بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Ymam Șapygy (goý, Beýik Taňry ondan razy bolsun!): «Ylym nepil namazyndan haýyrlyrakdyr» diýdi.

Başy » «Zaman» gazeti » SAGLYK

Derman gözledim derdime, derdim maňa derman eken

Eý hassa kişi! Asla sabry elden berme! Hassalygyň seniň üçin dert däl, belki, dermandyr.

Iman eden ynsanyň – müminiň hassa wagty geçen her minuty, her sagady ybadat sogabyny getirer. Çünki, ybadatlar iki hilidir:

1. Namaz, dileg-doga ýaly hemmä mälim bolan ybadatlar.

2.Hassanyň, agyr derde ýa-da bela-betere duçar bolanyň başyna gelen şol dertler, apatlar sebäpli, özüniň ejizligini we Rebbiniň merhemetine mätäçligini duýup, Ýaradana sygynmaklary.

Ynamdar çeşmelerde hassalykda geçen ömrüň mümin üçin ybadat ýerine geçýändigi aýdylýar.  Munuň üçin bolsa, gelen hassalyklar we beladyr-musybatlar zerarly Alladan nalamak ýerine, bu müddeti sabyr we şükür duýgusy bilen geçirmelidigi bellenýär.

Her geleniň bir gün ýene bu dünýäden gitmegi ynsanyň bu dünýä diňe keýpi-sapada ýaşamak, lezzet almak üçin gelmändigine şaýatlyk edýär. Ynsana taýsyz uly baýlyk berlipdir. Şol baýlyk hem ömürdir.

Ynsan bu baýlygy maksadalaýyk ulanan wagty şu çäkli, pany dünýäde ebedi durmuşy we baky bagtyýarlygy gazanýar.

Eger hassalyk we apatlar bolmasa, saglyk we rahatlyk ynsany gaflata düşürerdi, gaýgy-aladasyz ýaşaýyş ynsana Dünýä durmuşyny hoş görkezip, gabry we ölümi, ahyreti we hasap gününi unutdyrardy, ömür baýlygyny badyhowa işlere, boş ýerlere sarp etdirerdi.

Hassalyk bolsa, ynsany gaflatdan oýarýar, bedene: “Bu dünýä baky gelen dälsiň, ölümsiz dälsiň, seni Ýaradan barada we ýaradylyş maksadyň barada oýlan, bir gün gabyr gapysyndan ätlejekdigiňi ýada sal” diýýär. Ynha, bu nukdaýnazardan, hassalyk we dertler ynsan üçin hakyky terbiýeçi, sözünde galat bolmadyk ýatladyjy we duýduryjydyr. Ynsan özüne şeýle tälimçiniň, ýatladyjynyň iberilendiginden nalamak ýerine, munuň üçin şükür etmelidir.

Jismimiz we beden agzalarymyz biziň şahsy mülkümiz däldir. Olary biz ýaratmadyk, haýsydyr bir ýerden, zawod ýa-da fabrikden satynam almadyk. Diýmek, bize amanat edilen jismimiz başga Biriniň mülküdür. Onuň mäligi – eýesi öz mülküni isleýşi ýaly ulanar. Meselem: örän baý, şol bir wagtyň özünde-de, işine ussat bir sungat işgäri özüniň ajaýyp sungat eserlerini we taýsyz mülküni görkezmek üçin bir adamy töleg garşylygynda model tutunyp, örän bezemen we ussatlyk bilen taýýarlanan bir lybasy oňa geýdirdi, diýeliň. Sungat işgäri halka öz ajaýyp sungatyny görkezmek üçin, ol modeliň egnindäki lybasa dürli şekil berer, uzaldar-gysgaldar, islän biçüwine getirer.  Eger şol hakyna tutulan adam: “Maňa kynçylyk döredýärsiň, meni gözel görkezýän şu lybasy kesmek, gysgaltmak bilen meni bigörk ýagdaýa düşürýärsiň?” diýip bilermi? “Meniň egnimdäki lybasy gysgaltmak bilen merhemetsizlik etdiň, ynsapsyzlyk kyldyň” diýse dogry bolarmy? Ynha şu mysaldaky ýaly, eý hassa kişi, Sany-ýy Züljelal saňa göz, gulak, akyl, ýürek ýaly ajaýyp organlar, nurana duýgular bilen bezelen beden lybasy geýdiripdir. Ol özüniň gözel atlarynyň, sypatlarynyň şöhlesini görkezmek üçin seniň lybasyňa isleýşi ýaly üýtgedişler girizer. Açlyk bilen onuň Rezzak (Ryzyk berýän) adyny tanaýşyň ýaly, Şafy (Dertlilere şypa berýän) adyny-da hassalygyň netijesinde bilýärsiň.

Hawa, kynçylyklar, apatlar, bela-beterler, dertler Ýaradanyň käbir atlarynyň, sypatlarynyň şöhlelenmegine sebäp hökmünde ýaradylandygy üçin, olaryň her birinde müň bir-dürli hikmetler, manylar we gözellikler bardyr.

 

Ir dana bor, bu dünýäniň örtäni

Beýik alymlardan biri şeýle diýýär:

“Bu zamanada, derdiň, hassalygyň köpler üçin ylahy yhsandygyna, Rahmandan sowgatdygyna göz ýetirdim. Şu çaka deňiç birnäçe hassalykly ýaşlar gelip, dertlerinden gutulmaklary üçin Ýaradandan dileg etmegimi soradylar. Men bir zada üns berdim: Dertli ýetginjekler, hassa ýaşlar jan-saglygy ýerinde beýleki deň-duşlarynyň köpüsinden tapawutlylykda ynsanyň ýaradylyş maksady, ahyret, hasap güni barada has çynlakaý oýlanýarlar. Bularyň hiç birinde diýen ýaly ýaşlyk ýeňlesligi ýok. Gaflatdan, ynanjymyzyň haram saýýan haýwany höwesleriniň täsirinden gutulmagy başarypdyrlar. Bu nukdaýnazardan, men hassalyklarynyň olar üçin ylahy yhsandygyna ynanýaryn. Bu sebäpden, dertleriniň depi üçin menden doga-dileg talap eden ýaşlara şeýle diýdim: “Doganlarym, hassalyk sizi doly gaflatdan oýarýança, sabyr ediň. Hassalyk öz wezipesini tamamlandan soňra, Halyk-y Rahym siziň dertleriňize şypa berer.

Siziň deň-duşlaryňyz ýaşlyk höwesleriniň guluna öwrülip, gaflata düşüp, Ýaradany unudyp, bir sagatlyk haram kylnan dünýewi keýpiň  lezzeti üçin, hiç bir wagt ölçegi bilen aňladyp bolmajak ebedi durmuşlaryny howp astynda goýýarlar, belki-de, harap edýärler. Sen hassa halyňda her kimiň barmaly menzili bolan gabryňy we onuň arkasyndaky ahyret ýoluny görýärsiň we hasap gününe özüňi taýýarlaýarsyň. Diýmek, seniň bu hassalygyň ynsany gaflata salýan saglykdan ýegdir.”

Ajy bolmasa süýjüniň, tümlük bolmasa ýagtylygyň gadyry bilinermidi?

Hassalyk Ýaradanyň bagyş eden saglyk nygmatynyň lezzetini azaltmaýar, tersine, ony has-da artdyrýar. Çünki, dowamlylygy üznüksiz bolan zat, wagtyň geçmegi bilen täsirini ýitirýär. “Ähli zat özüniň tersi bilen bilinýär”. Meselem, garaňkylyk bolmasa yşygyň, ýagtylygyň gadyry bilinmezdi; sowuk bolmasa ýylylygyň ähmiýetine düşünilmezdi; açlyk bolmasa naharlar lezzet bermezdi; teşnelik bolmasa suw içmegiň manysy galmazdy. Mysallary has-da köpeltmek mümkin. Hut şonuň ýaly-da, kynçylyk we aladalar bolmasa rahatlygyň; hassalyklar bolmasa saglygyň gadyry bilinmezdi. ynsana bihasap lutuf we yhsanlar eden, nygmatlar iberen Rebbimiz, nygmatlarynyň lezzetini artdyrmak we bular üçin şükür borjuny berjaý etmelidigini öz gullaryna ýatlatmak üçin, elbetde, hassalyklary, dertleri, bela-beterleri-de iberjekdir. Oýlanyp göreliň, eger başymyzda, elimizde ýa-da aşgazanymyzda wagtal-wagtal keseller ýüze çykmasa, bu ylahy nygmatlaryň gadyryny bolmalysy ýaly bilermidik, etmelisi ýaly şükür edermidik?.. Ýarym gün dynuwsyz işlesek, üstümize agyr ýadawlyk çökýär. Emma bize bagyş edilen ylahy nygmatlardan biri bolan ýüregimiz tutuş ynsan ömrüniň dowamynda sähel pusratlyk hem durmazdan, arakesmesiz işleýär. Onuň bir pursatlyk durmagy, ynsanyň janyny agzyna getirýär. Hassalyklar bolmasa, ynsan özüne berlen bu ylahy serpaýlara biparh garamazmydy?!

Hassalyklar ynsany günälerden tämizleýär

Hadyslardan birinde: “Miweleri ýetişen agajy silkeniňde miweleriniň dökülişi ýaly, imanly hassanyň titreýşi-de, onuň günälerini döker” diýilýär. Günäler - pany dünýäde ynsan köňlüne, wyždanyna, ynsabyna yza berşi ýaly, ebedi durmuşynda-da hemişelik azap berjek ruhy hassalyklardyr. Şu nukdaýnazardan, ynsan pany dünýäde bedeninde ýüze çykan hassalyklara sabyr etmek arkaly, özüne ebedi azap berjek ruhy hassalyklardan – günälerden halas bolýar.

Hawa, Ýaradanyny tanamaýan ynsany iň ýönekeý dert birahat eder, iň ýönekeý hassalyk durmuşyny zähere öwrer; Rebbini tanaýan, imanly ynsan bolsa, bedenine gelen iň agyr hassalygy, derdi-de sabyr bilen garşylar. Kalbyndaky iman lezzeti iň agyr dünýewi hassalyklaryň hem yzasyny basdyrar.

Hassalaryň köpüsini esasy gaýgylandyrýan zat, hassalyklarynyň ölüm bilen netijelenmeginden gorkmaklary. Ölüm gaflatda galanlar üçin gorkunç we garaňky ýagdaý görünýändigi üçin, ölüme sebäp bolýan hassalyklar olaryň bar ynjalygyny gaçyrýar.

Ynsan şuny asla unutmaly däl: “wagty-sagady ýetende ajalyň gelmegi ähli ýaradylanlar üçin  üýtgewsiz kanundyr”. Örän agyr derde ýoluganlaryň başyny saklan nijeme jan-saglygy ýerinde ynsanlaryň ajalynyň ýetip, ol agyr dertlileriň şypa tapandyklaryna we ýene onlarça ýyl ýaşandyklaryna köpümiz öz durmuşymyzda-da şaýat bolandyrys.

Hassalyk zerarly gaýgy-gama batmak, ynsanyň derdini artdyrýar. Şonuň üçin, dertli adam hassalygyň sogaplary barada pikir edip, derdiniň tiz geçjekdigine özüni ynandyryp, öz-özüne teselli bermegi başarmaly. Kämahal, hassa jinnek ýaly derdi gözünde dag ýaly ulaldýar. Hawa, dertden nalamak ynsanyň ruhy ýagdaýyna ýaramaz täsir edip, derdi has-da artdyryşy ýaly, bu derdi bereniň ylahy hikmetine närazylyk manysyna hem gelýär. Şükür we sabyr duýgusynyň derdi ýeňledişi, hassanyň tiz gutulmagyna sebäp bolşy ýaly, nalyş we gussa-da derdi beterleder. Şu sebäpden, aladanyň-gussanyň özi-de bir hassalykdyr. Onuň dermany bolsa, hassalygyň hikmetini bilmekdir.

Bir hadysda hassalyk zerarly ybadatlaryny berjaý etmekden wagtlaýyn hem bolsa, mahrum galan we bu mahrumyýete ýürekden gynanýan mümine saglygy ýerinde wagty yzygiderli edýän ybadatlarynyň sogabynyň dertli wagty-da amal depderine yzygiderli ýazylyp duruljakdygy buşlanýar.

Doga-dileg ynsanyň gadyryny artdyrýar

Hassalyk ynsana ejizligini, güýç-kuwwatynyň juda çäklidigini ýatladýar. Bu ejizligi we çäresizligi ynsany Ýaradanyň huzuryna ýöneldýär. Rebbimiz öz ylahy beýanynda “Diýgil: “Doga-dilegiňiz bolmasa, Rebbimiň huzurynda näme ähmiýetiňiz bar?” diýip, doga-dilegiň ynsana nähili uly ähmiýet gazandyrýandygyna ünsi çekýär. Ýaradanyň gatynda ynsanyň gadryny artdyrýan doga-dileg üçin möhüm sebäplerden biridigi üçin, dertden nalamak we ol zerarly agyr gaýga batmak ýerine, şükür etmek we yhlasly edilen dilegleriň kabul bolýan bu pursatylarynyň gadyryny bilmek gerekdir.

Hassalyk käbir adamlar üçin tapylgysyz hazynadyr. Çünki, Hak tagala hikmetine laýyklykda ölümiň haçan geljekdigini  ynsana bildirmändir. Şonuň üçin ajal her wagt gelip biler. Eger ynsan gaflatda wagty ölüm ýakasyna ýapyşsa, ahyret durmuşyny harap eýlär. Hassalyk bolsa, ynsany gaflatdan oýarar, ahyret barada oýlanmaga mejbur eder. Ölümi ýatladar, ynsany hasap gününe taýýarlar. Bu nukdaýnazardan, käbir hassalar ýigrimi ýylda gazanyp bilmejek sogabyny, mertebesini ýigrimi günde gazanar.

Saglyklarynyň ýerindedigine we entek juda ýaşdyklaryna bil baglap ölümi unudan we özlerini gaflatyň, haram keýpleriň girdabyna oklan ýaşlaryň köpüsiniň günäleriň, haramlaryň batgalygynda ölümiň penjesine düşendiklerine näçe mysal getirseň getirip oturmaly. Hut şonuň ýaly-da, hassalyk zerarly özüni şeýle haramlyklardan, günälerden uzak tutup, gulluk borçlaryny, ybadatlaryny birkemsiz berjaý edip, kämil iman bilen bakyýa göç eden ýaşlar hem az däldir.

Taryhyň sahypalaryna ser salanymyzda, iň köp muşakgat çekenleriň, iň köp derdesere giriftar bolanlaryň ynsanlaryň iň kämilleri, iň belent mertebelileridigini görýäris. Eýýup aleýhisselam ýaly pygamberler, welilerdir ýagşyzadalar başlaryna gelen hassalyga sabyr kylyp, ony Rahmandan gelen yhsan bilip, şükür edipdirler. Çünki, suwda gark bolan ýa-da mergi keseli zerarly öleniň şehitlik mertebesini gazanyşy ýaly, hassalygyň hem birnäçe görnüşi bolup,  olar zerarly dünýäden öten mümin welilik mertebesine beýgelýär.

Hassalyk jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm esaslaryndan biri bolan birek-birege hormat we merhemet duýgusyny ösdürýär. Bir aýatda “Şübhesiz, ynsan özüni hiç zada mätäç däl hasaplasa, ähli zady ýerbe-ýer bolsa, azar” (Alak, 96:6-7) diýlişi ýaly, dert çekip görmedik adam dertlilere bolmalysy ýaly merhemet etmez. Hassa kişiniň gelip halyny soran ýakynlaryna – dostlaryna, garyndaşlaryna bolan hormaty, söýgüsi artar. Dertli günlerinde ol hem ýakynlarynyň ýanynda häzir bolar, olara goldan gelen kömegini gaýgyrmaz.

Hassalara seretmek mümin üçin uly sogaply işdir. Hassalaryň ýagdaýyny soramak, hassany birahat etmezlik we irizmezlik şerti bilen görme-görşe baryp durmak sünnetdir. Hadyslardan birinde: “Hassalaryň alkyşyny alyň, olaryň alkyşy kabul bolýandyr” diýilýär. Eger näsag kişi birinji derejeden garyndaşymyz, hususan-da enemiz ýada atamyz bolsa, olara hyzmat etmek gaýragoýulmasyz borç we sogaby örän uly bolan möhüm ybadatdyr. Näsagyň köňlüni hoş etmek, oňa teselli bermek sadaka hökmüne geçer. Näsaglan we kömege mätäç ýagdaýa düşen ene-atasyna hyzmat edip, olaryň razylygyny alan perzent nähili bagtyýar! Ulalyp, öz şahsy durmuş ýoluna düşýänçä ene-atasynyň irginsiz aladalary bilen gurşalan, her daýym olaryň mähriniň ýylylygyny duýup ýaşan perzendiň ene-atasynyň bu bimöçber ýagşylyklaryna hassalanan çaglary olara birkemsiz seretmek, hyzmat etmek bilen jogap bermegi perişdeleriň alkyşyna mynasyp ýagşy işdir.

Ynsanyň hassalyk zerarly zeýrenmäge, şükürsizlik etmäge haky ýokdur; on iki süňňi abat, jan-saglygy ýerinde bolanlara seredip, kemsinmäge, munuň üçin Ýaradany ýazgarmaga haky ýok. Beýle etmegiň tersine, özüniňkiden has agyr durmuş synaglaryna sezewar bolanlaryň ýagdaýyna seredip, öz halyna şükür etmelidir: eli döwlen bolsa, elleri düýbünden kesilenlere seretmeli; bir gözi çala görýän bolsa, iki gözünden-de jyda bolanlary görüp, “Meniň hem başyma has beteri gelip bilerdi” diýip, şükür etmeli.

Tymsal: Bir jomart kişi ýoksul bir adamy öňden her basgançagynda dürli-dürli sowgatdyr serpaý ýerleşdirilen minaradan ýokary çykarýar we minaranyň çür depesinde-de, basgançaklardaky sowgatlaryň ählisinden hem uly we gymmatbaha bir sowgat gowşurýar diýeliň. Ýoksul bende özüne edilen bu ýagşylygyň garşylygynda minnetdarlyk sözlerini aýtmak ýerine, ýoldaşynyň özüniňkiden has köp basgançakly we has köp sowgatly başga bir minara çykarylyşyny görüp, “Näme üçin meni şol minara çykarmadyň? Maňa berlen sowgatlar näme üçin ýoldaşymyňkydan az?” diýse, dogry bolarmy? Özüne hiç hili garşylyksyz yhsan edilen nygmatlara garşy gadyrbilmezlik etdigi bolmazmy?

Hut şonuň ýaly-da, adam ogly ýoklukdan barlyga çykarylandygyna, daş, agaç ýada haýwan däl-de adam şeklinde ýaradylandygyna, ynsanlaryň arasynda-da musulman bolup doglandygyna, özüne berlen san-sajaksyz nygmaty görmezlikden gelip, saglyk ýaly käbir nygmatlardan mahrum galandygy ýada öz ýalňyşlygy zerarly elinden giderendigi üçin zeýrenmek, sabyrsyzlyk etmek, “Beýle güne düşer ýaly, meniň näme günäm bardy?” diýip, Ýaradanyň hikmetine garşy gelmek bedendäki maddy hassalyklaryň ählisinden-de beter ruhy hassalykdyr. Zeýrenç we sabyrsyzlyk derdi beterleder. Paýhasly kişi “Olar başlaryna bir bela, dert gelende “Biz Allanyň gullary, (soňunda) barjak ýerimiz hem Onuň huzury” diýerler” (Bakara, 2:156) aýatynyň mazmunyna baglylykda, sabyr eder.

Bigüna hassa çagalara we bigüna çagalar hökmündäki garrylara hyzmat edýän hossarlarynyň ruhy gazançlary taýsyz uludyr. Ýaş çagalaryň näzijek bedenleriniň bekemegine, şeýle-de, ilerki ýyllarynda gowgasy kän dünýäniň apat we kynçylyklaryna garşy çydamly we daýançly bolmagyna sebäp bolmak ýaly hikmetleri bolan hassalyk, perzendiniň saglygyny we rahatlygyny öz saglyk we rahatlygyndan ýokarda tutup, gijelerini çirimsiz geçiren ene-atanyň çeken muşakgatlary olaryň amal depderine sansyz sogabyň ýazylmagyna sebäp bolar.

Garrylara seretmek, hususan-da, ene we atanyň hassa çaglarynda ýanynda bolup, olara hyzmat edip, alkyş-dogalaryny almak ynsany hem bu dünýäde hem-de ahyretde bagtyýar eder. Garran ene-atasyna nosgansyz hyzmat eden ogul öz perzendinden hem şeýle garşylygy görer. Ene-atasyny ynjydan näletkerde ogullaryň bolsa, ahyretde agyr azaba duçar bolmak bilen bir sanda, bu dünýäde hem ençeme bela-betere, kynçylyga uçraýandygyna şaýatlyk edýän ençeme mysal getirmek mümkin.

Gözel atlaryndan biri-de Şafy (Dertlere şypa berýän) bolan Allahutagala zemin dermanhanasynda her derdiň dermanyny-da ýaradypdyr. Dertden gutulmak üçin derman ulanmaly, emma, şol bir wagtyň özünde-de, dertlere şypa berýäniň Hak tagalanyň özüdigini bilmelidir. Ilhalar Lukmanyň maslahatyny almak, onuň salgy beren bejergisini we dermanlaryny ulanmak örän möhümdir. Çünki, hassalyklaryň köpüsi ünssüzlik, äwmezlik, perhizsizlik we isribe esaslanýan ýaşaýyş şekli zerarly ýüze çykýar. İşini oňat bilýän we il-günüň aladasy bilen gurşalan lukman, hassanyň iň gysga wagtda dertden saplanmagy üçin näme etmelidigini görkezer. Näsaga mundan soňra saglygyna has ähmiýet bermegi, isripden we perhizsizlikden daş durmagy ündär.

Kyssalar

Ekizleriň jedeli

Enäniň göwresindäki ekizler ilki hiç zatdan habarsyzmyş. Hepdeler geçdigisaýyn, olar hem ulalypdyrlar. Elleri, aýaklary, içki organlary emele gelmäge başlapdyr. Has soňra, töwereklerinde bolup geçýänlere akyl ýetirip ugrapdyrlar. Rahat we ynamly ýerdediklerini bilmek olary şatlandyrypdyr.

Ekizler bir-birine şeýle diýýärmişler:

- Ene rehmine düşmegimiz, bu ýerde ýaşamagymyz nähili gowy zat, şeýle dälmi?

- Bu ýerde durmuş ajap, dogan jan!

Ulaldyklarysaýyn, içinde ýaşaýan dünýäleri bilen has ýakyndan tanyşmaga başlapdyrlar. Ýaşaýşyň gözbaşyna we netijesine, durmuşyň manysyna akyl ýetirmek isläpdirler.

Şol aralykda, öňlerinden ene bilen ekizleri bir-birine baglaýan kordon çykypdyr. Bu kordon arkaly hiç hili azapsyz-güzapsyz iýmitlenýändiklerine düşünüpdirler. Ekizlerden biri:

- Ejemiziň mähir-muhabbeti nähili uly! Bu kordon arkaly biziň ähli zerur zatlarymyzy iberýär – diýip begenipdir.

Aradan aýlar geçipdir. Ekizler barha ulalýarmyşlar, has takygy “Ýoluň soňuna” ýakynlaşýarmyşlar. Doganlar bir gün içinde ýaşaýan şol ajap dünýälerini bir gün terk edip gitmeli boljakdyklaryna göz ýetirmäge başlaýarlar. Dokuzynjy aýa ýetiberende, munuň yşaratlary has aýdyň görnüp ugrapdyr.

Ekizlerden biri howsala düşüp: “Nämeler bolup geçýär? Munuň netijesi nähili bolar?” diýip beýleki doganyndan sorapdyr.

Beýleki dogan özüni has parahat alyp barýarmyş. Üstesine, bu dünýä oňa dar görnüp ugrapdyr, şonuň üçin ol has giň bir älemiň arzuwyndamyş. Ol howsala düşen doganyna şeýle jogap beripdir:

- Bularyň ählisi bu dünýäde uzak wagt galmajakdygymyzy görkezýär. Ýagny, bu ýerdäki ömrümiziň ahyryna ýakynlaşýarys.

- Emma men gitmek islemeýärin. Hemişe şu ýerde galmak isleýärin. Maňa şu ýeri hem bolýar.

- Elimizden geljek zat ýok. Belki-de bu ýerden soňra-da ýaşaýyş bardyr.

- Biziň bu ýerdäki durmuşymyzyň asyl sebäbi bolan şol kordon kesilenden soňra nähili ýaşarys? Onsoň hem, bizden öň bu ýere gelenler-de gidipdir. Hiç biri hem yzyna dolanmandyr. Şu ýagdaýda sen nähili doglandan soňra ýene-de ýaşaýşymyzy dowam etdireris diýip arkaýyn gürläp bilýäň? Ýokla, görersiň ynha, bu bar zadyň soňy bolar. Onsoň hem, belki-de eje diýilýän zadyň barlygy hem gümana ahyry.

- Ynha göreris, hökman bardyr. Ýogsam, bu ýere nähili gelip bilerdik, şu wagta deňiç ýaşaýşymyzy nähili dowam etdirip bilerdik?

- Sen heý eje diýilýän zady gördüňmi? Ol belki-de diňe biziň öz hyýalymyzda ýaşaýan, öz toslap tapan zadymyzdyr? Biziň aladamyzy edýän, biziň ähli zerurlyklarymyzy giderýän bir ejemiziň bardygyna ynanmak duýgusy bizi rahatladýandygy üçin, belki-de bu pikiri biz özümiz oýlap tapandyrys-hä?

Ekizleriň ene göwresindäki soňky günleri şeýle jedel we çekeleşikler bilen geçipdir. Ahyry bir gün, dogluş sagady gelip ýetipdir. Ekizler “Bir ömür geçiren” dünýälerinden aýrylanlarynda, gözlerini düýbünden başga bir dünýäde açypdyrlar we begençden ýaňa “iňňäläp” aglamaga başlapdyrlar.

Çünki, täze dünýä olaryň hyýal edişlerinden hem ajaýypmyş.

Naharlanmak edebi

Bu gün dünýäniň belli lukmanlary çendenaşa iýmegiň saglyga zyýan ýetirýändigini tassyklaýarlar. Ösen lukmançylyk ylmynyň maglumatlaryna görä, ynsan saglylygyny göramak isleýän bolsa, garnyny çakdanaşa doldurmaly däl, rahat dem alar ýaly, rahat ýöräp biler ýaly az iýmeli, aşgazanyna az ýük ýüklemelidir.

Häzirlizaman lukmançylyk ylmynyň doly tassyklaýan bu hakykatyny mundan on dört asyr öň Pygamberimiziň (s.a.w.) aýdyp geçendigini görýäris:

- Aşgazanyňyzy tutuşlygyna nahar bilen doldurmaň. Bir bölegini nahar üçin, bir bölegini suw üçin, bir bölegini-de dem almak üçin aýyryň.

Köp iýmek mekruhdyr. Az iýmek sünnetdir. Pygamberler asla köp iýmändir, ählisi-de naharyň başyndan heniz işdäleri kesilmänkä turmagy adat edinipdirler.

Pygamberlerden Hezreti Ýusup aleýhisselam Müsüriň ähli hazynasy elindedigine garamazdan, az mukdarda naharlanypdyr. Ondan:

- Erkiňde şeýle ummasyz baýlyk barka, näme üçin az iýýärsiň? – diýip soraýarlar.

Hz. Ýusup (a.s.) şeýle jogap berýär:

- Köp iýsem, saglygym bozular. Onsaň hem, az iýýän garyplaryň hal-ýagdaýyndan bihabar bolaryn. Ýurdumdaky açlaryň, ýalaňaçlaryň ýagdaýyna düşünmek, olary hem gözden salmazlyk, unutmazlyk üçin az iýýärin, aç galýaryn.

Bu mesele bilen baglanyşykly ýene bir hadysany ýatlap geçeliň.

Hezreti Muhammet Aleýhisselamyň sünnetini öz durmuşynda ýörelge edinen meşhur düýş ýorgutçy Ibn-i Şiriniň huzuryna bir adam gelip, ondan:

- Eý Resulullahyň sünnetine eýeriji! Meniň ybadat etmeklige garşy içimde isleg ýiteňkirledi, hatda ybadat etmeklik nebsime örän agyr gelýär. Munuň sebäbi nämekä? – diýip soraýar.

Beýik alym garynlak adamy synlap, asyl meselä göz ýetirdi.

- Sen nähili naharlanýaň?

- Nähili bolar öýdýäň, adaty şekilde naharlanýan. Ýagny, garnym doýup, işdäm kesilýänçä iýýärin.

İbn-i Şirin ol adamy yzyna tirkäp, medresäniň öňünde daňylgy duran atynyň ýanyna eltýär. Atyň öňüne bir desse ot taşlap, onuň iýişini synlaýarlar. At öňündäki otlaryň ýarysyndan gowragyny iýenden soňra, garny mese-mälim çişýär. Şondan soňra ol iýmegini bes edýär. Ibn-i Şirin ýanyndaky adama ýüzlenip:

- Görýäňmi, ynha at garny doýýança iýdi, garny çişensoň, otuň başyndan aýryldy. Emma, biz at däl – adam! Elbetde, biziň bu atdan tapawudymyz bolmaly.

- Ol nähili tapawut?

- Ol tapawut - garnyň çişýänçä iýmezlik. Hökmany ýagdaýda, entek işdäň barka naharyň başyndan turmalysyň. Şonda, ybadatyňdan hem lezzet alarsyň, saglygyň hem bozulmaz.

Naharlanmagyň sünnetlerinden biri-de, şübhesiz, nahary gaty gyzgyn ýagdaýda iýmezlik, sowatmak üçin nahary üflemezlikdir. Häzirkizaman lukmançylyk ylmy nahara üflenende, demimizdäki mikroplaryň nahara syçraýandygyny kesgitledi. Söýgüli Pygamberimiz (s.a.w.) hem nahary üflemegi mekruh görüpdir. Bu sebäpden, nahar gyzgyn bolmaly däl, gyzgyn nahary üfläp iýmeli däl.

Ýene-de, şübhesiz, nahara “Bismillah” bilen başlanyp,sag el bilen iýlip-içilmelidir. Ýöne, ýeri gelende, çep eli-de kömekçi hökmünde ulanmak mekruh däldir. “Şiratü-l Islamda” bu barada şeýle diýilýär:

- Resulullah (s.a.w.) sag eline çörek, çep eline-de garpyz alyp, gezekli gezegine garpyz we çörekden iýerdi... Çörek iýlende, gerek ýerinde, çep elden hem peýdalanyp bilner.

Gürrüňimizi naharlanmak edebi bilen baglanyşykly bir aýat bilen tamamlalyň:

- Iýiň, içiň, emma isrip etmäň. Unutmaň, Allah isrip edenleri söýmez.