بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Käbir ulamalar dört kitapdan dört sany parasatly kelemeleri saýlapdyrlar: 1) Töwratdan: «Kim Beýik Allahyň berenine kanagat etse, ol bu dünýede-de, ahyryýetde-de ruhy dynçlykda bolar»; 2) Injilden: «Kim nebis isleglerinden üstün bolsa, ol bu dünýede-de, ahyriýetde-de uly derejelere galar»; 3) Zeburdan: «Kim adamlardan ýalňyzlykda bolsa, ol bu dünýede-de, ahyriýetde-de halas bolar»; 4) Kurandan: «Kim diline gaýym bolsa, ol bu dünýede-de, ahyriýetde-de salamatda bolar».

Başy » «Zaman» gazeti » NESIL TERBIÝESI

Milletleriň barlygy we dowamaty bilim-terbiýeçilik işlerine çynlakaý çemeleşilmegine baglydyr.

Ertirki gün milletimiziň daýanç sütüni bolmaly ýaşlar kämil terbiýe ulgamyndan geçirilmeseler, beýleki janly barlyklar ýaly, hatda olardan hem pes derejede, şöwketparazlyk, nebisjeňlik, gaharjaňlyk ýaly erbet duýgularyň we endikleriň täsirine düşerler; aňsat-aňsat-da bu täsirden gutulmagy başarmazlar.

Ynha terbiýe, dürli maksatlara görä ynsan tebigatyna ýerleşdirilen bu duýgularyň azgynlaşdyryjy täsirini azaldyp, olary oňatlyga, gözellige, ynsan kämilligine tarap uzaýan ýollara ýöneltmek we ynsana fazylat duýgusyny, erk kuwwatlylygyny, aň arassalygyny gazandyrmak üçindir.

Eger, nebsiniň höwesleriniň, dürli arzuwdyr-islegleriniň zalym penjesi astynda ejir çekýän nesillerimize öz ruhy we milli gymmatlyklarymyzy tanatjak we söýdürjek terbiýe berilmese, olaryň durmuş ýollaryna ahlak we fazylat çyragy tutulmasa milletimiziň geljegi barada ýagşy umytda bolmak kyndyr.

Öz nesillerine asylly terbiýe berenler, olary milli ruhda terbiýeläp ýetişdiren milletler geljekleriniň röwşen bolmagyny kepillendirendirler we ähli mukaddesliklerini ynamdar goragçylara miras galdyrandyrlar. Perzentleriniň ahlak we düşünje ýagdaýyny ahmal eden, gözden salan jemgyýetler bolsa, öz elleri bilen özleriniň çöküşini taýýarlandyrlar.

Döwrüne düşünýän, döwrüniň ylymlaryny alan nesiller ýetişdirmesek, wagt diýilýän çarhyň zalym dişleriniň arasynda ýenjilip gitjekdigimiz ikuçsyzdyr. Hawa, döwrüniň şertlerine görä duýgy we organlar bilen üpjün edilmändigi üçin ýitip gitmek howpuna sezewar bolan jandarlar ýaly, ýaşaýan döwrüne düşünip bilmedik, öz döwrüne aýak goşup bilmedik milletler-de ýerlerini başgalaryna goýup, taryh sahnasyndan çekilerler.

Müsür medeniýeti, Rim imperatorlygy, Endulus medeniýeti, Osmanly döwleti we ýene ençemesi .... hemmesi şol bir zalym çarhyň dişleriniň arasynda parçalanyp gidendirler. “Anha olar, ynha haraba dönen ýurtlary!” Sönük reňk, öçügsi yz we birnäçe etnografik galyndy... ýaş nesillerini belli bir maksat esasynda terbiýeläp ýetişdirmedik her bir millet üçin şol gorkunç netije gutulgysyzdyr.

Çagalarymyzyň ruhunda terbiýe arkaly ýerleşdiriljek kuwwatly erk, paýhasly pikirlenmek we dogry netije çykarmak ukyby, Hak söýgüsi olaryň okamak, öwrenmek isleglerini, gaýrat we maksada okgunlylyklaryny artdyryp, güýçlerine güýç goşar.

***

Her millet öz ülkesini, milli gymmatlyklaryny miras galdyrjak ýaş nesillerini öz düşünje dünýäsi we medeniýeti esasynda terbiýelemelidir. Ýogsam, ol milletiň geljekde öz milli durkuny saklap bilmegi kyndyr. Nesilleriň ýetişdirilmeginde esasy wezipe maşgala ojagynyň we mekdebiň üstüne düşýär.

Bizi biz edýän ahlagymyz, edähetlerimiz, köpçülikde özümizi alyp barşymyz, ähli arzuwlarymyz, isleglerimiz bize nesil agajymyzyň damarlaryndan süzülip gelen sap ýa-da bulanyk gan ýalydyr. Çagalygymyzda duýgy we zehin dünýämize ýerleşen ähli zat wagtyň geçmegi bilen biziň aýrylmaz bölegimize öwrüler, biziň bilen ýaşar, bize nesihat eder, ýeri gelende duýduryş berer, ýol görkezer. Eger bu ýaşlykda atylan tohumlar ýagşylygyň, oňatlygyň tohumlary bolsa, goragçy melekler kibi bizi her daýym oňatlyklara ýönelder, bize dogrulyk ýollaryny görkezer.

Emma, çagalyk we ýaşlyk paslynda aňlarymyza ornaşan her reňk, her ses we her söz gorag astyna alynmasa, wagtyň geçmegi bilen öçügsilener we ornuny başga zatlara galdyrar. Çaganyň çagalyk ýyllarynda aňynda ýer eden bu oňatlyklar, ýagşylyklar, öçügsi ýazgynyň üstünden galam bilen täzeden geçmek mysaly, täzeden ele alnyp işlenmese, öz-özünden undulyp gider.

Mekdebiň ilkinji wezipesi, çaganyň duýgy we düşünje dünýäsine saçylan şol oňatlyk tohumlaryny gorag astyna alyp, ösdürmek, kämilleşdirmek; erbetlik tohumlaryny-da saýlap aýyrmak, ýaşajyk aňy olardan tämizlemek bolmalydyr.

Mekdebiň maksady okuwçylaryna ýokary adamkärçilik aýratynlyklaryny gazandyryp, aň-düşünje babatda olary kämilligiň çür başyna çykarmak, olary öz milletiniň, Watanynyň gaýratly nesilleri edip ýetişdirmekdir.

Tälim we terbiýe diýlende nämäni göz öňünde tutýarys? Nesiller, nähili we haýsy ýörelgelerden ugur alnyp terbiýelenmeli? Olara nämeleri, nähili we näme üçin okatmaly? Bu mukaddes wezipäni ýerine ýetirýänler nähili aýratynlyklara eýe bolmaly?

Tebiýe meselesi bilen baglanyşykly bu sowallara ynandyryjy jogaplar tapmaga mejburdyrys.

Maksady we netijesi başdan kesgitlenmedik tälim we terbiýe düzgüniniň  ýaşajyk zehinleri garyşdyrmagy mümkin bolşy ýaly, nämeleriň nähili öwrediljegini we terbiýede ugur alynjak usuldyr kadalary bilmezden, ýaşlaryň beýinlerine we ruhlaryna ýüklenen zatlar hem olary diňe ylym hammallaryna öwrüp biler.

Milletleriň jemgyýetçilik gurluşlarynda terbiýäniň usul we esaslarynda örän uly meňzeşlik, ýakyn arabaglanyşyk bardyr. Şahsyýetlere nähili terbiýe berilse wagtyň geçmegi bilen şol terbiýe jemgyýetiň umumy ahlak-edähetine öwrülýär. Çünki, bu gün terbiýelenýän nesiller ertirki günüň terbiýeçileri bolarlar we halypalaryndan, ussat mugallymlaryndan öwrenenleriniň ählisini öz okuwçylarynyň we şägirtleriniň kalplaryna guýarlar. Milletleriň fiziki barlyklaryny dowam etdirmeklerinde öýlenmek we maşgala gurmak nahili ähmiýete eýe bolsa, ahlak we  jemgyýetçilik gymmatlyklaryny saklap bilmekleri üçin-de nesilleriň terbiýesi şol derejede hökmanydyr. Maşgalada agzybirligi saklaýan birek-birege hormat, sylag we söýgi ýaly kuwwatly  esaslary bolmadyk milletiň taryh sahnasyndan aýrylmak howpundan gutulmagy başarmajakdygy kibi, ýaş nesliň ruhy we ahlak ýagdaýyna gerekli üns bermeýän millet hem barlygyny uzak dowam etdirip bilmez.

Nesilleri ýetişdirmegi özleriniň esasy wezipesi hökmünde kabul edenler, üstlerine  alan bu jogapkärçilikleriniň  ululygyny we ähmiýetini  asla ýatdan çykarmaly däldirler. bizler, perzentlerimiziň  gelejegini kepillendirmek, olary zada zar etmezlik üçin  her dürli kynçylyga kükrek gerip, olara Jennet mysaly durmuş taýýarlamaga çalyşýarys. Emma olary hakyky baýlyk we miras bolan gözel ahlak sypatlary bilen bezemesek, özüni nahili paýhasly we medeniýetli alyp barmalydygyny öwretmesek, olary iň zerur baýlykdan mahrum goýdugymyz bolar. Bu tebiýe we bu düşünjäniň derejesine beýgelip bilmedik halklar gysga wagtyň içinde, özlerine garaşýan ýaşaýyş ugrundaky göreşiň ilkinji tapgyrynda ýeňlişe sezewar bolup, ömür kitaplaryna ahyrky nokady goýarlar.

Eger nesilleriň beýinlerini ýaşaýan döwrüniň ylymlary, ýüreklerini-de ylahy ylhamlar bilen  ýugrup, taryh buýsanjyny ruhlarynda ýagtylgyç halyna getirip, olara erkin pikirlenmegi öwredip, öňlerinde Watanynyň we milletiniň bähbidini esas alýan uzak we gysga möhletli maksatlar goýup, şol maksatlara ýetmegiň ýollaryny görkezip bilsek, ynanyň, bu ugurda sarp edilen harajatlaryň jinnek ýaly bölegi hem isrip hasaplanmaz! Isrip hasaplanmak-ha beýlede dursun, wagtynda goýlan bu maýa goýumlar, wagty ýetende birnäçe esse artygy bilen ýene yzyna gaýdyp geler.

***

Mekdep we mugallym

Her täze okuw ýylyna başlanylanda mekdep we mugallym barada oýlanmazlyk mümkin däl. Nähili oýlanmajak?! Mekdep – durmuş tejribeleriniň geçilýän otagy, sapaklar – ýaşaýyş melhemi, mugallym bolsa – bu sryrly şypahananyň gahryman hekimi dälmi, eýsem?

Mekdep öwrenilýän, tälim-terbiýe alynýan, kämilleşilýän ýerdir. Ol ýerde ýaşaýyşa we ondan soňrasyna degişli ähli zat öwrenilýär. Aslyýetinde, ýaşaýyşyň özi-de özboluşly mekdep.

Mekdep durmuşdaky ähmiýetli hadysalaryň üstüne ylym we ahlaga eýlenen aýdyň şöhlelerini çaýyp, olary ýagtyldýar; nesillere ynsanlaryň hal-hereketlerini we töwerekde bolup geçýän wakalary seljermäge mümkinçilik döredýär. Şol bir wagtyň özünde, jisimleriň we hadysalaryň pynhan hakykatlaryny ýüze çykarmaga kömek edýär we ynsany düşünje bitewiligine gönükdirýär.

Oňat mekdep şahsyýetde ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirýän, oňa ruhy päklik gazandyrýan perişdeler otagydyr.

Mekdep ýaşaýyşyň diňe bir böleginde ynsany gyzyklandyrýandyr, diňe bir müçesinde ynsana öz täsirini ýetirýändir öýdülýär; aslyýetinde ol, özboluşly mekdep bolan älem giňişligindäki ähli nyzamsyz, bidüzgün ýaly görünýän zatlary ýerli-ýerinde we tertibe salnan halda görmek we görkezmek bilen, okuwçylaryna hemişe okamak mümkinçiligini döredýän ajaýyp ojakdyr. Ol birbada ynsan ömrüniň diňe bir bölegini eýeleýän ýaly görünse-de, aslynda ähli döwürlere öz hökmüni ýöredýän we sözüni diňledýän jadyly guraldyr. Ylym we bilim öwrenmek maksady bilen mekdebiň bosagasyndan ätlän her okuwçy bütin ömrüniň dowamynda ol ýerden alan dersini gaýtalar durar. Ol ýerde şahsyýete siňdirilen zatlar bir maksat, bir hyýal hem bolup biler, bir hakykat, bir hünär, bir kär hem bolup biler. Asyl mesele bolsa, bu ýerde gazanylan, öwrenilen zatlaryň gözel ahlaklylyga uzaýan ýollarda ýol görkeziji şamçyrag we ýapyk gapylary açýan syrly açar bolmagydyr.

   Mekdepde ylym  ynsan tebigatynyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Şahsyýet onuň saýasynda material dünýäniň bulutlaryndan syýrylyp, soňsuzlygyň, bakylygyň belentliklerine göterilýär. Ynsan tebigatynyň bir bölegine öwrülmedik, ruhuna siňmedik ylym bolsa, onuň arkasyna ýüklenen agyr ýük, has beteri hem utandyryjy, mertebesini peseldiji ýükdür. Bular ýaly ylym eýesiniň gerdeninde agyr bir hupbat bolup, akyly alasarmyk ýagdaýda goýýandyr. Mekdebiň berip biljek iň oňat ylmy, daşky hadysalar bilen içerki  gözel ahlagyň bir-birine seplenmeginden ybaratdyr. Şu hakykaty asla gözden salmaly däldiris: hiç wagt özboluşlylygyny ýitirmeýän we dowamly derslerini tekrarlap durýan iň beýik mugallym we iň kämil halypa durmuşdyr. Ýöne durmuşyň derslerini ýönekeý dilde ynsanlara ýetirmek üçin kimdir birileriniň araçylyk etmegi gerek. Bu araçylar-da, durmuş bilen şahsyýet arasynda köpri gurýan, hadysalaryň ümürli, düşnüksiz  manylaryny terjime edýän mugallymlardyr.

Gazetdir žurnallar, kitaplar, hatda radio we teleýaýlymlar belki ynsanlara käbir zatlary öwredip bilerler. Emma, hakyky durmuşy we onuň many-mazmunyny ähli jikme-jikligi bilen öwretmegi asla başarmazlar. Okuwçynyň ýüreginiň çuňluklaryna aralaşmagyň, ol ýere oňatlyk we gözellik tohumlaryny saçmagyň aladasy bilen ýaşaýan; ýatdan çykmajak dersleri we özüni alyp barşy bilen ýaş nesliň aňynda öçmejek ýatlamalary galdyrýan mugallym deňi-taýy bolmadyk pedagogdyr.

Maksadyny aýdyň kesgitlän we jemgyýetiň öňündäki jogapkärçiligine oňat düşünilýän mekdepde ne öwrenmekden doýmak mümkin, ne-de öwretmekden. Beýik arzuwlar we maksatlar bilen ganatlanan mugallymyň  yhlasy, okuwçysyny kä ýyldyzlaryň deňesine çenli beýgelder, käte wyždanyndan nepes aldyrar we okuwçy-mugallym bitewiliginiň deň uran ýüreklerinden çogup çykan duýgy, hasyl bolan düşünje  olary ýaşaýan älemleriniň çäklerinden has belentliklere göterer.

***

Näme ekseň, şony orarsyň!

Türkiýäniň dürli ýerlerinden çöplemeli ryzkymyz bar eken. Şonuň üçin indi 45 ýyl bäri aýraçylykda ýaşaýaryn. Bu möhletiň içinde ajaýyp ülkämiziň ýarsyndan köpüsini görmek, şol ýerlerde işlemek nesip etdi. Soňky sekiz ýylymy bolsa Ata Watanymyz -Türkmenistanda asuda hem bagtyýarlykda geçirýärin. Köp adamlar bilen görüşmek, tanyşmak nesibämizde bar eken.  Watanymyň ekin-dikinli ýerlerini, daglyk-daşlyk meýdanlaryny, bol suwly we bereketli topraklary bilen birlikde ot-çöpsüz tozap ýatan ýerlerini hem gördüm.

Atalarymyz "Seretseň bag bolar, seretmeseň dag", "Tomus depesi gaýnamadygyň, gyş gazany gaýnamaz" diýipdirler. Häzir dünýäniň köp ýerinde suwarymly ekin ekilip, bol hasyl ýygnalýar.

Mundan on ýyl töweregi öň, saý-sebäp bilen Şanly Urfa gitdim.  Şonda Atatürk bendini görmegem nesip etdi. Belet adamlar  ol bent barada şeýle gürrüň berdiler. Onuň uzynlygy 180 kilometr eken. "Tiz wagtdan elektrik toguny çykarmak bilen bir hatarda bentden kanal çekilip Harran düzlügi gül-gülzarlyga öwrüler" diýdiler. Şonuň ýaly taslama hormatly Serdarymyzyň öňdengörüji syýasaty bilen Ata Watanymyz Türkmenistanda-da taýýarlanyp, Beýik türkmen köli gurulýar. Bu taslama esasynda giden meýdanlar suwarylyp, bag-bakja ýetişdiriler, maldarçylyk has-da ösdüriler.

Ekip-dikenimizden soň, hemmämiz hasyl möwsüminde gazanjak girdejimizi hasaplarys. Kimimiz: "Alla bereket bersin, bu ýyl rysgally ýyl boldy, bizi begendirdi" diýsek, käbirimiz: "Işlerimiz ugruna bolmady, geljek ýyl gowy bolar, inşalla" diýeris-de, geljek ýylyň umydy bilen göwnümize giňlik bereris.

Adamzadyň geljegi ugrunda neslimize eýe çykyp, çagalarymyza iň gowy bilim we terbiýe bermek, mümkinçiligi bolmadyklaryň golundan tutup, okadyp Watana hem halkyna peýdaly ogullar edip ýetişdirmek, siziň pikiriňizçe, ýokarda agzan ekin-dikinimizden has ähmiýetli dälmidir? Ýaş neslimiziň golundan tutan wagtymyz geljegimizi, geljekki Türkmenistany gurýandygymyzy duýýarysmy? Bilşimiz ýaly, bugdaý eken - bugdaý orar, arpa eken arpa. Ýetişdirilen bu nesiller ene-atalaryna hormatly, dost-ýarlaryna gadyr goýýan, Watana we baýdagyna wepaly, halal-haramyň parhyny bilýän adamlar bolsa, hasyl hem şonça bereketli bolar.

Şu ýerde hemmämize mälim bir kyssany gaýtalamak isleýärin.  "Gaýtalamakda peýda bar, hatda 180 gezek gaýtalanan hem bolsa." diýen pähimli bir söz bar. Günleriň bir güni bir maşgalada garry ata artykmaçlyk edipdir. Öýüň keýwanysy ärine: "Bu ülhit garryny bir ýere eltip taşla" diýip buýurýar. Ahyr soňy iňirdä çydamadyk pyýada atasyny arkasyna alyp, oglunyň hem elinden tutup bir tokaýa gelipdir. Ol kakasyna ýüzlenip: "Kaka jan, siz şu ýerde biraz dem-dynjyňyzy alyň, biz soňrak aýlanarys" diýýär-de, garrynyň ýanynda az-owlak iýere zat goýup, ogly bilen tirkeşip obasyna tarap gaýdyberýär. Garrynyň agtyjagy hiç zada düşünmändir. Ol öýe ýetýänçäler kakasyndan: "Atamy näme üçin tokaýda taşlap gaýtdyk?" diýip, telim ýola sorapdyr. Her gezegem kakasy: "Indi ataň şo ýerde ýaşar" diýip, gürrüňi başga ýana sowupdyr. Ahyry öýe ýetiberenlerinde ogly kakasyna ýüzlenip: "Kaka, garran wagtyň men hem seni tokaýa taşlap gaýtmalymy?" diýip sorapdyr. Oglunyň bu sowaly kakasyny tisgindiripdir. Ol hyrra yzyna dolanypdyr-da kakasyny goýup gaýdan ýerine tarap ugrapdyr. Arkaýyn garaşyp oturan garry bolsa oglunyň gelýänini görüp, her eşideniň ýüregine jüňk bolýan şu sözleri aýdypdyr:

"Oglum, geljegiňi bilýärdim. Çünki menem garry kakamy tokaýda taşlap gidip bilmändim."

Mähriban dostlar! 

Tokaýda taşlanmak, gurda-guşa şam bolmak islemeýän bolsaňyz, nesliňize eýelik etmäge mejbursyňyz. Ynsan hemişe ekenini orar. Biz hem gül ekeliň, gül ýetişsin.

Sineler toprak ýarýar

Bir milletiň maddy üpjinçiligi möhüm mesele. Ýöne ondan hem möhüm başga bir mesele bar, ol hem akyl-düşünje üpjünçiligidir. Milleti ynsan gymmatlyklarynyň çür başyna çykarýan, kalp we düşünje bitewüligini döredýän akyllara hemişe zerurlyk bardyr. Hakykat aýan - olar her dürli şertler hödürlense-de, satylmaýan ynsan hökmünde wasp edilýär.

Ýurduň maddy çeşmeleri bilen birlikde gürrüňini edýän akyllarymyzyň hem herekete girizilmegi we gadyryny bilinmegi örän derwaýys. Çünki beýleki tebigy gazanç çeşmelerini, baýlyklary ýerlikli peýdalanmak, ýurduň galkynmagyny üpjin etmek, her hili weýrançylygyň öňüni almak diňe kämil terbiýe, gowy bilim alan, şahsy rahatlygyny, bagtyny we ygtybarlylygyny milletiniň we tutuş adamzadyň bagty, rahatlygy we ygtybarlylygy bilen paýlaşmagy başarýan akyllar bilen mümkindir. Anadolynyň garaňkylykdan halas edilmegi, yslam bilen tanyşmagy we adamzada hyzmat etmegi, ylymda, ahlakda, adalat we düzgün-tertipde Anadoly adamlarynyň görelde bolarlyk ýagdaýa gelmegi Orta Aziýadan Anadola gelen alperenleriň gaýratynyň netijesidigi jedelsizdir.

Bu günki tehnologiýanyň esaslary, demokratiýanyň sütüni şol döwürlerde gurlupdyr. Şol ärleriň häkimligi bilen asyrlar bar ki, adamzadyň ykbalyna häkim bolnupdyr. Bu joşgun bilen olar dünýäde agramyň haýsy tarapda bolmalydygyny kesgitläpdirler. Arkaýynlygyň, rahatlygyň we ygtybarlylygyň goraýjylary bolupdyrlar.

Garaşsyzlygyny gazanan, ýaňy 12-13 ýaşa ýeten Orta Aziýa Türki döwletleri binýatlaryny sagdyn düzgünleriň üstünde gurandyklary üçin geljekleri bagtyýarlygy wada edýär.

Anadolynyň wepaly ärleriniň arkasyndan millet üçin iň uly we iň ähmiýetli gözbaş bolan akyl-düşünjäniň jöwher ýagdaýyna gelmegi, geljegiň umyt gunçalary ýaş nesliň maddy we ruhy taýdan çynlakaý ele alynmagy, XXI asyr dünýäsinde baharyň ähli gözelligi bilen ýaşalmagyny üpjün eder.

Anadoly ilatynyň mekdepler arkaly uzadan wepaly elini gyzgyn we ýürekden kabul eden Orta Aziýa döwlet ýolbaşçylaryny olaryň başarjaň işgärlerini we halkyny

ýürekden gutlamak gerek.  Çünki ähli garşylyklara garamazdan, wepaly dostlary bagyrlaryna basdylar, geljegiň umyt uçgunlary bolan nesilleriň ýetişmegini üpjün etdiler, edýärler we ýene-de ederler.

Topragyň aşagyndaky tohumyň mawy asmana uzamak üçin şine ýaryşy ýaly, bir asyra ýakyn wagtdan bäri sanjydan büklüm-büklüm bolan Orta Aziýa gabygyny ýaryp aýak üstüne galýar we döwletler arasyndaky gatnaşyklarda öz ornuny tapýar.

Niýetler päk, gaýrat joşgunly bolsa, milletiň ykbalyna täsirini ýetirýänler şahsy bähbidiň, lezzetiň we şöhratyň pidasy bolmazlar. Olar içki we daşky başbozarlara pursat bermeseler işleri rowaçlanyp,  ustünlikler, ýeňişler biri-biriniň yzyndan kerwen gurap geler. Olar geljekde beýik döwletleriň hataryna goşulmaga dalaşgärdiklerini görkezerler  we dünýä ýene bir gezek parahatçylyk, asudalyk we ygtybarlylyk bagtyna ýeter.     Bu ajaýyp galkynyşda türk ynsanynyň goşandynyň bolmagy gymmatyna ýetip bolmajak baýlykdyr.

Çynar we kädi

Ene-atalar ýygnagynda okuw­çylaryň hossarlary hususy­laşdyrylan ýörite mekdepdäki geçilýän dersleriň agyrdygyndan şikaýat edip, olary has ýeňilleşdirmegi we okuw döwrüni has gysgaltmagy talap etdiler:

“Mekdepdäki sapaklar gaty kyn. Bulary aňsatlaşdyryp bolmazmyka?”

“Biziň çagalarymyz hem beýleki deň-duşlary ýaly tizara okuwlaryny gutaryp, durmuşa başlamak isleýärler. Okuw ýyly has gysgaldylsa gowy bolardy.”

Tejribeli mekdep müdiri çagany kämil şahsyýet edip terbiýeläp ýetişdirmegiň ýeňil-ýelpaý iş däldigini, munuň üçin kän wagt we irginsiz zähmet gerekdigini ýatladyp şeýle diýdi:

– Hormatly ene-atalar, bu, elbetde, mümkin! Emma ilki çagaňyzyň kim bolmagyny isleýändigiňizi bilmek isleýärin. Bilşiňiz ýaly, Allatagala bir çynar agajyny ýüz ýylda ýetişdirýär, bir kädiniň ýetişmegi üçin bolsa, üç aý ýeterlikdir.

Mähir

Jemgyýet we onuň ösüşi barada ders berýän bir professor talyplaryny ýurduň çetki etraplarynyň birine iberýär we ol ýerde ýaşaýan 200 oglanjygyň şol wagtky ýagdaýyny derňäp, her bir çaganyň gelejegi barada çaklamalaryny ýazmagy tabşyrýar.

Talyplaryň ählisi diýen ýaly, düýpli derňewlerden soňra: “Bu çagalaryň geljegi barada oňyn pikir etmek mümkin däl” diýen netijä gelýärler.

Aradan ýigrimi ýyl geçýär we bu derňew işiniň hasabatlary bir saý-sebäp bilen şol ugurdan ders berýän başga bir professoryň eline düşýär. Professor öz okuwçylaryndan bu taslamany dowam etdirmegi we şol çagalaryň ahyrky ykbaly barada maglumat toplamagy talap edýär.

Talyplar ol ýerden göçen ýa-da ölen 20 çagadan başga, galan 180 çaganyň 176-synyň akyllary haýran edýän ýokary başarnyk görkezip, lukman, inžener, aklawçy ýa-da uly işewür adamlar bolup ýetişendiklerini ýüze çykarýarlar.

Professor öňki çaklamalar bilen düýbünden gabat gelmeýän bu netijäniň sebäplerini derňemek üçin, ol ýere hut özi gidýär. Birwagt geljegi garaňky-diýlip hasabat düzülen, bu gün bolsa her biri uly jogapkärçilikli wezipäniň eýesi bolan oglanlaryň ählisi bilen ýekän-ýekän duşuşyp, olar bilen has içgin tanyşýar.

Professoryň: “Şeýle kyn şertlerden nähili baş alyp çykmagy başardyňyz?” diýen soragyna berlen jogaplaryň hemmesi birmeňzeşdi: “Ýaşaýan ýerimizdäki mekdepde bir mugallymymyz bardy. Şonuň irginsiz zähmeti we yhlasy bilen....”

Professor bu mugallym bilen duşuşmak isledi. Mugallymy tapmak beýle bir kyn bolmady. Salgysyny alyp, öýüne baranda, ony onýyllyklaryň ýüzüne salan ýygyrtlaryna garamazdan, entek hem juda sagdyn görünýän bir garry zenan garşylady.

Uly bilesigelijilik bilen garry zenandan bu çagalary bezzatlyk we garagollykdan saplap, başarnykly ýetginjekler edip ýetişdirmek üçin ulanan syrly usulynyň nämedigini sorady.

Mugallymyň gözleri röwşenlenen ýaly boldy we ýüzüne ýylgyryş çaýyldy:

– Örän aňsat – diýdi. — Men ol çagalara mährimi berdim.

Gul

Waka gadymy Ýunanda (Gresiýada) bolup geçýär.

Bir adam, Sokratyň yzbasarlaryndan pelsepeçi Aristipposyňka (b.e. öň 435-366 ý) görme-görşe baryp, ogluna ylym öwretmegini soraýar.  Pelsepeçi: — Elbetde – diýýär. — Ýöne, ogluňa berjek terbiýe we tälimim üçin müň altyn-pul tölemeli bolarsyň.

Ýunanly ata: “Näme..! Müň altyn-pul diýýäňmi?” – diýip, zöwwe ýerinden galýar. “Müň altyn-pul bilen bir gul satyn alyp bolýar!”

Aristippos jogap berýär: “Hawa, ogluň tälimine berjek müň altyn-puluň bilen bir gul satyn alyp bilersiň. Emma şol wagt öýüňde iki gul bolar.”

Kim günäkär?

Dünýäniň aglaba böleginde nesilleriň ahlak binýadynyň sarsylyp ugran ilkinji günlerinden bäri sosiologlar, ylahyýatçylar, ahlakçylar bir tarapdan zyýanly endikleri zerarly keselhanalarda, türmelerde gül ömrüni çüýreden nesiller üçin gözýaş dökseler, beýleki tarapdan özlerine şu sowaly berýärdiler: Günäkär kim?

Hawa, kim günäkärdi? Gysga pursatlyk bir keýp ugruna nesliň döremegine sebäp bolan, soňra-da, ol nesliň diňe daşky keşbine ähmiýet berip, ruhy dünýäsini ünsden salan ene-atalardymy? Nesilleriň mähirden we ynançsyzlykdan mahrum halyna biperwaý garan jemgyýetdimi? Nesil maşgaladan we köçeden – jemgyýetiň içinden tapmadyk rahatlygyny we bagtyny mekdepden gözleýärkä, materialistik düşünjeler, düşnüksiz nazaryýetler, ynsanperwerligi we arkalaşygy inkär edýän bähbitçilik, egoistik ideýalar bilen ýaşlaryň aňyny bulam-bujar eden magaryf ulgamydymy? Ýa-da ynsany ynsan edýän erk atly gymmatlygyny ýitiren, nebsiniň arzuwlaryny jylawlamagy başarmadyk ýaşlaryň özüdimi?

Bu sowala anyk jogap tapmak kyndy. Belki bularyň biri günäkär, belki-de, hemmesidi.

“Näme üçin bu ýagdaýa düşdük?” diýip pygan edýän nesillere gol uzadyp, olary içine düşen batgalyklaryndan çekip çykarmak isleýän päk niýetli käbir adamlar, olara şeýle jogap berdi:

- Çünki, biz ýaradylyş kanunlaryna garşy geldik. Ynanmak, biz ynsan nesliniň tebigatynda bardy. Emma biz ony inkär etmäge çalyşdyk. Din düşünjesi bolmazdan hem ýaşaýşymyzy kadaly dowam edip bileris öýtdük. Diňe bedenimiziň zerurlyklaryny üpjün etmek, haram-halal tapawutlandyrmazdan keýpi-sapa sürmek bilen has bagtyýar ýaşarys diýip pikir etdik. Ähli ruhy gymmatlyklarymyzy ýok edenimizden soňra hem jemgyýet gatnaşyklarymyzy sazlaşykly dowam etdirip biljegimize ynandyk.

Bir nesil imany bolmasa-da, ahlakly we fazylatly, ynsanperwerlik düşünjelerine eýe, adamzat gymmatlyklaryna sarpaly bolup biler öýdüldi. Emma, ahlak we fazylatyň çeşmesi wyždandy.  Wyždana öz hökmüni ýöretjek ýeke-täk esas bolsa, guluň ýaradany bilen – Alla bilen baglanyşygyndan ybarat bolan dindi.

Bu gün, sizi şeýle ýagdaýa salan jemgyýet nähili nesil isleýär, bilýärmiň? Ýaşlar alkogolly içgiler içsin, emma, özüni heläk etjek, lül-gammar bolup, bir ýerde ýykylyp galjak derejede däl... Haram-halal diýip tapawut goýup durmasyn, ruhy terbiýe almasyn, erkini ulanmagy öwrenmesin, emma bidüzgünçilik hem etmesin... Diňe öz şahsy bähbidiniň aladasyny etsin, emma iliň rysgalyna göz dikmesin, ogurlyk etmesin... Zenan-erkek gatnaşyklarynda edep-haýa, asyllylyk ýaly gymmatlyklaryň çägini aşsa-aşsyn, emma, binika önen çagalar, egin-eşik çalşyrýan ýaly ýanýoldaş çalyşmalar, 50-60 %-lara baryp ýeten nika bozulmalary görülmesin... Ruhy, metafiziki barlyklary inkär etsin, emma, ruh bilen gönüden-göni baglanyşykly häsiýetler bolan söýgüni, mähri, hoşniýetliligi, hormaty unutmasyn... Bir söz bilen aýdylanda, batgalykda gezsin, emma, batgalykda gömülmesin, üstüne batga syçratmasyn... bularyň ählisiniň bir arada bolmagy mümkinmidi? Diýmek, biz taryhdan sapak almagy başarmandyk. Geçmişde dini inkär eden, dinsiz ýaşamaga çalşan jemgyýetleriň – lut kowmunyň, faraonlaryň, nemrutlaryň we ýene-ýeneleriň ykballarynyň gözgyny soňlanyşy ýeterlik sapak bolmandy.

Ömrüň bir pursady barada

Ynha-da sanlyja günden ýurdumyzda Bitaraplyk baýramy bilen bilelikde Talyp ýaşlaryň güni bellener.

Belki-de, köpleriň aýdyşy ýaly, talyplyk döwri ömrüň iň gyzykly, iň şowhunly, iň ýatdan çykmajak pursatlary. Elbetde, munuň şeýledigini inkär etmek bolmaz. Emma talyplygyň ýene bir möhüm tarapy – has takygy jogapkärçiligi bolup, talyp bolmak bagty miýesser eden her bir Watan perzendiniň, il oglunyň ol jogapkärçiligi her daýym duýup ýaşamalydygyna, öz talyplyk durmuşyny şol jogapkärçilik esasynda guramalydygyna ynanýaryn.

Dünýäniň ähli ýurtlarynda bolşy ýaly, ülkämizde her ýyl ýokary okuw mekdeplerine dürli hünärler boýunça bellenilen mukdarda ýaşlar saýlanyp alynýar. Ýokary okuw mekdebiniň giriş synagyndan üstünlikli geçen we “talyp” adyna mynasyp bolan ýetginjek üçin öňde has uly synag garaşýar. Ol synag – döwrüň synagy. Üstesine, ýetginjek bu synaga diňe öz şahsynyň adyndan gatnaşman, tutuş milletine wekilçilik etmeli bolýar.

Hawa,  mekdepler, hususan-da ýokary okuw mekdepleri her milletiň, her halkyň, her döwletiň buýsanjy, umydy, geljegi. Bu ylym ojaklaryna her halk, her ýurt uly umyt baglaýar, çäksiz ynam bildirýär. Her millet olara öz beýik arzuwlarynyň, belent maksatlarynyň, kalplarynda beslän ýagşy niýetleriniň hakykata öwrüljek mukaddes ýerleri hökmünde garaýar. Şonuň üçin-de, bu bilim ojaklaryna özüniň iň ukyply, iň başarjaň, halkynyň we ýurdunyň belent ynamyny ödäp biljek, milletini döwrüň – zamananyň dürli synaglaryndan ýokary üstünlikli alyp çykyp biljek ýaşlaryny saýlap ugradýar.

Her pursatda millionlaryň özüne bolan ynamyny duýýan talyp wagtyny bisarpa geçirmeýär. Ol “Bilimli nesil – kuwwatly Watan” ýörelgesine eýerýär, hünärini ýokary kämillikde ele almagynyň gönüden göni ýurduň kuwwatlylygyna oňyn täsir etjekdigine, kürek urýan kuwwatly elleriň sany artdygyça, ýurt gämisiniň has batly öňe omzajakdygyna ynanýar. Halkyň belent ynamyna mynasyp bolmagy özüne mukaddes borç bilýär.

Amaly we nazarýet esasly ylymlary özleşdiren, döwrüň kämil tilsimatyndan oňat baş çykarýan, milli we ruhy gymmatlyklaryna pugta bagly, ahlak taýdan arassa ýaşlar döwletiň çalt depginler bilen ösüşiniň kepilnamasy bolup durýar.

Belent mertebeli Serdarymyzyň Mukaddes Ruhnamadaky talyplyk ýyllary baradaky ýatlamalary – onuň halkyň we ýurduň öňündäki şol mukaddes borja bolan wepalylygy bu günki her bir türkmen talyby üçin nusga alarlykdyr. Ol ýatlamalarda Watana, halkyňa bolan belent söýgüniň ynsana nähili uly güýç berýändigini, kynçylykly günüňde ruhy dalda bolup, ynsany hemişe ruhubelent tutýandygyny görmek mümkin.

Şöhratly milletimiz edermen ogullarynyň zähmeti we gaýraty bilen taryhda ösüşleriň dürli ugurlary boýunça – ylymda, medeniýetde, ykdysadyýetde, syýasatda ýokary netijeler gazanyp, belent sepgitlere ýetdi.

Häzirki günde, şol gerçekleriň, il ogullarynyň – Göroglynyň, Alp Arslanyň, Jelalleddiniň, Magtymgulynyň synmaz ruhy bilen ruhlanan, damarynda türkmen gany aýlanýan Garaşsyzlyk zamanasynyň ýaşlaryna hem halkymyz, Watanymyz, ýurt baştutanymyz uly umyt bildirýär. Her ýyl döwlet derejesinde Talyp ýaşlaryň gününiň bellenmegi hem bildirilýän bu çäksiz ynamdan nyşan dälmi eýsem?

Dogry, taryh ylmynda tebigy ylymlardaky ýaly kesgitli kanunlar, formulalar ýok, has takygy, taryh ylmynda hemişe 2+2 dörde deň bolup durmaýar. Emma, şeýle-de bolsa, on ýyllyklaryň, ýüz ýyllyklaryň hadysalaryny seljermek, derňemek arkaly taryh ylmyndan hem käbir sapaklary almak mümkin. Taryhdan alyp boljak şeýle sapaklardan biri-de: haýsydyr bir milletiň il bähbidi üçin şahsy bähbidinden geçip bilýän, durmuşyň manysyny halkyny bagtyýar etmeklikde görýän perzentleri näçe kän bolsa, şol milletiň döwlet binýady şonça sarsmaz we ösüş depgini şonça batly bolýar.

Bu gün, “pelek çarhyn biziň sary aýlan” döwründe, “çoh garaşylan ajap eýýamda” şu ajaýyp zamananyň dowamat dowam bolmagy üçin, halkymyzyň dünýä halklarynyň arasynda öz mynasyp belentligine göterilmegi, döwletimiziň has ýokary ösüşleri gazanmagy üçin, talyplara düşýän borç we jogapkärçilik aýratyn uly. Bu mukaddes borjy ödemek we bildirilýän şeýle uly ynama mynasyp bolmak türkmeniň her bir ogul-gyzy üçin uly bagtdyr.

Kakama açyk hat

  Bir talybyň ýatlamalar depderinden 

Ynsan balasy her ýaşda diýen ýaly kakasynyň özi baradaky pikirini, garaýşyny, özüni näderejede söýýändigini, käbir zatlary näme üçin mejbury etdirýändigini, hatda näme üçin özüne gaharlanýandygyny we igenýändigini bilmek isleýän eken. Emma, näme üçindir, kakalar ejeler ýaly duýgularyna görä hereket etmezler. Olar nagt mähir we söýgi ýerine, miwesi ilerki ýyllarda ýygyljak tohumlar eker perzentleri üçin. Perzent haçan-da şol miweleri ýygyp başlanda, irki ýyllarda özüniň kakasy baradaky jogapsyz galan sowallarynyň ençemesine jogap tapar.

Dogrusyny aýtsam, şu wagt, gürrüňe nämeden we nähili başlajagymy bilmän kösenýän. Çünki, biziň medeniýetimizde kaka bilen ogul arasyndaky gatnaşyklarda içginlik kän bir halanyp durulmaýar; kakalar we ogullar bir-birine bolan söýgüsini daşyna çykarmaýar. Geçen baýramda munuň şeýledigine ýene bir gezek göz ýetirdim. Ýaşym näçe bolsa bolsun, ejemiň ýanynda edil çaga ýaly özümi alyp baryp bilýän, onuň dyzyna başymy goýup, dertleşýän, onuň bilen degşip, çagalyk döwrümdäki garagolluklarymy gaýtalap bilýän.

Aslyýetinde, seniň hem bu zatlary halaman durmajakdygyňy göz gytagyň bilen seredişiňden we agras ýylgyryşyňa siňen çuň manydan aňýan. Ýöne, heýem beýle zat bolarmy; murty taban ýetginjek kyrkyndan geçen, saç-sakaly çalaryp ugran agras adam bilenem degşip-gülşüp bilermi? Onuň ýanynda garagolluk edip başararmy? Perzent mähri bilen ýaňagyndan öpüp bilermi? Heýem beýle zat bolup bilermi?

“Gowumyň?”, “Işleň nähili?” ýaly adaty bir-iki sowaldan soňra, gapdaldaky otaga geçip, ejem we jigilerim bilen uzaga çekýän we ýygy-ýygydan-da hakyrdyly gülki bilen arasy bölünýän gürrüňe başlaýan. Sen otaga gireniňde bolsa, birdenkä içeri suw sepilen ýaly, dym-dyrslyk bolýar, men hem derrew çynlakaý görnüşe geçýän. Wah, kakam jan! Saňa, seni hem nähili ýürekden söýýändigimi niçezar aýtmak islärdim. Emma, her gezeginde-de kaka bilen ogul arasyndaky şol hormat we sarpa kerpijinden örülen agraslyk diwaryny aşyp bilmeýän...

Seniň hem maňa bolan söýgüň, buýsanjyň nähili uludygyny guwançly bakyşlaryňdan, men ýanyňdakam başyňy has hem dikeldip, ädimleriňi has ynamly urşuňdan aňýan. Men ýanyňdakam, görnetin özgerýäň, şol pursat, megerem özüňi has kuwwatly, has merdem duýýaň.  Agzyň bilen aýtmasaňam, buýsançly durşuň: “Ynha bu meniň oglum we men onuň kakasy! Onuň gazanan ähli üstünliklerinde, alan ýokary netijelerinde meniň zähmetimiň paýy bar!”

Uniwersitet giren wagtym diýsene! mähellämizde meni yzyňa tirkäp hanlar ýaly gaýşaryp ýöräpdiň. Şol gün dükançy Myratdan ussa Durdy aga çenli öňüňden çykan her kim meniň uniwersite girendigimi, ýok, ýok, Hally aganyň oglunyň talyp bolandygyny eşidipdi.

Saňa päk ýüregimden şuny aýtmak isleýän, kaka: bu güne çenli uly-kiçi käbir gazanan üstünliklerim boldy. Käbir synaglary şowly tamamlap, bäsleşiklerde hormatly orunlar, hormat hatlary aldym, ýurt derejesinde hormatlanýan adamlaryň öwgüsine mynasyp boldum. Emma, bularyň hiç biri, hawa, hiç biri seniň bir “Berekella, oglum” diýşiň ýaly meni şatlandyrmady, bagtyýar etmedi. Çünki, sen meniň kakamdyň!

Dogrusy, şol wagtlar aýdyp bilmezdim, emma, çagakam saňa juda gaharym gelerdi... Öýe ýadaw halda gelýän, gazet okaýarka jigilerim we menden goh etmezligimizi talap edýän, käte öwýän, käte-de temmi berýän geň adam. Bizi hakykatdan hem söýýärmi, ony-da biler ýaly däl. Dogrusy, wagtal-wagtal biziň bilen oýun edýär, gujagyna alyp, başymyzy sypap ogşaýar we iň möhümi-de, sowalgamyzy berýär. Emma, käte-de, gaty erbet gaharlanýar, öýe giç gelsem jeza berýär, okuwym we sapaklara ýetişigim barada ýürekgysgynç soraglar soraýar, öý işlerimi doly tamamlatmazdan ýatyrmaýar, tersine gitsem, ýençýär. Kesellän mahalym-da, ejem ýaly başujymda oturyp aglamagyň ýerine, sowukganly keşbe geçip, meni eli şprisli lukman, diş doktory ýaly “gorkunç” adamlaryň ýanyna äkidýär... Şular ýaly sebäplerden, çaga wagtym sen barada “Bu adam näme üçin beýle erbetkä?” diýip köp pikir edipdim we saňa kän gezek gaharlanypdym.

Soň-soňlar ýaşym ilerläp, aklym goýalyp ugransoň göz ýetirdim, aslynda maňa bolan söýgüň we mähriň nähili uludygyna!.. Seniň perzendiňe bolan söýgüň bakylyga uzap gidýän iň hakyky, garşylyksyz, iň arassa söýgüleriň biridigine... Maňa gaharlanmagyň hem,  hakykatda, meni operasiýa eden hirurgyň mähri ýaly mähriň bir görnüşidigine...

Ýogsa-da, operasiýa diýenimde ýadyma düşdi. 12 ýaşymda wagtym operasiýa bolupdym. Şonda seniň ähli işiňi taşlap, üç günläp ýanymda bolşuňy we gerek wagty, hiç çekinmezden aşagymy arassalaýşyňy-da hiç ýadymdan çykarman, kaka jan. Şonda düşündim, seniň öý işleri bilen kän meşgullanmaýşyň, diňe, ejem bilen araňyzdaky iş paýlanyşygy sebäpli eken; gerek ýerinde, iň azyndan ejemçe, sen hem köp babatda öý hojalykçysyna mahsus bolan işleri edýän ekeniň.

Uly bir edaradan örän ýokary aýlykly iş teklibi alanyňda, şol wagtky işleýän ýeriňe bolan wepalylygyň sebäpli, ol teklibi kabul etmändigiňi eşidenimde, meniň gözümde nähili beýgelendigiňi söz bilen beýan etmek mümkin däl. Seniň we seniň işdeş ýoldaşlaryň jepakeşlikleriniň, pidagärlikleriniň miwesini bu gün dünýäniň dürli künjünde görenimde, size bolan hormatym has-da artýar.

Kaka jan, sen “Perzentlerime dünýä maly adyna hiç zat galdyryp bilemok” diýip asla gynanma. Çünki, aýlygyň az hem bolsa, maşgalamyzyň güzeranynyň has oňatlaşýandygyny we bereketiniň has artýandygyny duýýan. Bu, megerem, seniň ömrüň, iliň hyzmatyna bagyşlap, çagalaryň rysgalyny Alla ynanmagyň netijesi bolsa gerek. Rebbim, Onuň ýolunda ýöreýäni, her hereketinde Onuň razylygyny nazarda tutup, Oňa şeksiz ynanany namut goýmaýar, şeýle gulunyň islegini boş gaýtarmaýar.

“Çagalarymy terbiýelemek üçin olara temmi bermegim, gygyrmagym çagalarymyň ýüreginde nähilidir bir kine galdyran bolaýmasyn?” diýip-hä asla pikir etme. Dogrusy, çagakam öýkelän, gaharlanan wagtlarym bolupdy. Emma,  ulalyp, jemgyýetçilik durmuşyna has ymykly aralaşanymda ene-atasyndan terbiýe görmedik, din we iman adyna hiç zat öwrenmedik ýalkaryň gözgyny hallaryny, hem bu günki, hem-de ertirki durmuşlaryny zäherleýişlerini görenimde, maňa seniň ogluň bolmagy nesip eden Rebbime müň kerem şükür edýän. Okuwdan soňra öý işlerimi ýazmagymy berk talap edişiň, ýalan sözüm üçin agyr temmi berşiň, kiçikäm mähellämizde ýaşaýan talyp oglanlaryň öýüne matematika we dil öwretmek üçin mejbury iberişiň ömrümiň iň süýji ýatlamalary bolup galdy. Çünki, eger men bu gün uniwersitet derwezesinden girip-çykýan bolsam, bu, seniň şol aladalaryň miwesi.

Men doglan wagtym sen ömrüniň baharynda – 25 ýaşyndaky ýigit ekeniň; men bolsa, gundagdaky bäbek. Häzir men seniň şol wagtky ýaşyňa golaýlan, bilimli we sagdyn ýetginjek; sen bolsa, kyrkdan agan, ýüzüne garrylygyň alamaty bolan gasynlar görnüp ugran uly adam. Sen uly pidagärlik we jepakeşlik bilen meni ösdürip-ulaldypsyň. Häzir, kakasynyň garşysyna giden bir adama Hz.Pygamberiň (s.a.w.) näme üçin “sen we mülküň kakaňa degişlisiňiz” diýendigine has gowy düşünýän.

Kaka jan, saňa aýtmak isleýän entek hem kän zadym bardy, emma, özüň bilýäň, her duýgyny söz bilen beýan edip bolmaýar, käbir duýgulary beýan etmek üçin söz ýetmeýär. Her näçe muny seniň ýüzüňe aýtmakdan çekinsem-de, seni örän söýýän, kaka jan. Ogluňdan razy bol we dilegleriňde ogluňy hem ýadyňdan çykarma; çünki, bir kitapda Hz. Pygamberiň (s.a.w.) “Atanyň perzendine eden dilegi boş gaýtarylmaz” diýendigini okadym.

Iň oňat dileglerim bilen,

Ogluň.

 

Nesilleriň terbiýesi

 

(“Türkmeniň gadymdan gelýän milli dini adatlary” atly kitapdan).

Hawa, jemgyýetçilik durmuşymyzda parahatçylygyň we adalatyň tertip-düzgünli dowam etmegi üçin nesillerimize kämillik ýaşyna çenli terbiýe bermelidiris. Nesillerimiziň terbiýesi haram-halal, günä-sogap düşünjesini berýän dini borçlar, ahlak we edep kadalary, milli däp-dessurlarymyz hakyndaky gymmatlyklary şahsy durmuşynda amal eder derejede öwretmek bilen mümkindir. Ýogsa, ýaşlarymyz şahsy bähbidini we nebsiniň arzuwlaryny kanagatlandyrmakda başgalaryň hukugyny öz paýyna geçirmekden ýa-da kemsitmekden gaýtmaz.

Allatagala hem ynsanyň amallaryny parz-wajyp (emirler), haram (gadaganlyklar), sünnet-mustahap (halanylanlar), mekruh (halanylmaýanlar), mübah-halal (zelelsizler) görnüşinde derejelendiripdir. Parzlaryň amal edilmegi, haramlardan daş durulmagy, sünnetleriň endik edinilip, mekruhlaryň ýigrenilmegi we halalyň saýlanylmagy ynsana hemişe sogap gazandyrar. Gaýta, tersine edilen ýagdaýynda günä bolar. Ynsan sogap we günäleri, haýyr we şer işleri gulak, göz, dil, garyn, satan arasy, el we aýak bolan ýedi agzasy bilen amal eder. Imanyň we ybadatlaryň asyl maksady, ynsanyň bu agzalaryny hemişe haýyr we sogap işleri amal eder derejede terbiýelemekdir.

Jemläp aýtjak bolsak, ynsan özüne berlen ähli duýgularyny, ukyplaryny, gylyk-häsiýetlerini Gurhan ahlagy we yslam terbiýesi bilen ösdürip kämilleşdirmelidir. Ýogsa, gulagy, gözi, dili, garny, satan arasy, eli we aýagy arkaly edýän günäleri sebäpli özüne, maşgalasyna, ýaşaýan jemgyýetine, halkyna, Watanyna, hatda tutuş adamzada we beýleki barlyklara zyýan ýetirer. Bu hakykat Mukaddes Ruhnama kitabynda şeýle düşündirilýär: «Jemgyýet bilen gatnaşyklar babatda, Gurhany kerimiň nury çaýylan şypaly güýji özüne siňdiren, asylly ahlak sypatlarynyň eýesi bolan türkmeniň şahsyýeti Altyn asyrymyzda has hem güýçli bolar, jemgyýetiň hoşniýetli, arassa we medeniýetli, güýçli agzasy bolar.»

Kämil şahsyýetlerden düzülen jemgyýetde, elbetde, jemgyýetçilik durmuşyny hapalaýan nadanlyk, ýalançylyk, aldaw, isrip, parahorlyk, ýaltalyk ýaly ýaramaz gylyk­-häsiýetleriň we endikleriň deregine ylym, dogrulyk, ynam, zähmetsöýerlik, tygşytlylyk orun alar, ynsanlar şahsy bähbitlerinden iliň bähbidini öňde tutarlar.

Hawa, arassa ahlaklylyk, edep-ekramlylyk ynsanlarda halal-haram, sogap-günä düşünjesini berýän ynanç-ygtykat we din-iman bilen mümkindir.

Soňky demde-de...

Ebu Ýusup Hezretleri 731-798-nji ýyllar arasynda ýaşap geçen belli hukukçy alymdyr.

Ebu Ýusup Hezretleri panydan bakyýa göç etmeginiň öňüsyrasynda agyr kesele uçrapdy. Okuwçylaryndan Ybraýym Ibnul-Jerrah mugallymyny soramaga gelende, beýik alym özünden giden eken. Meşhur hukukçy birhaýukdan soňra gözlerini ýuwaşlyk bilen açyp, özüne gelýär. Gabat garşysynda okuwçysyny görüp, ýüzi ýagtylyp gidýär. Derrew ylmy bir mesele barada onuň bilen maslahatlaşmak isleýär.

Ybraýym geň galýar:

– Halypam, bu ýagdaýdamy?..

Ebu Ýusubyň mejaly giden dodaklarynda mähirli ýylgyryş peýda bolýar:

– Hawa... hawa – diýýär we belli bir wagt gözüni bir nokada dikip durandan soňra, sözüni dowam edýär:

– Belki, biz bu meseläniň çözgüdini tapanymyzda, munuň peýdasy degip, bir bendäniň müşgili çözüläýedi-dä.

Mugallym bilen okuwçysynyň arasynda mesele uzaga çeken maslahatyň netijesinde çözgüdine gowuşýar.

Ybraýym Ibnul-Jerrah mugallymyndan rugsat sorap, gitmek üçin ýerinden turýar. Howlynyň daşky gapysyna ýeteni hem şoldy welin, içerden agy sesleri eşidilip ugraýar. Ymam Ebu Ýusup Hakyň rehmetine gowşupdy.

Çagalaryň ýetişigine maşgala we mekdebiň täsiri

Ýalňyşmak gorkusy

Mugallym dostlarymdan biri gürrüň berýär: “Derslerimde ýygy-ýygydan ulanýan bir usulym bardy. Sapagyň dowamynda okuwçylaryň ünsüni sowatmazlyk üçin haýsydyr bir okuwçyny turzup, sorag soraýardym. Bilse gündeligine 5-lik, bilmese 2-lik goýýardym. Turzan okuwçym soraga jogap berip bilmese, sowalymy auksiýona çykarýan ýaly, “Kim jogap berjek?” diýip, tutuş synpdan soraýardym. Käte okuwçylary höweslendirmek üçin, “Bilene iki sany bäşlik goýjak” diýýärdim. Elbetde, elini göteribem dogry jogap berip bilmedik 2-lik alýardy.

Bir gün synpyň iň zehinlisi we ýetişiklisi hasaplanýan okuwçyma “Sen näme üçin eliňi galdyrmaýarsyň?” diýip soradym. Ol:

- Mugallym, men jogap bermek islämok – diýdi.

- Näme üçin?

- Sebäbi, bilmesem, gündeligime 2-lik goýarsyňyz.

Bu jogap, maňa ulanýan usulymyň ýalňyşdygyny görkezdi: iň zehinli okywçym hem ýalňyş jogap berip 2-lik almakdan, munuň netijesinde-de, özüne “ýetişiksiz” ýa-da “ikilikçi” gözi bilen seredilmeginden gorkýardy. Men nirede ýalňyşandygymy bilmek üçin, ondan:

- Ýeri, sen mugallym bolsaň näderdiň?

Okuwçym bu sowala garaşmadyk bolarly. Birbada jogap bermekden saklandy. Sähel salym pikirlenip:

- Men mugallym bolsam, bilene 5-lik goýardym, ýöne bilmedige 2-lik goýmazdym – diýdi.

Tutuş synpa ýüzlenip, olaryň hem pikirini soradym. Tutuş synp hor bolup diýen ýaly:

- Biz hem ýoldaşymyz ýaly pikir edýäris – diýdiler.

Mesele çözgüdine gowşupdy:

- Bolýar, mundan soňra bilmedige 2-lik goýmaryn – diýdim.

Bu habar okuwçylary örän begendirdi.

Indi sapaklarym has netijeli geçýär. Iň gowşak okuwçymam, 2-lik almak gorkusy ýokdugy üçin, soraga jogap bermek üçin elini göterýär.”

Hemişe üstünlik ýar bolup durmaýar

Üstünlik gazanmak ýeňil däl. Onuň üçin has köp okamak we işe yhlasly ýapyşmak gerek. Şuny ýatdan çykarmalyň: ynsan diňe mekdep partalarynda däl, ömrüniň her pursatynda, her işinde üstünlik gazanmak isleýär. Emma, üstünlik bilen bir sanda şowsuzlyk hem durmuşyň inkär edip bolmajak hakykaty. Ynsan ömrüniň dowamynda, şowsuzlyklaryň sany gazanylan üstünliklerden has kändir. Akylly adam “Başaryp bilmerin”, “Bu işiň hötdesinden gelip bilmerin” diýip, umytsyzlyga düşmez. Şowsuzlyklaryndan sapak alyp, tejribe ýygnap, işe has mäkäm ýapyşar.

Geçirilen barlaglar iň häzirkizaman mekdeplerde hem çagalaryň mugallymdan çekinýändiklerini görkezýär. Okuwçylaryň asyl gorkularynyň, çekinjeňlikleriniň sebäbi, ýalňyş jogap berip, “ikilikçi” ýagdaýyna düşmekden gorkmaklarydyr. Okuwçynyň ýoldaşlaryndan iň gorkýan zady, ýoldaşlarynyň özüne “ikilikçi!” diýmegi.

Diýmek, mekdeplerde sapaklaryň netijesiz geçmeginiň esasy sebäbi, okuwçynyň ene-atasynyň, mugallymyň ýa-da ýoldaşlarynyň öz üstünden gülmeginden, ýaňsylamagyndan gorkmagydyr.

Käte ene-atalardan we mugallymlardan: “Siz öý ýumşyny höwes bilen edýän okuwçy gördüňizmi?” diýip soraýaryn. Bu güne çenli “Hawa” diýen çykmady. Yz ýany bilen: “Onda, çagalarymyz näme üçin öý ýumşyny etmäge beýle höwesek däl?” diýip soraýaryn. Çak edişiňiz ýaly, bu soragym hem jogapsyz galýar.

Geliň, sizdenem bir sorag soraýyn: “Çagalar näme üçin ýokary baha alsalar begenýärler?” “Bu olaryň üstünligidigi üçin” diýjeksiňiz. Ýok, gardaş. Köpüsi, ýetişiksiz ýa-da “ikilikçi” ýagdaýyna düşmekden gutulandyklary, ene-atanyň we mugallymyň mertebesini peseldiji, igneli sözlerinden dynandyklary üçin begenýärler.

Ene-atalar çagalaryny tanamaýar

Ene-atalaryň köpüsi çagalarynyň sapaklaryna ýetişiksizliginden zeýrenýär. Bir ene “Oglum gaty zehinli, islese synpynda birinji hem bolar; ýöne, biziň bilen erjeşýän ýaly, sapaklaryny okamaýar” diýýär. Başga bir ene bolsa: “Dogrusy, çagamyz bilen düşünişmekde kynçylyk çekýäris. 5-6 synpa çenli her çärýekde diýen ýaly mekdebinden hormat haty alýardy. 8-nji synpa gelende, synpynyň iň ýaltasy bolup çykdy. Sapaklaryny okanok. Sözümizi diňlemeýär. Zol-zol pul sorap, billiard salonlaryna gidýär” diýip derdinýär. Kakalar, ejeler, mugallymlar, ählisi bir agyzdan ýaşlardan zeýrenýär: “Biz ýaşkak ululara hormat bardy; mugallymlarymyzy görsek-hä, gaçmaga deşik gözlärdik. Ulularymyza garşy gelmezdik. Kyn şertlerde, ýagly çyranyň ölügsi ýagtysynda sapaklarymyza taýýarlanardyk. Häzirki döwrüň ýaşlary hem hormatsyz, hem isripkär; ellerindäki nygmatlaryň gadryny bilmeýärler...”

Bir mekdebiň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary gürrüň berýär: “Baha tabeliniň paýlanan güni otagyma gözi ýaşly bir okuwçy geldi. Elindäki tabeli maňa uzadyp: “Mugallym, şu tabele bir serediň!” diýdi. Elime alyp, bahalara göz gezdirdim. Iki dersden 4-lük, geografiýadan 2-lik, galan sapaklaryndan bolsa 5-lik alypdyr. Güldüm. “Gülmäň, mugallym! Men bu tabeli kakama nähili görkezeýin?!” diýdi. Dogrusy, beýleki dersleriniň ählisinden ýokary bahalar alan okuwçynyň, geografiýadan beýle pes baha almagy geňdi. Soň düşündim, munuň ýazyklysy okuwçy däl, mugallym eken. Okuwçy: “Mugallym, aslynda, geografiýa mugallymynyň maňa jyny düşüpdir. “Geografiýany suw içen ýaly öwrenseňem, meniň sapagymdan 2-den ýokary baha almarsyň” diýýär” diýip, meseläniň asyl sebäbini düşündirdi. Ol okuwça teselli berip ugradanymdan soňra, meseläni geografiýa mugallymy bilen maslahatlaşdym. Emma, netije bolmady, mugallymyň hakykatdan hem okuwçysyna jyny düşüpdi. Aýdyşyna görä, mesele örän ýönekeý eken: mugallym okuwçysyndan bir hereketi üçin ötünç soramagy talap edipdir, ol hem “Men ötünç sorar ýaly ýalňyş zat etmedim” diýipdir. Bar mesele, mugallymyň adam psihologiýasyny bilmeýänligindedi.”

Terbiýeçilik işleri boýunça orunbasar dostum dogry aýdýardy. Geografiýa mugallymy ýalňyş käri saýlapdy. Mugallymçylyk öz ugruňy gowy bilmegi, sabyrly we pidagär bolmagy talap edýän iş. Gynansak hem ýaşlaryň birnäçesi, mugallymçylyk kärini söýýändigi üçin däl, mugallymçylyk fakultetlerine giriş synaglarynyň has ýeňil bolýandygy üçin,  ýa-da şuňa meňzeş başga sebäplerden, bu fakultetleriň gapysyna gelýärler. Munuň şeýledigini tanyşlarymdan biriniň ogly boýun aldy: “Agam, dogrusy, mugallym bolmak niýetim-ä ýokdy. Ýöne, isleýän bölümimiň synagyndanam geçip biljek däldim. Nädeýin, boş galmazlyk üçin, mugallymçylygy saýlamaly boldum” diýdi.

Hakykatyň hatyrasyna aýtmaly bolsa, okuwçylaryň ýetişiksizliginiň ýa-da okuwa bölen höwesiniň azalmagynyň esasy sebäbi, mugallymlardyr. Has açyk aýdylanda, islemeýän kärini saýlan, bu sebäpden-de, käriniň jogapkärçiliklerini doly berjaý etmeýän, mugallym-okuwçy we mugallym-ene-ata gatnaşyklaryna biperwaý çemeleşýän, sapakda pedogogika usullaryna görä hereket etmegiň ýerine, duýgularyna görä hereket edýän mugallymlardyr.

Çaganyň terbiýesine maşgalada başlamaly

Çaganyň ilkinji mekdebi – maşgala ojagy. Şonuň üçin, ýaşlaryň terbiýesinden mugallymlar bilen bir sanda, ene-atalar hem jogapkärdir. Eger çaganyň hal-hereketlerinde nähilidir bir ýalňyşlyk bar bolsa, mundan ilkinji nobatda ene-ata jogapkärdir. Her ene-ata çagasynyň ýalňyş hereketini görende, özlerine “Biz nirede ýalňyşdyk?” diýip soramaly we bu sowala jogap gözlemeli.

Bir ene göz ýaş döküp gürrüň berýär: “Wah, mugallym! Meniň çagam erbet gylykly dostlarynyň toruna düşdi. Gül ýaly çagady. Sapaklaryna oňat ýetişýärdi. Sözümden çykan wagty bolmandy. Bir gün gelip: “Dostlarymyň ählisinde diýen ýaly kompýuter bar, maňa-da kompýuter alyp beriň” diýdi. “Şu wagt almaga güýjümiz ýetmez, pul jemläp bilsek alarys” diýdim. Wagtyň geçmegi bilen, çagamyň häsiýeti üýtgedi. “Dostlarym bilen sapaga taýýarlanjak” diýip, ýygy-ýygydan öýden gidip başlady. Berýän sowalgamy az görüp, has köp sorap ugrady. Birnäçe gezek sumkamdan menden ogryn pul alansoň, hasam şübhelendim. Özüne bildirmän, yzyna düşdüm. Görsem asyl, sapaga taýýarlanmaga barýan diýip öýden çykyp, billiýard salonuna gidýär eken. Çagam hiç ýalan sözlemezdi. Şeýle bir gynandym welin... Şol gün agşam kakasy öýe gelende, oturyp, meseläni ara alyp maslahatlaşdyk. Çagamy täzeden öýe baglap bilmek üçin, kompýuter alyp bermegi ýüregimize düwdük. Oglumyza eger şol täze edinen dostlary bilem gaýdyp tirkeşmejegine söz berse, kompýuter alyp berjekdigimizi aýtdyk. Nädendir öýdýäňiz, ötünç sorap, söz berdi...

Pedagog hökmünde, hekaýanyň soňuny çaklanym üçin, eneden:

- Kompýuter alaňyzsoň hem ogluňyz ýene öýden gaçmaga we dostlary bilen duşuşmaga dowam etdi, şeýle dälmi? – diýip soradym.

Ene geňirgenip:

- Hawa, welin... Siz nähili bildiňiz?

- Köneleriň aýdan bir sözi bar: “Köňül ne çaý islär, ne-de çaýhana; köňül ki dost islär, çaý bahana-la.” Çaýhananyň öňünden geçeniňizde içine bir seredip görüň. Onlarça adam goh-galmaga ähmiýet bermezden birnäçe sagatlap çaýyň ýany bilen oýna we gürrüňe dowam edýär. Şol ýerdäki adamlaryň köpüsi maşgalaly, çagaly-çugaly. Öýlerinde, maşgalasynyň, çagalarynyň ýanynda bolmaly hallaryna, bu ýerde näme işleri bar? Sebäbi belli. Öýlerinde tapmadyk rahatyny bu ýerde gözleýärler.

Bu siziň çagaňyz üçin hem şeýle. Kompýuter we billiard salony bahana. Asyl mesele, çagaňyz öýde özüni rahat we bagtly duýanok. Siziň görkezmedik mähriňizi we ünsüňizi dostlarynda tapýar. Siz olara “erbet dostlar” diýýärsiňiz, emma, çagaňyz has başgaçarak pikirde.

Maşgalanyň ýagdaýy bilen tanşanymda, meseläniň özenine has aýdyň göz ýetirdim. Çagadan öňürti, ene-atany terbiýelemek zerurdy. Çünki, maşgalada diýdimzor ene-atanyň hökmi ýöreýärdi. Öýde çaga öz pikirini aýtmak, öz isleglerini dile getirmek hukugy berilmeýärdi. Onuň bilen baglanyşykly bar zada diňe ene-ata karar berýärdi. Şol bir wagtyň özünde-de, ene-ata beýle etmek bilen ýalňyşýandyklaryny boýun almak islemeýärdi. Olara bu ýagdaýda, çaganyň özbaşdak pikirlenmek, netijä gelmek ýaly ukyplarynyň ösmän galjakdygyny ýatladanymyzda, “Biz onuň erbetligini islämzok” diýip, gödek jogap berdiler.

Ýene bir mugallym ýoldaşymyz gürrüň berýär: “Tomusky dynç alyşdan soňra mekdepleriň açylan güni bir ene çagasynyň elinden tutup, synpa girdi. Meniň synpdadygyma ähmiýet bermän, iň öňdäki partada oturan bir oglany turzup, ýerine öz çagasyny oturtdy. Soňra maňa tarap öwrülip: “Çagamy ýerinden üýtgetmäň, meniň oglum öň hatarda otursyn” diýdi. Agzymy açyp galdym. “Çagam” diýýäni, 3-nji klas okuwçydy...”

Köp maşgala, çaga terbiýesi barada ýeterlik düşünjesiniň ýoklugy zerarly, gul düşünjeli çagalar ýetişdirýär. Gul düşünjelileriň özlerine ynamlarynyň bolmaýşy ýaly, özbaşdak karar berip bilmeýärler, täze pikir ýa-da çözgüt teklip etmegi başarmaýarlar. Çünki, nämäni nähili we haçan etmelidigine hemişe ene atasy karar berip gelýär, çaga bolsa, diňe berlen emirleri berjaý edýär. Beýle maşgalada ýetişen çaga pikirlenmegi unudýar, has takygy öwrenmeýär, beýin ulgamynda ýaltalyk emele gelýär.

Çagalarymyz name üçin sapaklaryna taýýarlanmakdan lezzet almaýar, bilýärsiňizmi? Her gün-her gün başlarynda siz dikilgazyk bolup durýandygyňyz üçin. “Entegem öý ýumşyňy gutarmadyňmy?”, “Öý ýumşuňy gutarman, köçe çykmagyn!” ýaly sözleriňizden irendikleri üçin.

Çagalar näme üçin sapaklaryndan pes baha alanlarynda gynanmaýarlar? Has başgaça aýdanyňda, näme üçin oňat baha alanlarynda begenmeýärler? Çünki, onuň pes ýa-da oňat baha almagy onuň özünden has köp, sizi gyzyklandyrýar. Bir mugallym gürrüň berýär: “Okuwçylarymdan biri hormat haty alanda, hiç begenmedi. Sebäbini soradym. Güldi: “Ejem begensin; näme üçin men begeneýin! Hormat hatymy eline alyp, “oglum Hormat hat aldy!” diýip joralarynyň ýanynda öwünjek ol!” diýdi.”

Her çaganyň ýetişiksizliginiň aýry-aýry sebäpleri bardyr. Käte oňa maşgala sebäp bolsa, käte-de mekdep ýa-da mugallym sebäp bolup bilýär. Bar günäni çaga ýükläp, “Bu çaga ýalta, bu çaga okuwa höwessiz!” diýmek bilen, mesele çözgüde gowuşmaýar. Okuwçynyň ýetişiksizliginde onuň özüniň, şeýle-de ene-atasynyň, doganlarynyň, tirkeşýän dostlarynyň, mugallymynyň täsirini derňäp, ondan soňra netije çykarmak gerek. Ýetişiksizligiň sebäbi hemişe çaganyň ruhy-psihologik ýagdaýy bilen bagly bolup durmaýar, göz we gulak birahatlygy ýaly fiziologik-saglyk meseleleri hem bolup bilýär. Şonuň üçin bular ýaly ýagdaýda ähli sebäpleri we täsirleri göz öňünde tutup çözgüt gözlenmelidir.

Ene-atalaryň we mugallymlaryň birnäçesi diňe çaganyň sapaklardaky ýetişigi bilen gyzyklanýar, çaganyň kynçylyklary, gorkulary bilen kän bir gyzyklanyp durmaýar. Birnäçe ene-ata lukmana ýüz tutup: “Bu çaga sapaklaryny okamaýar, bizi diňlemeýär; doktor jan, bir çäre tapaweri” diýýär. Maşgalanyň okuwça  psihologik täsirini bilmek üçin sorag soramaga başlanylanda bolsa, muny geňirgäp, “Doktor, çagany barlaň, ýaltalygyna çäre tapyň diýip geldik; bizi hasaba çekiň diýip däl!” diýip närazylyk bildirýärler.

Bize getirilen çagalar we olaryň maşgalalary barada ýygnan maglumatlarymyz, bize şu hakykaty görkezýär: ene-atalar çagalaryny ýeterlik derejede tanamaýar. Çaganyň özüne ynamy ýok. Daşky dünýäden gopan, içki dünýäsine çekilip, hyýal dünýäsinde ýaşaýar. Emma, ene-ata bolsa, olardan razy: “Çagamyz örän salyhatly, örän sada, örän ýuwaş, garynjany hem ynjytmaz. Wah, ýöne sapaklaryny hem okaýsa...” diýýärler.

Jemläp aýtsak, bu meseläni mekdep we maşgala bilelikde çözmeli. Her iki tarap hem özleriniň kemçiliklerini, bärden gaýtmalaryny täzeden gözden geçirip, çaga dogry terbiýe bermegiň ýollaryny gözlemeli.