بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Allatagala Ybraýym alaýhyssalama: «Eý, Ybraýym! Men alymdyryn we alymlaryň hemmesini söýýändirin» diýen owaz iberdi» diýdi

Başy » «Zaman» gazeti » REMEZAN AÝY - ORAZA - GADYR GIJESI

Orazanyň hikmetleri we peýdalary

Oraza nebsi jylawlaýan terbiýeçidir 

Ynsanyň nebsi hemişe erkinligi isleýär. Edenini etmek islegi onuň asyl durkunda bardyr. Ol ýaradylyşyndaky bu ejizligini, hatadyr günälerini görmek we kabul etmek islemeýär. San-sajaksyz nygmatlar içinde ýaşa­ýandygy barada asla oýlanmaýar. Üstesine, güýç-gurby bar mahaly gaflat içinde ilahi nygmatlary açgözlük bilen gysymynda saklap, hamala demirden bedeni, baky ömri bar ýaly, tutuş durky bilen dünýä yşkyna düşýär. Ençeme erbetlikleriň we günäleriň ýesiri bolup ýaşaýar.

Oraza: depseň deprenmez baýa-da, ýarlykly garyba-da, ýörär ýoluny aňlamaz gafyla-da, dünýeden nägile kejire-de, umuman her kese nebsiň hakyky ýüzüni görkezýär. Hiç kimiň nebsine buýrup bilmeýändigini, mälik däldigini, Allahyň emri we rugsady bolmasa, hiç bir zady başarmajakdygyny ýatladýar. Ynsan oraza arkaly nebsiň nä- derejede ežizdigini, demirdendir öýdülen bedeniň nä-derejede çydamsyzdygyny aç-açan görýär we akyl ýetirýär. Nebsiň tebigatyna doly düşünen ynsan akmaklygyny, tekepbirligini, nebsine tabynlygyny taşlap, hakyky wezipesi bolan şüküre we gulluk borjuna tabyn bolar. Erbet ahlakdan, günä we pis pişelerden saklanýar.

Nebis ruhuň, kalbyň garşysyna işleýän duýgudyr. Şeýtanyň dost bolmaýşy ýaly, nebs hem ynsana dost däldir. Ynsanyň ruhy kämillige ýetmegi üçin nebsiň jylawlanmagy zerurdyr. Şol sebäpli Pygamberimiz «Seniň iň uly duşmanyň iki gaşyň arasyndaky nebsiňdir» diýipdir. Serwerimiz bir söweşden dolanyp gelýärkä, «Indi kiçi jyhatdan, uly jyhada dolanyp barýarys» diýmek bilen nebsiň öňünde hemişe oýa bolmagymyzy sargyt edipdir. 

Berhizli, çäkli naharlanmak arkaly ýogalaryň ruhy taýdan güýç-kuwwat gazanýandygy hemmämize mälim. Käbir mistikleriň nebse yza we jepa çekdirmek arkaly belli bir derejede ruhy kämillige ýetýändigi gadymdan bäri bilinýän zatdyr. Emma ne ýogalaryň, ne-de mistikleriň ahyret üçin gazanýan zatlary ýokdur. Çünki, aç-suwsuz galmak we riýazat etmek diňe ybadat niýeti bilen amal edilende sogapdyr. Bu niýet musulmançylykda oraza görnüşinde ýüze çykýar.

Ynsandaky nefsi emmare Allahy  tanamak, Onuň emrine boýun egmek islemeýär, Fyragun ýaly özüni taňry derejesine galdyrmak isleýär. Nebsiň bu damaryny kesmek üçin diňe oraza tutmalydyr. Rowaýata görä, Allah Tagala nebisden:

– Men kim? Sen kimsiň? – diýip sorapdyr. Nebis:

– Men mendirin, sen sensiň – diýip jogap beripdir. Netijede, Allah ony dowzaha atýar. Soň ýene öňki sowalyny berýär. Nebsiň jogaby üýtgemeýär. Haýsy azaby berse-de, nebis tekepbirligini taşlamaýar. Ahyrsoňy Allah nebsi uzak wagtlap aç-suwsuz goýýar. Soň täzeden soraýar:

– Men kim? Sen kim?

Nebis bu gezek şeýle jogap berýär:

– Sen meniň Rabbi Rahymymsyň, men bolsam, Seniň ejiz bir guluň.

Oraza beden saglygynyň açarydyr

Orazanyň beden saglygyna edýän peýdasyny şeýle sanap bileris:

Oraza sagdynlygyň açarydyr. Bir ýylyň dowamynda dürli nahar bilen agram salynýan iýmit siňdirji organlara dynç almaga, täzeden öňki kaddyna gelmäge mümkinçilik döreýär.

 Oraza bedeniň açlyga-suwsuzlyga garşy durmak güýjüni artdyrýar. Bu ynsanyň gytçylyk, açlyk, uruş ýaly mejbury kynçylyklara çydamlylygyny ösdürýär.

Oraza ynsanyň ömrüni uzaldýar. Uzak ýaşan bir hassa, medisina nukdaý­nazaryndan uzak ömür süren hasaplanmaýar. Uzak ömür – bedeniň dynç we sagdyn ýaşamagy diýmekdir.

Orazanyň beden saglygy üçin ähmiýetini Pygamberimiz hadysy şeriflerinde şeýle beýan edýär: «Oraza tutuň, bedeniňiz berk we sagdyn bolsun», («et-Tergib wet-Terhib»).

«Her bir zadyň bir zekaty bardyr. Bedeniň zekaty orazadyr», (Ibni Maje). Ýagny, zekat bermek maly nähili haramdan arassalaýan bolsa, oraza-da bedendäki zäherleri, artykmaçlyklary aýryp, adamy keselden goraýar.  

Oraza ruhy baýlygyň we tygşytlylygyň esasydyr 

Oraza maddy taýdan berhiz bolşy ýaly, ryhy taýdan hem berhizdir.

Oraza günälere garţy galkandyr. Ol ynsanyň bedeni arzuwlaryny çäklendirip bilmek ukybyny ösdürýär. Şeýlelik bilen, ynsan agzy bekli däl wagty hem her hili ýaramaz arzuw we meýilleriň öňüni almagy, halal we arassa ýaşamagy öwrenýär. Pygamberimiz şu hadysy bilen bu meseläni şeýle nygtaýar: «Kim maňa iki eňek we satan arasyny gorajaklygyna kepil geçse, men onuň jennete girjegine kepil geçerin», (Buhary). 

Oraza tygşytly ýaşamagy öwredýän iň möhüm düzgündir. Islän wagty, islän zadyny almaga endik eden kişi oraza wagty özüni saklamaga mejbur bolýar. Bu bolsa oňa tygşytlylyk getirýär.

Oraza ynsany jennetiň belentliklerine ýetiren pursatdyr 

Oraza  diňe iýmek-içmek we jynsy gatnaşykdan saklanmak diýmek däldir. Hakyky oraza ynsanyň maddy we ruhy agzalarynyň ählisiniň oraza tutmagydyr. Diliň gybat etmezligi, hapa söz aýtmazlygy, gözüň harama bakmazlygy, gulagyň haram sözi eşitmezligi, kalbyň erbet oý-pikir etmezligi muňa mysaldyr. Aslynda, musulman ömürboýy şeýle ýaşamalydyr.  Başgaça aýdanymyzda, bu mübärek aýda Kurany Kerimiň Pygamberimize inderilip başlanmagynyň hatyrasyna Kuran okamak, Allahy zikr etmek, maddy mätäçlik çekýänlere jomartlyk bilen sadaka bermek, yslamyň hakykatlaryny mätäç köňüllere ýetirmek üçin ýol sökmekdir. Eger şeýle bolmadyk bolsa, Nebiler Serweri: sallallahu aleýhi wesellem «Ýalan sözlemegi, ýalan sözler bilen  amal etmegi taşlamadyk agzybekli kişiniň iýmek-içmekden saklanmagyna Allahyň mätäçligi ýokdur» (Ibni Maje) diýermidi?!

Bu dünýä ynsanyň ahyretini gazanmagy üçin ekin meýdany, söwda bazarydyr. Oraza aýy bolan Remezany şerif ynsanyň ahyret söwdasyny etmegi üçin bähbitli pursatdyr. Çünki, Remezany şerifde bir amala müň sogap bardyr. Kurany Kerimiň her bir harpynyň sogaby hadyslarda beýan edilişine görä, on hasanekä, Remezany şerifde her bir harpyň sogaby on däl, müň esse, Aýatel Kürsi ýaly käbir aýatlaryň her bir harpy üçin beriljek sogap müňlerçe essedir. Remezany şerifiň jumgalarynda has hem köp, Gadyr gijesinde bolsa munuň sogaby otuz müňe çenli ýetýär.

Ynsan pany dünýäde, pany bolan gysga ömürde baky durmuşy gazandyrýan, eden günäleriniň bagyşlanýan, dowzah gapylarynyň ýapylyp, jennet gapylarynyň açylýan, her agzaçar wagtynda dowzahdan azat edilýän, içinde müň aýdan haýyrly Gadyr gijesi bolan Remezany şerifi pursat bilip, hakyky manyda oraza tutmak bilen hem dünýä, hem ahyret sagadatyna ýetmelidir.

Oraza ylahy nygmatlara şükürdir

Allahutagalanyň Ýer ýüzünde ýaradan san-sajaksyz nygmatlarynyň ählisi ynsanyň bähbidi üçindir.  Ol yhsan eden müň dürli nygmatlaryna derek, biziň diňe şükür etmegimizi isleýär. Şükür bolsa, ähli nygmatlaryň Allah tarapyndygyna düşünmegimiz, şol nygmatlara mätäçligimizi duýup, gadyryny doly bilmegimiz üçindir. 

Oraza – çyn ýürekden diňe Allah üçin edilýän beýik amalyň hem şükranalygyň açarydyr. Çünki, köp kişi başga wagtlar açlygy bilmeýändigi üçin, ençeme nygmatyň gadyryny bilmeýär. Şol nygmatlara nähili derejede mätäçdigini hem doly duýmaýar. Emma agzaçar wagty, agzybeklilik sebäpli dörän işdä, gury çöregiň hem nähili gymmatly nygmatdygyny anyk duýdurýar. Netijede, baýu-garyp, her bir mü’min Allahyň berýän nygmatlaryna mätäçligini duýup, olaryň gadyryny bilip şükür edýär.

 Ömrüni gaflatda we nisýanda geçirýän, ülfet we ünsiýet perdesine bürenen her bir musulman remezan aýy gelende Rabbiň: «Oraza tutuň!» diýen emri bilen iýmekden, içmekden özüni saklamaga mejbur bolýar. Agşam agzaçar saçagynyň başynda Rabbiň: «Iýiň!» diýen emrine garaşýan wagty nygmatlaryň hakyky eýesini we mäligini tanaýar. Nygmaty nygmat bilip, şol nygmaty beren barada oýlanýar. Şeýlelikde, şükür wezipesine amal edýär.

«Eger şükür etseňiz, elbetde, nygmatymy artdyraryn. Ýok, eger gadyr, bilmezlik etseňiz, azabymyň agyrdygy şübhesizdir», (Ibrahim, 7), aýaty nygmatlara şüküriň nähili zerurdygyny nygtaýar.

Oraza jemgyýetde özara sylaşygy artdyrar

Ynsan Allahyň ilahi takdyry sebäpli, ijtimagy durmuşda ýaşaýan bir barlykdyr. Şeýle hem, jemgyýetde gul-hojaýyn, baý-garyp, sagat-hassa, ýaş-garry... garym-gatymdyr. Şeýle dürli gatlakda ýaşaýan ynsan durmuşda biri-birine, elbetde, mätäçdir. Adamlaryň biri-birine goldaw berip ýaşamagy gutulgysyzdyr. Mysal üçin, maddy taýdan hiç hili müşgili bolmadyk, näz- nygmatdan doly suprada iýip-içip, bolelin ýaşaýan, gurply baýyň açlyk, garyplyk, ýoksullyk gysajynda ýaşaýanlaryň hal-ýagdaýyna düşünmegi kyndyr. Oraza – baý kişiniň garyp adamyň halyna düşünmegine sebäp bolýan külli ybadatdyr. Bu nukdaýnazardan orazanyň ýerini tutup biljek başga ybadat ýokdur. Eger-de, baýyň rehim-şepagaty, adamkärçiligi ýitmedik bolsa, özi ýaly ynsan bolan garybyň derdine höwes bilen ýardam eder. Jemgyýetdäki synplar arasyndaky bähbitli gatnaşyk, birek-birege doganlyk goluny uzatmak düşünjesi saklanmadyk ýagdaýynda: garyplarda baýlara  kine we göriplik, baýlarda bolsa garyplary äsgermezçilik, hakyny iýmek duýgulary ösýär. Bu bolsa jemgyýetiň asuda, parahat ösüşine howp salýar.  

ORAZA

«Oraza» sözi pars dilinden geçipdir. Bu arap dilinde «sawm» we «siýam» sözleri bilen aňladylýar. «Sawm» sözi arapçada: «Bir zatdan daş durmak, özüňi saklamak, böwet bolmak» manylarynda ulanylýar.

 Fykyh taýyndan oraza – imsak wagtyndan iftar wagtyna çenli ýagny, selälik wagtynyň gutaryp  ertir namazynyň wagtynyň girmegi bilen başlap, tä Gün ýaşyp agşam namazynyň wagty başlanýança aralykda hiç zat iýmän-içmän, jynsy gatnaşyk etmän, öz nebsiňi saklamak diýmekdir.

Oraza tutmak yslamyň bäş esasyndan biridir. Oraza hijretiň ikinji ýyly, şaban (meret) aýynyň onunjy güni Medinede farz edilýär. Munuň farzlygy Kitaba, sünnete we ijmaga esaslanýar. Kurany Kerimde şeýle buýrulýar:

«Eý, iman getirenler! Siz takwa bolarsyňyz diýip, Sizden ozalky ymmatlara farz edilişi ýaly, size hem oraza tutmak farz edildi» (Bakara, 183).

Oraza hem namaz ýaly, beden bilen amal edilýän ybadatdyr. Bu ybadatyň iň esasy aýratynlygy: ynsany erbet­likden saklamagy, nebsiň dürli ham-hyýallaryny jylaw­lamagydyr. Hadysy şerifde: «Oraza bir galkandyr. Orazaly kişi jahyllyk edip, erbet sözi aýtmasyn. Özi bilen uruşmak, käýişmek, yrsarap azar bermek isleýän kişä: «Men orazaly» diýsin», (Buhary, Müslim) diýip ündelýär. Başga bir hadysda: «Kim ynanyp, sogabyny Allahdan tama edip, remezan orazasyny tutsa, öňki günäleri bagyşlanar», (Buhary) diýilýär.

 Oraza ynsany erbet meýillerden saklaýandygy üçin, Resulullah Serwerimiz öýlenmedik ýaşlara şehewi (jynsy) duýgularyň azaryndan goranmak üçin, oraza tutmagy maslahat beripdir. Orazanyň şehewi duýgularyň öňüni alýandygyny häzirki döwürde ylym hem tassyk edýär.

Oraza aýy gelende, jem­gyýetde günä işleriň derejesi peselýär, erbetlik azalýar. Muňa derek haýyr-hasenat köpelip, adamlaryň arasynda biri-biri bilen ysnyşykly gatnaşyklar döreýär. Özara arkalaşyk artýar. Orazanyň bu täsiriniň asyl sebäbini Pygamberimiz şu hadysy şerifinde beýan edýär: «Oraza aýy gelende, jennet gapylary açylyp, dowzahyň gapylary ýapylýar we şeýtanlaryň ählisi zynjyrlanýar», (Buhary, Müslim).

Orazanyň Allah dergähinde gadyr-gymmatynyň örän beýikdigi bir kudsy hadysda şeýle beýan edilýär: «Ynsan oglunyň amal eden her haýrynda we ybadatynda özi üçin lezzet we bähbit gazanmak endişesi bardyr. Emma oraza beýle däldir. Oraza diňe Meniň razylygym üçin edilýän ybadatdyr. Onuň sylag-serpaýyny hem Men bererin» (Müslim, Nesaýy).

 Başga bir kudsy hadysda bolsa, şeýle ündew bar: «Her ýagşy amala on esseden ýedi ýüz essä çenli sogap bardyr. Ýöne orazanyň sogaby bu ölçegden has ýokarydyr. Çünki, ol Meniň üçindir. Onuň sylagyny diňe Men bererin», (Tirmizi). Bu hadysa görä, her haýyr we ybadat üçin on haseneden (ýagşylyk) ýedi ýüz hasenä çenli sogap berilýär. Ýöne oraza üçin sogabyň mukdary çäklendirilmändir. Onuň sylagyny bellemekligi Allah Tagala perişdelerine tabşyrman, hut öz Zaty Akdesinde saklapdyr. Şol sebäpli, mü’minler tutan orazalary üçin,  kyýamat güni garaşylmaýan muk­dardaky uly sogaplary alar. Resuly Ekrem muňa şeýle yşarat edýär: «...Orazalynyň iki begenji bardyr. Biri iftar wagtynda – agzyny açandaky begenji, beýlekisi bolsa, Rabbine gowşan wagty oraza sylagy bilen sylaglanan pursadyndaky begenjidir» (Buhary, Müslim).

 Oraza tutýan kişileriň ýetýän beýik fazylet we şerefli mertebeleri käbir hadyslarda şeýle düşündirilýär:

«Jennetde «Reýýan» diýlen bir gapy bardyr. Bu gapydan kyýamat gününde diňe oraza tutanlar girer. Olardan başga hiç kim o gapydan goýberilmez. Kyýamat güni: «Oraza tutanlar nirede?» diýlip gygyrylar. Oraza tutanlar girip gutarandan soň, şol gapy ýapylar», (Buhary, Müslim, Nesaýy, Ahmet b. Hanbel).

«Allaha kasam bolsun, oraza­lynyň agzynyň ysy kyýamat gününde müşk ysyndan has ýakymly bolar» (Buhary).

«Üç kişiniň dogasy ret edilmez:

1. Iftar edýänçä, orazalynyň,

2. Adalatly döwlet ýolbaşçysynyň,

3. Mazlumyň», (Tirmizi).

 Bu mübärek aýda oraza tutmakdan başga Kuran okamak, sadakalar paýlamak, başgalara agyz açdyrmak ýaly salyh amallaryň hem sogabynyň gat-gat boljakdygy, Pygam­berimiz tarapyndan bize habar berlipdir: «Kim bir orazala agyz açdyrsa, özüne onuň sogabyça sogap ýazylar. Üstesine agyz bekleýäniň sogabyndan hem hiç zat kemelmez», (Tirmizi, Ibn Maje), hadysy muňa mysaldyr.

Orazanyň wagty

Orazanyň wagty «imsak» diýilýän ikinji fejirden, ýagny, ertir namazynyň wagtynyň girmegi bilen başlap, Gün ýaşyp agşam namazynyň wagty girýänçe dowam edýän aralykdyr. Agyz beklemäge haçan başlanmalydygy meselesinde yhtylaf bardyr. Käbir alymlara görä, ikinji fejriň dogýan wagty esasdyr. Ätiýaçlyk üçin dürs hasap edilýäni hem şudur. Käbir alymlara görä bolsa, ýagtylyk sähel uzap, soň ýaýrap başlan wagty esas alynýar. Bu oraza tutjaklar üçin has oňaýlydyr.

Kurany Kerim agyz beklemek we agyz açmak wagtyny şeýle suratlandyrýar:

«Fejrde ak ýüplük gara ýüplükden aýyl-saýyl edilýänçä iýip-içiň», ýagny, daň wagty gijäniň garaň­kylygyndan aýyl-saýyl edilýänçä, iýip-içiň. Soň agşama çenli agzyňyzy bekläň» (Bakara, 187).

Häzirki döwürde agyz beklemek we agyz açmak bilen baglanyşykly meseleler kesgitli çözülendir. Ygtybarly kişileriň fetwalary esasynda taýýarlanan remezan kalendary (imsakiýe) oraza tutýanlaryň arkaýyn amal edip biljek wagt aralygyny kesgitleýär. Ýöne ätiýaçlyk üçin fejriň dogmagyndan, ýagny imsak wagtyndan öň oraza başlamak we agzaçary gijikdirmek iň laýygydyr.  Çünki fejriň dogandygyna şübhe edýän kişi iýip-içmegi goýmasa, fejirden soňra iýip-içendigi anyk bolsa, onda ol kazasyny tutmalydyr. Sebäbi, şol wagt gije dowam edýär. Orazaly kişi Günüň ýaşanyna şübhe etse, agyz açmagy halal bolmaz. Agyz açyp hakyky ýagdaýy bilmese, kaza orazasyny tutmalydyr. Ýöne Gün ýaşmazyndan öň agyz açandygy mälim bolsa, kazadan daşgary, keffaret orazasyny hem tutmalydyr. Çünki, şol wagt gündiz dowam edýär.

Astronomiýa ylmy we oraza

Pygamberimiziň: «Hilaly görüp oraza tutuň, Hilaly görüp bayram ediň» hadysyny käbir kişiler tutaryk edinip astronomiýa ylmynyň hasaplaryna görä amal edilip bolmajagyny öňe sürýärler. Bu meselede astronomiýa ylmynyň hasaplaryna görä amal etmek bolmaýar diýýänleriň delilleri ynandyryjy däldir. Pygamberimiziň hadysyna görä, esasy zat Hilalyň görünmegidir. Onuň nähili ýol bilen görlenligi däldir. Hadysda geçýän «ru’et» sözüniň adaty göz bilen görmek manysyny berýändigini öňe sürmek ýalňyşdyr. Çünki, şol sözüň gadymy arap dilinde «aňlamak», «bilmek» ýaly manylary hem bardyr. Beýleki tarapdan, astronomiýa ylmynyň maglumatlarynyň ygtybarly däldigi Pygamberimiziň: «Biz ümmi bir halkdyrys, hasaby, okap-ýazmagy bilmeýäris. Diňe şuny bilýäris, aý ýa-ha ýigrimi dokuz, ýa-da otuz gündür», (Buhary, Müslim, Ebu Dawud) diýen hadysyna daýanylýan bolsa, Pygamberimiziň bu sözi şol döwrüň bilim we tejribesiniň şeýle çylşyrymly hasaplamalary etmäge ýeterlik bolman­-dygyny, şeýle hem bu işiň özboluşly hasap işidigini nygtaýar.

 Pygamberimiz tarapyndan Hilalyň adaty göz bilen görünmegi ýaly bir şertiň goýulmagy bu usulyň kamary aýynyň başlanýan we gutarýan wagtyny kesgitlemekde ýeke-täk usuldygyny aýtmak däl-de, belki, gadymdan bäri ulanylýan adatdygy we islendik şertde amal edilip bilinjek usuldygy sebäplidir. Ybadatlaryň berjaý edilmeginde ýeňillik esasy zatdyr. Yslam dininde ähli ybadatlaryň esasy aýratynlygy sada, ýönekeý, ýeňil amal edilip bilinýänligidir. Bu nukdaýnazardan yslamdaky farz ybadatlary ylmyň ösmedik döwründe hem her bir adam aňsatlyk bilen ýerine ýetiripdir. Taryh muňa şaýatdyr. Ertir namazyny okamak islän biri ir bilen gündogara seredip, namaz wagtyny aňsatlyk bilen kesgitläp bilýär. Ýöne bu ylmy ösüşlerden, tehniki mümkinçiliklerden doly peýdalanmaly däl diýen manyny bermeýär. Gaýta her bir babatda ylmy we tehniki ösüşlerden peýdalanylmalydyr.

 Häzirki döwür astronomiýa ylmy Aýyň we Günüň hereketlerini takyk görnüşde kesgitläp bilýär. Hatda astronomik hasaplamalar netijesinde, namaz wagtyny görkezýän birnäçe ýyllyk kalendarlar hem taýýarlanýar. Aýyň adaty göz bilen görünmegine esaslanylýandygy üçin astronomiýa ylmy şoňa laýyklykda kalendar taýýarlaýar. Şol kalendara görä amal etmek hem dürsdür. Ýöne astoronomik hasaplamalara görä remezan kalendary kesgitlenilse-de, adaty ýagdaýda Aý gözlenilse has gowy bolar. Şeýlelikde, sünnet sogaby hem gazanylar. Müň aýdan haýyrly gije – gadyr gijesini hasap etmek we onuň gözleginde bolmak bilen hem gadyr gijesini doly ýaşamak pursady hem tapylar. Netijede, döwlet derejesinde agzy birikdirip, her ýyl bereketli, ruhy göteriji remezan aýyna taýýarlyk görülýän pursatda şübhe we jedel döredýän, ybadat hyjuwlaryny gowşadýan Aý görmek meselesiniň gutarnykly çözülmegi, ähli musulmanlaryň arzuw-islegidir. Muňa garamazdan, astronomik hasap bilen kanagat etmän, Hilalyň adaty göz bilen görünmegini hökman diýip kabul edýänler, pitne we agzalalyk döretmezlik şerti bilen, öz düşünişine görä amal edibermelidir. Her bir musulman Hilala özi garap, remezanyň we baýramyň başlangyjyny anyklap biler. Ýöne musulmanlaryň arasynda pitne, agzalalyk döretmegiň ýa-da oňa sebäp bolmagyň uly günädigi unudylmaly däldir. Kurany Kerimiň dili bilen aýdylanda: «Pitne döretmek – katldan (adam öldürmekden) hem erbetdir».

Yslam fakihleriniň aglabasynyň pikirine görä, Aýyň dogýan ýeriniň ta­pa­-wutlylygyna ygtybar etmän, ähli musulmanlaryň şol bir wagtda oraza tutmagy has laýykdyr. Hanefilerde hem fetwa şeýledir. Şunlukda, günbatardaky musulmanlar remezan Hilalyny görse, bu habary alan gündogar halkyna hem oraza tutmak hökmandyr.

 Bu nukdaýnazar musulmanlaryň agzyny birikdirmek taýyndan has makuldyr. Bir yslam ýurdunda Hilaly gözleýän jogapkär kişileriň Hilaly gören wagty: telefon, telegraf ýa-da faks arkaly iberen habaryna daýanyp, orazany başlamak mümkindir.  (ser. Ibni Abidin, «Reddül Muhtar» t.2, Ibn Rüşt «Bidaýetil müjdehid» t.2, Tefsiril Kurtubi, t.2, Fethul Bari t.4).

Orazanyň şertleri

Orazanyň şertleri ikä bölünýär:

A) Orazanyň farz  bolmagynyň şertleri:

1. Musulman bolmak.

 Remezanda yslama giren biri orazasyny şol gün tutup başlamalydyr. Onuň öňki günäleri örtüler. Allah Tagala şeýle buýurýar: «Käfirlere aýt, eger küfür etmeklerini bes etseler, ýagny, musul­man bolsalar, olaryň öňki günäleri ötüler», (Enfal, 38).

2. Akyly ýerinde we bulug ýaşyna ýeten bolmak.

Çaga, dälä, serhoşa, çaşýan adama oraza tutmak bolmaýar. Hanefi, şafygy we hanbelilere görä, ýedi ýaşyna ýeten, oraza tutup biljek ýagdaýdaky çagada hem oraza tutmaga höwes döredilmegi makul görülýär. Bularyň orazalary sahyhdyr. Munuň  maksady çagany oraza öwreniş­dirmekdir.

Reme­zan aýy­nyň dowa­mynda aky­­­­­­ly üýtgän kişi şol ýylyň orazasyny tutmaýar, soň kaza­syny hem etmän bil­ýär. Ýöne çaşmak ki­şi­niň eg­nin­den ybadat we kaza jogap­kärçiligini aýyrmaýar. Çünki, çaş­mak uzak wagta çek­ýän kesel däldir. Ser­hoşlyk hem çaşmak ýalydyr.

 3. Oraza tutmaga güýji ýetmek we mukym bolmak

Hassa we ýolagça oraza tutmak farz däldir. Ýöne oraza tutsa, orazasy sahyhdyr. Eger oraza tutmasa, tutmadyk günlerini kaza etmelidir. Kurany Kerimde bu barada şeýle höküm bar:

«Belli günlerde oraza tutuň. Sizden biri hassa, ýa-da saparda bolsa, tutmadyk günleriniň sanyna deň oraza tutsun. Oraza tutmaga güýji ýetmedikler bir ýoksuly doýrup biljek fidýe bersin. Kim çyn ýürekden bir haýyr iş etse, ol özi üçin has haýyrlydyr. Eger bilseňiz, oraza tutmak siziň üçin has haýyrlydyr», (Bakara, 184).

Garrylyk sebäpli güýji ýetmeýäne, özi ýa-da çagasy zyýan görjek göwreli hem emdirýän aýala oraza tutmak farz däldir. Garry oraza ýerine fidýe bermeli, beýlekiler bolsa kazasyny tutmalydyr.

B) Orazanyň syhhatynyň şertleri

 1. Haýz we nifasdan arassalanmak

Haýz we nifas halyndaky aýalyň oraza tutmagy haram­dyr, eger tutsa orazasy kabul däldir. Bu ýagdaýdaky aýal tutmadyk orazasyny arassa günleri kaza etmeli, namazyny bolsa, kaza etmeli däldir.

Ertir namazynyň wagtyn­dan öň arassalanan aýal ertir namazynyň wagty girenden soň ýuwunsa, şol günüň orazasyny tutmalydyr.

Jünüplik we ihtilam (ukuda iniň hapalanmagy) bolmak, orazanyň syhhatyna zyýan ýetirmez. Selälikden öň jynsy gatnaşykda bolup, gusul almaga ýetişip bilmedik kişi  selälikden soň ýuwnup orazasyny tutmaly. Şeýle hem gündiz ukudaka ini hapala­nanyň orazasy bozulmaýar.

 2. Niýet.

Islendik oraza üçin kal­byňda niýet etmek ýeter­likdir. Oraza üçin selälige turmak hem niýetdir. Ni­ýe­tiň dil bi­len aýdyl­ma­gy men­dupdyr.

Orazalar niýet ediljek wagty ta­ýyn­dan iki görnüşe bö­lün­ýär:

a) Gijeden niýet edil­megi we bel­lenmegi şert bolan oraza

Bular: reme­zan oraza­synyň kazasy, başlanan nafile orazasynyň kazasy, her hili keffaret orazalar we mutlak nezir, ýagny, güni anyk edilmedik nezir oraza.

Şeýle görnüşdäki oraza­lara gije ýa-da ikinji fejriň başlarynda niýet edilmegi şertdir. Şeýle hem bu oraza­laryň haýsydygy niýetde anyk edilmelidir. Bularyň islendigi üçin fejirden soň niýet edilse ýa-da bulardan haýsysynyň tutul­jagy anyk belli edilmese, bu oraza sahyh bolmaz. Çünki, bu orazalary tutmak üçin belli bir gün ýokdur. Bularyň haýsy gün tutuljakdygy diňe niýet bilen anyk edilýär.

Beýleki tarapdan, agşam­dan şeýle orazadan birini niýet edinen kişiniň selällige turmagy niýet ýerine geçer. Ýöne ikinji fejirden soň, niýet edip, oraza tutmak jaýyz däldir. Eger tutulsa nafile bolar.

b) Gijeden niýetlenmek we bellemek şerti ýok orazalar

Bular: remezan orazasy, güni anyk edilen nezir oraza we nafile orazalarydyr. Şeýle orazalara niýetiň wagty, Gün ýaşandan ertesi gün zewal wagtyna çenlidir. Bu wagt aralygynda niýet etmek bolýar. Ýöne Gün ýaşmazyndan öň, ýa-da istiwa wagtynda (Gün dik depedekä), ýa-da öýle wagtyndan agşama çenli aralykda hiç bir oraza niýet edilmeýär.

Istiwa wagtyna çenli aralykda niýet etmek üçin, ikinji fejirden soň iýmek-içmek ýaly orazany bozýan hallardan saklanmak gerekdir. Eger bilgeşleýin, ýa-da säwlik bilen orazany bozýan bir amal edilse, niýet etmek dürs däldir.

Zewaldan öň nafile orazasyny niýet etmegiň dürsdügini görkezýän hadysy şerifler bardyr:

Pygamberimiz bir gün hezreti Aişeden «Öýle nahary barmy?» diýip soraýar. Hezreti Aişeden naharyň ýokdugyny eşiden Pygamber Serwerimiz: «Onda, men oraza tutýaryn» diýip, oraza niýet edýär, (Darekutni).

Oraza niýet etmegiň görnüşi

Remezan orazasy, güni bellenen nezir orazasy, islendik nafile orazasy üçin mutlak niýet ýeterlikdir. Ýagny, «ertirki günüň orazasyny tutmaga, ertir oraza tutmaga, ertir nafile orazasyny tutmaga» diýlip, niýet edilýär. Bu orazalar üçin gije niýet edip, şeýle diýilmegi has fazyletlidir: «ertirki remezan orazasyny tutmaga niýet etdim».

Remezanyň her güni üçin aýratyn niýet gerekdir. Çünki, ara gije düşýär. Şeýle hem her günüň orazasy özbaşyna bir ybadatdyr. Şonuň üçin bir günüň orazasy bozulsa, diňe şol günüňki bozular, beýleki günüň syhhatyna päsgel bermez.

Bir kaza orazasyna fejriň dogmagyndan soň niýet ediljek bolsa, munuň bilen kaza sahyh bolmajakdygy üçin, nafile orazasy tutuldygy bolýar. Eger bu oraza tutulmajak bolsa, soň kaza edilmelidir. Çünki, başlanan ybadat ýarpy edilip goýulmaly däldir.

Bir kişi remezan aýynda remezandygyny bilip, oraza tutmaga niýet etmedik bolsa, sahyh rowaýata görä, orazaly bolmaz.

«Inşallah, ertir oraza tutmaga niýet etdim» diýlip, edilen niýet dürsdür. Ýöne «Ertir zyýapata ýa-da sadaka çagyrylsam, iftar etmäge, çagyrylmasam oraza tutmaga» diýip, edilen niýet dürs däldir. Şeýle gümana niýet bilen oraza tutulmaýar.

Remezan gijesi, ýa-da gündizi çaşan, aklyndan azaşan istiwa wagtyndan öň özüne gelip, oraza niýet etse dürsdür. Ol oraza tutan hasaplanýar.

Bir kişi remezan aýynda başga bir wajyp oraza niýet etmedik bolsa, remezan orazasyna niýet eden saýylýar. Bu meselede imameýne görä, mukym bilen mysapyryň arasynda tapawut ýokdur. 

Eger-de mysapyr nafile orazasyna niýet etjek bolsa, remezan orazasyna niýet edildigi bolar. Hassa hem edil mysapyr ýalydyr. 

Bir oraza üçin hem keffaret, hem-de nafile diýlip niýet edilse, keffaret hökmünde jaýyz bolar. Ýöne hem kaza, hem ýemin keffareti üçin niýet edilse, ikisi-de dürs bolmaz. Çünki, bular biri-birine gapma-garşydyr. Şeýle oraza nafile bolar.

Bir ýa-da birnäçe remezandan kazasy bolan kişi bulary kaza eden mahaly: «Boýnumda kazasy bolan ilkinji oraza» diýip niýet etse, has fazyletlidir. Ýöne diňe kaza diýip niýet etse hem ýeterlikdir.

Bir aýal heniz adaty dowam edýän wagty gije oraza niýet edip, fejirden öň arassalanjak bolsa, orazasy sahyh bolar.

Oraza tutmak mubah we haram bolan uzurlar

Şu aşakdaky sebäpler netijesinde oraza tutmazlyk ýa-da tutulan orazany açmak mubahdyr. Ýagny, kişiniň özygtyýarydyr:

1. Sapar – ýolagçylyk

Remezanda fykyh taýdan mysapyr bolan, ýagny, 90 kilometrden uzak aralyga ýolagçylyga çykan kişi gijeden oraza niýet etmän biler. Ýöne bir kişi oraza tutup başlandan soň, gündiz sapara çyksa, şol ilkinji gün orazasyny tutmagy dowam etmelidir. Muňa gara­mazdan, orazasyny bozsa, soň diňe kazasyny tutmalydyr. Çünki, orazany ýolagçylyk uzury sebäpli bozmaga rugsat edilýär. Bu mesele bilen bag­lany­şykly Kurany Kerimde şeýle aýdylýar: «Sizden her kim hassa bo­lup, ýa-da sapar­da bolan ýag­daýynda, tutma­dyk günleriniň sanyça soň oraza tutsun», (Bakara, 184).

Mysapyr kişi kynçylyk ýok mahaly oraza tutsa, has fazyletlidir. Çünki, ýokarda agzan aýatymyzyň soňunda:«Eger bilseňiz, oraza tutmak siziň üçin has haýyrlydyr» diýilýär.

Şafygy we hanbelilere gö­rä, mysapyr gijeden niýet­lenen orazasyny bozup biler. Munuň delili Ibni Abbasdan rowaýat edilen şu hadysdyr: «Resulullah remezan aýynda Mek­ge ýörişine çykdy. Kedid diýlen ýere bar­ýan­ça, agzy beklidi. Ol ýerde orazasyny boz­dy, beýleki sahaba­lar hem bozdy», (Buhar, Müslim, Nesaýy).

2. Hassalyk

Bir kişi oraza tutan ýagda­ýynda ölmek, ýa-da derdiniň beter­lemegi, ýa-da akylyn­dan azaşmak howpy bar bolsa, oraza tutman biler. Agzybekli bolsa orazasyny açyp biler. Soň ýagşy bolanda tutmadyk günleriniň diňe kazasyny tutsa bolar.

Orazanyň has­sanyň saglygy üçin howp döretjegi­-döret­me­jegi barada ynanyl­ýan, musul­man lukmana ýüz tutul­malydyr we onuň maslahatyna tabyn bolmalydyr.

Oraza tutsa has­sa boljakdy­gyna gözi ýetýän ýa-da ynam­dar lukmanyň maslahatyna da­ýan­ýan kişi hassa hökmün­dedir.

3. Göwreli bolmak we çaga emdirmek

Remezanda göw­reli, ýa-da çaga emdirýän aýal özüne ýa-da çagasyna zyýan gelme­ginden gorksa, oraza tutman biler. Ýöne soň kazasy edil­melidir. Göwreli we çaga emdir­ýän aýalyň oraza tutm azly­gynyň jaýyzdygynyň delili hassa we mysapyra kyýas edilendir. Başga bir delil bolsa, Pygamberimiziň şu hadysydyr: «Allah Tagala ýolagçydan orazany we namazyň ýarysyny aýrandyr. Göwreli we çaga emdirýän aýallardan bolsa orazany aýrandyr», (Nesaýy, Ibni Maje, Ahmet b. Hanbel).

4. Garrylyk

Ýylyň islendik paslynda oraza tutmakdan ejiz  garrynyň oraza tutmazlygy ijmag bilen jaýyzdyr. Ol orazasyny kaza etmece-de bolýar. Çünki, oraza tutup biljek ýagdaýda däldir. Ýöne tutmadyk her güni üçin bir ýoksuly ertirine-agşamyna doýurjak mukdar­da fidýe bermelidir. Çünki, Kurany Kerimde:«Oraza tutmaga güýji ýetmeýänler bir ýoksuly doýurjak mukdar­da fidýe bermelidir», (Baka­ra, 184), diýilýär. Ibni Abbas bu aýatda oraza tutmaga güýji ýetmeýän garrylaryň-da göz öňünde tutulýandy­gyny belleýär.

Gowulaşmak umydy bol­ma­dyk hassa hem garry ýaly­­dyr. Çünki, Kurany Kerimde şeýle buýrulýar: «Allah siziň üçin dinde kynçylyk döretmändir», (Haj, 78). Ýöne remezanda oraza tutmaga güýji ýetme­dik, soňra kaza etmäge müm­kinçilik dörän kişi fidýe ber­män kazasyny tutmalydyr.

Oraza fidýesi remezanyň başynda ýa-da soňunda berlip bilner. Otuz günüň fidýesi garyplara paýlansa-da, diňe bir garyba bir gezekde berilse-de bolar.

Hemişe ýarawsyz bir adam hassalygy sebäpli oraza fidýesini berýän bolsa,soňra hem sagalyp oraza tutmaga güýji ýetse, fidýäniň hökümi galmaz. Ol oraza tutup, öňkilerini hem kaza etmelidir.

5. Duşman bilen söweş

Remezan aýynda söweş edýän yslam goşuny aç-suwsuzlykdan kynçylyk çekmez ýaly oraza tutman biler. Bular uruşdan soň, kazasyny tutmalydyr.

6. Zora düşmek

 Oraza tutýana zor salnan ýagdaýynda oraza­syny bozup biler. Ýöne orazasyny boz­many üçin zulum edilip öldü­rilse günäkär bolmaz. Belki, uly sogap gazanyp, dinine wepa­ly­dygyny görkezer. Eger zor salnan kişi hassa ýa-da ýolag­çy bolup, orazasyny açmany üçin öldürilse günäkär bolar. Çünki, olara yslamda oraza tutmazlyga rugsat edilýär.

7. Güýçli açlyk we suwsuzlyk

 Güýçli açlyk we suwsuz­lykdan heläk boljagyndan, ýa-da aky­lyna zeper ýetjeginden howp eden kişi orazasyny açyp biler. Soňra kazasyny tutmalydyr. Ölüm howpy bar ýagdaýynda oraza tutmak haramdyr. Çünki, Allah Tagala: «Öz elleriňiz bilen özüňizi howply ýagdaýa salmaň» (Bakara, 195), «Özüňize kast etmäň, Allahyň size örän merhemetlidigi şübhe­sizdir», (Nisa, 29) diýip buýurýar.

8. Zyýapat

 Zyýapat beren ýa-da zyýapata çagyrylan ýagda­ýyňda diňe nafile orazasyny açmak bolýar. Soňra onuň kazasyny tutmalydyr. Çünki, oraza dowam edilse, bir musul­man doganyny öýkelet­megi ahmaldyr. Farz we wajyp orazany zyýapat we sadaka sebäpli açmak bolmaýar.

9. Agyr işde işlemek

 Agyr işde işleýän kişi oraza tutan ýagdaýynda janyna zeper ýetmeginden howp etse, işini taşlan ýagdaýynda-da eklenjini gazanyp bilmejek bolsa, orazasyny bozsa bolar, ýöne soň kazasyny tutmalydyr. Eger kaza etmäge mümkinçiligi bolmasa, fidýe bermelidir.

 Agyr işde işleýän kişi işi sebäpli hassa bolja­gyny bilse hem, hassa bolmanka oraza­syny boz­sa ýa-da asla oraza tut­masa dürs däldir.

10. Haýz we nifas haly

 Bir aýal remezanda gündiz adat görse ýa-da çaga dogursa orazasy bozulýar. Adat gün­lerinde we çile möhletiniň dowa­mynda oraza tutmak haramdyr.

 Bir aýal adat gününi hasap­lap, orazasyny bozan ýagdaýynda şol gün adat görmese, keffaret tutmagy gerek­dir. Şonuň üçin oraza diňe adat görlenden soň bozulmalydyr.

 Remezanda adat gören aýal adaty kesilip arassa­lansa, eger adat güni doly on gün bolsa, ertesi remezan orazasyna başlamaly. Ýöne on günden az bolsa, adaty kesilenden soň imsak wagtyna çenli ýuwunmaga wagty bar bolsa, oraza başlamalydyr. Eger ýeterlik wagt ýok bolsa, şol gün agzyny beklemeli däl. Çünki, on günden az adat gören babatda, ýuwunmak wagty hem adat güni saýylýar.

 Hassa, mysapyr, haýzly ýa-da çileli aýallaryň özlerini oraza tutýan ýaly görkez­mekleri hökman däldir. Ýöne bularyň ýagdaýyny bilme­ýän kişileriň töhmetinden goranmak we oraza tutýanlara hormat üçin gizlin iýip-içmekleri has gowudyr.

Bir Alla sygynyp Resulyn söýýän,

Kalplary tämizläp mähire çoýýan,

Milliardlap ýürege nuruny çaýýan,

Aýlaryň serweri Remezan geldi.

 

Terawyh namazy

Remezan aýynda 20 rekagat okalýan bu namaz erkekler üçin hem,  aýallar üçin hem müekked sün­netdir. Çünki, bu namazy Pygamber Serwerimiz hem-de ondan soň Dört Çary­ýarlar, ashaby kiram dowam edipdir. Terawyh namazyny jemagat bilen okamak sünnetdir. Ýeke hem okalyp bilner.  Resulullah sallallahu aleýhi wesellem «Remezan aýynyň üçünji, bäşinji, ýedinji we ýigriminji gijelerinde bu namazy mesjitde jemagat bilen okapdyr. Soňra mü’minlere farz bolar endişesi bilen, özi ymamlyk etmändir. Pygam­berimiz tera­wyh namazyny se­kiz rekagat okadyp, galanyny öýünde okaýar eken.  Jema­gat hem şeýle ed­ýär­di», (Buhary, Müslim, Tirmizi).

Terawyh witir namazyn­dan öň okalýar. Iň fazy­letlisi her iki rekagatdan soň salam bermekdir. Her dört rekagatyň soňunda biraz oturyp dynç alyn­ýandygy üçin, bu rekagata «ter­wyha» ady berlip­dir. Köplügi bolsa tera­wyh­dyr.

Terawyh na­ma­­zy­­nyň jemagat bilen 20 rekagat okalmagy hz. Oma­ryň ha­lyf­lyk döw­ründe düz­güne girýär. Bu barada Ebu Hanyfe şeýle diýýär: «Terawyh güý­çli sün­netdir. Hz. Omar ony özün­den tapan däldir. Ol muňa hiç bir täzelik hem giri­zen däldir. Ol muny özüniň bilýän bir deliline da­ýa­nyp amal edipdir».

Käbir hadys alym­lary Resu­lul­lahyň sallal­lahu aleýhi wesellem reme­zanda tera­wyhy jemagat bilen sekiz reka­gat okamagy hem­­­­­-de Hezreti Äşe enämizden (Allah ondan razy bolsuň) rowaýat edilen şu hadysa («Resulullah ne-hä reme­zanda, ne-de remezandan beýleki aýlarda on bir reka­gatdan köp nafile namazy okamandyr») daýa­nyp, şeýle netijäni çykarypdyrlar: Terawyh namazynyň  sekiz rekaga­tynyň muekked sünnet bolandygyna hiç hili şübhe ýokdur. Ibnül Humam ýaly käbir alymlar terawyhyň sekiz rekagatdan soňky rekagatlarynyň  mustahap­dygyny aýdypdyrlar. Bu edil ýassynyň farzyndan soňky sünneti dört reka­gat oka­magyň musta­hap bolşy ýalydyr. Ýassynyň soňky sün­neti­niň ilki iki rekagaty müekked sünnetdir, (Ibnül Hum­am, «Fethül Kadyr»).

Teklip

Eziz ildeşler!

Bu gün Ýylgyryş günüňiz bolsun. Ertir irden turanyňyzda: “Her kime güler ýüz bilen ýüzlenerin” diýip özüňize söz beriň. Öýden çykanyňyzda ýanýoldaşyňyzdan we çagalaryňyzdan başlap, köçede duşan tanyşlaryňyza, iş ýeriňizde kärdeşleriňize mähirli ýylgyryp salam beriň.

Säher bilen öýden çykanyňyzdan, agşam dolanýançaňyz geçen wagtyň dowamynda hiç kimden ýylgyryşyňyzy gysganmaň. Muny-da Pygamberimiziň (s.a.w.): “Din doganyň ýüzüne ýylgyryp seretmegiň, seniň üçin sadakadyr” hadysyna esaslanyp, diňe bir gün bilen çäklendirmän, her gün ediň.

Iň gözel amallardan biri — Oraza

Kuran-y Kerimde orazanyň iň gözel amallardan biridigi habar berilýär. Hak tagala Özüniň razy boljak, magfyret we sogaplar bilem sylaglajak adamlaryny sananda, “Oraza tutan erkekler bilen, oraza tutan zenanlaryň” hem şolardan biridigini bildirýär:

“Musulman erkekler we musulman zenanlar, mümin erkekler we mümin zenanlar, Allahdan gorkýan erkekler we Allahdan gorkýan zenanlar, zekat we sadakalaryny beren erkekler we zenanlar, oraza tutan erkekler we zenanlar, Allahy köp zikir edýän we zenanlar üçin Allah magfyret we uly sylag taýýarlandyr.” (Ahzab suresi, 35.)

Oraza tutmagyň ynsan saglygyna täsiri

Germaniýaly professor Kehardet adamyň özüne erk edip bilmegi barada ýazan kitabynda agyz beklemegi maslahat berýär. Ynsanyň maddy meýilleriniň ýesiri bolmazlygy, nebsiniň jylawyny elinde tutmagy, ruhuň jesede – fiziki bedene sözüni geçirip bilmegi üçin iň täsirli ýoluň orazadygyny belleýär.

Professor M.Hamidullah hem bu mesele bilen baglanyşykly şeýle diýýär: “Oraza aýy bolan Remezan belli bir yzygiderlilikde gyş, ýaz, tomus, güýz – ýylyň ähli pasyllaryna deň gelýär. Munuň netijesinde adam tomsuň jöwzaly yssysynda-da bu mahrumyýete öwrenişýär. Şübhesiz, munuň ynsan üçin saglyk, beden berkligi we ş.m. birnäçe peýdasy bardyr.”

Dr. Rowy bolsa bu barada: “Oraza, bedeniň kesellere garşy daýanyş güýjüni artdyrýar. Lukmançylyk ylmynyň bu möhüm hakykatyny yslam dini orazany parz kylmak arkaly musulmanyň durmuşyna ornaşdyrypdyr. Häzirkizaman lukmançylyk ylmynda bu usul hassalyklara garşy goraýjy bejergi hökmünde maslahat berilýär.”

Dr. Halyk Nurbaky: “Oraza aýynda hususan-da gündiz naharlanylmaýandygy sebäpli bagyr iýmit ätiýaçlygyny döretmek işinde rahatlanýar. Şeýle rahat şertde, ýaşaýyş üçin zerur bolan globulinler taýýarlanýar. Munuň netijesinde-de bedeniň goranyş ulgamy güýçlenýär.”

Diňe bir aşgazana däl, ähli duýgulara we beden agzalaryna oraza tutdurmaly

Ynsan agzy bekli wagty bedeniň islendik islegdir meýillerini çäklendirip biler. Oraza tutan adam başbermezek nebsini jylawlap, ony Hak tagalanyň öňünde emre tabyn hala getirýär. Oraza tutan her kişi wyždanynda özleriniň, oraza tutmadyk günlerine garanyňda, has melekleşendigini – perişdeleşendigini duýýar.

Orazanyň ynsan durmuşyna we jemgyýetçilik durmuşyna birgiden oňyn täsiri bar.  Alahyň razylygyny gazanmak maksady bilen agyz beklemegiň bedene dynç bermek we hassalyklara garşy goranmak ýaly peýdalary bilen bir sanda, onuň iň esasy gazandyrjak zady, ynsanda ruhy öwrülişikleriň bolup geçmegidir. Ynha şol öwrülişiklerden birnäçesi:

1. Oraza tutan adamyň Allahyň razylygyny gazanmak üçin agyz beklemäge eden niýetiniň Gün batýança dowam edýändigi üçin tutuş gündiziň dowamyndaky her sagady, her sekundy gadyrlydyr, bereketlidir. Gijesi-de ertirki ybadatlar we ertirki Günüň orazasyna niýet bilen bezelýändigi üçin aýratyn gymmatlydyr.

2. Oraza tutan adam ertirden agşama çenli iýip-içmezlik, jynsy arzuwlaryny çäklendirmek, gybat we zulumdan daşda durmak bilen göýä perişdeler mysaly durmuş ýaşaýar. Munuň tebigy netijesinde-de, jemgyýetdäki bidüzginçilikler azalýar, ahlak derejesi ýokarlanýar.

3. Dürli naz-nygmatlar içinde ýüzýän ynsan, agyz beklemek bilen olaryň gadyryna düşünýär, şükrüni berjaý etmäge çalyşýar.

4. Oraza ynsana tygşytly ýaşamagy öwredýär. Islän zadyny, aklyna öwsüşi ýaly, haram-halal parh goýmazdan, dogry-ýalňyş saýgarmazdan etmäge öwrenen kişi orazaly wagty, mejbury ýagdaýda olary etmez.

5. Ruhy taýdan beýgelmek isleýänler hökmany ýagdaýda oraza tutmaly. Has başgaça aýdanyňda, oraza tutmaýanlar jesetleriniň – fiziki bedenleriniň astynda ýegşerip ýaşarlar.

6. Nebsiň agyzdyryklanmagy, çäklendirilmegi nukdaýnazaryndan orazanyň ähmiýeti has hem uludyr. Adamyň özüne erk etmegi öwrenmeginde orazanyň aýratyn orny bardyr.

7. Oraza diňe bir aşgazany aç goýmak däl, eýsem ähli duýgulara; beden agzalarymyza – göze, gulaga, kalba, hyýala we ş.m. - da oraza tutdurmak, olary haramlardan daşda tutmak we her birini özüne mahsus ybadata ugrukdyrmakdyr. Şeýle niýet bilen oraza tutan adam hemişe halal ýaşar.

8. Oraza amanata (gizli ýa-da äşgär – tapawudy ýok) eýe çykmagy-da öwredýär. Çünki, ynsany Allahyň halal kylan nygmatlaryndan iýip-içmekden saklajak Onuň özünden başga gözegçi ýokdur. Oraza tutan adam, ertirden agşama Allahyň parz kylan amanatyna eýe çykdygy bolar.

9. Oraza wepa duýgusyna ýugrulan ajaýyp ybadatdyr. Çünki, oraza niýet etmek – guluň Allaha söz bermegidir. Orazaly adam belli wagta çenli nebsine hoş ýakýan zatlardan ýüz öwürýär, şeýle etmek bilen-de, Rebbine beren sözüne wepasyny subut edýär.

Agzaçar jemgyýetde bitewiligi güýçlendirýär

Dinimiz agzaçara uly ähmiýet berýär. Söýgüli Pygamberimiziň (s.a.w.) birnäçe hadysy şeriflerinde bu hakykata üns çekilýär:

 “Bir kişi Remezan aýynda agzyny beklän bir orazala agzaçar berse, günäleri bagyşlanar. Hak tagala ony dowzah odundan halas eder. (Amal depderine) Oraza tutanyň sogabyna barabar sogap ýazylar.”

Resulullahyň (s.a.w.) bu sözüni eşiden sahabalar: “Ýa Resulullah (s.a.w.)! Biz her birimiz bir orazala agzaçar berjek, ony doýurjak derejede barlykly däl” diýýärler. Allahyň Resuly (s.a.w.) olara şeýle jogap berýär: “(Mümkinçiligi bolman,) bir hurma bilen agyz açdyrana-da sogap beriljekdir. Bu aýda bir orazala suw hödür eden adam kyýamat güni suwsuz – teşne galmaz.”

“Agzaçar wagty orazalynyň agzynyň ysy, Allahutagalanyň ýanynda ähli yslardan has gözeldir.”

“Her agzaçar wagtynda, Allah tarapyndan käbir kişiler (dowzahda azap çekmekden) azat ediler. Bu (Remezan aýynyň) her gijesinde bolar”

Ýokarda agzalan hadyslara esaslanyp, musulmanlar agzaçara aýratyn ähmiýet beripdirler. Dost-ýar, dogan-garyndaş, goňşy-golam bir-birlerini agzaçara çagyrypdyrlar we bu çakylyklar musulmanlaryň bitewiligini güýçlendiripdir. Agzaçara gelen ýoksullara, garyplara aýratynlykda sowgatlar berlipdir.

Orazalaryňyza ýalan söz we gybat bilen zeper ýetirmäň

Remezan aýynda mümin agzyndan çykan her söze üns bermeli. Gybatdan we ynsanlary ynjytmakdan daşda durmaly. Pygamberimiz (s.a.w.): “Oraza, agzy bekli mümine ýaraşmaýan zatlar bilen zaýalanmasa, (tutan üçin) galkandyr” diýýär; “Orazany näme zaýalaýar?” diýen soraga-da, “Ýalan we gybat” diýip jogap berýär.

Resullah (s.a.w.) gybat etmegi, gybaty edilýäniň etini iýmek bilen deň hasaplaýar. Ýalan sözlänler we gybat edenler gündizleri halal nygmatlardan nebislerini mahrum edip, oraza tutýarlar. Emma, ýalan sözlemek we gybat etmek bilen-de, ynsany eti iýip, agzyny haram kylnan zat bilen wagtyndan öň açýarlar. Gybat bilen orazasyny bozanlary nazarda tutup, Sufýan-y Sewri hezretleri, takwa ölçeglerine görä, “Gybat edeniň orazasy bozular” diýýär. Ymam Müjahid hem bu meselä ünsi çekip: “Gybat we ýalan orazany bozar!” diýýär. Ýagny, gybat edip, ýalan sözläp orazalaryna nogsanlyk ýetirenler, orazanyň ynsana getirýän asyl fazyletlerinden, sogaplaryndan mahrum galarlar.

Şonuň üçin, göz üçin tutulan we gaflat bilen kirlenen orazalary we namazlar barada Allahyň Resuly (s.a.w.) şeýle diýýär: “Niçeme oraza tutanlar bardyr, olara tutan orazalarynyň netijesinde gury açlykdan başga zat galmaz! Gijeleri niçeme namaz (terawih we tehejjüd) kylýanlar bardyr, namazlaryndan olara galan ýalňyz ukusyzlykdyr.”