بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Șapygy (goý, Beýik Taňry oňa rehimdarlyk etsin!): «Ylmyň bir aýratyn tarapy – ondan sähelçe zat öwrenen kişi şatlanar, ondan paýy bolmadyk adam bolsa mydama gussaly bolar» diýdi.

Başy » «Zaman» gazeti » DOSTLUK - WEPA

Wepaly ynsan Hakyň dergähinde-de, halkyň öňünde-de  hormata mynasypdyr

Wepa dostluk yklymynda ýetişen güldür. Wepa birmeňzeş duýgulara, düşünjedir hyýallara eýe ynsanlaryň degresinde öwüsýän mylaýym ýeldir. Hawa, ol söýginiň, mähriň bagynda boý alar, öser, duşmanlyk yklymynda bolsa, solmak we çüýremek bilen bolar.

Wepany ynsanyň köňli bilen bitewileşmegi diýip kesgitleýänlerem bar. Bu kesgitleme, bärden gaýdýan hem bolsa, ýerliklidir. Dogrusy, kalby we ruhy durmuşy bolmadyklara wepadan söz açmak kyndyr. Gürlände dogry gürlemek, berlen sözlere, edilen kasamlara wepaly bolmak köňül durmuşy harap bolmadyk ynsanlara mahsus häsiýetdir. Hiledir ikiýüzlüligiň girdabyna düşenleriň, her gezek beren sözüne, andyna ters hereket edýänleriň we jogapkärçilikleriniň agyrlygyny gerdeninde, has-da möhümi, kalbynda duýmaýanlaryň köňül dünýäsiniň abatdygyna ynanmak mümkinmi? Bular ýalylardan wepa garaşmak bolsa, gaflatdan we aşa sadalykdan nyşan dälmi?

Hawa, wepasyza bil baglan, öňünde-soňunda puşmandan iki büklüm bolar. Biwepany ýoldaş edinen, ýolda galar. Wepasyzy ýolbelet saýlanyň gözi hijrandan dolar:

“Wepa garaşyp ondan

Doldy gözüm hijrandan.

Galdym ýollarda ýalňyz

Mahrum dertden-dermandan.”

Ynsan wepa duýgusy bilen ynama girer. Wepa binýadynyň üstünde gurlan maşgala ojagy sarsmaz. Millet bu duýgy bilen belentliklere göteriler. Wepanyň ýok ýerinde ne kämil şahsyýet galar, ne maşgalanyň bagtyýarlygyndan söz açyp bolar. Wepadan mahrum şahsyýetler bir-birine müňkür, wepa binýadynyň üstünde gurulmadyk maşgalalaryň her güni gowgalydyr. Biwepa ýolbaşçy öz golastyndakylaryň meselelerine  biperwaýdyr.

Bir maksada ömrüňi bagyşladyňmy, biri bilen dostluk gurduňmy?..  Gerek bolsa, gypynç etmän ber janyňy ol ugurda; emma wepaňdan dänme! Çünki wepaly ynsanlar Hakyň dergähinde-de, halkyň öňünde-de  hormata mynasyp bolýandyrlar.

Adam aleýhisselam öňünde ýapylan gapylary köňlündäki syrly wepa açary bilen birin-birin açdy we "gufran” çeşmelerine ulaşdy. (Gufran: Hak tagalanyň günäleri bagyşlap örtmegi, rehmeti). Şol bir hadysada azgynlaşan şeýtan bolsa, göz görtele özüni biwepalyk girdabyna oklady.

Tupan pygamberi Hz. Nuh aleýhisselam hem asyrlap dowam eden ezýetli, emma wepaly durmuşda ýaşady. Çagyryşlaryň, duýduryşlaryň halkyna täsir etmezligi onuň Rebbine bolan wepa duýgusyny azaldyp bilmedi. Ýer we gök gazap bilen ynsan nesliniň üstüne sürnen pursadynda, şol sarsmaz wepasy onuň halasgär gämisi boldy.

Hakyň dosty we nebileriň atasy Hz. Ybraýym Nemrudyň ataşyna kükregini gerýärkä, nähili wepalydy! Onuň gökleri lerzana getiren wepasy alyslardan gelen rehmet demleri bilen birleşip, dowzahpisint alawyň bagryny salkyn we salamatly mekana öwürdi.

Nebileriň Serweri, älemlere rehmet diýlip iberilen Hakyň Resuly (s.a.w.) başga hiç kime nesip etmedik magraç syýahatyna ruhundaky wepa duýgusy bilen mynasyp boldy. Hawa, ol bu duýgy saýasynda perişdeleriň hem baryp bilmedik yklymlaryna ulaşdy we pany barlyklardan hiç biriniň ýetip bilmedik mertebesine ýetdi. Soňra-da, gözleri gamaşdyrýan we köňülleri haýrana goýýan ol bagtyýarlyk älemini ummatyna bolan wepasy sebäpli terk edip, dostlarynyň arasyna dolandy. Ummatyna bolan wepa duýgusydy Oňa (s.a.w.) jennetleri we hüýrleri unutdyran...

Hak rehmetine gowşanlaryň ählisiniň haýyr-hasenat depderleri wepa bilen möhürlendi. Ähli ýolda galanlaryň, ýoluny urduranlaryň depderine bolsa, biwepalyk tagmasy goýuldy. Hawa, Hakyň, halkyň, dostlarynyň öňündäki jogapkärçiliklerini iki ädim ileri äkidip bilmän, biwepalyk edip, olary ýarpy ýolda terk edenleriň depderine şol gara tagma basyldy. Hususan-da mukaddes ýüküň astynda, mukaddes ýolda ýarym gün hem çydam etmän, ugruny üýtgedenler azgynlar toparyna goşuldy.

Wepasyzlaryň biwepalygy zerarly geçmişden bu güne näçe juwanmertlikler ýag ýaly eredi, gülleriň ýerini tikenler aldy; näçe gezek asuda asmanlary zulmat bulutlary gaplady we näçe gezek “Bag ýandy, bagban öldi”, “Petek dargady, bal bozuldy” diýleni boldy. Ýalan we töhmetiň ýesiri, her gün birnäçe gezek antyny bozýan, “şertim şahyma” diýýänleriň biwepalygy zerarly näçe halkyň parahat durmuşyna awy gatyldy.

Ah, wepa, nirde galdyň?! İrdik her gün birnäçe gezek şertini bozup, ähdinden dönenlerden! Her sözi ýalan, her hereketi ýasama namartlardan we wepa duýgusyndan mahrum guraksy köňüllerden! Eý, beren sözünde durmak üçin duşuşyk ýerinde birnäçe günläp garaşan wepaly dostlar! Nirdesiňiz, wepa nemunasy mert ogly merdanalar! Geliň, giriň ruhlarymyza. Mertligi, birsözlüligi unudan kalplarda wepa duýgusyny oýaryň!

***

Rebbimiz Ýer ýüzündäki deňagramlylygy saklaýjy hökmünde – ýeriň myhy hökmünde daglary ýaradypdyr. Daglaryň Ýeriň üstünde görünýän böleginiň iň azyndan iki essesine barabar bölegi-de ýeriň astyna Zeminiň jümmüşine uzap gidýär.

Özüni Hakyň razylygyny gazanmak üçin halkyň hyzmatyna bagyşlan ynsanyň daşky we içki dünýäsinde şeýle deňagramlylyk bolmaly; onuň gijeleri-de gündizleri ýaly röwşen bolmaly; gündiz haýyrly işleriň, ýagşy tutumlaryň ugrunda ylgaýşy ýaly, gijelerine-de Rebbiniň huzurynda gözýaş döküp, ruhy dünýäsiniň çuňluklaryna aralaşmaly.

Uçuşdan öňürti uçarlaryň ganatlaryny, perlerini, motoryny, hatda iň ýönekeý çüýjagazlaryna çenli gözden geçirýärler. Şonuň ýaly-da, ynsan hem özüniň halallyk we dogrulyk ýolundan bir pursat hem aýrylmazlygy üçin her hereketini gözden geçirmeli, hatda duýgularyna hem kir-kimiriň, haramlygyň ýokmagyna maý bermeli däldir.

***

Müň gezek wada bermegiň  ýerine, bir gezek wadaňy ýerine ýetir!

Wadany ýerne ýetirmäge ähmiýet bermek imandan, wadadan dönmek-de iki ýüzlülikden – mynapyklykdan nyşandyr

 

“Alla” diýmek

Bir garyp ýigit ülkäniň patyşasynyň gyzyna aşyk bolýar. Bu umytsyz yşgyny ülkede ýaşaýan meşhur dewişlerden biriniň ýanyna baryp, gürrüň berýär, ondan kömek soraýar. Derwiş: “Oglum, sen şäheriň giriş derwezesiniň agzynda otur, kim näme diýse diýsin, diňe “Alla” diýip jogap ber” diýýär.

Garyp ýigit diýleni edýär. Derwüş-de günlük iýjek-içjegini getirip durýar. Günler, aýlar geçýär. Agzyndan “Alla” sözünden gaýry söz çykmaýan ýigit halk arasynda meşhurlyk gazanyp, ol barada dürli gürrüňler ýaýraýar. Ahyry bir gün bu gürrüňler patyşanyň hem gulagyna ýetýär. Ol hem ýigit barada gyzyklanyp, derwüşi ýanyna çagyryp, ondan ýigit barada maglumat soraýar.

Derwüş ýigidiň döwrüň möhüm şahsyýetlerinden biridigini aýdýar. Patyşa ýigidi görmäge barýar. “Kimsiň? Näme derdiň bar? Näme islegiň bar?” diýip sorasa-da, ýigidiň agzyndan “Alla” diýmekden başga söz çykmandyr.

Derwüş agşam ýigidiň ýanyna baryp: “Patyşa saňa “Gyzyňy bereýin” diýýänçä hiç bir sowalyna jogap berme!” diýip berk tabşyrýar. Ahyry bir gün patyşa gelip: “Näme islegiň bar? Aýt. Isleseň, gyzymy seniň bilen nikalaýyn” diýende, ýigit: “Ýok” diýýär.

Ýigit sözüni şeýle dowam edýär: “Indi ony hem islämok. Men aslyýetinde, şunça wagtlap sizden şu sözi eşitmek üçin “Alla” diýdim. Alla döwrüň patyşasyny aýagyma getirip, meniň ýaly pukara ýigide öz gyzy bilen öýlenmegi teklip etdirdi. Hut Onuň öz hormatyna, Onuň ryzasyny gazanmak üçin “Alla” diýen bolsam, kim bilýär, nähili bolardy? Men mundan beýläk Ondan başgasyny islemeýärin.

Asla terk etmeýäniň gözleginde

Gözlerimi ilkinji gezek ýagty jahana açanymda, başujymda ejem bardy. Maňa ýylgyryp seredýän gözlerini gördüm, ilki. Ýyly gujagynda mährini duýup süýji uka gitdim gör näçe gezek. Asla onsuz ýaşap bilmerin öýtdüm ilkiler. Soňsuza çenli onuň bilen bolaryn, asla aýrylmaryn öýtdüm. Ýalňyşypdyryn. Gün geldi, ykbal meni onuň ýanyndan has alysda bir ýerde garşy aldy.

Soňra, kakamyň merdemsi, ullakan eli ýadyma düşýär. Gabarçakly, işe werziş, öýe çörek getirýän gojaman elli kakam... Onuň ýanynda özümi has ynamly duýýardym. Ol biziň arkadagymyzdy. Eger birden ertekilerdäki döwler birin-birin garşysyna çykaýsa, kakamyň olaryň ählisi bilen söweşip, ählisini-de ýeňjekdigine, bizi olardan gorajakdygyna çaga kalbym bilen ynanýardym. Çünki ol biziň gözümizde şeýle bir güýçlüdi. Ýöne, ýene ýalňyşypdyryn. Ulaldygymsaýyn, onuň hem ýalňyşlyklarynyň bardygyna göz ýetirip ugradym.

Durmuşymda yz galdyran wakalar birin-birin göz öňümden geçýär. Bir gezeginde, operasiýa bolupdym. Lukmanlar kakama munuň örän howply operasiýadygyny aýdypdylar. Ömrümde ilkinji gezek giren şol otagymda, otagyň ortasynda turbajyklar bilen gurşalan bir stolda ýatyrdylar. Narhoz berlipdi we men gorky içinde, birnäçe sekunt soňra özümden giderime garaşyp ýatyrdym. Depämde ýanyp duran äpet yşyklar gözlerimi gamaşdyrýardy. Töweregime garanjakladym. Hiç bir tanyş ýüz ýokdy. Derman ysly otagda şprisleriň we sowuk enjamlaryň daşynda, bir mähir, bir ýylylyk gözledim. Dostlarymy, ýakyn garyndaşlarymy, tanyş ýüzleri görmek umydy bilen çyrpyndy ruhum, gitdigiçe agyrlaşýan we ýumlup ugran gabaklarymyň arkasyndan. Gaýdyp turmazlygym hem mümkin şol stolıň üstünde ýatanymdan, belki-de, köpüsiniň entek habary hem ýokdy. A, habary bolanlar näme? Birnäçesi operasiýadan soňra halymy soramaga geldi, elbetde. Emma, has öň... Şol pursatda?! Pyçagyň ujundaky ölümiň nepesini ýeňsämde duýan pursatym?.. Ýok. Anyk bilýän, ýanymda hirurglardan başga hiç kim ýokdy. “Bolubam bilmezdiler. Operasiýa pursaty içeri girmeklerine rugsat edilmezdi” diýjeksiňiz. Emma barybir, bu meniň kalbymy dilýän şol ajy hakykaty üýtgetmeýär.

Ýatlamalarym meni mekdep ýyllaryma äkidýär. Mekdep bosagasyndan ätlän ilkinji günümden bäri wagtymyň köpüsini bile geçiren, bile aglap-gülen dostlarym bardy. Öz maşgala agzalarymyza hem açmadyk syrlarymyzy paýlaşardyk biri-birimiz bilen. Bir-birimize şeýle bir öwrenişipdik welin, okuw ýyly paýawlanda göz ýetirdik aslynda aýralygyň hem hemişe bizden aýrylmaýan dostdugyna. Her ýyl soňky jaň kakylanda, 3 aýlyk dynç alyşa çykmagyň begenji bilen birlikde näbelli bir tukatlyk çökerdi içimize. Ara düşen aýralyk uzadygyça, birek-birekden has daşlaşýandygymyzy, üzňeleşýändigimizi duýardyk. Yzda, “Kalbyň ýaly päk şu sahypany maňa aýranyň üçin sag bol!” diýip başlaýan, her sahypasy yhlas bilen bezelen ýatlama depderleri galardy elimizde. Herimiz başga-başga dünýälere ýelken açardyk. Bizi başga-başga kenarlar garşy alardy. Täze başlangyçlar tesellisi bolardy her gezek soňlanyşlaryň.

Soňra, möhüm kararlar beren pursatlarym hyýalymda janlanýar. Soňra synaglarym, soňra ýadawlykdan stoly ýassyk edinip uka giden gijelerim... we oýlanýan: şeýle kän dost-ýarymyzyň, tanyş-bilşimiziň bardygyna garamazdan, durmuşda ýeke ýaşaýarysmy?

Hemişe adamlar bilen bile ýalysyň. Olar bilen şol bir howadan dem alýansyň. Eliňdäki çöregiňi paýlaşan pursatlaryň bolar jananlaryň bilen. Olar bilen ömrüň her pursatynda, her ädiminde bile bolaryn öýdersiň. Ynha-da, garaşman durkaň, käte bir düşünişmezlik, käte sähelçe öýke-kine, käte başga ýere göçmek ýagdaýy ýa-da ölüm habary ara düşüp, aýralygyň şarpygyny dadarsyň. Göýä, bedeniň aýrylmaz bir parçasy egsilen ýaly bolar. Emma soňra, muňa-da öwrenişersiň. Durmuş ýoluňda täze adamlara sataşarsyň, täze tanyşlar edinersiň. Ýene-de, hiç aýrylmajak ýalysyň. Wagtyň köpüsini olar bilen bile geçirýänsiň, ruhlaryňyz eriş-argaç bolandyr. Emma, kim bilýär, bu gör näçinji gezek aldanyşyňdyr?!

Hawa, haçan gapyňy kakjagy näbelli aýralyga çäre ýok. Bu sözlerimiň pessimizm bilen – ruhypeslik, sussupeslik bilen hiç hili baglanyşygy ýok. Kimdir birine asla aýrylmarys öýdüp baglananymyzda, eger ýene-de bir gün bir ýerlerde duşuşjakdygymyza ynamymyz bolmasa, şol ynam bize teselli bermese, her aýralyk durmuşymyzy zähere öwürmezmi?

Özüňe iň ýakyn hasaplaýan ynsanlaryň hem bir gün seni terk etjegini, aýralygyň bir gün ara düşjegini bilmek nähili kyn. Her elimi uzadanym salgym kibi menden uzaklaşýarka we kimdir birine soňsuza çenli ynanmak, sygynmak ruhumyň iň esasy zerurlygyka, asla meni ýalňyz goýmajak, nepesinden panylygyň, geçegçiligiň, ölümiň ysy gelmejek, ýakynlygy soňlanmajak birini gözleýän.

Ýüregimde parça-parça söwdalarym, ellerimde solan güllerim, kalbymda aýralygyň yzasy bilen, her pursatda — şat günümde, gamlananymda maňa menden ýakyn durjak birini gözleýän. Meniň halymy, dertlerimi menden oňat biljek birini...

Miweli daragtlarda gözleýän... Zemine ýagtylyk we ýylylyk çaýýan Kuýaşyň şöhlelerinde; ýagmyryň her damjasynda gözleýän. Seždelerde, rukularda, dileglerimde gözleýän. Göklerde ýaňlanýan azanlarda gözleýän. Ýakynymdan, şah damarymdan has ýakynymdan gözleýän.

Ýer we wagt çäklendirmelerinden has alyslarda gözleýän. Her elimi uzadanym salgym bolup gözden ýitýärkä, yhlas bilen joşan ruhumyň çuňluklarynda gözleýän. Men gözledigimçe, ýylgyrýar gözleýänim, bilýän. Bilýän, men görmesem hem, Ol meni görýär. Men gözlesem hem Ol meni tapýar. Men unutsam hem Ol ýatladýar. Men ýalňyşsam Ol hatamy düzeldýär. Ähli özge bil baglanlarym birin-birin meni terk edende, sygynan kenarlarymy tolkunlar basyp alanda, Ol meni asla ýalňyz goýmaýar.

Bir tarapda soňsuz ejizligim, güýçsüzligim, çäkliligim; beýleki tarapda soňsuz maksatlarym, islegdir arzuwlarym. Ýaşly gözlerim bilen ýüzümi Oňa öwürýän: Özüne ynananyň hemişe ýanynda bolana, Özüne sygnany ýalňyzlyk girdabyna oklamaýana...

Ähde wepa

Ähde wepa ynsany şeýtanyň duzagyna düşmekden gorajak esaslardan biridir. Hawa, eger biz Haka bolan wepamyzy saklap, Onuň ýolundan ýöresek, Ol hem bizi şeýtan bilen iki-çäk galdyrmaz. Rebbimiziň hut özi Beýik kelamynda “Ähdiňize wepaly boluň, men hem ähdimi ýerne ýetireýin” (Bakara, 2/40) diýmeýärmi?

Hawa, biz bu düşünje we ynançda bolsak, Rebbimiz hem şeýtanyň hüjümine duçar bolan guluna bir aýatyny ýatlatmak, bir sebäp görkezmek, gözündäki perdäni aýyrmak bilen hökman ony gorar. Sahabalaryň, welileriň durmuşynda munuň ýüzlerçe mysaly bar. Bu mysallardan görnüşi ýaly, haçan-da olaryň başlary aýlanyp, bakyşlary bulananda, Rebleri bir sebäp bilen olary ýene-de dogry ýola gönükdiripdir. Kim bilýär, belki, sizler-de, bizler-de, Rebbimizden umydymyzy kesmändigimiz üçin, näçe gezek gorpuň gyrasyndan aman dolanandyrys.

“Siz Allanyň dinine ýardam berseňiz, Alla-da size ýardam berer” (Muhammet, 47/7) aýatynyň esasynda, Oňa bolan wepasyny we sadyklygyny saklanlar, Ondan hem wepa we hemaýat görendirler. Özleriniň çäkli erkini Onuň ýolunda ulananlar, Onuň çäksiz nygmat we yhsanlaryna mynasyp bolandyrlar. Hakyň razylygyny gazanmagy maksat edinip, Onuň ýoluna düşenler ahyrynda jennete, Jemalullaha eltýän bu ýoldan asla aýrylmandyrlar, bu ýoldan aýrylmagy biwepalyk saýypdyrlar.

Kyssa: Şeýhlerden biri birnäçe okuwçy ýetişdirýär. Haçan-da okuwçylary belli bir derejä ýetip, dünýägaraýyşlary giňäp, köňül gözleri açylanda, şeýhleriniň günäkärleriň sanawyndadygyny görýärler. Mundan soňra ýuwaş-ýuwaş onuň ýanyndan aýrylmaga, ders halkasyndan birin-birin aýrylmaga başlaýarlar. Şeýhiň ýanynda diňe bir wepaly okuwçysy galýar. Öz ýanyndan “Şeýhimiň bu güne deňiç dinimize ters gelýän hereketini görmedim” diýen okuwçy, beýleki ähli ýoldaşlarynyň gidendigine garamazdan, halypasynyň ýanynda galmaly diýen netijä gelýär.

Bir gün şeýhiniň “Dostlaryň nirä gitdi, sen näme üçin olardan galdyň?” diýen çynlakaý sowalyna okuwçy:

“Aslynda, olar siziň ýazgydyňyzy okajak derejä ýetensoň, siziň günäkärleriň sanawyndadygyňyzy gördüler. Şonuň üçin ýanyňyzdan aýrylmagy dogry hasapladylar. Meniň näme üçin galandygymy aýtsam, siz meniň köňül gözlerimi açdyňyz, hakykaty görkezdiňiz. Bu ýagdaýda, size biwepalyk edip bilmedim” diýýär. Okuwçysynyň bu sözlerini diňlän şeýh: “Oglum, men ol ýazgydy kyrk ýyl bäri görüp gelýärin. Emma, neýläýin, gidere başga gapym barmy? Kyrk ýyl bäri başymy Onuň gapysyna goýup, bagyşlamagyny dileýärin...” diýýär. Şeýhiň bu wepasy sebäpli, ol ýazgy öçürilip, sadyklaryň sanawyna ýazylypdyr.

Hawa, ýokardaky kyssadaky ýaly, ynsan başyny Onuň işigine goýup kyrk ýyl garaşsa, ýene-de kabul edilmän biler. Bir mümin namazyny kylsa, orazasyny tutsa, müňlerçe ybadat we tagat etse, ýene-de Allahyň rehmeti bilen jennete girer. Ol islese, ähli adamzady dowzaha ýollar we muňa hiç kim  garşylyk görkezip bilmez; mülk Onuňkydyr, mülk eýesi mülkünde islänini eder. Kyssadaky şeýh bu düşünje bilen başyny hiç işikden aýyrmaýar, biwepalyk edip, özge pany we ýalançy gapylara ýönelmeýär. Allahutagala bu şahsyýetiň mysalynda, nusga alarlyk keşbi görkezýär... Kyrk ýyl Rebbine gujak açan, Onuň gapysyndan başga gapy bilmedik, netijede, bir wepa gahrymany bolan keşbi... Ynha, bu derejede Haka wepaly bolmak, örän möhümdir. Käte bir söz, käte bir hereket Hakyň huzurynda ynsan mertebesiniň örän ýokarlanmagyna sebäp bolup biler.

Rebbimiz her kimi bir sebäbe görä bagyşlap biler. Bize düşýän, kemsiz sadyklyk içinde Oňa bagly ýaşamakdyr. Ony her pursatda wyždanymyzda duýmaga çalyşmakdyr. “Senden başga gapym ýokdur gidere” diýip, ol gapydan aýrylmazlykdyr.

Ybraýym bin Edemiň şu sözleri meşhurdyr: “Allahym! Seniň ugruňda barça zady terk etdim. Jemalyňy görmek üçin, çagalarmy ýetim goýdum. Yşgyň bilen meni parça-parça etseň-de, şu kalbym Senden özgä meýil etmez. Işigiňe başyn goýan bu dilegçini hoş gör. Hoş gör, çünkü ol Seniň çagyryşyňdan umytlanyp, Saňa ýönelendir. Eý bar zat özüne aýan, barça zatdan habardar Muheýmin! Guluň günä laýyna batandyr; batandyr, emma Senden başgasyna-da sežde eden däldir. Ynha, günäkär guluň gapyňa geldi; günälerimi boýun alyp, diňe Seniň medediňe garaşýaryn. Çünki günälerimi bagyşlap biljek diňe Sensiň; bagyşlaman gapyňdan kowsaň-da Senden başga hiç kimim ýok gidere, ýüz tutup merhemet diläre.”

Hawa, beýik weli “Ömrüm günälerden doly-da bolsa, Senden başgasynyň öňünde sežde etmedim” diýýär. Bu duýguda puşman bar, ýalňyşyny-ýazygyny boýun almak bar. Emma şol bir wagtyň özünde-de, Allanyň rehmetiniň çäksizligine ynam we bagyşlanjagyna umyt bar.

Är ýigitler her gün birnäçe gezek wadasyndan dänip,  her gün birnäçe gezek söz bermändirler. Bir gezek söz berenden soň, ömürboýy ähtlerine wepaly galypdylar. Günälerine, ýalňyşlaryna gaýtmyşym edip, Onuň gapysyna ýönelenden soň hem ýene nebsiniň we  bedeniniň arzuwlaryna uýup, wadasyna dönüklik etmändiler.

Tewhid ynanjyna görkezilen wepa

Arap asylly meşhur şahyr Ferazdak Kufe şäherinde dünýäden ötende, soňraky nesillere özüniň saýlanan şygyrlaryny jemleýän bir diwan miras galdyrýar.

Aradan 1300 ýyl geçendigine garamazdan, edebiýat kitaplarynda entek hem ady geçýän Ferazdak gürlände buýtar-suýtar etmegi halamaýan, gönümel adam bolupdyr.

Özara oňuşmazlyk zerarly aýaly Newwara talagyny beren Ferazdak, soňra bu eden işine puşman bolýar, bu sebäpden-de, Newwar dünýäden ötende, döwürdeşi bolan beýik weli Hasan Basry bilen birlikde onuň jynazasyna gatnaşýar.

Jynaza ýerinde Hasan Basry bilen egin-egne duran Ferazdak  oňa ýüzlenip:

- Bu halk ikimizi egin-egne görse, näme diýer, bilýärmiň? – diýýär.

- Näme diýer?

- “Bu jynazada Kufäniň iň haýyrlysy bilen iň şerlisi birleşipdir!” diýerler.

Özüniň pespälligi bilen tanalýan Hasan Basry:

- Men özümiň Kufäniň iň haýyrlysy däldigimi bilýärin. Sen hem iň şerlisi dälsiň. Ikimiz üçin hem esasy zat, şu mazara näme alyp barýarys, şonuň pikirini etmekdir. Halkyň näme diýjegi bizi gaty bir gyzyklandyrmaýar.

Ferazdak, öz gönümelligi bilen şeýle diýýär:

- Dogrusy, meniň-ä bu ýere getirerlik ibaly amalym ýok. Ömrüm boýdan-başa hatalardan, günälerden doly. Diňe bir umydym bar: ol hem, şu altmyş ýyllyk ömrümiň dowamynda, saçymy-sakalymy tewhid ynanjy (Allanyň birligine bolan ynam) bilen agartdym. Ömür boýy bir pursatlyk hem dinimden sowan wagtym, dini ynanjymyň gowşan wagty bolmady.

Aradan esli wagt geçýär. Peýmanasy dolup, Ferazdak hem dünýäden ötýär. Ony düýşünde gören bir dosty şahyrdan:

- Ol ýerde halyň neneň? – diýip soraýar. Ferazdak:

- Pany dünýädekäm saçymy-sakalymy musulman halda agartmagym bu ýerde meni halas etdi – diýip jogap berýär.

“Ferazdak” sözi tamdyra gaçyp, ýarym-ýamalak ýanan pişik diýmegi aňladýar. Şahyryň bu lakamy almagyna, onuň ýüzünde mama kesel zerarly galan oýuk yzlary sebäp bolupdyr. Ferazdagyň ýüzüne seredenler, onuň betgelşikdigini örän açyk görýär ekenler. Emma onuň bigörk bolmagy, adynyň asyrlaryň dowamynda ylym äleminde ýatlanmagyna päsgelçilik döretmändir. Diýmek, kelläniň daşky keşbinden, onuň içi has möhüm. Munuň şeýledigini oňat bilýän Ferazdak asla umytsyzlykdan düşmändir, bu sebäpli ynsanlardan çekinmändir, asla nalamandyr. Ýokary edebi çeperçilikli we çuňňur manyly şygyrlary bilen ylym dünýäsinde özüni ykrar etdiripdir.

Unudylan wadalar

Durmuş parahat deňiz ýaly asuda dowam etmeýär. Käte bela-beter we kynçylyklar deňizlerdäki gaý-tupan mysaly yzly-yzyna gelýär. Ýagny, synag dünýäsinde ynsan synag edilýär.

Aýatlaryndan birinde Rebbimiz şeýle diýýär:

- Ynsanlar “Iman etdik!” diýmek bilen gutularys öýdýärlermi, synag ediljekdiklerini bilmeýärlermi?..

Käte biz hem şeýle gaflata düşüp, synag ediljekdigimizi unudýarys. Emma, bu gaflat uzak dowam etmeýär, Rebbimiz derrew bir duýduryş arkaly kalby günäler zerarly garalmadyk gullaryny bu gaflatdan aýňaldýar...

Ýa bir hassalyk, ýa bir bela-beter, ýa-da haýsydyr bir kynçylyk ynsany gaflatdan oýarmak üçin duýduryş we synag hökmünde iberilýär.

Şeýle agyr günlerde, bu kynçylyklaryň synagdan ybaratdygyna düşünip, sabyr bilen oňa döz gelenler, elbetde synagy üstünlikli tamamlaýarlar.

Emma, käbirimiz-de, howsala düşüp, “Indi näme ederkäm?” diýip, elimizi-aýagymyzy ýitirýäris. Okyjylarymdan biriniň edişi ýaly, derrew hudaýýoly aýdyp ugraýarys:

- Şu beladan aman sypsam, pylan ýerde bir goýun soýup, Alla ýolunda garyp-gasara paýlajak – diýip, wadalar berýäris.

Soňra, Rebbimiz merhemet edýär, nobatdaky synag tamamlanyp, bela-beter sowulýar. Indi, gezek gelýär aýdylan hudaýýolylary ýerne ýetirmäge...

Bu saparam, şeýtan derrew herekete geçýär:

- Aýdan gurbanlygyňy kesmeseň näme bolar öýdýäň? Alla seniň gurbanlygyňa mätäçmi? – diýip, was-wasa bermäge başlaýar.

Şeýtandyr-da... Ol maýyny tapsa, öz işini edýär, sähel boş deşik görse, şol ýerden burnuny sokmaga çalyşýar...

Adamyň başyna iş düşende agzyny dolduryp wadalar berip, dertlerinden halas bolansaň hem wadalaryndan dönmegi nämä meňzeýär, bilýärmisiňiz?

Bir adam hurma agajynyň çür depesine çykyp, hurma salkymlaryny torbasyna salyp, aşak uzadypdyr. Emma haçan-da düşmekçi bolup aşak seredende, kellesi gyzyp agajyň iň ýokarsyna çykandygyny, indi yzyna gaýtmagyň uly hyllalladygyny bilip galypdyr. Birden aýagy gaýyp dagy ýykylaýsa, tike-tike boljakdygyna göz ýetiripdir. Alajy guradyp, oturan ýerinden hudaýýoly baryny sanap ugrapdyr:

- Ýa Rebbim, bu ýerden sag-aman düşsem, ýoluňa bir düýe gurban etjek...

Tutuş durky bilen galpyldap, düşüp ugrapdyr, agajyň ýarty biline golaýlaberende, aşak seredipdir. Görse, ýer has ýakyn, ýykylmak howpy hem azalypdyr. Bu gezek pikirini üýtgeden adam:

- Ýa Rebbim, bir düýe maňa kynrak bolýar. Men bir goç gurban edeýin.

Agajyň orta biline ýetende, ýene ýere seredipdir. Görse, howp has hem azalypdyr. Bu gezegem pikirini üýtgeden adam:

- Ýa Rebbim, bir goç hem ulurak bolýar. Men bir guzy gurban bereýin.

Ýere ýetiberende, howpuň doly aýrylandygyna göz ýetirip:

- Ýa Rebbim, gurban-murban ýok!.. – diýip, aşak böküpdir.

Ynha, şu tymsaldaky adama meňzeýär. Kyn ýagdaýdaka bir başga, kynçylyk gutaransoň aýrybaşga.

Bir aýaty-kerimede ynsanyň bu halyna üns çekilip, şeýle diýilýär:

- Münen gämiňiz batsa, bir tagta bölegine ýapyşyp, gark bolup barýarkaňyz umyt baglan ähli sebäpleriňiz ýom-ýok bolar. Jany-köňülden “Alla!” diýip perýat edersiňiz... Her dürli wadalar berip, her dürli ýagşylygy etmäge niýetlenersiňiz... Alla bir sebäp ýaradyp, sizi halas eder, gyra çykarar. Ondan soňra siz beren sözüňizi ýuwaş-ýuwaşdan unudyp, ýene öňki gaflatly halyňyza düşersiňiz, Hakdan ýüz öwrersiňiz. Ynha, ynsan şeýle tiz unudýar, özüne yhsan edilen nygmata garşy-da wepasyzdyr.

Hawa, ynsanlaryň köpüsi şeýledir. Agyr güne düşse, bela-betere duçar bolsa derrew Alla ýalbarýar, söz berýär, agzyny dolduryp wada baryny edýär. Emma, bela sowlup, kynçylyk geçensoň, işleri ýoluna düşensoň, edil tymsaldaky adam ýaly, sözüni-de, wadasyny-da unudýar. Ýene öňki gaflatyna, perwaýsyzlygyna we ýaltalygyna dolanýar. Enşalla, siz bir beýle dälsiňiz...

Dosty ugrunda janyny pida etdi

Müminleriň arasynda doganlyk we wepalylygyň iň belent nusgalary Asry-Sagadatda görüldi. (Bagtyýarlyk asyrynda – söýgüli pygamberimiz Hz. Muhammet aleýhisselamyň we sahabalarynyň ýaşan döwründe). Olaryň bu nusgalyk häsiýetleri Hakyň kelamynda hem öwülýär: “Özleri mätäç bolsalar hem olara (mümin doganlaryna) kömek ederler” (Haşr süresi, 9.) Kuranyň tefsirlerinde: “Doganlaryňyzyň isleglerini, zerurlyklaryny öz islegleriňizden, zerurlyklaryňyzdan ýokarda tutuň” diýlip düşündiriş berilýän bu hakykatyň müminleriň durmuşyna ornaşandygyna şaýatlyk edýän taryhyň her döwrüne degişli mysal tapmak mümkin.

Babyrlaryň dolandyran döwründe hem şeýle bir waka bolup geçýär:

XVI asyryň başlarynda häzirki Hindistanyň we Päkistanyň çäklerinde höküm süren Babyr şa we onuň yzyny dowam etdirijiler musulman kowumlaryň taryhynda aýratyn orna eýedir.

Şol döwrüň meşhur türkmen serkerdelerinden Baýram han jeňlere gatnaşyp, birnäçe gezek gahrymanlyk görkezýär. Duşmanlar bilen söweşlerde ençeme sapar özüniň başarnygyny görkezen bu serkerde bir gezek ýesir düşýär.

Duşmanlary ilki ady belli bu serkerdä hoşamaýlyk görkezip, ony duşman däl, myhman ýaly hormatlaýarlar. Hatda onuň mertligine sarpa goýýandyklary üçin, azat etmekçi hem bolýarlar. Emma soňra bir düşünişmezlik ýüze çykyp, ony dardan asmaly diýen karara gelýärler.

Öz janyna kast ediljegine göz ýetiren Baýram han bir ýol tapyp, dosty Kasym beg bilen gaçmagy başarýar. Derrew yzlaryndan kowgy ýetip, ýene ele düşýärler.

Olary saklan esgerler özlerine öňden tabşyrylyşy ýaly, Baýram hany öldürmekçi bolýarlar. Emma soňky iberilen esgerler iki gaçgagyň haýsynyň Baýram han, haýsynyň Kasym begdigini bilmeýär ekenler. Has haýbatly görünýän Kasym begi Baýram handyr öýdüp, öldürmäge taýýarlanýarlar.

Öz ýerine dostunyň öldürilmegine Baýram hanyň wyždany çatmaýar. Duşman esgerleriniň serkerdesine ýüzlenip: “Ýalňyşýarsyňyz, Baýram han ol däl, men. Ony meniň ýerime öldürmäň” diýýär.

Kasym beg hem takdyryndan razydy. Sesini çykarman, ölümini boýnuna alypdy. Özi-de Baýram hanyň öldürilmegini islemeýärdi. Ony döwletiniň we halkynyň geljegi üçin özünden has gerekli hasaplaýardy. Kasym beg sowukganlylyk bilen Baýram hany görkezip, duşman esgerlerine ýüzlenýär: “Şu wepaly hyzmatkärimi görýärsiňizmi? Meni halas etmek üçin, özüni meniň ýerime goýmaga çalyşýar. Öz janyny meniň üçin howp astynda goýýar. Sizden haýyş edýän, ony azat ediň. Goý, gitsin. Hakyky Baýram han, ynha, men, ol däl...”

Duşman esgerleri Kasym begiň örän çynlakaý aýdan bu sözlerine ynanýar we  Baýram hany azat edýär. Baýram han ýurduna tarap ýola düşende, wepaly dostuny dardan asýarlar. Şunlukda, taryh sahypalarynda ýene bir wepalylyk nusgasy hasaba alynýar.

Üç dürli dost

Adamyň üç dürli dosty bardyr. Bulardan biri wepaly, galan ikisi biwepadyr. Bu üç dostuň birinjisi, mal-mülk; ikinjisi, ýakynlary we dostlary; üçünjisi bolsa, eden haýyrly işleridir.

Adam aradan çykanda, mal-mülki ony terk edýär. Şeýdip, uzyn ýoluň ýolagçysy ynsan haýyrly işlere sarp edilen ýagdaýynda özüne ýol azygy bolmaly mal-baýlygyny, yzda galdyrmaly bolýar.

Dostlary we ýakynlary mazarynyň başyna çenli oňa ýoldaş bolup bilýärler. Amanadyny eýesine gowşurandan soň gözýaş döküp, ençe ýyl bile bolan, iýeni-içeni aýry gitmedik dostlaryny ýalňyz galdyryp gidýärler. Bu aýralygy ähli ynsan nesli başdan kabul edendir we kabul etmekden başga çäresi ýokdur.

Wepaly dost ynsany hiç pursatda ýalňyz galdyrmaz.. Ynsanyň her dem ýanynda häzir boljak, ebedilik ýolunda onuň üçin ýol azygy hökmüne geçjek ybadatlary, Hak ýolunda çeken jepalary, döz gelen kynçylyklary, üstüne siňen tozan-çaňlarydyr.

Ýamanlyklary çägä, ýagşylyklary bolsa daşa ýazmagy öwreniň

Bu hekeýat çöldäki iki ýoldaşyň hekaýaty. Ýolda bir ýerde olaryň arasynda düşünişmezlik ýüze çykýar we biri beýlekisine el gadyrýar. Urulan dostuň jany ýansa-da hiç zat diýmän çägä şeýle ýazýar:

“Bu gün iň gowy görýän dostum maňa el galdyrdy.”

Olar az ýöräp, köp ýöräp bir ýabyň boýuna baryp, suwa düşmek üçin ýaba girýärler. Hälki urulan oglan suwa gark boljak bolýar. Ýöne ýoldaşy ony halas edýär. Halas bolan oglan bir daş alyp, ýüzüne çakysy bilen şeýle ýazýar:

“Bu gün iň gowy dostum meni ölümden halas etdi.”

Ilki ony urup, soňra-da ölümden halas eden dosty oňa şeýle sowal berýär:

“Saňa el galdyramda, guma ýazdyň. Indi näme üçin daşa ýazýarsyň?”

Urlan oglan şeýle jogap berýär: “Biri saňa ýamanlyk edende, guma ýazmaly. Çünki “Bagyşlamak” şemaly öwsüp, şol  ýazgyny bozup bilsin.  Emma biri ýagşylyk etse, ony daşa ýazmaly. Goý, hiç bir şemal şol ýazgyny bozup bilmesin.”

Aýak yzlary

Bir adam, bir gije düýş görüpdir. Uzyn çägeli ýodada dosty bilen ýöräp barýarmyş. Olar ýöredigiçe öňlerinden öz durmuşyndan käbir sahnalar çykýarmyş. Ylla diýersiň şol çägeli ýoda onuň durmuş ýolumyşyn. Gumdaky galýan iki jübüt aýak yzy adamyň ünsüni çekipdir: bir jübüti özüniňki, beýlekisi bolsa dostunyňky.

Durmuşynyň iň soňky sahnasy hem göz öňünden geçenden soňra, ol adam gumdaky aýak yzlaryna boýdan başa täzeden seredipdir. Şol wagt, birden bir zat ünsüni çekipdir: Durmuş ýolunyň käbir böleginde gumda diňe bir jübüt aýak yzy barmyş: Aýak yzlarynyň iki jübütden bir jübte düşýän ýerleri, durmuşyň iň agyr, iň kyn günlerine gabat gelýärmiş.

Bu ýagdaý ony örän birahat edipdir we munuň sebäbini dostundan soramagy makul bilipdir.

Dostum! Sen ýagşy günde, ýaman günde ýanymda boljakdygyňy, meni terk etmejekdigiňi aýdypdyň. Ýöne, durmuş ýoluma bakanymda iň kyn, iň erbet, iň kösençli wagtlarymda gumdaky durmuş ýolumda diňe bir jübüt aýak yzyny görýärin...

Düşünmedim dostum. Durmuşyň gowy günlerinde ýanymda bolup, saňa iň köp mätäç günlerimde bolsa meni terk edýärmiň?

Dosty ýylgyryp jogap beripdir:

- Mähriban dostum. Men seni hemişe janymdan eziz gördüm we hiç wagt seni terk etmedim. Durmuş ýoluňdaky iň agyr günleriňde çägäniň üstünde hemişe bir jübüt aýak yzy gördüň. Üns beren bolsaň, aýak yzlary iki jübtden bir jübte düşen ýerlerinde yzlar has çuňlaşýandyr: çünki, şol pursatlarda men seni gujagymda daşaýardym.