بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Pygamber alaýhyssalam: «Alymyň ybadathondan artyklygy ondördi gijäniň aýynyň şöhlesiniň hemme ýyldyzlaryň şöhlesinden artyk bolşy ýalydyr»;

Başy » «Zaman» gazeti » GÜNÄ - TOBA- NEBIS WE ŞEÝTANYŇ ŞERINDEN GORANMAGYŇ ÝOLLARY

Toba

Toba sözi yza gaýtmak, ýüz öwürmek, puşman etmek manylaryny berýär. Toba ynsanyň şol wagta çenli eden ähli erbetliklerinden ýüz öwürmegi, olary terk etmegi, eden etmişlerine gynanmagy, beýle işleri gaýdyp etmejekdigi barada anyk karara gelmegi diýmekdir.  

Toba nebsiň we şeýtanyň şerinden, aldawyndan gaçyp Allahyň hemaýatyna sygynmakdyr. Toba ynsanyň maddy-ruhy hapalyklary, günäleri ýigrenip, birahat bolmagy we olardan tämizlenmegiň çärelerini gözlemegi diýmekdir.

Toba tutuş adamzadyň ykbaly barada oýlanyp, jemgyýetiň geljegine howp saljak  işlerden ýüz öwürmek; ýagşy işlere we salyh amallara gönükmek diýmekdir.

Toba kişiniň baýlyk, wezipe, at-abraý, şöhrat ýaly özüne çekiji, ýöne pany we ötegçi  zatlara köňlüni aldyrmazlygyny, olary esasy maksat edinmezligini aňladýar. Toba ynsanyň Allahyň razylygyny özüniň baş maksadyna öwrüp,  kalbyny we ruhuny ebedi we belent duýgular bilen bezemegidir.

Toba Darusselama (salamatlyk ýurdy - jennet) girmek isleýän kimsäniň imandan soň ätjek ilkinji ädimidir.  Her bir günä üçin toba etmek hökmandyr.

Günä zähere meňzeşdir. Diňe bir bilkastlaýyn däl, eýsem, ýalňyşlyk bilen içilse-de ynsana zeperi ýeter. Hut şonuň ýaly-da, ynsan ýalňyşyp ýa-da zerurlyk sebäpli günä işe baş goşsa-da, şol kişi ýene-de azaba sezewar bolar. Ýöne Allahutagala ýalňyşyp, unudyp, zerurlyk sebäpli edilen günäleri geçirjekdigini, şol günä işi eden bendesine azap etmejekdigini kepillendirýär we buşlaýar. Emma ynsan günäni  bilkastlaýyn amal etse, onuň afuw we magfyrat ediljekdigi, bagyşlanjakdygy barada anyk zat aýtmak kyndyr. Allah islese azap eder, islese bagyşlap biler.

Tobanyň kabul bolmagynyň şertleri 

Tobanyň kabul bolmagy üçin edilen günäde bendäniň haky ýok bolsa, üç şert bardyr.

a)   Edilen günäni taşlap ondan ýüz öwürmek.

b)   Edilen etmişe çyn ýürekden gynanyp puşman etmek.

c)   Şol günä işi mundan beýläk işlemezlige söz berip, ony gaýtalamazlyk.

Eger edilen günä işde bendäniň haky bar bolsa, (ýagny bir bendäniň hukugy kemsidilen bolsa, göwnüne deglen bolsa we ş.m.)  şol wagt dördünji şert hök­münde şol şahs bilen razylaşylmalydyr. Mysal üçin, ogurlanan zady yzyna gaý­tarmaly ýa-da ýetirilen zyýanyň öwezini dol­maly. Eger gybat edilen bolsa gidip, nähili sözler bilen gybat edilen bolsa, olary aýdyp, ötünç soramaly we razylaşmaly.

Hatadyr-günäniň derejesi nähili bolsa bolsun, toba edeninden soň, günälerine garşy puşmanlyk we ýigrenç duýgusyny götermeýän, göni ýoldan — istikamatdan aýrylaryn gorkusy bolmadyk, Hakdan daşlaşanlygy sebäpli ýaramaz hal-hereketlerinden, endiklerinden saplanmak üçin Haka ýönelmeýän we ýönelse-de ýürekden puşman etmeýän kişiniň tobasy ýalan saýylar.

 Sowal:Toba edeniňden soň, şol günä işe dolanmak gorkusy bar bolsa, beýle tobanyň peýdasy bolarmy?

Jogap:Ynsan ýaradylanda, hata we ýalňyş etmäge ukyply ýaradylan. Ýagny, ynsanyň gurluşynda günä işe itekläp biljek duýgular bardyr. Aslynda bu duýgular ynsana ýagşy işlere esas bolmagy üçin berlendir. Mysal üçin, öýke-kine, gahar-gazap ynsana näme üçin berlipdir? Elbetde, ýagşy işler üçin. Allah üçin bolan ýagdaýynda, bu duýgular hem ynsana sogap gazandyryp biler.

Ynsan nebsine degişli duýgularyna erk edip bilse, sabyr etse, uly sogaplar gazanar. Bu duýgulara erk edilmedik ýagdaýynda ynsan başaşaklygyna gaýdar. Başgaça aýdylanda hata, günä ynsanyň hemrasy ýalydyr. Ynsan eden hatadyr günäleriniň yzasyny wyždanynda duýmalydyr. Ol günäler ynsanyň wyždanyny birahat etmeýän bolsa, şol ynsan, hamala, jansyz jeset ýaly ýaşar.

Hadysda“Her bir ynsan günä iş edip biler, hatadyr günä işleýänleriň iň haýyrlysy bolsa derrew toba edenlerdir” diýilýär. Şonuň üçin ynsan günä iş edende, wagt ýitirmän, toba etmelidir. Ynsan, başarsa, toba edenden soň şol günä işi gaýtalamajak bolmaly. Emma ynsan bilkastlaýyn bolmasa-da ýene hatadyr-günä işläp biler. Emma şonda-da  ynsan toba eden wagty özüne ynamsyz bolmaly däl, “Bu iň soňky gezek” diýip toba etmeli we şol sözünde ygrarly, wepaly boljak bolmaly.

Istigfaryň many-mazmuny

Ynsanyň eden her bir günäsi ony günsaýyn küfüre (iman­syzlyga) tarap iterer we günleriň bir güni ynsan azgynlaşyp, küfür batgaly­gyna batanyny duýman galar.

Istigfar eden günäleriň, goýberen kemçilikleriň sebäpli birahat bolup Allahuta­gala­dan magfyrat, bagyşlanma, ýalkanma dilemekdir. Ulu-kiçi tapawudy bolmazdan, her bir günä ynsanyň ruhy dünýäsine zyýan ýetirýän, ony zehär­leýän ýylan-içýan mysalydyr. Ynsan hatadyr günäsini boýun alyp, Allahdan özüniň bagyşlanmagyny, ýalkan­magyny dilemek bilen şol ýylan-içýandan goranyp biler. Hatadyr günäsini boýun almaýan ýa-da görmezlikden gelýän (!!!) we bagyşlan­magyny dilemeýän adamyň ýagdaýy çybyn çakma­gyn­dan gaçyp, ýylanyň agzyna düşen jandaryň halyna meňzeşdir. Çünki ynsanyň eden her bir günäsi ony günsaýyn küfüre (iman­syzlyga) tarap iterer we günleriň bir güni ynsan azgynlaşyp, küfür batgaly­gyna batanyny duýman galar.

Şeýtanyň uly we mekir was­-waslaryndan biri-de yn­sa­na öz aýybyny, kemçiligini boýun aldyrmazlygydyr. Şeýle etmek bilen ol ynsana toba we istig­far gapysyny ýapýar. Aslyýe­tinde ynsanyň ýaradylyşynda ejizlik, ýalňyş­mak, kemçilik we nogsanlyk bardyr. Hakyky musulman ýaradylyşyndaky şol haky­kata göz ýetirip, Beýik Biri­baryň öňündäki gulluk bor­juny berjaý edýän wagty şeý­ta­nyň aldawyndan ägä bolmalydyr. Ähli kemçilikden, ejizlikden, aýypdan, nogsan­lyk­dan uzak bolan Allahyň dergähinde diňe Ondan medet dilemeli, ýardam we kömek soramalydyr.

Ynsanyň öz günäsini bo­ýun almazlygy has uly günä­dir. Ýöne ynsan öz ejizligini we günäsini boýun alsa, bagyş­lan­maga umyt edendigi üçin oňa toba-istigfar gapysy açyl­dygy bolar. Bende Allaha sygynmak bilen Onuň hema­ýatyna girer, şunlukda eden günäsiniň agyr ýükünden halas bolar we hemişe günäli ýaşamak jepasyndan gutular.

Tirmiziniň  gürrüň berýän bir hady­synda her bir ynsanyň hata goýberip biljekdigi, ýöne ha­ta eden ynsanlaryň arasyn­da-da iň haýyrlylarynyň hata­syna toba edenlerdigi belle­nilýär. Bu hadys hatasyz guluň bol­ma­jak­dygy sebäpli, esasy mö­­hüm zadyň hatasyz, gü­näsiz bol­mak däl-de, hata­dyr­ gü­­näleriňi azaltmagyň ýol­laryny göz­lemek, olaryň bagyş­lan­ma­gyny gazanmak, nebsi az­dyr­­jak we ynsany gü­nä işe itek­lejek ýagdaýlardan daş dur­magy başarmak­dy­gy­ny nyg­taýar. Çünkü guluň eden gü­näleri zerarly Allaha to­ba-is­tigfar etmegi, şeýtanyň we ne­bsiň pitnesinden Beýik Biribara sygynmagy we rah­me­ti bilen öz penasynda aman sak­­lamagy üçin Allaha doga-di­leg etmegi, onuň Ýaradanyň öňündäki gulluk borjuna dü­şü­­nendigini aňladýar. Guluň gü­nä işlemekden ýüz öwür­me­gi, Allahyň bagyşlaýjy, ýal­kaý­jydygyna düşünip, toba-is­­tigfar etmegi onuň gul­lugyndaky sadyklygyny we wepalylygyny görkezer.

Seýýidül istigfar dogasy

Şeddat bin Ews (Allah ondan razy bolsun) Pygamberimiziň şeýle diýenini gürrüň berýär: “Allahdan bagyşlanmak, ýalkanmak hakynda edilýän doga-dilegleriň iň belendi “Seýýidül-istigfar” dogasydyr. Kim bu dogany ýürekden ynanyp, yhlas bilen gündüz  okasa we şol gün agşama ýetmezden dünýeden ötse, ol kişi jennetidir. Ýene-de kim uly ynam we umyt bilen şol dogany gije okasa we şol gije dünýeden ötse, ol kişi (hem) jennetidir.”

Seýýidül-istigfardogasy: “Allahümme ente Rabbî lä ilähe illä ente halaktenî we ene abdüke we ene alâ ahdike we wa’dike mestetagtu eűzü bike min şerri mâ sanagtu. Ebűü  leke binygmetike aleýýe we ebűü bizenbî fagfirlî zünűbî feinnehű lä ýagfiruz-zünűbe illä ente.” (Buhary, Ebu Dawut, Ibni Maje).

Manysy: “Allahym! Sen meniň Rabbymsyň, Senden başga  ilah ýokdur, meni Sen ýaratdyň, men Seniň guluň, güýjümiň ýetdiginden Saňa berýän söz we ähdimde tapyljakdyryn. Edenlerimiň şerinden Saňa sygynýaryn, berýän nygmatlaryňa minnetdar bolmak bilen birlikde eden günälerimi hem boýun alyp, magfyrat gapyňa dolanýaryn. Allahym, günälerimi öt, meni bagyşla! Çünki, Senden başga günäleri bagyşlap biljek, ýalkajak hiç kim ýokur.”

Haçana çenli toba-istigfar etmeli?!

Hezreti Aly (Allah ondan razy bolsun!) günäsiniň köplügi sebäpli umytsyzlyga düşen, onuň derdini çekýän we halas bolmak üçin çäre gözleýän birine “Toba-istigfar et” diýip nesihat berýär eken. Ol kişi: “Sen näçe wagtdan bäri maňa toba-istigfar et diýýärsiň, toba-istigfary haçana çenli dowam etmeli?” diýip soraýar. Hezreti Aly (Allah ondan razy bolsun!) şeýle jogap berýär:

Eden günäleriňden doly saplanýançaň!

Hawa, eden günälerimizi doly taşlaýançak we her bir hal-hereketimiz bilen istikamata — dogry ýol bolan syraty mustakyma gönügýänçäk, toba-istigfar etmeli, Allahutagaladan hiç wagt umydymyzy üzmeli däldiris.

Toba-istigfar dil ujy bilen edilmeli däldir!

Hezreti Aly (Allah ondan razy bolsun!) bilen baglanyşykly şeýle bir wakany gürrüň berýärler:

Günleriň bir güni bir çarwa arabyň “Eý Allahym, meni bagyşlamagyňy dileýärin, eden günälerim üçin toba edýärin” diýenini eşiden hezreti Aly (Allah ondan razy bolsun!) oňa:

- Eý adam! Dil ujy bilen toba-istigfar edilmeýär, beýle etmek ýalançylyk bolýar – diýýär. Ol adam:

- Onda nädip toba-istigfar etmeli – diýende, hezreti Aly (Allah ondan razy bolsun!) şeýle jogap berýär:

- Toba-istigfaryň alty aýratynlygy bardyr, olar:

1. Günäleriňe ýürekden puşman etmek,

2. Parzlary doly berjaý etmek,

3. Mazlumyň - ejiziň hakyny bermek,

4. Duşmanlar bilen razylaşmak,

5. Edilen günä işe gaýdyp dolanmazlyk,

6. Nebsiňi günä bilen ulaldyşyň ýaly, ony Allaha tagat-ybadat bilen eretmek. Nebse günäleriň tagamyny dadyryşyň ýaly, tagat-ybadatyň agramyny, kynçylygyny hem oňa dadyryp görmek.

Hawa, “Dowzahdan gorkýaryn” diýse-de, haram we günä işlerden daş durmaýan; “Jennete muşdakdyryn” diýse-de, salyh amal işlemeýän; “Pygamberi söýýärin” diýip, Onuň sünnetlerine höwesi bolmadyk we şol sünnetleri durmuşynda endige öwürmeýän adamyň aýdan sözleriniň ýürekden bolmaýşy ýaly, ömrüni günädir ýüzleý tobalar bilen ötürýän, şol sebäpli ybadaty Haka tarap dönüş bolmaga derek, günäler  içinde dynç alyş pursaty hökmünde bolanlaryň ýürekdeşdigine, çynlakaýdygyna ynanmak juda kyn.

İstigfar

Ýygy-ýygydan istigfar etmeli

Ynsan nebsine bil baglamaly däldir. Çünki pygamberler (Allahyň salamy olara bolsun) hem Allahyň hema­ýatynda, penasynda bolandyklaryna garamazdan nebislerine bil bagla­mandyrlar we özlerini nebis taýdan arassa hasap etmändirler. Şeýle hem istigfar diňe işlenen günäleri afuw etdirmek, ýalkanmagy dilemek däldir.

Ynsanyň eden hatasyna we endige öwrülen günäsine puşman edip, olardan saplanmagyň ýollaryny gözle­megine toba diýilýär.  Istigfar tobadan tapawutlylykda hem hatadyr günäleri afuw etdirmegiň, ýalkan­magyň ýolla­ryny gözlemek, hem-de Allahyň ýanyn­da belent mertebeleri we derejeleri ga­zan­magyň çärelerini ag­tarmak diý­mekdir. Mysal üçin, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň geçmiş we geljek günäleri mag­fyrat edilip ýalka­nandygyna we mu­kaddes ruhunyň mübärek bedeni bi­len birlikde päk we arassa kylnan­dygyna garamazdan, kähalatda günde ýetmiş, kähalatda bolsa ýüz gezek toba we istigfar edipdir. Bu hakykat Müslimiň gürrüň berýän bir hadysynda şeýle düşündirilýär: “Eý ynsanlar, Allaha toba-istigfar ediň. Men günde ýüz gezek toba-istigfar edýärin.”

Pygamberimiziň bu sözi ynsanyň nebsine ynam etmeli däldigini, istigfaryň diňe işlenen günäler üçin bolman, ynsandaky käbir belent latyfalaryň, duýgularyň mubah bolan zatlardanam täsirlenip öçýändigini, ukybyny ýitirýändigini nygtaýar. Şonuň üçin ynsanyň her hili ýagdaýda-da seresap bolmalydygyny, ölümiň haçan geljekdiginiň näbellidigi zerarly her pursat ölüme taýýar bolup, Allahyň huzuryna dünýä inen günümizdäki ýaly päk we arassa görnüşde dolanyp barmagymyzyň zerurdygyny nygtaýar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi we sellem başga bir hadysynda-da şeýle diýýär: “Kämahal kalbymy bir bulut gurşaýar, şonuň üçin günde ýüz gezek Allaha istigfar edýärin.”(Müslim).

Allahyň Resulynyň ähli günäden goralandygy we magfyrat edilip ýalka­nandygy aýatda anyk we kesgitli gör­nüşde bellenilýändigine ga­ramazdan, günüň do­wa­mynda ýüzlerçe gezek toba-istigfar etmeginiň, elbetde, käbir hikmetleri we sebäpleri  bardyr. Olar:

- Allanyň Resuly durmuşynda özüne berlen wagt we beýleki nygmatlaryň şükürini doly berjaý edip bilmezlik sebäpli istigfar edýärdi.

- Kalbyna we ruhuna Hakdan başga dünýewi zatlaryň ýokundusynyň hem bulaşmagyny islemeýänligi üçin ýygy-ýygydan istigfar edýärdi, sap we arassa bolan kalbyny we ruhuny gaýta-gaýta  arassalaýardy.

- Allahyň Resuly gulluk mertebesi taýdan hemişe ösüşde bolanlygy üçin iň soňky ýeten mertebesini özüçe az görýänligi sebäpli istigfar edýärdi.

- Käbir adamlaryň öz ygtyýarynda bolman eden we belent häsiýetine gelişmeýän hal-hereketleri sebäpli istigfar edýärdi.

Toba-istigfarda edep

Toba-istigfar wyjdanda duýlan puşmanlykdyr. Dil bilen sözlemek şol  wyjdan azabynyň sesidir. Ýöne  wyjdan azabynyň sesi hökmünde diliň Resulullahyň aýdan sözlerini gaýtalasa has göwnejaýdyr. Ýagny şu sözler bilen toba-istigfar etmek iň laýygydyr: “Estagfirullah el-azym el-kerim ellezi lä  ilähe illallahu tewbete abdin zalimin läýemlikü linefsihi mewten welä haýaten welä nüşura.” Manysy: “Eý Azym we Kerim bolan Allahym, Saňa toba-istigfar edýärin! Çünki, Sen şeýle bir Allahsyň - Özünden başga ilah bolmadyk, şeýle hem Sen Haýý we Kaýýumsyň! Şonuň üçin, dünýä inmek, dünýäden gaýtmak, ölenden soň täzeden direlmek ygtyýarynda bolmadyk, emma öz gara nebsine haý diýip bilmän eden günäleri sebäpli öz-özüne zulum eden, biçäre, ejiz hala düşen zalym bir bendäň toba-istigfar edişi ýaly, Saňa toba-istigfar edýärin.

Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem toba-istigfar etmegiň edebini şeýle düşündirýär:  “Bir bende günä iş edende eglenmän, derhal täret kylyp, tämizlenip, yzyndan iki rekagat namaz okap, Allahdan bagyşlanmagyny dileg etse, elbetde, Allah ol bendesini afuw edip (bagyşlap) ýalkar.” Soňra Ol, Kurandan şu manydaky aýaty okaýar:“Ol takwa ýaşaýan bendeler erbet bir iş edenlerinde ýa-da öz nebislerine zulum edenlerinde derhal Allahy ýatlap, günäleriniň afuw edilip, ýalkanmagyny dileg ederler. Megerem, günäleri Allahdan başga kim bagyşlap biler! Şeýle hem olar  şol günäleri endige öwürmejek bolarlar we öwrenişen günälerini-de isläp dowam etmezler.” (Äli Imran, 135).Toba-istigfar etmek islän bende çola ýerde iki rekegat namaz okar we Allahdan şeýle magfyrat, bagyşlanma dilär: “Allahümme innî etűbu ileýke  minhä lä erjiu ileýhä  ebedä. Allahümme magfiratüke ewseu zünűbî we rahmetüke erjâ yndî min amelî.”

Manysy: “Allahym, eden şu günäm üçin Saňa toba edýärin, indi şol günäni ebe­di gaýtalamaryn. Allahym, Se­niň magfyratyň, ýalkawyň meniň gü­nä­lerimden has giňdir, rahmetiň meniň üçin amalymdan zyýada umyt çeşmesidir.” Şeýle hem toba namazyny okan kişiniň başyny sejdä goýup,  “Ýa Ha­ýýu, ýa Kaý­ýum birah­metike este­gîsü eslyhlî şe’nî küllehű welä te­kil­­nî ilä nefsî tarfete aýn”di­­­­ýen sözler bilen toba-istig­far etme­lidigi barada hem aýdylýar. Manysy: “Eý Haýýu Kaýýum, meniň halymy düzet­gin, Sen meni göz açyp ýuma­sy salym hem nebsim bi­­­­­len ýüzbe-ýüz, ikiçäk goý­­ma!”

Tobany gijikdirmeli däl

Bir ýagşyzada  bilen otuz ýyl bäri tikinçilik kärini ýöredýän adamyň arasynda şeýle söhbetdeşlik bolup geçýär:

- Günäkär halyňa näme üçin henizem toba etmeýärsiň?

- Ölüm gelip ýetýänçä, entek wagt bar, toba eder ýöreris-dä.

- Sen näçe ýyl bäri tikinçi bolup işleýärsiň?

- Otuz ýyl.

- Şu wagta çenli eliň iň köp endik eden zady näme?

- Gaýçy bilen mata kesmek. 

- Ölüm ýassygynda ýatyrkaň, eliňe gaýçy berseler, şonda-da aňsatlyk bilen mata kesip bilermiň? 

- Şeýle kyn pursatda matany nädip keseýin?

-Otuz ýyl bäri endik eden zadyňy edip bilmejek halyňa, ölüm ýassygynda ýatyrkaň, ömrüňde bir gezegem etmedik tobaňyy nädip etjek?!

Tikenler

Bir adam ýoluň gyrasyna tiken ekipdir. Tikenler ösüp-ulalyp, ýoldan geçýänleri birahat edip başlapdyr. Şonda ony eken adama:

– Tikenlariňi gopar indi – diýipdirler. Ol:

– Bolar. Ýakynda gopararyn - diýipdir.

Ýöne ol adam ertesem, birigünem tikenleri goparmandyr. Tikenler bolsa barha pajarlaýarmyşyn.

Şonda bir dosty:

– Bu işi mundan uzaga çekme. Wadaňda dur – diýipdir. – Sen hemişe “ertir” diýip ýörsüň. Tikenler ulalyp güýçlenýär; sen bolsa garrap, kuwwatyňy ýitirýärsiň. Soň tikenleri goparmaga güýjüň ýetmez öýdüp gorkýan.

...

Günäler gaýtalandygysaýyn ulalar, kökleri çuňlaşar, endige öwrüler. Ynsan endik eden zadyny terk etmekde kynçylyk çeker. Şonuň üçin “Her bir günäniň içinde küpüre gidýän bir ýol bardyr” diýilýändir. Wagtyň geçmegi bilen ol ynsanyň tutuş kalbyny garaldar.

Günäde kesirlik etmezlik, toba we puşman bilen tämizlenmek, haýyr-sahawat edip şeýtany puşman etdirmek, ynsany eli-goly tikenekli simler bilen bagly günäkäre öwrülmekden saklar.

Günäden wagtynda saplanylmasa, soň köküni guratmak kynlaşar

Göz terbiýesi

Döwrümizde adamzat jemgyýetçiliginiň, hususan-da ýaş nesliň iň esasy meselelerinden biri-de gowşak ýatkeşlik bolup durýar. Ýagny, bu gün köp kişi okan, diňlän zatla­ry­ny tiz unu­dýar. Munuň ter­sine, bir­nä­çe ýa­şuly adamla­ryň, gar­ry ata­lary­my­zyň aň we ýat­keş­likleri­niň örän güýç­lüdi­gini, ze­hin­leriniň-de juda ýiti­di­gini gör­ýäris.

Osmanly döw­rüniň ta­ny­mal şah­sy­ýet­le­rin­den Mä­­hir Iz Ho­jaefendiden:

– Ussadymyz! Tü­weleme, örän ýiti zehiniňiz, güýçli ýatkeşligiňiz bar. Elli-altmyş ýyl ozalky wakalary düýn bolup-geçen ýaly ýatlap, gürrüň berýärsiňiz! Munuň syryny aýdaýsaňyz? – diýip soranlarynda, Osmanly döwrüni gören bu goja alym, göz terbiýesi bilen baglanyşykly şu jogaby berýär:

– Oglum, biz Osmanly başlangyç mekdebine gitdik. Bize ilkinji gün, ýolda ýöremegiň kadasyny öwretdiler: “Göz, aýagyň ujunda bolmaly, ýöreýän wagtyň!” diýip.  Gözlerimiz hemişe aýaklarymyzyň ujunda bolardy. Diňe öňümize serederdik. Siz bolsa zol-zol töweregiňize seredýärsiňiz... Oňa seret, muňa seret... Bu gidişde, sizde ýatkeşlik galmaz. Günäni göz gazansa-da, belasyny köňül çeker. Göz sereder, köňül birahat bolar we ýatkeşlik ejizlär.

...

Hawa, göz sereder, köňül birahat bolar, akyl bulanar. Harama nazar etmek bilen gazanylan her günä ýürekde çuň ýara goýar. Haramy ähmiýetsiz, kiçi görüp, ony dowam etmek bolsa, has erbet netijelere elter. Beýik alymlardan biri bu barada: “Möçberiniň kiçiligine seredip, günä baha berme. Çünki kalbyňda emele gelen ýeke tegmil, seniň şahsy dünýäň ähli ýyldyzlarynyň öňüni tutar.” diýýär. Ynsan, erkine eýe bolup, gözüni terbiýeläp bilen ýagdaýynda dury köňle we pugta ýatkeşlige eýe bolar. Has möhümi-de, pygamberimiziň şu buşlugyna mynasyp bolar:“Serediş, şeýtanyň zäherli oklaryndan bir okdur. Kim Alla gorkusyndan nämähreme seretmese, Alla onuň kalbyna, taýsyz lezzet bagyş etjek iman eçiler.”

Ak kagyz

Adamda bolýandyr-a, bir gowy zady göreňde höwes edýänsiň. Ýok, bahyllyk ýa-da göriplik däl, kä adam arassa ýüregi bilen "Wah, menem şeýle bolsadym" diýäýgiç bolýar. Menem şeýle.

Akyl-paýhas indi göwün ýüwürdeniňden hereket, iş etmegiň has bähbitlidigini duýdurýar, üstesine-de, ýaşam gidip barýar, arzuw hyýala batyp oturar ýaly ýaş-ýeleň hem däldigime düşünýän. Emma ynsan-ynsan-da. Ol telewizor ýa-da radio däl - bir düwmäni basaňda başga zatlar gürläp, başga zatlar görkezip ýa-da öçüp oturyp bilenok. Şoňa-da şükür. Häzir hem şeýle, öňümde ak kagyz dur welin, birden şoňa höwes edäýdim. Ýagny ak kagyz ýaly bolasym geldi. Belki, kagyz bolsaň, şahyr ýüzüňde şygyr ýazar. Ajaýyp setirler, şirin kapiýalar, täsin pikirler setirlere öwrülip seniň süňňüňe siňip gider. Ýa-da aşyk magşugyna ýüregindäki yşkyny, tämiz duýgularyny, köňlüniň zaryny, aýdym-owazyny ýygrarak sözlemlere salyp ýazyp ugrar. Türkmeniň aklymy haýran eden şahyrlaryndan Mätäji ýazmaýarmy "galam titrär ýazmaga..." diýip. Şol pursat kagyzyň halyny göz öňüňe getirsene. Aşyk duýgularyny söze, kagyza geçirip bilmän kösener, darygar bir ak kagyzy zaýalap, düýrläp zyňar, täzeden hatyna başlar. Goý, düýrlese-düýrlesin - men düýrlenmäge kaýyl. Emma yşkdyr, onuň öňüniň böwedi ýokdur, ol tämiz bolanda Günüň şuglasyna meňzär - öňüne eliňi tutanyň bilen töwerek garaňka bürenmez.

Ýa-da suratkeş ak kagyzyň ýüzünde birbada düşnüksiz çyzyklar çekişdirer. Bir seretseňem, ol ýagşa ezilen leýlisaçyň näzik şahalarynyň ýüpek deý ýapraklarynyň şekilidir. Ak kagyz özüne Allanyň ýaradan tebigatynyň, iň giň manyly, iň çuň görnüşli aňyrsy-bärisine, düýbüne-teýkaryna göz ýetmeýän "Suratynyň" bir bölejigine öwrüler. Şeýle bir parçajyga öwrülemek islemezmisiňiz?

Ýa-da bilmezlikde göwne degen biri bagyşla diýip ötünç sorap dostuna ökünçden doly hat ýazar. Haty okan dostunyň göni biter. Onsoň ol hat ýazylan kagyza näme at berjek? Köňülleri biri-birine birleşdiren köpri diýjekmi? Ynjan göwnüň ýarasyna melhem eden lukman diýjekmi? Köňülden-köňüle salnan ýol diýjekmi? Kagyza öwrülip, bularyň islendigi bolmaga neneň höwes etmejek?!

Ýa-da ýönekeý bir toý çakylygy! Toý çakylygy ýazylan kagyzda bilýäňizmi näçe begenç bar, umyt, arzuw, söýgi... ýene-de akylyňyza gelip biljek näçe oňat duýgular bar bolsa ýatlaberiň, bularyň barysyny, kiçijik kagyzjyk göterýär.

Ýa-da bäş ýyllap gün irmän, ýadaman-ýaltanman ähli zehinini jemläp, mugallymynyň öňüne synagdan geçmäge her gezek gelende hem derläp, hem tolgunyp, hem sakynyp, hem joşup öwrenenlerini beýan eden talybyň ahyr soňy alan diplomy. Ýüzüne uly harplar bilen "Diplom" diýlip ýazylan gatyja kagyza düýnki talybyň, bu günki uçurymyň söýünç bilen seredişini synlapmydyňyz? Meniň kärim mugallymçylyk bolansoň, muny köp synladym. Talybymyň begenjine öz ýürek urgym goşulsa-da, ýene şol gatyja kagyz bolaýsadym diýip höwes etmän saklanyp bilemok. Meniň ýerime bolsaňyz sizem şeýle duýgulary başdan geçirerdiňiz.

Hawa, uruşlar, dawa-jedeller, öýke-kineler, arabozarlyk niýeti hem ak kagyza ýazylýar. Ýazylýar, nätjek. Şeýle ýazgylar ýazylanda ak kagyzyň "Alawlap ýansadym, ýüzüme ýazylany adam ogly okap bilmesedi" diýip çekýän ejirini duýsadylar, bulary ýazýanlar bet niýetlerinden el çekerdiler. Ak kagyza näçe kyn hem bolsa, onda sähelçe-de günä ýok. Şonuň üçin hem meniň ýene ak kagyza gözüm gidýär. Şeýle ýaramazlykda-da onuň bigünä galyp bilşine gözüm gidýär. Ýaramazlyk şärikleriniň köplügi bilen möwç alýar ahyryn. Bet pygyla şärik tapylmasa, ol suw barmadyk tiken ýaly gögermän çüýräp gitmezmi? Ak kagyz bigünä, onuň ýaramazlyga şärikligi ýok.

Geliň, ak kagyz bolalyň. Täze ýazylan ajaýyp şygyr deýin tutuş durkumyz bilen päk, arassa duýga öwrülip ýaşalyň. Hak aşygyň sözleri deýin ýalan-ýaşyryksyz, çyn ýürekden gözelligi, ýagşylygy söýüp ýaşalyň. Bilmän birini ynjydaýsak hem bagyşla diýmegi kiçilik bilmäliň - dost ýüregine salnan köpri, ynjan ýürege melhem ýapan lukman  olup ýaşalyň. Uruşdan, dawa-jenjelden, bet pygyllardan daş duralyň, çünki biz kagyz däl, birden şärik bolmagymyz  mümkin.

Şeýtanyň ýaradylmagynyň hikmetleri, ynsany azdyrýan ýollary, bulardan goranmagyň çäreleri

1. "Şeýtan" sözi haýsy kökden gelip çykýar?

Şeýtan Allahyň rehmetinden daşlaşan barlykdyr. "Şeýtan" sözi "Allahdan, Allahyň rehmetinden daşlaşdy" manysyna (şatane); şeýle hem "Ýandy, işi gutardy, heläk boldy" (şata-ýaşitu) diýen manylary berýär. Bularyň ikisi-de şeýtan üçin dogrudyr. Çünki ol Allahyň rehmetinden kowlan we şonuň üçin-de ýanmaga laýyk barlykdyr.

2. "Şeýtan" sözi başga barlyklar üçin hem ulanylyp bilnermi?

"Şeýtan" sözi aňladýan manysy taýdan, dinde azgyn we emre gulak asmazak, boýun egmezek ähli zat üçin ulanylyp bilner. Allah: (j.j.) "Şunlukda Biz her pygambere ynsan we jyn şeýtanlary duşman kyldyk. (Bular) aldamak, azdyrmak üçin bir-birine owadan sözler pyşyrdarlar" (Enfal 6/112) aýatynda "şeýtan" aňlatmasyny, owadan sözler bilen adamlary azdyrýan jynlar we ynsanlar üçin ulanýar.

Seýýidina Hz. Omar (Allah ondan razy bolsun!) başbermezek bir ata mündürileninde, "Meni bir şeýtana mündüren ekeniňiz" diýip, at üçin "şeýtan aňlatmasyny ulanýar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hem bir gezek bir it üçin, başga bir gezekde-de bir düýe üçin bu aňlatmany ulanýar. Mysallardan görnüşi ýaly, yns-jyns ýa-da haýwan bolsun, tapawudy ýok, azgyn we emre tabyn bolmaýan her zat üçin, ýerine görä "şeýtan" aňlatmasy ulanylyp bilinýär. Ýöne, bu ýerde biziň gürrüňimiziň esasy mowzugy bolan şeýtan ynsanlaryň baş ýagysy, Seýýidina Hz. Adam aleýhissalama sežde etmän, Allaha garşy baş götermek bilen küpür ýoluna giren, ynsan nesliniň ebedi duşmany bolan şeýtandyr.

3. Şeýtan näme üçin Allahyň rehmetinden kowlan?

Şeýtan ýaradylyş tebigatynda bar bolan duýgulary erbet ýolda ulanandygy üçin Allahyň rehmetinden kowulýar.

Allah ynsany maddy we ruhy taýdan örän kämil ýaradypdyr. Munuň şeýledigini "Biz ynsany iň gözel görnüşde ýaratdyk" (Tin, 95/4) aýaty-da tassyklaýar.

Hawa, Allah her kimi şeýle kämil derejede ýaradypdyr. Ýöne kimileri Söýgüli Pygamberimiz (s.a.w.) ýaly kämilligiň çür başyna ymtylyp, melekleri yzda galdyrýar, kimileri-de Ebu Jehil ýaly özüne bagyş edilen ähli duýgulary, ukypdyr-mümkinçilikleri özüniň bet pygyllary üçin ulanyp, şeýtany utandyrjak peslige düşýär, gorpa gapgarylýar.

Ynha, şeýtan hem, käbir ynsanlarda bolşy ýaly, erkini erbet niýet bilen ulanandygy üçin Allahyň rehmetinden kowlan we uzaklaşdyrylandyr. Üns beriň, Allahyň rehmetinden uzak ýaradylan däldir, ýöne, erkini we mümkinçiliklerini erbet maksat ugrunda ulanandygy üçin uzaklaşdyrylandyr.

4. Şeýtan ynsana haýsy ýollardan ýakynlaşýar?

Ilki, şeýtanyň ynsan nesline näme üçin duşman bolandygyna ýeke jümlede degnip, soňra-da ynsany azdyrmak üçin haýsy ýollara ýüz urýandygyny aýatyň çäginde, şeýtanyň öz sözlerini esas almak arkaly düşündirmäge çalşalyň.

Şeýtan "Çyk bu ýerden, sen indi kowuldyň we daşlaşdyryldyň" (Hijr, 15/34) aýatynda beýan edilen "ylahy şarpygy iýenden", ýagny kowlandan soňra, durky bilen ynsan nesline garşy gahar-gazaba, ýigrenç duýgusyna bürenýär.

Hawa, Hz. Adam aleýhisselam bilen baglanyşykly Rebbimiziň şeýtany synag etmegi we onuň bu synagdaky şowsuzlygy, şeýtana gaty agyr degýär we: "Rebbim! Meni azdyrandygyň üçin men hem ýer ýüzünde olary (günäleri) bezärin, zynatlandyraryn we  olaryň (ynsanlaryň) ählisini hökman azdyraryn. Ýöne yhlasly gullaryňdan beýlekileri" (Hijr, 15/39) diýip, kasam edýär. Diýmek, şeýtan bu hadysalar sebäpli diňe bir Hz. Adam aleýhisselama däl, onuň külli nesline gazaplanýar. Köňli kinedir gahar-gazapdan doly bolanyň özüni kadaly alyp barmagyna garaşyp bolmajakdygy düşnüklidir. Şeýtan hem, Kuranyň Araf süresinde bildirilişine görä, özüniň gahardyr gazabyny şu sözler bilen beýan edýär:

"Meni azdyrandygyň üçin, ant içýän, men hem olary ýoldan çykarmak üçin seniň dogry ýoluň üstünde oturaryn. Soňra hökman olara öňlerinden, arkalaryndan, saglaryndan, çeplerinden ýakynlaşaryn we sen olaryň köpüsiniň şükür edýänleriň hataryndan çykandygyny görersiň." (Araf, 7/16,17)

5. Şeýtan näme üçin bet pyglyndan dänip, toba gelmeýär?

Munuň sebäbine bir-iki mysal arkaly düşünmäge çalşalyň. Dürli sebäplere görä, gahary garagyny gapan bir adamy göz öňüne getiriň. Bu adam şol wagtky ruhy ýagdaýynyň täsirinde, gözüne ilen zady zyňyşdyrar, ýykar-ýumrar we garşysyndakynyň "emini bermek" üçin elinden gelenini eder. Çünki bu ynsanda erk, ölçeglilik, soňuny saýmak ýaly düşünjeler ýokdur. Gahar we öç almak duýgusy bu ynsanyň tutuş ruhuny öz gysajyna alandyr.

Bu mysaldaky ynsan ýaly şeýtan hem ýaradylyşyndaky oňatlyga, gözellige açyk ähli duýgularyny öldürip, erbetlige meýilli ähli ukypdyr-duýgularyny-da ösdürendir. Içi küpür düşünjesi bilen şeýle bir doludyr welin, indi onuň toba gelmek, ýalňyşyny boýun alyp, ýaňadan Hakyň rehmet gurşawyna girmek niýeti ýokdur. Ynha şeýtan budur we şeýle güýçli ýigrenç we gazap duýgusy bilen Allaha ynanýanlara duşman bolan şeýtana ýalňyşandygyny we ýalňyş ýoldadygyny kabul etdirip, toba gelmegine garaşmak netijesizdir. Çünki, küpür düşünjesi onuň tebigatynyň aýrylmaz bir bölegine öwrülendir.

6. Şeýtanyň ýaradylmagynyň hikmeti nämekä?

Mellek ýerinde möýleriň we zäherli ýylanlaryň bolmagy ol ýerde işleýänleri her daýym hüşgär hereket etmäge mejbur edýär. Gyrgy serçä musallat  bolmak bilen, serçäniň  uçuş ukybyny kämilleşdirmegine sebäp bolýar. Hut şonuň ýaly-da, şeýtanyň ynsany azdyrmak üçin göreşi, netijede, ynsanlary şeýtandan gaçmak, onuň duzaklaryndan gutulmak üçin haramlardan mümkingadar uzakda, ünsli we hüşgär ýaşamaga ýöneldýär; ynsanlaryň Allahyň afw-u-merhemetine sygynmaklaryna, Resulullahyň sünnetine bagly galynmagyna, hatda has berk ýapyşylmagyna sebäp bolýar. Kuranda-da birnäçe aýatda bu meselä yşarat edilýär. Meselem: "Eger şeýtanyň was-waslary seni dürteklese, derrew Allaha sygyn. Çünki Ol eşidýändir, bilýändir." (Araf, 7/200). Başga bir aýatda-da şeýle diýilýär: "Diýgil; şeýtanlaryň küşgürmelerinden saňa sygynýaryn. Olaryň ýanymda bolmaklaryndan-da saňa sygynýaryn, Rebbim!" (Müminun, 23/97)

 7. Şeýtanyň şerinden nähili goranyp bileris?

a) Allaha sygynmak

Ýokarda hem beýan edilişi ýaly, Allaha sygynmak, Ondan medet dilemek, Oňa daýanmak şeýtanyň azdyrmagyna we ýoldan çykarmagyna garşy iň berk galadyr. Şeýtanyň ýolumyza guran duzaklaryna düşmezlik üçin bu gala sygynylmagy hökmanydyr. Rebbimiz bizlere "Guluň Allaha iň ýakyn haly, seždedäki halydyr" sözüne esaslanyp, alnymyzy ýere goýup, "Allahym, Senden Saňa sygynýaryn, ýagny gazabyňdan we jelalyňdan, rehmet we rahmanyýetiňe sygynýaryn, şeýtandan-da Saňa sygynýaryn" diýdirsin we bizi nebsiň we şeýtanyň şerinden gorasyn.

b) Ýaltalygy taşlamak

Şeýtan köplenç ýalta, biweç, bikär adamlara hüjüm edýär. Hiç bir işiň gyrasynda görünmeýän, misgin ýaşaýan kişiler bilen meşgul bolýar.

Görnüşi ýaly, ýaltalygymyzdan özüçe peýdalanýar; boş, işsiz-pişesiz wagtlarymyzda içimize jemgyýet ahlagyna laýyk gelmeýän duýgy-düşünjeleri salýar, erbet zatlaryň pikirini etdirýär, erbet zatlary okadýar, erbet işleri etmäge mejbur edýär. Şu halda, biz hem wagtymyzy Rebbimiziň ryzasyny gazandyrjak haýyrly amallar, ýagşy niýetler, oňat düşünjeler-pikirler bilen doldurmaly, şeýtanyň barmak sokýan we bulagaýlyk edýän ähli deşiklerini doldurmalydyrys.

Eger biz ömür baýlygymyzy Rebbimiziň ryzasyny gazanmak üçin sarp etsek, onuň ryzasyny gazandyrjak ýagşy işleriň başyny tutsak we dowamyny ýetirip dursak, enşalla, bularyň hormatyna Rebbimiz-de bizi şeýtana rowa görmez, bizi özüniň ebedi azapdan halas bolup, ebedi bagtyýarlyga gowşan gullaryndan eýlär.

ç) Ähde wepalylyk

Ähde wepalylyk hem bizi şeýtanyň şerinden gorajak esaslardan biridir. Hawa, biz Rebbimize wepaly bolup, onuň emir eden durmuş ölçeglerine görä ýaşasak, Allah hem bizi şeýtanyň garşysynda ýalňyz galdyrmaz. Ol öz ylahy kelamynda “Ähdiňize wepaly boluň, men hem ähdimi ýerne ýetireýin” (Bakara, 2/40) diýmeýärmi näme?!

Hawa, biz bu düşünje we ynanjy öz durmuşymyzda ýörelge edinsek, Allah-da bizi şeýtanyň duzaklaryndan gorar. Sahabalaryň, welileriň durmuşlarynda munuň şeýledigini görkezýän ýüzlerçe mysal bardyr. Bu mysallardan görnüşi ýaly, haçan-da olaryň başlary aýlanyp, bakyşlary bulanyp, düz ýolda büdränlerinde Rebleri olary ýene dogry ýola gönükdiripdir.

“Siz Allahyň dinine ýardam etseňiz, Allah-da size ýardam eder” (Muhammet, 47/7) aýatynyň delili hökmünde, Oňa wepaly we sadyk bolanlar, Onuň wepasyny gazanandyrlar... Öz çäkli ömürlerinde Onuň ryzasyna laýyk ýaşanlar Onuň çäksiz nygmatlaryna şaýat bolandyrlar. Şu halda biz hem Allahyň her ýerde we her pursatda häzirdigini we barça zady görýändigini-bilýändigini nazarda tutup, her hal-hereketimiziň Onuň tarapyndan synlanýandygyny bir pursatlyk hem ýatdan çykarmalyň. Hal-hereketlerimizi, ýaşaýyş şekilimizi ýaňadan gözden geçirip, Rebbimiziň wepaly, sadyk gullaryndan  bolmaga çalşalyň.

d) Ýeke galmazlyk

Köçede, bazarda, öýde biziň ýaly ynanýan dostlar bilen bile bolmak bizi şeýtana oýunjak bolmakdan halas eder. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) buýurşy ýaly, bu dost topar iň azyndan üç kişiden ybarat bolmalydyr.

Her dürli erbet duýgy we pikir içimize atylan tohum kibidir. Tohumyň wagty gelende şineläp, topragyň ýüzüne çykyşy ýaly, erbet pikirdir hyýallar hem wagtyň geçmegi bilen amaly durmuşda özüni görkezmek islär. Bu duýgudyr düşünjeler wagtynda kökünden köwlenip zyňylsa ýagşy. Ýogsam, ol gün-günden boý alar, öser we ynsan ruhy üçin öňüni almasy kyn howpa öwrüler.

Hawa, jemgyýetçilik durmuşynda, Allah bilen arabaglanyşygy gowşak bolan şeýtana garşy göreşmek, kähalatda, eýgertmän biler. Köpimiziň töwerek-daşymyzda, ýüzi nurly, kalby päk, sözleri ruhuňa şypa dostlarymyz bardyr; haçan-da olaryň ýanyna gidenimizde we olaryň ruhy gurşawynyň täsirine düşenimizde, edil Allahyň weli guly bilen ýüzbe-ýüz bolan ýaly duýup bileris. Olaryň sözleri, söhbetleri içimizde buz baglan erbet duýgy-düşünjeleri eredip biler. Käwagt-da, dostlarymyz ruhy taýdan gowşaklyk, erklerinde ejizlik duýanlarynda gelip, biziň maslahatlarymyz, beren göwünligimiz, aýdan umytly sözlerimiz bilen täzeden gaýrata galyp, durmuşa joşgunly ýagdaýda ýaşaýşyny dowam edip biler.

Hawa, jemgyýetçilik durmuşynda, Allah bilen arabaglanyşygy gowşak bolan bize şeýtana garşy göreşmek, kähalatda, eýgertmän biler. Köpimiziň töwerek-daşymyzda, ýüzi nurly, kalby päk, sözleri ruhuňa şypa dostlarymyz bardyr; haçan-da olaryň ýanyna gidenimizde we olaryň ruhy gurşawynyň täsirine düşenimizde, edil Allahyň weli guly bilen ýüzbe-ýüz bolan ýaly duýup bileris. Olaryň sözleri, söhbetleri içimizde buz baglan erbet duýgy-düşünjeleri eredip biler. Käwagt-da, dostlarymyz ruhy taýdan gowşaklyk, erklerinde ejizlik duýanlarynda gelip, biziň maslahatlarymyz, beren göwünligimiz, aýdan umytly sözlerimiz bilen täzeden gaýrata galyp, durmuşa joşgunly ýagdaýda ýaşaýşyny dowam edip biler.

Hawa, Allah (j.j.) ynsany jemgyýet içinde ýaşamaly barlyk hökmünde ýaradypdyr. Bize düşýän möhüm borç, jemgyýetden we jemgyýet içinde oňat ahlakly, päli-niýeti düzüw, ýagşy ynsanlardan, dostlardan daş düşmezlikdir.

e) Wagzu-nesihat diňlemek

Mümkin boldygyça, ýüregiňe ornaşjak nesihatlary yzygiderli diňlemeli. Hawa, bize ýaradylyşymyzyň maksadyny, edilen haýru-şer işleriň hasabat berilmeli pursatyny ýatladyp durýan nesihatlar juda ähmiýetlidir. Diňlänimizde bizi ruhlandyrjak nesihat bolsa, elbetde, dindir.

Adam diýilýän barlyk kalbynyň çuňluklaryna aralaşmasa bolmaýar. Edil şolar ýaly hem adam, kä wagt aglamasa-da aram tapyp bilmeýär. Kurany Kerim: “Olar aglar we özlerini seždä bererler” diýmek bilen gözýaş dökýän ýürekler hakda söz açýar. Eger mümkin bolsa, her gün sahabalardan başlap, soňraky nesillere görelde bolup biljek kämil durmuşda ýaşan beýik danalaryň ýaşaýyş şekillerinden, durmuş ýollaryndan sapak almak üçin, olaryň ömürlerini beýan edýän kitaplary okamaly. Biz öz ruhumyzy şolaryň ruhunda bar bolan gymmatlyklar bilen bezemeli. Şeýlelikde, günsaýyn biziň köňül dünýämiz gunçazarlyga öwrülip başlar we şeýtan bizi taşlap gitmeli bolar.

Edil gündelik hajatlar ýaly, biz öz-özümizi täzeläp durmaly. Bu ýerde täzeläp durmaly diýildigi, seni şeýtandan halas etjek  “dermanlary” köpräk ulanmaly diýildigidir. Bir okanyňyzy ýene bir gezek okaň. Gaýta-gaýta okadygyňça okanlaryň saňa nepi deger. Biz adam bolanymyz üçin, ruhumyzy hem iýmitlendirip durmaly. Wyždanymyz, duýgularymyz nämedir bir zatlar bilen iýmitlenmeli. Ine, bu zatlar hakda oýlanyp, Hakyň ýoluna goşulmaly we özümizi täzeläp durmaly. Ruhumyzy täzeläp durmaly. Kitap okamak, oýlanmak ýa-da wagtal-wagtal ölümi ýatlamak ýaly işler ruhy täzelenişi amala aşyrjak serişdelerdir.

8. Şeýtanyň şerinden goranmak üçin haýsy doga-dilegleri okamaly?

Ýokarda, “Şeýtanyň şerinden nähili goranyp bileris?” bölüminde sanalyp geçilen esaslar amaly dogalar hasaplanyp bilner. Şol sanda-da, köňül we dil arkaly edilmeli dogalar bardyr. Amaly we dil-köňül dogalary bir bitewiligiň aýrylmaz iki parçasydyr; birini edip, beýlekisini ahmal etmek ýa-da terk etmek dogry däldir.

Şonuň üçin dil-köňül arkaly edilmeli dogalar hem hemişe we her ýerde gaýtalanyp durulmaly, asla ahmal edilmeli däldir.

Dil bilen okalýan dogalar diýlende, elbetde, ilkinji nobatda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ündän dogalary ýadyňa düşýär. Söýgüli Pygamberimizden (s.a.w.) şeýtanyň şerinden goranmak, Allaha sygynmak barada birgiden doga-dileg görnüşi bize ýetipdir. Nahardan öň we soň, hajathana gidilende, nika gününde okamaly dogalar we ş.m. ýaly iň ýönekeý işlerden iň bir möhüm meselelere degişli bu dogalaryň ählisiniň ýekän-ýekän üstünde durup, birin-birin gürrüň etmek söhbetimiziň çäginden çykýar. Bu mesele bilen baglanyşykly has giňişleýin maglumat almak üçin bu barada ýazylan kitaplary okamagyňyzy maslahat berýäris.

Toba eden mahalymyz nämelere ähmiýet bermeli?

Bu gün bizi birahat edýän günäler sahabalaryň ýaşan döwründe-de bardy. Yslam dini ornaşmazdan owal zenanlar Käbäni ýalaňaç ýagdaýda togap edýärdi, göterim (prosent), parahorluk, serhoş ediji içgiler we humar jemgyýetiň ruhuny gemirýärdi. Ýöne sahabalar, bularyň ählisinden ýüz öwrüp, Allaha gullugy saýladylar. Onuň ryzasyny gazanmagy maksat edindiler. Ynsan bolandyklary üçin, olaryň hem ýaşlyk duýgulary, höwesleri bardy. Emma, nebisleriniň arzuwdyr isleglerinden ýüz öwürmekleri olary beýiklerden beýik mertebelere göterdi. Ähli wejeralyklary elleriniň tersi bilen itip, aýdyň we päk durmuş ýoluny saýlamaklary, Söýgüli Pygamberimiziň (s.a.w.) yzyna eýermekleri olara örän ýokary fazylat gazandyrdy.

Islendik döwürde-de günä eltýän ýollar, dürli haramlyklar, halal we päk ýaşamagyň öňünde keserip duran päsgelçilikler bardyr. Ýöne, bir zat bize umyt berýär. Eger sahaba şol kyn şertlerde, agyr synaglarda taplanyp, döwrüniň günädir haramlyklarynyň çeňňegine ilişmän şeýle ýokary fazylata eýe bolan bolsalar, bu günki nesliň-de şeýtanyň ýollarynda guran duzaklaryna düşmän, nebsiniň höweslerine erk edip, sahaba durmuşy ýaşamak bilen Ýaradanyň ryzasyny we söýgüsini gazanyp, ebedi bagtyýarlyga gowuşjakdygyna ynanýarys.

Günä laýyna batmagyň şeýle aňsatlaşan döwründe, bilmän eden ýalňyşlyklarymyz we günälerimiz, elbetde, bardyr. Ýöne bize düşýän borç, Rehmet gapysyndan we Ylahy dergähiň işiginden aýrylmazlykdyr.

Çagalygymda, goýunlarymyza garawullyk edýän we gapymyzdan hiç aýrylmaýan bir itimiz bardy. Men onuň bu sadyklygyna we wepalylygyna haýran galardym, onuň bilen bile oýnap, boýnundan gujaklardym we oňa ýygy-ýygydan nahar bererdim. Meseläniň saglyk bilen baglanyşykly tarapynyň jedeli edilip bilner. Men ýöne bu ýerde diňe bir duýgymy beýan etmek isleýän. Gol açyp Rebbimden dileg edenimde, şol hadysany hem ýatlap, “Rebbim, diňe sadyklygy sebäpli men şol ite nähili dost hökmünde garan bolsam, Sen hem Seniň gapyňdan aýrylmaýan we başgalaryň, başga zatlaryň öňünde dyz epip, gulluk etmeýän şu günäkär guluňy bagyşla” diýýärin.

Biz gul hökmünde ýalňyşlarymyzy, günälerimizi boýun alýarys; soňsuz rehmetine umyt baglap, Hak tagaladan bu günälerimiziň bagyşlanmagyny dileýäris.

Durmuş ýolunda büdrän, ýalňyşan mümin toba gapysyna ýönelende şu zatlara ähmiýet bermelidir.

1. Günäleriň ömrüni uzaltmazlyk.

Haýsydyr bir ýerde büdräp, günä girdabyna düşen mahalymyz, wagt ýitirmän toba hem-de istigfar bilen päklenmeli. Päklenip, şol günä işden ýüz öwürmeli. Çünki, garaşylmadyk bir wagtda, belki bir sagat soň, egnimizdäki şol agyr ýük bilen bu dünýäden gitmegimiz ahmal. Kämil ruhlar günä iş edensoň, toba kylyp päklenmeseler asla ynjalmazlar, gijelerine ýatyp karar tapmazlar. 

Günäniň iň az wagt saklanyp biljek ýeri, müminiň kalbydyr. Ol ýerde goýberilen ýalňyşlyklar gysga wagtlygynadyr, Günüň ýagtylygy bilen aramyzda perde bolýan ötegçi bulutlar ýalydyr. Derrew geçip gitmelidir. Toba etmekde wagt ýitirilmegi, ruhuň şol derejede garalmagyna sebäp bolýar; şol derejede günäniň köňülde ornaşmagy ýeňilleşýär. Şonuň üçin, muňa ýol bermezden, ýalňyşlyk we günäniň şekli we ululygy her nähili hem bolsa, ynsan derrew özüne gelip, Rebbiniň rehmet gurşawyna girmelidir.

Ýolda geçip barýarkaňyz, islemän gözüňiz görmesiz zada ilende, siz içiňizi gürledip: “Ah! Men näme iş etdim. Bar süňňüm bilen Allaha ýönelmeli wagtym, başga zatlara gözüm ildi. Emma men şonda gözümi ýumup bilerdim. Has uzagrak ýerden aýlanyp geçip gidip bilerdim we ş.m diýip bilýän bolsaňyz ýa-da derrew wagt ýitirmän şol işlenen günäden soň Ýaradanyň huzurynda dyz epip bilýän bolsaňyz, eden etmişiňiz sebäpli gursagyňyz daralýan bolsa siz, elbetde, doly manyda toba etmegi başarypsyňyz. Bu elbetde adamyň şol pursatdaky ruhy ýagdaýy bilen baglanşyklydyr. Şeýle pursatlar bardyr, eden günäňiz sebäpli perýat edip, günäňiziň bagyşlanmagy üçin doga-dileg edersiňiz; näçe göz ýaş dökseňizem kalbyňyz aram tapmaz. Ýöne, enşalla, dynuwsyz size azar baryny berýän şol ünji Allahyň dergähinde toba hökmünde kabul bolsa gerek.

Günäleriň ömrüni ýekeje sekuntlyk uzaltmak bilen, adam özüne iň uly ýamanlygy edýändir. Has takygy, ol beýle etmek bilen Allahyň öňünde bir sekuntlyk artyk biýedeplik kylýandyr. Eger edilen günä toba bilen derrew arassalanmasa, ol, kalbyňy zäherleýän ýylana öwrüler. Bir gezek tegmil degen ýürek soň-soňlar garalyp ugrar. Şeýdip adam ýoldan çykmak bilen bolar. Sebäbi her işlenen günä, eger toba edilmese, täze günälere ýol açar.

Hawa, toba etmek diýmek–puşman bolmak, eden işiňe çyn ýürekden ökünmek diýmekdir. Şonuň üçin hem uly günälere ýanaşmagy içýana ýa-da ýylana ýanaşmak ýaly hasaplamaly. Müminiň günädir haramlara garaýşy şeýle bolmaly.

Bu sebäpden, adamlaryň aň-düşünjesini elmydama päklige öwrüp, olara bu hakykatlary düşündirmek we olaryň günäden daşda durmagyny gazanmak juda wajyp meseledir. Eger güýjüňiz ýetse, günä işleriň, haramlyklaryň nikabyny syryp, adamlara onuň hakyky reňk-petsiz, bedroý ýüzüni görkeziň. 

 

2. Parz we nepil ybadatlarymyza dowam etmek

Sahabalardan biri ýyldyrym uran ýaly perişan halda Allahyň Resulynyň huzuryna gelýär we “Ýa Resulullah, men ýandym, kül boldum... Gelýärkäm, ýolda gözüm bir nämähreme ildi” diýýär. Onuň bu köňülden puşmanlygy garşysynda, göýä, Arş-y Agla titreýär we şol pursat Jibril dadyna ýetişip, şu aýaty getirýär:

“Gündiziň iki tarapynda (Ertir, öýle we ikindi), gijäniň hem ýakyn sagatlarynda (agşam we ýassy) namaz kyl. Çünki edilen ýagşylyklar erbetlikleri (günäleri) giderer. Bu öwüt almak isleýänler üçin oňat ýatlatmadyr.” (Hud, 114).

Aýratyn hem berzah äleminiň nury hökmünde bolan tehejjüt namazyna turmak, ukynyň iň süýji wagty bolan şol pursatda, Rebbimize mynajat kylmak edilen ýalňyşlyklary we günäleri iň gysga wagtda tämizleýji esaslardan biri hasaplanyp bilner.

Gijäniň ýarynda, hawf we reja (Allahyň gazabyndan gorky we rehmetinden umyt) bilen doly köňlüň ýalbaryşlary Hak tagala tarapyndan, elbetde, hoş garşylanjakdyr. Kylynmagy parz bolan bäş wagt namaz wagtlarynda bil büküp, seždä barmak günüň dowamynda şol namaz wagtlarynyň arasyndaky günälerimiziň bagyşlanmagyna sebäp bolýan bolsa, nepil we tehejjüt ýaly ybadatlarymyz bilen hem Rebbimiziň ryzasyny gazanjak bolmalydyrys.

3. Ýagşy dostlar edinmek

Biziň ünsümizi diňe oňatlyklara ýöneltjek we nesihatlary bilen ruhy dünýämizi päklejek dostlar edinmek we mümkingadar olar bilen ýygy-ýygydan duşuşyp durmak, bile bolmak hem ynsany dürli erbet düşünjelerden, haram laýyna batmakdan daşlaşdyrar.

4. Günäni ýigrenmeklik

Günä iş edenimiz üçin edýän tobalarymyzyň iň esasy sütünlerinden biri hem günäni üýşendiriji, ýürek bulandyryjy zat hasaplamakdyr. Günäni ýigrenmeseň, ondan ýylandan-içýandan çekinişiň ýaly çekinip bilmersiň. Ondan çekinmeseň bolsa, doly manyda toba edip bilmersiň. Mysal üçin siziň eliňizde gymmat bahaly kristal güldan bar bolsa, siz ony eşrepi deýin saklarsyňyz. Ony gaçyryp döwäýseňiz, nähili gynanarsyňyz. Edil şonuň ýaly hem, eden her günä işiňiz bilen, eliňizdäki durmuş güldany döwülmegiň bäri ýanyna barýar diýmekdir. Bäş şaýylyk maddy güldanymyzy döwenimizde, ony eziz görýändigimiz üçin nähili ünjä batýan bolsak, günä iş edenimizde-de, durmuş güldanymyzyň çat açmagyna sebäp bolandygymyz üçin gynanmagymyz gerek bolmazmy?!.

5. Günä barabar toba etmeklik

Her bir günä işe, onuň ululygyna barabar toba etmek gerekdir. Sebäbi günä işe baş goşmak, gurruk guýa gaçmak ýalydyr. Guýudan çykmak üçin bolsa, onuň çuňlugyna barabar güýç sarp etmeli bolýar.

6. Günäniň günäligini boýun almak

Içimizden, günä hasaplanan zatlara närazyçylyk hökmünde dörän her bir pikir, günä işlemek ýalydyr. Mysal  üçin, zyna eden bir adamyň, mahal-mahal içinden “Allah zynany näme üçin gadagan etdikä?” diýip iňkise gitmegi, uly günä işlemek ýalydyr. Biz günäleriň öňünde ýan bermän “Eý günä! Biderek ýere ýadama, köňül gapysy seniň üçin gulpludyr, içeri girip bilmersiň” diýmelidiris.

Günäden ýylandan, içýandan çekinişiň ýaly çekinmeli. Bu ýerde gaplaň ýa-da ýolbars diýmän, ýylan we içýan diýdik. Sebäbi gaplaň mert ýyrtyjy; göni üstüňe topulýar. Ol üstüňe gelýän wagty, goranyp bilersiň. Ýöne ýylan bilen içýan beýle däl; olaryň haçan we nireden hüjüm etjekleri nämälim. Günäleriň we haramlaryň hem haçan we nirede garşymyza bizi toruna düşürjegi belli däldir.

Unutmalyň! Günälerden goranmak, harama baş goşmazlyk diýmek, Allaha wepaly bolmak diýmekdir. Eden günämiziň günäligini boýun alyp, geliň toba gapysyna ýöneleliň we Beýik Biribaryň merhemetinden,  awf-u-magfiretinden asla umydymyzy üzmäliň.

Nebis we şeýtanyň durmuşymyzdaky orny

Käbir adamlar şeýle diýýär:

- Şeýtanyň aldawlary sebäpli ynsan günä gazanýar, erbet işlere baş goşýar. Şeýtan bolmasa, nebis ara girmese ynsan günä işlemezdi, haramlara sürçüp, büdremezdi. Käşge şeýtan we nebis ýaradylmadyk bolsady?!

Göräýmäge dogry we ýerlikli arzuw ýaly görünýän we iman bilen baglanyşykly meseleleri ele alýan eserlerde giňişleýin düşündirilen bu düşünjä has içgin çemeleşilse, onuň nähili ýalňyşdygy, ynsanyň kämilleşmegine tersdigi ýüze çykýar. Bu düşünjäniň tersine, şeýtanyň barlygynyň ynsanyň beýgelmegine sebäp bolýandygy, nebsi bilen jeň edip, ony jylawlap bilen ynsanyň ýokary derejeler gazanýandygy görülýär.

Bu älemde käbir mahluklar bolup, olarda diňe nebis höküm sürýär. Bular haýwanlardyr. Biz ynsanlar bu jynsdan däldiris.

Ýene bir topar mahluklar-da, diňe akyllarynyň täsirindedir. Bular-da meleklerdir. Biz ol topardan hem däldiris.

- Näme üçin biz bu toparlardan däl?

Çünki, bularyň her ikisid-de iň kämil barlyk däldir. Mertebeleri üýtgewsizdir, ine şonuň üçin.

Haýwanlar diňe nebis bilen çäklendirilendikleri üçin, çz derejelerinden hiç wagt beýgelip bilmezler; hut şonuň ýaly-da, melekler hem özlerine diňe akyl berlendigi üçin, nebisleri ýokdugy üçin has ýokary derejä göterilip bilmezler. Bu ikisiniň arasynda Rebbimiz ynsan jynsyny ýaradypdyr. Onda hem nebis we şeýtan, hem-de akyl we iman öz hökmüni ýöredip, täsirini görkezýär. Ýagny ynsanda hem haýwanlyk hem-de meleklik sypatlary bardyr.

Ýaradylyşynda bar bolan bu iki gapma-garşylyk onda beýgelmek ýa-da peselmek ölçegi bolup durýar. Nebis we şeýtany ony haýwanlyk tarapyna çekse, akyl we imany-da melekleriň derejesine götermäge çalşar. Ynha bu iki dartyş güýjüniň täsirine düşen ynsan, akyl we iman tarapyna güýç berip, nebis we şeýtana boýun egmezlik bilen, uly jihadyny edip, ýokary ynsanyýet we yslamyýet sypatlaryna eýe bolup, Jennete laýyk hala geler; hatda melekleriň derejelerini hem geçmek mümkinçiligine eýe bolar.

Çünki meleklerde nebis ýokdugy üçin, synag we göreş hem ýokdur. Göreş we synag bolmasa, beýgeliş hem bolmaz.

Ynsanda bolsa, hem nebis we şeýtan, hem-de akyl we iman öz täsirini ýetirip duransoň, bu iki dartyş güýjiniň arasynda galan ynsan, erkini ulanmak arkaly iman we akyl tarapyny saýlap, nebis we şeýtan bilen çynlakaý göreş edýär. Ynha ynsany ynsan edýän, oňa meleklerden hem ileri geçmek mümkinçiligini berýän esas, nebis we şeýtan bilen edýän göreşidir.

Diýmek, nebis we şeýtan biziň kämilleşmegimize sebäp bolýan eken we barlyklary bize zyýan däl, peýda getirýän eken. Esasy zat, biz akyl we imanymyzyň ýeňiş gazanmagy üçin göreşeliň, nebis we şeýtana tabyn bolmalyň.

Sowallara jogaplar

- Köplenç boş wagtymyz, şeýtan özüniň dürli hile-pirimleri bilen bize hüjüm edýär. Ine, şeýle ýagdaýlarda, kämahal erkimiz ejiz gelýär. Siz nähili maslahat berýäňiz?

- Ilki bilen şeýtanyň ýoldan çykaryjy was-wasalaryna we onuň oýarýan erbet pikirlerine jogap hökmünde, namaz bilen Ýaradanyň huzurynda diz epip, seždede tekepbirlikden saplanyp “Allahym! Seniň rehmetiňe sygynýan” diýmeli we Rebbimiziň hemaýatyna girmeli.

“Köplenç boş wagtymyz, şeýtan özüniň dürli hile-pirimleri bilen bize hüjüm edýär” sözüniň özi hem bir hakykaty tassyklaýar. Hakykatdan hem şeýtan, esasanam boş, işi ýok adamlara musallat bolýar. Şeýtan, hiç zat etmän gezip ýören, jemgyýete peýda getirmeýän we ýygy-ýygydan özüni gözden geçirmeýän adamlaryň ýakasyndan ýapyşýar. Onuň ýaly bolsa biz ilkinji nobatda bihuda wagt geçirmeklikden daşlaşyp, mydama hereketde bolmagyň ýollaryny agtarmaly.

Eger-de şeýtan köplenç biziň ýaltalygymyzdan peýdalanyp, boş wagtymyz kellämize dürli erbet pikirleri getirýän bolsa, bizi ýalňyş ýollara iterýän bolsa, biz hem bihuda wagt geçirmän, mydama Rebbimiziň halan işleri bilen gumra bolmaly.

Gysgaça aýdanyňda, biz Hakyň ýolunda bolsak, Ol bizi, biziň hem-de Onuň duşmany bolan, şeýtanyň duzagyna düşürmez. Oýlanyp görüň. Eger biz Oňa wepa bersek, ol bize näme üçin goltgy bermesin? Elbetde, Ol biziň erbet ýola düşmegimize ýol bermez. Hawa Ol öz kitabynda “Siz sözüňizde duruň. Maňa wepaly bolsaňyz, menem size wepaly bolaryn” diýýär. Biz onuň ýolundakak, Allah bizi şeýtandan gorar. Ol bizi uky humaryndan oýarar we bizi şeýtanyň şerinden halas eder. Edil Pygamberimiziň birnäçe egindeşlerini şol girdapdan halas edişi ýaly. Hawa, adam çig süýt emen. Pygamberimiziň egindeşleriniň hem ýalňyşan ýeri bolupdyr, ýöne Rebbimiziň rehmet eli olaryň dadyna ýetişip, olaryň nazarlaryny baky äleme öwrüp durupdyr. Yhlas bilen Hakyň ýolunda ýöremäge çalşan her bir adam öz durmuşyna göz aýlasa, uçut gaýalardan aşaklygyna gaýdaýmaly pursatlary bolandyr. Ýöne şeýle pursatlarda, Beýik Biribar bir sebäp ýaradyp, onuň elinden tutandyr.

- Şeýtan özüniň dowzaha gitjegini bilse-de näme üçin küpüre dowam edýär?

- “Şeýtan” Hakyň dergähinden kowlan, rehmetden daşlaşdyrlan diýmekdir. Ol,  hakykaty asla eşitmejek derejede Hakdan daşlaşyp, şer işlere maýyl bolandyr. Şeýtan ilki bilen öz tekepbirligi bilen ýan berendir. Mysal üçin ol “Men ondan haýyrly” diýipdir. Şeýlelikde, şeýtan özüniň ilkinji başbozarlygyny edipdir. Ol şeýle diýmek bilen özüni erbetlikleriň girdabyna oklapdy. Ahyry içdäki tekepbirlik daşyna çykansoň, şeýtanyň şeýtanlygy ýüze çykypdyr.

Şeýtan aldawyna düşen Hezreti Adam hem ýalňyşyp gadagan miwä el uzadypdy. Ýöne Hezreti Adam ýalňyşandygyna düşünip, wagt ýitirmän dyz epip: “Rebbim, özümize zulum etdik. Eger bagyşlamasaň, barymyzy-ýogymyzy ýitirenlerden bolarys” diýip ýalbarýar. Hezreti Adam tobasy sebäpli halas bolýar. Şeýtan bolsa şeýtansumak bahanalary bilen ketjallygyna tutup, toba gapysyna ýönelmeýär. Özüne duýduryş berlende, ýalňyşyny boýun alman “Men ondan (Hz. Adamdan) has haýyrly” diýip, Rebbiniň emrine garşy hereket edýär.  Ylahy dergähden kowlansoň, adamzadyň ganym duşmanyna öwrülýär. Ine, ol näme diýýär: “Seniň uluhiýetiňe söz berýän, olaryň hemmesini ýoldan çykarjak”. Başga bir aýatda bolsa ol şeýle diýýär: “Saglaryndan, sollaryndan, öňlerinden, arkalaryndan gelerin we olaryň köpüsini şükür etmeýän halda görersiň. Mydama naýynsaplyk ederler. Seniň nygmatyňy iýip, başgalaryna gulluk ederler. Nygmatlaryň içinde ýüzselerem seni tanamazlar ” (Araf-17). Kurany Kerimde başga-da köp ýerlerde şeýtanyň adamzat nesline duşmançylygyndan söz açylýar. Şeýtan garşy çykdy we Allah tarapyndan dergähden kowuldy. Has soň şeýtan özüniň gara niýetine doly boýun boldy. Ol adamlary aldadygyça Hakdan daşlaşdy. Daşlaşdygyça azyp, adama bolan göripligi, duşmanlygy möwç urdy. Netijede bolsa şeýtanyň kalbyna, erbetlik möhri basyldy. Şeýtan mundan beýläk asla saplanjak däldi we ol indi rehmetden doly mahrum edilipdi.

Ynsan juda ähmiýetli barlyk. Ol özüne bagyş edilen artykmaçlyklary dogry peýdalanyp bilse, perişde ýaly päk bolup bilýär. Taryhda käbir jemgyýetlerde, käbir halklarda gan dawalary bolupdyr. Haýsydyr bir maşgaladan ýa-da tireden öldürilen bir adam üçin beýleki tireden, topardan onlarça adamyň ömür tanapy ýolnupdyr. Gan dawasyna baş goşan adamyň ýüreginde bagyşlamak däl-de, duşmançylyk, ar almak ýaly duýgular at salar.  Ol gahar-gazaby bilen jähennemiň alawly ataşyny ýatladyp durandyr. Nähili öwüt-nesihat etseňiz hem, aňsat-aňsat sizi diňlemez. Ine, şeýtan hem öz ömrüniň her bir sekundynda Hz. Adamyň nesillerine garşy şeýle duýgulary başdan geçirýändir. Ol  gahar-gazap, göriplik bilen dolup-daşyp duran barlykdyr.

Dogry ýoldan aýrylmazlyk

Ruhy ägirtlerimizden Şah-y Nagşybendi hezretlerine bir kişiniň keramatlary barada gürrüň berýärler: “Daň säherler Käbede namaz kylýarmyş” diýýärler. Nagşybendi hezretleri “Möhüm däl” diýýär. “Akar derýanyň üstünden ýöräp geçýärmiş, aýaklaryna suw degenokmyş”; “Palçykly meýdanda namazlygyny howa boşlugynda ýazyp, ybadatyny berjaý edýärmiş” ... Nagşybendi hezretleri bularyň ählisine “Möhüm däl” diýip jogap berýär. Bu garaşylmadyk jogaby eşidip haýran galan töweregindäkiler:

- Hormatly pirimiz, ol möhüm däl, bu möhüm däl bolsa, siziň ücin möhüm bolan zat näme?

Şah-y Nagşybendi hezretleri kitaplara barabar şeýle jogap berýär:

- Meniň üçin möhüm zat bu keramatlary görkezip biljek derejä ýetmek däl, ynsanyň ýeten bu derejesini sabyr bilen, wepalylyk bilen, pespällik bilen (ömrüniň) soňuna çenli saklap bilmegidir, saklap bilmegi!..

Nagşybendi hezretleri sözlerini şeýle dowam etdirýär:

- Unutmaň! Şeýtan hem bir wagtlar perişdeleriň mugallymy derejesindedi. Emma bu mertebesi sebäpli tekepbirlik etdi, özüni özgelerden artyk saýyp, ýalňyşyny boýun almady. Şonuň üçin-de perişdelere ders berip ýörkä, birdenkä ifsat (azgynlyk) çukuryna düşdi!..

Nagşybendi hezretleriniň bu wajyp duýduryşy barada her birimiziň çuňňur oýlanmagymyz gerek. Hakykatdan hem şu wagt biz dogry bir ýoldan barýan bolup bileris. Emma, bu geljekde hem bu ýolda boljakdygymyza kepil geçmeýär. Ertirki gün käbir ugursyzja zatlary bahana eden nebsimiz we şeýtan bize was-wasa berip ýoldan çykarmak isläp biler. Biz-de ýalňyş ugra ýykgyn edip bileris...

Ruhy gymmatlyklaryna pugta bagly, dogry ýoldaky ynsan nähili bozulyp, ýoluny urduryp biler?

Ynha, ruhy ägirtlerimizden ýene biriniň bu barada aýdanlary:

- Päli, ýoly düzüw adamyň niýetiniň üýtgäp, bozulmak hadysasy örän haýal we ümsüm bolup geçer. Hat-da kämahal bir pursatlyk gaflatda galmak, jemagatdan sähelçe wagt aýry bolmak azaşyp, ýoluňyzy ýitirmegiňize sebäp bolup biler. Her niçigem bolsa, bu kişiler özlerini şol bir ugurda barýandyr öýdýändikleri üçin, minaranyň çür başyndan gurruk guýynyň düýbüne düşendiklerinden bihabar galarlar.

Wah, diňe bir bihabar galsalar hem mesele ýok. Beýleki ynsanlara güwnüýetmezçilik etmeklerine näme diýmeli?!..

Jeň meýdanyny terk edenler, her gaçgak we dönükde bar bolmagy adaty bolan günäkärlik duýgusynyň täsiri bilen, özlerini aýyplatmazlyk üçin mömin doganlaryny tankyt ederler. Bu ýagdaýdaky adamlaryň bu azgynlykdan gutulyp, täzeden öz ýollaryny tapmagy mümkin däl ýalydyr. Ynsan, ýazygyny boýun almagy başarmaly, ilki!.. Adam aleýhisselam büdrän pursaty ýazygyny boýun almak bilen bir demde öz ornuny alandygyna garamazdan, Iblis nebsini aklap, günäsini boýun alman, (perişdeleriň halypasy derejesinden ynsanlary azdyrmak çukuryna düşýär we) Iblisliginde galýar.

Diýmek, dogry ýolda bolmak ýeterlik däl. Bu ýoly ömrüň ahyryna çenli dowam etdirmek hem zerur. Ýogsam, heran-haçan toba-istigfary unudyp, nebsine bil baglap, ýazygyny kabul etmezlik, ynsany minara başyndan guýy düýbüne düşmek ýaly elhenç netijelere eltip biler.

Günäden soňky puşman

Köçede, ulagda, işde... Günälerimiz bizi kölege ýaly yzarlaýar. Biz her pursatda günäleriň hüjümine duçar bolýarys.

Pygamberimiz (s.a.w) bir hadysynda “Amallaryň fazylaty, çekilen kynçylyga görädir” diýýär. Resu­lalla günäleriň çar ýandan hüjüm edýän döwrüniň musulmanlaryna ýüzlenip, şeýle diýýär:

“Ymmatymyň arasynda azgynlyk ýüze çykyp, bitewilik bozulan döwründe sünnetim bilen amal eden sabyrly mömine ýüz şehit sogaby berler.”

Bu gün ymmat arasynda bitewilik bozulandyr. Adamlar nähili durmuşda ýaşamalydygyny, kime öý­künip, kime meňzemelidigini bilmän, güzap çekýärler. Kimileri günbatara, kimileri gündogara, köpler bolsa keseki jemgyýetlere öýkünmäge höwesek...

Şeýle aljyraňňy ýagdaýda durmuşyny Resulal­lanyň sünnetleri esasynda, päk we eziz ahlak ölçeg­lerine görä ýaşaýan musulmana ýüz şehit sogaby berler. Muny Resulalla sünnetinde açyk-aýdyň bildirip, özünden onlarça asyr soňra geljek günäleriň köpçülikleýin hüjümleriniň öňünde aljyraňňy ýagdaýa düşen musulmanlara buşlapdyr.

Size bu mowzukda bir wakany gürrüň bereýin.

Abdyrahman ogly Salabe Resulallanyň hyzma­tynda bolup, bu bagtyň özüne miýesser edendigi için her pursatda Haka şükür edýär ekeni. Bir gün Resulalla ony sahabalardan biriniň öýüne iberýär, öý eýe­sini çagyrmagy haýyş edýär. Salabe wagt ýitirmän ýo­la çykýar we sahabanyň öýüne gelip, gapydan içerik se­redýär. Gapy bilen diwaryň arasyndaky deşikden içerini synlan Salabe bir zenanyň ýuwnup duran­dygyny görýär.

Derrew ýüzüni öwürmelidigi ýadyndan çykyp, şeý­tana we nebsine uýup, deşikden jyklamagyny dowam edýär. Resulalla aleýhissalam harama we nämähreme seretmek ynsana günä gazandyrmasa-da, bilgeşleýin seredeniň azaba duçar boljagyny aýdýardy. Emma şol pursatda bular barada pikir etmeýär.

Derrew özüne gelen Salabe nebis we wyjdanyny hasaba çekmäge başlaýar. Elhenç gorky bütin durkuny gaplaýar. Amanada hyýanat edendigi, Resulallanyň -ynam bildirip-iberen öýüniň içindäki nämähreme seredendigi, musulman doganynyň nikalysyna nazar dikendigi... barada oýlanýar.

Oýlanydygyça galpyldap başlaýar. Özüni, günäleriň aşagynda ezilip barýan ýaly duýýar. Ahyry “Men mundan soň Resulallanyň huzuryna barmaga laýyk däldirin” diýen netijä gelýär.

Medineden çykyp, Mekgä ugraýar. Soň ýüzüni çöle tarap öwürýär.

Salabä garaşýan Resulalla ol wagty bilen dolanmansoň aladalanyp başlaýar. Aradan bir gün, iki gün, bir aý geçýär. Dürli myş-myşlar ýaýrap başlaýar. Kyrkynjy gün diýlende şu wahyý inýär:

“Salabe, Mekgä tarap gidýän ýolda, garşylykly duran iki uly dagyň düýbindäki derede gam-gussa içinde toba we istigfar edýär. Gynanç we ahmyry örän ulydyr!”

Resulalla derrew:

“Eý Omar, Selmany hem ýanyňa al-da, derrew Jebraýylyň salgy beren ýerine git we Salabäni tapyp getir.” diýip, buýruk berýär.

Atlaryna atlanan, iki sahaba, ýola düşýär. Salgy berlen iki dagy tapýarlar. Şol ýerde bir çopana duşup, ondan Salebäni soraýarlar:

Çopan: “Günälerine puşman edip, birnäçe günläp şu deräniň düýbünde gözýaş döküp aglaýan adamy gözleýärsiňizmi?” diýip, onuň ýatan ýerini görkezýär.

Emma eden günäsiniň getirjek azabyndan gorkusy Salabäni uzak ýaşatmaýar.

El-Isabe bu wakany gürrüň berýärkä, şeýle diýýär:

“Salabe b.Abdyrahmanyň hassalygy-da, ölümi-de günäsinden utanjyndan we ahmyryndan bolandyr!”

Gürrüňimi bir hadys bilen soňlamak isleýärin:

“Musulman günäsini başyna ýykyljak dag ýaly elhenç görer, müňkür bolsa burnunyň ujuna gonan siňek kibi kiçi hasaplar!”

Haçana çenli toba etmeli?

Günäni bir gara tegmile meňzetsek, tobany-da bu tegmili öçürýän bozguja meňzedip bileris. Günä iş eden mümin ynsanyň ilkinji borjy toba bozgujy bilen bu günäni öçürmek we gaýdyp ol işi etmezlige çalyşmakdyr.

Resul-y Ekrem:

- Günäsine toba eden, günä iş etmedik ýalydyr – diýmek bilen, nebsinden ýeňlip, ýalňyşan ynsany derrew toba etmäge çagyrýar. Eger günä iş eden ynsan yhlas bilen toba edip, gaýdyp şeýle günäni işlemezlik üçin gaýrat görkezse, göýä günä iş etmedik ýaly, Rebbimiz ony günälerinden päklär.

Munuň üçin ynsanyň ýürekden puşman edip, tenha ýerlerde günäsine gözýaş dökmegi zerurdyr.

Bu gözýaşlary Rebbimiziň dergähinde şeýle bir makbul we gadyrlydyr — deňizleriň söndürip bilmejek dowzah ataşyny birnäçe damja göş ýaş söndürip biler.

Bir adam gelip, ymam Ala şeýle sowal bilen ýüzlenýär:

- Eý ymam, men günä etmezlik üçin näçe gaýrat etsem-de, ýene-de günä laýyna bulaşýaryn. Aýdyň, men näme edeýin?

- Toba et!

- Ýene günä etsem?

- Ýene toba et!

- Haçana çenli toba edeýin?

- Günäni terk edýänçäň!

Hawa, wyjdanyňyzda yzasyny duýýan günäňizi terk edýänçäňiz toba dowam etmeli.

Şonuň üçin bir hadysda:

- Allah gulunyň soňky demine çenli onuň tobasyny kabul eder – diýilýär.

Aslyýetinde, günäden daşda bolmak, asla günä ýakynlaşmazlyk baş maksadymyz bolmalydyr. Çünki her günä içre küpüre eltýän bir ýol bardyr. Ol günä toba-istigfar bilen ýok edilmese, eýesini barha küpüre tarap iter.

Üns berýän bolsaňyz, dini ýaşaýyş terzinden daşlaşýan ynsanlar köpüsi günä edýän adamlardyr. Günäler olaryň gözüne dini ýaşaýşy şeýle bir kyn görkezýär welin, göýä bir ynsanyň beýle düzgün-nyzamly durmuşda ýaşamagy mümkin däl ýalydyr.

Günäden daş durýan ynsan hem günäkäriň gözgyny durmuşyny şeýlekin agyr we näpäk görýändir we beýle ýagdaýa düşmekden, beýle durmuşda ýaşamakdan gora diýip Allaha sygynýandyr.

Ynsany ruhy taýdan göýdükleşdirýän zat günä işe baş goşmazdan öň, umytzylyga düşmegi, “Menden adam bolmaz” diýip, öz-özüni ynandyrmagydyr. Mundan has erbet göýdüklik bolup bilmez. Rebbimiz, näderjede günäkär hem bolsa, ynsanyň umydyny ýitirmezligini isleýär we şeýle sowal bilen ýüzlenýär:

- Siziň günäňiz köpmi ýa-da meniň rehmetim?

Ýeri, haýsy biri has köp?