بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Pygamber alaýhyssalam ylmyň ybadatdan we şehitlikden artykmaçlygy barada: «Alymyň ybadathon bendeden artyklygy sahabalarymyň içinden iň pesinden meniň artykmaçlygym ýalydyr» diýdi

Başy » Kitaplar » Mertebeler we kemlikler » 58-nji bölüm: Hukuklary äsgermezlik we diýen etmezlik.

1232. Şagbynyň aýdany: «Iň uly günäler hakda Pygamberden soralanda, ol: «Hudaýa şirk ýetirmek, ene-atanyň diýenini etmezlik, bilgeşleýin ýalan kasam etmek» diýipdir».

1233. Mujahydyň aýdany: «Diýen etmezek perzent, minnetçil adam, şeraphor hem-de nikasyz gatnaşyk eden adam jennete girmez».

1234. Ene-atanyň perzende edýän ýagşy dileg-dogasy hakda Hasandan soralanda, ol: «Ene-atany diňe perzendi halas eder» diýipdir. «Eger ene-ata perzendine gargasa nähili bolar?» diýenlerinde, ol: «Ene-atanyň gargyşy perzendiň köküni köwlär we heläk eder» diýipdir.

1235. Omeýýa ibn Abu Saltyň diýen etmezek ogluna käýäp ýazan goşgusy*:

«Bäbeklikden bäri bakdym, sakladym,

Getirmän ýanyňa azaby, renji.

Çirim etmän gijelermi geçirdim,

Syzlanda damaryň, çekeňde ünji.

Soň sen bu zatlara biperwaý bakdyň,

Gyňyr ýüz, har sözler boldy sylagym.

Äsgermediň hergiz, üstümden güldüň,

Köteklediň, berip syrat[1] synagyn.

Wah, sen bu zatlara akyl etsediň.

Bolmanda, bir gezek ber nurly bakym.

Razy bolar ýaly dünýä gelenme,

Ödesediň enäň-atanyň hakyn».

1236. Hezzan taýpasyndan bolan zenan Ümmi Sowabyň gulak asmaýan ogluna ýazan goşgusy*:

«Jüýjesine tagam berýän,

Mysaly ene guş bolup.

Iýdirdim, ekledim.

Mährimi gaýra çekmedim.

Ulaldy, hiç oňalmady,

Diýenme asmady gulak.

Wah, diýsedi birje gezek:

«Enemjan, göwün edýändir,

Arzuwyn bilmegim gerek».

Eneleň kalbyn awatmaň,

Yhlasynyň haky üçin,

Dirikä bir oda atmaň!».

1237. «Ogluň niçik?» diýip, agrabydan soralanda, ol: «Ykbalyň bagyşlan azabydyr.

Gabyr ony gujagynda gizlese kem bolmazdy. Ol sabyryň çydam edip bilmeýän belasy, alkyş zerurlygy bolmadyk peýda» diýipdir. Sebäbi onuň ogly diýen etmezek ekeni.

1238. Çarwa araplaryň biri meý içýän ogluna käýese-de, bu oňa kär etmändir*:

«Içenim üçin üzümiň suwun,

Gahar etme maňa, küýsäp dur göwün.

Bu pişäme bolsaň-da sen haýbatly.

Aýdaýyn dogrymy: Diýen etmezlik,

Hem meý içmekligiň ikisem datly».

1239. Tyrrymmahyň ogly Samsama ýazan goşgusy*:

«Samsam oglum, sakla enäň mertebesin,

Gursagyňda gupba edip, hakyn göter.

Ýagşy işler üçin gitjek bolsa başyň,

Gyýylmagyn, ynjamagyn, başyň göter.

Senden öňürdip giderin bu jahandan,

Bimaza duşarsyň öýdüp, edýän heder.

Ana şonda, pederiň öwüdi bilen,

Enäniň edebi seni halas eder».

1240. Ibn Bessamyň atasyna ýazan goşgusy*:

«Togsan bürgüdiň ömri peşgeş berilse-de,

Men öňürti ölüp, sen galasyň ýok.

Senden soň bir günlük ýaşadygym, bes,

Baýlygyňy dagadaryn ebes[2]».

1241. Muhammet ibn Aly ibn Hüseýin ogluna garap: «Eý oglum, Hudaý seniň üçin menden razy boldy, ýöne seniň pitnäňden ätiýaçly etdi.

Eý oglum, iň ýagşy ata, ýagşylygy aşa köp bolan atadyr. Iň ýaman çaga, diýen etmezek çagadyr» diýipdir.

 



[1]Syrat – köpri. Dowzahyň üstünden geçýän, gyldan inçe, gylyçdan ýiti köpri

[2]Ebes – biderek, bihuda