بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Allatagala parz namazyny ýerine ýetirmeýän kişiniň nepil namazyny kabul etmez.

Başy » Kitaplar » Mertebeler we kemlikler » 17-nji bölüm: Myhman çagyrmagyň hormaty.

327. Pygamber alaýhyssalam şeýle diýdi: «Haýsy öýe myhman gelse, öz rysgy bilen gelýär we olaryň günäsini alyp gidýär».

328. Möminleriň emiri Aly şeýle diýdi: «Mertebeli adam, hat-da emirem bolsa, üç zady gijikdirmeli däldir. Atasy üçin ýerinden turmaly, myhmana nahar äbermeli, ders öwredýän ussadyna hyzmat etmeli».

329. Pygamber alaýhyssalam şeýle diýdi: «Myhmansyz öýde bereket bolmaz».

330. Pygamber alaýhyssalam şeýle diýdi: «Myhmanyny hezzetlän adamyň her döwüm çöregi üçin oňa ýüz ýagşylyk ýazylar, bir ýyllyk günäsi ýuwular. Eger şol häsiýetini dowam etse, jennetdäki ornuny görmän dünýäden gitmez».

331. Pygamber alaýhyssalam şeýle diýdi: «Myhmanyň hezzeti üç gündür, ondan galany bolsa sadakadyr. Myhmanyň hem üç günden soňra turmagy gerek».

332. Pygamber alaýhyssalam şeýle diýdi: «Hudaýa we kyýamat gününe ynanýan adam myhmanyny sylasyn».

333. Enes ibn Mälik şeýle diýdi: «Her bir zadyň zekaty bar. Howlynyň zekaty, ol ýerde myhman jaýyň gurulmagydyr».

334. Abdylla ibn Omar şeýle diýdi: «Nahara näçe köp el uzasa, ol şonça-da Hudaýa ýakymlydyr (süýjüdir)».

335. Ybraýym alaýhyssalam günortanlyk edinmek islese, bile oturyp iýere adam tapmak üçin, nahary ýanyna alyp, bir-iki mil ýol geçýän eken.

336. Dawut pygamberiň özi arpa çöregini iýip, myhmanlaryna elmydama ak un çöregini hödürlär eken.

337. Isa ibn Merýem agşamlyk naharyny ertirlik üçin, ertirligini agşamlyk üçin goýmaýar eken. Ol «Her günün rysgy özi bilen bile gelýär» diýipdir.

338. Pygamber alaýhyssalam şeýle diýdi: «Kime myhman düşlese, myhmanyň rugsady bolmazdan agyz beklemesin».

339. Pygamber alaýhyssalam şeýle diýdi: «Gassabyň päkisi (pyçagy) düýäniň örküjine ýetmänkä, haýyr-bereket, myhman hezzetlenilýän öýe barýandyr».

340. Aly ibn Abu Talyp şeýle diýdi: «Bazara baryp, gul satyn alyp, azatlyga goýberenimden, dost-doganlarymyň bir toparyny nahara çagyryp, hezzetlänimi gowy görýärin».

341. Müjähit şeýle diýdi: «Ensarylaryň biriniň öýünde myhman bardy. Öý eýesi bir saý-sebäp bilen öýe gijiräk gelipdir. Ol öýüne giren dessine: «Myhmany naharla­dyňyz­my?» diýip sorapdyr. Olar: «Ýok» diýip, jogap berenlerinde, öý eýesi gaharyna bäs edibilmän: «Onda men siziň agşamlyk naharyňyzdan duz datman» diýip, söz beripdir. Aýaly oňa: «Sen iýmeseň, menem agşamlyk edinmerin» diýipdir. Muny eşiden myhman: «Menem edil siziňki ýaly kasam edýärin, zat iýmerin» diýipdir. Öý eýesi oňaýsyz ýagdaýa duşüpdir. Ol: «Ýok, goýaweri, myhmany aç ýatyrmak öý üçin betbagtlykdyr. Hany, naharyňyzy äberişdiriň» diýipdir. Myhmanam, öýdäkileriň ählisem agşamlyk edinip, uka batypdyrlar. Öý eýesi säher bilen turup, Pygamberiň ýanyna barypdyr, bolan zatlary gürrüň beripdir, «Ilki kasam edenligini, ýöne sözünde durman, ony bozanlygy üçin» ökünýändigini aýdypdyr. Pygamber oňa: «Şol üçüňiziň içinde iň ýagşysy sen ekeniň. Sen şeýtmek bilen, Hudaýyň diýenini etdiň, şeýtanyň bolsa tersine gitdiň» diýipdir.

342. Tarfa ibn Abu şeýle diýdi*:

«Üstüňde durandyr geleniň haky,

Hezzetle myhmanyň, ýaz saçagyň giň.

Alkyş bilen ödär iýen duzuny,

Berekete beslär bosagaň-sekiň.

Egeraýaň boş, garnyň aç bolsa,

Ýüzüňi egşetme, basmasyn gar-buz.

Hoş sözüňi gysganmagyn gelene,

Hödürleme mylakatdan başga duz».

343. Muhammet ibn Hanafyýa bir adama ýüzlenip: «Haýsyňyz haýyr işiň ulusyny etdiňiz, senmi ýa myhmanyň?» diýip sorapdyr. Ol adam: «Elbetde men. Meniň ýagşylygym onuňkydan uludyr» diýipdir. «O nädip seniňki uly bolýarmyşyn?» diýende, ol adam: «Sebäbi, oňa naharymy berdim, düşegimi düşedim, hyzmat etdim» diýipdir. Onda Muhammet Hanafyýa: «Ýok, bu düýbünden beýle däl. Ýagşylygyň ulusyny myhman etdi. Sebäbi, ol öz rysgy bilen girdi we öýüňiziň günälerini alyp, çykyp gitdi» diýipdir.

344. Salyh ibn Jenah şeýle diýdi: «Myhmana ýagşy hezzet etseň, ol päklik bilen alkyşlar. Ýamanlyk etseň, ýüzüni alsaň Hakyň berjek jezasy-da şoňa görädir».

345. Aly ibn Muhammet Kufi şeýle diýdi*:

«Öýümdäki myhman, şadyýanlyk bilen özüni erkin saýýar. Adamlar gelip, biziň haýsymyzyň myhmandygyny saýgar­mazlar. Eger birdenkä, myhman mesirgäp gylyç çekse, onuň özi gorka düşer we haýsymyzyň kesgir gylyçdygygymyzy bilmän galar».

346. Merwan ibn Abu Hafsa şeýle diýdi*:

«Süleýme maňa şeýle öwüt berdi: Ähdi-imany we borjy bilmeýän adamdan seni Hudaý gorasyn. Eger myhman, özüniň meniň ýanymdaky beýik hormatyny bilsedi, ýanyma gelip, yzyna dolanmazdy. Hiç bir kowum myhman hezzetläni üçin, meni edişleri ýaly gara güne goýan däldir. Ak göwünli myhman Wamyk gyzdan gözeldir».

347. Ol ýene şeýle diýdi*:

«Meni owaz we zynat bilen, hödüre mätäç ötegçi myhman bilen begendirdiler. Myhmanyň hiňlenmesi biziň üçin, goýunlaryň mälemesinden we aýdymyň sesinden has datlydyr».

348. Müswär ibn Hind ibn Kaýs ibn Züheýr şeýle diýdi*:

«Nahar taýynlasam, saçak başynda ýeke özüm oturmagy ýek görýärin. Ýa goňşymyz bilen ýa-da ötegçi dost tapsam, çagyryp bile garbanýaryn. Öýümde myhman barka, men onuň guludyryn, bu meniň bendelik borjumdyr».

349. Utbat ibn Bujeýr şeýle diýdi:

«Ýorganym myhmanyňkydyr, öýüm hem myhmanyňky­dyr, özüm hem myhmanyňkydyryn».

350. Başga biri şeýle diýdi: «Araplarda däp bolup galan zatlaryň biri, eger özlerine düşlän myhmany kabul etjek bolsalar, güler ýüz bilen garşy alypdyrlar. Eger kabul etmek islemeseler, ondan ýüz öwrüp, yza döner ekenler. Myhman bolsa, ol ýerde özüne hödür-kerem edilmejegini duýup, başga ýeriň gözlegine çykypdyr».

351. Şemmah Abdylla ibn Japara bagyşlap, şeýle diýdi*: «Eý Japaryň ogly, ýaşlaryň iň oňady sensiň. Iň hezili bolsa, seniň öýüňde myhman bolan ötegçiniňkidir. Gapyňyzy kakan ötegçi agşamlyk edinmän, ýagşylygyňyzy görmän we göwnüne ýaraýan gürrüňleri diňlemän gaýtmaz».