بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Allatagala Ybraýym alaýhyssalama: «Eý, Ybraýym! Men alymdyryn we alymlaryň hemmesini söýýändirin» diýen owaz iberdi» diýdi

Başy » Kitaplar » Mertebeler we kemlikler » 27-nji bölüm: Sypaýyçylyk bilen dileg edeniňde hoşamaý sözlülik.

476. Bir gezek Muhammet ibn Wasyg Kutaýba ibn Müslimiň ýanyna girip: «Ilki Hudaýdan dilän haýyşym bilen seniň ýanyňa geldim. Eger ony bitirseň Hudaýa hamd aýdaryn, saňa bolsa alkyş. Eger bitirmekden ýüz öwürseň, Hudaýy senalaryn, seni bolsa bagyşlaryn. Çünki Hudaýyň bermejegini sen berip bilmersiň» diýipdir. Soňra hajatyny aýdanda, Kutaýba ony bitiripdir.

477. Ibn Semmak bir adama garap: «Saňa ynanýanlygym üçin, senden dileg etmegi özüme peslik bilmedim, senem mätäç ýüzümi boş gaýtarmakdan saklanaweri. Seni umytlap özümi nirede goýan bolsam, sen hem sahawatyň bilen meni şol ýerde goýaweri» diýipdir.

478. Biri başga birini alkyşlap şeýle diýipdir: «Seniň ýagşylyk edişiň çalt, hatda käteler ýüzüň sowuşyň hem ýakymly, goldaw-hemaýatyň bolsa bähbitli» diýipdir.

479. Ýanyna gelen käbir wekillerden: «Baýlygyň näme?» diýip, Mansur sorapdyr. Ol: «Dilegçilik etmekden ýüzümi saklaýan, dostuma ýagşylyk etmekden welin ejiz gelýän» diýipdir. Mansur oňa: «Sen jana hoş ýakýan sözler bilen öz mätäç zadyňy beýan etdiň» diýipdir hem-de oňa müň dirhem sowgat bermeklerini buýrupdyr.

480. Ahmet ibn Mihran käbir dostlaryna hat ýazanda şeýle diýipdir: «Men alkyş bilen ötünjiň arasynda durun. Alkyşyň hormaty bilen dogruçyl ötünjiň mertebesi deňdir. Iliň göwnüni görjek bol! Öz bähbidiňi öňe sürüp, il ýardamyna biperwaýlyk etme!» diýipdir. Soňra şeýle sözleri ýazypdyr: «Ötünç kabul ediler, ýöne welin ötünç bilen alkyşyň arasynda örän uly tapawut bar».

481. Ýahýa ibn Halyt Bermeki ogly Japara şeýle ýazypdyr*: «Saýyl-sergezdana hergiz gazap bilen garamagyn. Gapyňda mätäji görmek – ykbalyň beren haýrydyr. Mertebäňden umyt edip geleni boş yzyna gaýtarma. Adamlar ýakyn-u alysda meşhurlyga eýe bolarlar, ýöne diňe ýagşylykda belli bol».

Bu setirleri okan Japar şol günüň özünde adamlaryň ýüz sany ýumşuny bitirip, garyp pukaralar üçin ýüz müň dirhem sarp edipdir.

482. Başga biri şeýle diýdi: «Kim seni mertebä laýyk bilýän bolsa, onuň umydyny unutma, ýumşuny bitir. Ýanyňa gelýän adamlaryň ýüzüni almasaň we kowmasaň, sen elmydama rahatlykda we eşretde ýaşarsyň. Pelek hatda gizlin zatlary hem tozdurýandyr, ýöne ýagşylaryň amaly hergiz unudylýan däldir».

483. Jahza şeýle diýdi*: «Men seniň ýanyňa geldim. Ýöne welin ellerimde saňa bolan çyn söýgimden başga berere zadym ýok. Eger ýumşumy bitirip, men garyby goldasaň, saňa minnetdar bolardym we elmydama alkyş aýdardym. Eger başarmaýanlygyň üçin bagyşla diýseň, men senden aýyp etmerin. Hatda maňa beren zatlaryň, şumlugyma sebäp bolsa-da, men seniň ýagşy adamdygyňy inkär etmerin».

484. Abu Amaýsal şeýle diýdi*:

«Eý, akylly adam, seniň ýanyňa ne dostluk duýgusy bilen, ne umydy salgy berýän sebäp bilen geldim. Bir zat welin hak:

Eçileniň bilen egsilmez mülküň,

Gysgananyň bilen artmaz hiç zadyň».

485. Halyg şeýle diýdi*:

«Örän köp adamdan köp zat diledim,

Ýöne sahydan özgäniň aýasy açylmady.

Binamysa el serip, pes bolup gezenimden,

Ýagşy göründi maňa, dünýäden geçilmegim».

486. Muny maňa Aly ibn Kasym Basry aýdyp berdi. Oňa bolsa Abu Bekr as-Suly aýdypdyr: Ibn Abu Fenen şeýle diýipdir*:

«Zamana parçalap dur, agyz urýar tenime,

Gel-de, halas et meni, goýma pelek çemine.

Mertebäňden umyt edip, ýüzüm öwürdim saňa,

Laýyk bilip ynsabyňa, çagyrýaryn kömege.

Ýalmanyp dur ýuwdarha, janyma dem bermezden,

Saňňyldaýar bedenim, meni basypdyr gorky.

Egerhalas etmeseň, şu ilkinji haýyşym

Haýyşlarmyň içinde bolup galar iň soňky».

487. Bize gelip ýetişine görä, bir agraby Mätiniň weziri Abu Ubaýdullanyň ýanyna giripdir. Ol aýagy ýyrtyk çarykly, egni bolsa ýüpek donly ekeni. Ol weziriň per ýassygynyň ýanyna ýetýänçä, adamlary basgylap, ötüp geçipdir. Soňra wezire bakyp: «Weziriň işini Hudaý oňuna etsin! Özümi seniň sahawatyň astyndaky düşek saýýaryn, bagyş edibilýän nygmatyňa görä ýardam isleýärin. Maňa wada berlen iki möhlet geçdi gitdi. Üçünji dilegimi bitirseň, onuň üçin alkyş aýdyp, arabyň içinde at-abraýyňy uludan-kiçä ýaýaryn. Men yhlasyňa bürenen enaýatyňa baglydyryn. Sabryň hözürini görüp, taryplanmagyň üçin, saňa ýeterlik derejede alkyş aýdaryn» diýipdir. Soňra agraby esli wagtlap başyny aşak salyp oturypdyr. Hiç kimden ses-seda çykmandyr. Soňra agraby başyny göterip, adamlaryň ýüzüni nazarlap: «Heý kömek etjegiň, halas etjegiň, ýardam etjegiň ýokmy?» diýipdir. Şol dem bir ýaş kätip ýerinden laňňa galyp, Abu Ubaýdullanyň öňünde gelip, çök düşüpdir. Ol: «Eý, Alla, weziriň işi oň bolsun! Bu biçäre senden umyt edýänçä özgelerden zat soramandyr. Howp-hatardan halas bolup, üstünlik umydyny duýmazdan hem, senden umyt etmändir. Gaýra goýmazdan, oňa ýagşylygyňy bagyş etseň, öňde biriniň aýdyşy ýaly bolarsyň. «*Umydygäri boş gaýtarmak we wadalary yza çekmek abraýdan daş düşürer. Baýlygyň barka, sahawat eçil we şöhrat gazan».

Abu Ubaýdulla bu sözleri eşidip: «Men seniň aýdyşyň ýaly ederin» diýipdir we hyzmatkärine on müň dirhem pul getirmegi buýrupdyr. Agraby bu ýaş ýigide bakyp: «Hudaý bela-beterleri senden sowa goýsun. Seniň bu gözel işiň üçin minnetdardyryn» diýipdir. Abu Ubaýdulla bulara bakyp: «Başyňyza döneýin, ikiňizem ajap adam, ikiňizem birek-birege sahawat etdiňiz» diýipdir.

488. Mamunyň hökümdarlyk eden döwründe, Yshak ibn Ybraýym Möwsylynyň gündelik azygynyň gelmesi gijigipdir. Yshak Mamuna hat ýazyp: «Eý, möminleriň emiri, biziň umytlarymyz üçin seniň sahawatyňdan beýik zat ýokdur, ýüreklerimiz seniň döwletiňden özgä höwes etmez, ýöne näme üçindir gündelik azygymyz gijä galýar, haýyrdyr-bähbitler bizden gyra aýrylýar? Näme üçindir bize bolan söýgiňi gazanmak has agyr bolýar? diýipdir. Mamun bolsa oňa ýazan jogap hatynda «Seniňkiden sypaýy dilege, ajaýyp öwginiň we arzy-talabyň şirin söz bilen beýan edilişine öň duşmadym» diýipdir.

Soňra Mamun onuň ähli azyk hakyny dessine eltip bermegi buýrupdyr.

489. Käbirleri şeýle diýdi*:

«Dilegçä berýändigiň üçin seniň, alkyş aýdýanlygy üçin onuň has uly sogaba eýe bolýanlygy belli. Adamlar üçin iň mynasyp we bähbitli zat mylaýymlykdyr».

490. Rowaýatlara görä bir garryja ene Kaýs ibn Sagt ibn Ubadanyň ýanynda saklanyp: «Maňa kömek et, öýümde syçanlar azlyk edýär» diýip zeýrenipdir. Kaýs muňa ýylgyryp: «Gör nähili kinaýaly söz! Bu garryja enäniň öýüni çörek, hurma we ýag bilen dolduryň» diýipdir.

491. Gulak asmaklaryny (diýeniňi etmeklerini) isleseň, başaryp bolmaýan zady sorama.

492. Biri käbir emirlere garap, şeýle diýdi*: «Meni seniň gaşyňa gönükdiren gaýratym kemelmedi, seni salgy beren islegim lapykeç bolmady, seniň ýanyňa getiren umydym öçmedi. Sizi senalap, gazanýan üstünligime görä, bähbit we baýlyk tapýaryn».

493. Hüzeýl ibn Zufer Ýezit ibn Mühellebiň ýanyna girip: «Senden kömek soralýanlygy üçin, şan-şöhratyň beýige galypdyr. Şol işi köp edýän diýäýmeseň, sen hiç hili üýtgeşik zat etmeýärsiň. Ile ýagşylyk etmek geň zat däl, ýagşylyk etmezlik geňdir» diýipdir.

494. Bir gezek Şebip ibn Şeýbe Mansuryň ýanyna barypdyr. Ol giren dessine Mansur oňa bakyp: «Hajatyňy soraber» diýipdir. Şebip oňa garap: «Eý, möminleriň emiri, seniň keremli eliň, meniň dilegçi dilimden sahawatlydyr. Özüň isläniňden eçiliber» diýipdir.

495. Bir gezek Attaby Mamunyň köşgüne girip, oňa kasyda[1]okap beripdir. Mamun oňa bakyp: «Gerek zadyňy sora» diýende, ol: «Seniň ömrüňi uzyn we mertebäňi beýik saklamagyny, öwgi-tarypa we ululyga mynasyp bolmagyňy Hudaýdan soraýaryn» diýipdir. Mamun ýene oňa garap: «Gerek zadyňy sora. Beýle pursat mydama tapdyryp durmaz» diýipdir. Ol*: «Eý, möminleriň emiri, ömrüň azalmagyny islämok, sahawatyňdan peýdalanyp, aňryma zat basamok, husytlygyňdan hem çekinip duramok. Seniň sowalyňa jogap bermek biz üçin zynat, peşgeşiňe eýe bolmak — abraý-mertebedir. Ýüz tutan her bir kişiniň ýüzi alynýan däldir. Olara kemsidilme bilen garamak bolsa, öz mertebäňi kemdigiňdir» diýipdir.

Onuň sözleri Mansuryň göwnüne ýarapdyr. Şeýle salyhatly we edepliligi üçin oňa alkyş aýdypdyr.

496. Mütenepbi şeýle diýdi*:

«Ýüregiňize düşerin gorkusy bilen, hat-da salam bermäni hem azaltdym. Meniň nebsimde mätäçlik, sizde bolsa düşbilik bar. Siziň ýanyňyzda dymmak hem sözlemek we ýüzlenmek ýalydyr».

497. Ýezit Mühellebi şeýle diýdi*: «Adamlar siziň öwgüňizi abraý-öwginiň çäginden ýokarda saýdylar. Çünki olar sizden, beýleki soralýan zatlardan beýigini soradylar. Senden umyt eden zadyma ýetdim, eger ýetmejek bolsam, ynam etmedik bolsam, umyt hem etmezdim».

498. Dapba taýpasyndan bolan bir agraby Abdylmälik ibn Merwanyň ýanyna girip, oňa salam beripdir. Soňra*:

«Üstümizde Hudaý bar, eger senden haýyşymyz bitmese, senden başga kime ýüz tutarys. Tutuş ýurduň içinde haýyş edip gördük, ýöne gözel ahlagy bolan senden başga duşmadyk. Sahawat edip, özüňe öwrenişdirdiň, indi bu adatymyza sabyr et. Bolmasa-da barar ýaly birini salgy ber» diýipdir.

Abdylmälik oňa müň dinar peşgeş beripdir. Bir ýyl geçensoň şol agraby ýene dolanyp gelip*:

«Haýyr-yhsan edýän adamy söýýändirler. Ynsan ýagşylyk etse, onuň öwezini Hudaý doldurýar we abraýyny artdyrýar. Siz, bir jaýy gurup bolandan soň, sähelçe kem ýerini düzeltjek bolup, yny ýumrup taşlaýan ussalar ýaly dälsiňiz» diýipdir.

Abdylmälik bu gezek oňa iki müň dinary sowgat beripdir.

499. Rowaýatlara görä, Pygamber alaýhyssalam ilçilere, hemaýatçylara we wekillere mahsus güler ýüzi we atlarynyň owadanlygy bilen haýyşyny bitirmeklerini sorar eken.

500. Omeýýa ibn Abu Salt şeýle diýdi*:

«Bir gün biri saňa alkyş aýtsa, şol alkyş seni göribiň garşylygyndan gorap saklar».



[1]Kasyda — uly göwrümli şygyr, poema.