بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Meniň size bäş sany weset galdyrasym gelýär. Șolary ýerine ýetiren kişi ýagşyzadalaryň hataryna goşulyp biler. Birinjiden hiç biriňiz Alladan başgadan dileg etmäň, tamakin hem bolmaň! Ikinjiden Alladan çe¬kinmän günä iş etmekden gorkuň! Üçünjiden nämedir bir zat hakynda soralanda, bilmeseňiz, «bilemok» diýmäge utanmaň! Dördünjiden bilmeýän zadyňyzy başga birine öwretjek bolmaň! Bäşinjiden sabyr-takatly boluň! Başsyz göwräniň bolmaýşy ýaly, sabyrsyz-takatsyz hem iman bolmaz. Başsyz göwreden bolsa hiç hili haýyr ýokdur.

Başy » «Zaman» gazeti » MUHAMMET PYGAMBER (S.A.W.)

Diňe Gül hakda ...

On dört asyr öňdi, gijedi – tündi. Çölde aýyň on dördi bir ýetim dünýä indi.

Bahardy... Daşarda, gumlar üstünde gahry-da, zähri-de lezzet diýip ýuwudýan ynsanlar bardy... We zulmatly zamananyň gysajynda, daş baglan ýürekler gaýalara barabardy.

Bahardy... Içerde, Eminäniň gujagynda nura ýugrulan bir Gül bardy. Nijema ýyldyr garaşylan ýar, meger, ol ýardy. Adamzada buşlanan bagtyýarlyk çagy, ynha, şol çaglardy. Eminäniň dodaklarynda “Gülüm!” jümlesi tekrar-be-tekrardy...

Barlyk bossanynyň solmajak Güli!

Seni hoşniýetiň çäksizligi bilen tanadyk, eý Nebi! Ýyllar boýy Mekgede jepalara döz geldiň; heniz, saňa ynananlaryň sany juda ujypsyzdy. Birnäçe ýyl soňra, Bedir meýdanynda ýanyňda üç ýüz, Uhuda çykanyňda-da şonuň üç essesidi saňa köňül berenler.

Gula gulluga gurban gidenleri içine düşen girdaplaryndan halas etmek üçin şeýle bir jan edýärdiň welin, gökden ylahy duýduryş inipdi: “Ynanmaýarlar diýip, özüňi heläk edýärsiň.”

Şeýle bir ömür ýaşadyň welin, ömrüňe kast etmek niýeti bilen ýanyňa gelenler, sende ömür tapyp yzlaryna dolandylar.

Saňa myjabat atmagy özüne borç bilen Ebu Jehiliň golundan tutmak üçin gapysyny torç edipdiň, bu-da ýetmeýän ýaly, gollaryňy açyp, onuň üçin Rebbiňe ýalbarypdyň.

Girdaba düşenleriň, girdabyň erňegindäkileriň golundan tutmagy özüňe wezipe bilipdiň. Munuň garşylygynda göz öňünde tutan şahsy bähbidiň ýokdy. Nadanlar gadryňy bilmese-de, çeken jepaň garşylygyny Rebbiň Saňa berjekdi. Dişiňi döwdüler; mübärek ýüzüňde ýylgyryşyňy kemeltmediň. Başyňy ýaranlara köňül gapylaryňy açdyň. Seni daşlanlaryň üstünden perişdeler azap indirmek islänlerinde, olaryň nesilleri göz öňüňde janlandy we gollaryňy açdyň: “Geljek nesilleriniň arasyndan, ýüz ýyl soňra hem bolsa, bir kişi Haka ýöneljek bolsa, şol nesliň hormatyna azabyňy indirme, Rebbim!”

Dogduk mekanyňy zyýarat etmek isläniňde, ýoluňy kesdiler. Küpüre wekilçilik edýänleriň dişleri gyjalgy, gylyçlary gynyndan çekilgidi. Ýanyňdakylaryň seniň ugruňda jandan geçmäge taýyardyklaryna garamazdan, sowukganlylygy we sabry elden bermediň, parahatçylykly ýoly saýladyň. Gökden inen beýan seniň bu saýlawyňy “Ýeňiş” diýip atlandyrdy. Aradan ýyllar geçdi, Saňa Hudeýbiýedäki şol güni zäher etmek islän Süheýl, gurbanlyk kesýärkäň, ýanyňdady. Saçyň birnäçe tary ýere düşüpdi we Süheýl teberrik diýip şol tarlary ýygnaýardy, ýüzüne-gözüne sürmek üçin!.. Kynçylykdan gorkmadyň, kyna döwtalap bolduň, munuň hikmetine nijema kynçylyk döredenler huzuryňa gelip dyz çökenlerinde göz ýetirdik.

We bir gün, wada berlişi ýaly, emin-arkaýyn Mekgä gireniňde, endişe edenlere, howsala düşenlere aman berdiň. Ýusup nebi kibi alyjenaplyk görkezdiň we hoşniýetlik yklymyňyň ýylysyna eretdiň buz baglan ýürekleri. Ilki, muňa ynanaslary gelmedi; çünki özleri seniň ýeriňde bolsady, howadan hem mahrum etmek islärdiler, ýeňlen tarapy.

Saňa ýaşaýşy zäher-zakgum edenler alyslara gaçypdy, ol gün. Olary-da ganatlaryň astyna almak üçin, yzlaryndan ilçiler iberdiň; saňa duşmanlyk eden-de bolsalar, olaryň ebedi ýok bolup gitmegiň laýynda – küpür batgalygynda bogulmaklaryny islemediň. Çünki sen ynsanlardan ar almak üçin däl, ýaşatmak üçin, adamzadyň gözýetiminde Kuýaş bolup dogulmak, Hak we hakykat güneşiniň çogy bilen gyşlary bahara öwürmek üçin gelipdiň. Saňa, seniň ýoluňdakylara ynanmak islemeýänler boldy; ynamsyzlyk bilen, şübhe bilen seretdiler. Seni ýaradanyň razylygyndan başga garaşýan zadyň bolmasa-da, her hereketiň, her işiň yzynda haýsydyr bir maddy maksat, şahsy bähbit bardyr öýtdüler. Emma, sen, bihasap baýlyk, hökmürowanlyk teklip edenleriň gözleriniň içine seredip, “Bir elime Aýy, beýleki elime Kuýaşy berseňiz, ýene ýolumdan ýüz öwürmen” diýeniňde, köpler buz üstünde tozan gözleýändiklerine düşünipdiler.

Güle söz bereliň!

Güle söz bereliň, amal depderlerimizdäki garalary aklajakdygymyza... Söz bereliň içimizdäki kirleri päklejekdigimize...

Aç bir garny doýuralyň, Gülüň hormatyna; Hakyň hem guşlary ryzyklandyrýandygyny ýada salyp... Kyn gündäki dostuň dadyna ýetişeliň, älemiň buýsanjy Gülüň hem şeýle edendigini ýatlap... Haýyrly işleriň başyny tutalyň, “güller” ekeliň bu dünýäde, hasap gününde ýüzlerimiz gül açar ýaly. Ilki bolup biz salam bereliň, biz gujak açalyň sözümiz azaşana, “Mümin müminiň doganydyr” diýen Gülüň hatyrasy üçin. We aglalyň, Gülüň hesreti bilen. Päklesin bagrymyzyň pasyny göz ýaşlarymyz... Gözlerimiz ahyrky ýola ýumulmanka, günälerimize we hatalarymyza puşmanymyzyň alamaty bolan bir-iki damja hem bolsa... Bir-iki damja hem bolsa, sowgat edeliň Güle!

Damjalar

“Eger dynuwsyz Gülüň waspyn eder bolsam, ýüzlerçe kyýamat geler-geçer-de, Onuň waspy ýene gutarmaz” diýýär, Möwlana. Dil we galam tarypyny ederden ejizdir Gülüň. Bagtyýarlyk asryndan bu güne deňiç sansyz galamlar Güli beýan etdi, olaryň beýanlary jiltleri we kitaphanalary doldurdy. Bihasap diller Güli taryplady şygyrlarynda. Adyna “na:t” diýdiler, gülüň waspyn ýetirdiler; “tazarru” diýdiler, Güle sygyndylar. “Siýerlerde” ömrüni beýan etdiler, “şemaillerde” sypatlaryny sanadylar. “Hilýe” ýazdylar, Oňa bolan söýgülerini beýan etmek üçin. Mukamlar düzdüler, namalar aýtdylar ymmatynyň Söýgülisiniň şanyna...

***

“Eý, gül yşgynda ýanan bilbilim!

Umydyň ýitirme bu gülüstanda, dowam et ýoluň,

elbet, bir gün ýetersiň wysalyna gülüň!

Tikenleriň jepasyna sabyr kyl, wysal arzuwy bolsun teselliň!”

***

“Kimler “Gül” diýdi, ömür boýy güldüler;

Kimler “Gül” diýdi, gül ugruna öldüler.”

 

Senemmi?..

Ýazygyna düşünip, ony düzeltmek; pikirleriniň, hal-hereketleriniň ýalňyş bolup biljekdigini başdan kabul edip, başgalaryň hem sözüne gulak asmak; nesihat diňlemek we ondan netije çykarmak ýaly gözel häsiýetden mahrum adamlar özlerine gönükdirilen tankyt we duýduryşlara pitiwa etmezler. Bular bilen bir hatarda, öz nebsini yzygiderli hasaba çekip durýan duýgur ruhlar hem bardyr. Wyždany garalmadyk şeýle ruhlara bir söz, bir yşarat, bir hereket, hat-da bir üm hem köp zady aňladýar. Käte kimdir biriniň ýüzüni kesä sowmagy ýa-da gaşyny çytmagy olara suwasalma ýenjilmekden has agyr gelýär. Mugallymyndan iýen şarpygynyň yzyndan heniz hem ýyrşaryp duran okuwçy bolşy ýaly, söýgüli mugallymynyň ýüzüni garaltmagy we diňe “Senemmi?” diýen sözi bilen ýaňaklary çym-gyzyl bolýan çagalar hem bardyr.

Ynha, bir şöhlede tutuş Kuýaşy görýän we bir jümleden jilt-jilt many çykarýan ynsanlardan biri-de Büreýde el-Eslemidi.

***

Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem - s.a.w.) Mekgeden Medinä hijret edende, müşrikler Ony (s.a.w.) tutup getirene ýüzlerçe düýe, mal-mülk wada beripdi. Baýlyk arzuwyndaky ençeme adam Onuň (s.a.w.) gözlegine çykypdy. Özlerini küpürden halas edip, Hakykata ýöneltmek üçin dünýä inen Ýol görkezijini öldürmek niýeti bilen ýola düşenleriň biri-de Büreýdedi. Pygamberimiz (s.a.w.) Kuba baranynda, goly gylyçly Büreýde-de gelip ýetipdi. Aralarynda birnäçe ädim galanynda Hz. Ebu Bekir (Alla ondan razy bolsun! – r.a.) Allanyň Resulynyň daşynda perwana bolupdy. Resulullah “Edýäniň näme?” diýip soranda, gözi ýaşly sadyk dost “Saňa zeper ýeter öýdüp gorkýan, ýa Resulullah!” diýip jogap beripdi. Älemlere rehmet diýlip iberlen Nebi (s.a.w.): “Gam çekme, eý Ebu Bekir, Alla biziň bilendir” diýip dostuny teselli edipdi.

Büreýde has golaýlaşyp, aralarynda bir gylyçlyk uzaklyk galýar. Ol gylyjyny gynyndan çekip, ýokary göterýär we ýaňy aşak indirjek wagty, Älemleriň Serweri (s.a.w.) sähelçe yzyna öwrülýär. Nazarlaryny Büreýdäniň nazarlaryna dikýär. Göz-göze gelýärler. Göräýmäge, ýekeje bakyşdy. Emma garşydaky ynsaply we kalby duýgur bolansoň, şol bakyşda giden manyny okapdy. Hakyň Resuly oňa: “Senemmi, eý Büreýde?! Men sany tanaýardym. Sen asylly adamdyň. Ýogsam, senem bu dünýäniň mal-mülküne, zynatyna ynandyňmy? Senem seni diriltmäge geleni öldürjek derejede aldandyňmy? Senemmi?..” diýipdi.

Büreýde ilki saklanýar. Soňra-da, başyndaky sellesini  çözüp, ony gylyjynyň ujuna daňýar. Nebiler Serwerine ýakynlaşýar. Elini kükregine urup, göz ýaşlary içinde “Menem, ýa Resulullah, menem. Seniň ýaly Pygamber Medinä tugsuz girmesin; men seniň tugdaryň bolaýyn” diýýär. Şunlukda, Büreýde Resulullahyň ilkinji tugdary, gylyjyň ujuna daňlan şol selle hem ilkinji tug hökmünde yslam taryhyna geçýär.

***

Eý Nebi (s.a.w.)!

Sen on dostuňa, heniz dirikäler, jenneti buşlapdyň. Bize hiç kim jenneti buşlamady. Emma, jennetde pygamberleri hem haýrana goýjak ymmat bolmak buşlugyny aldyk, Senden. Biz, “Doganlarym” diýen ymmatyň bolup bilerismi? Pygamberleri hem haýran galdyrjak amallar işlemegi başararysmy? Biz üstümize düşen borçlarymyzy ýerne ýetirmesek-de, Sen ýene-de bize eýe çykyp, “Olar meniň ahyrzamandaky ymmatym” diýermiň? “Doganlarym” diýip bize ýene-de gujak açarmyň, ýa Resulullah?

Seni pygamberligiňden öň hem “Emin” – ynamdar diýip tanaýardylar. Seniň ýalan sözläniňi, wadaňdan döneniňi, wepaňa ikilik edeniňi gören bolmandy. Biz bularyň hiç birinden gaýtmasak hem, gazanjymyzda halal-haram parh goýmasak hem, “Ynsanlar arasynda bir ynsan bolmalydygymyzy” unudyp, özgeleriň depesinden seretsek hem, ýene Seniň şefagatyňdan umydygär bolup bilerismi?

Rebbiňden ymmatyň üçin şefagat soranyňda, “Sen aralaryndan gaýdanyňdan soňra olaryň nämelere baş goşandygyny bir bilsediň, ýa Muhammet!” duýduryşyny eşidip, hyrçyňy dişlän ymmatyň bizmi, ýa?... 

Ertirki gün, ymmatyna söýgüsi çäksiz bolan Resulullahy ahmyrda goýmazlyk, Onuň ymmatyna bolan ynamyny puja çykarmazlyk üçin, geliň, özümize şu sowallary bereliň we Horosana gelip, Merwde dünýeden öten sahaba Büreýde el-Eslemi kibi, olardan netije çykaralyň:

- Senem nebsiň we şeýtanyň toruna düşdüňmi? Senem haram-halal tapawutlandyrmazdan baýlyk ýygnamak arzuwynyň, şöwketiň guly bolduňmy? Amal depderiňi Rebbiňi razy etjek haýyrly amallar bilen doldurmaly çagyňda, ömrüň baharynda senem ýaltalyk we nadanlyk derdine uçradyňmy? Senemmi?..

 

Hz.Muhammet pygam­berlikden öň hem pygamber ýaly ýaşapdy

Hz. Muhammediň çagalygy-da, ýaşly­gy-da, ömrüniň ähli pur­satlary-da pygamberlik wezipesiniň basgançaklary ýa­lydy. Bu sebäpli hem ony tana­ýanlaryň köpüsi, pygamber­ligini yglan eden badyna, Oňa ynanyp, boýun boldular.

 

Ol Ynamdardy

Ol ömründe bir gezek hem ýalan sözlemändi. Örän ähmi­ýetsiz, ýönekeý dünýewi mese­le­lerde hem asla ýalan sözle­me­dik Hz. Muhammediň Pygam­berlik ýaly juda wajyp mese­le­lerde ýalan sözlemegi asla müm­kin däldi. Muňa şol döwrüň adamlarynyň hem köpüsi dü­şün­ýärdi. Hemme kişi bolmasa-da, keçjallyk we görüplik ke­selinden saplananlar, derrew musulman bolýardy. Onuň ýaşan döwri “Garaňkylyk” döwrüdi. Emma bu onuň şahsy durmuşy babatda asla beýle däldi. Sebäbi, Onuň durmu­şynda asla garaňky döwür bolmandy. Ol ynamdar adamdy. Ony hemme kişi hem şeýle tanaýardy. Ol şeýle emin, ynam­dar adamdy welin, sapara çykjak adamlar, öz maşgalalaryny ikirjiňlenmän,  Pygamberimiziň (s.a.w) öýünde amanat goýup gidip bilýärdi. Şol döwürde haýsydyr bir gadyr goýýan närsäňi ynamdar birine amanat goýjak bolsaň, gaýgy etmän, Pygamberimize (s.a.w) gow­şuraýmalydy. Şonda siziň zadyňyza guş gondurylmazdy. Haýsydyr bir mesele barada hakykaty bilesiňiz gelse-de, göni Onuň ýanyna ylgardyňyz we Onuň maslahat we pikir­lerine görä netije çykarardyňyz. Sebäbi Ol ömründe bir gezek hem ýalan sözlemändi.

Delil gerekmi? Ine, ol Ebu Kubeýs depesine çykyp, daş-töweregindäkilerden: “Şu dagyň aňyrsynda bir goşun siziň üstüňize hüjüme gelýär diýsem, maňa ynanarmy­dy­ňyz?” diýip soraýar. Ähli kişi bir agyzdan: “Hawa, ynanarys. Çünki seniň hiç ýalan sözläniňi görmedik” diýip jogap berýär. Muny diýenleriň arasynda Ebu Jehil we Ebu Leheb ýaly Onuň iň ýowuz duşmanlary hem bardy. Ýöne hemmesi hem Onuň dogry sözlüdigini bir agyzdan ykrar edipdiler. Hz. Muhammet (s.a.w.) heniz ejesiniň göwresindekä,  kakasy dünýeden ötüpdi. Bäş-alty ýa­şyna ýetende, ejesi hem ýagty jahan bilen hoşlaşypdy. Mun­dan soňra ol atasy Abdul­mut­talibiň hemaýatynda bolupdy. Sekiz ýaşyny heniz dolduryp-doldurmanka, atasy-da ýoga­lypdy. Göýä ykbal ony ähli ýakynlaryndan jyda düşürip, bütin durky bilen Allaha boýun bolmaga taýýar­laýan ýalydy. Oňa delalat etjekleriň ählisi ýekän-ýekän gidipdi we Ol onsoň diňe Beýik Biribara sygynmaly bolýardy. 

Onuň dünýä inmegine sebäp bolan ene-atasynyň at­larynyň many­syna seredip ge­çeliň. Abdullah– Allahyň guly diýmek, Amine bolsa – ynamdar we dogruçyl aýal diýmek. Hawa ol päk-arassa maş­galada dün­ýä inipdi.  Bulara ýöne “Şeýle bo­laýandyr-da” diýip, per­waý­syz garap bolmaz. Çünki, bu sebäpleriň arkasynda Allahyň isleg we emri bardyr.

 

Ol ýetim ulaldy

Ol ýetim ulalýar. Geljekde, gerdenine agyr jogapkärçilik ýüklenjekdi. Şonuň üçin-de, çagalykdan taýýarlyk görmelidi. Baýlyk bilen meslikden, aýşy-eşrete syrykmakdan Allah ony gorap saklady. Allah ony dur­mu­şynyň her bir pursatynda halal ýaşatdy, ýagty ýoldan ýöretdi.

Bir babatda, Onuň şeýle agyr günleri gör­megi zerurdy. Ýetimligiň näme­digini bilen adam, öz gol astyndaky adam­lara mähirli bolar. Garyplygy gören adam, hal­kyň ýagdaýyna düşünip, şoňa görä hereket eder. Ine Allahyň Resu­lynyň adamlara kö­mek etmek, garyba el uzatmak ýaly nus­galyk ahlagy-da, çagalyk döwür­lerinde şekillenipdi. Soň ol beýiklerden beýige çykan mahaly hem şol öňki bolşun­dan üýtgemändi. Ol ýönekeý bir adam ýaly ýaşasa-da, heniz dünýäniň görmedik şahsy­ýetidi. Ol ömründe ýetime igen­mändi we gapysyna gele­ni-de boş gaýtarmandy. Sebäbi şeýle bolmagy oňa Allahu­tagala ündeýärdi: “Ol seni ýetim ha­lyň­da penalamadymy? Ol saňa dogry ýoly görkez­medimi? Sen garyp halyňda, baý etmedimi? Şeýle bolsa, ýetimi pes tutma. Dileg bilen geleni ýazgarma. Rebbiň nygmatlary barada gürrüň ber.”  (Duha 93/6-11).

Abdulmuttalibiň hemaýatynda

Abdulmuttalib ondaky pygamberlik nuruny has irräk duýupdy. Onuň bilen bile geçen günlerini bereketli we manyly günler hasaplaýardy. Ony öz ýany bilen uly adamlaryň mejlisine alyp giderdi. Ol Onuň adamzat nesli üçin halasgär boljakdygyny bilýärdi. Allahyň Resulynyň nazary hem üýge­şikdi, ondaky nazar ýaly nazar hiç kimde ýokdy. Abulmuttalib onuň pygamber boljakdygyny bilýän ýalydy. Bu sebäpli hem ony gözüniň göreji ýaly görýärdi. Ölüm ýassygynda ýatyrka, ol hamsygyp aglapdy. Ebu Talip  onuň ýanyna baryp näme üçin aglaýandygyny soranynda “Muhammedimi mundan soň bagryma basyp, söýgüläp bilmerin, ine şonuň üçin aglaýaryn” diýip jogap beripdi. Pikir ediň, Ebrehäniň goşunynyň garşysynda sar­sylmadyk we ençeme ýyllap dowam eden Fijar söweş­lerinde gözi asla çygjarmadyk bu ber­daşly adam, söýgüli agtygyn­dan aýrylýandygy üçin, çaga ýaly aglaýardy. Ol soňky wesýetini aýdyp gözlerini baky ýumdy. Indi mundan soňra Pygamberimizi (s.a.w.) Ebu Talip öz hemaýatyna alýar.

Zulmaty böwsen nur

Ýeke-täk Allaha bolan ynanjynyň sarsylan her bir döwri – garaňky döwürdir. Allaha bolan ynanç, ähli ýüreklerde ornaşmadyk wagty ruh hem-de wyždan garalýar. Beýle ýüregiň we wyždanyň barlyk we hadysalara bolan garaýşynyň hem ümürli boljakdygy ikuçsyzdyr.

Hz. Muhammediň (s.a.w.) pygamberliginden öň hem “garaňky döwür” höküm sürýärdi.

Şol döwürde ...

Jemgyýet şeýle bir gözgyny haldady. Wagşylyk alkyşlanýardy. Ynsana ezýet edilýärdi. Gurtlar çopana öwrülip, goýunlary paýhynlamak bilendi. Aýşy-eşret, ahlaksyzlyk şeýle bir köpelipdi. Şerap içmek adaty zada öwrülipdi we humarbazlyk rowaç alypdy. Adamlary alda­mak, ejizleri ezmek ýygy-ýygy­dan duş gelinýän hadysady. 

Gyz çagalaryň ykbaly

“Garaňkylyk döwrüne” degişli başga bir erbetlik hem Kurany Kerimde şeýle düşündirilýär:

“Olardan biri gyz bilen buş­lanan mahaly, juda gahar-gazap­ly bolup, ýüzi garaňkylar. Özü­ne berlen buşlugyň ýaman­ly­gy sebäpli kowmun­dan giz­len­mek islär. Ony, namys etmän saklarmy? Ýogsa-da ony topra­ga gömermi?” (Nahl 16/58-59)

Hawa, olardan haýsysam bol­sa biri gyz çagasynyň bola­nyny eşidäýse, gahar-gazap bilen sojanyp durardy. Bu sebäpli hem ýüzleri boz-ýaz bolup, halkyň gözüne görün­mekden ejap ederdiler. Olar bu  buşlugy şeýle halamaýar­dylar welin, utançlaryndan ýaňa ýere giräýjek bolýardylar. Ahyram olar şeýle masga­ra­çy­lyga çydam etmeli bolýardylar ýa-da namysyny goramak üçin doglan gyz çagasyny ýok etmeli.

Ine, jahyllyk döwründe aýal maşgala şeýle ýigrenilipdir. Aýal maşgalalaryň şeýle dere­jede pes görülmegi diňe Arabystanda däl, eýsem Rim we Sasany imperýalarynda hem möwç urupdyr. Şeýlelikde yslamyň aýal maşgalalar babatda Arabystanda geçiren ägirt uly öwrülişigi, şol bir wagtyň özünde dünýä aýallarynyň hem bäh­bidine, adamzat tary­hynda heniz görlüp-eşidilmedik bir öwrülişik bolýar. 

Hawa, Kurany Ke­rim, bu aýylganç wag­şylygyň soňuna çykyp, islendik ýagdaý bolanynda hem çaga­lary öldürmekligi gada­gan edýär: “Garyplyk sebäpli çagala­ry­ňyzy öldürmäň, siziň hem olaryň hem ryz­kyny Biz berýä­ris” (Enam 6/151).

Göýä, Beýik Biribar olara şeýle diýýärdi: Çagalaryňyzy näme üçin öl­dür­ýärsiňiz? Sizi hem olary hem ryzyklan­dyr­ýan Men. Gö­reňizokmy? Ýerýüzi nyg­mat­lary müňlerçe saçak mysaly siziň öňüňizde ýazylan. Asman siziň dadyňyza ýetişýär. Bulutlary siziň üçin ugrukdyryp, ol ýerden ýagyşy we gary ýagdyrýan, soňra bolsa ýer ýüzünde million­larça görnüşli ösüm­likleri ösdürýän Men­­den başga kim bolup biler? Bu­laryň ähli­sini görüp durkaňyz, aç galarys gor­kusy bilen çagalaryňyzy nähili öldürip bilýär­siňiz? Asla unut­maň, şeýle edenler Alla­hyň gazabyna duçar bolarlar we bir gün olara-da, “Nä­me üçin bigünä çagalary öldür­diň?” diýlip ha­sap­ soralar. Topraga gömlen çagala­ry­ňyzdan “Günäňiz näme, haýsy sebäp bilen öldürildüňiz?” diýlip soralan mahaly” (Tekwir 81/8-9) diýen aýat bize şol döwrüň ahlak bozuklygyny aýdyň görkezýär.

Bir gün sahabalardan biri Allah Resulynyň huzuryna baryp, jahalat döwrüne degişli öz başyndan geçen wagşylygy ýatlaýar: “Ýa Resulallah! Biz jahalat döwründe gyz çagala­rymyzy diriligine ýere gömerdik. Meniň hem bir gyzym bardy. Ejesine “Muny geýindir, daýy­synyň ýanyna alyp gitjek” diýdim. (Ejesi görgüli, munuň näme diýmekdigini bilýärdi. Balasy ýene-de sanlyja salymdan guýa taşlanyp, ol ýerde ejir çekip jan bermelidi. Nätjek, aýalyň şeýle wagşylyga garşy çykmaga-da haky ýokdy. Onuň elinde gelýän ýeke-täk zat - aglamakdy) Aýalym aýdylany etdi. Çagajyk bolsa hakykatdan hem daýylaryna gidýändigine begenip, bökjekleýärdi.

Elinden  tutup, öňden gazyp gaýdan guýymyň ýanyna getirdim.  Oňa “Guýa seret” diýdim. Ol ýaňy bir guýa sereden mahaly, yzyndan iteläp göýberdim. Emma oňa guýyň agzyndan ýapyşmak başar­dypdy. Ol bir tarapdan çykmaga dyrjaşýardy, beýleki tarapdan hem “Kaka jan, üstüň hapa­landy” diýip, geýimlerimi kakyşdyrýardy. Muňa gara­mazdan ony depip göýberdim we ţol goýyda diriligine gömüp gaýtdym.”

Ol sahaba bu wakany gürrüň bereninde Allahyň Resuly we ýanyndakylar gözýaşlaryna erk edip bilmän, aglaýarlar. Şol ýerde oturanlardan biri: “Sen-ä, Allahyň Resulyny örän ynjytdyň” diýeninde, Pygam­berimiz (s.a.w.) oňa: “Ýene-de bir gezek gürrüň ber” diýip, talap edýär. Ol adam bu wakany ýene-de bir gezek täzeden gür­rüň berýär. Iki Jahan serwe­rimiziň göz ýaşlary, mübärek sakgalyndan aşakly­gyna syrygýar. Allahyň Resuly bu wakany täzeden gaýta­latmak bilen, megerem, şuny düşün­dir­mek isländir: Ine siz yslamdan öň şeýlediňiz. Yslamyň size nähili adamkärçilik sypatlaryny bagyş edendigine has gowy düşünmegiňiz üçin, jahalat döwründäki bu wagşyçylygy gaýta-gaýta gürrüň berdirdim.

Söýübän, bar eýlemişdir seni Rahman, ýa Resul

Hawa, Hz. Muhammet (s.a.w.) entek pygamber bolmanka Mek­gede özüniň nusgalyk dur­muşy bilen uly hormata myna­syp bolupdy we Oňa “Muham­medü-l Emin” (Ynamdar Mu­hammet) diýip ýüzlenýärdiler. Oňa goýlan hormatyň, bildirilen ynamyň näderejede ýokary­dygyna Hz. Hatyjanyň halkara söwda işlerini Oňa  ynanmagy, Käbede Daşyň ýerleşdirilmegi bilen baglanyşykly ýüze çykan da­wada Hz. Muhammediň (s.a.w.) hemmä makul çözgüt tapmagy we Mekgede hak-hukugyň bozulmagyna garşy göreşmek üçin gurlan Hylful-Fudul  jem­gyýetiniň hormatlanýan ag­zasy bolmagy ýaly mysallar aýdyň şaýatlyk edýär. Bulardan başga-da, pygamber bolmaz­dan owal alyp baran söwda işlerinde Onuň birsözlüligi, dü­rs­lügi köpleriň ünsüni çekipdi. Onuň pygamberliginden ozalky durmuşy 63 ýyllyk ömrüniň ýarysyndan hem köp, 40 ýyllyk möwritdir. Ol bu döwürde, Allahdan wahyý gelmeýärkä-de, kämil ahlakly, ýokary adamkärçilikli ynsan hökmünde tanalýardy. Bu barada Kuranyň aýatlaryndan birinde şeýle diýilýär: “Ýog­sam-da, Py­gam­berlerini heniz tanamandyk-lary üçin ony inkär edýärlermi?” (Müminun, 23/69).

“Diýgil: Eger Allah islesedi, ony size okamazdym, Allah-da ony size bildirmezdi. Men mundan öň bir ömürboýy siziň araňyzda boldum. Entek hem akyl ýetirip bileňzokmy?” (Ýunus, 10/16). Men pygamber bolmazdan owal kyrk ýyl araňyzda ýaşadym. Siz meniň dogruçyllygymy, dürslügimi, amanada hyýanat etmeýişimi, ümmiligimi (sowatsyzdygymy) bilýärsiňiz. Men ýaşlygymda Allahyň emirlerine hiç garşy gitmedim. Bu gün siz menden nähili beýle zada garaşyp bilýärsiňiz? (Kurtubi, 8:321).

Onuň (s.a.w.) bilen baglany­şykly ýene bir Kuran aýatynda şeýle diýilýär: “Ha­kykatdan hem sen örän ýokary ahlaga eýesiň.” (Galam, 68/3). Fatiha we Alak suresinden soň­ra üçünji nobatda inen Galam suresiniň bu aýaty inende, Onuň tutuş ömrüni gurşap alan Kuran aýatlary heniz doly tamamlanmandy. Muňa gara­mazdan, Ol ýokary ahlaga eýedi. Has soňra Onuň Kuran arkaly kämilligiň çür başyna çykan ahlagyny ýanýoldaşy Hz. Aýşe şeýle beýan edýär: “Onuň ahlagy Kurandy.” (I. Hanbel, Müsned, 6:188).

Hz. Hatyja bilen nikalaşan güni ýygnananlaryň öňünde agasy Ebu Talyp heniz ýigrimi bäş ýaşyndaky inisi barada şeýle diýipdi: “Muhammet, Kureýşli ýaşlaryň hiç birine meňzemeýän, olaryň hiç biri bilen deňäp bolmajak ýigitdir. Çünki, mertebe, asyllylyk, ahlak we akyl taýdan olardan görnetin tapawytlydyr.” (I. Hişam, 1/201).

Ilkinji wahý gelen güni Hz. Jebraýyl bilen arasynda bolup geçen gürrüňdeşlik netijesinde örän tolgunan Hz. Pygambere (s.a.w.) wepaly ýanýoldaşy Hz. Hatyja şeýle diýýär: “Sen rahat­lan, gamlanma. Allahyň adyna kasam bolsun, Allah seni asla utandyrmaz, ile-güne ryswa etmez. Çünki sen garyndaşlyk gatnaaşyklaryna ähmiýet berýärsiň. Sözläňde dogry sözleýärsiň. Amanada hyýanat etmeýärsiň. Kynçy­lyklara döz gelmegi başar­ýarsyň, ejizleriň golundan tutýarsyň. Myhmana hezzet etmegi halaýarsyň. Zuluma duçar bolup, çykgynsyz ýagdaýda galanlaryň hakyny goramak üçin olara ýardam berýärsiň.” (I. Hişam, 1:253).

Ynsanlaryň ýanynda ýalan sözlemeýän, Allahyň huzu­rynda hergiz ýalan sözlemez!

Söýgüli Pygamberimiziň ýokary ahlak aýratynlyklary duşmanlary tarapyndan hem tassyklanypdy. Rum kisrasy ilçi hökmünde huzuryna baran, şol wagt entek iman etmedik Ebu Sufýandan Pygamberimiz barada käbir zatlary soraýar. Olaryň aralarynda şeýle gürrüňdeşlik bolup geçýär:

- Mundan öň onuň heý ýalan sözlänini gördüňizmi?

- Ýok, asla görmedik. 

- Ynsanlaryň ýanynda ýalan sözlemeýän, Allahyň huzu­rynda ýalan sözlemez!

Hebeşistan ülkesine hijret eden Jafer b. Ebi Talyb-da Neja­şiniň huzurynda şeýle diýipdi: “Eý hökümdar! Allah, kyrk ýyllyk ömrüniň dowamynda özüni dogruçyllygy, dü­rs­lügi, asyllylygy, amanada hyýanat etmeýişi bilen ta­nadan bir kişini pygamber iberdi..” (Ibn Kesir, Tefsir, 2:411).

Pygam-berliginiň onunjy ýy­lynda müşrik we ka­pyr­laryň çakdanaşa sütemdir zorlukla-ryna duçar bolan Py­gamberimiz (s.a.w.) ol ýeriň ynsanlaryny Hak ýola çagyrmak üçin Taýife gidýär. Ol ýerde on gün bolýar we öýme-öý aýlanyp, hakykatlary düşündirýär. Olar bolsa, Pygamberimiziň (s.a.w.) üstünden gülüp, ony şäherden kowýarlar. Ony we dostuny bedenlerinden gan akýança daşlaýarlar. Ol taýiflileriň elinden kynlyk bilen gutulyp, bir baga barýar we ol ýerde şeýle dileg edýär: “Allahym! Güýçsüzligimi we ejizligimi, horluga duçar edilişimi Saňa arz edýärin! Eý, Merhemet­lileriň iň  merhemetlisi! Ejiz­leriň we güýçsüzleriň Rebbi Sensiň, Meniň Rebbim-de Sensiň! Meni kimleriň elinde goýýarsyň? Meni, senden uzak bolan duşmanlaryň elinde goýýaňmy? Eger maňa gaharlanmadyk bolsaň, çeken jepalarym meniň üçin ähmiýeti ýok. Men Saňa, Seniň nuruňa sygynýan! Maňa gazap etmegiňden gorkýan. Seniň afuw-merhemetiň meniň üçin örän giňdir. Barça zat Seniň ryzaň üçindir. Ähli güýç we kuwwat Seniň eliňdedir.” (Köksal, 5:66-71). Ynha şu pursatda ýanyna gelen we “Eger isleseň, Allahyň emri bilen bu halky heläk edeýin” diýen perişdä Hz. Pygamber (s.a.w.) şeýle jogap berýär: “Ýok. Ýok. Men olaryň heläk edilmegini islemeýärin. Tersine, Allahyň olaryň neslinden ýeke-täk Allaha ybadat etjek, Oňa, gaýry hiç bir barlygy şärik goşmajak ynsanlar çykar­magyny dileýärin!” Uhud söweşinde ýaralanyp, dişi döwlende, Ol, “Müşriklere gargyş ediň!” diýenlere: “Men näletçi hökmünde iberil­medim. Ýa Rebbim! Kowmuma hakykaty görkez, çünki olar bilmeýärler” diýip, dileg edýär. (Buhary, “Enbiýa,” 37). Sözüň gysgasy, Ol barlygyny adamzat nesliniň Hak ýola ulaşmagyna, Haka gowuşmagyna bagyşlan söýgi we merhemet Pygam­beridi... Onuň nazarynda, bir kişiniň gaflatdan, küfürden halas bolmagy, ýagny hidaýete gowuşmagy — Haka ýönel­megi dünýäniň ähli maddy gymmatlyklaryndan has haýyrlydy.

Hijretiň sekizinji ýylynda Mekge eýelenýär. Ata-baba ýaşap gelýän ýurtlaryny Pygamberimize (s.a.w.) we Onuň bilen bir Allaha yna­nanlara dar eýlän, olara ynsan mertebesine sygmajak her dürli jebir-sütemi rowa gören, olary Mekgeden kowup çykaran, muny-da az görýän ýaly, olary Medinede-de rahat goýmadyk, birnäçe ýola medinelileriň üstüne goşun çekip baran mekgeliler Hz. Muhammediň (s.a.w.) hut özüniň serkerdelik etmeginde Mekgä giren 10 müň adamdan ybarat yslam goşu­nynyň garşysynda ak baýdak göterip, tabyn bolýarlar. Ähli Mekge halky mundan soňra özlerine garaşýan ykbal barada oýlanyp, gorky bilen Hz. Pygam­beriň (s.a.w.) geljek netijesine garaşyp durka, Ol (s.a.w.), adama goýulmaly hor­matyň, merhemet we hoşniýetli­ligiň iň ajaýyp nusgasyny görkezen ynsan hökmünde: “Size bu gün hiç hili artykmaç jebir we zulum ýok. Allahyň özi sizden hasap sorasyn. Ol, bagyşlaýjylaryň iň bagyşlaý­jysydyr. Baryň, baryňyz erkinsiňiz!” diýip, öz ahlagyna ýaraşýan görnüşde hereket edýär.

Hz. Muhammet (s.a.w.) bir hadysynda: “Meniň sünnetime uýýan mendendir, ondan ýüz öwüren bolsa menden däldir” diýmek bilen, bu hakykaty nygtaýar. Bir jümlede aýda­nyňda, Pygamberimize (s.a.w.) düşünmek we Ony söýmek, her taraplaýyn Ony dogry tanamak, Oňa uýmak, Ony her daýym ýatlap durmak, Onuň miras gal­dyran umumadamzat gymmat­lyk­laryna hormat goýmak we eýe çykmak, Onuň ahlagy bolan Kuran ahlagyna eýermek arkaly mümkindir.

Ýa Resul

Bu meniň janym seniň ýoluňda gurban, ýa Resul,

Her ne kim kylsaň jepa bu jana derman, ýa Resul,

Söýübän, bar eýlemişdir seni Rahman, ýa Resul,

Gullugyňda intizardyr uşbu jahan, ýa Resul,

 

Ol azap ennaryndan bolmuş Seniň ýoluň ýyrag,

Özüňni kylmyş Huda ferdöwsi-agla hem Byrag,

Sen ki geldiň dünýäýe, bu äleme ýandy çyrag,

Şükürylla, tä beýany boldy jahan, ýa Resul.

 

Dert ile bu ýüregim her lahza ah kyldy niçe,

Ahymyň dermany owwal Abdylla, Weýsel hoja,

Her zaman mahy-jemalyň düýşüme girmez gije,

Galar ol bu munça kim janymda arman, ýa Resul.

 

Zary ýyglaýuban hem isteýedir men Seni,

Bu zelillik içre Sen köp goýmagyl hara meni,

Hem ýene mizan çekilip, ola magşaryň güni,

Köp ynanjym Sen durar Sen, uly diwan, ýa Resul.

Aşyga hüw!-hüw! diýip bolgusy magryfet güli,

Bu zelil biçäräniň, belki Saňa ýeter eli,

Ahu efganyň Seniň kim, ýat edip Magtymguly,

Gam içinde şeýle bir  bimaru haýran, ýa Resul. 

Magtymguly.

Ady gözel, özi gözel, Muhammet

Janym gurban bolsun seniň ýoluňa,

Ady gözel, özi gözel, Muhammet.

Şefagat eýlesin kemter guluna,

Ady gözel, özi gözel, Muhammet.

 

Mümin bolanlaryň çohdur jefasy,

Ahyretde bolar, zowky-safasy.

On sekiz müň älemniň mustafasy,

Ady gözel, özi gözel, Muhammet.

 

Ýedi gat gökleri seýran eýleýen,

Kürsiň üstünde jöwlan eýleýen,

Magrajynda ymmatyny dileýen,

Ady gözel, özi gözel, Muhammet.

 

Dört çaryýar onuň gökçek ýarydyr,

Ony söýen günälerden bäridir.

On sekiz müň älemniň soltanydyr,

Ady gözel, özi gözel, Muhammet.

 

Sen hak pygambersiň, şeksiz, gümansyz,

Saňa uýmaýanlar gider imansyz.

Aşyk Ýunus neýlär dünýäni sensiz,

Ady gözel, özi gözel, Muhammet.

Ýunus Emre.

 

S ö ý g i  w e  m ä h i r (Pygamberimiziň (s.a.w.) durmuşyndan)

 

Allah söýgüsi

Allah Resuly (s.a.w.) özü­niň Allahyň öňündäki borçlaryna oňat düşünýärdi we bulary birkemsiz ýerine ýetir­mäge çalyşýardy. Onuň mak­sady “Şükür edýän gul bol­makdy” (Buhary, “Münafikun”, 79). Pygamberimiz Allahy iň gowy bilýän, onuň sypatlaryny tanaýan ynsandy. Allahyň razylygyny gazanmak Onuň üçin barça zatdan gymmatlydy. Bu sebäpden hem, Onuň ha­dys­la­rynyň ençemesiniň esasy mowzugy Allah söýgüsi, Alla­hyň hoşnutlygyny gazanmak bolup durýar.

Çagalara mähremligi

Pygamberimiz (s.a.w.) çaga­lary gujagyna alyp, olary öpüp, mähir bilen başlaryny sypardy (Buhary, “Edeb”, 22). On sany çagasy bolup-da, hiç birini gu­ja­gyna alyp, ata mähri bilen bag­ryna basmandygyny aýdan  birine: “Merhemet etmeýäne merhemet edilmez. Allah kal­byň­dan merhemeti sogrup alan bolsa, men neýläýin!” diýipdi. Hut şonuň ýaly-da, ýetginjek ýaşlar bilen hem ýakyn gatna­şykda bolup, olaryň pikirlerini diňläp, meselelerine çynlakaý çemeleşýär. Ol ukyply ýaşlary uly goşunlara serkerde belläp, olara uly ynam bildirýär. Tebuk gazawatyna çykylanda Nejjaro­gullarynyň tuguny heniz 20 ýaşyndaky Zeýd bin Sabite tabşyrýar; Bedir söweşinde 21-22 ýaşlaryndaky Hz. Alyny tugdar belleýär; Kuda­ogulla­rynyň üstüne iberilen 40 müň adamlyk goşuna 18 ýaşyndaky Üsame bin Zeýdi serkerde ed­ýär; Muaz bin Jebeli 21 ýaşyn­da Ýemene häkim edip iberýär.

Maşgala we garyndaş söýgüsi

Maşgalasyna uly hormat goýýardy. Öý işlerinde kömek etmegi kiçilik bilmezdi. Ýeri gelende et kesip, kädi dograp, eşiginiň tikini sökülen ýerini özi tikerdi. Maşgala agzalarynyň Allahyň öňündäki borçlaryny berjaý etmeklerine-de aýratyn ähmiýet berýärdi. Çünki, “Maş­galaňa namaz kylmagy emir et; özüň hem sabyr bilen bu borjuňy dowam et. Senden ryzyk talap etmeýäris. (Tersine,) Biz Seni ryzyklan­dyrýarys. Haýyrly netije takwa arkaly elde edilýän­dir” (Ta-ha, 20/132) diýen maz­mundaky ylahy emri alypdy. Ol garyn­daşlyk gatnaşyklaryny dowam etdiripdi we öz ýakyn­laryndan hem şeýle etmegi talap edipdi. Ata-enä hormat goý­magy ýö­rite ündäp; süýt enäni, süýt dogany, ata dostuny sylamagy emir edipdi we öz durmuşynda bu esaslaryň iň kämil nusga­syny görkezipdi.

Dostlaryna bolan hormat-söýgüsi

Ol (s.a.w.) Jahalat döwrüniň zulmat tününde ýaşaýan adam­lary özüniň terbiýe ulgamyndan geçirip, adamzat taryhynyň iň kämil ynsanlary derejesine beý­geldýär. Bir wagtlar özüne nä­hak ýere sütem edenleri ba­gyş­lap, olaryň kalbynda söýgüden tagt gurýar. “Kasam bolsun, size öz araňyzdan şeýle bir Py­gamber gelendir, siziň kynçy­lyga duçar bolmagyňyz, oňa örän agyr deger. Ol örän jepa­keş, müminlere örän mähirli we merhemetlidir” (Tewbe, 9/128). “Müminleriň üstünde gol-ganat ger, olary mähir bilen penala!” (Hijr, 15/88). “Saňa tabyn bolan mümin­lere gol-ganat ger ...” (Şuara, 26/215).

Ymmat söýgüsi

Bu dünýäde ömrüni ymma­tyna bagyşlan söýgüli Pygam­berimiz (s.a.w.) ahyretde-de, “Ymmatym! Ymmatym! Alla­hym, ymmatyma şefagat eýle!” diýip, onuň ýolundan ýörän­leriň bagyşlanmagy üçin Haka ýalbarjakdyr.

Ynsan söýgüsi

Hawa, Ol bütin älemlere reh­met hökmünde iberilen pygam­berdir (Enbiýa, 21/107)... Ynsan hernäçe günäkär hem bolsa, gaý­dyp harama, günä ýollara baş goşmazlyk niýeti bilen toba etse, tobasynyň bagyşlanja­gy­ny buşlan Pygamber... Ynsan­lary Haka gönükdirmek üçin hiç bir jepa­keşlikden gaçmaýan Pygamber... Öýme-öý, obama-oba, şäherme-şäher aýlanyp, iň agyr şertlerde we pursatlarda-da, zulmatyň şalygyny guran ýerlerine ýagtylyk çyragyny äkiden Pygamber... Diline, di­nine, milletine tapawut goýmaz­dan goňşularynyň we ýurtdaş­larynyň hak-hukugyna sarpa goýmagy başaran Pygamber... Nähak ýere jana kast edilmegine we kim bolsa bolsun, nähak ýe­re ezýet, sütem edilmegine, yn­san­laryň hak-hukugyna biper­waý garalma­gyna garşy çynla­kaý göreş alyp baran Pygam­ber...

Ol hatda jeň meýdanynda-da ynsanlaryň gynalyp öldürilme­gini gadagan eden, musulman bolandygyny ykrar edenlere, söweşe gatnaşmadyklara - ze­nanlara, çagalara, garrylara asla el degrilmezligini emir edýär. Gara güýjüň ýerine ynsan paý­hasynyň höküm sürýän, jemgy­ýet­leriň ahlak we medeniýet derejeleriniň ýokarlanan häzirki döwrümizde-de, gynansak hem, dürli ýerde her ýyl ýüzläp bigünä ynsanlaryň nähak ýere pida bolýandygyny bilýäris. Hz. Muhammediň ýaşan döwründe alnyp barlan göreşlerde ölen ynsanlaryň sany bolsa, dört ýüze-de ýetmeýär.

Tebigatdaky janly-jandar­lara bolan söýgüsi

Onuň ähli janly-jandara, haý­wan we ösümliklere-de aýratyn nazar bilen garandygyny we gurşawyň tämizligi üçin elinden gelenini edendigine göz ýe­tirmek mümkin. Ol “Ýerdäkilere merhemet ediň, şonda gök­däkiler-de size merhemet eder” (Tirmizi, “Birr”, 16) diýmek bilen merhemete laýyk görül­megi, ynsanyň Ýer ýüzündäki ähli barlyklara garşy mer­hemetli bolmagy bilen bagla-nyş­dyrýar. Bir ite suw be­ren günäkär zenanyň ba­gyş­lanan­dygyny habar berýär; bir pi­şi­ge ejir çek­di­rip, onuň ölü­mine sebäp bolanyň Allahyň gaza­byna uçrandy­gyna ünsi çekýär. Geçi sagyp oturan bir adamy görende, oňa şeýle diýýär: “Sa­ganyňda, owlagy üçin-de süýt galdyr”. (Mejmua-z-Zewait, 8:196). Ondan: “Haýwanlara edilen ýagşylyk üçin-de sogap-serpaý barmy?” diýip soranla­rynda: “Hawa, her bir jandara edilen ýagşylyk üçin sylag bar­dyr” diýip jogap berýär (Buha­ry, “Şürb”,9). Ol haýwanlaryň damagyny çalanda-da, ýiti py­çak bilen haýwana ezýet çek­dirmän kesmegi ýörite tabşyr­ýar (Müslim, “Saýd”, 57).

Eger kim bir agaç ekse ýadygär ...

Ol bir gezek bir özi 500 hurma nahalyny oturdýar (I.Hanbel, 5:354) we munuň bilen bagla­nyşykly şeýle diýýär: “Bir musulman bir agaç ekse, onuň miwesinden-de ynsan, eldeki ýa-da ýabany haýwan ýa-da bir guş iýse, şol daragtyň miwesi ony eken üçin sadaka hökmüne geçer” (Müslim, “Müsakat”, 10). “Kyýamat go­pan hem bolsa, elinde bir nahaly bar bolan, ony hökman eksin” (Buhary, el-Edebül-Müfred, 168).  Dowarlaryna iýdir­mek üçin bir daragtyň şahalaryna elindäki taýagy bilen urup duran bir adama söý­güli Pygamberimiz: “Hany, biraz salyhatly bol, da­ragta zeper ýetirip, onuň şahalaryny döwüş­dirmek ýerine, emaý bilen şahala­ryny silkeläp ýap­ragyny dök!” diýip, duýduryş berýär (Üsdül-Gabe, 3:276).

Pygamberi söýmek

Söýgi ynsanyň içki dünýä­sinde -köňlünde orun tutýan, daşky dünýäsinde söz we here­ketdir amallar arkaly şöhlelen­ýän duýgudyr. Pygamberi (s.a.w.)  söýmek - Oňa köňül bermegi, hatda Onuň ugrunda ýeri gelende malyňy we janyňy bermegi talap edýär. Ynsan tana­maýan kişisini söýüp bilmeýär. Hut şonuň ýaly-da, Pygamberimizi (s.a.w.) söýmek Ony tanamak, Onuň ýolundan ýöre­mek, Onuň bize galdyran amanatlary bolan Kitap we Sün­ne­tine hormat goýmak we eýe çykmak bilen müm­kindir.

 

Iki mysal

Keleme-ýi şahadatyň ahyrky jümlesini ýatlaň:

- We eşhedu enne Muhammeden abdühu we Resulühu” – diýilýärdi, şeýle dälmi?

Bu jümläniň ahyryndaky “abdühu” we “Resulühu” sözleri, Pygamberimiziň (s.a.w.) şahsyýetiniň iki möhüm tarapynyň bardygyna yşarat edýär:

- “Abdühu” sözi Pygamberimiziň hem ähli ynsanlar ýaly Allanyň guludygyny, “Resulühu” sözi bolsa, Onuň pygamberdigini aňladýar.

Eýsem, Resulullanyň şahsyýetiniň bu iki aýratynlygynyň tapawutlandyrylmagynyň hikmeti nämekä?

Musulmanlar Hz. Muhammediň şahsyýetiniň ynsan gözýetimini we mümkinçiliklerini aşýan “nübüwwet” – ýagny, pygamberlik tarapyna  öýkünip, pygamber ýaly “mugjyza” görkezip bilmezler. (Mugjyza – adaty ynsanlaryň edip bilmejek, Alla tarapyndan diňe pygamberlere berlen adatdan daşary täsinlikler. Meselem Hz. Muhammediň barmagy bilen Aýy ikä bölmegi, Hz. Isanyň ölüleri diriltmegi, Hz. Musanyň hasasynyň ýylana öwrülmegi we ş.m.)

Emma, Onuň (s.a.w.) gulluk şahsyýetini – ynsana mahsus bolan gözel ahlagyny, nusgalyk durmuşyny görelde alyp bilerler. Muňa, Resulullanyň sünnetlerine uýmak, olary berjaý etmek hem diýse bolar.

Size, Pygamberimiziň gulluk şahsyýetinden iki mysaly gürrüň bereýin.

Bedir söweşi üçin ýola çykylan güni. Düýelerine gezekleşip münüp barýan sahabalaryň yzy bilen Resulullah hem gelýär. Resulullanyň düýesine-de üç kişi gezekleşip münmeli bolýar. Resulullah belli bir wagt düýäniň üstünde ýol geçenden soňra, düşüp, münmek gezegi gelen sahabany çagyrýar. Emma häliden bäri ýöräp gelýän üç sahaba ýerli-ýerden:

- Ýa Resulullah! Siz düşmeli däl ekeniňiz. Biz ýöräbem giderdik. Sizi pyýada ýöredip, biz düýäniň üstünde otursak, gelşiksiz bolar! – diýip, Allanyň Resulyna täzeden düýä münmekligi teklip edýärler.

Resulullah näme jogap berendir öýdýäňiz? Älemleriň Serweri özüne ýoldaşlyk edýän sahabalara şeýle diýýär:

- Siz, ýöremeklikde menden has çydamly dälsiňiz. Eger mesele ýöräp sogap gazanmakdan ybarat bolsa, menem siz ýaly sogaba mätäç!”

Allanyň Resuly sahabalaryna şeýle adalatly ýüzlenmek bilen, ymmatyna adalatyň ajaýyp göreldesini görkezipdi.

Gürrüňimize dowam edýäris.

Sahabalar Bedire baryp, suwa ýakyn bir ýerde goş ýazdyrmakçy bolýarlar. Emma, şol töweregi beýigi-pesi bilen gowy bilýän Habbab, Pygamberimize şeýle ýüzlenýär:

- Ýa Resulullah! Bu ýerde düşlemekligimiz barada size ýörite wahyý indimi ýa-da öz şahsy pikiriňiz bilen şu ýeri saýladyňyzmy?

Hakyň Resuly:

- Ýok, bu ýerde düşlemekligimiz wahyý arkaly emir edilmedi. Öz şahsy pikirim, hasaplamalarym netijesinde şu ýerde duşmana garşy taýýarlanmagy makul gördüm – diýýär.

Habbab:

- Beýle bolsa, (ýatladaýyn), bu ýer biziň maksadymyza laýyk ýer däl. Çakym çak bolsa, has ilerräkde süýji suwly bir guýy bolmaly. Müşrükler şol guýynyň başynda düşleseler gerek. Biz şol guýynyň golaýyna baryp taýýarlyklarymyzy göreliň. Beýleki guýularyň agzyny ýapyp, ol guýunyň suwuny-da bir howuz taýýarlap, şoňa dolduryp, suwsan wagtymyz ulanalyň. Şeýtsek, müşrükler suwsuzlyk zerarly kyn ýagdaýa düşerler, soňra-da yza çekilmäge mejbur bolarlar!.. – diýip özüniň teklibini aýdýar.

Resulullah buýruk berýär:

- Habbabyň pikiri makuldyr. Ýöriň, şol guýynyň başyna gidýäris!

Şunlukda, 33 ýaşyndaky Habbabyň pikirine eýerilip, onuň teklip eden ýerine barylýar. (Bellik: Pygamberimiz şol wagt 53 ýaşyndady). Beýleki guýular ýapylyp, ýeke guýy açyk goýulýar we bu söweş usulynyň netijesinde, musulmanlar Bedir ýeňşini gazanýarlar.

Ynha, size Resulullanyň gulluk şahsyýetinden iki mysal.

Birinjisinde, XXI asyra girendigimize garamazdan henizem dünýäniň köp ýerinde ornaşmadyk adalat düşünjesi; ikinjisinde bolsa, diňe öz diýeniňi tutup durman, özgeleriň hem pikirine hormat goýmak, töweregiňdäkileriň hem maslahatyny diňlemek ahlagy...

 

Halkyň iýmeýäninden iýmeýänler

Bir gezek namazdan soňra Söýgüli Pygam­berimize (s.a.w.) hurma hödür edýärler:

- Alyň, ýa Resulallah, size hurmalaryň ilkinji hasylyndan getirdik!

Älemleriň serweriniň ýüzünde närazylyk alamaty görünýär:

- Meniň halkymam şu wagt şular ýaly teru-täze hurma iýip bilýärmi?

- Ýok. Başga baglarda hurmalar entäk doly bişmedi. Diňe biziň howlymyzdakylar ýetişdi, onam ilki bilen size getirdik.

Hakyň Resuly ahyrky sözüni aýdýar:

- Äkidiň bu humalary, goý, çagalar iýsin. Men ymmatymyň iýmeýänini iýmen. Geýmeýänini geýmen. Halkynyň iýmeýäninden iýýän, geýmeýäninden geýýän dolandyryjylardan bolmakdan Allaha sygynýan.

Bu Onuň (s.a.w.) durmuşyndan  bir mysal.

Onuň halyfy Hezreti Omardan hem bir mysal getireliň.

Bir agzaçarda müminleriň emirine sowujak bal şerbeti  hödür edilýär. Hz. Omar, dodagyna ýetiren şerbetli käsesini birdenkä yzyna çekýär:

- Bu name?

Gorky we çekinjeňlik bilen jogap berýärler:

- Bal şerbeti... Siziň üçin ýörite taýýarladypdyk.

Halyf azmly soraýar:

- Meniň halkymam şu wagt şunuň ýaly bal şerbetini içip bilýärmi?

- Ýok... Olar gyzgyn suw tapsalaram müň kerem razy-la!

Hz. Omar pert-pert gürleýär:

- Men musulmanlaryň iýmeýänini iýmen, içmeýänindenem içmen. Äkidiň bu bal şerbetini, getiriň halkymyň içýän gyzgyn suwundan. Ilden  aýry ýaşaýanlardan bolmakdan Allaha sygynýan.

Indi bolsa goşun serkerdesi Halid bin Welitden mysal getireliň.

Siriýa taraplarynda rumlara garşy alnyp barylýan söweş kiparlapdy. Agşam düşensoň, musulmanlar jeň meýdanynda şehit bolan ýoldaşlaryny topraga duwlapdylar. Demlerini dürsemek üçin bir ýere jemlenipdiler. Gyzgyn gumuň üstüne saçak ýazylýar, açlykdan halys surnugan ýigitler gury nan bilen hurma iýmäge başlaýar.

Serkerde Halit bin Welidiň saçagyna bolsa, ýumşak çörek bilen sowuk suw getirýärler.

Meşhur serkerde haýran galyp soraýar:

- Bu çörekler nädip beýle ýumşak galypdyr?

- Biz bu çörekdir suwy çygly ýerde gömüp goýduk, şonuň üçinem  çöregimiz ýumşak, suwumyzam sowuk.

- Esgerlerem şunuň ýaly suw, şunuň ýaly çörek iýýärmi?

- Ýok. Olaryň iýýäni, düýäň üstünde guran çörek we gyzgyn suw!

Serkerde gaharlanýar:

- Äkidiň bulary. Maňa esgerlerimiň iýýän gury çöreginden we gyzgyn suwundan getiriň. Söweşde bile bolup, naharda özüni aýry tutýan serkerde bolmakdan Allaha sygynýan. Biziň nusga alan adamlarymyz beýle däldiler. Bizem bolmarys.

Şu iki adamdan meni halas et!

Siriýa atabeglerinden Nuretdin Zengi, XII asyryň soňlarynda Günorta-Gündogara hüjüm eden Haçlylaryň goşunyny kiçeňräk bir ordasy bilen serpikdirip, şol günki Yslam  dünýäsini  Haçparaz çozuşlaryndan uzak wagtlap goran beýik  şahsyýetdir. Haçlylara garşy söweş baýdagyny özünden soňra Salahaddin Eýýuba berip, Halap sebitlerinde amanadyny tabşyrýar.

Nuretdin Zengi bir gije Halapda Resulallahy düýşünde görýär.

Hezreti Pygamberimiz, iki mübärek barmagy bilen iki adama yşarat edip:

- Nuretdin, şu iki adamdan meni halas et!- diýýär.

Aljyraňňylyk bilen ukudan oýanan Nuretdin Zengi, bir salym oýa batýar we soň ýene-de uka gidýär. Emma şol düýşi  bir gijede üç gezek görýär. Her gezegem Hezreti Resulallah:

- Nuretdin, şu iki adamdan meni halas et!- diýip, gür saçly iki adamy görkezýär.

Ertir namazyndan soňra metjidiň ymamyna bu gören düýşini gürrüň berýär. Molla:

- Hezreti Resulallah bir howp bilen garşylaşandyr. Derrew git!- diýip düýşini ýorýar.

Derrew bir bölek goşuny bilen ýola çykan Nuretdin Zengi, ýany bilen birtopar gymmat baha sowgatlar alyp, Medinä tarap ýola rowana bolar.

Bir hepdedenem köpräk dowam eden bu ýolagçylykdan soň, ahyry Pygamber şäheri bolan Medine şäherine barýarlar.

Birinji işi Hezreti Resulallahyň guburuny zyýarat etmek bolýar. Soňra bolsa bütin Medine halkyny, getiren sowgatlaryny paýlamak üçin, bir ýere  ýygnaýar.

- Siz, Hezreti Pygamberiň eziz  goňşulary, haýyş edýärin, bu sowgatlary kabul ediň- diýip, her kime aýry-aýry ýardam berýär. Nuretdin  Zengi üýşen jemendäniň içinde, düýşünde gören adamlaryna duşmaýar. Bu gezek ol  ýene soraýar:

-  Bu ýere başga  gelmedik barmy?

- Hawa. Iki aý mundan ozal Günbatardan gelen iki adam bar. Olar hiç sowgat alanoklar we özlerem şeýle bir jomart kişiler. Gije-gündiz öýlerinden çykman ybadat bilen meşgul bolýarlar. Aramyzda iň dana adamlar hökmünde tanalýarlar. Şol iki kişi bu ýerde ýok. Öýleri  Resulallahyň guburynyň ýanynda, şu ýerde- diýip jogap berýärler.

Derhal bu iki kişiniň ýanyna giden Nuretdin Zengi, zor bilen gapyny açdyryp seretse, Hezreti Resulallahyň düýşinde görkezen iki adamy hut şular.

Öýüň ortarasynda ulurak bir keçe ýazylgy, başga hiç zat ýok. Töweregi birlaý gözden geçiren Zenginiň kalbynda birden şübhe döreýär.

- Şu keçäni aýyr hany- diýip buýurýar.

Gür saçly adamlar keçäni aýranda, ýeriň aşagyna uzap gidýän bir merdiwanyň barlygy göze ilýär.

Bu merdiwan bilen ýeriň çuňluklaryna inen adamlar, ol ýerden Resulallanyň guburyna çenli bir ýerzemin gazypdyrlar. Ana şol günlerde-de Resulallahyň edil guburynyň aşagyna gelip ýeten ekenler. Olar Resulallahyň jesedini ogurlap Ýewropa alyp gaçmakçy ekenler.

Hökümdar Nuretdin Zenginiň gyssamagy bilen  hemme zady boýun alan bu iki adam, özleriniň Ýewropadan gelendiklerini, Resulallahyň mübärek jesedini  ogurlap, ony bir torba doly altyna çalyşjakdyklaryny aýdýarlar.

Medinelileri haýran galdyran bu wakadan soň, günäkärler jezalandyrylýar.

Soňra bolsa Resulallahyň guburynyň töweregini gazdyryp gurşyndan diwar ýasadan Nuretdin Zengi şeýdip, Resulallahyň düýşündäki yşaraty bilen bu gizlin jenaýatyň üstüni açýar.

Hz. Muhammet Pygamberiň (s.a.w.) nusgalyk durmuşy

Atyr ulanyşy,  gürleşişi, gülşi, uklaýşy, möhri, oturyp-turşy

Muhammet Pygamber (s.a.w.) beýleki adamlary bimaza etmeýän hoşboý ysly, reňksiz atyr sepinipdir. Reýhan ýaly ysy ýakymly gül hödür edilse-de, alypdyr. Pygamberimiziň bedeninden, Ýunus Emräniň “Gül Muhammediň deridir” atly goşgusynda wasp edişi ýaly, ýakymly ys bark urar eken.

Hezreti Äýşäniň (r.a.) aýtmagyna görä, Muhammet Pygamber (s.a.w.) howlukman, her sözüniň arasyna dyngy berip, salyhatly gürlär eken. Hatda Ony diňläp oturan adam Pygamberimiziň (s.a.w.) sözlerini ýat tutup hem bilermiş. Ol aýratyn nygtasy gelen sözüni üç mertebe gaýtalap aýdypdyr. Şol sebäpli hem Allanyň Resulynyň (s.a.w.)  sözleri diňleýänleriň hemmesi üçin düşnükli bolupdyr.

Muhammet Pygamber (s.a.w.) adamlar bilen gürleşende, olaryň akyl-paýhasyna, aň-düşünjesine görä gürrüň edipdir. Onuň aýaly hezreti Aýşe (r.a.): “Resululla sözlerini siziň gürleýşiňiz ýaly biri-biriniň yzyndan suňşyryp barmazdy-da, aýdanlary diňleýjiniň köňlüne  ornar ýaly her sözüni howlukman, bölüp-bölüp aýdardy” diýýär.

“Hezreti Pygamber (s.a.w.) köp gülmezdi” – diýip, Jabir b. Semure (r.a.) gürrüň berýär. Hind. b. Ebi Haleniň (r.a.) aýtmagyna görä, Muhammet Pygamber ýylgyranda, dişleri hünji deýin ýaldyrap gider eken. Abdullah b. Haris hezretleri “Muhammet Pygamber (s.a.w.) ýaly hemişe güler ýüzli adama duş gelmändim” – diýip, Onuň hoşgylaw, güler ýüzli adam bolandygyny taryp edýär.

Muhammet Pygamberimiz (s.a.w.) ýatanda sag egnine ýatyp: “Ýa Rebbim! Meni gullaryňy täzeden diriltjek günüň azabyňdan goragyn!” – diýip, dileg eder eken.

Oýanan wagty bolsa Ol şeýle doga ederdi: “Allaha şükür, Ol bizi (sag-esen) ýatyryp-turuzdy, biz ýene Onuň özüne gaýdyp barmalydyrys.”

Muhammet Pygamber (s.a.w.) goňşy döwletleriň hökümdarlaryna iberen hatlaryny möhürlemek maksady bilen. ýüzüne üç setir edilip ýazylan: “Muhammet Resulullah” diýen ýazgyly möhür ulanar eken. Möhüriň ýüzündäki hat gymmat baha (hakyk) daşa gazylyp ýazylypdyr. Ol daşyna kümüş çaýylan ýüzük görnüşinde bolup, Resulalla ony barmagyna dakynypdyr. Ýazdyran hatlaryny möhürlemek üçin ony barmagyndan çykaryp, möhürländen soň täzeden dakynypdyr.

Ashaby Kiramyň aýdyşyna görä, Pygamber hezretleri ýörände howlukman, hamana, aşaklygyna inip gelýän ýaly, basjak ýoluny mazaly seljerip, salyhatly ýörär eken. Ol aýaklaryny süýräp almandyr, ýörände aýaklaryndan ses çykmandyr. Gerekmejek ýere güýç sarp edesi gelmeýän ýaly, çalt ýöremekden saklanypdyr.

Ol oturanda ýeke dyz, ýa aýbogdaşyny gurup, käte bolsa çommalyp oturyp, ellerini dyzlarynyň üstünde gowşurar eken. Ýatyp dynç almakçy bolsa, uýat ýerleriniň açylmazlygynyň gamyny iýipdir. Naharlanmaýan wagty sag ýa-da sol tarapynda ýassyk goýup ýaplansa-da, nahar iýýän wagty ýassyga ýaplanmandyr. Nahary ýaplanyp iýmek onuň halamaýan zady eken.

 

Geýnişi, iýip-içişi, öý düşegi 

Pygamberimiz (s.a.w.) egin-eşiginiň tämiz hem-de tertipli bolmagyna üns beripdir. Ol geýmine titi bolupdyr, egin-eşigini aýap saklapdyr, çaşyp ýatsa halamandyr. Ol geými tä matasy süzülip gutarýança geýipdir. Täze eşik geýende Allaha şükür edipdir, eşiginiň düşümli bolmagyny diläpdir, “Geýmimiň ýapýan agzalarynyň şerinden hem özüň gora” diýip, Allahutagala ýalbarypdyr.

Hezreti Pygamber (s.a.w.): Reňki soldy, boýagy syndy – diýip, birje eşigini hem geýmän taşlamandyr. Bezemen, alabeder, gözeilginç reňkli eşikleri geýmegi halamandyr. Diýmek, ol geýminiň gözeilginç bolmagyna däl, göze ýakymly bolmagyna üns beripdir.

Eşigi özgelerden tapawutlylygyň görkezijisi hasaplamandyr, owadan eşige kowalaşmandyr, gerekmejek zada pul harçlamandyr. Çünki egin-eşik, Onuň nazarynda, ynsanlary yssy-sowukdan goraýan, adamlary biri-birine ysnyşdyrýan, köpçülige goşulyşmagyň şerti bolan, iň esasysy hem, adam hyzmatyndaky zatdy.

Pygamberimiz (s.a.w.) egin-eşikde esasan tämizlige, syrdambitinlige, göze ýakymlylyga, gelşiklilige, sadalyga we zerurlygy bitirişine üns beripdir diýip gysgaça aýdyp bileris. Megerem, şu sebäpli bolsa gerek, ol zerurlyk bolanda ýüpekden, ýüňden, pagtadan, hatda geçi çöpürinden tikilen eşikleri hem geýipdir.

Hezreti Pygamber (s.a.w.) öz durmuşynda takwalygy saýlapdyr. Sahabalardan gelen sowgatlar köplenç hezreti Aýşäniň otagynda saklanypdyr, olaryň köpüsi garyp-gasarlara we Suffe talyplaryna paýlanypdyr. Şeýle-de musulmanlara halaldygyny görkezmek we iýmitlenmegiň ähmiýetini nygtamak üçin, dürli iýmitleri iýipdir. Meselem: towuk eti, guşlardan käbirleriniň eti, goýun etinden bişirilen kebap, kakmaç, süýt, bal, peýnir bularyň käbiridir. Iýýän zatlarynyň arasynda zeýtun ýagy, sirke, kädi, tirt (dograma çorba), talhan, halwa-da bolupdyr. Naharyna käwagt burç, zenjebil, terçin, ýaly ysly otlardan hem sepinipdir. Iki zat welin – arpa nany bilen hurma – onuň saçagynda hemişe tapylypdyr. Ol kämahal köp wagtlap şol iki zat bilen oňňut edipdir.

Pygamberimiz (s.a.w.) nahardan öň we soň ellerini ýuwupdyr. Nahary: “Bismillah” bilen başlap, iýip bolandan soňra: “Elhemdullullah” diýip, şükür edipdir. Nan owuntyklarynyň zibile atylmagyna rugsat etmändir. Iýende doýa garna iýmändir. Suwy düýbi görnüp duran (dury) gapdan içipdir.

Pygamberimiziň (s.a.w.) öýünde adatça diwan, sedir, ýorgan-düşek, ihram, legen, kündük ýaly öý goşlary ulanylypdyr. Emma Ol gowudan-gowsuny edinjek bolup azara galyp ýörmändir.

Tertip-düzgüne hem-de  gözellige ähmiýet  berşi

Pygamberimiziň (s.a.w.) durmuşy diýseň tertip-düzgünli bolupdyr. Ol musulmanlara-da her bir meselede tertip-düzgünli bolmagy, gaýta-gaýta maslahat beripdir. Bir gün Pygamberimiziň (s.a.w.) huzuryna saçy-sakgaly bulam-bujar bir adam gelýär. Pygamberimiz (s.a.w.) oňa: “Bar, saç-sakgalyňy timarlap gel!” diýýär. Ol hem özüne timar berip gelýär. Şonda Pygamberimiz (s.a.w.) şeýle diýýär: “Saç-sakgalyňyzyň şeýtanyňky ýaly buýr-bulaşyk bolanyndan tertipli, timarlanan bolmagy oňat dälmi?”

Resuly Kerim (s.a.w.) bedeniň, egin-eşigiň, iýlip-içilýän zatlaryň, öýleriň we köçeleriň tämizligine aýratyn üns beripdir. Şeýle hem Ol göwün hem-de ruhy arassalygy barada-da alada etmelidigini nygtapdyr: “Ägä boluň! Bedende bir bölek et bardyr, şol gowy bolanda bütin bedeniňem gowy bolar, erbet bolsa bütin bedeniňem erbet bolar. Şol et bölegi hem ýürekdir”.

Ýürek bu ýerde ruhy simwoldyr. Ol ýagşylyk bilen beslenende eýesine ýol görkezer. Eger-de ýürek erbetlige bulaşan bolsa, onda beýle adamdan gowulyga garaşmak hebesdir. Ýürekde gowy, oňat duýgulary oýandyrmazdan, ösdürmezden ruhy galkyndyrmak başartmaz. Ýagny, musulman ynsabynyň päkligine üns bermelidir. Hak Tagala hemişe ynsanyň ynsabyna göz-gulak bolup durandyr, musulman bende hiç wagt muny unutmaly däldir, şuny berk bilip, ýalňyş, egsik hem-de hata işlerden gaça durmalydyr. Ol diňe şonda gözellige, dogruçyllyga, oňatlyga, owadanlyga dalaş edip biler. Hak Tagala bize: “Eý Rebbimiz! Ol dünýäde-de, bu dünýäde-de biziň halymyzy oňat et...” – diýip, dileg etmegi buýurýar. Şundan ugur alan musulman bu dünýäsini hem, ahyretini hem pikir etmelidir. Musulmanyň aň-düşünjesi bitertip, buýr-bulaşyk bolmaly däldir. Onuň aşakdaky iki hadysy has-da ýerliklidir: “Alla gözeldir, gözelligi hem gowy görer.” “Alla her bir zatda yhsany (ýokary hilliligi we nepisligi) buýurdy”.

“Ynsan haýsy-da bolsa bir işi edende, Alla Tagala ol işiň oňat edilenini gowy görer” – diýen Pygamberimiz (s.a.w.) hat-da gabryň hem oňat edilip gazylmagyny we jeset topraga berlenden soňra guburyň hem oňat edilip rejelenmegini ündäpdir. Ol bir gün (ähtimal, ogly Ybraýymyň) jynazasyna gidýär. Ölüni ýere berip, üstüne gubur galdyrýarlar, ýöne guburyň bir tarapy gyşyk bolup çykýar. Pygamberimiz (s.a.w.) onuň derrew düzedilmegini isleýär. Duranlar Oňa: “Bu ölüni birahat edermi?” – diýip sorag berýärler. Pygamberimiz (s.a.w.) olara: “Ýok, birahat etmez, hakykatda beýle zatlar ölüni gysmazam, ony birahat hem etmez. Emma bu diri gezip ýörenleriň gözüne ýakymly bolmagy üçin gerekdir” – diýip jogap berýär.