بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Pygamberimiz Muhammet (s.a.w.) aýdypdyr: «Kimde-kim bäş zatda äsgermezçilik etse, başga bäş zatda zyýana galar: 1) kim alymlara äsgermezçilik etse, ol dininde zyýana galar; 2) kim häkimlere äsgermezçilik etse, ol bu dünýede zyýana galar; 3) kim goňşylaryna äsgermezçilik etse, ol haýyrda zyýana galar; 4) kim güýç eýelerine äsgermezçilik etse, ol dostlukda zyýana galar; 5) kim maşgalasyna äsgermezçilik etse, ol gowy ýaşaýyşdan zyýana galar».

Başy » Kitaplar » Mertebeler we kemlikler » 41-nji bölüm: Haramzadalyk.

836. Jahyzyň aýdany: «Bir gezek adamlaryň bir topary Sehl ibn Harunyň öýünde naharlanyp oturan ekenler. Sehl ibn Harunyň husytlygy bolsa, ýüzündenem bildirip duran eken.

Onuň aşpezi kellesi aýrylan garry horazy bişirip getiripdir. Sehl oňa gözi gidijilik bilen seredip, bir zatlary pikirlenmäge durupdyr. Ol gahar-gazaba münüp: «Bu horaz kellesiz ýaradylypdyrmy ýa-da kellesi bardy welin, ýolduňmy?» diýip, hyzmatkärine gygyrypdyr. Soňra adamlara göz aýlapdyr, olaryň haýran galyp oturanyny görüpdir. Eden işinden utanypdyr. Soň özüni aklamak üçin şeýle diýipdir: «Siz şu horazyň kellesini neçün sorandyryn öýdýäňiz? Men onuň artykmaç taraplaryny bilýärin.

Ilki bilen horaz — azançy guş, namaz wagty gelende gygyryp oýarýar. Horazyň sesi bogazyndan çykýar. Bogazyndan çüňküne gelýär. Çüňki bolsa, kellede ýerleşýär. Ikinjiden, horazyň beýnisi doga-jadyny dep etmek üçin örän peýdaly, beýni bolsa, kellede ýerleşýär. Eger gyzyl zady taryplajak bolsalar, «Horazyň gözi ýaly» diýilýär. Gözi bolsa, kellede ýerleşýär. Kim şu peýdaly zatlary unudan bolsa, bilmeýän bolsa, onda kelläni goramagyň zerurdygyny hem bilmez».

837. Ibn Agrabydan: «Basraly biri çarwa araby öýüne çagyrypdyr. Onuň öňünde nahar goýup: «Depesinden, düýbünden we gapdalyndan iýmegin» diýipdir. Çarwa oňa: «Hudaý tutmuş, onda men munuň niresinden iýeýin?» diýipdir.

838. Jahyzyň aýdany: «Kufäniň bir köçesinden geçip barýarkam, ýaňkalaşyp duran iki sany adama gözüm düşdi. Olardan näme bolandygyny soradym. Olaryň biri: «Üýtgeşik zat ýok-la. Ýöne, dostum öýümize gelende: «Kellebaşaýak iýesim gelýär» diýdi. Men hem bazardan kellebaşaýak satyn aldym hem-de ony bişirinip iýdik. Soňra onuň süňklerini alyp, gapynyň üstünden asyp goýdum, goňşularymyzyň ýanynda buýsanaýyn, öwüneýin diýdim. Bir görsem, ol bu süňkleri alypdyr-da, öz gapysyndan asypdyr. Indi şol kelläni onuň özi satyn alyp, özi iýen ýaly bolup dur» diýdi».

839. Muhammet ibn Reşidiň aýdany: «Emeldar adamlaryň biri towuk gowurmaklaryny buýrupdyr. Nahar taýyn bolansoň, dostlarynyň käbirini hem çagyrypdyr. Ol towugy getirmeklerini buýrupdyr. Ertesi gün, ol ýene-de düýnki towugy getirmeklerini tabşyrypdyr. Görse, onuň etleri iýlip, süňkleri galan ekeni. Ol yrsaramaga başga bahana tapman, hyzmatkärine garap: «Oglanlaryň duşmançylygy we seniň biperwaýlygyň maňa şeýle çemeleşmäge gaýrat berdimi? Bu eden işleri üçin, olary bäş günlük paýdan kes» diýipdir. Şonda olaryň başynda duran hyzmatkär oglan: «Aramyzdaky akylsyz kimseleriň etmişleri sebäpli indi bizi heläk etjekmi?[1]» diýen aýaty aýdypdyr. Emeldaryň muňa gülküsi tutupdyr we olaryň paýlaryny gaýtaryp bermeklerini buýrupdyr».

840. Jahyzyň aýdany: «Sehl ibn Harun Kätip gysgançlygy ýüzüne çykyp duran, elmydama gam-gussaly adamdy. Başga biri sahylyk edip, eçilip duranam bolsa, husytlygyndan ýaňa keselläp ýatýan eken. Adamlar: «Ýeri, näme boldy?» diýip soranda: «Geň-taň göremok, munuň ýaly bolgusyzlygy we betpälligi göreňsoň, neneň kesellemejek?» diýer ekeni».

841. Medaýynydan: «Bir adam Ahnaf ibn Kaýsyň ýanyna gelip: «Eý, Abu Bahr, öwenleri bilen-ä şatlanamok, iliň ýaňsylamasyndanam sypyp bilemok» diýipdir. Ahnaf oňa: «Eý, agam, näme sen ýagşynyň ýadan ýerinde rahatlyk tapýarmyň?» diýipdir».

842. Bir gezek Abu Hasan Muhammet ibn Ýahýa Halyt Bermekiniň ýanynda oturan ekeni. Muhammet bolsa, gysgançlykda we husytlykda ile meşhur bolanlaryň biridir.

Bir gün Medaýyny Ýahýanyň ýanyna gelende, egin-eşigi sal-sal, egninde aňyrsy görnüp duran köýnegi bar ekeni. Ýahýa onuň köýneginiň ähli ýerine birlaý göz gezdirensoň, howlukmaçlyk bilen howla çykypdyr. Medaýyny hem onuň yzyna düşüpdir. Ýahýa: «Näme seniň mundan başga geýer ýaly köýnegiň ýokmy?» diýende, ol: «Ony tiker ýaly iňňäm ýok» diýipdir. Ýahýa: «Onuň üçin daşa gitmän, Muhammetden soraýsana» diýende, Medaýyny: «Hudaý bar, eger Muhammediň şu ýerden Ýemene çenli iňňeden doly öýi bolsa, her iňňä sapak ötürilen bolsa, onuň ýanyna hem Jebraýyl, arşy göterýän perişdeler, Ýakup pygamber dagy gelip, Ýusubyň ýyrtylan köýnegini çatmak üçin, ýekeje sapakly iňňe sorasalar, Muhammet pygamberiň we onuň ýagşy neberesiniň haky üçin haýyş etseler, «Şol iňňäni getirip berjek» diýip, Jebraýyl söz berip, kepil geçse-de, eger-eger edäýmez» diýipdir. Ýahýa muňa hezil edip gülüpdir. Soňra: «Goýsana, onda onuň saçagyna kimler barýar?» diýende, «Hudaýyň iň oňat görýänleri» diýipdir. «Olar kim?» diýende, «Kiramun-kätibin[2]» diýipdir. «Hany, onuň saçagynda nämeleriň bardygyny aýdyp ber» diýende, «Onuň saçagy ymgyr çöldenem giň. Ýöne iki çöregiň arasy, bat alyp bökýän arslanyň aralygy ýaly, iki tagamyň arasy, Isa bilen Muhammediň arasyndaky uzaklyk ýaly. Bulardan täsini hem, tagamyna siňek gonmasyn diýip, eline ýaglyk alyp, özi siňek ýaly gaýmalap ýör» diýipdir.

Ýahýa muňa arkan gaýşyp gülüpdir, aýagy bilen ýeri depirjikläpdir. Oňa gymmatbaha halat ýapmagy buýrupdyr. Bu wakany bolsa, hiç ýerde aýtmazlyga söz berdiripdir».

843. Hemze ibn Biz ilatly bir obanyň deňesinden geçip barýarka, garaňky gatlyşypdyr. Bu oba mal-garasy, ekin-dikini ýetik bir oba ekeni. Hemze her öýe baryp, myhman almagy sorapdyr. Emma hemme ondan ýüz öwrüpdir.

Gijesini şol ýerde aç-saňsar bolup geçiren Hemze, irden ýola düşmekçi bolupdyr. Şonda ol*: «Şu düşlän obamy Hudaý tutsun. Gün ýaşyp, garaňky gatlyşansoň düşlemeli boldum.Ýa şu ekinler ilatyny ýok etsin, ýa-da olaryň mallary gotur açsyn. Bolmasa-da üstlerinden gyrgyn inip, ilatyny heläk, obasyny harap etsin» diýip gargynypdyr».

844. Zübeýr hem, onuň ogly Abdylla hem şeýle bahyl ekeni. Çarwa arap onuň ýanyna gelip: «Haýsy iýmiti has oňat görýäň?» diýende, ol: «Süýt» diýipdir. Çarwa gidipdir we bir jamy süýtden dolduryp getiripdir. Sypaýylyk bilen süýdi oňa sowgat beripdir.

Zübeýr süýtli jamy elinde saklap, ýokary galdyrypdyr, aşak goýberipdir. Ol muny birnäçe gezek gaýtalap, süýdüň gymmatyny kesgitläpdir. Çarwa arabyň özi hem ony dört dirheme satyn alan ekeni.

Zübeýr hyzmatkärlerine bakyp: «Oňa dört dirhem beriň we jamyny boşadyp, yzyna gaýtaryň» diýipdir.

Çarwa arap öz ýanyndan oýlanypdyr-da: «Häzir şuny hile-pirim bilen oýnaýyn» diýipdir. Soň bir jamy süýtden we suwdan dolduryp, Zübeýre hödürläpdir.

Zübeýr ony bir-iki gezek ýokary galdyrypdyr, aşak goýberipdir. Soňra çarwa garap: «Bu süýt öňki getireniňden ýuwan we ýeňil. Oňa iki dirhem beriň» diýipdir».

845. Bir adam Zeýt ibn Abdylla Muhellebiniň ýanyna baranda, onuň öňünde gowrulan jüýje duran ekeni. Zeýt saçagyň gyrasy bilen derrew tabagy örtüpdir. Jüýje kellesini bolsa, jübüsine salypdyr. Soňra aňyrdan girene ýüzlenip: «Tüsseläp bolýançam, aňyrky otagda garaşaweri» diýipdir.

846. Bu wakany maňa Abu Nasr Mansur ibn Kasym gürrüň berdi. Oňa bolsa kakasy aýdypdyr. Kakasy Abu Hasan Ubaýdulla ibn Hamduwiýäňkide nahar iýip otyrka, oňa: «Eý, Abu Muhammet, arpa şerabyny satýan saňa hezzet edýär» diýipdirler. Ol hödür edilensoň, sowuk-gyzgyn tagamlaryň ählisine el uzadyp, iýmäge başlapdyr, garnyny gerk-gäbe doýrupdyr.

Ubaýdulla oňa gözüni aýlap: «Bu bilmezlik däl, bu bir zenzele ahyry» diýipdir. Ýüzüni çytyp, gaşlaryny bürüpdir. Soňra birnäçe günläp onuň ýanyna gelmän, şol gezek köp iýendigi üçin, ondan gaty görüpdir».

847. Medaýynynyň aýdany: «Mugyra ibn Abdylla Kufede ýaşaýarka her gün naharyň soňunda owlak etini goýýan ekeni. Oňa bolsa, ne özi, ne ýoldaşlary el uzadypdyr.

Bir gün bularyň ýanyna çarwa arap gelip, owlak etini iýipdir, süňklerini hem gemrip, ýagşy derläpdir. Muny synlap oturan Mugyra: «Bu biçäre owlakdan aryňy alýan ýaly-la, enesi seni süsen-ä däldir-dä?» diýipdir. Çarwa arap oňa: «Muňa beýle nebsiň agyrýar welin, enesi seni emdiren-ä däldir-dä?» diýipdir».

848. Jahyzyň aýdany: «Zyýat ibn Abdylla Harysyda bir owlagyň eti bolup, oňa ne özi, ne dostlary el uzadyp bilýän ekeni.

Ol remezan agşamlarynyň birinde, birnäçe adamyny agzaçara çagyrypdyr. Gelenleriň arasynda açgöz biri bolup, oturanlaryň arasynda ýeke özi owlaga el uzadypdyr.

Saçak ýygnalansoň, Zyýat oturanlara ýüzlenip: «Zyndana düşjeklere ymam bolup, namaz okap berjek barmy?» diýende, olaryň hemmesi «Ýok» diýip, jogap beripdir. Zyýat: «Olar bilen açgöz namaz okar» diýipdir. Açgöz: «Men näme etmeli?» diýende, «Yzyny sen dowam etmeli» diýipdirler. Ol: «Bolýar» diýipdir. Soňra bolsa: «Onda men indi gaýdyp owlak etini iýmeli däl boljag-ow» diýende, Zyýat utanypdyr. Ony hem bagyşlapdyr».

849. Yjlynyň aýdany: «Bagdat şäherindäki et bazarynyň gapdalyndan geçip barýarkam, biriniň bir gassaba iň ýaramaz we paýyş sözler bilen sögünip duranyny gördüm. Gassap bolsa, bilmediksirän bolup, oňa gözünem aýlanokdy.

Men gassabyň ýanyna baryp: «Bu saňa ertirden bäri sögünip dur. Ýagşydan-ýamandan bir zat diýseň bolmadymy?» diýdim.

Ol: «Sen onuň näme maksadynyň bardygyny bilýärmiň?» diýdi. Men: «Hudaý bar, bilemok» diýip, jogap berdim. Ol: «Elim et ysyndan ýaňa aňkap durandyr. Elime örän köp ýag ýelmeşýär. Bu bolsa, meniň gaharymy getirjek bolup, garabaşyna gaý bolup ýör. Ol gaharymy getirse özüni kowalar öýdýär. Elim bilen arkasyna şapbat çalsam, bu ýaglar arkasyna ýelmeşip galjak. Ol bolsa, şony alyp, özüne çorba edinjek bolýar. Men bolsa, ol işi ömür ederinmi, ol bu maksadyna ýetibilmänjik geçer» diýdi.

Men şonda Bagdatda şundan pes adamyň ýokdugyna göz ýetirdim.

850. Utbynyň aýdany: «Hişam ibn Abdylmälige köpsanly sowgatlar getirilipdir. Olaryň arasynda agyzlary daňylan ýetmiş sany sebet bar ekeni. Olar: «Bular ir-iýmiş» diýip aýdypdyrlar. Hişam: «Bu miweleri metjitdäki garyp-gasarlara eltip beriň, goý olar bir salym garynlaryny ýazsynlar» diýipdir.

Sebetleri metjide getirip açanlarynda, onuň içinden ir-iýmiş däl-de, garym-gatym zatlar çykypdyr. Bu habary Hişama ýetirenlerinde, ol gaharlanypdyr. Ýöne, kimden ar aljagyny bilmändir. Hişam zyndan sakçysyny çagyryp, metjitdäki adamlary tussag etmegini buýrupdyr. Olar: «Eý, möminleriň emiri, bu ýerde biziň ýazygymyz näme?» diýip soranlarynda, Hişam: «Siz metjidi ýakymsyz ys bilen doldurýarsyňyz we ol ýerde ýuwunman ýatýarsyňyz» diýipdir. Olar: «Gaýdyp metjide girmejegimize söz berýäris» diýipdirler.

Hişam olaryň sözüni kabul edensirän bolupdyr: «Olary ugruna goýberiň. Ýazyklyny bolsa, Hudaýyň özi tutar» diýipdir.

851. Yshak Mowsylynyň aýdany: «Halyt ibn Safwan gysyk adamlaryň biridir. Bir gün dosty onuňka gelende, Halyt aşpezine ýüzlenip: «Etiň ýarysyny gowur, ýarysyny bolsa nahara at. Güzerana ýama salmak aýyp däl» diýipdir. Muny eşiden dosty gaýdyp gelýärkä*:

«Ulalyp, ese-boýa galanymdan soň,

Halyt ibn Safwanyň öýüne gelenimden soň,

Güzerana ýama salmagyň nämedigini öwrendim» diýip barýar ekeni.

852. Abdysalam ibn Muhammediň aýdany: «Ensarylardan birnäçe adam Ýezit ibn Mugawyýanyň gapysyny kakypdyr. Oňa öz ýagdaýlaryny gürrüň berip, Resulallanyň ýanynda özleriniň mertebesini we eden wesýetlerini ýatlapdyrlar.

Ýezit bulara elli dirhem bermegi buýrupdyr. Emma olaryň hiç biri bu puly kabul etmändir. Käbirleri oňa hat ýazyp, şeýle diýipdir*: «Kösençlikden soňra ensarylaryň gadyr-gymmaty, elli dirhem bolsa, olaryň eýýäm ýitenligidir. Pygamberden soň ensarylaryň kemsidilen ýeri şudur. Olar sähel gadyr-gymmata däl, şumluga duçar boldylar».



[1]«Agraf» süresi, 155-nji aýat

[2]Kiramun-kätibin – adamyň iki egninde oturyp, onuň eden ýagşy-ýaman işlerini hasaba alýan perişdeler