بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

«Kyýamat güni üç hili adam beýleki adamlara beýik Taňrydan şepagat dilär, ilki pygamberler, soňra alymlar, soňra şehitler» diýdi.

Başy » «Zaman» gazeti » N E S I H A T

Atasy ogluna  aýdýar:

- Oglum, nebsiň seni günä işe itekläninde ýüzüňi asmana öwür-de, ol ýerdäkiden utan. Eger muny etmeseň, gözleriňi ýere öwür-de, ol ýerdäkilerden haýa et. Eger-de  asmandakydan gorkmaz bolsaň, ýerdäkilerden utanmaz bolsaň,  onda sen özüňi haýwanlaryň biri saý.

Tyg ýarasy biter ...

Erbetlige, jenaýat etmäge endik eden adamlaryň töweregine ýetirýän ululy-kiçili zeper-zyýanynyň öňüni almak  üçin olary gözenegiň aňyrsyna dykýarlar. Hawa, ile zyýan ýetirmek, erbetlik etmek duýgusy  halys gan-damaryna aralaşanlardan gutulmak isleseň, olary dört diwara gabap, gapysyny-da mäkäm temmelemeli.

Ynha, öz agzymyzda-da bizi şular ýaly uly ýalňyşlyklara iteribiljek bir günäkär bar. Ol biziň DILIMIZDIR...

Şol sebäpli Rebbimiz bu beden agzasyna ilki otuz iki dişi goragçy–gözegçi goýupdyr. Soňra ony dodaklar bilen örtüp, gapysyny-da gulplapdyr hem-de onuň “erk” atly açaryny ynsanyň eline beripdir.

Hawa, dil ýarasynyň yzasy bir ömür boýy-da dowam edip biler.

Pygamberimiz (s.a.w.) iki äňiniň we iki aýagynyň arasyna erk edip bileniň Jennete girmegine kepil boljakdygyny aýdýar. Hakykatdan-da, ynsanyň  başyna belalaryň, külpetleriň iň ululary şu ikisi zerarly gelmeýärmi?!

Dana kişiler: “Käbäni ýyksaň, ony gaýtadan dikeldip bolar, emma synan göwni seýikläp bolmaz” diýýärler.

Bir adam Pygamberimiziň ýanyna gelip, “Ýa Resulallah, maňa şeýle bir zady habar ber, men ony berjaý edip Jenneti gazanaýyn” diýýär. Pygamberimiz ol adamyň häsiýetini bilýändigi üçin diline yşarat edip: “Şuňa eýe çyk, (galan zat bilen işiň bolmasyn)” diýýär.

Aýratyn hem goňşy gatnaşyklarynda dil edebine üns berilmelidir. Öňler her kimiň öýi aýry, ýoly aýrydy. Her kim öz öýüne öz aýratyn ýodajygy bilen giderdi. Köçäň ugrunda  goňşulara duşulsa, içgin-içgin dertleşilerdi. Bu gün bolsa, öň bir  öýüň ýerleşen ýerinde  ýigrimi-otuz sany maşgala niýetlenen köpgatly binalar bar. Diýjek bolýanym, indi goňşularymyz bilen ýüz-ýüze, göz-göze ýaşaýarys. Agzymyzdan çykjak ýekeje ýerliksiz söz  kalby syndyryp, bize bolan hoşniýetli garaýşy ýok edip biler. Bu gün adamlar Yslamyýete musulmanlary, olaryň hal-hereketlerini synlamak arkaly baha berýärler.

Köp gatly jaýlaryň birinde ýaşaýan bir musulmany tanaýaryn. Ony goňşulary diýseň sylaýarlar. Bilesigelijiligim halys erkime goýmansoň, munuň sebäbini soraşdyrmagy makul bildim. Goňşularyndan biri bu musulman goňşusynyň tarypyny ýetirip, şeýle diýdi: “Tüweleme, ol adam şeýle bir salyhatly, şeýle bir edepli, mylaýym, ertir namazy üçin turanynda, öýünde artykmaç goh bolmasyn diýip, ýalňyşmaýan bolsam, daraklygyna basyp ýöreýän bolmaly. Öýünden çykanda, gapysyny örän seresaplylyk bilen ýapýar. Basgançakdan ýörände goňşularyny birahat etmezlik üçin aýaklarynyň ujuna basyp düşýär. Daşarky gapyny-da örän ýuwaşlyk bilen açyp-ýapýar. Mesjide namaza gatnaýan adamyň goňşularyny birahat etmegi bolup biläýjek, adaty zat ýalydyram welin, şu goňşymyz bizi sähelçe-de birahat etmeýär. Şeýle goňşymyzyň bardygy bizi örän buýsandyrýar

Ymam Agzam hezretleri ýolda barýarka, tanapyny üzen bir öküziň özüne tarap gazap bilen okdurylyp gelýändigini görýär. Derrew öküziň öňünden sowlup, ýoluň beýleki tarapyna geçýär. Ony gören bir kemakyl Ymam Agzamyň ýanyna baryp: “Ýa ymam, bir öküzden gorkduň, şeýlemi? Men seniň beýle gorkakdygyňy bilmeýärdim.” diýýär.

(Diliň ulanylyşyna üns beriň: ol kemakyl Ymam Agzamyň özüni goramak üçin çäre görmegini, gorkaklygyň alamaty hasaplaýar we bu pikirini-de hiç hili gypynçsyz aýdyp goýberýär.)

Ymam Agzam ýylgyryp: “Elbetde, gorkdum. Çünki, meniň kellämde akyl, onuň kellesinde şahy bar.”diýýär.

Pygamberimiz aleýhisselam sahabalarynyň köpüsine dili dogry ulanmagy maslahat beripdir. Hezreti Muhammet (s.a.w.): “Musulman ol kişidir ki, töweregindäkiler onuň hem elinden, hem-de dilinden emin-arkaýyn bolar” diýmek bilen,  diline we eline erk edip bilmegi öz ymmatynyň esasy aýratynlygy hökmünde agzapdyr.

Indi öz içki dünýämize dolanyp, pikir edeliň “Hakykatdan -da goňşularymyz, töweregimizdäkiler biziň elimizden hem dilimizden özlerine zeper ýetmejekdiginden arka­ýynmykalar?”