بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Ähli şer işler akmak kalpda orun tutýandyr. Emma akylly ynsanyň kalby şere we pyssy-pujurlyga ýol bermez.

Başy » «Zaman» gazeti » PYGAMBERLERE IMAN

“Pygamber” sözi barada umumy düşünje

“Pygamber”  söz manysy taýdan “Ýolbelet, ýol gorkeziji we ilçi” diýen manylary aňladýar. Dinimizde bolsa  bu söz, Allanyň öz bendeleriniň arasyndan saýlan,  wahyý bilen mertebelän, buýran ýa-da gadagan eden zatlaryny ynsanlara ýetirmek üçin bellän ilçisi diýmekdir.

“Pygamber” sözüniň arap dilinde ulanylýan manydaş sözleri “Resul” we “Mürseldir”. “Resul” ýa-da “Mürsel” diýip, täze bir kitap we täze bir şerigat bilen ynsanlaryň arasyna iberlen pygamberlere aýdylýar. Bu sözleriň köplük galyby “Rusul” we “Mürselundyr”. Kuranda pygamber diýmekligi aňladýan ýene bir başga söz bolsa “Nebidir”. “Nebi” sözi hem Allanyň buýran hem-de gadagan eden zatlaryny adamlara habar berýän, ýöne täze bir kitap we täze bir şerigat bilen iberilmedik, öňki bir pygamberiň kitap we şerigatyny ymmatyna wagyz edýän pygamber diýmekdir. Bu sözüň köplük galyby “Enbiýadyr”. “Risalet” hem-de “Nübüwwet” sözleri bolsa, at işligi bolup, pygamberlik diýen manyny aňladýar.

Pygamberlere imanyň zerurlygy

Pygamberlere iman etmek (ynanmaklyk), imanyň alty esasynyň biridir. Pygamberlere iman etmek, olaryň Alla tarapyndan saýlanyp iberlendiklerine we şeýle adamlaryň Alladan getirýän ähli habarlarynyň hakykatdygyna ynanmaklyk diýmekdir.

Her bir musulmana, parh goýmazdan, ähli pygamberlere ynanmaklyk parzdyr. Ýagny Allanyň  buýrugydyr.

Kurany Kerimiň bir  aýatynda pygamberleriň käbirine ynanyp, beýleki birnäçesine ynanmazlygyň küpürdigi nygtalýar:

“Ol kişiler ne Allany tanarlar ne resullaryny we şeýle kişiler Allaha ynanýan diýip, Alla bilen ilçilerini bir-birinden aýyrmak islärler.

Ol kişiler “Resullaryň käbirine iman edýäris, käbirini bolsa inkär edýäris” diýerler we şeýdip iman bilen küpüriň arasynda bir ýol tutjak bolarlar.

Ynha olar hakyky kapyrlaryň hut özleridir. Biz-de kapyrlar üçin aýylganç we perişan ediji jeza taýýarladyk”.(Nisa 4/150-151).

Pygamberleriň ýerne ýetiren wezipesiniň ähmiýeti

Adam özünde jemlenen mümkinçilikleri hem-de güýji taýdan barlyklaryň iň üstünidir. Ýöne adam bu aýratynlyklar bilen birlikde,  ýaradylyşynda bar bolan gahar-gazap, göriplik ýaly häsiýetleri bilen mertebe taýdan iň peslerden hem pes derejä düşüp biler.

Älem içinde hiçbir barlyk maksatyz ýa-da wezipesiz ýaradylmandyr we hiç bir jandar ýol görkezijisiz, ýolbaşçysyz däldir. Garynjalary baştutansyz, aryny şasyz, balyklary we guşlary öňbaşçysyz goýmadyk Alla adamlary-da dogrulary we hakykatlary görkeziji pygamberlerden mahrum goýmandyr.

Her bir pygamber adamyň ýaradylyşynda – tebigatynda bar bolan, emma heniz üsti açylmadyk, ýüze çykarylmadyk ukyplary oýaryp kämilleşdiripdir we olary ýaradylyş maksadyna gönükdiripdir. Pygamberler jemgyýet halynda ýaşamaga mejbur bolan ynsan nesilleriniň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary ýola goýup, hukuk we adalat esaslaryny salgy beripdirler. Şeýle-de, närseleriň hem-de hadysalaryň syrlaryny adamlara öwredip, ynsan-Älem-Ýaradan arasyndaky baglanyşyklary we gatnaşyklary aýdyň düşündiripdirler.

Pygamberler şu pany dünýäde we ebedi ahyret durmuşynda bagtly bolmagyň ýollaryny görkezip, material nukdaýnazardan-da özleriniň mugjyzalary, keramatlary bilen medeniýetleriň hem-de siwilizasiýalaryň döremeginde, ylymlaryň ösmeginde-de juda wajyp wezipeleri ýerine ýetiripdirler.

***

Ynsan nesli bolup geçýän hadysalara seredip, akyl ýoly arkaly Allanynyň bardygyna göz ýetirse-de, özüniň ýaradylyş maksadyny we ýaradana nähili ybadat edilmelidigini pygambersiz bilip bilmezler. Ine bu sebäpden Alla adamlaryň arasyna pygamberleri ýollapdyr.

Adamlaryň käbir işlerde jogapkär hem-de borçly saýylmagy we bu sebäpden olara sogap ýa-da jeza berilmegi üçin hem, pygamberler gerek bolupdyr. Ine bu ýol bilen, ölümden soňky durmuşda adamlaryň “Bilemizokdyk” diýen bahanalarynyň öňi alynýar.  Kuran bu barada bir aýatynda şeýle belläp geçýär: “Biz buşlaýjy hem-de duýduryjy hökmünde pygamberler ýolladyk. Indi, Pygamberlerden soň adamlaryň Allanyň öňünde bahanalary bolmasyn...” (Nisa suresi, 165).

Netijede şeýle diýse bolar, pygamberler şu çäkli Dünýäden ebedi  älemlere penjireler açan, maddy çäklerden aňyrda hem dünýäleriň bardygyny habar beren we bu dünýäde ýaşamagyň manysyny gönüden-göni ony ýaradanyň kelamy esasynda düşündiren beýik ynsanlardyr.

Pygamberleriň birmeňzeş aýratynlyklary

1) Beşer bolmaklary

Pygamberler hakynda bilinmeli ilkinji zat, olaryň hemmesiniň hem ynsan bolandyklarydyr. Sebäbi, adamlara diňe özleri ýaly bir adam her ugurda maslahatçy bolup, ýol görkezip biler. Kuranda-da, pygamberleriň biziň ýaly adam bolandyklaryna aýratyn üns çekilýär.

2) Alla tarapyndan iberilen bolmaklary

Pygamberler Allah tarapyndan saýlanan, aýratyn adamlardyr. Alla pygamber boljak adamy ruhy hem-de fiziki taýdan bu wezipä mynasyp edip ýaradypdyr.

3) Dogruçyl hem-de ynamdar bolmaklary

Pygamberler hem dünýewi hem-de beýleki ähli işlerinde dogruçyl we ynamdar adamlardyr. Ýerei gelende, söýgüli pygamberimiz Hz. Muhammediň (s.a.w.) pygamberliginden öňki durmuşynda hem “Emin” – ynamdar lakamy bilen tanalandygyny-da belläp geçeliň.

4) Öňden görüji bolmaklary

Pygamber parasady diýip boljak bu aýratynlyk, her bir pygamberde bardyr. Pygamberlere mahsus bolan bu aýratynlygy, adaty adamlaryň zehin babatda çür depesi hasaplanýan “Geni” sözi bilen düşündirmek dogry däldir.  Sebäbi pygamberler  ajaýyp ýaradylan, ynsany çäkleri böwsen zehine, aň-düşünjä eýedirler. Iň bir kyn meseleleri hem aňsatlyk bilen çözmegi başarypdyrlar.

5) Günälerden we haramlardan goralmaklary

Adamlara ýol görkezmek üçin iberlen pygamberler özlerine bolan ynama zarba urjak– günä ýa-da hatalardan Allanyň eradasy bilen daş saklanylypdyr. Allanyň gorag astyndaky şeýle adamlar durmuşlarynyň hiç bir pursatynda günä iş etmändirler.

6)Wahýy bolşy ýaly wagz etmek

Pygamberler Alladan alan buýruklaryny, özleriniň halkyna (ymmatyna) kemsiz ýetiripdirler.

Pygamberleriň sanlary we Kuranda ady agzalan pygamberler

Kuranda adamzat taryhy boýunça ynsanlaryň arasyna iberlen pygamberleriň sany anyk aýdylmandyr. Bu barada aýatlarda aýratyn nygtalan zat, her millete, her ýere bir “duýduryjynyň” iberilendigdir.

“Aralaryna bir nezir (Dogry ýoly görkezip, egri ýoluň güzaply ahyryny ýatladýan pygamber) iberilmedik hiç bir ymmat (halk) ýokdur. (Fatyr suresi, 24).

“Kasam bolsun, senden öňem pygamberler iberdik. Olardan saňa kyssalaryny gürrüň berenlerimizem bar, ýagdaýlaryny saňa aýan edilmediklerimizem bardyr...” (Mümin suresi, 78).

Pygamberleriň sanlary barada, bir hadysda 124 müň nebi, 313 sany-da resul iberilendigi aýdylýar.

 

Kuranda ady agzalýan pygamberler şulardyr:

“1.Adam (aleýhisselam), 2.Idris (a.s.), 3.Nuh (a.s.), 4.Hud (a.s.), 5.Salih (a.s.), 6.Lut (a.s.), 7.Ybraýym (a.s.), 8.Ysmayl (a.s.), 9.Yhsak (a.s.),  10.Ýakup (a.s.), 11.Ýusup (a.s.), 12.Şuaýp (a.s.), 13.Harun (a.s.), 14.Musa (a.s.), 15.Dawut (a.s.), 16.Süleýman (a.s.), 17.Eýýup (a.s.), 18.Zülkifil (a.s.), 19.Ýunus (a.s.), 20.Ylýas (a.s.), 21.Elýesa (a.s.), 22.Zekeriýýa (a.s.), 23.Ýahýa (a.s.), 24.Isa (a.s.) we 25.Hezreti Muhammetdir (s.a.w.).

Kurany Kerimde ady geçýän bu 25 pygamberden daşgary, nebi ýa-da welidigi anyk belli bolmadyk üç kişi bolup, olar: 1.Üzeýr, 2.Lukman we 3.Zülkarneýndir (aleýhimüsselam).

Pygamberleriň haýasy

Haýa Alla söýgüsi we Alla gorkusy sebäpli Onuň halamadyk zatlaryndan çetde durmak diýmekdir. Haýa Allahutagalanyň islendik pursat we islendik ýerde häzir we nazyrdygyna düşünip, ol belent huzuryň edebine laýyklykda özüňi alyp barmak, ähli mahlukatyň kämil edepdir hormat bilen tagzym-tagat etdikleri Möwlaýy Züljelala höwes bilen tagzym we tagat kylmakdyr.

Haýa gizlin-u äşgär hemme zadyň Allahutagala aýandygyny bilip, ynsanyň kalp, ruh we beden bilen baglanyşykly ähli meýildir arzuw­laryna, hereket­lerine erk edip, olary düzgünleşdirmegidir, belli bir ter­tibe-nyzama salma­gydyr.

Haýa Alla­hutagalanyň hu­zu­ryn­da ynsa­nyň tekepbirligi, jedeldir kesir­ligi terk etmegi­dir. Ýagny, Möw­laýy Zül­je­lalyň her bir zady bil­­­ýändi­­gi­­ne düşünip, men-menligi taşlap, edebiň, ha­ýanyň ala­maty bolan parz amal­lary berjaý etmegi­dir.

Hezreti Ýusuf aleýhis­selamyň haýasy: Kuran-y Kerimde:“Eger Ýusuf (a.s.) Rebbiniň anyk delilini görmedik bolsady...” (Ýusuf, 24.) buýrulýar. Erbet niýetli Züleýha otagyň içindäki butuň ýüzüni ýapýar. Ýusuf aleýhisselam sebäbini so­randa, Züleýha: “Ol meniň taňrymdyr. Onuň gözüniň öňünde erbetlik etmäge utanýaryn” diýýär. Muny eşiden Ýusuf aleýhisselam şeýle diýýär: “Sen pany we batyl bolan taňrylardan utan­ýar­syň. Bu ýagdaýda men älemleriň Hak, Ebedi we Beýik Rebbi bolan Allahdan has artyk utanmaly dälmi? Ynha, men hem Ondan haýa edýärin we bu sebäpden erbetlik etmeýärin we etmerin hem.”

Hezreti Ýunus aleýhis­selamyň haýasy:Gijäniň tümlüginde deňizde balygyň garnyna düşende şol galagoply ýagdaýda-da, “meni halas et” diýmäge haýa edýär-de, şeýle mynajat bilen ýalbarýar:

“Senden başga ylah ýokdur, Sen nogsanlyklardan uzak­syň, beýiksiň, şübhesiz men özüne zulmedenlerden boldum” (Enbiýa, 87.)

Hezreti Isa aleýhissela­myň haýasy: Ahyretde Jenab-y Hak oňa “Eý Merýem ogly Isa, ynsanlara: “Alladan başga  men bilen ejemi-de  iki taňry ediniň” diýip sen aýtdyňmy?” (Maide,116) diýip ýüzlenende, Hezreti Isa aleýhisselam haýasyndan “Ýok, men beýle zat aýtmadym” diýmeýär-de, “Eger aýdan bolsam, şübhe­siz, sen ony bilýänsiň” diýýär.

Resul-y Ekrem sallallahu aleýhi wesellemiň haýasy: Rowaýat edilişine görä, Magraj pursatynda Mesjid-i Aksada wagty Jebraýyl aleýhisselam “Ýa Resulallah, pygamberleriň ruhlaryndan sora, bakaly, Allahutagaladan başga ilah barmydyr?” diýip teklip edende, Resulallah sallallahu aleýhi wesellem “Ýok, soramaryn. Çünki, şübhelenmeýärin” diýip, Allaha hakyky imanyň, hakyky Allah düşünjesiniň we Allahdan hakyky haýanyň nähili bolmalydygyny gör­kezýär.

Näme üçin zenan pygamber iberilmändir?

Pygamberligiň şerti bardyr. Bulardan biri-de, pygamberiň erkek adam bolmagydyr.

Munuň şeýledigi Ýusuf suresiniň 109-njy, Nahl suresiniň 43-nji we Enbiýa suresiniň 7-nji aýatynda örän aýdyň düşündirilýär:

“Eý Resulym! Senden öň hem özlerine wahyý inderen erkeklerimizden başgany pygamber hökmünde ibermedik...”(Nahl suresi, 43).

Zenan pygamber iberilmänliginiň hikmetleri

Pygamberlik agyr ýük, kyn wezipe. Zenan bolsa, ýaradylyş aýratynlygy taýdan näzik we ejizdigi üçin beýle agyr we kyn işiň hötdesinden gelmegi başarmaz. Çünki, pygamberlik üznüksiz sabyr we göreşi talap edýär. Pygamberleriň ählisi-de ynsanalara hak dini düşündirýärkä, dürli bela we kynçylyklara duçar bolupdyrlar. Hz. Adamdan (a.s.) başlap, Hz.Muhammede (s.a.w.) çenli ähli pygamberlere dürli töhmetler atylyp, jebirdir sütemler edilipdir. Hat-da, Hz.Zekeriýýa we Hz. Idris ýaly ençeme pygamber şehit edilipdir.

Pygamberleriň hemmesi bu zulumdyr ezýetleriň ählisine sabyr we çydamlylyk bilen döz gelipdirler. Hak tagala şeýle çetin we güzaply wezipäni zenanlara ýüklemändir.

Bulardan daşgary-da, zenanlaryň biýologik gurluşlary-da bu ugurda esasy päsgelçilikdir. Çünki, eger zenanlardan pygamber gelen bolsady, aýda 15 gün haýyz haly zerarly wezipesini doly berjaý etmegi mümkin bolmazdy. Bu wagtyň dowamynda ymamlyk edip ýa-da oraza tutup bilmezdi.

Hamyla bolan halatynda, wezipesi has-da kynlaşardy. Çagasy elinde ýa-da gujagynda wagty ynsanlary dolandyrmagy, goşuna serkerde bolup, iň öňde hereket edip bilmezdi.

Hawa, şeýle şertlerde, zenanlaryň hemişe ynsanlaryň arasynda bolmagy we hereketliligi talap edýän pygamberlik wezipesini kemsiz ýerne ýetirmegi mümkin däldir. Pygamber ymmatyna – halkyna ýalňyşmaýan ýol görkeziji bolmaly. Hemmeler onuň durmuşyndan görelde almaly. Zenanlar bilen baglanyşykly meseleler-de, pygamberleriň zenanlaryndan öwrenilmeli.

Pygamberler şu pany dünýäde we ebedi ahyret durmuşynda bagtly bolmagyň ýollaryny görkezip, material nukdaýnazardan-da özleriniň mugjyzalary, keramatlary bilen medeniýetleriň hem-de siwilizasiýalaryň döremeginde, ylymlaryň ösmeginde-de juda wajyp wezipeleri ýerine ýetiripdirler.

Älem içinde hiçbir barlyk maksatyz ýa-da wezipesiz ýaradylmandyr we hiç bir jandar ýol görkezijisiz, ýolbaşçysyz däldir. Garynjalary baştutansyz, aryny şasyz, balyklary we guşlary öňbaşçysyz goýmadyk Alla adamlary-da dogrulary we hakykatlamahrum goýmandyr.