بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Omar (r.a.) aýtdy: «Deňiziň dört görnüşi bardyr: 1) şöwketparazlyk (haramlyklara bolan güýçli isleg) – günäleriň deňzidir; 2) nebis – hyjuwlaryň deňzdir; 3) ajal – ömürleriň deňzidir; 4) gabyr – ökünçleriň deňzidir».

Başy » «Zaman» gazeti » ŞABAN (MERET) AÝY WE BERAGAT GIJESI

Şaban aýy

Üç tirkeşikleriň ikin­­jisi Şaban aýydyr. Şaban aýyna türkmenlerde Meret aýy diýilýär. Şaban sözi paýlanan, seçilen many­laryny aňladýar. Bir rowa­ýata görä, bu aýda ençeme haýyr-sogabyň paýlan­ýanlygy sebäpli oňa  “Şaban” ady berlipdir.

Şaban aýy girende Pygam­berimiz sallallahu aleýhi wesellem agyz beklär ekeni. Hezreti Äşe enemiz (Allah ondan razy bolsun) bu barada şeýle gürrüň berýär. “Resulullah sallal­lahu aleýhi wesellem beýleki aýlara garanyňda, Meret aýynda köp oraza tutardy“ (Müslim).

Meret aýynyň ortalarynda oraza tutmagyň hem sogaby diýseň uly. Bu barada şeýle bir waka aýdylýar. Bir gün Pygam­berimiz aleýhisselam bir adamdan “Sen bu aýyň (Merediň) ortalarynda agzyňy beklediňmi?” diýip soraýar. Ol adam, “Ýok, beklemedim” diýip jogap bereninde, Resulullah aleýhisselam, “Onda Reme­zan gutarandan soň, şol tutmadyk orazaň ýerine iki gün agyz bekle” diýdi (Müslim).

Meret aýynyň iň esasy aýratynlygy mübärek Bera­gat gijesiniň şu aýda bolmagydyr.

Beragat gijesi

Beragat gijesi Meret aýynyň 15-nji gijesidir. Beregat, “Iki zadyň arasynda gatnaşyk bolmazlygy, kişiniň jogapkärçilikden halas edilmegi ýa-da jogapkärçiliginiň bolmazlygyny” aňladýar. Başgaça aýdylanda, “Beragat” ýalkanmak, günä geçişlik gijesidir.

Bu gijäniň Beragat adyndan başga ýene-de käbir atlary bar. Ruhy taýdan bereketli, sogaply, mukaddes gije bolany üçin oňa “Mübärek gije”, gadyry bilnen ýagdaýynda günäleriniň ýalkanmagy, etmişleriniň geçilmegi barada Allahutagala tarapyn mümkinçilik berlenligi üçin “Sakk” (“Perman”, “Halas ediş namasy”) gijesi ýa-da “Magfyrat gijesi”, lutuf-yhsany artyk, afuw-merhemeti çäksiz bolan Allahyň  keremine ýetilýänligi üçin “Rahmet gijesi” hem diýilýär.

 Hezreti Aly (Allah ondan razy bolsun) Pygamberimiziň bu gije barada şeýle diýenini gürrüň berýär. “Şaban aýynyň on bäşinji gijesi bolanda namaz okaň, gündizine-de oraza tutyň. Çünki Allahutagala şol gün şeýle diýer: “Toba eden barmy, ýalkaýyn, istigfar edeni magfyrat edeýin. Menden bolelin ryzk dileýäne ryzk bereýin, bela-betere uçrana afyýet bereýin” (Ibni Maje).

Hezreti Äşe enemiz bolsa şeýle gürrüň berýär: “Bir gije seretsem, Resulullah ellerini asmana galdyryp doga-dileg edýär. Meni görende şeýle diýdi: “Eý Äşe, Allahutagala Şaban aýynyň on bäşinji gijesi rahmeti bilen tejelli eder we Kelp taýpasynyň goýunlarynyň gyllarynyň sanyndan has artyk kişini ýalkar.” Başga bir hadysda bolsa, Beragat gijesinde edilen doga-dilegleriň yzyna gaýtarylmajakdygy buşlanýar.

Yslam alymlary  kätip perişdeleriň bu gijeden indiki Beragat gijesine çenli bir ýylyň dowamynda boljak işleriň meýilnamasyny Lewhi Mahfuzdan göçürip düzýärler we Gadyr gijesinde jemläp gutarýarlar diýen pikirde. Bu mesele bilen baglanyşykly alymlar şu aşakdaky aýatlary delil getirýärler.

 “Anyk bolan we hakykaty düşündiren bu kitaba kasam bolsun. Sebäbi Biz Ony (Kurany) mübärek bir gijede inderdik, şübhesiz Hakdan ýüz öwrenleri hem oýarýandyrys.” (Duhan, 2-3).

“Şol gije şeýle bir gijedir, her hikmetli iş biziň buýrugymyz bilen ýazylyp belleniler.” (Duhan, 3-4).

 Käbir yslam alymlary Beragat gijesiniň elli ýyllyk ömri ybadat bilen geçiren ýaly sogap gazandyrýandygyny belläpdirler.

Hawa, mukaddes bir tohum ýa-da mazmun görnüşinde adamzadyň bir ýyllyk ýazgydynyň meýilnamasyny özünde jemleýän Beragat gijesinde, mahlukatyň bir ýylyň içindäki ryzklaryna, baý ýa-da garyp, abraýly (aziz) ýa-da zelil boljakdyklaryna, doguljaklara ýa-da öljeklere degişli maglumat Allah tarapyn perişdelere habar berilýär. Ryzk bilen baglanyşykly depder Mikaýyl aleýhis­selama, uruşlar, apatlar bilen bagla­nyşykly depder Jebraýyl aleýhisselama, amallara degişli depder Ysrafil aleýhisselama, bela-beterleriň, musybatlaryň, ölmeli pursaty gelenleriň sanawy bilen baglanyşykly depder Ezraýyl aleýhisselama tabşyrylar.

Toba-istigfar etmedik kişiler bu gijäniň rahmetinden, magfyratyndan we lutuf-yhsanyndan peýdalanyp bilmez. Ol kişileriň sanawyny şu tertipde görkezmek bolar:

 

1. Allaha şirk goşanlar,

2. Ýürekleri öýke-kine we duşmanlykdan doly bolup, adamlara ýamanlykdan başga zadyň pikirini etmeýänler,

3. Musulmanlaryň arasynda pitne, agzalalyk döredýänler,

4. Garyndaşlary bilen gatnaşygyny kesenler,

5. Gedemligi, tekepbirligi, ulumsylygy, men-menligi sebäpli gözilginç egin-eşik geýýänler,

6. Ene-atasyny sylamaýanlar,

7. Içgi içýänler.

Hawa, adaty günlerde her bir ýagşylyga, haýyr-sahawata, Kuranyň her bir harpyna on sogap ýazylar. Üç aýlarda bu sogap ýüz we müň esse artdyrylýar. Mukaddes gijelerde bolsa on müň, ýigrimi müň, otuz müň esse sogap ýazylýar. Elli senelik ybadat sogabyny gazandyran Beragat gijesini pursat bilip gowy peýdalanmalydyrys. Bu meselede Pygamberimiziň ömrüni we Onuň şu sözüni nusga edinmelidiris. “Bu gijäniň gündizini agzy bekli, gijesini bolsa namaz okap geçiriň!”.

Pygamberimiziň aýy bolan Şabanda (Meret aýy) Beragat gijesini pursat bilip Onuň ýaşaýşy ýaly ýaşajakdygymyza söz berip, ymmatyň aýy bolan Remezana taýýarlykly barmalydyrys. Allahyň aýy Rejepde gullugymyzy ykjamlaş­dyrmazdan, Pygamber aýy Meretde Onuň ymmaty bolmak düşünjesine eýermezden, Remezanyň magfyratyndan we bereketinden peýdalanmak mümkin däldir. Şonuň üçin güýjümiziň ýetdiginden Kuran okap, istigfar we salawat aýtmaly, kaza namazyny, nepil namazyny kylmaly, haýyr-sahawat etmeli, sadaka paýlamaly.

Goý, Allahutagala Beragat gijesinde toba edenleri bagyşlasyn, afuw we magfyratyny eçilsin, günälerimizi geçsin, külli musulmany dowzah odundan gorap, jennetini nesip etdirsin. Amin!

Beragat gijesiniň bäş aýratynlygy

Yslam alymlary Beragat gijesi bilen baglanyşykly aýatdyr hadyslara salgylanyp, onuň bäş aýratynlygynyň bardygyny belläpdirler. Olar:

1. Bu gije nähili amallar edilmelidigi bellenilendir.

2. Bu gije edilen ybadatyň (okalan namazlaryň, Kuranyň, edilen doga-dilegleriň, toba-istigfarlaryň) gündizine tutulan orazanyň sogaby örän uludyr.

3. Bu gije ilahy yhsandan, feýzden we bereketden pürepürdir.

4. Magfyrat (bagyşlanma, ýalkanma) gijesidir.

5. Hezreti Muhammet aleýhisselama şepagat etmek hukugynyň berlen gijesidir. Çünki Älemleriň Serweri Şabanyň on üçünji gijesi ymmatyna şepagat dileýär - üçden biri berilýär. On dördünji gije nyýaz edýär - üçden ikisi berilýär. On bäşinji gijesi nyýaz edýär - hemmesi berilýär. Ýöne düýäniň ürküp gaçyşy ýaly, Allahdan, ýagny Kuranyň we Resulullahyň ýolundan daşlaşanlar şepagatdan mahrum galarlar.

“Şaban aýynyň on bäşinji gijesi bolanda namaz okaň, gündizine-de oraza tutyň. Çünki Allahutagala şol gün şeýle diýer: “Toba eden barmy, ýalkaýyn, istigfar edeni magfyrat edeýin. Menden bolelin ryzk dileýäne ryzk bereýin, bela-betere uçrana afyýet bereýin” (Ibni Maje).

Beragat gijesindäki namaz

Beragat gijesi okalan namaza salatü-l haýr (haýyr namazy) diýilýär. Beragat gijesi namazy 10 ýa-da 100 rekagat okalýar. Bu namazy okan kişi, şol ýylyň dowamynda dünýäden ötse, şehitlik mertebesine ýeter diýilýär.

Bu namaza şeýle niýet edilýär:

“Allahym, niýet kyldym seniň razylygyň üçin namaz okamaga, meni ilahy afuw we keremiňe ýetir. Gaflatdan, dünýe we ahyret kynçylyklaryndan halas eýle, sadyklaryň depderine ýaz, Allahu Ekber”.

Eger 100 rekagat okaljak bolsa, her rekagatda Fatyhaýy şerifeden soňra 10 Yhlasy şerif okamaly, iki rekagatda bir salam bermeli. Eger-de 10 rekagat okaljak bolsa, her rekagatda 100 Yhlasy şerif okamalydyr.

Namazdan soňra Allahyň HU ismi şerifini 11 gezek, Pygamberimiziň TAHA adyny 14 gezek gaýtalamaly.

Okaljaklar:

Istigfary şerif: 14 gezek

Salawaty şerife: 14 gezek

Fatyhaýy şerife (Bismillah bilen birlikde): 14 gezek

Aýatül Kürsi (Bismillah bilen birlikde): 14 gezek

„Lekad jäeküm...” (Bismillah bilen birlikde): 14 gezek

14 gezek „Ýasin“ diýeniňden soň, Ýasini şerif 1 gezek

Yhlasy şerif (Bismillah bilen birlikde): 14 gezek

„Kul euzu birabbil-felak...” (Bismillah bilen birlikde): 14 gezek

„Kul euzu birabbin-nas...” (Bismillah bilen birlikde): 14 gezek

„Subhanellahi welhamdulillahi wela ilahe illallahu wallahu ekber, wela hawle wela kuwwete illa billahil aliýýil azym”: 14 gezek

Salawaty şerife (Bilenleriň Salaty Münjiýe okamagy has fazylatlydyr): 14 gezek

Mundan soň doga-dileg edilýär.