بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Fath Mosully (goý, Beýik Taňry oňa rehimdarlyk etsin!): «Hassa suw, tagam we derman berilmese, onda ol ölermi?» diýdi. Adamlar: «Hawa, ol öler» diýdiler. Mosully: «Kalp hem edil şunuň mysaly ýalydyr. Kalbyň iýmiti ylym we hikmetdir. Onuň diriligi bu iki zat bilendir. Eger kalba üç gün ylym we hikmet barmasa, onda ol ölýär» diýdi.

Başy » Kitaplar » Mertebeler we kemlikler » 26-njy bölüm: Serişde we şepagat. Mätäç bendeleriň olara baglylygy.

466. Muny bize Basranyň kazysy Abu Omar Abdylwahyt ibn Muhammet ibn Mäti Bagdady gürrüň berdi. Oňa Abu Aly Luwluw, oňa Abu Dawut, oňa Müsetdit, oňa Sufýan gürrüň beripdir. Ol hem muny Bureýt ibn Abu Burdadan, ol kakasyndan, ol bolsa Abu Musadan eşidipdir: «Pygamber alaýhyssalam: «Menden towakga ediň! Hudaý öz pygamberiniň dili bilen islän zadyny bitirer. Siz bolsa ýagşy sylaga mynasyp bolarsyňyz» diýdi».

467. Abdylla ibn Mälik Enmaty şeýle diýdi: «Hasan ibn Sehliň söhbetinde otyrkak bir adam gapydan girip, haýyş hatyny ýazyp bermegini sorady. Hasan öz kätibine şeýle haty ýazmagy buýurdy. Haçanda hat taýyn bolansoň, Hasan oňa möhrüni basyp, ýaňka uzatdy welin, ol adam ýerinden laňňa galyp, Hasana alkyş-öwgi aýtmaga başlapdyr. Hasan ol adama garap: «Hormatly adam, näme üçin alkyş aýdýarsyň?! Biz ile haýyş hatyny ýazyp bermegi adamkärçiligiň zekaty saýýarys. Pygamberden eşidip rowaýat etmeklerine görä, ol: «Her bir adam baýlygyna jogap berişi ýaly, adamçylyk mertebesine hem jogap bermelidir» diýipdir» diýdi.

Kermany şahyr hem şu söhbetdeşlikde otyrdy. Ol ýerinden böküp turup: «Siziň bolşuňyzy görüp, bir pikir kelläme geldi. Siziň aly jenabyňyz, indi men, öz zadymy hem-de eden işlerimi, elimdäki zatlaryň we mertebämiň zekatyny ödemek üçin sarp ederin*.

Eliňde baryndan jomartlyk et,

egerony başarmasaň,

Ähli adamlara peýdaly bolar ýaly,

başardygyňça ýagşy işe yhlas et» diýdi.

468. Ibn Rumynyň Abu Sakra ýazan hatynda şeýle setirler bar*: «Eý, Abu Sakr, senden başga şepagat edibiljek adam ýokdur. Mende bolsa, seniň jomartlyk şepagatyňa, şygrymdan başga gaýtarara zadym ýok. Özge ýardamçylarda berere zat tapylmasa-da, seniň joşgunly sahawatyň ähli zada serişdedir. Sen ýagşylyk etmek bilen hemmeleri özüňe gönükdirdiň. Sen hakdaky oýlarym bolsa, meni seniň ýanyňa getirdi. Saňa etjek zatlarym parlak nur ýaly aýdyňdyr: Yhsan etseň, bol alkyşym kepildir. Eger, hasyl edip bilmeseň, bagyşlara ötünjim köpdür».

469. Käbir kätipler öz dostuna hat ýazyp, şeýle diýipdir:

«Ýagşy işiňi Alla goldasyn, saňa bolan umydymdan, mähriňe bolan ynanjymdan, merhemetiňe arka direnmämden başga, saňa ýeter ýaly ulagym, ýanyňa elter ýaly penakärim ýok. Men edil öňde biriniň aýdyşy ýalydyryn*:

«Seni hajatyma penakär etdim,

Söýgümden ýasadym saňa şepagat».

470. Dygbyl ibn Aly Huzagy şeýle diýdi*:

«Öz mähri bilen haýyşyňy bitirip, özgeden alkyş tama edýän adam akmakdyr. Hajatyňy bitirende, hemaýatkäriňe alkyş aýt, ol seni süňňüňe ornan bigäna gylygyňdanam goraýandyr».

471. Möminleriň emiri Ibn Dawudyň haýyşlarynyň köplüginden bizar bolup, bir gün oňa şeýle diýipdir: «Eý, Ahmet, seniň isleg-talabyň döwlet hazynalaryny boşadyp barýar, haýyşlaryň köplügi onuň bitmegine zelel berýär» diýipdir. Ibn Dawut oňa ýüzlenip: «Eý, möminleriň emiri, şonuň üçin aýdýan alkyşlarymyň ählisi — sogaplar hazynasy saňa ýazylýar. Bu ýerde men dilleriň diňe seni öwüp durmagyny ýürekden küýsänligim üçin şeýdýärin. Meniň üçin bärde başga hiç hili bähbit ýok» diýipdir. Möminleriň emiri: «Eý, Abu Abdylla, Alla seniň bize bolan alkyş söýgiňi öçürmesin. Adamlaryň senden edýän haýyş towakgasy we öz mätäçligiň üçin öňkülerdenem rahat we razy bolup gez. Elbetde söýgi bolmazdan ýagşy zatlara gowşup bolmaz» diýipdir.

472. Muhammet ibn Sagyt dostlarynyň käbirine haýyş hatyny ýazyp bermegi soraýan işçilere şeýle diýdi*:

«Adamlaryň käbiri aladaly wagty kömek soramakdan utanýarlar. Eý, abraý-şöhratyň yşkyna düşen, belent mertebede mesgen tutan merdana! Bu adamlar, maňa ýardam berýäniň, özlerini hem goldamagy üçin haýyş edýärler. Eý, sahawat buludy bilen asmany gaplaýan ýigit, sen bulary ýaz ýagşyna meňzeş sahawatyň bilen ezeweri».

473. Ahmet ibn Dahhak şeýle diýdi*:

«Alyn dişleriň aklygy edil dür ýaly,

Gözüňi süzüşiň meňzeýär jada.

Ýüzüň röwşenligi dolan aý ýaly,

Saňameňzeş başga ýokdur dünýäde.

Meniň gözýaşlarym deňize döndi,

Kalbym yşka ýanyp, öwrüldi köze.

Şu barýan ýigide eden kömegiňi,

Hasaplaryn, etdiň diýip özüme».

474. Edepli adamlaryň käbiri özlerinden haýyş edilip, özelenip duransoňlar, şol mätäç adamlary alyp, emeldaryň ýanyna gitmeli bolupdyrlar. Haçanda emeldaryň howlusyna ýetenlerinde, sözlär tamasy bilen öňlerine salyp gaýdan adamsy emeldara haýyş bilen ýüz tutmakdan çekinipdir. Bu ýagdaýa göz ýetiren mätäç adam*: «Başda umyt edip gelýän adam täsin.Ol asyl peýdasyz zatdan tama edipdir. Biz onuň bilen emeldaryň ýanyna haýyş etmäge geldik. Ol bolsa, gürlemäge çekinip, biziň dillenerimize garaşyp dur» diýipdir.

475. Muny maňa Aly ibn Kasym Basry gürrüň berdi. Oňa bolsa Abu Bekr As-Suly gürrüň beripdir: «Abu Temmam Taýy Abdylla ibn Tahyryň ýanyna baranda, oňa känbir göwni suw içmeýän zady bermekligi buýrupdyr. Ol hem muny alyp pytradyp goýberipdir. Abdyllanyň oňa we beren zadyny çar ýana saçmasyna gahary gelip, gazaba münüpdir. Abu Temmam bolsa ondan öýke edip, Tahyr neberesiniň şahyry we iň ýakyn adamsy bolan Abu Amaýsalyň ýanynda zeýrenipdir. Abu Amaýsal Abdylla ibn Tahyryň ýanyna girip: «Hormatly emir, alys ülkeden saňa bolan süýji umydyny äkelen, seniň üçin süňňüni we pikirini ýadadan adama gahar edýärmiň?» diýipdir. Abdylla bu sözleri eşidensoň, Abu Temmamy ýanyna çagyrypdyr, şol günki bolan wakalara ökünýändigini aýdypdyr. Ol Abu Temmama halat ýapyp, müň dinar bagyş edipdir. Barmagyndaky iň gymmatbaha ýüzügini çykaryp, oňa sowgat edipdir.

As-Suly şeýle diýdi: «Abu Temmamyň Abdylla ibn Tahyr bilen baglanyşykly bu wakasy dogrudyr. Sebäbi ol onuň ýanyndan gaharlanyp gaýdandygyny özi gürrüň berdi. Ýöne aslynda edil şeýle bolandyr öýdemok».