بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Günä işlerden daşda duran adama ölümden gorkmagyň hajaty ýokdur.

Başy » «Zaman» gazeti » MÜMİNİŇ SYPATLARY

Mümin maddy we ruhy taýdan güýçlüdir

Hadys: “Kuwwatly (beden berkligine eýe) mümin Allahyň gatynda ejiz müminden has haýyrly we mähribandyr. Emma, her birinde haýyr bardyr. Saňa peýda getirjek işe gaýrat sarp et, Alladan ýardam dile we ejiz bolma! Başyňa bir närse gelse, “şeýle etsem, şeýle bolardy...” diýme! Diňe, “bu Allanyň takdyry, Ol näme islese şol bolar” diý! Çünki, “käşge” sözi şeýtanyň işini ýeňleder.” (Müslim, ýazgyt, 34; Ibn Maje, Mukaddime, 10.)

Hadysy-şerifde müminiň hem fiziki-beden taýdan kuwwatly bolmak; hem-de her dürli kynçylygyň hötdesinden geljek iman güýjüne eýe bolmalydygyna üns çekilýär.

Bu nukdaýnazardan, Allanyň gatynda has mähriban bolmak isleýän mümin köňül dünýäsiniň abatlygy bilen bir hatarda beden saglygyna-da eýe bolmalydyr. Görlüşi ýaly, Allanyň Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) “Dünýäden el çekseňiz, perhize girip, bedeniňiziň güýç-kuwwatyny ýitirseňiz Allanyň gatynda haýyrly we mähriban bolarsyňyz” diýmeýär. Belki, terkidünýäligiň ýerine ynsan ruhunyň we bedeniniň ýaradylyş aýratynlyklaryny göz öňünde tutup,  müminiň ruhy dünýäsiniň günälerdir haramlar bilen garalmazlygyna ähmiýet berşi ýaly, beden berkligine hem üns bermelidigini ündeýär.

Hadysda güýçli bolmaklygy ündemek we güýçlüleriň güýjüni-de haýra ugrukdyrmak bilen, ejizleri-de ýazgarmazdan, “her birinde haýyr bardyr” diýlip, ejizleriň hem haýyrly bolup biljekdikleri, haýyr işler edip biljekdikleri bellenýär.

Mümin öz öňünde haýyrly we peýdaly maksatlar goýar we öňünde goýan şol maksatlaryna ýetmek üçin zähmetini, gaýratyny gaýgyrmaz. Maksada eltýän ýolda armak-ýadamak bilmez. Bu ýolda iň uly ýardamçysy, medetkäri Alladyr. Mümin dilegini Ondan dilär, islegini Ondan islär we “Allanyň mümin guluny garaşylmadyk ýerden ryzyklandyrýandygyny” asla unutmaz. Munuň üçin bolsa, müminiň haramlardan daş durup, halallyk ýoluny tutmagy we “Kim Allaha garşy gelmekden saklansa, Allah oňa kynçylyklardan çykyş gapysyny açar” (Talak, 65/2) aýatyna ynanmagy gerekdir.

Hadysda müminiň güýjüniň ýetýän ýerinde ejizlik görkezmezli däldigi, maksada barýan ýolda öňüne nähilidir bir päsgelçilik çyksa we bar zat isleýşi ýaly bolmasa, umydyny ýitirip, ahmyr edip: “şeýle etsem şeýle bolardy” ýaly sözler bilen özüni we töweregindäkileri ýazgarmaly däldigi nygtalýar. “Allanyň takdyrydyr” diýmelidigi we şowsuzlyga uçran bolsa, ýaňadan synanyşyp görmelidigi, ýene başa barmasa, başga ýollaryny gözlemelidigi, emma asla we asla umytsyzlyga düşmeli däldigi aýdylýar. “Käşge, käşge” diýmek şeýtana mümkinçilik bermekdir. Şeýtan bu “käşgeler” arkaly müminiň ynam we maksadaokgunlygyna uly zarba urýar.

Mümin müminiň aýnasydyr

Hadys: “Mümin müminiň aýnasydyr. Mümin müminiň doganydyr, ol ýok wagty mülküni gorar we geljek erbetliklere garşy daşynda gala bolar.” (Tirmizi, Birr, 18; Ebu Davud, Edep, 49.)

Aýnanyň öz-özüni görmeýşi ýaly, ynsan hem öz-özüni görmän biler; emma aýna sereden adamyň, aýnada özüni synlamak bilen, kemçiliklerini görmegi mümkin. Şu mysalda bolşy ýaly kemçiliklerimizi we ýalňyşlyklarymyzy görmegiň iň esasy ýollaryndan biri, mümin doganlarymyza seretmekdir.

Allanyň ynsana eden iň uly yhsany we lutfy — oňa aýyplaryny, nogsanlyklaryny görkez

Gazaly “Ihýa-u Ulumid-din” atly meşhur eserinde adamyň öz ýalňyşyny dört ýol bilen görüp biljekdigini aýdýar:

1.Kalpdaky nogsanlyklary bilýän, ahlak bozuklygyna eltjek ýagdaýlary syzýan bir kämil ýol görkezijiden maslahat soramak arkaly;

2.Wepaly, halal-haramyň parhyny bilýän, halaly ündäp, haramlardan daş durmaga çagyrýan mümin dost edinip, onuň bilen bir-biriňize ýalňyşlaryňyzy, kemçilikleriňizi ýatladyp durmak arkaly;

3.Duşmanlaryňa seredip, olaryň dilinden seniň garşyňa, seni aýyplap aýdýan sözlerini diňlemek arkaly;

4.Mümin müminiň doganydyr. Bu sebäpden, beýleki müminlere seredip, olaryň ýalňyşlaryny we kemçiliklerini synlap, şol nogsanlyklaryň özüňde hem bolup biljekdigini oýlap, öz ahlak ýagdaýyňy we adamlar bilen gatnaşygyňy täzeden gözden geçirmek arkaly. (Gazali, Ihýa-u Ulumid-din, 3/146-148).

Mümin ilhalar adamdyr

“Mümin hemmäni söýýän, hemmeler tarapyndan söýülýän, her kim bilen düşünişýän we özü-de başgalary tarapyndan düşünilýän ynsandyr. Beýle bolmadyk müminde haýyr ýokdur. Ynsanlaryň iň haýyrlysy, ynsanlara iň köp nepi degýändir.” (Ahmed b. Hanbel, Müsned, 2/400; 5/335.)

Hawa, hakyky mümin ýylanlar bilen, kobralar bilen hem düşünişip biljek derejede mähir we hoşniýetlilik bilen gurşalmalydyr. Allahutagala Hz. Musadan Faraona ýüzlenende “kawl-i leýýin” bilen, ýagny ýumşak söz bilen ýüzlenmegini talap edýär. Ýogsam, Faraon taňrylygyny yglan eden, gaşyny çytmazdan ýüzlerçe ynsany ölüme buýrup bilýän öz döwrüniň iň aýylganç “kobrasy” dälmidi?!

Hakyky mümin oňşuksyz, düşünişip bolmaýan, kesir, ýüzünden gar ýagýan adam däldir. Yslam beýle ynsany hakyky mümin saýmaýar. Beýle adamyň imany bardyr, emma iman onuň durmuşyna ornaşan däldir. Söýgüli Pygamberimiziň (s.a.w.) ýaşan ömrüne ser salanymyzda her kim bilen hoşniýetli gatnaşykda bolandygyny, her düşünjedäki, her dürli pikir we garaýyşdaky adamlar bilen rahat gürleşip bilendigini görýäris. Onuň (s.a.w.) ömür beýany baradaky kitaplarda munuň ýüzlerçe mysalyna duşmak mümkin. Döwletara gatnaşyklar babatda Medine ylalaşygy, jemgyýet derejesinde nejranly hristiýanlary mesjidinde garşylamagy, şahslar babatda bir guluň ýeňsesinden gelip, gözüni baglap, onuň bilen degişmegi, entek çaga bolan Enes bilen oýun etmegi Resulallanyň (s.a.w.) ynsan gatnaşyklaryndaky hoşniýetliligini, mähir-mylakatyny görkezýän mysallardan diňe käbiridir.

Hadysyň ahyrynda agzalýan “Ynsanlaryň iň haýyrlysy, ynsanlara iň köp nepi degýän adamdyr” jümlesi bolsa, yslamyň ähli adamzady gurşaýandygyny hem-de tutuş adamzat nesli üçin rehmetdigini aýdyň görkezýär. Ynsan Allanyň ýaradan barlyklarynyň iň mertebelisi. Şonuň üçin oňa edilen hyzmat hem öwgä mynasypdyr. Hadysda ynananlaryň öňünde şeýle ýagşy maksadyň goýulmagy, netijede, her kimi haýra gönükdirer we haýryň, oňatlyklaryň, gözellikleriň artmagyna sebäp bolar.

Bu mesele bilen baglanyşykly başga-da hadyslar bardyr. Ine olardan birnäçesi:

“Mümin ýolda ynsanlara ezýet berýän haýsydyr bir zady galdyrmak bilen, birine ýol salgy bermek bilen, kimdir birine bilmeýän bir sözüni (ýa-da meselesini) düşündirmek bilen, kimdir birine syýahat wagtynda süýdünden (azygyndan) bermek bilen – mahlasy her hereketinde – sogap gazanar. Hatda, eşigindäki guran tegmili eli bilen gazap aýyrmagyna çenli sogap bardyr.” (Ali el-Müttaki, Kenzul-Ummal, 1/157).

“Mümin başdan-aýaga peýdadyr. Her taraplaýyn saňa peýda getirer. Bile ýöreseň saňa nepi deger. Onuň bilen bir meseläňi maslahatlaşsaň, saňa peýdaly pikirler aýdar. Onuň bilen şärik bolsaň, peýdasyny görersiň (oňat şärik bolar). Garaz onuň her işi peýdadyr.”(Ali el-Müttaki, Kenzul-Ummal, 1/143).

“Mümin hoşboý ys satýan kişi ýalydyr. Ýanynda otursaň, oňat ysyndan peýdalanarsyň, bile ýöreseň ýene nepini görersiň...”(Ali el-Müttaki, Kenzul-Ummal, 1/147).

“Mümin hurma daragty ýalydyr, ondan alan her zadyň saňa peýda getirer.” (Ali el-Müttaki, Kenzul-Ummal, 1/147).

Mümin az iýer, az içer

“Mümin bir garna iýer, kapyr ýedi garna”.(Buhari, Etime, 12; Müslim, Eşribe, 186; Muwatta, Syfatun-nebi, 10; Tirmizi, Etime, 20).

Älemiň ýaradyjysy ynsany synag ýeri bolan bu dünýä iberipdir we bu ýerdäki ömri tamamlanandan soňra ony ahyret diýilýän ýere, ýagny, asyl mekanyna çagyrar. Meselä bu nukdaýnazardan çemeleşilse, mümin garnynyň – aşgazanynyň astynda ýegşerip ýören adam däldir diýip arkaýyn aýtsa bolar. Hadysda gürrüňi edilen “ýedi garyn” sözi köplük aňlatmasy hökmünde ulanylypdyr.

Kapyr nebsiniň isleg we arzuwlaryna gulluk eder. Çünki ol şolar bilen bir pursatlyk hem bolsa, maksatsyz ömür ýaşamagyň ynsan wyždanyna berýän yzasyny, ýok bolup gitmek gorkusyny unudyp bilýär. Mümin bolsa, maksatly ýaşaýan ynsandyr. Naharlanmak hem ony maksadyna eltjek serişdelerden diňe biridir. Pygamberimiziň (s.a.w.) çakdanaşa iýmekligi ýazgarýan ençeme hadysy bardyr. Ol (s.a.w.) “Ynsan oglunyň doldurýan iň şerli gabynyň – garyndygyny” aýdýar. (Tirmizi, zühd, 47; Ibn Maje, Etime, 50). Şol bir wagtyň özünde, garynlaryna erk edip bilýänler dillerine we billerine has rahat erk ederler. Hasylly we sagdyn ömür ýaşarlar, wagtlaryny tygşytlamak arkaly, has köp haýyrly işiň başyny tutmaga ýetişerler.

Käbirleri az iýmekligiň bedene zeper ýetirmeginiň mümkindigini aýdýar. Emma, yslamda ynsanyň ruhy taýdan kämilleşmegine eltýän ýollar açyk bolşy ýaly, bedeni-de weli etmegiň ýollary açykdyr. Bu-da, diňe az iýmek arkaly mümkindir. Beden üçin zerur bolan mukdarda we ynsany aýakda tutjak derejede iýip-içmek parzdyr. Emma, garny tyka-basa doldurmak hem haramdyr.

Hz. Aýşe (Alla ondan razy bolsun!) dokluk bilen baglanyşykly şeýle diýýär:

“Pygamber (s.a.w.) dünýäden ötenden soňra, bu ymmatyň arasynda görlen ilkinji bela – doklukdyr. Musulmanlaryň garynlary doýup, bedenleri semizleşip ugransoň, köňülleri ejizläp, şöwketleri azgynlaşdy.”

Mümin päk ýüreklidir

“Mümin päk ýüreklidir, kerimdir. Fajyr bolsa hilegärdir, namartdyr.” (Tirmizi, Birr, 41; Ebu Davud, Edeb, 6.)

Hadysy-şerifdäki “Mümin päk ýüreklidir” sözüne, “hiç hili bet pygly bolmadyk, hemmeler barada ýagşy pikirde bolan” diýen manyda düşünmelidir.

Hadysda beýan edilişine görä, hakyky, kämil mümin şol bir wagtyň özünde, kerimdir. “Kerim” gözel ahlak eýesi, mertebeli, gadyrly, jomart ynsan diýmegi aňladýar.

“Fajyr” kapyr ýa-da günäkär mümin manysynda ulanylýan sözdür. Yslam alymlary fajyryň imanynyň bardygy ýa-da ýokdugy barada dürli pikirleri öňe sürüpdirler. Olaryň köpüsiniň sözlerine salgylansaň, “fajyr” belki imany bolan emma haýyrly amaly bolmadyk ýa-da günäleriniň çökderligi zerarly imanyndan jyda bolup, küpür batgalygyna düşen adam diýmekdir. Hilegärlik, ýalançylyk, sözde durmazlyk ýaly erbet ahlak häsiýetleriniň ençemesi fajyr ynsanlarda bardyr.

Hadyslarda teswir edilýän mümin mylaýym, hoşniýetli, daşyndan sadalygyny göreniňde, derrew aldawa salnar öýdülýän, emma asla aldanmaýan ynsandyr.

Mümin paýhaslydyr

“Mümin bir (ýylanyň) deşiginden iki gezek çakylmaz.” (Buhari, Edeb, 83; Müslim, Zühd, 63; Ebu Davud, Edeb, 34.)

Bu hem dünýewi meselelerimizde hem-de ahyretimiz bilen baglanyşykly meselelerde şeýle bolmalydyr. Mümin bir günä iş edende özüni göýä haýsydyr bir ýylan tarapyndan çakylan ýaly duýup, ruhy dünýäsine salnan şol ýarany hiç unutmaly däldir we paýhasly hereket edip, ol ýalňyşy gaýtalamajak bolmalydyr. Mümin aklyny ulanmak arkaly, öň eden günäleriniň gaýdyp gyrasynda görünmeli däldir.

Ýokarda üstünde durlup geçilen “Mümin päk ýüreklidir, kerimdir...” hadysynda hem bildirilişi ýaly, hakyky mümin kalby päk, niýeti ýagşy ynsandyr. Emma bu onuň aňsat aldanyp bilinjekdigini, aşa sadalygyny aňlatmaýar. Hawa, päk ýürekli mümin, şol bir wagtyň özünde akyllydyr, tutan işine pugta ýapyşar, eserdeňligi goldan bermez. Ähli hal-hereketinde imandan gözbaş alýan hoşamaýlygy, mylaýymlygy görmek mümkindir, emma asla aldanmaz we aldamaz.

Musulmanlaryň jemgyýetçilik durmuşynda iň köp aldanýan ugurlaryndan biri-de, söwda gatnaşyklary bolsa gerek. Mümin hökmünde bir-birimizi söýmeli, birek-birege hormat goýmagy başarmaly. Emma, söwda gatnaşyklarynda del adam bilen iş salyşýan ýaly, kada-kanunlar esasynda, işiň talaplaryna görä hereket edilmeli.

Irki döwürleriň hadys alymlaryndan bolan Hattaby gürrüňi edilýän hadysyň (“Mümin bir (ýylanyň) deşiginden iki gezek çakylmaz”) buýruk, emir häsiýetlidigini, şonuň üçin-de Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) hem dünýewi işlerde, hem dini işlerde musulmanyň ünsli, paýhasly we kararly bolmagyny, gaflatdan gutulyp, parasatlylyk bilen hereket etmelidigini, aldawa düşmeli däldigini emir edendigini aýdýar. (İbrahim Janan, Hadis Ansiklopedisi, 16/274-275). Ýagny, hadysda “çakylmaz” diýmek bilen, müminler “çakylmasynlar, ünsli bolsunlar!” diýen many göz öňünde tutulýar.

Bu mesele bilen baglanyşykly başga hadyslar-da bardyr:

“Mümin akylly, ünsli we hüşgär, hakdan aýrylmaýan, gyssanmaç hereket etmeýän, ylym eýesi we günälerden gaçyşy ýaly, halaldygy ýa-da haramdygy näbelli zatlardan-da gaça durýan ynsandyr. Mynapyk bolsa, ynsanlaryň yzyndan gybatyny edýän, ýaňsylaýan, göz gypyp, gaş kakyp adamlaryň üstünden gülýän, zulum edýän, gije odun ýygýan adamyň odunyny nireden alyp nirä goýýandygyny bilmeýşi ýaly, göz-görtele haram işlerden we şübheli zatlardan daş durmaýan adamdyr.”(Ali el-Müttaki, Kenzul-Ummal, 1/62).

Mümin haramlardan daş durar

“Şübhesiz, Alla gabanar. Mümin hem gabanar. Allanyň gabanmagy, haram kylan zadyny gulunyň etmegi zerarlydyr”. (Buhari, Nikah, 107; Müslim, Tewbe, 36.)

Biz adamlar kimdir birini gabanýarys we ony her pursatda gözden-dilden, elden-ilden goramaga çalyşýarys. Şol bir sypat Alla (jelle jelaluhu) barada ulanylanda bolsa, has dykgatly bolmak we dogry düşünmek gerekdir.

Allanyň gabanmagy – haramlaryň, günäleriň işlenmegi zerarly, rehmeti gazabyndan kän bolandygy üçin, mümin guluny gabanyp, onuň günälere bulaşmagyny islemezligi manysyndadyr.  Alla gulunyň günä iş etmegine razy däldir. Müminiň özüniň hem günäler garşysynda hüşgär bolmagy gerekdir. Ol günäden, günä iş etmekden tisginer we ondan mümkingadar daş durar. Soňra-da, mümkin bolsa eli bilen, ýogsam-da dili bilen, ol hem mümkin bolmasa, köňülden oňlamazlyk arkaly günä iş etmeklige, edilmegine garşy çykar. Rebbiniň gulunyň günä laýyna batyp, ruhy dünýäsini garaltmagyna razy bolmajakdygy müminiň hemişe ýadyndadyr. Çünki, Alla gulunyň oňatlygyny islär, erbetligini däl. Mümin, her günäniň içinden küpüre eltýän bir ýoluň bardygyny bilýändir. Günä onuň ebedi bagtyýarlygynyň öňündäki päsgelçilikdir.

Allanyň kesgitlän haramlary biziň üçin goýlan çäkdir. Bu çäkden geçilmegine Alla razy däldir. Bize öňünden habar berlen bu çägi aşanymyzda, öz elimiz bilen Allanyň gazabyny çagyrdygymyz bolmazmy?! Bu sebäpden mümin hemişe oňatlygyň, gözelligiň, hallallygyň tarapdary bolmaly, geçilmesiz çäklerden (haramlardan) daşda durup, dogry ýoldan (syrat-y mustakymdan) aýrylmaly däldir.

Müminiň her haly haýyrlydyr

“Müminiň her haly haýyrlydyr. Gözüniň öňünde bir nebis jan berse-de, ol ýene Allaha şükür eder.” (Nesaýi, Jenaiz, 13; Ahmed b. Hanbel, Müsned, 3/297).

Bir gün Allanyň  Resulyna (s.a.w.) ölüm  ýassygynda  ýatan  bir  gyzjagazy  getirýärler. Resulullah ony  bagryna basýar, soňra  ellerini onuň  başynyň üstüne  goýýar. Allanyň  Resulynyň  gözleriniň  öňünde gyzjagaz  amanadyny  tabşyrýar. Ümmü Eýmeniň  saklanyp  bilmän aglaýanyny gören  Resulullah oňa: “Näme  üçin aglaýaň?” diýip soraýar. Ol: “Resulullah aglaýarka, biz näme üçin  aglamaly...” diýip jogap berýär. Pygamberimiz: “Men aglamok, bu gözýaşlar rehmediň we mähriň  alamatydyr” diýýär. Soňra-da şu hadysy gürrüň berýär:

“Müminiň her haly haýyrlydyr. Gözüniň öňünde bir nebis jan berse-de, ol ýene Allaha şükür eder.”

Iman durmuşyň her öwrüminde, her pursatynda müminiň dadyna yetişer. Bu dünýä we onda bolup geçýän hadysalar bir gün bize gülüp baksa-da, ýene bir gün ýowuz öwsen şemalyň şarpygy bilen sarsylýarys. Käwagtlar belalar çagba bolup dökülýär üstümizden, käwagt hem bereket, bolluk we dynçlyk, rähnet dolýar durmuşymyza. Hakyky mümin kynçylyklaryň garşysynda mertlik we sabyrlylyk bilen durmagy başarar.

Allanyň Resuly mähir-mylakata ýugrulan, inçe duýgulara eýe adam bolupdyr. Namazyny okaýarka aglaýan çaganyň sesini eşitse, şol çaganyň ejesiniň çagasy üçin edýän gaýgysyna dözmän, iki büklüm bolup, hatda gözüniň röwşenine deňän namazyny hem çalt-çaltdan okan diýseň merhemetli we mähirli adam... Ynha şol Merhemetliniň gözüniň öňünde bir çagajyk amanadyny tabşyrýar. Şeýle kalby duýgur, mährem, merhemetli adamyň mundan nähili tasirlenjekdigini göz öňüne getirip görüň. Şeýle ýagdaýda-da, iman sütünine pugta ýapyşyp, Allahyň ýazgydyna razy bolmak, aslyýetinde haýyrsyz ýaly görünýän bir işiň hem arkasynda haýyrly bir hikmetiň bardygyny ýatlap, Ýaradanyň islegine kaýyl bolmak hem bir nygmatdyr.

Bu dünýäde örän köp adam perzentleri bilen synag edilýär. Aslyýetinde, perzent Allanyň ynsana peşgeşi, oňat adam edip ýetişdirmek üçin bize berlen amanat dälmi?! Perzentlerimiz ýagty ýalançydan aýrylanda “Berenem Sensiň, alanam Sensiň,  eý Allam!” diýip bilmeklik, ýazgyda razy bolmaklyk, şeýle-de dady-perýat edip, saçyňy-başyňy ýolup ýörmezlik, ýazgytdan nalamazlyk  mümine mahsus sypatlardan biridir.

Allanyň Resuly ymmatyna perzende bolan söýgüde belli bir çäk saklamagy, perzendi bolmalysyndan artyk ezizlemezligi ündäpdir. Hz. Enes Resulullanyň maşgalasyna juda mähirli adam bolandygyny gürrüň berýär. Ol şeýle diýýär: “Maşgalasyna bolan söygide Allanyň Resulyna taý gelip biljek başga adam görmedim. Medinäniň bir çetinde ogly Ybraýymyň enekesi ýaşaýardy. Enekäniň adamsy demir ussasydy. Hz. Pygamberimiz şol ýere oglyny görmek üçin biziň bilen ýygy-ýygydan giderdi. Barybam demirçiniň tüssä boglan öýüne girerdi-de çagany gujaklardy, ogşardy, ezizlärdi we bir salymdan soňra yzyna dolanardy.

Serwerimiziň agtyklaryny ogşandygy, olar bilen bile oýnandygy barada birentek rowaýatlar bar. Sözümiziň şu ýerinde Pygamberimiziň başga bir hadysyny ýatlalyň:

Hawe binti Hakim (r.a.) gürrüň berýär: “Günleriň birinde Resulullah (a.s) gyzy Fatymanyň bir oglyny gujagyna alyp öýden çykdy. Ol agtyjagy bilen sözleşýärdi.

“Siz eyjejikler, siz sebäpli ene atalaryňyz gysgançlyga, gorkaklyga, nadanlyga ýüz urýarlar. Siz bolsa Allanyň reýhanlarysyňyz.” (Tirmizi, Birr, 11).

Allanyň Resuly çagalary söýmegi, ogşamagy, olary mähir bilen gujaklamagy buýurýar. Mundan başgada olaryň bu dünýäde biz üçin synagdygyny ýatladýar. Ýokardaky hadysa görä ene-atalaryň çagalary sebäpli şu ýalňyşlyklara düşmegi mümkin:

1. Perzendimiň geljegi barada alada edýän diýip gysgançlyga ýüz urup, zekat,sadaka ýaly haýyrlardan gaça durmaklary mümkin.

2. Perzentlerine bolan çendenaşa söýgüsi olary öýlerinden uzak diýarlara haýyrly işler üçin gitmekden saklap biler.

3. Perzentleri olary gereginden artyk gümra ederler. Bu sebäpden olar özlerini aň-düşünje, sowatlylyk babatda kämilleşdirip bilmezler. Döwrüň talap edýän ylymlaryny, hünärlerini öwrenip bilmezler we bu hem olary nadanlyk diýilýän belanyň gujagyna iter.

Mümin öwüt alar, öwüt berer

“Resulullah şeýle diýdi: “Din, nesihatdan ybaratdyr.” Sahabalar “Kim üçin, eý, Allanyň Resuly?” diýip soradylar. Allanyň Resuly-da “Allah üçin, Kitaby üçin, Ilçisi üçin, musulmanlaryň ymamlary we ähli musulmanlar üçin. Musulman musulmanyň doganydyr. Oňa elinden gelen kömegi gaýgyrmaz. Oňa ýalan sözlemez, zulum etmez. Her biriňiz doganyňyzyň aýnasydyr, onda haýsydyr bir näsazlyk görseňiz, aýyrjak boluň.” (Tirmizi, Birri 17, 18; Müslim, Iman, 95).

Hawa, ýokardaky hadysda hem nygtalyşy ýaly, din durşuna nesihatdan ybaratdyr. Müminler bir-birlerine nesihat ederler. Aslynda, “nesihat” diýlende ilkibada, kimdir birini gabat garşyňa oturdyp leksiýa okamak, nutuk çekmek, gönüläp aýdanyňda, akyl satmak göz öňüňe gelip biler. Emma sözüň asyl we hadysda göz öňünde tutulan manysynda “nesihat” mümin doganyňy şu dünýäde haýra ýöneltmegi, haýyrly işi we dogry ýoly salgy bermegi aňladýar.

Ählimiz bir gäminiň ýolagçysy bolan bizleriň käte nebse uýup ýoldan çykan wagtymyz, duýgudyr düşünjelerimiziň bulaşan pursatlary bolup biler. Ynha, şeýle pursatlarda nesihat aýratyn ähmiýetlidir. Allahutagala Kuran-y Kerimde Asr süresinde adamzadyň halas boluş sebäplerine yşarat edip, şeýle buýurýar:

“Kasam bolsun wagta: ynsanlar zyýanda. Emma, şulardan başga: Iman edip ýakymly we gözel işler edenler, şeýle hem bir-birlerine hak we sabry ündänler.” (Asr, 103/1-3).

Nesihatyň kim üçin, nähili edilmelidigi barada hadysyň dowamynda “Allah, Resulullah, musulmanlaryň ymamlary we ymmat” diýilýär. Bularyň her biri üstünde giňişleýin durlup geçilmeli esaslardyr. Şeýle-de bolsa, umumy düşünje bolar ýaly, olaryň hersi barada gysgaça käbir zatlary belläp geçeliň.

Müminler nesihat edenlerinde, hadysda hem bellenişi ýaly, ilki, Allany, Onuň barlygyny, birligini, taýynyň-şäriginiň ýoklugyny, emirlerini, gadagan eden zatlaryny, adalatyny, gullaryna bolan söýgüsini , merhemetini we beýleki gözel sypatlaryny, bizi bu dünýä synag üçin iberendigini düşündirmelidir.

Has soňra Allanyň iberen kitaby Kuran-y Kerim, ondaky buýruklar, gadaganlyklar we onuň ynsanlar üçin ebedi bagtyýarlygyň açarydygy düşündirilmelidir.

Soňra-da öz durmuşlarynda kämil ahlagyň iň ajap göreldesini görkezen pygamberleriň, şol bir wagtyň özünde-de Hz. Muhammediň pygamberligine iman etmegiň, durmuşyndan nusga almagyň zerurlygyny düşündirmelidir.

Bulardan başga-da, hadysda musulmanlaryň bir-birlerine nesihatçy bolmalydyklary aýdylýar. Musulmanlar bir-biregiň hak-hukugyna hormat goýup, Allanyň we ynsanlaryň – jemgyýetiň öňündäki jogapkärçiliklerini bir-birlerine ýatladyp, bir-birlerine ýol görkezip durmaklygy ahmal etmeli däldir. Jemgyýetiň bitewüligini, agzybirligini saklaýan esaslardan biri-de şu bolsa gerek.

Mümin nebsiniň isleglerine boýun bolmaz

“Siziň syýahat wagtynda düýeleriňizi ýadadyşyňyz ýaly, hakyky mümin hem şeýtanlaryny (nebsiň isleglerine boýun bolmazlyk, Allahyň emirlerine laýyk hereket etmek bilen) ýadadar.” (Ahmed b.Hanbel, Müsned, 2/380).

Her ynsan durmuşyň her pursatynda nebsiň islegleri bilen Allahyň islegleriniň arasyndadyr. Her ynsanyň garşysynda nebsiň ilki göräýmäge üns çekiji, bezeg-zynatly, netijede bolsa güzaply we jepaly islegleri durandyr. Ynha, hakyky mümin, imanyndan alýan ruhy güýji, parasady, giň düşünjesi bilen nebsiň we Rebbiniň islegleriniň arasyndaky tapawudy, olaryň netijesini görüp bilýän we şoňa görä hereket edýän adamdyr.

Allanyň Resuly (s.a.w.) ýokardaky hadysda ybadatlary berjaý etmek we haram kylnan, gadagam edilen zatlardan gaça durmak bilen müminiň nebsini ýadatmagyny, alys ýola çykan ynsanyň düýesini ýadadyşyna meňzedýär.

Hakyky mümin lellim ýa-da rahatlyk we zowky-sapa mübtelasy däldir. Ol hemişe hereketde, zähmetde bolan, nebsini rahat goýmaýan, ybadatdan ybadata, haýyrly işlerden haýyrly işlere ylgaýan ynsandyr.

Hezreti Ebu Bekir (r.a.) hem bu mesele bilen baglanyşyklykda: “Allahyň razylygyny gazanmak ugruna nebsini gazaplandyrana Hak tagala gazap etmez” diýýär.

Mümin büdräninden soň derrew dikeler

“Mümin şemalyň täsirine düşüp, egilip-dikelýän ösümlige meňzär. Mümin yzygiderli belalar (synaglar) bilen ýüzbe-ýüzdir. Munapyk bolsa, arça daragty ýalydyr. Kesilip aýrylýança yrgyldamaz.” (Buhary, Merda, 1; Tirmizi, Emsal, 4; Müslim, Syfatul-Münafykin, 58).

Belli Hanafy alymlaryndan bolan Aýny bu hadysy şeýle düşündirýär:

“Mümin Allaha ynanan ynsandyr. Hassalyk ýa saglyk, lutuf ýa-da bela-beter ýaly durmuşyň dürli öwüsginleri onuň imanyny sarsmaz. Rebbinden gelen lutufdyr yhsanlara şükür eder. Kynçylyklar garşysynda sabyr eder. Kapyr ýa-da munapyk welin beýle däldir”.

Teswirler, mysallar hakykatlara göz ýetirmegimizi ýeňilleşdirýär. Allanyň Resuly (s.a.w.) mugallym hökmünde iberilendigi üçin, biz ymmatyna düşündirmek isleýän hakykatlaryny meňzetmeler, mysallar arkaly aňymyzda janlandyrýar. Meňzetmeler üçin bolsa, her gün gözümiziň öňünden geçýän durmuş sahnalary, tebigatyň dürli görnüş we reňkdäki ýaz, tomus, güýz, gyş sahypalary bitmez-tükenmez hazyna bolup durýar. Resululla hem tebigatda Allahyň gudrat galamyndan çykan üýtgeşmelerde ynsanlar üçin dürli sapaklaryň, hikmetleriň bardygyny görkezmek maksady bilen mümini we munapygy şolara meňzedip düşündirýär.

Hawa, mümin käte saralyp-solar, käte-de al-ýaşyl öwser. Emma, hiç wagt ýykylyp gitmez. Ol her hal we ýagdaýda-da aýakda durmagy başarar. Hadysalar käte bilini büker, gerdenine agyr labyryny ýüklär, emma ol ýene-de çydamlylygy elden bermez. Çünki, kalbynda göterýän imany, onuň ýykylmagyna ýol bermez. Kuran we Sünnet oňa pygamberlerden başlap ençeme müminiň kynçylyklardan doly durmuşyny mysal görkezer. Şeýle agyr kynçylyklaryň garşysynda-da olaryň mertlik bilen durmagy başarandygyny ýatladar.

Bu babatda şu hadysy-da belläliň:

“Mümin ýykan we (emma ýykanyndan soňra derrew) dikeldýän ynsandyr...” (Ali el-Muttaki, Kenzul-Ummal, 1/143).

Hawa, mümin aslyýetinde, ýykýan däl, dikeldýän ynsandyr. Ol hemişe oňatlygyň, dogrulygyň tarapyndadyr, gözlegindedir, goragyndadyr. Emma, her ynsan ýaly, käte onuň hem ýalňyşan, aýagynyň sürçen, ýykylan pursatlary bolup biler. Ynha, mümin şeýle halatlarda derrew özüni dürsemegi we ýaňadan aýaga galmagy başarmalydyr, toba gapysyna ýönelip, düşen ýalňyşyndan daşlaşmalydyr.

Mümin kiçilere merhemet edip, ululara hormat goýýandyr

“Kiçilerimize merhemet etmedik, ulularymyzy sylamadyk bizden däldir.”(Tirmizi, Birr, 15).

Käbir hadys alymlaryna görä, bu hadysyň dowamynda şeýle jümle hem bardyr:

“Ýagşylygy ýaýmaýan, ýamany ýazgarmaýan kişi-de bizden däldir”.

Ynsan dünýä inýänçä, ene göwresindekä göbegine baglanan “turbajyk” arkaly iýmitlenýär. Belli bir ýaşa çenli-de ýene başgalaryň kömegine mätäçdir. Soňra ýöremäge başlaýar we zarby bilen daglary ýerinden oýnadyp biljek ýaşlyk ýyllary gelýär. Ondan soňra bolsa, gojalyk ýyllary öňünden çykýar – wagtyň geçmegi bilen gujuryny ýitirip, çagalygyndaky ýaly başgalaryň kömegine mätäç ýagdaýa düşýär.

Durmuşyň haýsy pursatynda bolsak bolaly kiçilerimizi söýüp, olara merhemet etmegiň we ulularymyz hormatlamagyň imandandygyny ýatdan çykarmaly däldiris. Mümin Hakyň Resulynyň (sallallahu aleýhi wesellem): “Bili bükülen gojalaryňyz, süýtden aýrylmadyk çagalaryňyz, meýdandaky haýwanlaryňyz bolmasady başyňyza gelýän bela-beterleriň yzy üzülmezdi” (Münawi, Feýzul-Kadir, 5/438) diýen hadysyny mydama ýatlap durmalydyr.

Hadysda çuňňur many bar. Allanyň Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) şeýle etmedikler “bizden däldir” diýýär. Diýmek, hakyky imana eýe bolmak islesek kiçileri söýüp, ululary sylamalydyrys. Çagalaryň söýgüsiz galan, köçelere taşlanan, sylag-hormatyň unudylyp, ulumsylygyň we biperwaýlygyň ýol alýan ýerleriň gözgyny haly “Kiçilere merhemet edip, mähir-mylakat görkezip, ululary hormatlamak” ýaly ýokary adamkärçilik sypatyndan mahrum bolmaklygyň jemgyýetçilik durmuşyna we ynsanlaryň ruhy-ahlak ýagdaýyna nähili uly zarba urýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Saib bin Ýezid (radyýallahu anh) gürrüň berýär: Resulallah (sallallahu aleýhi wesellem) bir gezek agtygy Hasany öpeninde Habis ogly Akra (radyýallahu anh): “On sany çagam boldy, şu çaka çenli birine-de öpmedim!” diýdi.

Resulullah: “Ynsanlara rehim etmedige Alla merhemet etmez!” diýip jogap berdi. (Heýsemi, Mejmeuz-Zewaid, 8/156).

Ebu Ümame (radyýallahu anh) gürrüň berýär: Bir gezek Allanyň Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) Ebu Bekir, Omar, Ebu Ubeýde bin Jerrah we beýleki birnäçe sahaba (Alla olardan razy bolsun!) bilen bir mejlisde otyrka bir käse suw getirildi. Allanyň Resuly (s.a.w.) eline alan içi suwly käsesini Ebu Ubeýdä uzatdy. Ebu Ubeýde:

-  “Ýa Resulullah, siz muňa has mynasypsyňyz, siz alyň” diýdi. Serwerimiz (s.a.w.): “Al!” diýdi.

Ebu Ubeýde käsäni aldy, içmezden ozal ýene: “ Eý, Allanyň Resuly, siz alyň!” diýip, hödür etdi.

Şonda Resulullah: “Sen iç. Bereketiň ulularymyzyň (garrylarymyzyň) ýanyndadygyna şek-şübhe ýokdur. Kiçilerimize rehim etmedik, ulularymyza hormat goýmadyk bizden däldir!” diýdi. (Heýsemi, Mejmeuz-Zewaid, 8/13).