بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Pygamber alaýhyssalam: «Allatagala alymlara ylym berende ony adamlara düşündirmekligi we gizlemezligi olardan ähtnama alyp berýär» diýdi.

Başy » Kitaplar » Mertebeler we kemlikler » 8-nji bölüm: Ýagşy gylyk we mylaýym häsiýet.

154. Pygamber alaýhyssalam şeýle diýdi: «Her adam özüniň ýagşy gylygy bilen namaz-orazaly adamyň derejesine ýetip biler».

155. Pygamber alaýhyssalam şeýle diýdi: «Kyýamat güni mizanda ýagşy gylykdan agyr geljek hiç bir zat ýokdur».

156. Möminleriň emiri Aly ibn Abu Talyp şeýle diýdi: «Aladasy artanyň derdi köpeler, gylygy ýaman özüni kösär, il bilen jetleşeniň abraýy gaçyp, hormaty bolmaz».

157. Halyt ibn Safwandan «Kimler bagtly ýaşaýar?» diýip soralanda, ol: «Öz durmuşy bilen özgeleriň durmuşynyň oňatlaşmagyna peýda berýänler» diýipdir. «Onda durmuşy ýaramaz adamlar kimler?» diýlende, «Özgeleriň durmuşynyň ýaramazlaşmagyna sebäp bolýan adamlar» diýipdir.

158. Fudaýl şeýle diýdi: «Pis gylykly takwadan ýagşy gylykly bozuk adamyň ýoldaşlygyny halaýaryn».

159. Pygamberimiz şeýle diýdi: «Adamkärçiligi we gylyk-häsiýeti gözel bolmadyk adamyny Hudaý dowzah ody bilen naharlar».

160. Sagyt ibn Ubaýdyň goşgusy*:

«Adamlara duşanyňda şadyýan ýüzli bol,

 Hoş habar aýdyjy bol.

Ýaramaz söz, gyňyr ýüzi unutgyn.

Akmaklygyň başy ýüzüňi turşatmakdyr,

Akyllylyk gözbaşy süýji sözlülikdir».

161. «Rehimdar bolar ýaly ýagşy işleri salgy bersene» diýip, Ahnafa ýüz tutanlarynda, ol «Gözel gylykly boluň we ýaramaz işden saklanyň» diýipdir.

162. Abu Temmam Taýy Hasan ibn Wehbiň edebini öwüp, şeýle goşgy aýtdy*:

«Eger ol bir gylyga bürenip ýa-da başga keşbe girip bilýän bolsa, ol gaty toprakda biten bossan ýa-da miweli bag bolardy. Onuň elleri, ýagyşda äşgär bolýan müşk kimin, sahawatlylyk ýagdyryp, alkyş çöplärdi. Mylaýym ruh hem, edil müşk ýaly bolup, özünden hoşboý ys ýaýradýar».

163. Onuň Omar ibn Tawk hakda aýdan goşgusy*:

«Salyhatlylyk onuň bezegi bolup, sypaýy degişýär.

Özi bilen oýun etmeýänlere çynlakaý çemeleşýär.

Onuň häsiýetinde ýumşaklyk garylan hyýrsyzlygam bar,

Çünki gyzyl meýi garyp içmeseň haýyr bolmaýar.

Zamana bir ýaňa egrelse-de, ol mäkäm durandyr.

Abraýy açylan güldür, ýöne solmaz,

Başarmajak işine elini gatmaz,

Başaryp boljagy gaýra goýmaz».

Gürrüň bermeklerine görä, ol islendik zatda ýumşak bilen gatyny, muşakgat bilen ýeňilligi bölmän ulanar ekeni, hiç haçan olaryň birini goýup, beýlekisini ýerine ýetirmändir. Bu iň amatly we öwgä mynasyp işdir. Şonuň üçinem «Süýji bolma - ýuwdarlar, ajy bolma – tüýkürerler (süýji bolsaň iýerler, ajy bolsaň goýarlar)» diýlendir.

164. Hasan Basrydan ýagşy gylyk hakda soralanda ol «Sahylyk, geçirimlilik we sabyrlylyk» diýip, jogap beripdir.

165. Fudaýl şeýle diýdi: «Hiç bir ýaranjaňlyk etmezden, söhbete gelenleriň ýüregini awlamak, ýumşak gylygyň bilen olara özüňi aldyrmaklyk - gije-gündiz ybadat edip, oraza tutanyňdan peýdalydyr».

166. Mälik ibn Dinar şeýle diýdi: «Dindardygyna garamazdan, gylygy ýaman adam jähennemiň ortasyna düşer. Ybadat etmeýänem bolsa, ahlagy gözel adam jennete girer».

167. Şugaýp şeýle diýdi: «Özüme durmuşa çykmagy üçin bir geline söz gatdym. Ol meniň sözümi kabul etdi. Men oňa özümiň ýaramaz gylyklydygymy aýdanymda, ol «Meniň gylygym seniňkidenem ýaramaz. Ýöne ýaramaz gylyga ýüz urmaga mejbur edýän üýtgeşik zat barmy?» diýdi».

168. Japar Sadyk şeýle diýdi: «Gözel häsiýetler on sanydyr: Dogruçyllyk, iliň baýlygyna göz gyzdyrmazlyk, amanaty gaýtarmak, garyndaşlaryň bilen gatnaşmak, ýagşylyk etmek, dostlaryňa we goňşularyňa ýardam bermek, myhmansöýer bolmak, utanç-haýaly gezmek».

169. «Il bilen garyşmaýan we dosty az adamlar kimler?» diýip Şagbydan soralanda, ol: «Adamlar bilen gatnaşanda ýüzüni kürşerdip, gaşyny çytýanlar» diýip, jogap beripdir.

170. Pygamberimiz şeýle diýdi: «Hudaýyň ýanynda ýaramaz gylykdan başga her bir günäniň tobasy bardyr. Çünki ýaramaz gylykly adam özünden betere duşýança toba etmez».

171. Abdylla ibn Mübärek şeýle diýdi: «Bu dünýäde ynsany onuň boýy we syraty däl-de, ýagşy gylygy bezeýär».

172. Abu Mushir şeýle diýdi: «Musulmanyň keşbini onuň ýagşy gylygy salgy berýär».

173. Zübeýr ibn Bekkar şeýle diýdi*: «Bizi howlukdyranyň üçin, saňa azajyk ýagşylyk etdik. Eger gyssaga salmadyk bolsaň, beýle ujypsyz hem bolmazdy. Gowusy, az bolsa-da, şuny kabul et. Ýöne, sen-ä soramadyk ýaly gez, biz hem hiç zat etmedik ýaly bolaly».