بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Pygamberimiz Muhammet (s.a.w.) aýdypdyr: «Gizlinlikde okalan namaz kalby berkidýär. Sadaka mal-mülki berkitýär. Yhlas amallary berkitýär. Dogruçyllyk sözleri berkitýär. Maslahat pikirleri berkitýär».

Başy » «Zaman» gazeti » NAMAZ

Ynsan nähili köp zada mätäç! Iň bärkisi dem alyp bilmesek, ýa bolmasa alan demiňi çykaryp bilmesek, näderdik? Kislorod atomyndan başlap, sanardan köp nygmatlara mätäçdigimiz hakda oýlanyp görüň.

Hawa, ynsan juda köp zada mätäç, erki-ygytýary bolsa şeýle az, geçmeli sepgitleriň bolsa sany ýok. Şeýle agyr ýüki gerdeninde göterýän ynsan hökmünde, säher wagty minaralardan ýaňlanýan “Allahu Ekber, Allahu Ekber” seslerini eşiden badyňa ýeriňden zowwa galyp, Allahyň huzurynda namaza durmak, Rabbiňe arzyňy ýetirmek isleýärsiň.  Saba-säherler “Senden başga arzym kime aýdaýyn?! Seniň gapyňdan başga haýsy gapa gideýin?! Gapyňa gelenleri şu wagta deňiç boş gaýtarmadyň. Bereniňe şükür. Saňa ýüzde-müň şükürler bolsun” diýip, oňa içiňi dökdügiňçe ruhuň  rahatlap, kalbyňa giňlik aralaşýar. Sen şol pursatda Beýik Ýaradana ybadat etmekligiň çäksiz lezzetiniň bardygyna magat göz ýetirýärsiň.

Günortan wagty — işleriň gyzgalaňly dowam edýän pursaty... Günortan çagyny,  adam ömrüniň sarç ýaşlyk ýyllaryna-da meňzetse bolar. Günortan çagy ynsanyň dünýewi işlerden ýadap başlaýan wagty bolýar. Şeýle ýagdaýda ähli kynçylyklardan, gaýgy-endişelerden gutulmak maksady bilen hem-de Allahyň bagyş eden nygmatlaryna şükür etmek üçin Onuň huzuryna çykyp “Asyl Beýik bolan sensiň, men bolsa şeýle bir ejiz hem akly, erki-eradasy, güýji çäkli, goly gysga guluň men... Ähli işde saňa sygynýan” diýmeklik, ynsan ruhuna şeýle bir dynçlyk berer welin, bu rahatlygy we dynçlygy kalbynda we ruhunda duýan adam, edil, mekdepde okuwçylaryň sapakdan egbarlan mahaly arakesmä  garaşyşy ýaly, namaz wagtynyň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşar ýörer.

Ikindinara — günüň batmagynyň öňüsyrasy ... Ikindinara adam ömrüniň gartaňlyk ýyllaryny ýatladýar. Ikindi namazyny okan mahalyň başlangyjy bolan ähli zadyň bir gün hökman soňlanjakdygyny ýatlaýarsyň. Ynha-da, namaz wagtynyň girmeginden birnäçe sagat soň ýer ýüzüni garaňkylyk gurşap alar. Bar zat edil bozguç bilen bozulan ýaly bolar. Bularyň ählisi bize özümiziň hem baky däldigimizi ýatladar. Ýaňy bir umytsyzlyk ýakamyzdan ýapyşyp  ugranda, azan sesini eşideris. Şol pursat-da, “Bu pany ömri baky ömre öwürmegiň ýoluny tapdym” diýip, çaga ýaly begeneris.

Agşam günüň batan mahaly ol dünýä hakydaňy gurşap alar. El-aýak bir-biri bilen hoşlaşar; eliňi gözüň öňüne uzatsaň, görübilmersiň. Tümlükden ýaňa eliňdäki lukmaňy nädip agzyňa ýetirjegiňi bilmersiň. Iňrik ymykly garalanda, göýä gabyrda ýatan ýaly, eliň-aýagyň baglanar.  Ähli zatdan syýrylyp, bir gün başga bir äleme göç etjekdigiňe şonda magat göz ýetirersiň. Ine şeýle halda serimsal bolup durkaň, ýene azan sesleri eşidersiň... Agşam azanynyň sesini... Ysrafyl aleýhisselamyň kyýamat güni suruna üfläp, ölüleri oýaryşy ýaly, seni hem azan sesleri gaflat ukusyndan oýarar. Şonda sen Ybraýym aleýhisselam ýaly “La uhibbul afilin” diýeniňi duýman galarsyň. Sebäbi  batyp gidenler, seniň bilen elmydama hemdem bolmaýanlar, wagtlaýyn zatlar, pany we ejiz ezizler seniň derdiňe derman bolup bilmezler. Aý, Gün, ýyldyzlar ynsanyň kalbyndaky ýaralaryna melhem bolup bilmezler.

Maňa ebedi bolan Biri gerek, maňa batmaýan, hiç wagt meni ýalňyz goýmaýan, terketmeýän Biri gerek. Bu bolsa elbetde diňe Allah bolup biler. Ehad we Samed bolan Allah... Ölümden soňra täzeden direldip biljek ýeke-täk Oldur. Ýoklugy barlyga diňe ol öwrüp biler. Bary hem Ol ýok eder. Sönen çyraglary diňe Ol ýakyp biler. Ine şu duýgulara beslenip, agşam namazyny okap, ynsan ruhy täzeden direlen ýaly bolar.

Ýassy wagty — gündiziň ýagtylygyndan nam-nyşan galmadyk tümlük wagty... Ýassy namazy ynsana gabyr durmuşyny ýatladýar. Ähli kişiň senden umydyny üzen mahaly, hiç kimiň derdiňe derman bolup bilmejek mahaly, gabyrda ýeke özüň, ýaşan gysga ömrüň hasabyny berjek bolup, alasarmyk ýagdaýda durkaň,  Rabbiňden saňa bir nama geler. Ol “Meni ýatlaň menem size ýatlaýyn” diýmänmidi näme?  Hawa, Rabbiň bu wadasy ýadyňa düşende kalbyň aram tapar, Rabbiňe bolan söýgüň ahs hem artyp, Onuň adyny her dem zikredip gezesiň geler.

Gije wagty süýji ukudan turup okalýan tehejjüd namazynyň hem öz aýratyn orny bardyr.

 

Sowal: Käbir kişiler, işleriniň köpdügi zerarly namaz kylmaga wagtlarynyň ýokdugyndan zeýrenýär. Siz muňa nähili garaýarsyňyz?!

Imanyň şertleri bolup durýan esaslar ynsanyň dünýägaraýşyny kesgitleýär. Şu nukdaýnazardan, Allaha iman ynsan kalbyny umytsyzlyk, sussupeslik ýaly erbet duýgulardan saplap, durmuşa many çaýýar. Allaha iman etmek bilen, ynsan bu dünýäniň synag meýdanydygyna, her amalynyň hasaba alynýandygyna, bir gün-de ylahy diwanda özünden hasap soraljakdygyna ynanýar. Ömrüni manyly geçirmäge, Haka mynasyp gul bolmaga, Onuň söýgüsini gazanmaga çalyşýar. Allaha imandan binesip kalplar bolsa, köňüllerindäki ruhy boşlugy başga hiç bir närse bilen dolduryp bilmezler. “Üns beriň. Kalplar başga däl, diňe Allahy zikir etmek bilen giňlik tapar.” (Rad, 13/28) aýaty-da bu hakykaty beýan edýär.

Namaz ynsana Rebbiniň öňünde nähili ejiz we mätäçdigini ýatladýar. Hötdesinden gelinmegi mümkin bolmadyk, has dogrusy, mümkin däl ýaly görünýän kynçylyklary, meseleleri çözmegiň ýollaryny görkezer, ki munuň asly we esasy-da barça zada güýji ýetýän Allaha ynanmakdyr. Meseläni has aýdyňlaşdyrmak üçin, Fatiha suresiniň aýatlarynyň üstünde durup geçeliň.

Elhamdü-lillahi rabbi-l alemin:Hamd we şükür zerrelerden ulgamlara çenli barça zady terbiýe eden, ýetişdiren, kämil halda ýaradan Allaha mahsusdyr. Barça zada öz hökmüni ýöredýän şeýle Rabbe ynanýan bolsam, men näme üçin hadysalar garşysynda ejizlemelimişim?!

Er-Rahmani-r-Rahim:Ol, bu dünýäde we ahyretde kapyrlara-da, mümin gullaryna-da merhemetlidir. Rehmeti gazabyndan artykdyr. Şu halda, näme üçin umytsyz bolmalymyşym?!

Maliki ýewmi-d-din:Ol jeza gününiň ýeke-täk eýesidir we her gulunyň bu dünýäde eden iň kiçi amalynyň-da hasabyny sorajakdyr. Emma, enşallah, rehmeti gazabyndan kän bolan Allahym maňa ol gün-de ýardam elini uzadar.

Iýýake na-büdü we iýýake nestain:Diňe saňa gulluk edýäris we diňe senden medet dileýäris. Gullaryň hökmünde gapyňa geldik. Her halymyz bilen gullugymyzy yglan edýäris we boýun alýarys. Biz saňa gul bolmagy özümiz üçin iň uly bagt hasaplaýarys. Soltanymyz, Soltanlar Soltany Sensiň, Allahym! Şol bir wagtyň özünde-de, bizler Senden gaýry hiç bir barlyga gul bolmajak derejede eziz we mertebelidiris. Seniň razy bolmadyk her zadyňa garşy göreşmäge taýýardyrys we biz diňe Seniň razylygyňy isleýäris. Ýunus Emre ýaly biz hem:

“Jennet-jennet diýýänleri,

Birnäçe köşk, şonça-da hüýr,

Isleýäne ber olary,

Maňa Seni gerek Seni” — diýýäris.

Namaz ybadaty aslyýetinde Allahyň lütuf we yhsanlarynyň şükürini doly berjaý etmekden ejizdigimizi boýun almakdyr. Mahlukyň (ýaradylan) Halykynyň (Ýaradan) öňünde ejiz we pakyrlygyny beýan etmegidir. Şu ýagdaýda, özüniň ejizdigine, güýjüniň çäklidigine düşünip, Güýji barça zada ýetýän, gudrat-keremi soňsuz Halygyna sygynan ynsan nähili umytsyz bolsun?!

Hawa, bu duýgy we düşünjeler içinde namaz kylýan ynsanyň dünýewi işlerini bahana edip, namaz kylmazlyk etmegini göz öňüne getirmek mümkin däldir. Şu halda, iman bilen bir sanda, namaz hakykatynyň hem ynsanlara düşündirilmegi zerurdyr.

Ynsan namaz ybadaty bilen, edil günebakar gülleriniň Kuýaşa seredip kemala gelişleri ýaly, kämillige ýetip biler. Günde bäş gezek Rabbine ýönelip, paslan, solan duýgularyny täzeläp biler.. Hem solan duýgularyny tämizlär, hem Rabbiniň öňünde eden ähdi-peýmanyny... Bu nukdaýnazardan namaz Allahyň bizlere eden iň uly lütuflaryndan biridir. Onuň ýoklugy, Günüň ýoklugy ýalydyr. Gün bolmasa günebakar gülleriniň hem bolmaýşy ýaly, ybadat bolmasa ynsan hem ýokdur. Şu ýagdaýda, ybadata mätäç bolan bizlerdiris.

Namaz kylýan we günde birnäçe gezek Rabbiniň huzuryna çykýan ynsan gündelik durmuşynda — dünýewi işlerinde, söwdada haramlardan, mekruhlardan mümkingadar daş durmaga çalşar. Aýratyn-da gündizki iş durmuşynyň arasynda kylýan öýlän we ikindi namazlary ynsany wyždany bilen ýüzleşdirer, Allame-l-Guýub we Basir bolan (Gizli-äşgär barça zady bilýän, görýän) Allahyň öňünde her bir amaly üçin hasap bermeli boljakdygyny ýatladar. Agşam, ýassy, tehejjüd (gije namazy) we ertir namazlarynyň kylynýan wagtlary-da ynsanyň Rabbiniň huzuryna çykyp, Oňa şükür-hamdlaryny, arzy-halyny beýan edýän ajaýyp pursatlarydyr.

Günde 5 gezek Rabbiniň huzuryna çykýan ynsan islese-islemese gündelik durmuşyna belli bir düzgün-nyzam getirmeli bolýar: ertir namazyndan soň işe başlaýar. Alty-ýedi sagat soňra, öýle namazyny kylmak bilen iş ýadawlygyny üstünden atýar, uly ruhubelentlik bilen, ikindä çenli işleýär. İkindi namazyny kylmak bilen zehinine we bedenine täzeden dynç berýär. Ýogsam hem, iş durmuşynda şeýle wagt bölünişigi gurnalmasa, ol işden uzak wagtlap ýokary netije almak mümkin däl diýen ýalydyr.

Jemläp aýtsak, käbir kişileriň işleriniň köpdügi üçin namaz kylmaga wagtlarynyň ýokdugyny bahana etmekleri, olaryň iman hakykatlaryny doly bilmeýändikleri zerarlydyr. Imanyň gowşak bolmagy, iman esaslaryna ýeterlik ölçegde ynanmazlyk we namaz hakykatyny bilmezlik, gynansak hem, ynsanda şeýle pikirleriň döremegine sebäp bolup bilýär. Beýle pikirlerden, düşünjelerden gutulmagyň ýoly bolsa kämil imana eýe bolmak we ony durmuşymyza ornaşdyrmakdyr.

NAMAZ

Bäş wagt namaz bizi bakylygyň girdabyna sataşdyrar. Bäş wagt namaz bilen biz ömrümiziň ähli paslynda-da elmydama bahary ýaşaýarys.

Allaha sygynmagymyz bilen onuň nazarynda ezizlenip, biz güýjimiziň ýetmejek zatlaryna hem eýe bolup bileris. Ýyldyzlar, Aý we Gün biziň gullugymyzda bolar. Wagtymyzy bäş wagt namaz bilen bölüşdirsek, nebsimiz hem bize boýun bolar.

Şeýle ejiz, şeýle bir mätäç ýaradylan ynsan, nädip gaflat ukusynda ýatybilýärkä? Oýlanyp gör, sen nähili köp zada mätäç. Iň bärkisi howany içiňe dartyp bilmeseň, ýa bolmasa içiňe dartan howany çykaryp bilmeseň, näderdiň? Kislorod atomyndan başlap ýene-de sanardan köp nygmatlara mätäçdigiň hakda oýlanyp gör. Öz ygytýaryň bilen bularyň hiç haýsysyny hem amala aşyryp bilmeseň gerek.

Sen juda köp zada mätäç, ygytýaryň bolsa şeýle bir az, geçmeli sepgitleriň bolsa sany ýok. Şeýle agyr ýüki gerdeninde göterýän bir ynsan hökmünde säher wagty minaralardan ýaňlanýan ‘Allahu Ekber, Allahu Ekber’ seslerini eşiden badyňa ýeriňden zowwa galyp, Allahyň huzurynda namaza durmakalyk, Rebbiň bilen derdinişmeklik  diýmekdir.  Seniň saba säherde: ‘ Bermeseň alyp bilmerin. Yhsan etmeseň hiç zada eýe bolup bilmerin. Men seniň gapyňdan başga nirä gideýin. Seniň gapyňa gelenleri şu wagta deňeç boş gaýtarmadyň. Ýene-de bereniňe şükür. Saňa ýüzde-müň şükürler bolsun’ diýip oňa içiňi dökdügiňçe ruhuň  rahatlap, kalbyňa imisallyk aralaşar. Sen şol pursatda Beýik Ýaradana ybadat etmekligiň özboluşly bir lezzediniň bardygyna magat göz ýetirýärsiň.

Günortan wagty, işleriň gyzgalaňly dowam edýän pursady. Günortan çagyny,  adam ömrüniň sarç ýaşlyk ýyllaryna-da meňzetse bolar. Günortan, adam  dünýewi işlerden ýadap başlaýan wagty bolýar. Şeýle ýagdaýda ähli kynçylyklardan, gaýgy-endişelerden gutulmak maksady bilen hem-de  Allahyň saňa eçilen nygmatlaryna şükür etmek üçin Beýik Allahyň huzuryna baryp, “ Asyl Beýik sensiň, men bolse şeýle bir ejiz. Ähli işde saňa sygynýan” diýmeklik, ynsan ruhuna şeýle bir dynç berer. Eger adam şonda öz ruhuny diňläp, kalbynyň gepine gulak asyp bilse, edil mekdepde okuwçylaryň sapakdan egbarlan mahaly arakesmä  garaşyşy ýaly, namaz wagtyň bolaryna sabyrsyzlyk bilen garaşar durar.

Ikindin ara, günüň batmaga ymtylýan pursady. Ikindin ara adam ömrüniň gartaňlyk ýyllaryny ýada salýar. Ikindi namazyny okan mahalymyz ähli zadyň bir gün hökman batjakdygyny ýatlaýas. Bir näçe sagat soň, ýer ýüzüni garaňkylyk gurşap alar. Bar zat edil bozgyç bilen bozulan ýaly bolar. Bu hadysalar bize özümiziň hem baky däldigimizi ýatladar. Ýaňy bir umytsyzlyk ýakamyzdan ýapyşyp  ugranynda, azan sesi gulagymyza eşidiler welin “Bu pany ömri baky ömre öwürmegiň ýoluny tapdym” diýşip, şeýle bir begeneris. Azan sesleri bilen garaňky dünýämiziň ýagtaldarys.

Agşam günüň batan mahaly ýa aglasyň geler ýa-da ol dünýä hakydaňy gurşap alar. Batansoň hemme zat dynar.  El aýak bir-biri bilen hoşlaşar. Eliňi gözüňe uzatsaň görübilmersiň. Agzyňa saljak lukmaňy nädip agza ýetrijegiňi bilmersiň. Iňrik garalanynda göýe sen gabyrda ýatan ýaly, eliň-aýagyň baglanar.  Ähli zatdan syýrylyp, başga äleme gitjegiňe şonda magat göz ýetirersiň. Ine şeýle halda serimsal bolup durkaň azan sesleri eşidersiň. Agşam azanynyň sesini. Ana sen şonda  tümlügiň içinden ýagtylygyň sesini eşidersiň. Ysrafyl kyýamat gününde  sur üfläp ölüleri oýaryşy ýaly, seni hem azan sesleri gaflat ukusyndan oýarar. Herne ýene-de Allahyň huzuryna gitme bar. Şonda sen Ybraýym aleýhisselam ýaly “La uhibbul afilin” diýeniňi duýman hem galarsyň. Sebäbi  batyp gidenler, seniň bilen elmydama hemdem bolmaýanlar, pany zatlar, ejizler seniň derdiňe derman bolup bilmezler. Aý, gün, ýyldyzlar ynsanyň kalbynda dörän ýaralaryna melhem bolup bilmezler.

Maňa ebedi bolan biri gerek, maňa batmaýan, hiç zatdan ejiz galmaýan biri gerek. Bu bolsa elbetde diňe Allah bolup biler. Ehad we Samed bolan Allah. Batanlary ol batyrýar, turanlary ol turuzýar.  Täzeden direldip biljek hem ýeketäk oldur. Ýoklugy barlyga diňe ol öwürip biler. Bary hem ol ýok eder. Sönen çyraglary diňe ol ýakyp biler. Ine şu duýgular bilen beslenip agşam namazyny okasaň, ruhuň täzeden dirlen ýaly bolar.

Ýatsy wagty, gündizden nam-nyşan galmadyk wagtydyr. Wagtlaryň arasynda iň garaňky bolanydyr. Şeýle wagt, ynsana gabyry ýene-de bir gezek ýada salar. Yzyňdan aýat-töwir galdyrlyp duran, ýasdan bir parça sahnalar göz öňüňe geler. Ine ýatsy şulary ýada salýar. Ähli kişiň senden umydyny üzen mahaly, hiç kimiň derdiňe derman bolup bilmejek mahaly, gabyrda ýeke özüň ýaşan gysga ömrüň hasabyny berjek bolup alasarmyk bolup durkaň,  Rebbiňden saňa bir nama geler. Ol saňa näme buýrupdy, “meni ýatlaň menem size ýatlaýyn” diýmändimi näme?  Ýatsy namazy bilen ruhuň şeýdip ýene-de bir gezek päklener. Her gün şu adatyňy dowam etdirseň, seni çarhy pelek asla öz oýnuna höwürkdirip bilmez...

Gije wagty tehejjüd namazynyň hem öz aýratyn orny bardyr. Şeýle ejiz bolan adam, her gün tehejjüd bilen birlikde alty gezek Rebbine sygynsa, ýigrimi dört sagady alta böler. Şeýlelik bilen wagtyňy Allaha sarp edeniň üçin, ebedi ömre mynasyp bolarsyň. Alym bolup hem gaflatda ýaşap ýörenler bar. Asly maksat hakyky musulman bolmakdyr. Asyl maksat bar bolan ýeketäk hakykaty görübilmekdir.

Namazy wagtynda okamaly. Ýogsam kalbymyz poslap biler. Ýogsam ybadadyň lezzedinden mahrum galarsyňyz. Allahyň huzuryna çykanyňyzda edepli boluň. Onuň huzurynda duran wagtňyz özüňizden geçip, çyn ýürekden ybadat etjek boluň. Şonda siz daş-töwerekdäki sesleri asla eşitmersiňiz. Daş-töweregiňizdäkileri görmersiňiz şonda. Sahabalaryň namazda Pygamberimizi tanamaýyşlary ýaly. Pygamberimiziň hem olary tanamaýyşy ýaly. Pygamberimiz sahablar bilen gürleşip oturardy. Ýöne namaz wagty geleninde welin  ne ol sahabalara üns bererdi, ne-de sahabalar oňa. 

Derti köňül bulary ýerine ýetirmeli. Adam ýigrimi dört sagadyndan bary ýogy bir sagadyny namaz üçin aýryp bilse, ebedi durmuşa mynasyp bolar. Şu dünýede, käbir kynçylyklara döz gelse, sabyr etse, ebedi bagtly durmuşa mynasyp bolar. Her bir jandarlara syn etseňiz, olar öz wezipelerini nogsansyz ýerine ýetirýärler, olar Ýaradanyň buýran ähli zadyny ýalňyşsyz ýerine ýetirýärler. Ýöne biz adamlar nädýäris. Namazy kyn görýäs. Garrasak okarys, diýýäris. Beýik Ýaradan bize el beripdir, göz beripdir. Bize durmuşda ýaşamak üçin zerur bolan bar zatlary beripdir. Biz bolsa näýynsaplyk edip, oňa gullyk borjumyzy hem etmäge ýaltanýas.

Älemi bir agaja meňzetsek, ynsan şol agajyň miwesi.  Agaja miwesi üçin ähmiýet berilýär. Beýik Ýaradan bu älemde ähli zady ynsan üçin ýaratdy. Älemde ähli zat ynsana hyzmat edýär. Şonuň üçin hem ynsan Allah gulluk etmeli. Allahy ybadat etmeli. Ynsan Beýik Ýaradana çäksiz minnetdar bolmaly...

Ulagda namaz okamagyň şerti

Diýeliň awtobus, ýeňil awtomobil we ş.m. ýaly haçanam bolsa durup biljek ulag bilen ýa-da gämi, otly, uçar ýaly islän wagtyňyz durup bilmejek ulaglar bilen syýahata çykdyňyz.

Meselem: Awtobus, agyr maşyn, taksi ýaly jynsyndan bolan islendik wagt durup bilmek mümkinçiligi bolan ulaglarda syýahat edýän bolsaňyz, namazyň wagty çykmanka sürüjiden  ybadatyňyzy ýerine ýetirmek üçin oňaýly bir  ýerde durmagyny  isläp bilersiňiz. Eger, sürüji siziň sözüňizi diňläp, wagty çykmanka oňaýly bir ýerde durup siziň namazyňyzy okamagyňyz üçin mümkinçilik berse-hä, ne ýagşy. Düşüp derrew namazyňyzy okap, derrewem awtobusa gelersiňiz.

Howlukmaçlyk bilen diýenimiň sebäbi, awtobusta garaşýanlaryň sabyrlary tükenýänçä garaşdyryp, namaz okaýanlar barada erbet pikir etmeklerine sebäp bolmaly däldir.

 Eger, awtobus ýada taksiniň eýesi siziň namaz okamagyňyz üçin rugsat bermän, wagt çykmanka oňaýly bir ýerde durmak teklibiňizi kabul etmese, günä siziň üstüňizden gidýändir. Mundan soňra size düşýän, öňden bar bolan täretiňiz bilen oturgyjyň üstünde oturan ýeriňizde namazyňyzy okamakdyr. Bu yerde dykgat edilmeli bir zat, oturan ýeriňizden mümkin boldugyça kybla tarap öwrülmekdir.

Eger syýahat edýän ulagyňyz awtobus, taksi ýaly islän wagtyňyz durup bilýän bir jynsdan bolman ýagny gämi, otly, uçar ýaly durmak mümkinçiligi bolmadyk bir ulag bolsa, mümin bu ýagdaýda, mümkin boldugyça kybla tarap öwrülip, aýak üstünde, bolmasa oturyp, ybadatyny ýerine ýetirer.

 Kürsiniň oturluşy kyýam bolup, ruku üçin bir az aşak egiliner, sežde üçin bolsa ýene bir az aşak egilip, göwräniň ýarsynyň hereketi bilen namaz ýerine ýetiriler.

 Bu şekilde namaz okalanda ulag ugruny üýtgedäýse mümkin boldugyça kybla tarap öwrülmeli.

Eger beýle bir mümkinçilik bolmasa, aýdyp geçen ýagdaýlarymyzda ybadat etmäge mümkinçilik tapylmadyk bolsa, ediljek ilki iş baran ýerimizde derrew düşüp  ulagda geçiren namazymyzyň kazasyny okamakdyr.

 Eger gitjek ýerimiz  90 kilometrden az bolmadyk ýagdaýynda namazymyz sapar namazy bolar. Sapar namazynda okaljak parz namazlary iki rekagatdyr. Diňe agşam namazy üç rekagatlygyna okalar. Çünki sapar namazynda dört rekagatly parzlary iki rekagat okamak sogapdyr. Üç rekagatly parzda bolsa hiç hili üýtgeşme ýokdur. Şonuň üçinem üç rekagatlygyna okalar. Emma, saparda bolan kimse bulary diňe ýeke özi bolan halatynda şeýledir. Saparda bolmaýan bir ymama uýsa ymamyň okanyny ýagny dört rekagatly okar, ikisi parzy, ikisi bolsa nepil namazynyň ýerine geçer.

Ýatma säherde, uçrarsyň derde

Ýigrimi dört sagadyň iň gadyrly pursatlary säher wagtydyr. Säher bilen ähli janly-jandar ukudan oýanýar.

Säher bilen oýanan adam sagdyn bedene eýe bolýar. Entek kirlenmedik, tämiz howadam dem alýar. Gün dogmanka turup, ryzkyny gazanmagyň ugruna çykanlaryň ryzklarynda bereketiň artjakdygy birnäçe eserlerde bellenýär.

Al-y Imran süresinde Rebbimiz müminleriň sypatyny beýan edende:

- Müminler säher çagy toba, istigfar ederler ... – diýýär.

Diýmek, müminiň säher çagy ukyda bolmagy, gaflatda ýatmaklary müminlik sypatyna laýyk gelmeýär. Mümin, hökmany suratda Gün dogmanka turup, täretini almaly, toba, istigfar kylyp, ertir namazyny okamaly, ondan soňra ryzkyny gazanmagyň ugruna çykmaly.

Bu wagtda ynsan Allahyň ryzasyny gazanmak, gulluk borjuny berjaý etmek üçin ýyly düşegini, süýji ukysyny terk edýär. Säher wagtynyň şeýle gadyrlylygyndan bolsa gerek, namazlaryň içinde sogaby iň kän bolany, ertir namazydyr.

Pygamberimiz (s.a.w.) hem bir hadysynda:

“Säher çagy kylynan iki rekat namaz, bu dünýäden we onuň içindäkilerden has haýyrlydyr!” – diýýär.

Näme üçin beýlekä?

Çünki, bu dünýä we içindäkiler panydyr. Emma, säherde kylynan iki rekat namazyň netijesi bakydyr. Baky zat kiçi hem bolsa, uly bolan pany zatdan has gadyrlydyr.

Allahyň weli gullary ertiriň ir sagatlarynda şeýtanlar bilen melekleriň ynsanlaryň gapylarynyň öňünde garaşýandyklaryny habar berýärler. Olaryň aýdyşyna görä, şeýtanlar şeýle diýer:

- Bu öýde ýatanlar biziň dostlarymyz. Siz bu ýerden gidiň!

Melekler hem:

- Ýok, bu ýerde ýatanlar biziň dostlarymyz. Siz bu ýerden gidiň – diýerler.

Eger azan okalyp, Günüň çykýan wagty ýakynlaşanda öýde ýatanlardan hiç kim namaza turmasa, şeýtanlar begener:

- Gördüňizmi? Bu ýerdäkiler biziň dostlarymyz. Görüň-ä, säher çagy ne turýan bar, ne täret alýan – diýerler. Şeýtanlar içeri kürsäp girer, melekler dolanmaly bolar.

Eger öýdäkiler Gün dogmanka turup täret alsa, melekler şeýtanlary kowar, bu öýe melekler girer.

Bir öýe şeýtan girse ol öýe maddy-ruhy her dürli dert girer. Melek girse maddy-ruhy şypa getirer.

Bu nukdaýnazardan, säher çagy Gün dogansoň ýatmaklyk şeýtany çagyrmak hasaplanar. Şeýtanyň dostlugyndan haýyr gelmejekdigi-de hemmä mälimdir.