بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Raýatlara adyllyk eden soltan Allanyň bereketine ýeter. Onuň döwleti müň ýyllap gülläp öser. Döwletiň gülläp ösmegi onuň şasynyň adyllygyna baglydyr. Hökümdarlar ýaşan ömrüni adyl ýaşasa halkynyň arasynda özlerini rahat duýarlar we panydan baka göç edenlerinde jennete geçerler.

Başy » «Zaman» gazeti » YLYM-BILIM

Ýaşaýyş kanunlary we biz

Otagyň içindäki ojakda lowlap ot ýanýardy. Biri dindar, beýlekisi günäkär –  iki adam öz aralarynda dawa etdiler. Dindar:

- Men häzir “Ýa Allah” diýip, şu oda elimi soksam, ot elimi ýakmaz... – diýdi.

Günäkär:

- Ýok, sen her näme diýseň-de, bu ataş eliňi ýakar - diýip, oňa garşy çykdy.

Jedel gyzyşdy we dindar adam ýeňlerini çermäp:

- Ýa Allah! - diýip, elini oda sokdy. Şol bada-da, “Eý-wääk” diýip, elini yzyna çekdi. Töweregindäkiler derrew melhem getirip, ýanan barmaklaryna çaldylar.

Bu gezek-de günäkär adam:

- Seniň eliňi ýakan ot meniň elimi ýakmaz - diýip, “Ýa Allah” hem diýmän elini oda sokdy we birnäçe minutlap oduň içinde saklady. Bu hadysany seredip duranlar örän geň galdylar. Dindar adamyň barmaklarynyň ýanandygyna garamazdan, fasyk – günäkär adam sesini çykaranokdy, göýä elini sowuk suwa sokan ýaly örän arkaýyn durdy.

Günäkär adam elini otdan çykardy. Haçan-da töweregindäkiler ýanyk alamatynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak üçin günäkäriň elini siňe synlanlarynda, ataşyň näme üçin onuň elini ýakmandygyna düşünip galdylar.

Dindar adam tebigatda hökmüni ýöredýän Allahyň Ylahy kanunyny; ynançsyz ynsanlaryň “Tebigat kanunlary” diýýän kanunlaryny nazarda tutmandy. Allahutagala oda – ataşa ýakyjylyk aýratynlygyny beripdi. Ataş mugjyzalardan beýleki ähli ýagdaýlarda özüne berlen wezipäni ýerine ýetirmelidi. Bu bir ylahy kanundy. Elini oda sokan musulman bolsa, göýä musulmandygy üçin özüne aýratynlyk berilmegini – ylahy kanunyň musulmanlygy hormatyna üýtgedilmegini isleýärdi. Bu, elbetde, bolup bilmezdi. Allahutagala her kimiň ýerli-ýersiz islegi üçin älemdäki we Ýerdäki ýaşaýşyň, düzgün-nyzamyň esasy bolup durýan “Sünnetullah” ýa-da “Adetullah” diýilýän ylahy kanunlaryny üýtgetmezdi. (Şeýle bolsa, ýagny her musulman, Allaha her ynanýan gul ýaşaýyş kanunlarynyň öz islegiçe üýtgedilmegini islese, ähliumumy kanun bolmaz – munuň netijesinde-de, umumy düzgün we nyzam bolmazdy. Biriniň islegi başga biriniňkä çapraz gelerdi, gapma-garşylyklar dörärdi.) Şol sebäpli-de, ataş dindaryň elini ýakypdy. Dindar Allahyň durmuşdaky kanunlaryna garşy hereket etmegiň jezasyny şol bada çekipdi.

Günäkär adam bolsa, tebigatdaky ylahy kanunlary – sünnetullahy bilýändigi üçin, şoňa görä hereket etdi. Ataşa “Ýak!” emrini berip, ýakyjylyk kanunyny goýan Rebbimiz başga bir madda-da ýanmazlyk sypatyny beripdi. Günäkär adam şol maddany bilýändigi üçin, otda ýanmaýan şol maddadan taýýarlanan elligi geýip, elini oda sokupdy. Ýagny, günäkärdigine garamazdan, belki, Allahy inkär edýändigine garamazdan sünnetullaha laýyk hereket edipdi. Elbetde, bu ýagdaýda, onuň eli ýanmajakdy we dindar adam bilen eden dawasynda ol üstün çykjakdy...

Dindaryň ýeňilmegi dindarlygyň gadyrsyzlygyny görkezmeýär.  Günäkäriň üstün çykmagy-da günäkärligiň gadyryna delillik etmeýär. Bar bolan zat, dindar adetullah kanunlaryna görä hereket etmedi. Günäkär bolsa, ylmyň ýüze çykaran ylahy kanunyna görä hereket etdi we sünnetullaha görä hereket etmegiň netijesinde-de, ýeňiş gazandy.

Ynha älemdäki ähli hadysalar, wakalar bu ylahy kanunlaryň çäginde bolup geçýär. Sünnetullaha garşy hereket eden kişi, dindarlygy üçin Ýaradandan ýeňillik ýa-da artykmaçlyga garaşyp bilmez. Üstün çykmak isleýän adam iman eden Allahynyň goýan sünnetullah kanunlaryna uýgun hereket etmäge mejburdyr. Şondan soňra ýeňişe garaşyp biler.

Mekgeli müşriklere garşy Uhud söweşine çykylanda Hezreti Resulullah (s.a.w.) iki gat sowut geýipdi. Näme üçin?.. Allah öz Pygamberine kömek etmezmidi, ýeňiş nesip etmezmidi? Muňa garamazdan, Uhudda musulmanlar ýeňildi. Çünki, Resulullah (s.a.w.) sünnetullaha uýupdy; emma yzda garaşýan Resulullahyň ýerleşdiren okçulary öz nobat ýerlerini taşlap, duşmanyň hüjüm edip biljek iň bir strategik ähmiýetli nokadyny goragsyz galdyrypdylar. Bu ätiýaçsyzlyk, yslam goşunynyň ýeňilmegine sebäp bolupdy. Diýmek, goşun sahabalardan durýan goşun bolaýanda-da, Allahyň tebigatda goýan ylahy kanunlaryna garşy hereket edilse, netije mälim...

Ýene-de bir mysal: Resulullah sahabalary bilen Medinäniň töwereginde aç-suwsuz ýagdaýda birnäçe hepdäniň dowamynda hendek gazyp, duşmana garşy taýýarlyk gördi. Barybir Allah bize – özüne ynanýan gullaryna ýeňiş nesip eder diýip, ätiýaçlygy we taýýarlygy elden bermedi.

Eger, şeýle bolsa – ýagny ylahy kanunlara uýsun-uýmasyn her bir Allaha ynanýan başlan işini üstünlikli tamamlap, giren dawasynda, ýaryşynda ýeňiş gazansa; ylym-bilim bilen çynlakaý meşgullanylmaýandygyna garamazdan, aň-düşünje, döwrebap durmuş babatda hemmelerden öňde bolsalar, onda ynanmaýan galmazdy. Ähli kişi ynananlaryň hataryna goşulyp, bu aýratynlyklardan peýdalanmak islärdi. Bu ýagdaýda-da, bu dünýäniň synag meýdany bolmagynyň manysy galmazdy.

Bularyň her biri biziň üçin ybrat-nemaga – sapak alarlyk hadysadyr.

“Eý, balam, gün-güzeranyň ugrunda bolşyň ýaly, ylmyň ugrunda bol” 

Hormatly ildeşler!

Ynha täze okuw ýyly hem başlady. Milletimiziň dowamaty, halkymyzyň umydy ýurdumyzyň geljegi bolan on müňlerçe ýaş nesil mekdep bosagasyndan ilkinji gezek içeri ätledi. Olar üçin durmuşyň iň bir ajap, iň bir ýatdan çykmajak döwri başlandy.

Biz gazetimiziň öňki sanlarynda ylym-bilim, nesil terbiýesi, mekdep we mugallym bilen baglanyşykly makalalary okyjylarymyza ýetiripdik.

Ýaşlaryň terbiýeçilik meselesiniň, jemgyýetde ylym-bilim öwrenmeklige bolan isleg we höwesi artdyrmak işiniň ähmiýetini nazarda tutup, gazetimiziň bu sanynda hem Mahmyt Zamahşarynyň Türkmenistanyň milli medeniýet “Miras” merkezi tarapyndan arap dilinden türkmen diline terjime edilen “Ýagşyzadalaryň bahary” atly kitabyndan ylym-bilim bilen baglanyşykly käbir paýhasly pikirleri size ýetirmegi makul bildik.

Mugaz ibn Jebel Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Ylym öwreniň. Ylym öwrenmek gowulykdyr. Ylym ýolunda bolmak ybadatdyr. Ylym hakda pikir alyşmak ybadatdyr. Ylymda bir meseläni çözmek jahatdyr. Bilmeýäne öwretmek sadakadyr. Mynasyp bolana ylym öwretmek Alla ýakynlykdyr.

Biliň, ylym jennet mekanlaryna barýan ýoldur. Ylym ýalňyzlykda ýoldaşdyr. Mysapyrlykda dostdur. Ýalňyz çagyň syrdaşdyr. Gizlin zatlara delildir. Darlykda kömekçidir. Dostlaryň ýanynda bezegdir. Duşmanlara garşy ýaragdyr. Allatagala milletleri ylym bilen beýgeldýär. Olary gowulyklary ýaýmakda ýolbaşçy eder, dolandyryjy eder. Alymlaryň eserlerinden peýdalanarlar. Işlerine uýarlar.

Perişdeler ylym eýeleriniň dostlukly gatnaşyklaryna uly üns berýärler. Olary ganatlary bilen penalaýarlar.

Ylym eýelerine deňizdäki ähli balyklar, ýer ýüzündäki guşlar, suw we gury ýer jandarlary, öý haýwanlary baş eger.

Sebäbi ylym kalplary nadanlykdan halas eden nur, gözleri garaňkylykdan halas eden aýdyňlykdyr. Bedenleri ejizlikden halas eden güýçdür.

Bende ylym bilen salyh kişileriň derejesine ýetýär. Alladan gorkýanlaryň toparyna goşulýar. Dünýäde we ahyretde belent derejelere ýetýär.

Ylym pikirlenmekdir, ol orazanyň sogaby ýalydyr. Ylym barada pikir alyşmak namazyň ýerine geçýändir. Dogan-garyndaşlara ylym üsti bilen gowuşýarlar. Halal-haram işler ylym bilen ölçenýär.

Ylym ýolbeletdir, beýleki işler hem oňa tabyndyr. Ylym bagtly bendelere berler, günäkär gullar ondan mahrumdyr».

***

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Kyýamat gününde alymlaryň syýasy bilen şehitleriň gany ölçener. Hiç haýsy beýlekisinden agyr gelmez. Sabanyň säher çaglary ylym öwrenmegiň sogaby ýüz gazawatdan hem has gowudyr. Bir kişi ylym ugrunda sapara çyksa, onuň perişdesi oňa jenneti buşlar. Ýogalan wagty kimiň mirasy syýa bilen galam bolsa, ol jennete girer».

***

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Ylmy pes bolanlar, bahalary pes bolan ynsanlardyr». Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Her bir kişiniň bahasy onuň eden ýagşylygyna görädir».

***

Omar ibn Abdyleziz şeýle diýipdir: «Eger men bir zady bilmegi islesem, ony hökman okap öwrenýärdim. Eger bir zady eşidip we sorap öwrensem, onda kellämde ondan hiç zat galmaýardy».

***

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Ynsanyň ylma hyýanat etmegi, malyna hyýanat etmeginden has erbetdir».

***

Şagbydan bir meseläni sorapdyrlar. Ol hem:

— Meniň ol ugurdan ylmym ýok — diýipdir.

Oňa: — Sen beýle diýmäge utanmaýarsyňmy? — diýipdirler. Onda ol: — Perişdeleriň utanmadyk zadyndan men näme üçin utanaýyn. Olar hem: «Biziň ylmymyz ýok« diýdiler ahyry — diýipdir.

***

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Alymyň ybadathondan artykmaçlygy meniň iň aşaky gatlakdan bolan adamdan üstün bolşum ýalydyr».

Başga bir rowaýatda bolsa şeýle diýipdir: «Alymyň ybadathondan artykmaçlygy on dördi gijäniň aýynyň beýleki ýyldyzlardan artykmaçlygy ýalydyr».

***

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Hikmet möminiň ýiten malydyr. Eger ol müşrügiň (butparazyň) agzynda hem bolsa alsyn».

***

Abu Hanypanyň wepat bolandygy barada Şugbä habar ýetipdir. Ol haçanda ony ýatlanda şeýle diýer eken: «Kufaly alymlardan ylmyň nurunyň ýagtylygy söndi. Olar indi onuň ýalyny hiç haçan görüp bilmezler».

***

Bir adam Eflatundan:

— Sen bu ylymlaryň hemmesini edinmäge nädip güýç tapdyň? — diýip sorapdyr.

Onda ol:

— Zeýtun ýagyny çyrada bütin ömrümde içen suwumdan hem köp ýakdym — diýip jogap beripdir.

***

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Siziň iň ussat bolanyňyz ylym taýdan ussat bolanyňyzdyr».

***

Ylym gowy düşünmek bilen artar, ýat tutmak bilen azalar.

***

Anuşirwandan:

— Garrylara ylym okamak ýerlikli bolarmy? — diýp sorapdyrlar.

Ol:

— Kim bolsaň bol, kim nadan bolsa, nadanlyk ony erbet görkezer, kim alym bolsa ylym ony oňat görkezer — diýipdir.

 

Ylym we amal biri-birine baglydyr, göýä ruh bilen bedeniň ýakynlygy ýalydyr. Eger biri bolmasa, onuň beýlekisinden peýdalanyp bolmaýar.

***

Akyldar şeýle diýipdir: «Ynsanlara ylym öwrediň, sebäbi olar ylmyň ähli zatdan ýokarydygyny bilmeýärler».

Halyl şeýle diýipdir: «Men her wagt alyma duşanymda, ýa ondan bir zat alýaryn, ýa-da oňa bir zat berýärin».

***

Isa alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Bir kişi bir zat öwrense we öwrenen zady bilen amal etse, öwretse, asmanda onuň ady azymdyr».

***

Amr ibn Ubeýt şeýle diýipdir: «Eger ylym bir surat bolsady, ynsanlar ondan başga gowy zada seretmezdiler».

***

Wasyl ibn Ata şeýle diýipdir: «Kim her geçen günde ylmynyň üstüne ylymdan bir goşant goşmasa, ol kemçilik içindedir».

***

Eflatun şeýle diýipdir: «Hemme ynsanlar ynsan däldir. Diňe ylmy we edebi bolanlar ynsandyr».

***

Hasan Basry şeýle diýipdir: «Resulalla bir gezek: «Ymmatym üçin gorkýan zatlarymyň içinde iň gorkýanym alymlaryň ýalňyşmagy, akyldarlaryň hökümdarlaryň öňünde egilmekleri we erbet düşündirişlerdir diýipdir».

***

Lukman Hekim ogluna wesýet edip, şeýle diýipdir: «Alymlar bilen oturyş. Iki dyzyň bilen olara gysylyp otur. Sebäbi Allatagala, göýä ýeri asmanyň ýagmyry bilen direldişi ýaly, kalplary hikmet nury bilen direldýändir».Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Eý, balam, gün-güzeranyň ugrunda bolşyň ýaly, ylmyň ugrunda bol. Mynasyp ýer tapýançaň, ylymdan söz açma».

***

Ibn Mesgut şeýle diýipdir: «Kim Allanyň razylygyny gazanmak maksady bilen ynsanlara öwretmek üçin ylymdan bir zat öwrense, Allatagala oňa ýetmiş pygamberiň sogabyny berer».

***

Ylmyň delilleri bardyr. Kiçiler onuň bilen ululara delil getirerler. Görmeýärsiňmi, hüthüt  ( Süleýman alaýhyssalamyň ilçi hökmünde Bylkysa iberen guşy)  guşlaryň iň kiçijigi bolsa-da, Süleýman alaýhyssalam üçin söz aýtdy. Süleýman alaýhyssalam özüne patyşalyk berlen pygamberdir we onuň ýaly patyşalyk ondan soň hiç kime berilmändir. Hüthüt Süleýman alaýhyssalama şeýle diýipdir: «Men seniň bilmeýän zadyňy öwrendim».

***

Isa alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Hiç biri miwe bermese, agaçlaryň köplüginden ne peýda? Hiç biri tagamly bolmasa, miweleriň köplüginden ne peýda? Hiç biri peýdaly bolmasa, ylmyň köplüginden ne peýda? Hiç biri dogry ýoly görkezmese, alymlaryň köplüginden ne peýda!»

Anuşirwandan:

— Näme üçin siz ylymdan dünýe malyny almaýarsyňyz, emma onda-da oňa höwes edýärsiňiz? — diýip sorapdyrlar.

Onda ol:

— Biz ondan hiç zat almaýarys, emma ylma uly peýdalar getirip ony artdyrýarys — diýip jogap beripdir.

Ondan:

— Onda näme üçin ylmy kim bolsa hem alýarsyňyz? — diýip sorapdyrlar.

Onda ol:

— Sebäbi ylmyň alynýandan has haýyrlydygyny bilýäris — diýipdir.

***

Ýahýa Barmaky şeýle diýipdir: «Eý, balam! Her ylymdan özüňe gereginden biraz alyp gal. Sebäbi, kim bir ylymdan nadan bolsa, ol oňa duşmanydyr. Men seniň haýsydyr bir zada duşman bolmagyňy islemeýärin».

***

Ensarly sahabanyň biri Muhammet alaýhyssalama:

— Men hadyslary diňleýärin, ýöne ýat tutup bilemok — diýipdir.

Onda Resulalla oňa:

— Sag tarapyňdan kömek isle (ýagny, ony ýaz) — diýip jogap beripdir.

***

Kim bir kitap ýazsa ýa-da bir şygyr düzse özüniň akylyny ynsanlara beýan edýändir. Eger ol kitap dogry ýazylan bolsa, onda onuň özüni tankyda hödürledigidir. Eger nädogry ýazylan bolsa, onda özüni käýinç sözlere hödürledigidir.

***

Hezreti Omar (goý, Alla ondan razy bolsun!) şeýle diýipdir: «Öz dilinden halas bolana Alla rehmet etsin!».

***

Ysmaýyl ibn Tureýh Sakafy(emewileriň döwründe ýaşap geçen şahyr) şeýle diýipdir: «Ynsanlaryň akyllary galamlarynyň töweregindedir».

***

Sokrat şeýle diýipdir: «Hikmet berlip, altyn-kümüş ýitirenine gynanýan haýyp gynanýar».

 

Ylym ýolbeletdir, amal gämiçidir, jan gämidir. Eger gämiçi bolmasa, ýolbelediň akly çaşar, eger ýolbelet bolmasa, gämiçi azaşar.

***

Öňküler öwrenseler amal edýärdiler, amal etseler tanalýardylar, tanalsalar gaçýardylar.

Ymam Agzam we ylym

Hezreti Ymam arap ülkelerinden biri bolan Kufede doglandygyna garamazdan, atasy Sabit pars asylly bolandygy sebäpli, parsy hasaplanýar. Hakyky ady Numandyr (Numan bin Sabit). Ymam Suýuti şu hadysyň onuň bilen baglany­şyklydygy baradaky pikiri öňe sürýär: “Ylym Süreýýa ýyldyzyndan asylgy duran hem bolsa, pars neslinden bir adam hökman oňa ulaşyp, eýe bolardy... “ Bu hadys, Ebu Hanife hezretleriniň ylma bolan ýokary söýgüsini we öwrenmäge bolan höwesini görkezmek bilen, onuň ylymda ýetjek belentiklerine yşarat edýär.

Hijri birinji asyryň ahyrlarynda Ymam Agzamyň derejesine ýetip bilen başga pars alymy görülmeýär. Diýmek, Resulallahyň yşarat eden pars alymy, Ebu Hanife hezretleri bolmaly.

Ebu Hanifäniň aradan çykan ýyly dünýä inen Ymam Şafi ol barada şeýle diýýär: “Ähli ynsanlaryň fykyhda mugallymy Ebu Hanifedir.” Meşhur baş kazy Ebu Ýusuf hem “Hadys ylmyny Ebu Hanifeden has gowy bilýän başga birine duşmadym” diýip, oňa ýokary baha berýär. Sabit ogly Numanyň şeýle taýsyz alym derejesine ýetmegine bir düýş sebäp bolýar. Bu düýşi, geliň, onuň özünden diňläliň:

“Men gije-gündiz medresede ylym okap, deň-duşlarym bilen ylmy çekeleşiklere gatnaşýardym. Bir gije düýşümde, özümi Resulullahyň gabryny açyp, mübärek süňkleriniň böleklerini ýygnap, olary birleşdirip ýören ýagdaýda gördüm. Bu düýşüm meni örän gorkuzdy. Belli bir wagt okuwymdan ünsüm-pikirim bölündi. Bu düýşüň manysyny meşhur ýorgutçy Ibn-i Şirinden soradym...”

Ymamyň gürrüňini diňläp oturan Ýahýa bin Nasyr “Ýa Ymam, Ibn-i Şirin siziň düýşüňizi nähili ýordy?” diýip soranda, gysgaça şu jogaby berýär:

“Resulullahyň gabryny açmak, üsti basyrylgy galan ylmy açmak; süňklerini birleşdirmek-de, sünnetini birleşdirmekdir diýdi. Bu düýş meniň ylmy gözleglerime yşarat edýärmiş... “

Ynha şu sebäpden, Hezreti ymam barada “Üsti basyrylgy ylmy açan, sünnetleri jemläp, belli bir tertibe salan ilkinji alymdyr” diýýärler.

K ö r z e h in

Mugallymçylyk kärine başlan ilkinji günümdi. Göräýmäge, bar zat gülala-güllükdi. Mugallymçylygyň tüýs maňa laýyk kärdigine ýürekden ynanyp ugrapdym. Ilkinji iş günüm paýawlap barýardy. Az salym soňra, şol günki iň soňky dersime girmelidim.

Synpyň gapysynyň deňesine ýetenim­de, içerdäki goh-galmagaly eşidip, synpa kürsäp girdim. Oglanlardan biriniň başga bir oglanyň ýakasyndan ebşit­läp tutup oturandygyny görüp, allaniçigsi boldum. Aşakda urnup ýatan oglanjyk: “Diň­le meni, körzehin! Seniň depderiňi ýyrt­mak niýetim ýokdy” - diýip gygyrýar­dy.

Onuň boýnuna münüp oturan oglanjyk bolsa, ýakasyndan has berk towlap, “Men saňa görkezerin kimiň depderini ýyrtmaly­dygyny” - diýip, ýerde ýatany alasladyp barýardy.

Derrew baryp, aralaryna girdim we da­wa­la­ryny bes etmegi talap etdim. Sözle­ri­miň gaty bir täsirli bolmandygyny bilýär­dim. Oglanjyklar ilki bir-bir­lerine, soňra-da maňa seretdiler we sesle­rini çykarman ýerlerine geçip oturdylar. Şol pursat garşy synpdaky mugallym kellesini meniň synpymyň gapysyndan içerik uzadyp, sesine bat berip, okuwçylaryma “jyňklaryny çykarmazlygy” we meniň di­ýenlerim bilen bolmagy buýurdy. Dogru­syny aýtsam, şol wagt juda ejizländigimi duýdum.

Sapagymy düşündirmäge başladym. Okuwçylaryň ýüzlerinden maňa bolan nägileligi duýýardym. Sapak gutaryp, okuwçylar synpdan çykyp barýarka, hälki dawanyň başyny başlan oglanjygy alyp galyp, ikiçäk gürleşmek isledim. “Mugal­lym, nähak ýere özüňizi gynaýarsyňyz, biziň barymyz baryp ýatan körzehin” – diýenden soňra, Myrat synpdan çykdy.

Özümi lampa oturgyjyň üstüne goýber­dim we oturan ýerimden mugallymçylygyň maňa laýyk kär däldigi barada oýlanyp başladym. Meseleleri çözmegiň ýeke-täk ýoly sesiňe bat berip, gygyryp, goh edip, olary gürletmezlikmidi? Öz-özüme bir ýyl çydajakdygyma we indiki ýyl öýlenenim­den soňra başgarak bir kär saýlamaly diýen karara geldim.

“Siziň göwnüňize degäýdiler öýdýän” - diýen sesi eşidip başymy galdyrdym. Garşymda hälki garşydaky synpyň mugallymy durdy. “Hawa” diýen manyda baş atdym.

- Gamlanmaň! - diýip, göwünlik berdi. Soňra-da penjireden gözýetimiň alyslykla­ryna seredip durşuna, sözüni dowam etdi. - Geçen ýyl bu synpy men hem okatmaly boldum. Bary-ýogy 14 okuwçy, emma kö­püsi mekdebi doly tamamlamagy başar­masa gerek. Ol çagalar üçin kelläňizi agyrdyp, özüňize agram salyp ýörmäň.

- Näme diýmekçi bolýarsyňyz?

- Ol çagalaryň köpüsi çetki obalardan. Sapaklara-da bir gün gelseler, iki günläp gara berenoklar. Bularda ne okamaga isleg bar, ne öwrenmäge... Olary diňe berk tutuň, sözüňizi diňlemejek bolsalar, meni çagyraýyň.

Mekdepden öýe tarap gelýärkäm, og­lan­jygyň “Biz baryp ýatan körzehin” - diýen sözi gulagymda ýaňlandy durdy. Bu mesele babatda näme-de bolsa bir zatlar etmelidim.

Ertesi öýländen soňra kärdeşimden mundan beýläk sapak wagty synpyma gelmezligi we işime goşulmazlygy haýyş etdim. Çagalar bilen öz usullarym boýunça işleşmegi ýüregime düwüpdim. Synpa girdim we her okuwçynyň gözlerine ýekän-ýekän seredip çykdym. Soňra-da synp tagtasyna RYTAB - diýip ýazdym.

“Adym” - diýdim. - Meniň adymyň näme many berýändigini kim aýdyp biljek?

Okuwçylar ilki bir-birlerine seredişdiler, soňra-da beýle ady öň eşitmändiklerini aýtdylar. Bu gezek tagta BATYR - diýip ýazdym. Okuwçylar geňirgenişip ýüzüme seredişdiler.

- Hawa - diýip, söze başladym. - Adym Batyr. Men hem mekdebe gatnaýan uçurla­rym, adymy dogry ýazmagy başarmaýar­dym. Sözleri bogna bölüp bilmeýärdim we sanlary öwrenmekde kynçylyk çekýärdim. Maňa derrew “körzehin” lakamyny ýel­mediler. Entek hem şol ýaňsyly sözler käwagt gulagymda ýaňlanýar we ýene şol wagtlardaky ýaly utanjymdan ýüzüm gyzarýar.

Aralaryndan biri: “Beýle bolsa nähili mugallym bolduňyz?” - diýip sorady.

- Çünki men ynsanlara ýelmenen lakam diýilýän gara tagmalary ýigrenýärdim we zehin taýdan hiç kimden kem däldigime ynanýardym, her näçe kynçylyk çekýän hem bolsam, ýene-de öwrenmegi, okamagy halaýardym. Eger siz özüňize dakylan “körzehin” tagmasyndan hoşal bolsaňyz, bu synpda ornuňyz ýok. Derrew synpy­ňyzy çalşyň. Çünki men bu synpda ýekeje-de körzehiniň ýokdugyna ynanýaryn.

- Sizi gaty gyssaryn - diýip, sözümi dowam etdim. - Bilelikde işläris we ynha, görersiňiz, siz hem beýleki synplaryň yzyndan ýetersiňiz. Mekdebi üstünlik bilen tamamlarsyňyz we birtoparyňyz ýokary okuwa-da gider. Oýun etmeýärin, size söz berýärin. Bu synpda mundan soňra “körzehin” diýen sözi eşitmek islemeýärin. Aýdanlaryma düşündiňizmi?

Çagalar oturan ýerlerinden çalaja gobsunyşdylar, olarda özlerine sähelçe-de bolsa ynam dörändigi indi partalarynda has dik  we göni oturyşla­ryndan hem bellidi.

Bilelikde köp işledik. Indi olara beren sö­zü­miň dogry çykjakdygyna bolan umydym has hem güýjäpdi. Aýratyn hem Myrat örän zehinlidi. Dälizde başga bir okuwçy bilen gürleşip durka, elindäki nusgawy edebiýata degişli bir eseri görkezip, “Bu, hakykatdan hem örän gowy kitap. Biz indi çagalar üçin niýetlenen kitaplary okama­ýarys” diýenini eşitdim.

Aradan birnäçe aý geçdi. Bu döwürde okuwçylardaky öňe gidişlik, ynanmarsyňyz, örän ýokary boldy.

Tomusky dynç alyş döwrüniň ýakynlaş­magy meni gaty gynandyrýardy. Okuwçylar öwrenmäge, bilmäge şeýle bir höwesekdi welin, heý, goýaý... Okuwçylary­myň ählisi şu tomusda öýlenjegimi we ol ýerden gaýtjakdygymy bilýärdiler. Soňky dersle­rimden birinde bu barada söz açanymda, okuwçylarymyň muňa gaty gynanýan­dyklaryna düşünmek kyn däldi.

Okuw ýylynyň ahyrky güni mekdebiň derwezesinden girenimde, müdiriň maňa garaşyp durandygyny görüp birhili boldum. Müdir salamymy alandan soňra: “Haýyş edýän, meniň bilen gidiň, synpyňyzda bir mesele ýüze çykypdyr” diýdi. Bile barýarkak, meniň bilen ýüzbe-ýüz bolmak islemeýän ýaly, diňe öňe tarap seredýärdi. Öz ýanymdan: “Bu gezek näme bolduka, allajanlarym?” diýip oýlandym.

Synpyň gapysyndan içeri girenimizde, gözlerime ynanasym gelmedi. Synpyň çar tarapynda, okuwçylaryň partalarynda, kitap tekjesinde, meniň stolumyň üstünde, ähli ýerde desse-desse gül goýlupdyr. Bizi gar­şy­lan Myrat bilen ýene bir okuwçy, ellerin­däki gül desselerini bize gowşurdy. Bu gara­şylmadyk ýagdaý sebäpli, dyňzap gelen we damagymy dolduran begenç gözýaşlarymy saklap bilmedim.

YLYM

Janly we jansyz ähli barlyklar bir kitapdyr. Bu sebäpli hem Kuran-y  Kerimde “Gör, syn et!” diýlip  däl-de, “Oka!” diýlip buýrulandyr. Sebäbi kitap okamak üçindir. Barlyklar bilen bezelen bu gözel Älemi, ägirt uly kitaphana meňzetse bolar. Adamdan başga ähli barlyklara diňe “Ýaz­mak” buýrulypdyr. Adama bolsa hem ýazmak hem-de hökmany suratda “Okamak“ ýaly artykmaçlyk peşgeş berlendir.  

***

Ylym, älemde bar bolan nyzamyň we dürli görnüşdäki ylahy öwüşginleriň, bir-birleriniň arasyndaky baglanşygyna aň ýetirip, olardan netije çykarmakdan ybaratdyr. Älemdäki bu nyzama, nyzamdaky inçe sazlaşyga we ölçege tötänden dörändir diýip, parhsyz garamak mümkin däldir. Elbetde, nyzamyň bar ýerinde, şol nyzamy düzüji hem bolmaly.

***

Adam ogly üçin hakyky durmuş, ylym hem-de paýhas bilen baglanyşykly bolmalydygy üçin, ol öwrenmegi, öwretmegi unutmaly däl. Sebäbi adamyň ýaradylyş maksady, görmek, bilmek we öwrenenlerini başgalara öwretmekdir.

***

Bir adamyň dogry pikir ýöredip bilmegi, onuň akyl we mantyk derejesi bilen baglanyşyklydyr. Akyl we mantyk bolsa, ylym we marifet bilen ýagtylyga çykyp, kemal tapar. Şonuň üçin hem ylym hem-de marifetiň ýok ýerinde, akyl, mantyk-düşünje-de ýokdur. 

***

Ynsanyň ynsanlyk sypaty, öwrenmek, öwretmek we başgalara hakykaty görkezmek arkaly ýüze çykar. Bilmeýänini öwrenmegiň aladasyny, pikirini etmeýän; öwrenenleri bilen özüni täzeläp, başgalara görelde bolmaýan bende, ynsanyýet merduwanynyň entek ilkinji basgançaklarynda durýar diýmekdir.

***

Öwrenip, öwrediljek zatlar, ynsanyň gadyr-gymmatyny ýüze çykaryp, älemiň syrlaryny açjak zatlar bolmaly. Ynsany ulumsylyk girdabynyň gyrasyna eltýän, garaňky ýerlere nur saçmaýan we üsti basyrylgy hakykatlary açmaýan ylym, ylym däldir.

***

Ylym hem-de marifet bilen ýetilen derejeler, başga ýollar bilen ýetilen derejelerden has ýokardadyr we uzak ömürlidir. Sebäbi ylym eýesini bu dünýäde erbetliklerden daşlaşdyrýar, halal we päk ýaşadýar; munuň netijesinde-de, ahyretde-de ebedi bagtyýarlyga gowuşmagyna sebäp bolýar.