بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Yhlasly ybadat edýänçileriň biri özüniň hamdu-dogalarynyň birinde aýdypdyr: «Eý Allahym, uly umyt-tamalar meni aldady. Bu dünýä bolan söýgüm meni heläk etdi. Șeýtan bolsa azaşmaklyga iterdi. Șeriň baştutany bolan nebsim, Hakdan meni daşlaşdyrdy. Ýaramaz dostum Saňa garşy bolmakda maňa ýardam etdi. Halas etmekligi soraýanlaryň Halasgäri, meni-de halas et! Egerde Sen maňa rahmet etmeseň, kim maňa rahmet etsin?!».

Başy » «Zaman» gazeti » ŞÜKÜR WE RYZYK

Şükür

Haýsydyr bir ýagşylygyň garşylygynda görkezilen minnetdarlyk manysyna gelýän “Şükür” sözi sözlüklerde: “Ynsana bagyş edilen duýgy, akyl, beden agzalaryny ýaradylyş maksatlaryna laýyklykda ulanmaklyk” diýlip düşündirilýär we köňül bilen, dil bilen bir hatarda, ähli agzalarymyz bilen hem ýerine ýetirilýändigi nygtalýar.

Dil bilen edilýän şükür

Diliň şüküri ähli lutfy-yhsanlaryň, nygmatlaryň Allahdan gelýändigini kabul we tassyk etmekdir. Hawa, ähli oňatlyklary, gözellikleri ýaradýan we wagty-sagady gelende-de ynsana bagyş edýän Oldur. Şonuň üçin esasy minnetdarlyk we şükür hem Oňa bildirilmelidir. Aradaky sebäplere çakdanaşa minnetdarlyk duýgusy bilen baglanyp, bize asyl nygmatlary ibereni görmezlikden gelmek dürli-dümen naz-nygmatlary taýýarlan aşpezi nazara almazdan, ähli minnetdarlygymyzy bu tagamlary getirip öňümize goýan hyzmatça aýtmaga meňzeýär.

Köňül bilen edilýän şükür

Köňüliň şüküri, maddy we ruhy ähli nygmatlary bize bagyş edeniň Allahdygyny bilip, bu düşünjä laýyklykda ýaşamak, ýaşaýşyňy bu esasyň üstünde binýat etmekdir. Bu, şol bir wagtyň özünde dil we beden agzalarymyz bilen edilýän şüküriň hem esasy bolup durýandyr:

Beden agzalary bilen edilýän şükür

Beden agzalary bilen edilýän şükür barada aýdylanda bolsa, bu, her agzamyzy ýaradylyş maksadyna laýyklykda ulanmak we olara mahsus bolan gulluk wezipelerini ýerine ýetirmekden ybaratdyr.

Yslam alymlarynyň käbiri diliň şükürini doga-dileg, zikir etmek; kalbyň şükürini sarsmaz imana eýe bolmak; beden agzalarynyň şükürini-de ybadat-u-tagat diýip kesgitläpdirler.

Şükür bereketiň artmagyna sebäpdir

Allah ylahy kelamynda birnäçe aýatda şükür etmegi emir edýär:

“Eger şükür etseňiz, men hem nygmatlarymy artdyraryn; eger naýynsaplyk etseňiz, biliň, azabym örän ýowuzdyr”(Ibrahim, 14/7) permany bilen şükür borjuny berjaý edenleri sylaglajakdygyny wada berýär; naýynsaplyk edenlere-de, jezalandyrjakdygyny aýdyp, duýduryş berýär. Mundan başga hem Onuň gözel atlaryndan biri-de “Şekur” bolup, ähli nygmatlaryň asyl çeşmesine ulaşmagyň ýoluny-da şüküre baglandyr. Ol Kuranda Hz. Ibrahimi “Onuň nygmatlaryna garşy şükür duýgusy bilen doly” (Nahl, 16/121) sözi bilen, Hz. Nuhy-da “Şübhesiz, ol şükür bilen oturyp-turýan (ýaşaýan) sadyk bendedi” (Isra, 17/3) beýany bilen öwýär. Şükür örän möhüm amaldygyna garamazdan: “Gullarymyň şükür edýäni örän az” (Sebe, 34/13) aýatyna esaslanyp aýdanymyzda, sözüň doly manysynda bu borjuny berjaý edýän azdyr. Ýöne, muňa garamazdan,“Rebbime, şüküri kän gul bolmaýynmy?” diýip, bütin ömürleriniň dowamynda her pursatda Rebbimiziň nygmatlaryna şükür duýgusy bilen ýaşanlaryň bardygyny hem belläp geçmelidiris.

Älemleriň Serweri söýgüli Pygamberimiz (s.a.w.) bu ähmiýetli amaly berjaý etmekde ymmaty üçin iň oňat göreldedir. Onuň özi Rebbine kän şükür edýär we ýanyna gelenlere-de şükür etmegi maslahat berýär eken.“Allahym! Seni ýatlamagyň, Saňa şükür edip bilmegim we Saňa ybadatlaryň iň gözeli bilen ýönelip bilmegim üçin maňa ýardam eýle” - ynha, bu jümleler onuň ertir-agşam dilinden düşürmeýän nurly sözleri bolupdyr.

Şükürsizlik

Älemdäki hadysalaryň meýdana gelmeginde dürli hikmetler bardyr. Hatda zulum we adalatsyzlyk ýaly görünýän hadysalaryň arkasynda-da, hakyky adalat bardyr.

Hezreti Musa aleýhisselam Tur dagyna barýarka ýolda bokurdagyna çenli guma gömlen bir adama duşýar. Salam berip, ondan näme üçin guma gömlendigini soraýar.

Ol adam:

- Näme üçin bolar öýdýäň? Geýere hiç zadym ýok. Il içinde ýalaňaç gezenimden, bedenimi şeýdip gumda saklanymy gowy görýän – diýdi we sözüni şeýle dowam etdi:

- Eý Musa! Tur dagyna Allatagala bilen gürleşmäge barýan bolsaň, arzy-halymy aýtgyl, maňa bedenimi örter ýaly bir gat eşik yhsan etsin. Guma gömlüp, ýalňyz ýaşamakdan halys irdim.

Hz. Musa ol adama arzyny Hak tagala ýetirjekdigine söz berip, ýoluna dowam edýär. Tur dagyndaky mynajatynda:

- Ýa Ylahy! Seniň rehmet we merhemetiň älemleri gurşaýar. Ýolda öňümden çykan ol biçäräni hem bir gat eşikden mahrum etmeseň bolmazmydy? – diýip soraýar.

Allahutagala Hz. Musanyň bu sowalyna şeýle jogap berýär:

- Eý Musa! Bu işiň hem öz hikmeti bar. Göräýmäge ol kişä zulum edilýän ýaly görünse-de, aslyýetinde bu edýänim adalatdyr. Ol adam, şükür etmegi bilmeýär. Onsoň hem, baryp ýatan arabozar. Eger men oňa eşik yhsan etsem, bedenini onuň bilen ýapandan soňra, halkyň arasyna sümüp, dogany dogana, goňşyny goňşa duşman eder. Jemgyýetiň agzybirligini bozar. Şonuň üçin, onuň gumuň içinde ýalňyz ýaşamagy halkyň arasyna goşulmagyndan has haýyrlydyr. Oňa aýt, şol duran ýerine şükür etsin.

Hz. Musa bu hadysanyň hakykatyna, hikmetine göz ýetirenden soň, yzyna dolananda, ol adama:

- Dostum, seniň şu ýeriň saňa iň mynasyp lybas eken. Otur şu ýerde we halyňa şükür et – diýýär.

Hz. Musanyň bu sözüne arabozaryň göhi gelýär:

- Haýsy halyma şükür etmelimişim? Egnimde zerli çäkmenim bardyr öýtdüňmi? Şu halymdanam beter ýagdaý bolarmy? Ýene-de, halyma şükür etmelimişim...

Hz. Musa ol ýerden gaýdan badyna, “Şu halymdanam beter ýagdaý bolarmy?” diýen şükürsiz adamyň töwereginde uly harasat gopýar. Gum depeleri onuň üstüne tarap süýşüp ugraýar. Halyna şükür etmän, takdyrdan nalan ol kişi, birnäçe sekundyň içinde has gözgyny ýagdaýa düşýär.

Eger Gün ýüz ýylda bir gezek dogsady ...

(Hekaýa)

Ol gün örän aladalydy. Aýagy bişen ýaly bir ýerde durup bilenokdy. Ýaşaýan şäheri indi bütin dünýände meşhurlyk gazanjakdy. Bir aýdan bäri dünýänuň belli telewiziýon kanallary bu şäher bilen baglanyşykly habarlary ýaýradýardy: Alymlaryň tassyklamagyna görä, bu gün bolmagyna garaşylýan Gün tutulmasynyň dünýäde iň gowy görünjek ýeri bu kiçijik şäher bolmalydy.

Bu adatdan daşary hadysany synlamak üçin birnäçe gün öňünden taýýarlanypdy. Gün tutulmasyny oňat synlap bilmek üçin bir depäni saýlapdy. Hatda, soňky birnäçe günüň içinde şähere getirilen, Güne seretmek üçin ýörite taýýarlanan äýneklerden hem birini satyn alypdy.

Şäheriň ähli myhmanhanalary bu geň hadysany görmek üçin gelen daşary ýurtly syýahatçylardan dolupdy.

Şol gün ir bilen turup, birnäçe gün öňünden belläp goýan depesine, özünden öňürti başga kimdir biri barmaz ýaly, derrew ýetmegi ýüregine düwdi. Ähli zerur enjamlaryny ýanyna aldy. Hatda, daýysyndan bir günlügine haýyş edip alan surat apparatyny-da goşhaltasyna salmagy unutmady.

Ýolda, şäherde köpler tarapyndan weli adam hökmünde tanalýan we sylanýan Kemal aga bilen gabatlaşdy. Kemal aganyň henize bu güne çenli adam ogluna gaharlananyny, göwne degiji söz aýdanyny gören bolmandy. Kemal aga uly-kiçi hemmeleriň söýgüsini gazanypdy. Özüni alyp barşy, mähir-mylakatlylygy, şol bir wagtyň özünde-de agraslygy, salyhatlylygy bilen sözüň doly manysynda kemala – kämillige ýeten adamdy.

Kemal aga hemişekisi ýaly örän parahat görünýärdi. Kemal aganyň bu äwmezekligini geňirgäp, ondan:

- Kemal aga, bu gün bolmagyna garaşylýan Gün tutulmasyny görmek üçin şäherimize daşary ýurtlardan ýörite syýahatçylar geldi. Hemmeler bu täsinligi görüp bilmek üçin birnäçe günden bäri taýýarlyk görýär. Görýän welin, bu zatlar seniň üçin geň däl öýdýän? – diýip sorady. Kemal aga şeýle jogap berdi:

- Oglum, bu diýýäniň Allahutagalanyň älemdäki kanunlaryndan biridir. Aslyýetinde, geňdirem. Emma, men ondan has geňini kyrk ýyl bäri her säher görüp gelýärin.

Kemal aganyň bu sözi ony alasarmyk ýagdaýa goýdy. Soňra-da, Kemal agadan kyrk ýyl bäri görüp gelýän ol täsinliginiň nämedigini sorady. Kemal aga gürrüňini eden täsinligini düşündirmäge başlady:

- Men kyrk ýyl bäri her gün ir bilen namazymy kylanymdan soňra, şu garşydaky depelere çykyp, Allahyň taýsyz sungat eseri bolan “Günüň doguşyny” synlaýaryn.

Pikir et! Eger Gün ýüz ýylda bir tutulmagyň ýerine, ýüz ýylda bir dogsa, nähili bolardy! Ynsanlar onuň doguşyny synlamak üçin, onuň tutulyşyny synlamak üçin görlen taýýarlykdan has uly taýýarlyk görmezlermidi? Ynsanyň gaflaty diňe munuň bilen hem çäkli däl. Oýlanyp gör: Erik agaçlary 40 ýylda bir gezek güllän bolsady we alma agaçlary ýüz ýylda bir gezek miwe beren bolsady, adamlar bu täsinlikleri, ajaýyp sungat eserlerini görmek üçin gör nähili taýýarlyk görerdiler. Eger şeýle bolsady, ynsanlaryň şu wagt üns bermeýän gözelliklerine ylgaýşyny synlamak nähili gyzykly bolardy...

Kemal aganyň bu sözleri oňa juda täsir edipdi. Ol özüne gerekli sapagy alypdy. Bu gün Allahyň älemde goýan kanuny esasynda bolýan bir täsinligi – Günüň tutulmagyny synlanyndan soňra, Rebbiniň özüne, ähli ynsanlara bagyş eden nygmatlary üçin şükür etmegi, gaflat perdesini ýyrtyp, doga-dilegleri, ybadatlary, ýagşy amallary bilen Rebbine has ýakynlaşmagy ýüregine düwdi.

Kyssalar

Müminiň-de ryzkyny Allah berer, münkiriňkini-de ...

Bir gün bir otparaz Ibrahim aleýhisselamdan özüni taňry myhmany almagyny soraýar. Ibrahim aleýhisselam oňa: “Musulmanlygy kabul etseň, myhman alaryn” diýip, ony ýeke-täk Allaha iman etmäge çagyrýar. Otparaz muňa razy bolman, ugraberýär. Şol pursat Hak tagala Hz. Ibrahime şu wahýy inderýär:

- Näme üçin ony myhman almak üçin dinini üýtgetmegi şert goýduň, eý Ibrahim? Ýetmiş ýyl bäri Meniň barlygyma we birligime iman etmeýändigine garamazdan, oňa ryzkyny berýärin. Sen ony myhman alan bolsaň, seniň üçin has haýyrly bolardy.

Hz. Ibrahim bu ylahy emri alansoň, derrew otparazyň yzyndan gidýär. Ony tapyp, yzyna, öýüne getirýär we myhman alyp, hezzet-hormat edýär. Otparaz:

- Näme üçin beýtdiň? Ilki myhman almak islemediň, soňra bolsa, myhman almak üçin yzymdan ýetip ýalbardyň? – diýip soraýar. Ibrahim aleýhisselam bolan ýagdaýy gürrüň berýär. Onuň sözleri otparaza örän güýçli täsir edýär. Otparaz şol ýerde Hz. Ibrahime ýüzlenip:

- Allahutagala men barada şeýle diýdimi? Men sebäpli saňa duýduryş berdimi? Şeýle bolsa, maňa diniňi öwret, men hem musulman boljak – diýýär.

Guşuň ryzkyny Allah berýän bolsa...

Ibrahim bin Ethem bilen Şakykul-Balhy (Rahmetullahi aleýhim) Mekgede duşuşýarlar. Ibrahim, Şakykdan:

- Seniň bu hala gelmegiňe näme sebäp boldy? – diýip soraýar. Şakyk şeýle jogap berýär:

- Günlerden bir gün çöle çykypdym. Çölde ýerde ýatan, ganatlary döwük bir guş gördüm. Öz ýanymdan “Bu ýerde oturaýyn we bu guşuň ryzkynyň nireden gelýändigini bileýin” diýdim. Guşuň gabat garşysynda bir buky ýerde gizlendim. Aradan sähel wagt geçensoň, başga bir guş uçup geldi. Soňky gelen guş çüňki bilen getiren çekirtgesini ganaty döwlen guşuň ýanynda goýdy.

Bu ýagdaýy görüp, içimden: “Jöwzaly çölüň orasynda ganaty döwlüp, şikesli halda ýatan şu guşa ryzkyny başga bir guşuň üsti bilen ýetirýän Allah, elbetde, meniň ryzkymy-da ýetirer” diýip, gazanç yzynda ylgamagy goýbolsun etdim we özümi doly ybadata bagyşladym.”

Ibrahim Ethem oňa şeýle ýüzlenýär:

- Ýeri, sen näme üçin şol ganaty döwlen guşa iýmit daşaýan sagdyn guş bolup, has ýokary derejelere perwa etmek islemeýärsiň? Sen Pygamberimiziň (s.a.w.) “Beren el alan elden has haýyrlydyr” diýendigini eşitmänmidiň?

Bu jogaby eşiden Şakyk, Hz. Ibrahimiň elini ogşady we “Eý Ebu Yshak, sen biziň ussadymyzsyň” diýdi.

Musulmanlar arkalaşmaly

Olar iki dogandylar. Otparazlaryň san taýdan agdyklyk edýän bir şäherinde ýaşaýardylar. Ol iki dogan hem oda – ataşa çokunýardylar. Bir gün öňünde çokunýan otlaryny synap görmek islediler. Ellerini oduň içine sokdular. Ataşyň alawy şol bada olaryň ellerini ýakdy. Ýanan elleriniň awusy beýnilerine uran doganlar, muňa juda gaharlandylar we:

- Munça ýyldan bäri çokunyp gelýändigimize garamazdan, ataş bizi ýene-de ýakýar. Şu halda, näme üçin oňa ybadat edeli? - diýip, Bagdatda ýaşaýan meşhur yslam alymy Mälik bin Dinaryň wagyzyny diňlemäge gidýärler. Mälik bin Dinar wagzynda şeýle diýýär:

- Ataşy-da, ataşa çokunýany-da ýaradan Allahdyr. Ynsanlar ýaradylana däl, Ýaradana ybadat etmeli, Oňa gulluk etmelidirler.

Şol ýerde belli netijä gelen kiçi dogan Mälik bin Dinaryň ýanyna baryp, musulman bolmak isleýändigini aýdýar we kelemeýi şahadat getirip, yslamy kabul edýär.

Uly dogan birbada beýle etmäge çekinýärdi. “Musulman bolandygymy hojaýynym eşidäýse, meni işden kowar, aç galaryn” diýip gorkýardy.

Kiçi dogan bolsa:

- Biziň iman eden Allahymyz ataş – ot ýaly däldir. Ol özüne iman edeni-de, iman etmedigi-de aç goýmaz. Meni işimden kowsalar hem, ýene Allaha iman etmäge dowam etjek – diýýär.

Mälik bin Dinar doganlardan kiçisiniň bu sözlerini eşidip, ony gutlaýar. Gorkmazlygy ündeýär. Ýöne, soňlugy bilen kiçi doganyň iman edendigini hojaýyny öwrenýär. Ony derrew işden çykarýar. Muny hem az görýän ýaly, şäherdäki ähli tanyşlaryna habar ýollap, bu ýigide iş bermezligi tabşyrýar.

Her gün şäherde ertirden agşama iş gözleýän kiçi dogan garaňky gatlyşanda öýüne eli boş dolanýardy. Hiç kim oňa iş bermeýärdi.

Aradan birnäçe gün geçýär. Bir gün ýene eli boş ýagdaýda öýüne gelende, ejesi ogluny güler ýüz bilen garşy aldy we:

- Oglum, kimdir biri saňa örän kän mukdarda pul iberipdir. Ynha şu haty hem ýollapdyr - diýip, pullary we haty ogluna gowşurdy.

Mümin ýigdekçe derrew haty açyp, okap başlady:

- Yslama giren günüňden bäri, seniň özüňi alyp barşyňy yzarlatdym. Otparazlaryň seni işiňden kowjakdyklaryny, aç goýup, diniňden ýüz öwürmäge mejbur etmek islejekdiklerini bilýärdim. Çaklaýşym ýaly hem boldy. Seni işden çykardylar, kör köpüksiz galdyň. Biz musulmanlar, din doganlarymyzyň perişan halda bolmagyna asla razy bolmarys. Ynha saňa geregiňden has artyk pul. Bulary arkaýyn öz zerur zatlaryň üçin ulan. Pulsuz galanyňda bolsa, hökman ýanymyza gel, perişan ýagdaýda gezme. Saňa iş hem taparys, pul hem.

Gol ýeri: Bagdat metjidinde wagzyny diňläp, yslamy kabul eden din alymyň, Mälik bin Dinar.

Aglaýan daş

Pygamberlerden biri bir gün ýolda barýarka, ýoluň gyrasynda ýatan bir uly daş bölegine gözi düşýär. Daş bölegi, yzygiderli suw syzdyryp duranmyş. Pygamber bu ýagdaýa haýran galýar. Şol wagt daş bölegi Allahyň eradasy bilen dil açyp:

- “Ýangyjy ynsan we daş bolan dowzah odundan ägä boluň. Çünki ol ot kapyrlar üçin taýýarlanandyr.” (Bakara, 24) diýen mazmundaky aýaty eşidenimden bäri, şol dowzahyň ýangyjy boljak daşlardan bolaryn gorkusy bilen, hemişe aglaýaryn – diýýär.

Muny eşiden pygamber, Allaha ýalbaryp, ol daş bölegini dowzahda ýangyç bolmakdan bagyşladýar. Emma bir salym soňra şol daş böleginiň ýanyndan geçende, onuň ýene-de aglaýandygyny görýär. Ondan:

- Ýeri, indi nämä aglaýarsyň? – diýip soraýar. Daş bölegi oňa:

- Geçen saparky aglamagymyň sebäbi, dowzahda ýanmakdan gorkymdy. Häzir bolsa, şükür we begenç göz ýaşy dökýärin – diýip jogap berýär.

Ynsan kalby-da daş ýalydyr. Hatda, belki-de, daşdan hem gatydyr. Bu gatylyk diňe gorky we şükür duýgusy bilen dökülen göz ýaşlar arkaly eredilip bilner.

Başgalaryň gynanýan ýagdaýyna ol şükür edýärdi

Bir adam Muhammed bin Wasi hezretleriniň aýagyndaky ýarany görüp:

- Seniň bu halyňa gynanýaryn – diýýär. Muhammet bin Wasi-de oňa şu manyly jogaby berýär:

- Men bolsa, ýaranyň gözümiň üstünden çykmandygyna şükür edýärin.

Garybyň eşegi

Bir garyp bendäniň ýeke eşegi bardy. Biçäre eşegiň ýagyrnysy ýagyr bolup gidipdi. Hemişe diýen ýaly açdy. Arpadyr ýumşajyk ýorunja onuň düýşüne-de girmeýärdi.

Patyşanyň atlarynyň seýisi bu garyby tanaýardy. Biri-birini çagalykdan bäri tanaýardylar. Bir gün seýis garyp dostuna:

- Bu biçäre eşegiň haly juda teň. Munyň bu gidişde uzaga çekmän açlykdan ölse gerek – diýýär. Garyp:

- Dost jan, özüň bilýäň, men bir garybyň biri, eşegime arpa almak beýlede dursun, özümiň iýjek çöregimi kynlyk bilen gazanýaryn - diýip, ýagdaýyny gürrüň berýär. Patyşanyň seýisi dostuna:

- Gel, gowusy, sen ony birnäçe günlük maňa ber. Ony patyşanyň seýishanasyna äkidip, patyşanyň atlarynyň iými bilen naharlaýyn, az-kem özüne gelsin, janawer – diýip teklip edýär.

Garyp, eşegini seýis dostuna berýär. Eşegi patyşanyň seýishanasyna getirýärler. Eşek arassa ahyry, ýuwlup we ot iýmine seredilip durlan atlary görüp:

- Ýa Rebbim! Bu nähili beýle bolýar? Bu atlary hem Sen ýaratdyň, men hem Seniň ýaradan jandaryň dälmi? - diýip, nalaýar.

Aradan birnäçe gün geçensoň, birdenkä ýurtda uruş turýar. Seýihsanadaky atlaryň ählisini eýerläp, söweş meýdanyna ýolladylar. Birnäçe aýa çeken söweşden soňra atlar yzyna dolananda, her biriniň bedeninde ýüzlerçe ýara bardy. Birnäçe ok ujy-da entek hem hamlarynyň ýüzünde görnüp durdy.

Atlaryň aýaklary duşalyp, olara seredýän ýörite lukmanlar atlaryň derileriniň ol ýerini-bu ýerini böwsüp, ok böleklerini, naýza uçlaryny çykarmaga başladylar. Muny gören eşek özüniň öňki aýdanlaryna, eden nalyşyna puşman boldy. Halyna şükür etdi.

Hz. Adamyň şüküri

Hz. Musa aleýhisselam bir gezek Allaha mynajat edip:

- Ýa Ylahy! Atamyz Adamy öz gudrat eliň bilen ýaratdyň, oňa şu, şu... nygmatlary berdiň. Ol munuň şükürüni nähili berjaý etdi? – diýip sorady. Allahu tagala-da:

- Bütin bularyň meniň tarapymdandygyny bilmek we hiç wagt muny unutmazlyk bilen ...” diýip buýurdy.

Diýmek, nygmatlaryň Alla­hyň tarapyndandygyny bilmek, ruhy-magnawy şükürdir.

Şükür borjumyzy berjaý edip bilýärismi?

Edýän ybadatlarymyz arkaly Hak tagalanyň bize bagyş eden barlyk, ynsanyýet, yslamyýet ýaly umumy we akyl, zehin, göz, gulak ýaly beden nygmatla­ryndan daşgary, diňe el bilen nahar iýmegiň hem şükürini ýerine ýetirmek mümkin däldir. Çünki:

Diýeliň, ynsanlar bu dünýä iberilmänkä: “Eger ryzkyňyzy agzyňyz bilen ýerden ýygna­maga razy bolsaňyz, ybadat etmegiňize zerurlyk ýok” diýlip teklip edilsedi, şübhesiz, ähli ynsanlar iýmitlerini toprak­dan agyzlary bilen ýygnama­gyň ýerine ybadat etmegi kabul ederdiler.

Ýoklukdan barlyga çyka­rylmak nygmaty

Jemagaty bilen Horasan köçeleriniň birinden ýöräp gelýän Beýazidiň yzyndan bir köpek ýetip, deňinden geçmek isleýär. Beýazidiň okuwçylary muňa ýol bermek islemeýärler. Muny aňlan beýik weli jema­gaty saklaýar, köpek bilen göz-göze gelýär. Bir salym bir-birine seredişýärler. Soňra, Beýazid ýol berýär, köpek geçip gidýär. Okuwçylary öz pirleriniň ygyp ýören köçe itine ýol ber­meginiň sebäbine düşünmän, onuň ýü­züne seredenlerinde, beýik weli munuň sebäbini düşündirýär:

- Bu köpek maňa näme diýdi, bilýärmisiňiz?

- Ýok, bilemzok.

- Diňläň onda, maňa ylham edilen hakykat arkaly, köpegiň maňa:

- Eý Beýazid, owalda seniň näme aýratynlygyň bardy-da, saňa ynsan lybasy geýdirildi, meniň-de näme günähim bardy-da, maňa köpek derisi laýyk görüldi? - diýendigini aňdym. Men hem şeýle diýdim:

- Dogry aýdýarsyň. Owalda, maňa ynsan lybasy geýdiril­megime sebäp boljak hiç hili aýratynlygym ýokdy. Seniň-de köpek halda ýaradylmagyňa sebäp boljak hiç hili günähiň ýokdy. Bu, diňe Allahyň islegi bilendir. Ýazgyt şeýle eken. Ýog­sam, barça Barlygy ýara­dan sendäki şu derini maňa, mendäki şu lybasy-da saňa laýyk görüp hem bilerdi!

Köpek mundan soňra şeýle diýdi:

- Onda, owaldaky bu ýagdaý barada oýlanyp, maňa ýol ber. Hökman öňden gitmegiň zerur däldigi barada pikir et.

Men hem oňa ýol berdim, öňden gitmegi zerur görmedim.

Şükür

Bir baýram günüdi. Ýedi ýaş­­ly gyzymyzyň elinden tu­tup, egin-eşik, aýakgap ýaly ze­rur zatlaryny almak üçin bazara çykypdyk. Ýadyma düşýär, çaga wagtymyz özümize-de täze aýakgap alanlarynda, be­gen­jimizden ony geýip ýatmak islär­dik. Bu gün, gyzymyň çaga göw­­nüni şat etmek üçin birnäçe dükana aýlanyp, birgiden çyk­daýjy edip, esasy gerek zatla­rynyň ählisini diýen ýaly satyn alyp­dyk. Ýöne gyzym dükan­lardan birinde, bir gyzyl kitap bukja­syny görüp, şondanam alyň diýip, esli ýalbarypdy. Baha­­sy­nyň ujypsyzjadygyna garamaz­dan, gyzyma ýaňy-ýa­kyn­da bir kitap bukjasy alandy­gym üçin, zerurlyk görmändim.

Birnäçe sagat aýlanyp, halys lütümiz çykyp, öýe gelenimizde, gyzymyz maňa sag bol aýt­magyň ýerine, torsarylyp otyr­dy. Ejesi sebäbini soranda, şol ýö­ne­keýje gyzyl bukjany al­man­­dy­gym üçindigine düşünip gal­dym. Gaharyma bäs gelip bilmän:

- Bu nähili gadyr bilmez çaga beýle. Onuň üçin näçe pul harç­ladym, esasy zerur zatlaryny-da aldym. Ol bolsa, bäş teňňelik ýönekeýje zat üçin bularyň hiç birini görmeýär – diýip, gazap bilen bir şarpyk çaldym.

Ýöne birdenkä aňymda ýyldyrym çakana döndüm. Ýeri, özüň näme diýsene! Saňa saglyk, şatlyk, bagt, iň azyndan şu wagt bile oturan maşgalaň, çagalaryň ýaly şeýle gymmatly nygmatlary bagyş eden Reb­biňe nädereje şükür edýärsiň? Hak tagalanyň saňa bagyş eden nygmatlary bilen bir san­da, dilegleriňde seniň özüň üçin örän möhüm ýaly görünýän, ýöne hakykatda welin (düşün­jesi we gözýetimi çäkli şu ýumruk ýaly çaganyň isleýän bäş teňňelik bukjasy ýaly) ähmiýetsiz bolan galan isleg­leriň berjaý bolmasa, hakykata öwrülmese, dilegleriň kabul bolan däldir düşünjesi bilen gaflata düşýän, gynanýan sen dälmidiň? Allahyň saňa bagyş eden örän möhüm, ýöne seniň hatda olardan habarsyz ýaşap ýören bihasap nygmatlary üçin çäksiz begenç bilen şükür etmegiň zerur dälmidi?

Ýogsam-da, şükür etmegi bilmek üçin, seniň hem, Ylahy şarpyk iýmegiň gerekmidi?

Şükür etmek

Patyşa ilkinji gezek gämi arkaly syýahata çykan bir gul bilen bir gämide ýolagçylyk etmeli bolýar. Gul bir ýerde dur­man, şol zowzanaklap ýörmüşin. Gorkudan ýaňa, ýygy-ýygydan nalap gämidäki ýolag­çylary birahat edýärmişin. Patyşanyň bar keýpi gaçýar. Bir adam patyşanyň huzuryna gelip:

- Ejazat bolsa, ony men rahatlandyraýyn – diýip, rugsat soraýar. Patyşa:

- Nätseňiz şeýdiň, ýöne, şu adamyň sesine suw sepiň – diýip, rugsat berýär.

Ol nätanyş, birnäçe ýolagçy bilen bilelikde, guluň garşylyk görkezmegine garamazdan, ony deňze oklaýar. Birnäçe gezek suwa çümüp-çümüp çykan gul:

- Gark bolýan, kömek ediň! – diýip, gygyrmaga başlaýar.

Guly ýene gäminiň üstüne alýarlar.  Gul indi bir burça geçip, sessiz-üýnsiz oturýar. Patyşa, nätanyşdan guly suwa oklamagynyň sebäbini soraýar. Ol adam:

- Gul gämidäki rahatlygyň gadyryny bilenokdy.

- Gark bolmak howpy üstüne abananda bolsa, muňa düşündi – diýýär.

Perzent

Bir wagtlar zyndana düşen bir adamyň janyndan eý görýän perzendini-de onuň ýanyna iberýärler. Biçäre, hem öz gussasyny, hem-de perzendiniň gaýgysyny çekmäge başlaýar. Ol zyndanda öz aladalarynyň ýany bilen, çagasyna seretmek muşakgatyna-da döz gelmeli bolýar.

Bir gün ol ýeriň merhemetli soltany hälki günäkäriň ýanyna öz ýasawullaryny iberýär we çagany köşge, öz ýanyna getirmegi buýurýar. Adam muňa ilki garşy çykýar: “Hergiz, bermen!” – diýýär. Ýanyn­da­kylar: “Seniň bu dikdüşdiligiň saňa jinnek ýaly-da peýdasy ýok. Sen nebsiňe gulak asýar­syň. Hem çagajyga ezýet ber­ýärsiň, hem-de oňa seretmek üçin zyndanda birgiden muşak­gat çekýärsiň. Oňatja pikirlen, çagaň geljegi barada oýlan. Emre boýun bolsaň, perzendiň - jigerbendiň bu çüýrän, dar zyndandan gutular. Onsoň hem, Soltanyň merhemeti çäksizdir. Çaga seni - atasyny görmek islese, ol hem, patyşa halyna çagany alyp zyndana gelmez, belki-de seni hem öz ýanyna - köşgüne alar. Eger soltana bil baglasaň, sen hem bir gün zyndandan halas bolarsyň” diýýärler. Oglanyň atasy bu sözi makul görüp, perzendiniň zyndanyň muşak­gatly durmuşyndan gutulyp, şanyň köşgüne gitmegine razylyk berýär.

Pygamberimiz kämillik ýaşyna ýetmän dünýäden öten perzendiň ene-atasyna şepa­gatçy boljakdygyny aýdýar. Ol bigünä çaga jennete gitse we ol ýerde ene-atasyny görmek islese, elbetde, Allatagala ça­gany günäkär ene-atasynyň ýanyna dowzaha ibermez, eger ene-atasy iman eden, emma günäkär bolsa, olary perzent­leriniň ýanyna — jennete getirer..

Üç sebäpden şükür

Her bir beden agzamyz üçin Jenab-y Haka üç sebäpden şükür etmegimiz zerurdyr. Bulardan birinjisi: Ol agza­nyň bitirýän hyzmatlary arkaly durmuşymyzdaky ýeňillikler sebäpli şükür etmek. Ikinjisi: Ol agzanyň bedenimizde ýerleşdirilen ýeri sebäpli. Üçünji sebäbi bolsa, her bir agzanyň biziň üçin şol bir wagtyň özünde zynat boluşydyr. 

Meselem, Hak tagala bize göz nygmatyny yhsan etmek bilen bir wagtyň özünde, gözlerimizi aýaklarymyzyň ýa-da goltugymyzyň aşagynda ýaradan bolsady, ol nygmatlardan nädereje peýdalanyp bilerdik? Şu halda, hiç bir dünýewi baýlyk bilen çalşyp bolmajak gymmatlykdaky şeýle nygmatlara eýe bolmagyň şüküri bilen bir sanda  gözlerimiziň ýüzümizde we ýüzümiziň-de bedenimiziň iň mynasyp ýerinde ýerleşdirilendigi üçin hem aýratyn şükür etmegimiz gerek.

Beýleki tarapdan, Allahutagala bize yhsan eden burun nygmatyny, ýene ýüzümizde we ylaýyk ýerinde ýaratmak bilen bir wagtyň özünde, burnumyzyň boýuny bir garyş uzyn etsedi, bu gezek-de ol agzamyz biziň üçin zynat bolmazdy. Diýmek, beden agzalarymyzyň bedenimiz üçin zynatdygyny-da unutmaly däldiris.

 

Agşam ýatyp, ertir şükrün kyl ýagşy

Şükür – edilen ýag­şy­lyklara minnetdarlyk bildirmek diýmekdir. Adama bagş edilen duýgulary, aňy-zehini, beden agzalaryny dogry ýolda ulanmaklyk hem, şükür etmek diýmekdir. Elbetde dil hem-de kalp arkaly şükür edip bolşy ýaly, beden arkaly hem şükür etmek mümkindir.

Dil bilen şükür etmeklik

Dil bilen şükür etmeklik, her dürli nazy-nygmatlaryň diňe Allahdan gelýändigini kabul edip, boýun almaklykdyr. Hawa, ähli ýagşylyklary, gözellikleri bagş eden Allah bolşy ýaly, olary, wagty geleninde, iberýän hem ýene-de Oldur. Wagty gele­ninde Allahyň dadymyza ýetiş­ýändigi üçin, ähli minnet­darlyklar diňe Allaha mynasyp­dyr. Allahyň bize uzaýan rehmet elini görmän, nähilidir bir sebäp­lere çolaşyp Allaha şükür etmez­lik şuňa meňzeýär: Size bir adam nahar hödür edýär. Siz bolsa na­har hödür edene däl-de, size na­har getirip beren hyzmatkäre özüňiziň çuňňur minnetdarly­gyňyzy bildirýärsiňiz. “Olar dünýä durmuşynyň diňe özle­rine seredýän daşky tarapyny bil­ýärler, ahyret bilen bagla­nyşykly tarapyndan bolsa bütünleý habarsyz­dyrlar” (Rum süresi, 30/7). Hawa olar, hötjetlik bilen sebäplere sere­dip, ylym hem-de akyl-parasat taýdan öňüni görmeýän nadan­lar we şükür etmeýän adamlar­dyr. 

Kalp bilen şükür etmeklik

Kalp bilen şükür etmeklik, maddy we ruhy ähli nygmatlary, bu nygmatlardan peýdalan­magy bize Allahyň nesip eden­digini bilip, bu aň-düşünje bilen durmuşyňy ýugurmaklykdyr. “Allahyň nygmatlaryny sana­ma­ga synanyşsaňyz hem sanap gutaryp bilmersiňiz”(Ybraýym süresi 14/34). diýensözler hem biziň Allaha nähili derejde borçludy­gymyzy bize aýdyň görkezýän bolsa gerek.

Beden agzalary bilen şükür etmeklik

Beden agzalary bilen şükür etmeklik bolsa, her bir agzany ýaradylyş maksadyna laýyk­lyk­da ulanmak diýmekdir.

Başga-da diliň şükrüni doga-dilegler bilen Allahy zikr etmek, kalbyň şükrüni ýakynlaşmak, agzalaryň şükrüni bolsa ybadat etmeklik diýip hem düşün­dirýänler bar.

Allah öz kelamynda-da şükür et­mek­ligi emr edipdir. Allah “Eger şükür etseňiz men hem nygmatlarymy köpel­derin, eger-de naýynsaplyk etseňiz, biliň, azabym örän güzap­lydyr”(Ybraýym süresi 14/7) ýaly sözler bilen şükür edýän adamlary sylaglandyr­jakdy­gyny ýatladyp, şükür etme­dikleri hem jezalan­dyrjakdy­gyny aýdýar.

Allahutagala Hezreti Ybra­ýymy: “Onuň nygmatlaryna garşy şükür bilen baş egdi” (Nahl süresi 16/21) sözleri bilen, Hezreti Nuhy bolsa “Şüb­hesiz ol şükür bilen oturyp-tur­ýan sadyk bendedi”(Isra sü­resi 17/3) diýip hormatlapdyr. Geliň, Allaha şükür etmeklige durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegi hökmünde garalyň.

Hz. Pygamberimiziň (s.a.w.) şüküri

Pygamberimiz (s.a.w) Allaha iň köp şükür edýän adamdy. Ol şükür etmekligi asla unutmazdy we ýanyna gelenlere-de ýatla­dar durardy. Onuň ertir-agşam dilinden düşürmän aýdýan söz­lerinden biri hem şudur: “Alla­hym! Seni ýatlamagym üçin, Saňa şükür edip bilmegim üçin we Saňa ybadatlaryň iň gowusy bilen ýönelmegim üçin maňa ýardam ber!”

Şükür – nygmatlara myna­syp bolanyň, olary bereni ýat­lap, mähir-muhabbet duýgusy bilen ine-gana oňa baş egmegidir. 

Kim nahar üçin, kim perzent üçin, kim öý-ojagy üçin, kim öz saglygy üçin, kim bolsa, kal­bynda imanyň barlygy üçin, kimi hem özüniň şükür edip bilýändigine şükür eder. Bir hadysda aýdylyşy ýaly,  Dawut Aleýhisselam Allaha: “Ýa Reb! Saňa nädip hakyky manyda şükür edip bilerkäm? Men asyl seniň maňa şükür etmäge ygtyýar bereniň üçin hem şükür etmeli ahyryn” diýeninde Allah: “Ine, indi doly şükür etdiň” diýip buýurýar.

Hakyky şükür haçan döre­ýär?

Nygmatyň gadyr-gymmaty bilnen mahaly hakyky şükür döreýär. Sebäbi nygmaty bagş edene şükür etmeklik, nygma­tyň bilinmegine bagly bolup durýar. Hawa, Allahyň biziň üstümizdäki yhsanlary,  imanyň nury bilen hem-de yslamyň buýruklary bi­len aýdyň belli bolýar, görünýär. Biziň şeýle ejiz, mätäç ýaradylan­dygymyza garamaz­dan, hemme zat öz elimize gelip dur. Bu-da, elbetde, bizi Allaha ine-gana şü­kür etmeklige iterýär. Aslynda her bir adamda, nygmatlary bere­ne “Sag bolsun”  diýdirjek duý­gular bar. Adam özüne edilen ýag­şy­lygy bileninde, şol ýag­şy­lyk eden adama sag bol aý­dasy gelip durandyr. Ýöne asyl mesele şol duýgulary oýar­magy we durmuşa geçirmegi, ama­lyýete öwürmegi başarmak­lykdyr.

Dogry pikir

Geliň, bir ha­ky­katy bo­ýun alalyň: Yn­san durmuşynyň bagtly ýa-da hup­­batly bol­magy onuň dü­şün­je dünýäsi, waka we hadysa­lara bo­lan garaý­şy bilen aýryl­maz bagla­nyşyk­lydyr.

Hawa, siz durmu­şyňyzda ýüze çykan haýsydyr bir hadysa betbagtlyk hökmünde hem garap bilersiňiz, oňa geljekde sizi bagtyýar etjek bir sebäp hökmünde hem garap bilersiňiz.

Arada bir dostumyňka bardym. Ýakyn garyndaşlary, goňşy-golamlary onuň maddy kynçylyk sebäpli aklyny ýitirmeginden gorkýandyklaryny aýtdylar.

Bir salym söhbet etdik. Oňa:

- Beterinden beteri bardyr. Sen bu wagtlaýyn kynçylygy beýdip, ulaldyp ýörme. Çäresi bar bolan zatlary çişirip ýörmek uslyp däldir. Gün geler, bu kynçylyklaryň bary geçer, seniň hal-ýagdaýyň hem ýene gowulaşar. Onsuz hem, sen şu wagt-da - gözüňde ulaldyşyň ýaly – juda agyr ýagdaýda dälsiň. Seniň kynçylyk hökmünde garaýan ýagdaýyň birnäçe maşgalanyň adaty durmuşydyr. Seniň öňünde ejizlän bu durmuş şertleriň, birnäçe ýerde ömür boýy dowam edip gelýän şertlerdigini unutma –diýip, dost maslahatyny berdim.

Emma, ol şol wagt maslahata gulak asarly däldi. Özüniňkiden başga pikiri kabul etmejegini aňyp, göwünlik berip ýanyndan aýryldym.

Aradan esli wagt geçdi. Ýene bir gün onuňka görme-görşe bardym. Görsem, bu gezek aladasy has çökderdi. Beren salamymy hem eşitmedi. Oňa:

- Gardaş, bu işi beýle ulaldyp ýörme. Bularyň bary wagtlaýyn kynçylyklar-a - diýdim.

Kellesini ýaýkap, şeýle jogap berdi:

- Seniň diýýän kynçylygyňa birmahallar razy boldum-la. Käşge meseläm diňe bir maddy kynçylyk bolsady, barja goşumy alyp, çatma gurup ýaşasadym, ýol ýakasynda öňüme bir elýaglyk ýazyp, öten-geçeniň beren sadakasy bilen ýaşaýşymy dowam etsedim; ýene-de özümi bagtyýar hasaplap gezerdim. Häzir, seniň aýdyşyň ýaly, beterinden beterine uçradym. Birdenkä ýagdaýym erbetleşip, agyr derde ýolukdym. Doktor saglyk ýagdaýymy barlagdan geçirip, ahyrky netijäni aýtdy. “Sen öýüňe gidip maşgalaň arasynda bolsaň gowy boljak. Biziň elimizden geljek zat ýokdur. Allah ömür berse gutulyp gidersiň, ýogsam, şu wagt seniň bu keseliň çäresi ýok” diýdi.

Ara düşen dymyşlygy ýene dostumyň özi bozdy:

- Käşgä, şol günlerde dogry pikirlenmegi başaran bolsadym, çäresi bar bolan maddy taýdan kynçylygy ulaltmadyk bolsadym. Sabyrly bolup, beýle umytsyzlyga düşmesedim. Hal-ýagdaýy meniňkiden pes bolanlara seredip, ýagdaýyma şükür etsedim. “Bu hem bir gün geçer-dä” diýen bolsadym.

Hawa, asyl mesele hem şu-da: Duýgularymyza erk edip bilmezlik, dogry pikir edip başarmazlyk, has agyr ýagdaýdakylara seredip öz halyňa şükür etmezlik...

Şonuň üçin her kim mahal-mahal özünden aşakdakylaryň hal-ýagdaýyna seredip durmaly. Ýokarylara seredip, ýok ýerden özüne dert edinmeli däl. Çünki özüňden aşakdakylara seretmek bilen ynsan halyndan razy bolar. Ýersiz gaýgylaryndan gutulyp, şükür duýgusyna eýe bolar. Özüňden aşakdakylara seretmek düşünjesi söýgüli Pygamberimiziň (s.a.w.) maslahatydyr. Pygamber ündewini tutmak ynsana bagt getirer.

Barlykly ýaşamak

Soňky wagtlarda öz-özi hümürdäp ýördi:

- Ertirden agşama çenli şol ylgap ýörşim, ýöremekden halys boldum. Ýene-de bir maşyn alar ýaly pul jemläp bilmedim-dä.  Meňem bir maşynym bolmaly ahyry, pyýada gezmegi goýmaly. Dürli nazy-nygmatlar saçagymy bezemeli.

Göýä bu arzuwlar bilen basalaşýan ýalydy. Töwere­gindäki barly adamlary gördügiçe, arzuw-matlaplaryna beslenýärdi. Ol özüni bagtsyz bir adam hasaplaýardy.  Juma namazyna baranynda-da oý-pikirinde diňe şu pikirler at salýardy.

Geň galaýmaly! Minberdäki ymam, onuň öý-pikirlerini bilýän ýaly şeýle wagyz edýärdi:

- Hökman  saçagyň dolup durmagy, ýa bolmasa gymmat bahaly maşynyň bolmagy  seniň üçin elmydama haýyrlydyr öýtme! Seniň isleýän zadyň seniň üçin haýyrly bolman biler. Sen öz üstüňe düşen wezipäňi ýerine ýetir, işle, galan zada kelläňi agyrtma. “Meniň üçin  iň haýyrlysy şu ekeni “diýip takdyryňa ten ber, Ýaradanyň berenine razy bol!

Bu täsirli sözlerden soň, bir azajygam bolsa köňli aram tapdy. Emma bu gezek hem hyýalynda ymam bilen jedelleşmän bilmedi:

- Gymmat bahaly maşyn münmek, bol nygmatly saçakda oturmak haýyrsyzlykmy näme?

Bir zat köp arzuw edilse, Rabbimizem ony yhsan edermiş.  Hakykatdanam şeýle bolup başlapdy. Soňky wagtlarda işi ugruna bolup, gazanjyna gazanç goşulyp maşyn puluny jemledi. Köp wagt geçmänkä arzuwlan maşynyny satyn aldy.  Indi öňküsi ýaly köp ýöränokdy. Aslynda söz beripdi, eger maşyn alaýsa dellekhana-da maşynly  gitjekdi. Onuň indi hemme zady ýetikdi.

- Hä, şeýle diýýärdi. Ynha, durmuş şudur. Göwnüň islänini iýibermeli, islän ýeriňe gidibermeli.

Şeýdip günler, aýlar geçip durdy. Emma birden aşgazanynda agyry peýda boldy. Derrew lukmana  ýüz tutdy. Ak halatly lukman ýüreginiň urşuny diňledi we bagryny barlady.  Soňra bolsa ýerine geçip keselini şeýle düşündirdi:

- Agam! Saçagyňda işdä açyjy dürli ir-iýmişler köpmi? Elmydama maşynly gezýäňmi? Hiç pyýada ýöräňok gerek? Şeýle keseller, bol nygmatly saçagyň başynda oturanlar bilen  pyýada ýöremeýänlerde ýüze çykýar. Lukman sözüni hasda jemläp:

- Seniň iç organlaryňy ýag tutupdyr. Gepiň kelte ýeri  köp kalorýaly iýmitler iýipsiňiz. Onsoňam iýeniňizi ýöremeýäniňiz üçin doly siňdirip bilmänsiňiz, organlaryňy ýag tutupdyr- diýdi.

Alaçsyz halda bu hassalygyň çäresini sorady:

- Çäresi bol nygmatly saçagy derrew terk et. Az iýmeli. Oraza  tut. Aýratynam her gün ýöre. Her gitjek ýeriňe maşynly gitjek bolma. Ýygnalan ýaglaryň eremesi üçin iň peýdaly derman: Oraza tutýan ýaly az nahar, tarawa okaýan ýaly köp namaz okamak we köp ýöremek!..

Bu maslahaty diňläninden soňra ýene Juma namazy üçin metjide tarap ýola düşdi.

 Ol bu gezek ymamy  ýüregi bilen diňleýärdi:

- Eý ynsan! Nebsiňi däl, aklyňy, wyždanyňy diňle. Ýetip bilmedik zatlaryňy gaýgy edip ýörme.  Saňa näme berlen bolsa nebsiňi oňa razy et. Bol nygmatly saçak , gymmat baha maşyn her wagt her kime haýyrly bolman biler!

Bu gezek ymam bilen doly razylaşýardy:

- Dogry aýdýaňyz, mollam.  Käşgä  öňräk pikirlenip, az iýip, köp ýöremegi taşlamadyk bolsadym! Kesellere duçar bolmazdym.