بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

«Zamananyň ahyrynda nadan ybadathonlar we bozuk alymlar geler»

Başy » Kitaplar » Mertebeler we kemlikler » 53-nji bölüm: Ýagşylaryň azalyp, ýamanlaryň agdyk bolmagy.

1135. Pygamberden rowaýat etmeklerine görä, ol: «Işler kynlaşar, dünýä tersine gider, adamlar bahyl bolar. Ýamanlar hökmirowanka kyýamat gopar» diýipdir.

1136. Pygamberimiziň aýdany: «Bu dünýäde kösençlik we pitneden gaýry zat galmady».

1137. Pygamberimiziň aýdany: «Ýagşylaryňyz saýlanar, ýamanlaryňyz baky galar. Başarsaňyz, dünýäden gidiň».

1138. Pygamberimiziň aýdany: «Ymmatym bäş ýagdaýda (mertebede) ýaşar. Başky kyrk ýylda ylymly we imanly bolar. Soňky kyrk ýylda ýagşy we takwaly bolar. Ondan soňky kyrk ýyldan tä ýüz ýigrimi ýyla çenli baryş-gelişli we mähriban bolarlar. Soň bolsa, garasöýmez we basdaş bolarlar. Bar zat bulaşar. Ol günden aman, aman!».

1139. Utba ibn Agwaryň goşgusy*: «Halaýan adamlarym gitdi, islemeýänlerim bolsa galdy. Olaryň içinde ýek-tük ýagşylar diýäýmeseň, galany kesek atylýan we sögülýän it ýaly…».

1140. Muhammet ibn Abu Uýaýnanyň goşgusy*: «Olaryň ýagşysyny we ählisini synap gördüm. Garrylary bolsa, ýaşlaryndan hem azgyn çykdy. Dogry, olar ite öwrülmedi, ýöne itlere meňzeş göründi».

1141. Talut ibn Azharyň goşgusy*: «Görende güler ýüz bilen: «Hoş geldiň» diýýän adamlar-a gitdi. Men bolsa olaryň yzynda, suw üstünde oňuşman, bir-biregi dalaýan itleriň arasynda galdym».

1142. Muhammet ibn Abu Uýaýnanyň goşgusy*: «Möhüm işi bitirer ýaly, öňe salmaly adamy salgy berip biljekmi? Hudaýyň dünýäsi bu wagt ýaramazlara galdy».

1143. Ibn Bessamyň goşgusy*: «Yslamyň solýandygyna aglaýaryn. Öňki aýdylan uly wakalar indi gelip başlady».

1144. Abu Rasybyň goşgusy*: «Ýagşy gylyklaryň döwrany ötüp, gözden ýitdi. Arabyň-ajamyň mertebeli adamlary geçdi-gitdi. Indi diňe akyly güň we ynsabyna ýama salnan, welezzyna[1] adamlar galdy. Grammatika, sazlaşykly şygyr uzaklaşyp barýar. Ylmyň ýüzüne köz basylan ýaly boldy. Edeb-terbiýe ölüp galdy. Eý adamlar, ýitip barýan ylymlara we ylymly adamlara, sil deý akyp duran gözýaş bilen aglaň! »

1145. Ibn Rumynyň goşgusy*: «Bu döwür ähli akyllynyň betbagt bolýan zamanasydyr. Beýik işleriň ählisi tersine öwrüldi. Baş ornunda aýak, aýak astynda bolsa baş gezýär».

1146. Merwan ibn Abu Hafsanyň goşgusy*: «Ýeriňden tur-da, ýitip barýan yslama we sahawata «Hoş gal» diýiň. Hyýanat zerarly kowumuň serkerdesi gul boldy, olaryň aýagy we örküji bolsa kül boldy».

1147. Ybraýym ibn Hermäniň goşgusy*: «Dünýäniň röwşenligi gitdi. Her täze zadyň müň ýamasy bar. Adamlar hyýanata ýüz urdy we ynamdar birini gözläp tapmak görgi boldy. Ýagşylyga eltýän ýollaryň öňi baglanypdyr. Ne asyllylyk, ne edep, ne din we ýagşy gylyk galdy».

1148. Urwa ibn Zübeýriň aýdany: «Osman ibn Affan öldürileninden soňra, adamlaryň bozuklyga we pitne-gozgalaňa ýüz urandyklaryny Äşäniň ýanynda ýatlap otyrdyk. Ol «Lübeýt pahyryň aýdan sözi, gör, nähili oňat*:

«Arkalaryndan ýardam alynýan ýagşylar gitdi. Men bolsa gijilewükli adamyň derisi ýaly bolup galdym» diýdi. Eger ol biziň şu döwrümizi gören bolsa-dy, onda öz zamanasyny biçak öwerdi» diýdi.

Hawa, eger Äşe enemiz biziň nä günlere duşandygymyzy gören bolsa-dy, onda ol hem öz döwrüne we döwürdeşlerine alkyş okardy».

1149. Agşanyň goşgusy*: «Kömek soraňda, ýüzi dolan aý ýaly, nurana adamlar aradan gitdi. Indi diňe, itleri üýrende myhman gelendir öýdüp, gorka düşýän adamlar galdy».

1150. Ibn Semmagyň aýdany: «Akylly adamlar azalsa, sypaýylaryň sany hem kemeler gider».

1151. Jeririň goşgusy*: «Arkalaryndan ýardam alynýan ýagşylar panydan gitdi. Her işiňden ýüz öwürýän näkesler galdy».

1152. Esma ibn Ubaýdyň aýdany: «Biz şeýle ýagşy adamlar bilen oturyşdyk. Hudaý olaryň üsti bilen dinimize ýardam berdi. Indiki oturyşýan adamlarymyz şol öwrenen ýagşylyklarymyzy ýadymyzdan çykardar öýdüp gorkýarys».

1153. Yshak ibn Ybraýym Mowsylynyň goşgusy*: «Bu zamanada ýagşylyk etmeýän soltanlar we bähbidi degmeýän baýlyklar galdy. Adamlar ýagşylyk edip, hasrata uçrady».

 



[1]Welezzyna – binika doglan, zynadan doglan adamlar