بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Ylym we amal biri-birine baglydyr, göýä ruh bilen bedeniň ýakynlygy ýalydyr. Biri bolmasa, onuň beýlekisinden hem peýdalanyp bolmaýar.

Başy » «Zaman» gazeti » ZÄHMET

Ryzkyň haýyrlysy

Ryzkyny egninden agyr ýük daşap gazanýan bir hammal namazlarynda hemişe:

- Ýa Rebbim, maňa her näme berer bolsaň, haýyrlysyndan ber; bir döwüm çörek hem bolsa, haýyrlysyndan yhsan eýle – diýip dileg eder eken.

Onuň her gezeginde şol bir dogany gaýtalamagy ýanyndaky ýoldaşlarynyň ünsüni çekýär. Ahyry biri, bir gün ondan munuň sebäbini soraýar:

- Sen her namazyňdan soňra: “Ýa Rebbim, maňa her näme berer bolsaň, haýyrlysyndan ber; bir döwüm çörek hem bolsa, haýyrlysyndan yhsan eýle” diýip dileg edýärsiň. Çöregiňem bir haýyrsyzy bolarmy?

Hammal:

 - Meniň başyma gelenleri bir bilseňiz, bu dilegimi siz hem gaýtalardyňyz – diýip jogap berýär. Ýanyndakylaryň bilesigelijiligi has hem artýar:

- Hany, aýt, biz-de eşideli başyňa näme gelenini - diýip, ony gyssap ugraýarlar. Hammal özüne sapak şol wakany gürrüň bermäge başlaýar:

- Özüňiz bilýärsiňiz, men iýjek çöregimi agyr ýükleriň astynda ýegşerip, güzaply zähmetiň netijesinde gazanýaryn. Bir gün ýene müşderimiň ýüküni arkama atyp, hol ilerdäki depäniň üstünden geçýän ýoldan ýokary dogry çykyp barýarkam ysgynym tükenip, ýükümi ýerde goýdum. Maňlaýymdan damýan derleri sylyp durkam, öz ýanymdan: “Ýa Rebbim, iýjek bir döwüm çöregimi maňa nähili kynlyk bilen berýärsiň. Birniçeleri ýaly maňa-da çöregimi oturan ýerimden gazandyrsaň bolmadymy? - diýip, günümden naladym.

Bu nalyş agzymdan çykyp-çykmanda, birdenkä edil garşymda iki kişiniň urşup durandygyny gördüm. Seredip durmagy uslyp bilmän, baryp olary aralaşdyrjak boldum. Ýöne, olaryň biriniň salgan ýumrugy ýüzüme degip, burnumy gyzyl gan etdi. Şol wagt ýetip gelen garawullar meni-de jeňbazlardan biri hasaplap, göni zyndana äkitdiler. Günäsizdigim aýan bolup, meni boşadýançalar zyndanda her gün iýjek çöregim getirilýärdi. Ýatan ýerimden aýagyma çenli gelen çörek gussadan ýaňa bogazymdan geçmeýärdi. Öz-özüme şeýle diýdim: “Ynha indi ne egniňde ýük daşaýaň, ne-de der dökýäň. Oturan ýeriňden mugt çörek. Al, iý-dä!” Daşarda maňlaý derimi döküp gazanan çöregim zyndanda aýagyma gelýän bu mugt çörekden has tagamly, has lezzetlidi. Has haýyrlydy. Şol wagt göz ýetirdim, hawa, men ýalňyş dileg edipdirin. Oturan ýerimde aýagyma geljek çörek ber diýipdirin, haýyrylysyndan ber diýmändirin. Ynha şol günden bu güne dileglerimde islegimi üýtgetdim. Rebbimden güzaply, kynçylykly hem bolsa haýyrlysyny bermegini dileýärin.

Ynam we zähmet

Derýanyň boýunda ýaşaýan we derýanyň bir boýundan beýleki boýuna ýolagçy gatnatmak arkaly güzeranyny dolaýan bir garry gaýykçy gaýygyndaky küreklerden birine “Ynam”, beýlekisine-de “Zähmet” sözlerini ýazypdyr. Munuň sebäbini soranlarynda, köp muşakgatly günleri arka atan ýaşuly:

- Derýanyň garşy ýakasyna geçmek üçin her iki kürek-de zerur. Zähmetsiz ynam we ynamsyz zähmet sizi maksada ýetirmez. Durmuş ýoluna ýeke kürek bilen çykmak hem derýany ýeke kürek bilen geçmäge synanyşmakdan tapawutsyzdyr – diýip jogap beripdir.

Zähmet çekmek we ynanmak üstünlügiň esasy şertidir. Ýaşaýşyň alamaty bolan herekete, zähmete, gaýrata, maňlaý derine gadyr goýan atalarymyz ýüzlerçe ýyl öň “Zähmet soňy rehnet”, “Herekete bereket” ýaly nakyllary döredipdir.

Söýgüli Pygamberimiz (s.a.w.) hem işlemekden elleri gabaran bir adamyň elini tutup, “Allahyň söýýän elleri bu ellerdir” diýýär.

Pygamberimiziň dilegçilik edýän adama aýdany

Saglygy ýerinde, güýçli-kuwwatly bir adam Resulallahyň ýanyna gelip:

– Men bir mätäç pukara, maňa sadaka berip kömek ediň.. – diýip, pul dileýär.

 Pygamberimiz (s.a.w.) el serip, dilegçilik edip ýören bu adama:

– Seniň öýüňde heý bir zat barmy? – diýip soraýar.

Ol adam çyny bilen:

– Hawa, bar - diýip, sözüne dowam edýär:

- Galyň çäkmenim bar, ýatanymda bir ujuny arkama ýapýan, beýleki ujuny-da aşagyma ýazýan. Mundan başga-da agaçdan oýulyp ýasalan suw gabym bar, onda da suwumy saklaýan.”

Allahyň Resuly oňa şeýle buýurýar:

– Bularyň ikisinem derrew alyp gel!

Uzyn boýly, eleşan eşikli adam derrew öýüne tarap ýola düşýär we birnäçe wagtdan soň bir eline düýe ýüňünden taýýarlanan galyň çäkmenini, beýleki eline-de agaçdan oýulan suw gabyny alyp gelýär. Ol elindäki zatlaryň ikisini-de Allahyň Resulyna berýär.

Resuly Ekrem Hezretleri töweregindäkilere bu iki zady görkezip:

– Bulary kim satyn aljak? - diýip soraýar.

Ýanyndakylardan biri:

– Men bu zatlary bir dirheme satyn alyp biljek, Ýa Resulallah - diýýär.

Başga biri:

– Men iki dirhem berip bilerin - diýip, içmekdir suw gabyny satyn alýar. Ýki dirhemi çykaryp beren adam gideninden soňra, Resuly Ekrem Hezretleri puly pukara adama berip:

– Bu puluň bir dirhemine zerur ätiýaçlygyňy, çöregiňi al. Bir dirhemine bolsa palta bilen ýüp alyp ýene ýanyma gel - diýýär.

Ol adam gidip, Resulallahyň aýdyşy ýaly, bir dirhemine özüne gyssagly gerek zatlary alýar. Beýleki bir dirhemine-de uly palta bilen ýüp satyn alyp, Resulallahyň huzuryna gelýär.

Resulallah (s.a.w) eleşan eşikli, çekinjeň adamyň elinden tutup oňa şeýle tabşyryk berýär:

– Git-de Medinäň töweregindäki hurma agaçlarynyň guran şahalaryny çapyp, şähere getirip sat. On bäş günden soň meniň ýanyma gel.

O güne çenli haýsydyr bir degerli pişäniň başyny tutup bilerin öýtmeýän, dilegçiligi ýeke-täk çykalga hasaplap ýören adam Resulallahyň huzuryndan çykyp, göni baga tarap ugraýar.

Aradan on bäş gün geçýär. Ynha-da Resulallahyň huzuryna täze eşikli, ynamly ädimleýäň bir adam gelýär. Allahyň Resuly ony tanap, hal-ýagdaýyny soraýar:

– Nähili ýagdaýlaň?

Ol adam:

 – Allaha şükür, on dirhem gazandym, Ýa Resulallah! Bularyň bir bölegi bilen satan zatlarymy yzyna alyp, öýümiň zeruryny bitirdim. Bir bölegi bilenem, görşüňiz ýaly, egin-eşigimi täzeledim - diýip jogap berýär.

Allahyň Resuly şonda şeýle diýýär:

–    Arkaň bilen odun daşap ryzkyňy gazanmak el serip dilegçilik etmekden haýyrlydyr.

Ýoldaky päsgelçilikler

Bir soltan şäheriň daşynda örän kaşaň bir köşk saldyrypdyr. Köşgüň açylyşyna ähli halk çagyrylypdyr. Şäheriň daşynda ýerleşýän bu köşge barýan ýekeje ýol barmyşyn. Hökümdar bu ýoluň ortasynda äpet bir daş bölegini goýdurypdyr. Özü-de ýola tarap bakdyrylyp goýlan penjiresinden gelýän adamlaryň bu daşyň deňine ýetende özlerini nähili alyp baryşlaryny synlap oturanmyş.

Ülkäniň iň baý täjirleri, iň täsirli begzadalary, döwlet emeldarlary yzly-yzyna gelip başlaýar. Ählisi-de, hernäçe kyn hem bolsa, uly daş böleginiň daşyndan aýlanyp, köşge girýär. Birnäçesi sesini gataldyp, hökümdary tankyt edýär: Birgiden salgyt ýygnaýar, ýöne muňa garamazdan, şäheriň şeýle möhüm ýoluny arassa tutmagy başarmaýar, beýle-de bir hökümdar bolarmy?!

Ahyr soňy, agşamara bir daýhan gelýär. Gaýanyň deňesine ýetende bir salymlyk kürtdürip durýar. Soňra-da, arkasyndaky goşhaltasyny gapdala goýup, iki eli bilen daş bölegini ýoluň gyrasyna itmäge başlaýar. Emma gaýa bölegi örän uludy.

Daýhan töweregine garanjaklap, syrdam bir agaç bölegini tapýar. Şonuň bilen, gara dere batyp, ahyr soňy äpet daşy ýoluň ortasyndan aýyrmagy başarýar. Ýaňy bir goşhaltasyny alyp ugraberjek bolanda, daşyň öňki duran ýerinde bir haltajyga göze düşýär. Haltajygyň içi tylladan doly bolup, şeýle-de bir bölejik kagyz bar eken. Hökümdaryň möhüri goýlan kagyzda şular ýazylypdyr:

“Bu altynlar daşy ýoldan aýran adamyňkydyr.”

* * *

Aslyýetinde, ýolumyzdaky päsgelçiliklere, durmuş derejämizi has gowulandyrjak pursatlar hökmünde garamalydyrys.

Unutmalyň, iň oňat ýolagçy, yzdan gelýänler üçin ýoldaky päsgelçilikleri aýyrýan, büdür-südürleri arçaýan kişidir.

Geliň özümize şu sowaly bereliň: “Durmuş” atly ýolda ýöreýärkäk, yzymyzdan gelýänler has rahat geçer ýaly ýoly päsgelçiliklerden arassalamagy başarýarysmy ýa-da päsgelçilikleriň sanyny has artdyrýarysmy?