بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

«Meniň ymmatymdan iki hili adam ýagşy ahlakly bolsa adamlary ýagşy ahlakly eder we bozuk ahlakly bolsa, adamlary bozuk ahlakly eder. Olar emirler we fakyhlardyr»;

Başy » «Zaman» gazeti » ÝAZGYT KADER

Günden patyşa hat

­Ynsan ýazgyt galamynyň özi üçin ýazan wezipesini berjaý edýär. Beýik Ýaradan çäksiz ylmy bilen ynsanyň şu dünýä geleninden tä ölünçä näme etjekdigini bilýändigi üçin nämeler bitirip, nämeler ýitirjekdigini, begenç we gynançlaryny ýazgyt depderine ýazypdyr. Adam hem bu depderde özi üçin ýazylan kysmaty ýaşamak üçin dünýä gelýär.

Ýazylan ýazgydy ýaşalanyndan soň okap bolýar. Onuň üýtgedilmegi, ýaşalmazlygy bolsa asla mümkin däldir. Dile geldi, bile geldi, ýazgyt hakynda bir hekaýaty aýdyp beresim gelýär:

Gadym zamanlarda bir patyşa "Az salymlyk hem bolsa dünýämi üýtgedeýin" diýen niýet bilen ýeke özi daglyk ýere gezelenje çykypdyr. Ol dag içinde täsin kölüň üstünden barypdyr. Kölüň gyrasynda ösüp oturan agaja arkasyny diräp oturan ak sakgal goja patyşanyň ünsüni çekipdir. Goja sarsman oturyşyna öňündäki käseden iki sany daşy alyp kölüň içine oklap goýberýärmiş. Goja şeýdip, daşlary jübüt-jübütden köle oklap, kasesini boşadanyndan soň ýerinden turupdyr.

Muňa garaşyp duran patyşa hem şol wagt onuň ýanyna gelipdir. Kölüň başynda birnäçe sagatlap oturyp, suwa iki-ikiden daş oklamagynyň syryny gojadan sorapdyr. Ak sakgally goja: "Men adamlaryň ýazgydyny biri-birine baglaýaryn" diýip jogap beripdir. Patyşa: "Iň soňky oklan iki daşyň kime degişli?" diýip gyzyklanypdyr. Goja-da: "Patyşanyň owadan gyzy Gülnahal bilen hebeşiniň ogly Ahmediň ýazgydyny biri-birine bagladym" diýip jogap beripdir.

Elbetde, bu habara begenmedik patyşa köşgüne dolanyp gelipdir-de, hebeşiniň oglundan dynmagyň kül-külüne düşýär. Ol Ahmedi ýanyna çagyryp, eline bir kagyz tutdurypdyr-da "Bar şuny Güne gowşuryp gel" diýýär.

Haty alan Ahmet ýola düşüpdir. Şol wagt Günüň şekili köle düşüp durmyş. Ahmet Gün şu ýerde bolsa gerek diýip, eşiklerini çykaryp, haty alyp özüni köle oklapdyr. Ol Günüň şöhlesiniň düşüp duran ýerinde, suwuň düýbünde bir sandyga gözi düşüpdir. Sandygy suwdan çykaran hebeşi ýigit garaýagyz bedeniniň Gün düşen ýeriniň ap-ak bolandygyny görüpdir. Sandygyň içi bolsa gyzyl-kümüş, lagly-­jowahyrdan doly hazynamyş. Onuň içinde "Günden patyşa hat" diýlip ýazylan hatly bukja-da barmyş. Şähere dolanan Ahmet özüni baý täjir diýip tanadypdyr. Sähel wagtdan bolsa, patyşaň gyzyna söz aýdyp, oňa öýlenipdir. Gyzyny akýagyz baý ýigide durmuşa çykaranyna begenen patyşa birnäçe günden soň, ýanyna emeldarlaryny alyp giýewisiniň öýüne myhmançylyga barypdyr. Supra ýazylyp, nahar çekilip, her kim saçak başyna geçende giýew ýigidiň bedeniniň Gün düşmedik ýeriniň garadygy görnüpdir. Patyşa saklanyp bilmän: "Ahmet!" diýip gygyranda, onuň "Emriňize tabyndyryn" diýip jogap bermesi, kimiň-kimdigini Aý dogan ýaly edipdir. Patyşa bolan işleri başdan-aýak gürrüň bermegini buýurýar. Ahmet hem başyndan geçirenlerini birin-birin gürrüň berýär. Iň soňunda patyşa: "Ýeri, hany, maňa ýazylan hat?" diýip sorapdyr. Ahmet içki otagdan patyşa ýazylan haty alyp gelipdir. Patyşa haty açyp, şu ýazgyny okapdyr:

“Güne hat ýazylmaýar. Ýazylan ýazgyt bolsa bozulmaýar.”

Allanyň bir ýazgysyndan başga bir ýazgydyna sygynmak

Käbir kişiler başlaryna bir hassalyk gelende, agyr derde uçranlarynda: “Allanyň ýazgydyndan nirä gaçjak? Eger bu keselden ölmek täleýimizde bar bolsa, çäre ýok! Bejergi almak, lukmana gitmek bilen takdyry üýtgedip bolýarmy?” ýaly sözler bilen, ruhypes ýagdaýa düşýärler.

“Allah derdi ýaratdy, her dert üçin-de bir melhem yhsan etdi”diýen Resulullah, eziz ymmatynyň ýokanç we agyr keselleriň garşysynda gol gowşuryp durman, gerekli çäreleri görmelidigine, degişli bejergileri almalydygyna yşarat edýär we munuň ýazgyda garşy çykmak däldigine ünsi çekýär.

Siriýanyň obalaryndan birinde dörän mergi keseli gysga wagtda Yraga we Müsüre çenli ýaýrap, bu ýerleriň halky üçin uly howpa öwrülýär. Halkyň köpçülikleýin gyrylmagynyň öňüni almak üçin çäre gözleýän Hz. Omar Medinede durup bilmän, töweregindäki sahabalar bilen Şama tarap ýola çykýar. Şamyň golaýynda Sera diýen obada olaryň öňlerinden çykan Şamyň häkimi we goşun serkerdesi Ebu Ubeýde merginiň Şamda hem ýaýrap başlandygyny gynanç bilen gürrüň berýär. Sahabalar öz aralarynda Şama girmelidigi ýa-da yza dolanmalydygy barada maslahat edýärler.

Abdyrahman bin Awf maslahatda ýygnananlaryň öňünde, Resullahyň şu hadysyny okaýar:

- Resulullah hezretleri şeýle buýurdylar: “Bir ýerde mergi keseliniň dörändigini eşitseňiz, ol ýere girmäň; eger mergi ýaşaýan ýeriňizde dörese, ol ýerden-de daşary çykmaň!”

bu hadysy-şerifi diňlän sahabalar meseläni gutarnykly çözüldi hasap edýärler. Resulullahyň bu hadysyna – buýrugyna kaýyl bolup, başlaryny egip, mergiň dörän ýerine gitmeli däl diýen netijä gelýärler.

Bu karara gynanan Şamyň häkimi we goşun serkerdesi Ebu Ubeýde, gynanjyny şu manyly sözler bilen beýan edýär:

- Eý müminleriň emiri! Allanyň ýazgydyndan gaçýarsyňyzmy?

Halyf bu manyly soraga manydar we kesgitli şu jogaby berýär:

- Hawa, eý Ebu Ubeýde! Allanyň ýazgydyndan, ýene Allanyň ýazgydyna tarap gaçýarys!

Mundan soňra, halyf ýanyndakylar bilen ýene Medinä dolanyp, şol ýerden degişli çäreleri görmäge, tutuş ülkede ýokanç keseliň öňüni alyş işlerini geçirmeklige dowam edýär.

Beýik sahaba Ebu Ubeýde bolsa, goşunynyň başyndan aýrylmaýar. Hz. Omaryň ol mähelleden çygsyz howaly, yzgarsyz ýere çykmak barada beren maslahatyny tutup, esgerleri bilen baýyrlyk ýere geçen hem bolsa, mergi bilen hassalanýar. Muňa garamazdan, Hz. Omara iberen beýanatynda, esgerleriniň ýanyndan aýrylmajakdygyny bildirýär.

Biziň ynanjymyza görä, ol ýa-da bu hassalyk üçin çäre gözlemek, bejergi ýollaryny agtarmak Allanyň bir ýazgysyndan başga bir ýazgydyna sygynmak manysyna gelýän, makul hereketdir. Bu sebäpden, “Ýazgytda bar eken, täleýimizde bar eken” ýaly sözler bilen, başa gelen hassalygyň öňüni almak üçin çalyşmazlyk, hassalykdan gutulmagyň ýollaryny gözlemezlik, biziň ynanjymyzyň esaslarynyň däl, köre-körlügiň we nadanlygyň netijesidir.

Ýazgyt

Bir gün Pygamberimiziň (s.a.w.) huzuryna bir adam gelip, öz keç ykbalyndan nalapdyr. Hezreti Pygamber aleýhisselam ýylgyryp şeýle diýipdir:

- Juda beýle däldir-le. Çünki keç ykbaldan söz açýan adamyň ýagşy ýazgyt hakynda-da düşünjesi bolaýmalydyr. Meselem, aýt, hany, ejeň, kakaň dirimi? - Ol kişi baş atansoň, Pygamberimiz (s.a.w.) sözüni dowam edipdir:

- Seret! Ýaşyň ep-eslä ýetse-de, entek hem eneň-ataň diri. Bu az kişä nesip edýän ýazgytdyr. Şeýle aýratynlyga eýedigiňi subut etmek üçin ýagşy perzent bol, olaryň hyzmatynda gaýym dur, razylygyny we dileg-dogalaryny al. Töweregindäkilere nepi degip-de, olaryň minnetdarlyklaryny, alkyşlaryny alýan ynsan, heý, ýazgydyndan şikaýat edermi? Seniň azajyk erkiň ýokmy? Ony ýagşy netijeler üçin ulan. Hem hoşwagt bol, hem hoşwagt et!