بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Muhammet at-Duri rahmetullah aýdypdyr: «Iblis bäş zat üçin bagtygara bolupdyr: 1) özüniň günäsini boýun almadygy üçin; 2) öz günäsi üçin ökünç-puşeýman etmedigi üçin; 3) eden günäsi üçin özüni ýazgarmadygy üçin; 4) toba etmeklik islemedigi üçin; 5) Allahyň rahmetine umydyny ýitirendigi üçin. Adam (a.s.) bäş zat üçin bagtly bolupdyr: 1) öz eden günäsini boýun aldy; 2) günä edeni üçin ökünip puşeýman etdi; 3) eden günäsi üçin özüni ýazgardy; 4) toba etmeklige howlukdy; 5) Allahyň rahmetinden umydyny ýitirmedi».

Başy » «Zaman» gazeti » PESPÄLLIK

Belent daglar, beýikligňe buýsanma

Pespällik bir häsiýetdir. Ynsa­nyň öz-özüni tekep­bir­likden, ulumsulykdan sapla­magydyr, pespällik. Ýogsa-da ynsana iliň gözüne görünjek bolmak nämä derkarka? Käbir adamlar täze  geýim geýip, başgalara görünjek bolýar. Allah olara geýdiren şol täze geýimini islän wagty alyp biler ahyryn. Eger-de Beýik Ýaradan bize “Üstüňizde maňa degişli bolan zatlary bir tarapa aýryp, özüňize degişli zatlar barada maňa hasabat beriň” diýäýse, megerem, Oňa görkezip biljek hiç zadymyz bolmasa gerek. Şeý­le ýagdaýda men: “Ýa Rabbim! Men ýöne bir hiç zat. Men şeýle bir hiç zat welin, özümiň hiç zatdygymy hem Seniň bagyş eden sözlemek ukybyň bilen aýdyp bilýän. Çünki men Saňa degişli we meniň özüme degişli hiç zadym ýok” diýerdim.

Pespällik ine şeýle aň-dü­şünjede ýaşamak diýmekdir. Eger-de ynsan şeýle düşünje bilen ýaşamagy öwrenmedik bolsa, onda oňa boýnuny bu­rup pespäl kişisirän bolmakdan ne peýda?

Beýikleri beýik edýän, olardaky pespällik duýgusydyr. Tekepbirlik etmek bolsa, kiçi­likden nyşandyr. Allahyň resuly (s.a.w.) ynsanlar arasynda iň beýik ynsandyr. Diýmek, Onuň pespälligi-de şeýle bolmalydy...

Mesjit bina edilende her kim bir kerpiç daşaýan wagty iki kerpiç daşan; öňünde aljyrap, titräp, sandy­rap duran adama: “Doganym, gorkma, men hem sen ýaly enesi gury çörek iýen adam” diýip, ol kişini köşeşdiren Allahyň Re­suly, hiç şübhesiz, ynsanlaryň iň kiçigöwünlisi, iň pespälidir.

Dürli üýşmeleňlerde, mej­lislerde özlerini özgelerden be­ýik görkezmek üçin, aýagyny aýagynyň üstüne atyp oturýanlara psiho­logiýa ylmynyň haýsy bölü­minde kemakyllar hökmünde garalýandygy ýadymda däl; ýöne, şeýle-de bolsa, olarda ruhy taýdan örän uly nogsan­lygyň bardygyna şübhe ýok­dur. Allahyň Resuly il hatarynda oturyp, özüni töweregindäkiler ýaly alyp barardy. Hawa, Onuň her hereketi edep kadalarynyň çägindedi. Ol hakyky beýikli­giň, alnyňy Hakyň öňünde seždä goýmakdygyny, Haka sözüň doly manysynda gul bol­makdygyny öz nusga­lyk durmuşy arkaly görkezipdir.

“Kim pespäl bolsa, Allah ony beýgelder. Kim ulum­sy­lyk etse, Allah onuň burnuny ýere berer”

Kiçigöwünlilik jadyly ganat kibidir; ynsany beýiklerden beýik älemlere tarap perwaz etdirer. Allahyň Resuly pespälligi bilen, geçilmez menzillerden geçip, ebedilik adamzat nesliniň lideri bolandyr. Wagt we ýer dü­şünjesiniň çäklendirijiliginden saplanan bu beýik lideriň öňün­de ynsanlar örän rahatlyk bilen öz köňül matlaplaryny beýan edip bilipdirler. Çünki onuň özü-de rahat ynsandy.

Allahyň Resuly pespälligi özi üçin kiçilik bilmän, mertebe saýypdyr. Çün­ki kiçilik, mertebe pesligi Onuň düýşüne-de girmändir. Nähili girsin diýsene, ol imansyzlaryň we inkärçileriň garşysyna çykanda şire-peleňe dönýärdi. Hz. Aly (Allah ondan razy bol­sun!) onuň gaýduwsyzlygy barada: “Biz jeň meýdanynda asgynlan wagtymyz Allahyň Resulyny özümize pena bilerdik” diýýär. Hatda Onuň ýanynda bolmak hem ynsan­laryň kalbyna giňlik we rahatlyk berýärdi. Eger şeýle ynsan bilen adamlar örän rahatlyk bilen görşüp, baýy-gedasy dertlerini aýdyp bilýän bolsa, muny diňe Onuň pespälligi bilen düşün­dirse bolar.

Pespäl bolmak, öz mertebäňi kiçeltmek diýmek däldir, ulum­sylyk hem salyhatlylyk bilen bir zat däldir.

Müdiriň iş ornunda özüni ag­ras alyp barmagy iş ýerinde düz­gün-nyzamyň saklanmagy, işgärleriň özlerine berlen tabşy­ryk­lary kemsiz ýene ýetirmek­leri üçin zerur bolup biler. Emma şol müdir öýünde — maşga­lasynyň arasynda özüni beýle alyp barsa, bu ulumsylyk bolar. Çünki ynsan, her kim hem bolsa, öýünde wagty özüniň maţgala agzalarynyň biridigini unut­maly däldir.

Pespällikde hem iň kämil nusga Allahyň Resulynyň (s.a.w.) durmuşydyr

Her kim Ony (s.a.w.) beýik­ler­den beýik hasaplap biler. Ol (s.a.w.) bolsa: “Hiç kim öz amaly bilen Jennete girip bilmez.” diýýär. “Sen hem girip bilmez­miň, ýa Resulallah?” diýip soranlara-da: “Hawa, men hem. Eger Allah rehmeti bilen gurşap almasa” diýip jogap berýär.

Ol (s.a.w.) jemgyýetiň her gatlagyndan ynsanlaryň ara­synda bolmagy özi üçin kiçilik bilmeýär. Bu bolşy bilen, haky­ky kiçiligiň özüňi özgelerden ýokary saýmak, adaty ynsanlar bilen oturyp-turmagy özüňe peslik bilmekdigine yşarat ed­ýär.

Ahmed b. Hanbel Ebu Hu­reý­reden şu rowaýaty gürrüň berýär:

“Allahyň Resuly Jibril bilen söhbet edýärdi. Jibril Onuň iň sadyk dostudy. Söýgüli Py­gam­berimiz (s.a.w.) birnäçe günden bäri agzyna ýeke lukmalyk zat almandy. Haçan-da ol bu ýagdaýy Jibrile aýdan­da, birdenkä gök gümmürdisine çalymdaş bir ses eşdildi. Bu bir melegiň perýadydy (Taberani onuň Israfil aleýhisselamdy­gyny aýdýar). Jebraýyl aleýhis­selam Pygamberimize (s.a.w.) bu melegiň ýer ýüzüne ilkinji gezek inendigini habar berýär. Melek, Hak tagaladan salam getiripdir. Allahutagala (j.j.) bu meleginiň üsti bilen söýgüli Pygambe­ri­mizden: “Hökümdar Pygamber bolmak isleýärmiň ýa-da gul pygamber?” diýip soraýar. Allahyň Resuly ilki Jebraýyla se­redýär. Jebraýyl Allahyň Resu­lyna şeýle diýýär: “Eý Allahyň Resuly! Rebbiň öňünde pespäl bol!”

Onsuz hem, Hak tagala-da Kuranda Resulyna pespälligi ündeýärdi (Şuara 26/215).

Allahyň Resulynyň jogaby-da şu bolýar: “Gul pygamber bolmak isleýärin.”

Kuran aýatlarynyň birnäçe­sinde Onuň gullugy beýan edil­ýär. Musulmanlar-da kelime-ýi şehadet getirenlerinde (keleme­­lerini öwrenlerinde), Onuň Alla­hyň guly we Resulydygyna şaýatlyk edýärler. (... Eşhedu enne Muhammed-en abduhu we Resulüh — Muhammed Allahyň guludyr we Resuly­dyr). Hawa, Ol owaly bilen Allahyň guly, soňra-da, Resuly­dyr.  Gulluk resullykdan öňde gelýändir.

Her kim kimdir biriniň, haý­sydyr bir zadyň guly bolup biler. Hz. Muhammet (s.a.w.) bolsa, owal-ahyr Allahyň guly bolandyr, Allaha gulluk eden­dir. Ol ömrüniň hiç bir pursa­tyn­da Allahdan başgasynyň öňünde bil büküp, boýun egip, dyz epmeýär.

Bu gün, minaralarda günde bäş gezek Onuň gullugy beýan edilýär, tutuş jahana Onuň Re­sul­lygy bilen bir sanda, gullugy-da ykrar edilýär. Çünki ýokarda hem aýdyşymyz ýaly, Onuň gullugy resullygyndan owalda gelýär.

Kuranyň Allahyň kelamydy­gyny düşündirýän we bu mow­zukda şübhesi bolanlara ýüz­lenýän şu aýatda-da, Oňa “Gul” diýilýär:

“Gulumyz Muhammede indiren Kuranymyzdan şübhe edýän bolsaňyz, siz hem şoňa meňzeş bir sure dörediň. Eger dogry sözli bolsaňyz, Allahdan gaýry bil baglaýanlaryňyzy-da kömege çagyryň. (Barybir) Başarmarsyňyz. Şu halda, inkär edenler üçin taýýarlanan we ýangyjy ynsanlar bilen daşlar bolan ataşdan ägä boluň.” (Bakara, 2/23-24).

Magraç wakasy bilen bagla­nyşykly şu aýatda-da Onuň gullugy nygtalýar:

“Guly Muhammedi, oňa käbir aýatlarymyzy görkezmek üçin, bir gije Mesjid-i Haram­dan Mesjid-i Aksa äkiden Alla­hyň şany beýikdir. Dogrusy, Ol Semidir, Basirdir (Barça zady eşidýändir we görýändir), (Isra, 17/1)”...

K y s s a l a r  . . .

Seni ýok ederdim

Allah Hezreti Musa: “Maňa mahluk­laryň iň biçäresini tapyp getir” diýip buýurýar. Hezreti Musa bir it tapyp, boýnuna ýüp salyp, ýola rowana bolýar. Ýolda ýadyna bir zat düşen ýaly sakga durup, ýüpi itiň boýnundan aýryp, öz boýnuna dakýar. Şeýle halda Allahyň huzuryna baranda, oňa şeýle owaz eşidilýär: “Eý Musa, başdaky ýaly gelen bolsadyň, seni ýok ederdim.”

Derejäňiz peselmesin

Möwlana Jamy Hezretleriniň wagyz-nesihatlary bilen uly mertebelere çykan müridleri bir gün şeýhlerinden haja gitmek üçin rugsat soraýarlar. Möwlana olara rugsat berip, şeýle sargyt edýär: “Haja gitmek bilen haj parzyny berjaý edersiňiz. Ýöne bu siziň kalbyňyza ulumsylyk salyp, siziň derejäňizi peseltmesin!”

Şeýhleriniň näme diýmek isländigini doly aňşyryp bilmedik müridler topar-topar bolşup, mübärek diýara gidýärler. Haj ybadatlaryny berjaý edip, yzlaryna dolanýarlar. Olaryň ýüreginde indi şatlyk-begenç joşup gaýnaýardy. Olar “Biz indi öňki ýaly ýönekeý müridler däl, haja gidip geldik. Medinäni görüp geldik” diýşip, özleriniň tekepbirlik derdine duçar bolandyklaryndan hem habarsyzdylar.  

Hatda olaryň arasyndan biri Möwlana Jamy Hezretlerine şeýle sowal berýär:

- Hormatly pirimiz, biz haja gitmezden ozal mydama siziň başyňyzyň üstünde nurdan bir selle görýärdik. Hajdan gaýdyp gelelimiz bäri, başyňyzdaky şol nur görnenokla. Näme, biz gidenimizde siziň derejäňizde pese düşüş boldumy?”

Möwlana ýylgyryp, şeýle jogap berýär:

“Dogry aýdýarsyňyz. Bir peselme-hä bolandyr. Emma şol peselme mende däl-de, sizde bolup geçdi. Çünki siz haja gitmänkäňiz ulumsy däldiňiz. Pespäldiňiz. Bu sebäpli hem Rabbimiz size şol nury görkezdi. Muny görmäge sizi mynasyp gördi. Hajdan gaýdyp geleniňizde welin, siz “Hajy bolduk” diýşip, hondanbärsi bolduňyz. Eger ýene-de öňki mertebäňize beýgelseňiz, şol nuruň ýerinde duran­dygyny görersiňiz.”

Hajylar ahy-zar edip, toba edýärler. Şeý­dip, olar ýene-de şol nuruň selle gör­nüşinde Möwlana Jamynyň başynda durandygyny täzeden görüp başlaýarlar.

Soltanyň pespälligi

Osmanly döwletiniň höküm­dar­laryndan Fatyh Sultan Mämmet öz hasabyna ençeme medrese, mekdep, ki­tap­hana, çaphana we hassahana, dükan, myhmanhana we hammam gurdur­ýar. Bir gün ol öz gurduran medresele­rin­den birine barýar. Müderrisler — medrese mugallymlary bilen gürleşip oturka:

- Hormatly mygallymlar, medresäňizden maňa-da bir otag beräýseňiz?! Käte döw­let işlerinden sypynan mahalym, gelip bu otagda ylym bilen meşgullanaýyn – diýip, haýyş bilen ýüzlenipdir. Medresäniň baş jogapkäri, garry müderris, oňa şeýle jogap berýär:

- Soltanym, medresede bir otagyň eýesi bolmak üçin, iň azyndan danyşmendiň (dosent) ylmy derejesine ýetmek zerurdyr. Siziň bolsa şeýle ylmy derejäňiz ýok. Bu sebäpli size aýratyn bir otag berip bilmeris.

Beýik soltan pespällik bilen ýene-de müderrisden soraýar:

- Onda men bu ýerde otag eýesi bolmak üçin näme etmeli?

-Soltanym, müderrisleriň öňünde synagdan geçmeli bolarsyňyz. Eger ylmy­ňyz danyşmendiň ylym dere­jesine barabar bolsa ýa-da ondan ýokarda bolsa, size bir otag berip bileris

Soltan Mämmet bellenen wagtda synag­dan geçmegi başarýar we medresede oňa bir otag berilýär.

Adam amal etse ýagşy

Möwlana Jamy yhlas bilen ruhy älem­lerde uly mertebelere çykypdyr. Bu sebäpli hem  ol adamlara görünjek bolmakdan gaça durýardy. Hakyky beýikligi pespällikde tapypdy. Ol adama ylmy hem-de maddy mümkinçiligine seredip baha bermeýärdi. Onuň bar aladasy: ýönekeý, ýagşy niýetli, pespäl hem-de yhlasly adam bolup, dine doly manysynda ynanmakdy.  Onuň ýany­na gelýänler hem şularyň gözlegindediler.

Bir gün ol bir mejlise baranynda, saçak başynda oturan birine gözi ilýär. Ol adam heniz kemal tapman eken. Nahara başlap-başlamanka şeýle diýip gygyrdy:

- Duz getiriň. Nahary duz bilen başlamak sünnetdir.

Ol adamyň özüne üns çekmek üçin aýdan bu sözünden birahat bolan Möw­lana, sypaýyçylygy saklap, jogap berdi:

- Dogan, çörekde duz bar ahyryn. Şony ýada salyp iýseň, sünneti berjaý etdigiň bolar.

Ol adam Möwlananyň bu diýenlerinden özüne sapak çykaryp bilmedi. Az salymdan  soň ýene-de ýanynda oturan birine duýduryş berip, şeýle diýdi:

- Çöregi ýeke eliň bilen bölýäň. Ýeke el bilen çöregi bölmek mekruhdyr. Möwlana onuň bu hereketinden-de birahat boldy. Ýene-de onuň ýalňyşyny düzetdi:

- Saçakda başga biriniň eline, agzyna seretmek hem mekruhdyr...

Ol adam ýalňyşandygyny bildi. Emma ýalňyşyny boýun almazlyga çalyşýardy. Agzyna eýe çykman:

- Nahar iýilýän wagty gürlemek sünnetdir - diýdi.

Möwlana jogap berdi:

- Köp gürlemek-de mekruhdyr.

Ol adam boş gürleýändigine düşündi. Mundan soňra gürlemegini bes etdi.

Möwlana şu sözleri köp gaýtalardy:

- Bir adam ähli ylymlary bilse ýene-de bellisi bolmaz. Çünki adamy halas etjek zat ylym däldir, amaldyr, yhlasdyr, pespällikdir. Amaly hem-de yhlasy ýok alymyň, öwrenen ylmy özüne peýdasy degmez. Öwrenen ylmy ony halas edip bilmez.

Kül dökülensoň ...

Rabi el-Haýri hezretleri  bir gün Kaýiriň köçelerinde gezmeläp ýörkä, penjireden ýalňyşylyk bilen depesinden kül dökýär­ler. Ymam Şafi hezretleriniň şägirtlerinden bolan bu pespäl bende gyra çekilip üstüni silkişdirip, ýoluny dowam ediberýär. Ondan:

- Näme diýip saňa kül dökenlere hiç zat diýmediň - diýip soraýarlar. Ol bolsa, şeýle jogap berýär:

- Otda ýanmaga mynasyp günäkäriň  üstünden kül dökülse, näme diýsin?

Tekepbirlik we kiçi göwünlilik

Ýusup bin Razi şeýle gürrüň berýär:

-Ähli gowu­lyklar bir ota­ga salnyp gulp­lanyp goýlandyr.  Bu otagyň açary bolsa, pespällikden başga zat däldir.

Kim kiçigöwünlilige  eýe bolsa, ol gözel ahlagyň bütin esaslaryny özünde jemländir. Kim özüni tekepbirlik we ulumsylyga aldyran bolsa, ol erbetlikleriň özenini özünde jemländir.

Bir minaranyň düýbünden bir guýy gazýarlar. Gelip-gidýänler, bu guýynyň hikmetini bilip bilmändirler. Guýyny gazanlar bu guýynyň hikmetini şeýle düşündirýärler:

- Bu guýy suw almak üçin gazylan däldir. Belki, suwdan has möhüm bir nesihat üçin gazylandyr.

Tymsalda, guýy tekepbirligi, minara bolsa kiçi göwünliligi aňladýar.

Ulumsylyk ynsany ýeriň teýine, guýynyň düýbüne äkider. Emma haçan-da, ulumsylygy taşlap, pespällik donuny geýse, bu ony göklere, minaranyň çür depesine çykarar.

Isle tekepbir bol, gurruk guýynyň düýbüne düş; isle kiçi göwünli bol, minara ýaly belentliklere çyk!

Bir adam özüni görmeklidirin öýdüp: “Heý menden owadan biri barmyka?” diýip, gedemsiräp gezer eken.

Bir gün ýanyndan geçip barýan bir aýal ol adamy üns bilen synlamaga başlaýar. Gopbamsylyk we gedemlik derdine mübtela bolan ol adam muny görüp, çişdigiçe çişýär. Görk-görmek babatda özüne taý geljek başga bir adamyň ýokduguna çyny bilen ynanýar.

Emma onuň bu ulumsylygy uzak dowam etmeýär. Hälki aýal  ony bir salym synlap, şeýle diýýär:

- Men ýanýoldaşymyň gownüne degenim üçin, özümi günäkär hasapladym. Bu sebäpdenem, öz-özüme bir jeza bermegi  makul bildim. Seni görenimde bolsa, “Şu betnyşan adamyň ýüzüne bir-iki minut seredeýin-le, goý bu maňa jeza bolsun” diýdim. Saňa seretmegimiň sebäbi, özümi jezalandyrmak üçindi, seni gowy görenim üçin däl!

Bu sözlerden soňra, elleri arkasynda, petekesini gaýşardyp duran ulumsy adam, iňňe çümdürilen şara dönýär. Duran ýerinde bili bükülip, başy aşak egilýär. Ýoluň gyrasynda ýerleşen mesjidiň öňünden geçip barýarka, ses güýçlendiriji enjamdan çykýan wagzyň şu sözlerini eşidýär:

- Eý ynsan! Ot ýaly alawlama, tiz sönersiň!  Ot alawlap, ýalyn çabradyp tekepbirlik edendigi üçin ondan şeýtan ýaradyldy. Toprak ýaly bol. Toprak pespällik edendigi üçin ondan ynsan ýaradyldy!..

Ol adam:

- Käşgä bu sözleri şu aýalyň hereketleriniň täsirine düşmezden eşiden bolsadym,  beýle kiçelmeli bolmazdym – diýip, puşman bolup gidýär.

Ulumsy bir adama şahalary miwelerinden ýaňa ýere degip duran alma agajyny görkezýärler, soňra-da, ony miwesiz, birnäçe metr boýuna uzap giden del bir agajyň ýanyna eltýärler.

Ol adam ilki şahalary miwelerinden ýaňa ýere degip duran alma agajyna seredýär,  soňra-da del agajyň seleňläp, uzap giden şahalaryna nazar edýär. Oýa batýar. Soňra-da:

- Toba edýärin, mundan soňra meni miweden doly alma agajy ýaly görersiňiz, diýýär. Şol günden soňra, özgelere göwnüýetmezçilik etmedi, temegini göge tutmady.

Üns beriň, ulumsylyk bilen agraslyk-da bir zat däldir. Ymam Gazaly Hezretleri şu tymsaly gürrüň berýär:

- Bir ýerde iki sany adam bardy. Bularyň biri özüniň ýagşy işleri, oňat amallary bilen tanalyp, halkyň arasynda uly hormata eýedi. Beýlekisi bolsa özüniň gara nebsine gulluk edip, köp kişä güzap baryny çekdiripdi. Bu kişiniň ady-da erbetlikde ýatlanýardy.

Günleriň bir güni özüniň erbet amallary bilen tanalan adam, puşman edip, toba gelip, mundan soňra diňe ýagşy işleriň başyny tutjakdygyna Ýaradana söz berdi. Halkyň arasynda özüniň ýagşy işleri bilen tanalýan birinji adamyň mejlisine baryp, onuň ýanynda oturmak isledi. Ýöne halkyň uly hormatyndan peýdalanýan adam muňa asla razy bolmady: beýle päliýaman bilen oturmagy özüne uslyp bilmedi we toba edip, ýagşylyga ýönelen öňki erbet adamy mejlisinden kowup çykardy.

Edil şol pursat, Allahutagala, şol zamananyň pygamberine Jebraýyly ýollap, şeýle buýurdy:

- Erbetligi sebäpli puşman edip, toba gelen gulumy bagyşladym. Ol mejlise gatnaşyp bilmändigi üçin gynanmasyn. Emma ybadat we ýagşylyklary sebäpli ulumsylyk edip, mejlisine gelen bendeleri kowmak bilen, özüniň asyllylygyny gorandyryn öýden gulumyň bolsa, ähli ýagşylyklaryny hasap depderinden öçürdim.

Ymam Gazaly  muny gürrüň bereninden soňra, şeýle diýýär:

- Tekepbirlik, ulumsylyk dag ýaly beýiklikdäki odunlary ýakyp-ýandyran ataş ýalydyr. Ynsanyň amal depderindäki ähli sogaplary ýok eder. Ýagşylyk edenleriň ähli ýagşylygyny bir demde küle öwrer. Ägä boluň, siziň eden ýagşylyklaryňyz sizi  tekepbirlige we ulumsulyga salmasyn. Ýogsam, siz hem şeýle gözgyny ahwala duçar bolarsyňyz.

Hormatly okyjylar, geliň biz hem öz wyždanymyzyň öňünde hasabat bereliň. Biz özümizi Allahyň bize amanat eden mülkünden, Onuň mätäç gullaryna berýän araçy hökmünde görmegi başarýarysmy?.. Ýa-da edýän ýagşy amallarymyz, haýyr-sahawatlarymyz bizi-de ulumsylyga salýarmy?