بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Kä adam Allatagaladan nämedir bir zat dilemek üçin ybadat edýär. Bu ybadat söwdagärleriň ybadatydyr. Kä adam özüniň Allatagalanyň sadyk guludygyny bildirmek üçin ybadat edýär. Bu gullaryň, hyzmatkärleriň ybadatydyr. Kä adam bolsa Allatagalanyň eden işlerine şükür edip ybadat edýär. Bu ybadat Allatagalanyň azat bendeleriniň edýän ybadatydyr.

Başy » Kitaplar » Mertebeler we kemlikler » 13-nji bölüm: Pukaralary we dilegçileri äsgermezligiň ýaramazlygy.

251. Mesih alaýhyssalam şeýle diýdi: «Dilegçini boş goýberen adamyň öýüne ýedi günläp perişdeler gelmez».

252. Omar ibn Hattap şeýle diýdi: «Köp zat bermäge gurbuňyz bolmasa, dilegçini az zat berip ugradyň. Azajyk zat bermäge-de ýagdaýyňyz ýok bolsa, süýji we owadan sözler bilen gaýtaryň».

253. Muaz Nesefi şeýle diýdi: «Ýagşy iş etsin-etmesinler parhy ýok, garyp-gasarlary kemsidip, olara ezýet berýän adamlary Hudaý heläk eder».

254. Allatagala Musa alaýhyssalama garap: «Eý Musa, garyp-biçäreleri görseň, olara hem edil baýlara duşan ýaly gara. Eger şeýtmäni başarmasaň, onda öwreden zatlarymyň hijisini peýdalanman, gum astyna gömüp goý» diýipdir.

255. Ibn Apbas şeýle diýdi: «Baýlary hormatlap, garyplary kemsidýän adam näletlenendir, melgundyr».

256. Ýahýa ibn Ýeman şeýle diýdi: «Sufýan Sewriniň mejlisine baranymyzda, garyp-gasarlary edil emirler ýaly beýik görýärdik».

257. Käbir adamlar şeýle diýdi*: «Göwün edip gelen garyby gapyňdan kemsidip gaýtarma. Baýlyk diýilýän zat adamlara ezelde paýlanyp goýlandyr. Olara ýagşylyk edip, şepagata we sogaba eýe bol. Kyýamat güni misginler artykmaç sylaga mynasypdyr».

258. Abu Nagym şeýle diýdi: «Bir garyp adam Sewriniň ýanyna gelipdir. Sewri oňa «Öňe süýş. Eger baý adam bolsaň, ýanyma golaýlatmazdym» diýipdir.

259. Bir biçäre käbir baýlardan dileg etmäge durupdyr. Emma baýlar ony kemsidip, ýüzüni alypdyrlar. Bu ýagdaýy synlap oturan Dygbyl ibn Aly Huzagy ýaňky biçäräni ýanyna çagyryp, oňa on dirhem pul beripdir. Soňra Dygbyl*: «Çyndan mätäç bolsaňam, adamlardan asla zat sorama. Iki aýaňy açyp, Hudaýdan merhemet dile, Hakyň merhemeti giňdir. Adamlardan bir gysym toprak diläp, «Äber» diýseň, olar senden ýüz öwrüp, şony gysganmaga-da taýyndyr» diýipdir.

260. Başga biri şu manyda şeýle diýdi*: «Adamlaryň elindäki zady sorama, tanaýanlaryňy inkär et, tamasyz gez. Özüňe hezzet edenlere peslik bilen çemeleşme, beýtseň seni sylap golaýyňa gelýänler, senden has uzaga gider».

261. Käbir araplar şeýle diýdi*: «Garyp-gasarlary kemsidiji bolmagyn, bir gün olaryň öňünde dyza çökmegiň we ykbal guşunyň olary belende götermegi mümkin. Onuň iýmejek baýlygyny çöplemegi we çöplemedik baýlygyny iýmegi mümkin.

Hantama adamlar hiç haçan arzuwyna ýetmez. Umyt etmeýänler bolsa, göwün edeninden gowy güne tiz gowuşar».