بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Kä adam Allatagaladan nämedir bir zat dilemek üçin ybadat edýär. Bu ybadat söwdagärleriň ybadatydyr. Kä adam özüniň Allatagalanyň sadyk guludygyny bildirmek üçin ybadat edýär. Bu gullaryň, hyzmatkärleriň ybadatydyr. Kä adam bolsa Allatagalanyň eden işlerine şükür edip ybadat edýär. Bu ybadat Allatagalanyň azat bendeleriniň edýän ybadatydyr.

Başy » «Zaman» gazeti » REJEP AÝY WE REGAÝIB GIJESI

Üç tirkeşikleriň başlangyjy - Rejep aýy

Hijri kamary senenamasy Muharrem aýy bilen başlap, Zilhijje aýy bilen-de soňlanýar. Yslam ynanjynda üç aýlar diýlip bilinýän Rejep, Şaban we Remezan aýlary ýüzlerçe ýyldan bäri musulmanlar tarapyndan edilen ybadatlaryň birnäçe esse sogap getirýän, günäleriň bagyşlanýan aýlary hökmünde gutlanyp gelnipdir. Bu üç aý türkmen halkynyň arasynda “Üç tirkeşik” ady bilen has ýörgünlidir.

Rejep aýy kamary aýlaryň ýedinjisi, üç tirkeşigiň-de ilkinjisidir.

Rejep aýynyň dowamynda iki mübärek gije bardyr. Olardan birinjisi: Rejep aýynyň ilkinji juma gijesidir. Rejep aýynyň ilkinji Sogap gününi Anna gününe baglaýan bu gije “Regaýib” gijesi hökmünde gutlanýar.

Allahutagala Regaýib gijesinde Söýgüli Pygamberimize (s.a.w.) örän uly yhsan we mertebeler bagyşlapdyr.

Regaýib gijesi bize hem Rebbimiziň rehmetine we ylahy yhsanlaryna gowuşmak mümkinçiligi berlen gijedir. Bu mübärek gijede halymyzy Älemleriň Rebbine arz edip, gijäni namaz, şükür we dileg-dogalar bilen geçirmelidiris.

Rejep aýy orazasy

Rejep aýynda oraza tutmak örän fazylatlydyr. Çünki Resulullah (s.a.w.) bu aýda agyz bekläpdir. Ol (s.a.w.) kä ýyllar aýyň ählisine golaýyny orazaly geçiren bolsa, kä ýyllar-da aýyň diňe az bir böleginde oraza tutupdyr. Söýgüli Pygamberimiziň (s.a.w.) Rejep aýy we Rejep aýynda tutuljak oraza barada şeýle diýendigi rowaýat edilýär:

“Rejep Allahyň aýydyr. Şaban meniň aýymdyr, Remezan bolsa ymmatymyň aýydyr.” Rejep aýynyň näme üçin Allahyň aýydygy soralanda:

- Çünki, hususan-da bu aýda magfyrat (Allahyň günäleri bagyşlaýjylygy) boldur. Bu aýda halkyň gan dökmegi gadagan edilendir. Allahutagala bu aýda pygamberleriniň tobalaryny kabul edendir. Allahutagala bu aýda pygamberlerini duşmanlaryndan gorandyr. Eger bir kişi Rejep aýyny oraza tutup geçirse, Allahutagala üç zady onuň üçin gerekli kylar:

- Şol güne deňiç eden günäleriniň ählisini bagyşlar.

- Galan ömrüniň arassa geçmegini gazandyrar.

- Beýik diwana çykylan kyýamat gününiň teşneliginden azat kylar.

Resulullahdan (s.a.w.):

- Ýa Resulullah, Rejep aýynyň ählisini oraza tutup geçirmäge güýjümiz ýetmez? – diýip soranlarynda, Resulullah:

- Onda, başyndan bir gün, ortasyndan bir gün, soňundan-da bir gün tutgul. Şeýle etseň, tutuş aýy orazaly geçirdigiň bolar. Çünki, edilen ýagşylyklar on esse sogap getirer – diýip jogap berýär.

Rejep aýy namazy

Rejep aýynyň dowamynda otuz rekat namaz kylynýar. Bu otuz rekatyň on rekaty Rejep aýynyň ilkinji on günlüginiň içinde kylynmaly. Ikinji on rekaty ikinji on günlüginiň, üçünji on rekaty-da üçünji on günlüginiň içinde berjaý edilýär.

Her rekatda Fatiha (Elham) okalandan soňra üç gezek “Yhlas” süresi okalýar, “Yhlas” süresiniň yzyndan üç gezek “Kafirun” süresi okalýar. Ähli rekatlar şeýle görnüşde okalyp, namaz tamamlanýar.

Bu namazyň kylynmaly wagty nepil namazlaryň kylynýan wagtlarydyr. Belli bir wagty ýokdur.

Rejep aýy girende edilýän dileg:

Okalyşy: “Allahumme barik lena fi rejebe we şaban we belligna ramazan.”

Manysy: “Allahym! Rejep we Şaban aýlaryny biziň üçin mübärek kyl we bizi Remezan aýyna ýetir.” Ämin!..

Üç tirkeşigiň ilkinjisi bolan Rejep aýy girende bu dilegi ýygy-ýygydan gaýtalalyň. Resulullahyň (s.a.w.) özi-de bu dilegi edipdir we ymmatynyň hem etmegini isläpdir.

Mübärek pursatlar

Wagt hem-de mekanlar özleriniň  ähli gadyr-gymmatyny hakykatda Allahyň isleginden alýarlar. Bu ylahy isleg bolsa barlyklar üçin müňlerçe parasady we hikmeti öz içinde jemleýär. Onsaň hem şeýle pursatlarda bolup geçen möhim wakalar we şol mekanlaryň hormatly myhmanlary hem şol pursatyň we mekanyň gadyryny artdyrýar. Yslamda mübärek aý, gün we gijeler Yslamyň şeaýiri hasaplanýar. (Şeaýir: Gö­r­len­­de, Allahy ýat­lad­ýan zatlardyr. Dört uly şeaýir bo­lup, olar: Kur’ân-y ke­rim, Käbe-ýi muazzama, Pygam­ber (a.s.) we namazdyr. Bulardan başga-da bir­näçe şeaýir bolup, ýokarda aýdylyşy ýaly, mübärek aý, gün we gijeler hem ysla­myň şeaýirinden­dir.)

Şeýle günleriň aýratyn gadry hem-de keramatlary bardyr. Regaýib, Magraç, Beragat gijeleri ýaly müminiň Allaha en iň ýakyn pursatlary hasaplanýan şol mübärek gün we gijelerde köňüller has nurlanyp, ynsan ruhy ebedi älemlere bakan ganatlanýar.

Aýat ýa-da hadyslaryň, mübärekligini nygtan we musulmanlaryň ençeme asyrlardan bäri gutlap gelýän bu belli aý, gün hem-de gijeler ýylyň dürli wagtlaryna paýlanypdyr. Söýgüli Pygamberimiziň (s.a.w) hijretini esas alýan hijri-kamary senenamasyna görä Rejep, Şaban we Remezan aýlary mübärek aýlaryň iň esasylarydyr. Bu aýlara Şuhuru-Selase (Üç aýlar) diýilýär.

Mewlid gijesinden (Pygamberimiz Hz. Muhammediň (s.a.w.) dünýä inen gijesi) başga beýleki mübärek gijeleriň ählisi Üç aýlaryň (üç tirkeşikleriň) içindedir. Bulara dört Leýleýi Mübareke (Mübärek gijeler) diýilýär. Regaýib hem-de Magraç gijeleri Rejep aýynda; Beragat gijesi Şaban aýynda; Gadyr gijesi-de Remezan aýyndadyr. Musulmanlar tarapyndan Pygamberimiziň (s.a.w.) doglan gijesi hökmünde gutlanýan Mewlid gijesi bolsa Remezan aýyndan bäş aý soňra gelýän Rebiýül-Ewwel aýyndadyr.

Regaýib gijesi

Regaýib gijesi Rejep aýynyň ilkinji anna agşamyna, ýagny sogap gününden anna gününe geçilýän gijä gabat gelýär. “Regaýib” sözi “Örän isleg bildirilýän, gymmatly, yhsan” diýen manylary aňladýan arapçadaky “regaýibe” sözüniň köplük halydyr. Regaib gijesi diýlende bolsa “Lutfy-yhsana örän baý, gadyr-gymmaty uly we gadry bilinmeli gije” diýen many ýüze çykýar. Bu gijede Allahyň yhsanlary çabga bolup ýagýar. Yslam alymlarynyň käbiri bu gijä Pygamberimiziň (s.a.w) ene rähmine düşen gijesi hökmünde garaýar. Ýöne bu gije bilen Pygamberimiziň (s.a.w.) dünýä inen gijesiniň arasyndaky wagt tapawudy, bu pikiriň hakykata laýyk gelmeýändigini görkezýär. Başga birnäçe alymlaryň pikirine görä bolsa, Hezreti Amine hamyla bolandygyny bu gije aňan bolmagy ahmal.

Yslam alymlaryndan biri Regaýib gijesini – Pygamberimiziň (s.a.w.) beýik mertebelere çykjak durmuşynyň başlangyjy, magraç gijesini bolsa – Pygamberimiziň (s.a.w.) iň beýik mertebelere çykan gijesi diýip belleýär. Bu gijede Allahyň Resuly (s.a.w.) özüne şeýle mertebäni bagyş eden Allahutagala şükür niýeti bilen 12 rekat namaz okapdyr. Bu gijäni ybadat bilen geçirmegiň sogaby köpdür. Beýleki wagtlarda okalan Kurany-Kerimiň her harpy üçin on sogap berilýän bolsa,  Rejep aýynda bu sogap ýüze çykýar.  Regaýib kandilinde bolsa, has hem köpelýär. Bu gijede okalan namazyň sogaby-da beýleki gijelerde okalan namazyň sogabyndan has köpdür. Regaýib gijesinde ediljek haýyrly işleriň biri hem doga-dilegdir. Pygamberimiz (s.a.w.) bir hadysynda bu gijede edilen dilegleri Allahutagalanyň boş gaýtarmajakdygyny nygtapdyr.

Hasapdan öňki hasap ...

Bu gijede mümin özüni hasaba çekmeli, Ylahy diwanda hasabat bermezden öňürti, wyždanynyň öňünde hasap bermeli. Wyždanyň öňünde hasap bermek arkaly ynsan ýaradylyşynda bar bolan we şahsyýetiniň esas sütüni bolup durýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny ýitirmek howpundan daşlaşar. Dinimiziň bize ýörite sargaýan, maslahat berýän bu ýoly terk etse, ynsan öz gadyryny ýitirer. Munuň jemgyýet durmuşynda şöhlelenýän netijesi-de arsyzlyk, ahlaksyzlyk, zulum, ogrulyk, haramlyklaryň we haramylaryň artmagy, kine we gazap duýgularynyň ynsanyň akyl we erkini elinden almagy, merhemet we söýgi duýgusynyň azalmagy... şeklinde ýüze çykar. Nebsi bilen ýüzleşip, wyždanynyň öňünde hasap berýänlerde görülýän ilkinji özgerişlik, olaryň ähli erbetlikleri ret edip, söýgi we mähir duýgularynyň artmagydyr.

Regaýib gijesi gürrüňi edilen hasabyň berilmegi üçin tapylgysyz pursatdyr. Geliň, bu gije hatalarymyz, ýalňyşlyklarymyz, erbet endiklerimiz bar bolsa, olary terk edeliň, erbet duýgy we düşünjeleri kalplarymyzdan sogrup zyňalyň! Allah we Resulyny bize unutdyrýan zatlardan ýüz öwreliň! Köňül bossanymyzdaky gülleri soldurýan bahyllyk, kine, duşmanlyk, nähak ýere jebir we zulum batgalygyny guradalyň! Bu gijeden soňra, birek-birege, ene-atamyza, ýakynlarymyza has mylakatly, has mähirli bolalyň, ýürekden çykýan we ýürege barýan ýagşy sözler bilen ýüzleneliň! Ynsanlar we jemgyýetler arasyndaky düşünişmezlikleriň bütin dünýä parahatçylygyna öz erbet täsirini ýetirýän; akyl-paýhasyň ýerine ýaraglaryň dil açýan, ot saçýan döwründe duşmanlygyň ähli görnüşiniň garşysynda  bolalyň! Köňüllerimizde oňatlyk, gözellik, fazylat we düşünje çyragyny ýakalyň! Kalplarymyz hemişe şeýle gözel duýgular bilen doly bolsun!

Regaýib gijesinde kylynýan namaz

Regaýib gijesinde kylynýan bu namaz 12 rekatdyr. Agşam bilen ýassy aralygynda kylmak mümkin bolşy ýaly, ýassy namazyny kylandan soňra, daňyň agarmagyna çenli, tutuş gijäniň dowamynda haýsydyr bir wagtda hem kylnyp bilner.

Namazda her rekatda Fatihadan (Elhamdan) soňra üç “Kadr” süresi bilen on iki “Yhlas” süresi okalýar. Her iki rekatda bir salam berlip, on iki rekat tamamlanylýar.

On ikinji rekaty kylyp salam berenden soňra, ýeriňden turman ýetmiş gezek:

“Allahümme salli ala Muhammedinin, nebiýýil, ümmiýýi we ala alihi”diýilýär. Soňra seždä barylýar. Seždede hem ýetmiş gezek:

“Sübbühün kuddüsün Rabbül, melaiketi wer–rühi”diýilýär. Soňra seždeden turlup, ettahiýýatda oturylýar we ýetmiş gezek:

“Rabbigfir we erham we tejawez talemü”diýenden soňra, ýene seždä barylýar. Seždede ýene ýetmiş gezek:

“Sübbühün kuddüsün Rabbül, melaiketi wer–rühi” diýenden soňra, isleglerimizi, dileg-dogalarymyzy Älemleriň Rebbine arz edýäris.

Sogap gününi orazaly geçirenden soňra, agşam-da bu namazy kylmagyň fazylaty we kabul bolmak mümkinçiligi gaty ýokarydyr. Rebbimiz bu namazy kylmagy nesip etsin, enşallah...

Mübärek gijelerde nämeler etmeli?

1. Kurany-Kerim okamaly, diňlemeli. Kurana bolan söýgimizi has-da artdyrmaly.

2. Pygamberimize (s.a.w.) salawat getirmeli. Onuň şefagatyndan umydygär bolup, onuň ymmatyndan bolmagyň jogapkärçiligini özümize ýene-de bir gezek ýatlatmaly.

3. Nepil namazlar okamaly. Şol gijä mahsus bolan ybadatlary etmeli.

4. “Men kim? Nireden geldim? Nirä barýaryn? Ýaradylmagymyň maksady näme?” ýaly sowallary öz-özüňe sorap, ynsanyň bu dünýäsi hem-de ebedi durmuşy bilen baglanyşykly möhüm meseleler hakda oýlanmaly.

5. Geçmişdäki ýalňyşlyklarymyzdan ders alyp, geljekde etjek haýyrly işlerimiziň maksatnamasyny düzmeli.

6. Günälerimizi boýun alyp, toba etmeli. Bu gijede Ýaradandan bagyşlanmagymyzy dilemeli.

7. Allahyň gözel atlaryny köp zikir etmeli.

8. Müminler bilen razylaşmaly. Olaryň göwnüni almaly.

9. Öýke-kinelileri ýaraşdyrmaly. Gamgyn ýüzleri güldürmeli.

10. Özüňe we beýleki musulman doganlaryňa, birin-birin adyny agzap, ýagşy dileg etmeli.

11. Kimdir biriniň nähak ýere hakyny iýen bolsak, razylaşmaly. Hakyny gaýtaryp bermeli.

12. Garyp, ýoksul, ýetim, hassa, kemis, garry adamlaryň hal-ýagdaýyny soramaly. Dürli sowgatlar bilen olary begendirmeli.

13. Mübärek gijeler hakda aýatlar, hadyslar we olaryň düşündirşine degişli kitaplar ýekelikde ýa-da köpçülikleýin okalmaly.

14. Ýagşy söhbetler edilmeli. Wagyz-nesihat diňlenmeli.

15. Mübärek gijäniň ýassy we ertir namazlaryny jemagat bolup, metjitlerde okamaly.

16. Bu gijeleriň gündüzlerinde mümkin bolsa agyz beklemeli.

17. Dünýäden öten garyndaşlarymyzyň, dost-ýarlarymyzyň, şeýle hem Sahaba, ulama we welileriň guburlaryny zyýarat emeli.

18. Ýaşap ýören dana-parasatly adamlaryň, ene-atamyzyň, dostlarymyzyň we beýleki ýakynlarymyzyň, ýörite gidip, mübärek gijelerini gutlamaly. Gitmäge mümkinçiligimiz bolmasa, telefon, faks ýa-da elektronik poçtanyň üsti bilen gutlagymyzy ýetirmeli.