بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Hasan (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!): «Alymlaryň ylmyny, akyldarlaryň dana sözlerini toplap, sözi bilen işi deň gelmeýän samsyklardan bolma» diýdi.

Başy » Kitaplar » Mertebeler we kemlikler » 51-nji bölüm: Ýoksullyk sebäpli ýagşy işleri edip bilmeýänler.

1092. «Ýagdaýy ýaramaz adam kim?»diýlip, Buzurgmehrden soralanda, ol: «Aladasy artyk, akyly ýetik, ýöne ýagdaýy teň adam» diýip jogap beripdir».

1093. Müslim ibn Welidiň goşgusy*:

«Ýagşy işleri bitirip bilmeýändigim üçin adamlara däl-de, Hudaýa nalyş edýärin.

Ýöne men dostlarymyň, ýakynlarymyň we garyndaşlarymyň söýgüsine kesek atmaýaryn. Eger ukyp-başarnyk şu gylyklaryma kömege gelse, men olara edil ýaz ýagşy ýaly bol eçilerdim».

1094. Ybraýym ibn Esbatyň goşgusy*: «Her näçe haýpym gelýär, baýlygym bolsady, mürewwetli mätäçlere öz meýlime paýlardym. Menden haýyş edip gelýänlerden ötünç soraýaryn: Meniň özüm hem ötünçden başga zady berip bilmeýärin».

1095. Başga biriniň goşgusy*: «Baýlygyň maňa elýetmezligi ýeterlik gaýgy. Men belent gylyklaryň aşygy. Ýöne, oňa ýeterden ýagdaýym (hümmetim) azlyk edýär. Hernäçe ylgaýaryn, ýöne ýene-de ahmyrly galýaryn».

1096. Halyl ibn Ahmediň goşgusy*: «Bahylyň elinde ýagşylyk bolmaz. Jomardyň döküp saçýanlygy hem onuň üçin hasratdyr».

1097. Abu Nuwasyň goşgusy*: «Maňa rysgal berlipdir, ýöne batyrlyk ýetenok. Baýlygyň bolmasa, batyrlygyň hem bähbidi ýok. Bir iş üçin yhlas edýärin welin, elimiň ýukalygy öňüme böwet bolup dur».

1098. Mälik ibn Harym Hemedanynyň goşgusy*: «Durmuş saňa bilmeýän zatlaryňy öwreder. Baýlyk-bolçulyk eýesine bähbit we abraý getirer. Isleýän derejesine ýetip bilmeýän ýigit, adamlaryň arasynda sesini çykarman oturar».

1099. Muhammet ibn Beşiriň goşgusy*: «Höwesim yhlasymdan egsik bolsa-da, baýlygym keýpimden rüstem bolmasa-da, meni biabraý etjek işleri terk edýärin we halal ýerlerden oňňudymy çöpleýärin».

1100. Başga biriniň goşgusy*: «Isleýän zadyma ýetip bilmeýän çaglarym, baýlygy elimde saklamok. Ony sowup-seçýän. Barybir, ol hem ýagdaýymy üýtgedenok. Ýazgydyň öňünde ähli zat ejiz».

1101. «Ölümden beter muşakgat barmy?» diýlip, Abdylla ibn Omardan soralanda, ol: «Hawa, ol baýlygyň azlygy we mätäçligiň köplügidir» diýipdir.

1102. Abul Atahyýanyň goşgusy*: «Bu bende aýazda-epgekde ýalaňaç otyr. Onuň namys bilen açyk ýüzden başga geýimi ýok».

1103. Başga biriniň goşgusy*: «Edesim gelýän birnäçe işler bar. Emma, oňa baýlygym ýetenok. Munuň üçin bolsa, darygyp oturasy iş ýok: Ýagdaýyňa görä hereket etmeseň, islegiňe görä hereket edere ýagdaý ýok».

1104. Huraýmynyň goşgusy*: «Hoş sözümden başga baýlygym ýok. Şonda-da hiç haçan «Hudaý maňa zulum edýär» diýmerin».

1105. Muhammet ibn Künäsäniň goşgusy*: «Maksadyma jepa dartyp, yhlas edip, kösenip ýetäýmesem, aňsat bitirer ýaly baýlygym ýok».

1106. Muhammet ibn Abu Uýaýnanyň goşgusy*: «Entegem, ölümiň barlygy ýadyma düşüp, derdime teselli tapyp, köşeşýärin. Bolmasa ähli lezzetim, duzum-höregim gaýgy-gam bolardy».

1107. Abu Taýýyp Mütenepbiniň goşgusy*: «Baýlygy az bolanyň şöhraty, şöhraty azyň hem baýlygy bolmaz. Onuň bar baýlygy göwresiniň içindäki ýüregidir. Ýöne arzyly maksada ýetmek üçin, diňe ýürek ýeterlik däldir».

1108. Ryýaşynyň goşgusy*: «Bar mülki mätäçliginiň üstüni ýapmaýan bolsa, oňa diňe ýürekden yhlas we sabyr etmek galýar».

1109. Sehl ibn Harunyň goşgusy*: «Eliň uzadan ýerine ýetmese, ýa-da belent gylykly dostuňa duşmasaň, bu dünýäde ýaşadygyň biderekdir».

1110. Ýaş ýigitleriň biri Selm ibn Kutaýbanyň ýanyna gelip, oňa alkyş okapdyr hem-de özüniň möhüm işini ýaňzydypdyr. Selm oňa garap*:

«Duýdansyz öwgüleri her kim başarmaýar,

Işi bitmedik adam il arasynda sessiz oturar» diýipdir. Soňra öýüne girip, gymmatbaha daşy alyp çykypdyr we ony oňa bagyş edipdir».

1111. Hasan ibn Sehl bir adama serpaý iberipdir. Ýanyna hem hat goşup, şeýle ýazypdyr*: «Meniň günämi ötüň! Işlerim çatak. Ýagdaýyň ýaramazlygy bolsa, akyl-huşdan aýra salýar. Eger sen hakdaky ýagşy niýetim, saňa bolan umydyma ýardam berse, sen baý araplaryň biri bolarsyň. Seniň ýaly kimdir biri öz hajaty üçin meni saýlap tutan bolsa, men muny mertebe saýardym we hökman bitirerdim».

1112. Muhammet ibn Hazym Bähiliniň goşgusy*: «Ýaş ýigidiň gursagynda dünýäden beýik ýagşy niýet bar. Ýöne ony bitirmäge gurby ýetenok. Ne durmuş ony baýlykdan doýurýar, ne ol az baýlyga kanagat edýär. Onuň durmuşy özgeleriň ykbaly astynda geçýär. Yzynda bolsa diňe ýagşy gürrüňler we ajaýyp ýatlamalar galýar».