsylyga we gedemlige salar. Şonuň üçin ulumsylyk derdine uçramazlyk üçin Rebbine sygynýan, hemişe ondan ýardam dileýän.”

Üç hili adam

 Sowal:  “Üç hili adam bardyr. Alla olar bilen gürleşmez, olara seretmez we olara (ahyretde) azap baryny görkezer. Birinjisi: Garry zynakeş, ikinjisi: ýalançy häkim, üçünjisi: men-menlik edýän garyp” diýilýän hadysy has giňişleýin düşündiräýseňiz?

Jogap: Sebäbi, Bularyň edýän işleri hallaryna düýbünden ters. Ýaşlar, ýetginjekler zyna etse, “Ýaşlygyň arzuwdyr-höweslerine bäs gelip bilen däldir” diýerler. Emma, ýaşy bir çene baran garry adam zyna etse, munuň hiç hili düşündirişi bolup bilmez. Ýalan sözlemek adamkärçilige sygmaýar. Ýöne döwlet işgäri ýalan sözlese, bu diňe adamkärçiligiň çäginden çykmak bolman eýsem, tutuş halka hyýanatdyr. Men-menligem erbet häsiýet. Emma, garyp adam gedemlik edýän bolsa, bu baryp ýatan akmaklykdyr.

***

Men-menlikden hem-de men-menlige eltýän hereket we işlerden gaça durmak juda wajyp mesele. Sebäbi kämil ynsan bolmak üçin ilkinji nobatda men-menlikden gutulmaly. Şeýtan men-menlik zerarly Beýik Ýaradanyň dergähinden kowulýar. Elbetde şeýtanyň kowulmagyna sebäp bolan häsiýet ynsany hem Onuň dergähine eltmese gerek.

Kyssalar...

Toprakdan ýaradylana tekepbirlik ýaraşmaz

Hezreti Aly gedemlik edýän bir ýaş ýigide:

- Eý ýaş ýigit! Hergiz pespäl bolgun! Asly toprakdan bolan adamyň toprak üstünde öwünip, tekepbirlik etmegi dogry däldir – diýip nesihat beripdir.

Ulumsylyk – ybadaty, toba – günänı ýok eder

Bir rowaýata görä, 40 ýyllap garakçylyk eden bir adam bir gün hawarylaryndan (egindeşlerinden) biri bilen barýan Hezreti Isa gabat gelipdir. Ol adam:

- Bu Isa Pygamberdir. Bu-da egindeşlerinden biri bolmaly. Mundan beýläk men bulara goşulaýyn we bet işlerden el çekeýin - diýip, olaryň yzyna düşüpdir. Toba gelen garakçy hawarynyň ýanynda barýarka:

- Meniň ýaly günäkär adam Pygambere ýoldaş bolmak ýaly belent mertebä ýeten ynsanyň gapdalynda ýöremäge neneň het eder?! - diýip özünden utanypdyr. Hezreti Isanyň hawarysy bolsa:

- Bu garakçy meniň bilen bile ýörär ýaly kim bolýar-a?! - diýip, ondan daşlaşyp, Hezreti Isa gysmyljyrapdyr. Şeylelikde bularyň biri özüni pes görse, beýlekisi ulumsylyk edipdir. Şol hadysadan soňra Allahutagala Hezreti Isa şeýle mazmunly wahyý iberipdir:

- Olara aýt! Ikisiniň hem geçmişlerini ýok etdim. Özüni ulumsy saýany zerarly egindeşiň ybadatlaryny amal depderinden öçürdim. Özüni pes göreni sebäpli bolsa, garakçynyň günäsini bagyşladym. Her ikisi-de boşadylan amal depderlerini täzeden haýyrly amallar bilen doldursynlar.

Hezreti Isa ýagdaýy olara aýdyp, garakçyny-da egindeşleriniň arasyna alypdyr...

Sen  meni tanaýarmyň?

Mutarryf ibni Abdullah Muhallebiniň täze we gelşikli paltosynyň içinde hondanbärsi bolup barşyny görüp, oňa:

- Eý Allanyň guly! Biler bolsaň, bu ýöreýşiň Allany gazaba getirjek ýöreýişdir – diýýär.

Muhalleb:

- Sen meniň kimdigimi bilýärmiň? – diýip soraýar. Mutarryf:

- Hawa, tanaýaryn. Owalyň hapa suwuklyk, ahyryň hem topraga garyljak maslyk. Sen bu ikisiniň arasynda nejasat hammalyndan başga hiç kimem dälsiň – diýip jogap berip, ýoluna dowam edýär.

Ýer ýüzünde ulumsylyk bilen ýöreme!

Ebu Bekrül-Huzeli (Alla ondan razy bolsun!) gürrüň berýär:

“Bir gün Hasan Basry bilen durkam, Ibni Edhem ýanymyzdan geçdi. Onuň sünnälenip nagyşlanan etegi topuklaryna ýetýän ýüpek jüpbe geýnip, ulumsylyk bilen ýöräp barşyny gören Hasan Basry oňa ýüzlenip şeýle diýdi:

- Temegini göge tutup barýan şu adama bir serediň-ä. Peheý, biçäre bende! Sen şükri eda edilmedik, hasabyny berip bilmejek we Allanyň isleýşi ýaly ulanmaýan eşikleriň içinde ulumsylyk edýärsiň. Allanyň adyndan ant bolsun, sadalyk we pespällik bilen ýöremek, hatda däli-kybap entirekläp ýöremek bu adam üçin has haýyrlydyr.

Beýik weliniň bu sözlerini eşiden Ibni-Edhem yzyna öwrülip gelip, Hasan Basrydan özüniň bu gelşiksiz hereketi üçin ötünç sorady. Hasan Basry oňa şeýle diýdi:

Menden ötünç soramagyň ýerine, Allanyň öňünde toba et. Sen Onuň şu buýrugyny eşitmediňmi:

- Ýer ýüzünde ulumsylyk bilen ýöreme. Çünki (aýaklaryňy her näçe gaty ursaň-da) ne ýeri deşip bilersiň, ne-de daglaryň çür depesine ýetip bilersiň. (Isra, 37.)”

Ýokarda bolmak

Ýahýa Efendi atly biri Nyýazy Mysryny döwrüň patyşasyna şugullaýar. Nyýazy Mysry bir ada sürgün edilýär. Aradan birnäçe wagt geçensoň, Ýahýa Efendiniň özi hem şeýle ýagdaýa duçar bolup, şol bir ada sürgüne iberilýär. Geň ýeri, ony-da Nyýazy Mysrynyň ýaşaýan jaýyna, şol jaýyň ikinji gatyna ýerleşdirýärler. Nyýazy Mysry Ýahýa Efendä degip:

- Ber habaryňy. Senem-ä sürgüne iberipdirler... – diýýär.

- Ol-a şeýle welin, meni ýene-de seniň ýokaryňdaky gata ýerleşdirdiler – diýýär. Nyýazy Mysry şugulçyny şu sözler bilen duzlaýar:

- Tapawudy näme? Tebbet hem Yhlasyň üstünde dälmi?..

Adamyň nirede durandygy däl, kimdigi möhümdir. Halkyň aglaba köpçüliginiň wezipe we kürsi eýelerini hemmeden ýokary saýýandygy üçin, birnäçeler ilkinji nobatda fazylata – adamkärçilige däl, wezipä talapkär bolýarlar.

Aslynda, bu dünýäniň nogsansyz diýar däldigi üçin, bu ýerde ençeme Beýik ynsanyň – ägirtleriň dürli mahrumlyklar içinde ýaşaýandygy mälimdir.

Tebbet, Ebu Lehebiň erbetliklerini we onuň dowzahylygyny beýan edýän suräniň ady. Yhlas suresi bolsa, ähmiýet babatda Kuranyň üçde birine deň görlüpdir. Muňa garamazdan, Kurandaky sure yzygiderliliginde Yhlas Tebbetden soňra gelýär. Nyýazy Mysry beýle diýmek bilen, ýokarda bolmagyň hemişe has üstün we fazylatly bolmak manysyna gelmeýändigine ünsi çekýär.

Täjir şeytan we müşderileri

Şeýtan otdan ýaradylandyr. Bu ýaradylyş aýratynlygy oňa käbir tapawutlylyklar hem gazandyrandyr. Şeýtanyň her hili sypata girip, dürli-dürli görnüşlerde ynsana golaýlaşyp bilýändigi-de hakykatdyr. Bir gezek, Isa aleýhisselam täjir sypatyndaky şeýtany derrew tanap ondan:

- Eý şeýtan, eşek täjiri sypatynda nirä barýaň, beýle? – diýip sorapdyr. Tanalandygyny aňan şeýtan indi özüni gizlejegem bolman, şeýle jogap beripdir:

- Nirä bolar öýdýäň, bazara barýan!

- Bazarda näme etmekçi bolýaň?

- Şu eşekleri ýükleri bilen bilelikde satjak.

- Eşekleri ýükleri bilen bile kim alar, ýük bilen eşek aýry-aýry satylmaýarmy näme?”

- Ýok, eşeklerimiň ýükleri-de özleri ýaly gymmatlydyr. Eşegi almak isleýän adam ýüküni-de almak islär. Şonuň üçin olary üstlerindäki ýükleri bilen bilele satjak.

- A-how, şeýtan, sen ikisini-de bilelikde satar ýaly, bu eşeklere näme ýüklediň?

- Sen ýükleriň nämedigini bilseň, haýran galarsyň. Bilmeýänligiň sebäpli geň galýarsyň.

- Hany aýt, eşekleriňe näme ýüklediň?

- Şu birinji eşege göriplik, ikinjisine ulumsylyk, üçünjisine bolsa zulum ýükledim.

- A-how, şeýtan, seniň göriplik, ulumsylyk, zulum ýüklenen eşekleriň kime derkar bolar öýdýäň?

Şeýtan gülüp:

- Diňle! Kimleriň eşeklerime ýükleri bilen bilelikde müşderi boljakdygyny düşündireýin - diýip, iň öňde duran eşegi görkezipdir:

- Şu birinji eşege göriplik ýüklenendir. Muny alymlara, ylym eýelerine sataryn. Sebäbi alymlaryň käbirinde göriplik arzuwy çür depededir. Olar beýleki alymlara göriplik etmekden gaça durmazlar. Göriplik we bahyllyk olara satylyp bilinjek iň geçginli harytlardyr. Bu eşek şolar üçindir.

Şeýtan soňra ikinji eşegi görkezipdir:

- Ikinji eşege ulumsylyk ýükledim. Muny-da nadan baýlara sataryn. Baýlygy köp, aň-düşünjesi gyt bolan baýlar gaty ulumsydyrlar, tekepbirdirler. Özgeleri pes, özlerini uly görýärler. Ulumsylyk olaryň häsiýetlerine öwrülendir. Bu eşek hem şolar üçindir.

Şeýtan soňky eşegi görkezip:

- Bu üçünji eşege bolsa zulum ýüklenendir. Muny-da käbir geleňsiz ýolbaşçylara sataryn. Olar halkyň islegini parasyz ýerine ýetirmezler. Sütem etmekden gaça durmazlar. Bu eşek-de şolar üçindir – diýipdir.

Bu sözleri diňlän Hezreti Isa gollaryny açyp, Alla ýalbarmaga durupdyr:

- Eý Rebbim, adamlary bu “eşek täjirine” müşderi bolmakdan Özüň gora. Olary göriplik, ulumsylyk we zulum eşekleriniň hyrydary eýleme!

Bu dilegi eşiden şeýtan gygyrmaga başapdyr:

- Seniň edýäniň näme? Müşderilerimi giderýärsiň. Men kim bilen söwda ederin?..