بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Iň ýagşy amal adyllykdyr. Ol ähli haýyr işleriň seresidir. Adyllyk edýänem, adyllyk edilýänem ýagşy işiň başyny tutýan adamlardyr. Zulum iň erbet işdir. Ol ýaman işleriň seresidir. Zulum edýänem, zulum etmäge ýardam berýänem ýaman işleriň başyny tutýan adamlardyr.

Başy » «Zaman» gazeti » SOWALLAR

Allanyň barlygyna nähili göz ýetirip bileris?

Allanyň barlygyna aklymyzy ulanmak – töweregimize syn edip, ösümlikleriň, ähli haýwanlaryň, janly-jandarlaryň ýeriň-gögüň nähili ýaradylandygy barada oýlanmak arkaly; bu taýsyz sungaty – älem giňişligini we onuň içindäkileri döreden, älem giňişligindäki taýsyz düzgün-nyzamy goýan Biriniň bardygyna ynanmak we Kuran-y Kerimi okamak arkaly göz ýetirmek mümkin.

Okaýan her kitabymyzy ýazan biri – kitabyň ýazary, äpet we kaşaň her bir binanyň gurujysy - arhitektory bardyr. Ajaýyp sungat eseri bolan surat ony çeken suratkeşiň ýokary başarnygyna şaýatlyk edýär. Dostlarymyzdan biri ylym-bilim, edep-terbiýe öwrenýän mekdebimiziň öz-özünden dörändigini aýtsa, nähili gülkünç bolar, oňa kim ynanar, şeýle dälmi?..

Howlymyzdaky äpet agaç bir wagt kiçijek şänikdi.

Şänik topraga garyldy we ösüp, ýaşajyk pudak boldy. Ýene-de, ösdi-ulaldy we äpet agaja öwrüldi...

Diýmek, kiçijek şänik uly agajyň planyny – gögeriş we ösüş meýilnamasyny özünde saklaýardy.

Eýsem, şänige şeýle köstsüz meýilnamany ýerleşdiren kim?..

Yşygy, atomy, kompýuterleri ynsan oýlap tapdy we döretdi.

Eýsem, ony kim “oýlap tapdy” — kim ýaratdy?..

Alla nirede?

Alla ne gökdedir, ne ýerde. Alla her pursatda we her ýerde bardyr, häzirdir. “Ýere gireniň we ondan çykanyň, gökden ineniň we ondan çykanyň ählisini biler. Nirede bolsaňyz boluň, Alla siziň bilen biledir. Alla ähli edýänleriňizi görýändir.” (Hadid suresi, 4.)

Allany näme üçin görüp bilemzok?

Myratjyk kakasyndan:

- Biz näme üçin Allany görüp bilemzok? – diýip sorady.

Kakasy:

- Biziň gözümiz Allany görüp biljek şekilde ýaradylmandygy üçin Ony görüp bilemzok – diýip, oglunyň başyny sypady.

- Näme üçin görüp bilenok, kaka?

- Sen fotoapparatyň bilen ähli zadyň suratyny alyp bilýärmiň?

- Hawa, alaryn.

- Içki organlarymyzyň – içegäniň, öýkeniň, bagryň ýa-da gökdäki ýyldyzlaryň hakyky keşpleriniň suratyny-da alyp bilermiň?

- Ýok, ýöne rentgen, mikroskop, teleskop ýaly enjamlar arkaly alyp bolar.

- Görýärmiň, fotoapparat bilen rentgen maşynynyň her ikisi-de surat alýandygyna garamazdan, rentgen maşynynyň düşürip bilýän suratlaryny fotoapparatyň bilen düşürip bolmaýar. Çünki, ýasalyşlary tapawutly. Allatagala biziň gözümizi-de özüni görjek derejede ýaratmandyr.

- Ol bizi görýärmi?

- Hawa, “garaňky gijede, garaňky otagda, gara egin-eşikli halda bolsak hem Ol bizi görer.”

Hawa, biz görmesek-de Alla bardyr we birdir. Aslyýetinde, Ýer ýüzünde barlygyny bilsek-de, görüp bilmeýän zadymyz ummasy kändir. Meselem, elektrigiň bardygyny ählimiz bilsek-de, ony görenimiz ýokdur. Ýa-da süýdüň içindäki ýagy ýa-da peýniri görkezmek mümkinmi? Ýa-da gynanjy, begenji, söýgüni, şatlygy, aklymyzy we beýleki duýgularymyzy... Olary el bilen tutup, fiziki keşplerini görkezip bilmesek-de, barlyklaryndan şübhämiz ýokdur. Bu sebäpden, göz bilen görmeýän ähli zadymyzy “ýok” diýip inkär etmek dogry däldir.

Bu sebäpden, biz Allany görmesek-de, Ol biziň her hereketimizi görýär, bilýär, eşidýär. Onuň ylmynyň çägi ýokdur.

“Ol, göklerde we ýerde ybadata laýyk bolan Alladyr. Siziň içiňizi, daşyňyzy; etjek her işiňizi bilýändir. (Enam suresi, 3).

“Gury ýerde, deňizde näme bar bolsa, ählisini Alla bilýändir. Ondan bidin bir ýaprak düşmez we ýeriň garaňkylyklary içine bir däne-de girmez...” (Enam s., 59).

“... Şübhesiz, Alla ähli edýänleriňizi görýändir.”(Bakara suresi, 110.)

“Onuň (barlygyny we gudratyny görkezýän) aýatlaryndan biri-de ýer ýüzüniň ösümliklerini boýny bükük halda görmegiňdir. Emma üstlerinden suw inderenimizde, derrew dikelip, boý alar. Oňa jan beren, elbetde ölüleri-de direlder. Çünki onuň barça zada güýji ýetýändir.” (Fussilet suresi, 39).

“Üstlerindäki göge seretmeýärlermi, nähili bina edendigimizi we bezändigimizi görmeýärlermi? Onuň hiç bir çat açan ýeri ýokdur.

Ýer ýüzüni-de düşedik we onuň üstünde daglary goýduk. Ol ýerde köňül açýan her dürli ösümlikleri ýetişdirdik.” (Kaf, 6-7).

Şol bir Günden ýylylyk alyp, şol bir suwdan ganýandyklaryna, şol bir toprakdan iýmitlenip, bir howadan dem alýandyklaryna garamazdan, bir ýerde we deň şertlerde onlarça dürli miwedir bakja önümleriniň ýetişmegi-de Onuň taýsyz ýaradyş sungatyna şaýatlyk etmeýärmi?!

Ybadat näme?

Allanyň “Ediň!” diýenlerini etmek, “Etmäň!” diýenlerini etmezlikdir.

Ybadatlaryň garşylygy näme?

Bu dünýädäki garşylygy Allanyň ryzasyna laýyklykda oňat, bagtly we saglykly ömür sürmekdir. Ol dünýädäki garşylygy bolsa, Jennetdir.

Näme üçin ybadat edýäris?

Bizi we ähli zady ýokdan bar eden beýik Allanyň aslynda, hiç zada mätäçligi ýokdur. Biziň ybadatlarymyza-da mätäç däldir. Emma biz gulluk borçlarymyzy ýerne ýetirmek bilen Allaha bolan söýgi we hormatymyzy görkezýäris. Ynsanyň dürli-dürli zerurlyklary bardyr: söýmek, söýülmek, sygynmak, penalanmak... ýaly. Ynsan Allanyň söýgüsini gazanmaga, oňa sygynmaga mätäçdir. Ybadat etmek arkaly ynsanyň bu mätäçlikleri kanagatlandyrylýar. Bulardan hem başga, biz Allanyň sansyz nygmat we yhsanlaryna (ýagşylyklaryna) şükür etmek – minnetdarlyk aýtmak üçin-de ybadat edýäris.

Ybadatlarymyzyň maksady

Ybadatlarymyzyň maksady Allanyň söýgüsini we ryzasyny gazanmak bolmalydyr. Ybadat bilen, gündelik durmuşymyza düzgün-tertip ornaşýar. Ahlagymyz gözelleşýär.

Beýleki jandarlar, barlyklar hem Allaha ybadat edýärmi?

 Hawa, ähli zat öz dilinde  Allaha ybadat edýär.

Alla bizden näme isleýär?

Ilki Ony tanap söýmegimizi, Oňa ybadar etmegimizi, söýgüli Pygamberimiz Hz. Muhammede (s.a.w.) ynanyp, buýruklaryny berjaý etmegimizi, sözüň gysgasy, oňat adam bolmagymyzy, kämil musulman bolmagymyzy isleýär.

Kuran-y Kerimi we onuň manysyny düşündirýän kitaplary okamak arkaly Allanyň bizden näme isleýändigini has oňat bilip bileris.

 

Akyl, iman, haýa

Söwda etmek üçin Şama baran medineli täjirleriň biri düýesini ýitirýär. Çar tarapy gözläp, idäp, ahyrsoňy düýäni biriniň ahyryndan tapýarlar. Ahyryň eýesinden malyny alyp bilmedik medineli täjir Şamyň häkimi hezreti Muawiýä ýüz tutýar, düýesini  alyp bermegini soraýar.  Häkim iki gullukçysyny gürrüňi edilýän ahyra iberip, bu ýerde şeýle düýäniň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamagy tabşyrýar. Ahyrda bir düýäniň bardygyny gören gullukçylar, muny häkime habar berýärler. Häkim olardan: “Gören düýäňiz erkekmidi, urkaçymydy?” diýip soraýar.

Gullukçylar biri-birine seredişip : “Biz düýäniň erkek ýa urkaçydygyny tanap bilmeýäris” diýişýärler.

Aslyýetinde, düýäniň jynsynyň erkekdigini ýa-da urkaçydygyny anyklamak kyn zat däldir. Hezreti Muawiýe şonda medineli täjire ýüzlenip, şu taryhy sözüni aýdýar: “Hezreti Ala (r.a) aýt, düýäniň erkegini urkaçysyndan tapawutlandyryp bilmeýänlerden düzülen ýüz müň adamlyk goşun bilen üstüne barýaryn.”

Bu örän geň sözdür . “Düýäniň erkegini urkaçysyndan tapawutlandyryp bilmejek” derejede zehini, akyl-aň derejesi, pikirleniş  ukyby bolmadyk  nadan adamlary oňat maksatlara-da gönükdirmek mümkin, erbet işlere-de.

Häzir ylym-bilimiň, her hili tilsimatlaryň ösen döwründe musulman adamyň  hereketleriniň manysyny bilýän, edýän işini akyl taýdan seljermegi başarýan ynsan bolmagy gerek. Ýagny, akyldyr paýhasyň ýerini boş duýgulara  aldyrmaly däldir, “düýäniň erkegini urkaçysyndan tapawutlandyryp bilmejek” ýagdaýda nadan bolmaly däldir.

Allahutagala hezreti Adam aleýhisselamy toprakdan ýaradyp, keşp-şekil berenden soň, oňa entek hiç bir duýgy we düşünje bermänkä, akyly ýaradypdyr, soňra imany,  soňra bolsa utanç duýgusyny- haýany ýaradypdyr. Hak tagala Jebraýyla şeýle buýurýar:

“Men ynsan atly bir barlyk ýaratdym. Oňa akyl, iman we utanç atly şu üç sypaty äkit. Soňra oňa diýgil, Jenab-y Hak bulardan birini saýlamagyňy emr edýär.”

Jebraýyl aleýhisselam bu üç sypat bilen hezreti Adamyň ýanyna gelip, ondan bulardan birini saýlamagyny soraýar. Hezreti Adam aleýhisselam biraz pikirlenenden soň, akyly saýlaýar.

Jebraýyl aleýhisselam hem Ylahy emre uýup, diňe akyly hezreti Adam aleýhisselama berýär. Imandyr utanjy alyp, yza dolanmakçy bolanda, iman oňa şeýle diýýär: “Eý Jebraýyl, sen akyly şu ýerde goýup gidýäň. Emma men akyldan aýrylyp bilmen. Biz biri-birinden aýrylmaz ekizlerdiris. Akyl nirede bolsa, men hem şol ýerdedirin. Şonuň üçin men şu ýerde galjak.”

Jebraýyl aleýhisselam mundan soň, utanç-haýany alyp ýoluny dowam etmek isleýär. Emma utanjam oňa: “Men imansyz oňup bilmen. Iman nirede bolsa, men hem şol ýerde. Iman akylyň ýanynda galdy, menem imanyň ýanynda bolmaly. Üçümiz hem biri-birimizden aýrylmaz hemralardyrys.” Şeýlelikde, akyl, iman we utanç (haýa) üçüsi-de birlikde hezreti Adama berlip, ol ähli ýaradylanlardan üstün bolýar.

Adam aleýhisselam pygamberleriň biridir. Biz ony ilkinji atamyz, ilkinji ýolgörkezijimiz diýip bilýäris. Adam aleýhisselam hakynda kitaplarda agzalýan bu tymsal bize akylly-başly  bolmalydygy barada durmuş sapagyny berýär. Söýgüli Pygamberimiz (s.a.w.)  hadyslarynyň birinde “Akyly bolmadygyň imany ýokdur” diýýär. Ýagny, akyl taýdan şikesi bolanlara dini jogapkärçilik ýüklenmeýär. Diýmek, musulman akylly-başly adam bolmalydyr.  Akylynyň ýanynda imany, imanynyň ýanynda bolsa utanjy bolmalydyr. Musulman şu üç sypaty bilen musulmandyr. Musulman wakalaryň, hadysalaryň garşysynda akylyny ahmal etmeli däldir, akyly bilen bile dini emirleri, dini emirler bilen birlikde bolsa utanç-haýasyny-da ahmal etmeli däldir.

 

Iň uly betbagtlyk…

Dunýä bir meýdan synagy…Şonuň üçin bu ýerde bar zat ynsanyň isleýşi ýaly,ähli zat oňatlyk bilen tamamlanyp duranok.Ynsany şatlandyrýan,rahatlandyrýan zatlar bilen bir hatarda,ony gynandyrýan,birahat we biynjalyk edýän zatlar hem bolýar.

Aslyýetinde, dünýäniň gurluşy şeýle. Dünýäde jennetlik adam hem ýaşamaly,jähennemlik adam hem. Çünki ahyretde Jennet-de öz müşderilerine garaşýar, Jähennem-de. Asyl möhüm bolan,biziň jennetlikler arasynda bolmagymyz, dowzahy hal-hereketlerden-de gaça durmagymyzdyr.

Betbagtlyklaryň iň ulusy imansyzlykdyr.Imansyz ýaşamak,ömri imansyz geçirmek we ahyrete imansyz gitmek apatlaryň iň erbedidir.Ynsan dünýäde apata,bela-betere duçar bolup biler,syrkawlap biler,ähli mal-baýlygyny ýitirip biler,iň ýakyn hossarlaryndan jyda düşüp biler,emma bularyň hiç biri imansyzlyk apaty ýaly gorkuly däldir.

Bu sanalyp geçilen bela-beterleriň ählisiniň netijesinde-sabyr edilen ýagdaýynda-bir rähmet, bir dynçlyk we rahatlyk bardyr.Hassalyga ýolugan bolsaňyz,sabyr edersiňiz, soňunda oňatlaşarsyňyz.Ykdysady ýagdaýyňyz agyrlaşan bolsa,sabyr edersiňiz, has artyk zähmet çekersiňiz,ahyry bir gün ýene-de rahatlyga gowşarsyňyz.Başga dürli bela-betere uçran bolsaňyz hem,hiç gynanmaň,bir gün olar hem geçer.

Emma imansyzlygyň,ynançsyzlygyň soňunda ne dynçlyk,ne rahatlyk,ne-de salamatlyk bardyr.Imansyzlyk ynsan üçin bu dünýäde-de,ahyretde-de betbagtlyklaryň iň ulusydyr.

Bir ömür ýaşaýar ynsanlar.Allahyň beren elini,gözüni,beýnisini,aşgazanyny ulanýar,Allahyň yhsan eden nygmatlaryny iýýär,Allahyň bagyş eden bedenini,saglygyny ulanýar,emma,bulary bereni tanamazlyk we şükürsizlik edýär.Hatda,bulary bereni inkär edýär:”Bu gözi,eli,aýagy beren ýokdur,bu agaçlarda bu nygmatlary ýaradan,şu üzüm çybygyna datly üzüm salkymlaryny düzen ýokdur”diýýär.

Beýle durmuşyň ahyry nähili bolar?Beýle adamyň asman bilen zemin arasyny dolduryp duran altynlary bolsa,ol altynlary-da saga-sola harçlasa,oňa-muňa paýlaşdyrsa,munuň ahyretde ol kişä jinnek ýalyjak peýdasy degmez.Hawa,elini,gözüni,gulagyny özüne bereni-Ýaradany inkär eden adamyň dag ýaly altyny bolup,onuň bilen ähli mätäçlere ýardam etse,munuň ahyretde onuň üçin hiç hili peýdasy bolmaz.Çünki,ol Allahyň razylygyny gazanmak üçin ýardam etmedi;nebsi we şeýtan adyna,öz bähbitleri ugruna özgelere kömek goluny uzatdy.Şu ýagdaýda,ahyretde-de Allahdan sylaga,sogaba garaşyp bilmez.

Allahy inkär edýän bir adam göz agyrysy sebäpli doktora gidýär.Ony barlagdan geçiren doktor bilen aralarynda şu gürrüň bolýar:

-Jenap,seniň gözleriň halys çöňňelipdir.

-Haýyr açaweri,doktor,heý bir çäresi ýokmy?

-Çäresi ýok.Sen bir hepde soňra gözleriňden dynarsyň we kör ýagdaýda ýaşamaly bolarsyň.

-Doktor jan,hiç hili çäresi ýokmy-ka,men gözsüz nähili ýaşaryn?

-(Doktor ýüzüni kesä sowup:) Ýeke çäresi bar,emma size gaty gymmat düşäýmese…

-Aýdyň,çekinmäň.

-Mal-baýlygyň ählisini berseň,seni kör ýaşamakdan halas edip bilerin.

-Doktor jan,beýle mümkinçilik bar bolsa,baýlygymyň ählisi seniňki bolsun,ýöne sen meni kör ýaşamak howpundan halas et.

Ynha,ýeke gözündäki näsazlygy düzetmek üçin baýlygynyň ählisini bermäge razy bolan bu inkärçi ynsan-

Böwrekleri işlemese,ähli mal-mülküni satyp,böwregini çalşyrtmaga razydyr.

Bedeni ysmaz hala gelse,bir doktor-da:”Men seniň bedeniňi öňki ýagdaýyna getirip,gymyldar,hereket eder ýaly edeýin.Emma munuň üçin ähli baýlygyňy bermeli bolarsyň”diýse,ikelläp berer.

Bedeniniň haýsydyr bir organyny - gözüni, elini, aýagyny ýitirmezlik üçin ähli malyny, mülküni bermäge razy bu ynsan: "Gözlerimi, aýaklarymy, bu bedenimi maňa lütf-u-yhsan eden Allahdyr. Bu organlarymdan haýsydyr birini ýitirmek howpy bilen ýüz-ýüze galanymda, ony sagaldyp biljek doktora ähli baýlygymy bermäge razy bolşum ýaly, bu organlary maňa beren Allahyma-da şükür etmegim gerek. Täret alaýyn, alnymy seždä goýaýyn we "Ýa Rebbim, saňa şükürler, hamdlar bolsun" diýeýin, "maňa tutmaga el, görmäge göz, ýöremäge aýak berdiň, sagdyn beden berdiň" diýip, minnetdarlyk duýaýyn, oňa sežde edeýin, onuň bu nygmatyny ykrar, tassyk edeýin we minnetdarlygymy bildireýin" diýmeýär.

Mesjidiniň öňünde ashaby bilen otyrka bir topar adamyň bir jynazany alyp barýandyklaryny gören Pygamberimiz (sallahu aleýhi wesellem) şeýle diýýär: "Ýa ol gutuldy, ýa ondan gutuldylar."

Sahabalardan biri: "Ýa Resulallah, bu näme diýdigiňiz boldy? Gutulan kim, ondan gutulanlar kim?" diýip soraýar.

Pygamberimiz ýylgyryp, şeýle düşündiriş berýär: "Bu tabydyň içindäki jynaza eger mömin (iman eden) ýagdaýda barýan bolsa, ol dünýäniň azabyndan, jepasyndan, gaýgy-gamyndan gutuldy. Çünki mömin ynsanyň ol dünýädäki durmuşy şeýle bir rahatlykda, dynçlykda bolar welin, bu dünýä durmuşy onuň üçin zyndan saýylar we zyndandan gutulan ýaly bolar.

Emma ölen adam mömin däl bolsa, imansyz ýaşan bolsa, münkir (inkärçi) ýagdaýda barýan bolsa, ynha ol münkirden-de, gutuldylar. Bu dünýädäkileriň ählisi ondan gutuldy. Ynananlar gutuldy, çünki inkärçi ynsan inkärini içinde saklamaz, ony ýaýmaga çalşar, birnäçe bigünä, sada adamy öz täsirine düşürer, olaryň imanlaryndan şübhelenmeklerine sebäp bolar. Diňe bir möminler däl, Allahyň barlygyna, birligine, gudratyna, azamatyna şaýatlyk edýän dünýädäki barlyklaryň ählisi-de gutular ondan. Çünki olar hem şikaýatçydyr ol inkärçi ynsandan.

Pygamberimiziň bir jynaza barada aýdan bu sözlerinden hem görnüşi ýaly, imanly ýaşaýan ynsan ahyrete göçende, gutular. Çünki ahyretde oňa ajap bir durmuş garaşýar. Imansyz ynsan ölende-de, ondan dünýädäkiler gutular. Ölen imansyzyň özi welin, gysaja düşer.

Oňa, "Gel hany bäri, bu eli, bu gözi, bu gulagy, bu nygmatlary saňa kim berdi?" diýler... "Bular barada näme üçin pikir etmediň? Sen özüňi akyl taýdan özgelerden üstün saýýardyň-la?!" diýler. Onuň ol ýerde "Men eýle etmedim, men beýle etmedim" diýmeginiň manysy bolmaz.

"Agyzlaryny möhürläris olaryň, elleri gürlar, ayaklary gürlar, gözleri gürlar, gulaklary gürlar. Elleri diýer: “Ýok, ýa Rebbim. Meniň bilen Kuran-y Kerimi tutmady, meniň bilen hiç haýyrly iş etmedi.' Aýaklary diýer: 'Meniň bilen hiç mesjide gitmedi, halal ýoldan ýöremedi.' Gözleri diýer: “Meniň bilen hiç Kuran okamady.” Gulaklary diýer: “Meniň bilen hiç Kuran diňlemedi, azan diňlemedi. Diňlänlerini-de inkär etdi.” Eller, aýaklar gürlänsoň, ol inkärçi adamyň diýere zady galmaz."

Mümin ynsan dünýäde ýagşylyk eder, ýagşy işlere sebäp bolar. Çünki eden ýagşylyklary boşa gitmez, olary ýazýan bir perişde bardyr. Mömin ynsan Allaha ynanyşy ýaly, Onuň perişdelerine-de ynanar. Bu ynanç-da onuň kalbyna rahatlyk berer. Ol, öz ýanyndan şeýle pikir eder: "Birine bir ýagşylyk etsem, perişdeler ony ýazýarlar, ýagny eden ýagşylygym ýitip, unudylyp gitmeýär. Perişdeleriň ýazýandygyna görä, ertir magşarda alnymdan çykar."

Bu ynanç mömini hemişe ýagşylyk etmäge ýönelder we erbetlik etmekden saklar. Çünki perişdeler möminiň diňe ýagşy amallaryny ýazmaýar, erbet amallaryny-da ýazýarlar. Mömin bu hakykaty nazarda tutar, münkir tutmaz. Çünki münkir perişdelere-de ynanmaz. Şonuň üçin, eden ýagşy amallary-da boşa gider, onuň ynanjynda eden ýagşy amallaryny ýazýan perişde ýokdur. Ol erbetlik etmekden, günalerden­-de çekinmez. Çünki bularyň ýazylýandygyna-da, bir gün hasabynyň soraljakdygyna-da ynanýan däldir.

Emewi (Omeýat) halyflaryndan Merwan bin Hakemiň huzuryna sözüne-söhbetine ynam bolmadyk, kalbynda iman ornaşmadyk bir zenan maşgala gelýär. Zenan gele-gelmäne arzyny aýdýar:

"Sad bin Zeýd bilen goňşudym. Emma ol öýüniň diwaryny edil aradaky çäkden däl-de, maňa degişli bolap ýeriň içinden çekdi. Meniň mellegimiň bir bölegini özüniňkä goşdy. Men ondan şikaýatçydyryn, eý halyf."

Halyf geň galyp: "Bu nähili beýle bolýar? Sad bin Zeýd sahaba ahyry. Ol beýle zat etmez" diýýär we Sad bin Zeýdi çagyrdyp, ýagdaýy gürrüň berýär, onuň jogabyna garaşýar. Sad bin Zeýd şeýle diýýär:

"Ya emirelmüminin, men Resulallahy (s.a.w.) diňlän imanly ynsan. Resulallahy (s.a.w.) diňlän adam hem heý, beýle iş edermi? Onuň (s.a.w.) bu baradaky hadysyny men şu iki gulagym bilen eşitdim. Resulallah (s.a.w.) şeýle buýurdy: "Kim çäkden aňryk geçip, goňşusynyň ýerinden bir garyş zor bilen alsa, ertirki gün magşarda ol zor bilen alan bir garyş ýeri Zeminiň ýedi gat düýbüne çenli ortasyndan diliner we ol adamyň boýnundan asylar. Perişdeler-de otly gamçylar bilen ony saýgylar we "Galdyr, bu topragy" diýerler. Ol hem: "Men nähili galdyraýyn? Ýeriň ýedi gat düýbüne çenli ol bir garyş toprak meniň boýnumdan asyldy." Perişdeler ony has-da gyssarlar we azap edip, "Sen muny galdyrmaly. Sen dünýäde galdyrmak üçin bu ýeri zor bilen aldyň. Eger galdyrmajak bolsadyň, almazdyň" diýerler. Ynha, men Resulallahdan (s.a.w.) muny eşitdim.

Ony ünsli dinlän halyf: "Ýa Sad, men saňa ynanýaryn. Sen bu zenana degişli ýeri almansyň" diýýär. Emma, Sad bin Zeýd şol ýerde gollaryny açyp: "Allahym, eger bu zenan ýalan sözlän bolsa, oňa degişli ýeri zor bilen almadyk halyma maňa töhmet atan bolsa, sen ony şol ýerde gözleri kör ýagdaýda ýaşat we goý, şol ýer onuň üçin mazar bolsun" diýip dileg edýär.

Soňa näme bolandyr öýdýärsiňiz? Aradan esli wagt geçýär. Ol töhmetçi zenanyň garran çagy gözleri kör bolýar. Öyüniň işiginden howlusynyň gapysyna çenli bir ýüp baglap, şoňa tutunyp aýak ýoluna gatnaýar. Çünki ýolundan sähelçe azaşaýsa, öýüniň öňündäki guýa gaçaryn öýdüp gorkýar. Bir gün ýene ýüpe tutunyp gelýärkä, başy aýlanýar, ol guýunyň ýanyna ýetende büdreýär we guýa gaçýar. Perýadyny eşidenler ýetip gelýänçä, guýuda ölýär. Ony, melleginiň içinde bir mazar gazyp, şol ýere gömýärler. Şunlukda, Sad bin Zeýd ýaly bir iman eýesiniň dogasy kabul bolýar.

Bu wakadan şu netije gelip çykýar: hiç kim barada ýalan ýa-da anyk bilmeýän habaryňyzy aýtmaň, töhmet etmäň. Imanly adamlar töhmetden, bendäniň hakyndan çekinýärler. Çünki, perişdeleriň bardygyna we edilen sütemleri, zorluklary ýazýandyklaryna ynanýarlar. Bu ynançlary, olary dünýäde nusgalyk keşp halyna getirýär.

Hawa, imansyzlykda hiç hili haýyr ýokdur. Ähli apatlaryň we betbagtlyklaryň iň ulusy imansyzlykdyr. Bagtyýarlyklaryň iň ulusy bolsa, imandadyr.

 

Wyždanlardaky gözegçi

Käbir adamlar dini diňe ahyret bilen baglanyşykly ynançlar ulgamydyr öýdýär. Bular bu dünýäde suw we howa derejesinde özleri üçin zerur bolan rahatlygy, asudalygy, bagtyýarlygy dini düşünje bolmazdan hem gazanyp boljakdygyna ynanýarlar. Emma, nähili uly ýalňyş goýberýändiklerini bir bilsediler...

Din diňe ahyret durmuşyndaky bagtyýarlygyň däl, bu dünýädäki bagtyýar we parahat durmuşyň hem açarydyr. Bu aýratynlykda şahyslar babatda-da, tutuş milletler babatda-da şeýledir.

Bu pikirimi tassyklamak üçin alyslardan delil gözläp ýörmeli däl. Gündelik durmuşymyza ser salsak, munuň şeýledigini tassyklaýan bir däl, onlarça delil görkezmek mümkin.

Gazetlerden birinde ýakynda bir habar çykdy: pylan atly süýtçi süýdüni alan bahasyna satyp, uly baýlyk jemläpdir, köşk ýaly şarňyldap duran jaý edinipdir.

Ol nähili beýle bolýar, diýjeksiňiz.

Bir adam alan bahasyndan süýt satsa, jaý gurdurmag-a beýlede dursun, bar jaýyny-da satmaly bolaýmasa... Emma, gürrüňini edýän süýtçimiziňki-hä beýle bolmaýar. Çünki ol satyn alan arassa, gatançsyz süýdüne köp mukdarda suw goşýar, bizlere-de süýt diýip suw satýar. Müşderilerini aldap gazanan bu haram puly bilen-de köşge barabar jaý gurdurýar.

Has geň ýeri, iň häzirkizaman anyklaýyş enjamlary bilen üpjün edilen barlag gullukçylary bu köre belli gözboýagçylygyň öňüni alyp bilmeýär.

Aslyýetinde, öňüni almak ýeňilem bolmaz.

Çünki, polis ýa-da gözegçi hiç wagt ynsanyň kalbyna we wyždanyna aralaşyp bilmeýär. Bet pygylly adam açyk meýdanda, hemmäniň gözüniň öňünde jenaýat etmeýär. Il-günüň gözünden alysda, gizlin we çet ýerlerde özüniň bet pyglyny amala aşyrýar. Ynha şeýle pursatda ony görjek, biljek, duýjak gözegçä zerurlyk ýüze çykýar: ol hem diňe wyždanlardaky “Alla görýär” düşünjesi bolup biler.

Bu mesele şeýle bir möhüm, şol derejede-de äşgär welin, sözi uzatmaga ne hajat. Wyždanyndan iman-ynanjy, “Alla görýär” düşünjesi sogrulyp alnan süýtçiniň elinden gelse başga-da haramlyklary etmekden gaýtmajakdygy hemmämize belli... Polisiň demine düşýänçä saňa, maňa süýt ýerine suw satyp aldamajakdygyna kim kepil bolup biler?!

Geliň, indi size kalbynda we wyždanynda iman, Alla we pygamber ynanjy ornaşan başga bir süýtçi bilen baglanyşykly bir hadysany gürrüň bereýin:

Bir gije halyf Hezreti Omar halkyň hal-ýagdaýyny bilmek üçin aýlanyp ýörkä, bir öýüň deňesinde aýas çekýär we öýüň içinde bolup geçen şu gürrüňi eşidýär:

– Gyzym, ertir satjak süýdümize suwam goşduňmy?

– Ýok eje! Halyfyň süýde suw goşmagy gadagan edendigini bilýäň-ä.

– Gyzym, seniň diýýäniň näme? Gijäň bir wagty halyfyň nireden habary bolsun? Ol häzir öýünde süýji ukuda ýatandyr.

Düşbi gyz ejesine şu üýtgewsiz hakykaty ýatlatmaly bolýar:

– Eje, eje!.. Halyf uklap ýatan bolsa, Alla-da ukudadyr öýdýäňmi? Halyfyň habary bolmasa, Allanyňam habary bolmaz öýdýäňmi?! Hilämizi ynsanlardan gizläp bileris, emma ähli zady görýän, bilýän Alladan nähili gizläris?

Eziz okyjy! Ynha asyl mesele hem şunda. “Ynsanlar uklap biler. Emma, Alla uklamaz we Onuň nazaryndan hiç bir närse gizlenmez”. Diýmek, din ynsanlaryň kalbyna şeýle bir hüşgär gözegçi, şeýle bir eserdeň polis ýerleşdirýär welin, ol ne uklaýar, ne-de gözünden haýsydyr bir jenaýat ýa-da ýalňyş hereket sypýar.

Sözümiň ahyrynda size şu sowal bilen ýüzlenýärin:

- Asudalygy, parahatlygy saklamakda, jenaýatlaryň we jemgyýete zyýanly hereketleriň öňüni almakda meýdanlardaky gözegçi has täsirlimi ýa-da wyždanlardaky?!

 

Bişri hafy we uýalary

Hijri 136-njy ýylda Abbasylar döwletine halyf saýlanan al-Mansur halyflygyň merkezini Bagdada geçirýär we yslam medeniýetiniň Bagdatda has hem pajarlamagyny üpjün edýär. Bu döwürde Bagdatda onlarça alym ýetişýär. Meşhur Jüneýt Bagdady, onuň aýal doganynyň ogly Seriýýüs Sakaty we Bişri Hafy ýaly ruhy ägirtler olardan diňe birnäçesidir.

Bişri Hafy hijri 150-nji ýylda Bagdatda doglup, hijri 227-nji ýylda ýene şol ýerde aradan çykypdyr. Ol halyflar şäheri Bagdadyň köňüllerde orun tutmagyna köp mukdarda goşant goşandyr.

Bişri Hafy 77 ýyllyk ömrüni takwalykda geçirip, köpleriň nebisleriniň, dünýewi arzuwlarynyň garşysynda boýun egýän döwründe ol kanagatly we pespäl durmuşda ýaşapdyr.

Bişri Hafynyň Yslam dinine girmegine sebäp bolan hadysa şeýledir:

Gurply maşgalanyň perzendi bolan Bişr islän zadyny alyp, arzuwlan zadyna ýetip bilýärdi.

Bir gün Bişr ýolda ýöräp barýarka gözüne laýyň içinde ýatan bir kagyz ilýär. Üstünde Allanyň ady ýazylgy bolan kagyzyň laýyň içinde ýatmagy oňa agyr degýär, dessine eglip “Alla” ady ýazylgy kagyzy alyp palçykdyr-kirlerini süpürişdirýär we hormata laýyk bir beýik ýere asyp goýýar. Anha, şol günüň gijesinde gören düýşünde oňa şeýle ýüzlenilýär:

- Eý Bişr! Sen biziň adymyzy laýyň içinden çykaryp hormata laýyk ýere asyp goýduň. Mundan beýläk biz-de seni hormata laýyk ýere getirip, köňüllerde orun tutmagyňy isleýäris.

Şondan soňra Bişri Hafynyň köňlünde Yslama garşy çuňnur söýgi, içinde dini adatlara garşy çynlakaý gyzyklanma döreýär. Ruhana duýgular, imany arzuwlar onu şeýle bir büreýär, ruhuny şeýle bir gurşaýar welin, mundan beýläk Bişr Yslamyň ähli buýruklaryny mümkin boldugyça durmuşyna ornaşdyrmaga çalyşýar.

Emma, şol wagtlar daş-töwerege ýaýramaga başlan şan-şöhratynyň özüne zyýan ýetirmeginden, kalbynyň tekepbirlik ýaly erbet duýgular bilen kirlenmeginden gorkmaga başlan Bişr edýän dileglerinde Rebbine:

- Allahym, dünýädäki şan-şöhratym ahyrýetdäki abraýymy peseltjek bolsa, meni beýle şöhratdan daş sakla, peýdasyz meşhurlykdan gora! – diýip ýalbarypdyr.

Bişr Hafy hezretleri töweregindäkilere hem:

- Müminiň dünýädäki iň uly jezasy kalp gözüniň kör bolmagy, hakykaty görüp bilmän, pany şöhratlar bilen özüni aldamagydyr – diýip nesihat eder eken.

***

Bişri Hafynyň uýalary-da onuň özi ýaly takwa durmuşda ýaşaýardy. Hatda üç uýasynyň-da takwalykda Bişrden pes däldigini aýtmak mümkindir. Taryha giren käbir wakalar muny tassyklaýar.

Mudga, Muhha we Zübde atly uýalaryndan Mudganyň özünden öň dünýäden ötmegi sebäpli gynanan Bişr şeýle diýipdir:

- Käbir ýazgylardan bilşime görä, Alla bir guluny günäsinden päklemek islese, ilki onuň ýakynyny alarmyş. Mudga meniň üçin gaty ýakyndy. Ondan köp zat öwrendim. Maňa täsiri ýeten halypalarymyň biriniň bu uýamdygyny aýtsam öte geçdigim bolmaz.

Bu barada anyk bir waka mysal getirilmeli bolsa, Ahmet bin Hanbel Hezretleriniň şaýat bolan bir hadysasyny aýtmak ýerlikli bolarmyka diýýärin.

Bu wakany Ymam Ahmet bin Hanbeliniň ogly Abdullah gürrüň berýär:

Bagdatda kakam Ahmet bin Hanbeliniň ýanyna bir zenan girdi we halyny arz etdi:

- Eý ymam, men ýüň egrip eklenç edip ýören aýal. Bu gije şemiň ýagtylygynda ýüň egrip otyrkam şemim söndi, menem daşaryk çykyp aý yşygynda egirdim. Indi bolsa ikisini-de, bazarda satmakçy. Iki ýüplügiň-de bahasy bir bolmalymy, ýa-da şemiň ýagtylygynda egrilen bilen aýyň ýagtylygynda egrilen ýüplügiň arasynda tapawut bolmalymy?

Bu soraga kakam şeýle jogap berdi:

-  Iki ýüpüň arasynda hil taýdan tapawut bar bolsa, bahalarynda-da tapawut bolmaly bolar. Ikisiniň-de hili deň bolsa, deň baha bilen satmak mümkindir.

Zenan ikinji soragyny-da sorady:

- Näsag adamyň ýarawsyz wagtynda edýän ahy-nalasy şikaýat hasaplanyp bilnermi?

- Hawa, şikaýatdyr. Emma gula däl-de Allaha şikaýatydyr. Eger bu gula edilýän şikaýat manysynda bolsa, dogry hereket däldir, gul nalyşyny gula däl-de, Alla aýtmalydyr.

Ol aýal çykyp barýarka kakam:

- Derrew bu aýaly yzarla, kimiň öýüne barýandygyny anykla – diýip tabşyrdy.

Menem zenanyň yzyna düşdüm, giren öýüni görüp, yzyma dolandym. Kakama:

- Bişri Hafynyň öýüne girdi - diýdim. Kakam bu gezek şeýle diýdi:

- Çakymda ýalňyşmandyryn. Beýle zenan diňe Bişri Hafynyň öýünde ýetişip biler.

Bişri Hafy:

- Men takwany şolardan (uýalarymdan) öwrendim. Uýalarym haram-a beýlede dursun, şübheli zatlardan-da gaça durardylar, günädir öýden zatlaryna hiç ýanaşmazdylar - diýer eken.

Hawa, iň bagtly, iň şatlykly durmuş bir öýde ýaşaýan maşgala agzalarynyň diniň buýruklaryny amal etmekde biri-birlerini goldap, bir-birleriniň haram we günälerden daş durmagyna ýardam berip ýaşamaklarydyr.