بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Zeburda aýdylşyna görä, Beýik Allah Daud (a.s.) pygambere aýdypdyr: «Kim günde özüniň dört sagadyny aşakdakylara bagyşlasa, ol parasatly we dana hasaplanar: 1) Allaha hamdu-öwgüler aýtmak üçin, bagyşlanan sagat; 2) öz-özüňe baha bermeklige (analiz) bagyşlanan sagat; 3) kemçilikleriňi görkezjek dindar doganlaryň bilen gatnaşmak üçin sagat; 4) rugsat edilen nygmatlardan lezzetlenmek üçin sagat».

Başy » «Zaman» gazeti » NIÝET

Ýagşy niýet - ýarym döwlet

Ynsanyň ähli işleriniň esasy, amallarynyň düýp sebäbi niýetdir. Erkiň iň sarsmaz binýady we ynsandaky döretmek ukybynyň iň berk sütüni-de niýetdir. Älemde we adamzat jemgyýetinde barça zat, hem başlangyç taýdan, hem-de dowamaty babatda niýete baglydyr. Oňa daýandyrmazdan haýsydyr bir zada barlyk gazandyryp bilmek we ony dowam etdirmek mümkin däldir.

Her amal, ilki akylda pikir hökmünde döreýär. Has soňraky basgançak hökmünde, ynsan ony paýhas eleginden geçirip, meýilnamalaşdyrýar. Soňra-da, tutanýerlilik we sabyrlylyk bilen durmuşa geçir­mäge başlaýar. Ilkinji pikir we meýilnama bolmazdan, haý­sydyr bir işe başlamak netije bermez. Hut şonuň ýaly-da, erk we tutanýerlilikden mahrum pikir we meýilnamalardyr mak­satnamalardan-da oňyn netije çykmaz.

Niýetdäki bu güýç we täsire yşarat edýän, şaýatlyk edýän kän zat bar. Ýöne gynan­sagam, köpimiz öz ýaşaýan durmuşy­myzyň doly manysyna düşün­me­ýändigimiz, parhyna barma­ýan­dygymyz üçin bu güýç we täsirlerden-de habar­syz.

Niýet, ynsanyň ýagşy­lyk­lary we erbetlikleri nukdaý­nazaryndan-da örän möhümdir. Bu babatda ol, ýa müň bir şypa wada berýän melhem ýa-da ähli iş we amallaryň sogap-ha­se­natyny küle öwrüp, göge so­wur­ýan apy-tupan kibidir. Niçeme kiçi amallar niýet sebäpli ulalar; bir däne halyna, müň hoşa berer, damja halyna, derýa öwrüler. Ýene gör näçe uly işler, çekilen jepalar, döz gelnen kynçylyklar erbet niýet zerarly hasylsyz, netijesiz, göýdük galar.

Haka gulluk duýgusy bilen eglip-galmak, seždä gitmek, aç-suwsuz galmak we dürli arzuw-isleglerini jylawlamak ynsanyň başyny göge ýetirer we ony ruhy-magnawy belent dereje­lere göterer. Hut şonuň ýaly-da, şol hereketler, amallar şeýle garaýyşdan mahrum ýagdaýda ýerine ýetirilende, gury jepa çek­mekden, öz janyňa jebir etmekden, manysyz ýada­mak­dan başga zat däldir. Diýmek, Ýaradany hoşnut etmek ýolunda ynsan ýagşy amallary etmek we erbet işleri, endikleri terk etmek arkaly beýgelýär.

Hadys: “Müminiň niýeti amalyndan haýyrlydyr”

Niýet şeýle bir maýadyr, onuň bilen “ýoklar” “bara” öw­rüler; bar ýaly görünýän zatlar-da, niýetiň bozuk bolmagy zerarly netijesiz, täsirsiz galar.

Hak ýolunda gazawatlara gatnaşyp,  Watan ugrundaky göreşleriň içinde bolup hem dowzahyň ataşynda ýanjaklar bardyr. Hut şonuň ýaly-da, dury niýeti sebäpli, ýumşak we ýyly düşeklerde jan berip-de, jen­netlik bolanlar-da az däldir. Erbet pygyllaryň, şer düşün­jeleriň baýdagyny göterýänler bilen jeň meýdanlarynda ýa-da ylym, medeniýet we beýleki jemgyýetçilik ugurlarynda  aldym-berdimli göreşler edip, milletiniň geljegine ýagtyltgyç tutmak isleýän watan per­zent­leri, il ogullary bilen bir hatarda, öz orunlaryny, wezipelerini şahsy bähbitleri ugrunda ula­nyp, öz milletine, halkyna hyýanat edýänler hem tapylýar. Birinjiler özleriniň ruhy dünýäsinde, halkyň köňlünde belentliklere göterilýän bolsa, ikinjiler-de başaşak togalanyp, “Tamug dowzahynda” gözlerini açjakdyr.

Hakyň ryzasy, Watan gora­gy ugrunda başyny goýmaga taýýar esger, duşman bilen ýüzbe-ýüz bolmasa-da, jeň meýdanynda ser alyp, ser berenleriňkä barabar sogaby alar. Ýene şeýle ýagşy niýet bi­len serhetde durýan ser­hetçi-de, gije-gündiz özüni ybadata beren biriniň ybadatyna barabar sogap gazanar.

Ynha şu sebäpden, ynanan ynsan pany durmuşda ebedi bagtyýarlygy we ölümsizligi gazanýar. Inkär edip, küpüre düşen-de ebedi betbagtlyga we azaba laýyk görülýär. Ynsan jemgyýetindäki adalat düşünje­sine laýyklykda, her kim öz ybadatyna we haýyrly amalla­ryna barabar Hakyň sylagyna, lütuf we yhsanyna laýyk bol­maly; eden erbet amallaryna, kal­bynda göteren bet pygylla­ryna barabar-da azaba duçar edilmeli. Bu-da, niýetlerini düzüw tutup, ýagşy amal işlän­leriň jennetde bolmaly wagt­larynyň, ýagşy ynsan bolup ýaşan wagtlaryna deň; erbet ynsanlaryň-da dowzahda bolmaly wagtlarynyň erbet ynsan bolup ýaşan wagtlaryna barabar bolmagy diýmekdir. Emma hakykatda, ebedilik erbetler üçin hem, ýagşylar üçin hem üýtgewsizdir, ölümden soňraky durmuş wagt taýdan çäksizdir.

Ynha şeýle gutarnyksyz bagtyýarlyk ýa-da tükenmeýän, soňy görünmeýän azap we jebir, diňe ynsanyň niýetinden zlenmelidir. Ebedi imanyň we ýagşylyk düşünjesiniň, ebedi bagtyýarlyga sebäp bolşy ýaly, ebedi küfran (inkärçilik) we erbetlik düşünjesi-de ebedi bet­bagt­lyga sebäp bolup biler. Bu hakykaty has giňişleýin, şeýle düşündirmek mümkin:

Demlerini sanap ýatan kalby Haka gulluk dü­şün­jesinden doly ynsan, müň­lerçe ýyl ömri bolsa, ony-da özüniň bu düşünje dünýäsine laýyklykda geçirjekdigi üçin, ol niýet we sabyrlylygy sebäpli, niýeti amal hökmünde kabul edilip, şoňa görä-de Hak ga­tynda sylag görer.

Hut şonuň ýaly-da, soňky minutlaryny ýaşaýan bir in­kärçi, özüne ýene müňlerçe ýyl ömür berilse, şol bir küpür we ynançsyzlyk, inkär düşünje­le­rini dowam etdirmek niýetinde­digi üçin, niýetine görä-de jezasyny çeker.

Şeýtan-da özüniň bet pyglynyň jezasyny çeker

Inkärçi, öz erki, islegi bilen kalbynda göteren küpür düşünjesiniň jezasyny çeker. Hut şeýle-de, ähli küpür düşünjeleriniň, erbet amallaryň sebäpkäri şeýtan-da özüniň inkär düşünjesiniň jezasyny gutarnyksyz bir azaba duçar edilmek bilen, çekjekdir.

Aslyýetinde, şeýtanyň, yn­san­daky käbir duýgularyň, mümkinçilikleriň, ukyplaryň ýüze çykarylmagynda we kä­milleşdirilmeginde; hatda kal­byň we ruhuň her daýym Hak­dan geljek ylahy yhsanlara açyk halda bolmagyna täsirini ýetirýändigini-de aýtmagymyz gerek.

Hawa, şeýtan şahyslara we jemgyýetlere musallat bolýar. Olaryň köňüllerine zäherli to­hum­lary sepmek bilen, şol köňülleri erbetlik hasylynyň we zulmat miweleriniň ýetişýän ekin meýdany halyna getirmäge çalyşýar. Onuň ynsany ýoldan çykarmak, Hakdan uzaklaşdyr­mak üçin sarp edýän gaýratyna garşy, ynsandaky mag­nawy-ruhy duýgular hüjüme geçýär, edil, antibiýotige garşy bedeniň herekete gelşi ýaly... Bu hem, ynsan duýgularynyň kämil­leş­megine, kuwwat­lan­magyna, hatda bu amanbermez duşma­nyň yzly-yzyna edýän hüjüm­leriniň garşysyna, ýygy-ýygydan Ýaradana sygyn­ma­gyna, Oňa has ýakynlaş­ma­gyna sebäp bolýar.

Hawa, ynsanda şeýtanyň was-waslaryna garşy göreşmek duýgusynyň oýan­magy we her niýetiniň, her hereketiniň, her amalynyň Allahyň razylygy­nyň çäginde bolmagyna üns bermegi niçeme ynsanyň, we­lilik mertebesi ýaly, Hakyň söý­güli guly bolmagyň dürli dere­jelerine göterilmegine sebäp bolýandyr.

Ýöne, ynsanyň ruhy dünýä­sinde şeýle ýokary mertebelere göterilmegine sebäp bolýan­dygyna garamazdan, mundan şeýtanyň özüniň aljak sylagy, gazanjy ýokdur. Çünki ol muny Hak dostlary beýgelsin diýen niýet bilen etmeýär; tersine, olary haram laýyna batyrmak, günä gorpuna itmek üçin edýär...

Diýmek, şeýtanyň niýeti-de bozuk, amaly-da. Birinjiden, onuň  Älemleriň Rebbine garşy baş götermegi we dogry ýo­l­dan çykmagy öz islegi, erki bilendir. “Men saňa sežde etmegi emir edenimde, seni (Maňa) sežde etmekden saklan nämedi? Ol (Iblis) diýdi:

- Men ondan (ynsandan) has haýyrly; meni ataşdan ýaratdyň, ony bolsa palçyk­dan.

Allah şeýle buýurdy:

- In (düş) ol ýerden (Jennetden), saňa ol ýerde tekepbirlik etmek gerek däl, çyk. Çünki sen bigadyr we sepil kişilerdensiň. Iblis:

- Maňa ahyrzamana çenli möhlet ber – diýdi. Allah-da:

- Sen möhlet berlenlerdensiň – buýurdy.” (Araf, 12-16).

Bu ilkinji pitne, baş göteriş öz erkiň bilen hetdiňden aşmak, Hak bilen jedel etmäge synanmak we soňra-da, küpür ýoluny saýlamakdyr. Ynsan neslini ýoldan çykarmak üçin eden kasamlary-da, adamzadyň taryh boýunça goýberen ýal­ňyşlyklarynyň, puşmanlary­nyň, ökünçleriniň sebäpkäridir.

Jemläp aýtsak, niýet mümi­niň durmuşynda bar zatdyr. Ynsanyň ruhy we bedeni barly­gyna janlylyk gazandyrýan ol, tutuş ömri bire müň berýän ekin meýdany halyna getirýän-de oldur. Çäkli dünýä durmu­şynda, ebedi bagtyýarlyga elt­ýän ähli gapylary açýan, ýollary arçaýan ol, ebedi betbagtlyga duçar edýän-de oldur.

Päk niýet

Kyýamat güni bir gul Alla­hyň huzuryna eltilende, gul, sag eline berlen amal depderine haj, umre, zekat we sadaka ýaly birgiden amalyň sogaplarynyň bellenendigini görer we öz ýanyndan: “Men bularyň hiç birini etmedim, belki-de bu meniň depderim däldir” diýip oýlanar.

Şonda eziz we jelil bolan Allah şeýle buýrar:

- Oka, ol amal depderi seniň­kidir. Sebäbi, sen ömrüň dowa­mynda “Käşge pulum bolsady, men hem haja gitsedim”, “Käş­gä malym-mülküm bolsa, Allah ýolunda sadaka bersedim, zekadyny paýlasadym” diýen ýagşy niýet bilen ýaşadyň. Men hem, niýetiň päkdigini bilýändigim üçin, etmegi arzuw eden şol amallaryň ählisiniň sogabyny saňa berdim.

Amallar niýetlere görädir

Buhari, Müslim we Ebu Dawut Hz. Omardan rowaýat edýär:

“Amallar (başga zada däl) diňe niýetlere görädir. Her kimiň niýeti näme bolsa, eline geçjek zat hem şol bolar. Kimiň hijreti Allah we Resuly(nyň razylygy) üçin bolsa, onuň hijreti Allah we Resulunadyr. Kim hem eýe bolmak isleýän bir zady üçin ýa-da nikalaşjak bir aýaly sebäpli hijret eden bolsa, onuň hijreti-de, maksadyna görädir.”

Allahyň Resulunyň bu sözleri aýtmagyna hijret sebäp bolandygy üçin, bu hadysda esasy mowzuk hijretdir. Onsoň hem rowaýatlara görä Iki Jahan Serweri bu sözleri şu waka sebäpli aýdypdyr:

Hemme kişi Allahyň razy­lygy  üçin Mekgeden Medinä hij­ret edýärdi. Ýöne ady anyk bilinmeýän bir sahaba, söýgü­li­si Ümmü Kaýs atly bir aýal üçin hijret edipdi. Elbetde, ol musulmandy, emma welin, ni­ýeti hem-de pikiri Allahyň razy­lygy üçin däldi. Ol hem bir muhajirdi, emma, Ümmü Kaýs atly bir aýalyň muhajiridi. Diňe Allah üçin çydap boljak munça eziýetlere ol bir aýal üçin çydam edipdi.

Hawa, diňe hijret däl, ähli amallar niýetlere görädir. Bir adam hijret etmek isläninde onuň niýeti diňe Allah we Re­sulyny razy etmek bolsa, ol Alla­hyň we Resulunyň hormatyna mynasyp bolar. Namazda-da, agyz beklenende-de, zekatda-da edil şular ýalydyr. Ýokarda belläp geçilen hadysda aýdy­ly­şy ýaly, Allahyň hakyny ýat­dan çykarmaýan adam, Allahyň sylag-hormatyna mynasyp bolar. Adama şeýle bagt miýes­ser edende, onuň ruhy göte­ri­lip, başyny sejdä goýup, Reb­bine has hem golaý durmaga çalşar... Maddy dünýäniň holtumynda, diňe beden taý­dan ýaşaýan we wyždanynyň hem-de ruhunyň sesine gulak asmaýan bir adam, gysgajyk ömrüni bihuda ge­çirer. Ol asla özüni Allaha bagyş eden adam­lar ýaly bagtly bolup bilmez. Ýene bir hadysda Pygam­berimiz (s.a.w): “Mümi­niň niýeti amalyndan haýyr­lydyr” diýýär. Rehmeti soňsuz bolan Allah, biziň eden ama­lymyzdan öňürti şol amaly etmekdäki niýetimize seredýär. Bu sebäpli hem niýetiň adama getirjek sansyz haýry bardyr. Ine hut şonuň üçin hem mümi­niň niýeti amalyndan haýyrlydyr.

Pygamberimiz (s.a.w.) başga bir hadysynda:

“Seresap boluň. Ynsanyň synasynda bir et bölegi bardyr. Eger ol päk bolsa,  bütin beden päk bolar. Eger o zaýa bolaýsa, bütin beden zaýalanar. Seresap boluň ol ýürekdir” diýýär.

Niýet bilen adamyň adaty endikleri-de ybadat ýerine geçýär. Gije ýatanda gijeki ybadaty niýetläp ýatan bir adamyň, ukusynda alýan demleri hem göýä zikir mysaly Hak gatynda gadyrlydyr. Eger şeýle bolmasady, şeýle az wagtda, şeýle az amal bilen jenneti nähili gazanyp bolardy? Hawa, eger musulmana ebedi bir durmuş beriljek bolsa, bu onuň niýeti üçin berler. Niýeti ony jennetiň gapysyna elter.

Hawa, biz niýetimizdäki ebedi gulluk düşünjesi bilen jennete girmäge hukuk gazan­ýarys. Amallaryň ulu­lygyny ýa-da kiçiligini kesgitleýän zat, niýetdir.

Ýagşylyk edilende hem niýetiň ähmiýeti uludyr. Mysal üçin bir adam ýagşylyk etmäge niýetlense we ony edip bilmese, şonda-da sogap gazanar. Eger ony edip bilse, ýerine görä, on, ýüz, käte-de ummasyz sogap gazanar.

K y s s a l a r

Perişdeler adamyň eden ýamanlygyny we ýagşylygyny nähili ýazýar?

Hezreti Süfýan bin Uweýniden: “Bir adam bir işi etmäge niýetlense, soňra bolsa edip bilmese, Kiramin Katibin perişdeleri näme diýip ýazarlar?” - diýip sorapdyrlar. Ol şeýle jogap beripdir:

- Adamyň ýagşylygyny we ýamanlygyny ýazýan perişdeler gaýyby bilýän däldirler. Eger bir adam haýyrly bir amal etmegi ýüregine düwen bolsa, şol adamdan hoşboý ys geler. Perişdeler hem bu ysy duýanlarynda ol adamyň ýagşylyk etmäge niýetlenendigini aňar. Ýamanlyk etmäge niýetlenini bolsa, ondan bir ýaman ys geler. Bu erbet ysy duýup, perişdeler onuň erbet niýetlidigine düşünerler. Haýyrly amal etmäge niýetlenen bolsa, ol adam şol amaly etmedik bolsa-da, perişdeler onuň niýetini ýazarlar. Erbet niýet edeninde welin, ynsan şol işi etmese ýazmazlar. Bu Allahutagalanyň guluna eçilen yhsanydyr.”

Sünnetleri berjaý etmekde niýet

Sünnetleriň ählisini birden berjaý etmek ýeňil däldir. Bu aýratynlyk pähim-parasatly weli adamlaryň hem juda azyna nesip edýändir. Ýöne sünnetleriň ählisini berjaý etmek başartmasa-da, olara uýmaklyga niýetlenmek welin, hemme kişä başartsa gerek. Netijede, sünnetlere uýmaga niýet edineni sebäpli ol adam Allah Resulunyň şepagatyndan mahrum galmaz.

Hut şonuň üçin hem biziň mydama niýetimizde sünnetleri berjaý etmek bolmaly. Amatly şertler bolmadyk ýagdaýynda-da niýetimiz ýene-de sünnetlere doly uýmak bolmaly. Etmäge mümkinçiligimiz bolan sünnetleri bolsa, ýaltalyk etmän berjaý etmeli.

Päklik düşünjesi

Arassaçylyk diňe bedene mahsus däldir. Bedeniň tämiz saklanyşy ýaly, ýürek, niýet,  ahlak päkligi hem zerurdyr. Sebäbi niýeti päk bolmadyk adamyň ybadaty hem ýürekden däldir we Allahyň dergähinde kabul bolmaz.

Bu sebäpli hem bizde köňül päkligi bilen beden päkligi asla bir-birinden üzňe tutulmaly däl. Olaryň ikisi hem tämiz bolanynda hakyky musulman bolunýandyr.

Namaz we niýet

Namaz – Allahyň buýrugyna uýmak diýmekdir. Namazda azan okalýar. “Allahu Ekber, Allahu Ekber” diýlip, namaza çagyrylýar. Günde bäş wagtyna ýaňlanýan azan adamzady, hakykata çagyrýar.

Mümin bu çagyrylyşdan boýun gaçyrmaz. Azan günde bäş gezek däl, bäş müň gezek okalsa-da, biz ýene-de elimizden gelenini gaýgyrmaly däldiris. Başaryp bilmediklerimizi başarmagy niýet etmelidiris. Günde bäş wagtyna azana diň salýan bolsak, biziň niýetimiz şeýle bolmaly: “Eý Beýik Ýaradan, sen meni günde bäş wagtyna däl-de, elli wagtyna namaza çagyran hem bolsaň, men ýene-de seniň huzuryňa gelerdim”

Allah hem guluna: “Eger seniň niýetiň şeýle bolsa, men hem seniň sogap depderiňe elli wagtyna namaz kylmagyň sogabyny ýazýaryn” diýip buýrar. Çünki, müminiň niýeti amalyndan has haýyrlydyr.

Ýagşylyga ýamanlyk bilen jogap bermek

Ýagşy niýetli  bir işeňňir  adam her gün irden öýün­den çykyp şa köşgü­niň öňünden geçýän wagty şa oňa bir al­tyn berýär ekeni. maň­laý deri bilen ga­za­nyp iýmegi özüne adat edinen kanagatly adam patyşadan alan altynyny her gezek yoluň gyrasynda oturan bir gedaýa berer ekeni.

 

Bir günem gedaý:

-  Agam – diýipdir: - Siz her gün irden maňa bir altyn berýäňiz, siz şeýle baýmy?

Ýagşy niýetli adam:

-  Yok - diýipdir. - Men seniň pikir edişiň ýaly baý däl. Emma her gün irden namazymy okap, işime gitmek üçin ýola çykýaryn. Meniň säher bilen turup, ertiriň bereketi bilen işe başlaýşym göwnünden turan hökümdar hem  her gün ýoluma bir adam ýollap, maňa bir altyn berdirýär. Menem ony getirip sen ýaly mätäç bir pukara berýärin.

 Bu gürrüňi eşiden gedaýyň ýüregine gysgançlyk ataşy düşüpdir. Daýhan gideninden soň haýdan-haý köşge tarap ýola rowana bolupdyr:

-  Hökümdarym, siz her gün irden bir adama altyn berýärsiňiz, emma  ol siziň beren puluňyzy biderek ýerlere sowup, isrip edýär. Oňa berjek bu kömegiňizi men ýaly garyba-mätäje berseňiz has ýerlikli bolardy, men biderek zatlara sowmaryn!..

 Bu habara Hökümdaryň gahary gelipdir:

-  Sen git, men oňa laýyk jezany bererin – diýip, gedaýy ugradypdyr.

 Ertesi gün irden ýagşy niýetli adam ýene köşgüň öňünden giçip barýarka, bu gezek eline bir bukja beripdirler we şeýle diýipdirler:

-  Siz her gün irden bu ýerden geçeniňizde bir altyn almakdan utanýansyňyz. Gowusy bu bukjany alyň we  pylan çörekçä gidiň, ol ýerde size laýyk hyzmat ederler.

Daýhan bende ýazgydyna razy bolup, bukjany açman ýene gedaýyň ýanyna gelipdir we:

-  Al, bu gün irden maňa şu bukjany hödür etdiler - diýipdir.

Gedaý muňa örän hoşal bolupdyr:

-  Sag bol, onsoňam men her gün irden çörek zerurymy bitirer ýaly ýer gözleýärdim. Hökümdaryň bu haty bilen her gün irden tamdyrdan bir çörek berseler meniň işim şowuna – diýip, ylgap tamdyrçynyň ýanyna gidipdir we hökümdaryň hatyny beripdir.

 Haty okan tamdyrçy:

-  Dur entek, şu çörekleri bir çykaraýyn – diýip, tamdyry boşadypdyr. Gedaýy-da entek gyzgyny gitmedik tamdyryň içine salyp, agzyny berk ýapypdyr. Soňra da:

- Hökümdaryň sylagyny saman ýaly sowurmagyň nämedigine indi düşünersiň – diýipdir.

Gyzgyn tamdyryň içinde perýat eden gedaýyň sesini eşidenler, hökümdara baryp, tamdyrçynyň adam ýakýandygyny aýdypdyrlar. Derhal hadysanyň bolan ýerine gelen hökümdar, içeride gedaýyň bardygyny eşidende şeýle diýipdir:

-   Ynsanlar zalym, emma ýazgyt adyldyr. Men seniň beren kömegiňi ýersiz ýere dagadýar diýeniň üçin bu haty daýhan üçin ýazypdym. Diýmek, jeza laýyk daýhan däl, sen ekeniň! Dogrusy, daýhany ýakmak zulum ekeni. Çünki hiç hili günäsi ýokdy. Asyl günäkär sen ekeniň, soňunda Allah adalatyny görkezdi, meniň günäkär hasaplap ýörenimi halas etdi, hakyky günäkäre bolsa, jeza berdi. Sen bärde laýyk bolan jezaňy çek, özüňe çörek uzadan eli dişlemez ýaly, kalbyňa ynsap inýänçä garaş, soňra-da toba edip çyk!

  Özüne günde bir altyn beren adama eden ýamanlygy sebäpli tamdyrda gowrulan gysganç, toba edip, gysgançlygy taşlap, bu wakadan sapak alýar, gaýdyp ýagşylyga ýamanlyk bilen jogap bermeýär, iýen duzuna hyýanat etmeýär.

Gysganç baýyň puşmany

Köp wagtlap näsag ýatan adam ahyry bu dünýä bilen hoşlaşypdy. Onuň yzynda iki çagasy bilen aýaly galypdy. Olar hem bir öýde kireýine ýaşamaly bolupdylar. Indi hemme zat onuň gerdenine düşýärdi. Öý kireýiniň tölenmänine-de esli wagt bolupdy. Öý öýesiniň olary öýden çykarjak bolmagy bolsa, ony has-da ünjä batyrýardy.

Öý öýesiniň üstüne gelip igenmegine çydam edip bilmedik görgüli, ahyry iki balasyny hem alyp, mesjidiň howlusyndaky harabalyga ýerleşipdi.

Soň, obada baýlygy bilen tanalýan  bir adamyň gapysyny kakdy. Oňa özüniň agyr günde galandygyny aýdyp, ondan delalat isledi.

Baý hasaplanýan adam dodaklaryny çömmeldip, göwünli-göwünsiz:

- Seniň ýaly dilegçilik edip ýören köp. Men hemme kişiň derdine derman bolup bilmerin ahyryn. Bar, başga bir gapyny kak! -  diýip, gapyny bat bilen ýapdy.

Iki çagasy bilen galan görgülijik, bu gezek howludaky jemagata elini sermäge mejbur boldy. Halkyň berýän pullary bilen mydar etjek bolýardy. Bir günem ol ýoldan geçip barýan bir nätanşyň öňünden çykdy. Umydyny ýitirmän, ýagdaýyny oňa-da düşündirdi.

Ol adam aýdylanlary üns bilen diňländen soň, şeýle diýdi:

- Wah, wah-eý. Munuň ýaly kynçylyga-da bir çydap  bolarmy? Gel meniň ýanyma, çagalaryňam alyp gel.

Ol adam sözlerini şeýle dowam etdirdi:

- Hiç kimiň ýanynda kiçelme. Bir çäresini tapýançaň bu ýerde biziň myhmanymyz boluber. Saňa-da, çagalaryňa-da seretmäge güýjümiz ýeter,  gynanma! Sen ýetimlere sereden gahryman enesiň. Saňa eýe çykmak biziň borjumuz.

Iki çagasy bilen bu ojakda rahat dem alan ene, Allaha doga-dileg edýärdi. Gije-gündiz okan namazlarynda, ol Allahdan, özüne beýle ýagşylyk eden nätanşa jennetden köşk nesip etmegini dileýärdi.

Esli wagt geçeninden soň, öý eýesi bilen aýaly onuň ýanyna gelip şeýle diýdiler:

- Uýam, näçe günläp seni synlaýarys. Sen päk ýürekli bir musulman adam. Seniň çagalaryň üçin şeýle hupbatlara sabyr etmegiň bizi diýseň haýran galdyrdy. Aslynda, biz otparaz maşgala. Emma seniň bu päk ahlagyňy görüp, musulman bolmagy ýüregimize düwdük. Bize yslam dinini öwret.

Şeýlelikde, otparaz maşgala şol enäniň edep-ekramyny görüp, musulman boldy.

Bu aýal maşgala kömek etmedik hälki  musulman baý adam bolsa bir gün gije düýşünde özüni magşarda görýär. Magşar meýdanynda gün beýnisini çogduryp barýan wagty, saýa gözläp ýörkä, garşysyndaky ak köşge gözi ilýär.

- Bu köşk kimiňki?

- Jomart musulmanlaryňky- diýip jogap berýärler.

- Beýle bolsa menem musulman, goýberiň içeri gireýin. Beýnimi çogduryp barýan yssydan bir gutulaýyn- diýeninde, onuň elinden tutup:

- Dur entek. Seniň şol ýere mynasypdygyňy görkez. Bir pukara bende gapyňa ýetimleri bilen geldi, boýnuny burup ýagdaýynyň kyndygyny aýtdy, senden delalat isledi. Sen bolsa olary boş goýberdiň. Ana şol gün bu köşgüň gapysy seniň üçin ýapyldy. Ýetimlere öýüniň törüni açan otparaz goňşyň üçin bolsa, bu ýerde jennet köşkleriniň töri açyldy- diýýärler.

Ol  ertire çykan badyna  derrew  otparaz goňşusyny tapmak bilen bolýar. Ol goňşusyna:

- Ýardam edeýin, görgüli açdyr - diýdi. Otparaz goňşy şeýle jogap berdi:

- Men seniň gören köşgüňi görmän, bu görgülä eýe çykdym. Allah hem maňa bu pukaranyň doga-dilegleriniň hormatyna iman nesip etdi. Hudaýa şükür, musulman boldum.  Bar, seniň kömegiňi islese, kömek edäý.

Pukara aýal bolsa oňa:

- Sen maňa gapyňy ýapdyň. Allah hem saňa jennet köşgüniň gapysyny ýapdy. Pukara gapysyny açan jomart  otparaz maşgalasyna bolsa ilki bilen iman, soňra-da jomartlaryň köşgüni nesip etdi. Men gysgançlaryň kömegine mätäç däl. Sen özüňe başga bir pukara tap-da, gysganç baýlaryň hataryna girmekden gutul!- diýip maslahat berdi.