بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Hasan Allatagalanyň: «Eý Taňrymyz! Bize şu dünýäde ýagşylyk, ahyretde hem ýagşylyk ber!» diýen sözi jähetinden: «Șu dünýädäki ýagşylyk ylym we ybadatdyr, ahyretdäki ýagşylyk bolsa jennetdir» diýdi.

Başy » «Zaman» gazeti » MUGALLYM WE TALYP

Mähriň üstünlige täsiri

Jemgyýet we onuň ösüşi barada ders berýän bir professor talyplaryny ýurduň çetki etraplarynyň birine iberýär we ol ýerde ýaşaýan 200 oglanjygyň şol wagtky ýagdaýyny derňäp, her bir çaganyň gelejegi barada çaklamalaryny ýazmagy tabşyrýar.

Talyplaryň ählisi diýen ýaly, düýpli derňewlerden soňra: “Bu çagalaryň geljegi barada oňyn pikir etmek mümkin däl” diýen netijä gelýärler.

Aradan ýigrimi ýyl geçýär we bu derňew işiniň hasabatlary bir saý-sebäp bilen şol ugurdan ders berýän başga bir professoryň eline düşýär. Professor öz okuwçylaryndan bu taslamany dowam etdirmegi we şol çagalaryň ahyrky ykbaly barada maglumat toplamagy talap edýär.

Talyplar ol ýerden göçen ýa-da ölen 20 çagadan başga, galan 180 çaganyň 176-synyň akyllary haýran edýän ýokary başarnyk görkezip, lukman, inžener, aklawçy ýa-da uly işewür adamlar bolup ýetişendiklerini ýüze çykarýarlar.

Professor öňki çaklamalar bilen düýbünden gabat gelmeýän bu netijäniň sebäplerini derňemek üçin, ol ýere hut özi gidýär. Birwagt geljegi garaňky-diýlip hasabat düzülen, bu gün bolsa her biri uly jogapkärçilikli wezipäniň eýesi bolan oglanlaryň ählisi bilen ýekän-ýekän duşuşyp, olar bilen has içgin tanyşýar.

Professoryň: “Şeýle kyn şertlerden nähili baş alyp çykmagy başardyňyz?” diýen soragyna berlen jogaplaryň hemmesi birmeňzeşdi: “Ýaşaýan ýerimizdäki mekdepde bir mugallymymyz bardy. Şonuň irginsiz zähmeti we yhlasy bilen....”

Professor bu mugallym bilen duşuşmak isledi. Mugallymy tapmak beýle bir kyn bolmady. Salgysyny alyp, öýüne baranda, ony onýyllyklaryň ýüzüne salan ýygyrtlaryna garamazdan, entek hem juda sagdyn görünýän bir garry zenan garşylady.

Uly bilesigelijilik bilen garry zenandan bu çagalary bezzatlyk we garagollykdan saplap, başarnykly ýetginjekler edip ýetişdirmek üçin ulanan syrly usulynyň nämedigini sorady.

Mugallymyň gözleri röwşenlenen ýaly boldy we ýüzüne ýylgyryş çaýyldy:

– Örän aňsat – diýdi. — Men ol çagalara mährimi berdim.

 

Dünýäniň iň güýçli adamlary

Dünýäniň iň güýçli adamlary kimlerkä?..

Gylawly, murty towly, äpet göwreli pälwanlarmyka?

Demiri bükýän, kerpiji kül-owram edýän, agyr-agyr ýükleri göterýän, özlerinden başga hiç kimiň başarmajak işlerini edýän rekordsmenlermikä?

Onlarça fabrikdir zawodlary bolan işewürlermikä?

Ýüzlerçe-müňlerçe kitap dörüp, ömrüni ylym-bilim ummanynda ýüzüp ötüren alymlarmyka?

Zerli çäkmenli, tylla täçli patyşalar, wezirler, hanlar, imperatorlarmyka?

Gelşikli eşikli, eginleri pogonly, başlary papakly serkerdelermikä, belki-de haýbatly generallardyr?

Ýa-da öňünden-yzyndan motosiklli, maşynly goragçylaryň gidýän, özüniň jadylaýjy owazy bilen köpleri maýyl edýän meşhur aýdymçylarmyka?...

Eziz çagalar, biler bolsaňyz, siz dünýäniň bularyň ählisinden hem has güýçli, has kuwwatly, sözi has ötgür, has hormatlanýan we sylanýan adamlarysyňyz!

Siz çagalyk müçesine mahsus bolan hereketleriňiz, sözleriňiz bilen ähli kişini özüňize maýyl edýärsiňiz, ähli kişiniň söýgüsini gazanýarsyňyz.

Pälwanlar siziň öňüňizde hormat bilen egilip, eýjejik ýaňaklaryňyzdan öpýär.

Serkerdeler sizi mähir bilen gujagyna alýar, hal-ýagdaýyňyzy soraýar, islegleriňizi ýerine ýetirýär.

Hatda daş ýürekler, buz baglan ýüzler hem siziň ýylgyrýan gözleriňizi görüp, sähelçe hem bolsa ýumşaýar.

Uly işewürler, haýyrsöýer baýlar siziň üçin ähli baýlygynyň, hazynasynyň gapylaryny giňden açýar; siziň üçin çagalar baglaryny, mekdepler, parklar, saglyk ojaklary, gurýarlar.

Döwlet ýolbaşçylary we işgärleri siziň ýüzüňiziň hemişe gülüp durmagyňyz üçin, size röwşen geljek taýýarlamak üçin uly işler edýärler; siziň kämil ylym-bilim almagyňyz, saglygyňyz, geljegiňiz barada aladalanýarlar.

Ene-atalaryňyz siziň üçin ertirden agşama der dökýär, ýeri gelende ukusyz galýarlar, size gowy zatlary iýdirmek, gowy egin-eşikleri geýdirmek üçin gije-gündiz ylgaýarlar.

Terbiýeçiler, mugallymlar size iň ýokary derejede ylym-bilim bermek üçin zähmet çekýärler.

Parklarda, bazarlarda satyjylar siziň halaýan süýjüdir kökeleriňizi, oýunjaklaryňyzy, okuw esbaplaryňyzy satýarlar.

Biler bolsaňyz, biziň – şu eliňizdäki gazeti taýýarlanlaryň hem maksady size hyzmat etmek, siziň dünýägaraýşyňyzyň giňemegine we ene-ataňyza, halkymyza, Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmegiňize öz goşandymyzy goşmak.

Çünki siz hemmäniň başynyň täji, gözüniň guwanjy, köňül bossanynyň datly miwesi, milletimiziň ertirki gününiň umudy, berkarar ýurdumyzyň geljekki eýesi we goragçylarysyňyz.

Mähriban çagalar!

Size bildirilýän şeýle uly ynama, görkezilýän söýgi we mähire mynasyp bolmaga çalyşyň; ylymly-bilimli, kämil ahlakly, giň dünýägaraýyşly, iline we Watanyna peýdaly adamlar bolup ýetişmegi maksat ediniň. Munuň üçin-de ene-ataňyzyň, mugallymlaryňyzyň öwütlerini diňläň, köp okaň, köp zat öwreniň we öwrenenleriňizi amal ediň.

 

Ruhy dünýäsi göze alynmadyk nesiller

Bir adam Resulallanyň (s.a.w.) ýanyna baryp:

“Kime ýagşylyk edeýin, ýa Resulalla (s.a.w.)” diýip soraýar. Allanyň resuly (s.a.w.) oňa:

“Ejeň bilen kakaňa...” diýip jogap berýär.

Ol adam ene-atasynyň dünýäden ötendigini aýdanda Pygamberimiz (s.a.w.):

“Onuň ýaly bolsa, çagalaryňa ýagşylyk et!... Sebäbi olaryň hem seniň üstüňde edil ene-ataňky ýaly haklary bardyr” diýýär.

Ene-atanyň çagalarynyň öňündäki borçlarynyň iň möhümi, şübhesiz, olara ynançlaryny öwretmek, yslam terbiýesi bilen terbiýelemegiň aladasyny etmekdir. Ene-ata bu borçlaryny ýerne ýetirmedik halatynda, köplenç bu dünýäde ruhy dünýäleri göze alynmadyk çagalarynyň jebir-jepalaryna döz gelmeli bolýarlar. Şunlukda, ahyretdäki ylahy azapdan ozal, bu dünýäde-de nagt jeza duçar bolýarlar.

Çagasynyň dini durmuşyny göz öňünde tutmadyk, yslam terbiýesini bermedik ata bir gün saçak başynda kiçi oglundan suwly grafini geçirmegini soraýar. Ene-atanyň sözüni diňlemegiň nämedigini-de bilmeýän ogul:

“Kaka! Grafin öňüňde dur ahyryn, guýup içibersene” diýýär.

Inisiniň beýle gödek jogabyna “gaharlanan” beýleki ogly şeýle diýýär:

“Kaka! Ol ogluňdan gyşyň güni gar alyp bolmajagyny bilýäň-ä! Grafin öňüňde dur. Özüňkä guýup, maňa-da äbersene...”

Hawa, çagalaryna terbiýe berip bilmedik adamyň düşjek ýagdaýy şudur. Kim näme ekse, şonuň hasylyny hem ýygýandyr. Çaganyň dini duýgulary göze alynman, diňe bir medeni terbiýe bilen ýetişdirmegiň ýeterlik boljakdygyny pikir etmek uly ýalňyşlyk bolar.

Bir dana çagasyny dini terbiýeden mahrum edip terbiýelän bir ata:

- Netijede bularyň saňa peýdasy degmez. Çagalaryňa ene-atany diňlemelidigi barada yslam terbiýesini ber, bularyň ruhy dünýäsi barada-da alada et. Ýogsa bular soň seniň başyňa dert bolarlar – diýip nesihat berýär. Gapyl ata şeýle jogap berýär:

- Men çagalaryma uly baýlyk miras goýup gidýärin. Olar bu miras üçin maňa ömürbaky minnetdar bolup, alkyş okarlar.

Bir gün ol dana bilen şol adamyň uly ogly arasynda şeýle gürrüňdeşlik bolup geçýär:

- Kakaňyz dünýeden ötse, size uly baýlyk galar, şeýle dälmi?!

- Öz ajalyndan ölsemi ýa-da başga biri öldürsemi?

- Öz ajalyna ölmegi bilen başga biriniň öldürmeginiň arasynda näme tapawut bar?

- Tapawut bolmazmy? Öz ajalyna ölse, diňe mirasy bize galar. Başga biriniň öldüren ýagdaýynda, arz-şikaýatdan ýüz öwrüp, ganhordan-da köp mukdarda pul alardyk...

Dana bu gürrüňi bolşy ýaly ogullaryň kakalaryna ýetirip, oňa:

- Eger bir gün başyňa şeýle betbagtçylyk gelse, Allanyň huzurynda munuň sebäpkäri bolan ogullaryňy arz-şikaýat etmäge hakyň bolmaz. Sebäbi, olary bu halata düşüren sensiň. Yslam terbiýesini bermezlik bilen, wyždanlaryny oýarmazlyk we köňüllerine Alla gorkusyny salmazlyk bilen olary bu ýagdaýa sen sezewar edensiň... – diýip, dost nesihatyny berýär.

Lälik çagalar

Çagalar durmuş şertlerine görä geljege taýýarlanmalydyr.

Durmuş bolsa hemişe bol-elinlikde geçmeýär.

Käbir danalar ynsan ýaşaýşyny pasyllara meňzedýärler. Durmuş käte ýaz, käte gyş, käte bahar, käte-de güýz ýaly geçer. Her pasla ol paslyň şertlerine laýyklykda taýýarlanmalydyr. Diňe bir paslyň şertlerine öwrenişen ýyly ýurtlarda ýaşaýan adamlar dört pasylyň hem öz gözelligi bilen gelýän ülkämiziň yklym şertlerine uýgunlaşmagy kyndyr. Çünki, olar diňe tomus paslynyň şertlerine öwrenişendirler.

Baý maşgalalarda ýetişen ýaşlaryň has soňra durmuşda kynçylyk çekmekleriniň sebäbi hem budur. Ene-atalarynyň olar üçin taýýarlan rahat durmuşy bu çagalary läliksiredýär, bu sebäpden-de, durmuşyň geljekki kynçylyklaryna, synaglaryna taýýarlanmaýarlar. Çagalyk günleri bir eli ýagda, bir eli balda geçýär.

Çaga ne çakdanaşa läliksiredilmeli, ne-de gorkuzylyp, gözüniň ody alnyp, ýygra halda ýetişdirilmelidir.

Belki-de, iň dogrusy, bu iki usulyň ortasynda bir ýol tapmaly; ýagny, çaga öwgä laýyk iş etse öwüljegini, ýeri gelende-de jezalandyryljakdygyny bilmelidir.

Berk düzgün-nyzamly adam hökmünde tanalýan bir atanyň ýörite saklaýan itleri hem bar eken. Itleri bilen oýnap wagt geçireninde şadyýanlygyny gizläp durmaýan, emma çagalarynyň ýanynda özüni agras alyp barýan atanyň bu halyny geňirgän goňşulary ondan munuň sebäbini sorapdyrlar:

- Goňşy, sen çagalaryň bilen gürleşeniňde özüňi çrän çynlakaý, agras alyp barýarsyň, ýeri gelende olara gaharlanýarsyň, olara duýduryş ýa temmi berýärsiň. Emma, şu wagta çenli itleriň bilen oýnanyňda gaharlananyňy görmedik. Itleriňe bolan beýle mähremligiň sebäbi näme?

Tejribeli ata şu jogaby beripdir:

- Itlerimi adam edip ýetişdirmek aladam ýok, ynha onuň sebäbi şu.

...

Hawa, siz hem adam bolup ýetişmegini islemeýän çagalaryňyza çakdanaşa mähremlik görkeziň, olaryň lälik hereketlerini görmezlikden geliň, ata-enesinden çekinmejek hala getiriň, bir eli ýagda, bir eli balda – bolluk içinde ýüzdüriň... Bu ene-atanyň perzendine edip biljek iň uly erbetligidir.

Uruş ýyllarynyň gahatçylygyny gören garry daýzalar bardyr. Wagtal-wagtal olaryň, çagalaryň ol ýere-bu ýere taşlan gury çöreklerini ýygnap, çörek owuntyklaryny çöpleşdirip ýörüşlerini görersiňiz. Näme üçin beýle edýärler? Çünki, wagtynda nanyň – duzuň gytlygyny görendirler, mahrumlygyň ejirini çekendirler, şonuň üçin...

Emma rahatlyk içinde ýetişen we isrip etmäge öwrenişen ýaşlarda bu düşünje ýokdur. Belki olar, bu rahatlygy hem az görüp, şükürsizlik ederler.

Bularyň ählisi-de maşgala göreldesi we terbiýesi bilen baglanyşykly meselelerdir. Her bir maşgalada perzentleriň terbiýesine çynlakaý çemeleşilmelidir. Çörek bilen, eşik bilen, sowalga bilen üpjün etmekden başga perzendiniň öňünde ikinji bir borjy bardyr öýtmeýän, olaryň ruhy ýagdaýyny, tälim-terbiýesini ahmal edýän ene-atalar örän uly ýalňyşlyk goýberýärler. Çünki, ene-atanyň iň esasy wezipesi, perzendine kämil ahlak terbiýesini bermek, onuň milletine, Watanyna, külli adamzada haýyrly ogul-gyz bolup ýetişmegini gazanmakdyr.

Mugallym we talyp

Mugallym we talyp… Her ikisi-de medeniýetimizde aýratyn orny bolan, halk içinde hormatlanýan, muazzez (ezizlenýän), hatda mukaddes saýylýan ynsanlardyr. Mugallymlar barada Allanyň Resuly (s.a.w.) şeýle diýýär:

“Nadanlaryň arasynda alymyň bolmagy, ölüleriň arasynda diriniň bolmagy ýalydyr!”

Başga bir hadysynda-da: “Alymyň ukusy nadanyň (nepil) ybadatyndan haýyrlydyr” diýmek bilen, alymlaryň, ylym öwredýänleriň halk arasyndaky we Allanyň öňündäki mertebeleriniň nähili ýokarydygyny bildirýär.

Ýene bir hadysda ylym öwrenýäniň, ylym talap edýäniň – talybyň gadyry beýän edilýär:

“Kim dowzahdan halas bolanyň ýüzüni görmek islese, talebe-ýi ulumyň (talybyň) ýüzüne seretsin!”

Görşüňiz ýaly, nadanlyk ölüm bilen, ylym bolsa dirilik bilen deňeşdirilýär; nadanlaryň arasynda ylymly adamlaryň bolmagy, ölüleriň arasynda dirileriň bolmagyna meňzedilýär.

Eýsem, ýokardaky hadyslarda gürrüň haýsy alym we talyp barada barýar? Talyplarynyň aňyny olaryň milli we dini ynanç esaslaryna düýbünden ters gelýän çüýrük nazaryýetler, zyýanly pikirler bilen bulaşdyrýan, jemgyýete hiç hili peýdasy bolmadyk  gürrüňler we gybatlar bilen ylym aşygy ýaşlaryň gymmatly wagtlaryny ogurlaýan, isrip edýän, olaryň ylym öwrenmeklige bolan höwesleriniň öçmegine sebäp bolýan alymlar baradamy? Ýa-da olaryň ýetişdiren diňe öz bähbidiniň aladasyny edýän, iliň maňlaý deriniň hasabyna ýaşamagyň, ýurdy çürkemegiň ýollaryny gözleýän talyplary baradamy?

Ýok, elbetde ýok! Milletiň saýlantgy ogullarynyň gymmatly wagtlaryny netijesiz gürrüňler bilen bisarpa geçirýänlere, olara erbet görelde bolýanlara ukusy ybadatyndan haýyrly alymlar diýip bolmaz!

Şonuň ýaly-da, ylym ojaklaryny bidüzgünçiligiň, haramlygyň, keýpi-sapanyň mesgenine öwürmek isleýänler-de dowzahdan azat kylnan talyp hasaplanyp bilinmez.

Bir adam:

- Ýa Resulullah! Ýer ýüzünde ynsanlaryň iň şerlisi kim? – diýip soranda, Allanyň Resuly (s.a.w.):

- Ynsanlaryň şerlisi, başbozarlyk edýän alymlardyr! Bu alymlaryň päliniň azmagy bilen, tutuş älemiň päli azar. Şeýle bir wagt geler, hakyky alymlar gutaryp, azgyn alymlar köpeler. Olar öz talyplaryny kämilleşdirmegiň ýerine, ýoldan çykararlar! – diýip jogap berýär.

Özüni alyp barşy, sözleri bilen ýokardaky hadyslarda öwgüsi ýetirilýän alymlardan birnäçesi bilen duşuşmak, olardan sapak almak maňa-da miýesser edipdi. Olardan käbiriniň adyny agzamaly bolsa, ilkinjileriň hatarynda Süleýmaniýe mesjidiniň ymamy merhum Hajy Sadyk mugallymy mysal getirmek bolar.

Bir gün Süleýmaniýe mesjidiniň ymam otagynda birnäçe talyba tefsir dersi berip otyrkam, Sadyk mugallym içeri girdi. Talyp okadýanym üçin maňa aýratyn sarpa goýýardy. Bize ýylgyryp seredip:

- Ylym öwrenýänler üçin gökde perişdeler, ýerde haýwanlar, deňizde-de balyklar istigfar eder – diýdi.

Ýadap geleni bellidi. Ders gutaryp, talyplar öýli-öýüne gaýdansoň, öz mylaýym äheňi  bilen maňa ýüzlenip:

- Oglum! Senem indi daşary çykaýsaň... Men şu ýerde biraz aýagymy uzadyp, ýadawlygymy gidereýin – diýdi. Men hem ýylgyryp:

- Baş üstüne mugallym! Siz arkaýyn dynjyňyzy alyň. Alymyň ukusy nadanyň ybadatyndan haýyrlydyr. Siz uky halynda ybadatyňyzy edýärkäňiz, men hem şujagaz burçda oturyp, şu kitapdan bir meselä seredeýin – diýdim.

Sadyk mugallym:

- Ahmet, oglum, men seniň ýanyňda aýaklarymy uzadyp ýatyp bilmen! Çünki sen Kuran öwrenýärsiň. Kalbyňda Kuran-y Kerimden ýatlan süreleriň bar. Şonuň üçin seniň ýanyňda aýagymy uzatmagy aýyp saýýan, sen bärde otursaň men ýatyp bilmen! – diýip jogap berdi.

Maňa indi ol ýerden çykaýmakdan başga ýol galmandy.

 

Eger maňa “Islän käriňi saýla” diýseler...

Käteler öz-özüme: “Eger maňa “islän käriňi saýla, şol kär saňa berler” diýseler, haýsyny saýlardyň?” diýip soraýaryn. Her gezeginde-de, hyýalymda dörän bu sowala, säginmän, “Mugallym bolmagy saýlardym!” diýip jogap berýärin.

Käteler-de, öz ýanymdan, “Şeýle kän kär-hünäriň arasyndan näme üçin ala-böle mugallymçylygy aýratyn söýýärkäm?” diýip oýlanýaryn.

Ýaş nesle mugallymyň täsiri ene-atanyňkydan hem has güýçli bolýar. Nesiller mugallymyň tälim-terbiýesi esasynda aňlary bekäp, dünýägaraýşy giňelip, dogrulyk we halallyk ýoluna düşüp, jemgyýetde öz mynasyp ornuny tapýar. Hadyslardan birinde ömrüniň dowamynda ýekeje adamyň dogry ýola düşmegine sebäp bolan ynsanyň ýaşaýşynyň many gazanýandygy aýdylýar. Saýlap alan käriniň öz üstüne ýükleýän jogapkärçiligine oňat düşünýän mugallym bolsa, bir däl, bäş däl, belki, müňlerçe çaganyň dogry ýola düşmegine, jemgyýete peýdaly ynsan bolup ýetişmegine sebäp bolýar. Bir adamyň dogrulyk ýoluny saýlamagyna sebäp bolan adam Hakyň huzurynda munuň sylagyny aljak bolsa, müňlerçe ýaşlaryň nadanlyk tününde we haramlyk girdabynda bogulmagynyň öňüni alyp, olary Hakyň ýoluna, halkyň ýoluna gönükdiren mugallym şol huzurda has ýokary sylaga we hormata mynasyp bolmazmy?

Gündogaryň belli alymlaryndan Ebul-leýs:

- Jeň meýdanynda Watan topragyny duşmandan halas etmek üçin söweşip jan beren adam şehit bolar-da, aňlardaky, kalplardaky imany goramak üçin hyzmat edýän mugallym şehit bolmazmy? Ýagny, imany halas etmek hem topragy halas etmek derejesinde mukaddes dälmi?” – diýip, mugallymçylyk käriniň mukaddes kärdigine ünsi çekýär.

Ýaş nesle ynsanyň aslynyň maýmyndan däl, adamdandygyny - Hezreti Adamdandygyny öwretmek hem imany halas etmegiň, ynsan ýetişdirmegiň bir usulydyr.

Hz. Omarň aýdyşy ýaly, ynsan üçin iň uly, iň sogaply iş – adam ýetişdirmekdir. Ýaşlaryň ahlakly, il-ýurduna peýdaly, haramyň ähli görnüşlerinden uzak adamlar bolup ýetişmegi üçin edilen çykdaýjylaryň hiç biri-de netijesiz däldir.

Hz. Omar bir gün töweregindäkilerden:

- Aýdan dilegiňiz bada-bat kabul bolar diýseler, Alladan näme dilärdiňiz? – diýip soraýar. Her kim bir hili jogap berýär. Kimi sähralara sygmaýan goýun, geçi, düýe islese, kimisi-de sandyk-sandyk altyn-kümüş isleýär. Bu baýlyk bilen halka – ähli musulmanlara hyzmat etjekdiklerini aýdýarlar. Halyfyň bu jogaplardan kanagatlanmandygyny görenler, şol bir sowaly onuň özünden soraýarlar. Hezreti Omar:

- Rebbim meniň dilegimi kabul edip, islän zadymy bersedi, dinime hyzmat üçin ne sandyklap altyn islärdim, ne-de kümüş. Men Rebbimden Ebu Ubeýde, Salim, Muaz... ýaly kämil adam islärdim, adam! – diýip jogap beryär.

Ynha, mugallymam hem kämil adamdyr, hem-de kämil adamlar ýetişdirýän adamdyr.